ÝARLYNYÑ ÝIGIDI
Ýarly Baýram portret çekmegi gowy görýän hudožnik. Onda-da käbir hudožnikleriň edişi ýaly, çekjek adamsynyň fotosuratyny öňünde goýup, şoňa esedip däl-de, janly adamy oturdyp çekýär. «Hakyky hudožnik şeýle hem bolmaly» diýýär. Janly keşpde çekeniňde, suratyň hem janly bolýandygyny, çekýän adamyň ikinji nusgasynyň emele gelýändigini, ol başlangyç hudožnikleriň arasynda bolanda, ýygy-ýygydan tekrarlaýaram. Atly hudožnikleriň ýanynda welin, bu pikirini aýtmakdan saklanýar. Sebäbi üstünden gülerler öýdüp gorkýar.
Elbetde, janly adamy oturdyp çekmegiň käbir azaply taraplary hem bar. Ynha, mysal üçin, ol atly ýazyjy-şahyrlaryň keşbini çekende, olaryň ählisi diýen ýaly, ellerini dulugyna goýup, oýlanyp oturan keşpde çekilmegini isleýärler.
Onsoň, Ýarly olara çekiljek adamyň nähili oturmalydygyny hudožnigiň kesgitleýändigini uzak wagtlap düşündirmeli bolýar.
Bir gezek ol bir tankytçynyň keşbini çekmekçi bolanda, oňa kitaby dişläp oturmagynyň gerekdigini juda uzak wagtlap, ýalňyşmaýan bolsam, azyndan üç aýlap dagy düşündirmeli boldy.
Tankytçy teýahyry ylalaşdy. Sebäbi bu keşpde göçme many bardygy, «Gowşak kitap çykarsaňyz, azymyň aşagyna alyp çeýnärin» diýmegi aňladýandygy onuň aňyna ýetdi.
Bir atly şahyry bolsa suwa ezilgi eşikmi ýa-da ak ýapynjamy, garazhaý, bir zadyň suwuny sykyp duran görnüşde çekdi.
Ýöne şahyry şeýle ýagdaýda durmaga yrýança welin, görgi ýamanyny gördi. Ahyrsoňy, şahyr ylalaşdy. Ol hem bu keşpde goşgularynda suw ýokdugy aýdylýandygyna düşündi.
Ýarly ýurdumyzyň atly adamlarynyň keşbini birlaý kendire geçirensoň, sada halkyň arasyna çykdy. Adaty keşpleri çekmäge girişdi.
Ilki ýaş ýigitden başlamagy müwessa bildi. Sebäbi, ol ýaş ýigidiň keşbinde gaýduwsyzlygy, merdemsiligi bermegi, şeýdip, türkmeniň nesil daragtynyň çüpremändigini aňlatmagy niýetine düwüpdi.
Ýöne şäher dükanlaryna, seýilgählere, ýaşlaryň ýeneki üýşýän ýerlerine ürç edip aýlansa-da, keşbi kendire mynasyp ýigit tapmady.
Şowlajak bolanda ähli zat aňsatja bitäýýär. Ol bir gün ussahanasyny «Ertire çenli hoş» diýip, gulplapjyk, awtobusly öýlerine barýarka, gözleýän ýigidine duşdy. Ol diýseň daýanykly, ýüzi-gözi merdemsidi.
Ýöne onuň Ýarla ýaramadyk tarapy hem bardy. Ol halys kilçikdi. Awtobusdaky gelin-gyzlaryň ählisine diýen ýaly, bir ebeteýini tapyp, bälçiräp habar gatýardy.
Olaryň käbirisi onuň ýüzüni alýardy, käbirisi sesini çykarman oňýardy. Tersine, käbirisi bolsa, görse, gül ýaly ýigit, derrew el telefonlarynyň belgilerini berşip, umytly ýyrşaryşyp, jynlary jyňkyryşyp barýardylar. Bu tanyşlygyň yzynyň nähili boljagyny welin, bir Alla bilýärdi.
Ol tomsuna gawun-garpyz, gyşyna bolsa demir bazarynda köne-sana demir satynyp eklenç edinýär ekeni. Ýarly onuň bilen dilini tapyp gürleşip, garpyz satyp gazanýan bir günlük girdejisiniň iki essesini tölejekdigini aýdyp, ertesi ussahanasyna barmaga yrdy.
Onuň «Bolýar» diýmegi Ýarlyny ganatlandyrdy. «Şu işimi has üýtgeşik çekeýin–le. Sungatyň taryhynda galar ýaly edeýin» diýip, agşam çaýynyň başynda otyrka oýlandy.
Üýtgeşik çekmek üçin bolsa, elbetde, üýtgeşik kist gerekdi.
Ol kistlerini kakasynyň dosty, garryja seýis Sarman aganyň idedýän atlarynyň guýrugyndan ýa-da ýalyndan gyrkyp bereninden, elinje oňarýardy.
Onuň Sarman agadan getirýän bu «sowgady» ussahanalary ýanaşyk hudožniklere-de ýetýärdi. Olar hem Ýarlynyň göreldesine eýerip, surat çekjek kistlerini özleri oňarýardylar.
Şonuň üