21:16 Ýaňgalaly batyr: Batyr Ataýew | |
ÝAŇGALALY BATYR
Taryhy şahslar
Biziň bu gezekki söhbetimiz Batyr Ataýew hakda. Ol görnükli partiýa, sowet, döwlet işgäridi. B.Ataýew Türkmenistanda täze durmuş ugrundaky göreşiň öň hatarynda boldy. Geliň gowusy, onuň ömrüniň käbir sahypalaryna ser salalyň. *** 1932-nji ýylyň 28-nji martynda Aşgabatda partiýa aktiwiniň ýygnagynda TK (b) P Merkezi Kontroly Komissiýasynyň başlygy Batyr Ataýew çykyş etdi. Onuň çykyşy bir emel bilen sowet guramalaryna sümülip girip, uly wezipäni eýelän adamyň eden etmişleri dogrusyndady. Ýygnagy alyp baryjy Batyr Ataýewiň çykyş etjekdigini yglan edýär. — Meniň aýtjak zatlarym bir günüň ýa-da bir aýyň dowamynda bolup geçen wakalar däl. Ol wakalar bütin bir ýylyň dowamynda hiç kimden garaw görülmän dowam etdirilipdir. Bu adamyň we onuň meslekdeşleriniň ýykgynçylykly işleriniň öňi näme üçin öz wagtynda alynmandyr? Sebäbi, olaryň işlerinden azda-kände habarly adamlar hereket etmegiň deregine «ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok» diýip gözlerini ýumupdyrlar. Ine,+ gynançly bolsa-da, aramyzda «ýürekleri ýuka» şeýle adamlar bar. Olar bir ýa-da iki bolsa gürrüňi ulaltmasa-da boljak, emma gürrüň olaryň birki sany däldiginde. Şonuň üçinem biziň olaryň işleri babatynda dymmaga hakymyz ýok...—diýip, ol aýdypdy. Soňra TK (b) P MK-nyň sekretary Çary Wellekow Batyr Ataýewiň uly çykyşynyň yzyny ýetirdi. *** 1936-njy ýylyň 26-nji ýanwarynda Aşgabatda stahanowçylaryň slýoty geçirildi. Batyr Ataýew slýotuň guramaçylarynyň biridi. Slýota taýýarlyk görülýän döwürde TSSR ýer işleri halk komissary Batyr Ataýew respublikamyzyň ençeme hojalyklaryna aýlanyp gördi. Murgap raýonynyň «Daýhan birleşik» kolhozynyň başlygy Posy Gurbannyýazow we başga-da birnäçe stahanowçy bilen söhbetdeş boldy. Batyr Ataýew hojalykda bolanda ondan kolhozyň ýagdanyny soraşdyrdy. Ony hemme zat gyzyklandyrdy. Brigadirleriň sowatlylygy hem, gyzlaryň mekdebe doly gatnaýyşlary hem halk komissarynyň ünsünden düşmeýärdi. – Şu ýyl kolhozyňyz 25 sentner pagta hasylyny berip bilermi?—diýip, ol özüni gallap oturan kolhozçylara ýüzlendi. – Ýoldaş Batyr Ataýew, ýigrimi sentnerden pagta berip bileris diýip, men şumadam size söz berip biljek. Ýigrimi bäş sentner hakda-da oýlanyşyp göreris –diýip, kolhoz başlygy öňürtdi. – Kim 25 sentnerden hasyl ýygnasa, ol Moskwa, hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşyga iberiler—diýdi-de, -- Ýaryşy guraýşyňyz nähili? – diýen sowal bilen oturanlara ýüzlendi. - Ýaryşyp işleýäs. Raýonymyz «Ýigrimi» diýen at bilen ýaryş geçirýär. Muňa aýry-aýry brigadalar, aýry-aýry kolhozlar ilkinji bolup goşuldylar. Biz gökdepeli kolhozçylary ýaryşa çagyrdyk—diýip, oba daýhanlary oňa habar berdiler. Halk komissary Lebap boýunda-da boldy. Ol şonda uly agronom Akmämmet Saryýew bilenem söhbetdeş bolupdy. Ýaş ýigit halk komissaryna öz işi, başdan geçiren wakalary hakda gürrüň bermäge durdy: – Ýoldaş Ataýew, men öň ýedi ýyllap baýyň gapysynda batrakçylyk etdim. Saragtda, Tejende, Gyzylarbatda batrak bolup kän entedik. Ýaşasyn Sowet hökümeti, öňki ýeňiýoluk ýetimi okatdy, adam etdi. Oba hojalyk tehnikumyny, instituty tamamladym – diýdi. Bu ýaş ýigidiň gürrüňi Ataýewde gozgalaň döretdi. Has takygy, onuň gürrüňleri öz ýetginjeklik ýyllaryny ýatlatdy... 1921-nji ýylyň bahary ýetip gelipdi. Ine, şol günleriň birinde Ýaňgala obasyna bir ýaş tatar ýigidi geldi. Ýaňy on ýedi ýaşyny dolduran bu ýaş ýigit baran ýerinde töweregine ýaş oglanlary ýygnamaly bolýardy. Täze durmuşy jany-teni bilen goldaýan, onuň ýeňmegi üçin janyny gurban etmäge taýyn oglanlar weli az däldi. Bu ýaş ýigide Gabitow diýýärdiler. Ol Poltoraskidäki partiýa mekdebini tamamlapdy. Ony komsomolyň uezd-şäher komitetine instruktor edip işe iberdiler. Kän wagt geçmänkä hem komsomol ýaçeýkalaryny döretmäge kömek etmek üçin Gökdepä geldi. Wagtlaýyn iberilse-de, ol bu ýerde birnäçe wagtlap galmaly boldy. Çünki ony komsomolyň Gökdepe wolost komitetine jogapkär sekretar edip saýladylar. Gabitow Ýaňgalada bir ýaş batrak bilen tanyşdy. Oňa Batyr Ataýew diýýärdiler. Ol öz dogany Ata bilen gije-gündiz diýmän bir baýyň gapysynda batrakçylyk edýärdi. Ol Batyr bilen derrew dostlaşdy. Batyr hem komsomol işine haýdan-han ýapyşdy. Onuň göreldesine eýerip, Remezan Hasan, Gyzyl Ylýas, Ata Eşek, Murruk Nöker, Ýuzdan Murzäýew, Batyryň dogany Ata Ataýew dagylar komsomol ýaçeýkasyna goşuldylar. Komsomollar uezd ispolkomynyň kömegi bilen Aşaky Zinowewka obasynda «Gyzyl goşçy» ady bilen dine ýaşlardan ybarat artel döretdiler. Artele giren on sekiz ýaş ýigidiň on altysy komsomol çlenidi. Komsomollar arteliň ýerine galla, gawundyr garpyz, gök ekin ekdiler. Ilkinji ýyl bereketli boldy. Artelçiler özlerine düşýän döwlet salgydyny tölediler. Galan önümleri bolsa Gökdepe stansiýasynda arzan bahadan satdylar. Ilkinji netije beýleki ýaşlaryň arasynda komsomolyň abraýyny göterdi. Olaryň göreldesine eýerip, beýleki obalarda-da şeýle ýaçeýkalar döredilmäge durdy. Hatda beýleki oba daýhanlary hem «Gyzyl goşçynyň» işine biperwaý garap bilmediler. Arteliň işiniň ugrugyp gitmeginde Batyryň aýratyn yhlasy bardy. Ýyllar geçer. Ýaňgalaly ilkinji komsomollaryň soň hersi bir uly-uly işlere ýolbaşçylyk ederler. Gabitow bolsa öz dosty Batyr Ataýewi iň soňky ýola 1938-nji ýylda Krasnowodskide görüp galar. Ol şonda «Eýran hökümetiniň çagyrmagy boýunça Bakuwa gidýän» diýer. O ýerdenem B. Ataýew Eýrana gitmelidi. Şonda Gabitow oňa gymmat bahaly şlýapasy üçin gatyrganar. Ol bolsa degşip: «Bi diplomatik maksat üçin gerek» diýer. Munuň özleri üçin iň soňky duşuşyk boljakdygyndan dostlaryň ikisi hem bihabardy. *** ... Häzir bolsa Batyr Ataýew uly döwlet işlerini amala aşyrýardy. Ol ine, Aşgabatda açylan stahanowçylaryň slýotuna ýolbaşçylyk edýär. Agşam sagat bäş. Paýtagtymyzyň «Hudožestwennyň» kinoteatrynyň jaýynyň töweregi toý lybasyny geýnen adamlardan ýaňa hyryn-dykyndy. Ýene-de bir sagatdan bu ýerde kolhoz-sowhozlaryň, MTS-leriň stahanowçylaryň Bütintürkmenistan slýoty açyljakdy. Jaýyň içi birgeňsi bezelipdi. Mahlasy, bu jaýyň içine uly bir baýramçylyk öwüşgini çaýylypdy. Respublikamyzyň dürli künjeklerinden gelen müňe ýakyn adam kinoteatryň jaýyny dolduryp otyrdy. Öňdäki hatarlarda Marydan, Baýramalydan, Murgapdan gelen stahanowçylar otyrlar. Bagşylar aýdym aýdýardy. Ine, birdenem bagşylaryň owazy ýuwaşaýar. Uzyn boýly, güne gaýzygan ýüzli, mawy don geýnen adamlar zala girýär. Bütin zaldakylar el çarpyşýar. Olaryň adyna gutlag sözleri ýagýar: «Güneşli jülgeleriň hem-de beýik daglaryň ogullary täjik doganlarymyz ýaşasyn» sözleri ýaňlanýar. Olar özlerine görkezilen ýerde oturanlaryndan soň, bagşylaryň owazy ýene-de ýaňlanyp başlaýar. Birsalymdan zala özbegistanly stahanowçylar girýär. Ýene-de şowhun-şagalaň artýar. Sagat altyny görkezýärdi. Zala Türkmenistanyň partiýa we hökümet ýolbaşçylary Popok bilen Atabaýew, olaryň yzy bilen Anna Muhammedow, Batyr Ataýew, Sähedow, Gotlober we başga-da birnäçe adam girýär. Tribunada Batyr Ataýew peýda bolýar. Ol respublikanyň ýer işleri halk komissary hökmünde geçen 1935-nji ýylyň zähmet üstünlikleri barada joşgun bilen söz sözledi. Respublika Soýuzda ilkinji bolup galla tabşyrmak planyny doldurypdy. Şeýle hem pile, ýüň et, garaköli bagana we önümleriň beýleki görnüşleri boýunça planlara abraý bilen hötde gelnipdi. Pagta planyna bolsa wagtyndan 41 gün öň, öňki ýyldan bolsa möhletinden iki aý öň hötde gelindi. «Ak altyn» ussatlary bellenendäkisinden 26 müň tonna artyk pagta tabşyrdylar. Geçen ýylka garanyňda olar 44 müň tonnany Watana artykmajy bilen tabşyrdylar. Stahanowçylaryň slýotunda halk komissary guwanç bilen şeýle diýdi: – Pagta tabşyrmakda döwlet öňünde bergidar galýan hojalyk ýok. Olaryň köpüsi indi öňdebaryjy hojalyklara deňleşdiler. Baýramaly raýonynyň «Bolşewik», Mary raýonynyň «Moskwa», «Ýaş ýalkym», Popok adyndaky, Ýolöten raýonynyň «Pagtaçy», Atçapar adyndaky, Çärjew raýonynyň “7-nji noýabr” hojalyklarynyň gazanýan zähmet üstünliklerine bu gün biziň hemmämiz guwanýarys. Hojambaz raýonynyň Kirow adyndaky kolhozynyň 1933-nji ýylda her gektardan alan pagta hasyly 3,87 sentnerdi. 1934-nji ýylda bolsa 6,5 sentnere ýetirildi. Häzir bolsa bu kolhoz 12 sentnerden geçirip pagta hasylyny alýar. Halk komissary öz çykyşynyň bir ýerinde halkyň medeni derejesiniň hem barha ýokarlanýandygyny belleýär. Eýsem-de bolsa, ol muny nämeler bilen baglanyşdyrýar?! — Öň türkmen daýhany sabyny köp möçberde ulanýarmydy?! Elbetde, ýok. 1933-nji ýylda Türkmenistanda 10 millionlyk, 1934-nji ýylda bolsa 12 millionlyk, geçen ýyl bolsa 32 millionlykdan geçirip sabyn satyldy. TSSR Ýer işleri halk komissarynyň çykyşyndan soň Aga Ýusup Aly we başga-da birnäçe adam hökümet ýolbaşçylarynyň oturan prezidiumyna tarap ýöneldiler. Olar Popoga, Atabaýewe, Sähedowa, Batyr Ataýewe, Anna Muhammedowa, Gurbandurdy Atamyradowa, Aýtakowa hem-de Zwerewe gyrmyzy dondur telpek sowgat berýärler. «Sosializm ýoly» kolhozynyň kalhozçylary bolsa Popoga, Atabaýewe, Batyr Ataýewe, Sähedowa garaköli bagana sowgat gowşurýarlar. Slýotda Mary raýonynyň kolhozçylarynyň 120-si Özbegistanyň Akmalabat raýonynyň kolhozçylaryny sosialistik ýaryşa çagyrýandyklary hakdaky şertnama gol çekdiler. Stahanowçylaryň slýoty üstünlik bilen geçýärdi. Dürli ýerlerden gelen kolhozçylar stahanowçy işçiler bilen duşuşýardylar. Stahanowçylaryň slýotunyň geçirilmeginde TSSR ýer işleri halk komissary Batyr Ataýew uly guramaçylyk ukybyny gaýgyrmandy. *** Batyr Ataýew Ýaňgala oba Sowetiniň, Gökdepe wolostyispolkomynyň başlygy, komsomolyň Aşgabat uezd komitetiniň sekretary, partiýanyň Aşgabat raýkomynyň sekretary, TK (b) P MKK-nyň başlygy we TSSR IDI-niň halk komissary, TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň orunbasary, TK (b) P MK-nyň oba hojalyk bölüminiň müdiri ýaly jogapkär wezipelerde işledi. 1937-nji ýylda bolsa ony TSSR Merkezi Ispolnitel Komitetniň başlyklygyna saýladylar. Ol TK (b) P MK-nyň çlenidi, Türkmenistan Kompartiýasynyň birnäçe gurultaýynyň delegatydy. Ol BK (b) P-niň XVII gurultaýyna, Bütinsoýuz XVII konferensiýa gatnaşypdy. Batyr Ataýew TK (b) P MK-nyň Ispolnitel býurosynyň çlenligine hem saýlanypdy. Ýa. Popok, Ç. Wellekow, N. Aýtakow, G. Atabaýew bilen bilelikde Batyr Ataýew hem Sowetleriň Bütinsoýuz VII gurultaýyna gatnaşdy. Bu gurultaýa öňdebaryjy stahanowçy işçilerdir kolhozçylaryň ençemesi gatnaşýardy. Daşhowuzdan Kaka Babaýew, Baýramalydan Ogulgözel Bähbit, Marydan Amanbibi Gulowa dagylar hem bardy. Şonda Batyr Ataýewi SSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň Soýuz Sowetine saýladylar. Ýeri gelende aýtsak, Batyr Ataýewiň aýaly Türkmenistanda sowatsyzlygy ýok etmekde öň hatarda bolupdy. Şu ýerde onuň bu hyzmaty hakda respublikamyzda görnükli adamlaryň biri Amanmyrat Annanurowyň ýatlamasyndan peýdalanmagy makul bildik. «... 1925-nji ýylyň tomsunda men likbezi gutardym. Şonda maňa sowatsyzlaryň hataryndan çykarylýandygym hakda ullakan bir şahadatnamany elime tutdurdylar. Men eýýäm «sowatly adam» hökmündedim. Şonuň üçinem meni zähmet birjasy Orta Aziýa demir ýol uprawleniýesine wagtlaýyn kurýer edip işe iberdi. Men öz täze işime höwes bilen ýapyşdym. Goltugym kitaply pyýada, aýagym ýalaňaç diýen ýaly birnäçe gezek şähere aýlanyp çykýardym. Ilkinji aýlygymdan özüme aýakgap, setinden köýnek, kemer, balak satyn aldym, emma gözüm gyýmansoň, olary geýemokdym. Emma kurýerlikde uzak işlemek miýesser etmedi. Bizi likbezde okadan mugallymamyz K. Ataýewa (Batyr Ataýewiň aýaly) meniň okuwymy dowam etdirmegimi gulagyma guýdy. Ol meniň ýap-ýaňyja Aşgabatda açylan rabfaga okuwa girmegimi gazandy...» Häzir Batyr Ataýewiň adyny Ýaňgala obasyndaky orta mekdep göterýär. Mekdebiň öňünde onuň heýkeli gyşyn-ýazyn ýaşyl baga bürenip otyr. 1986 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |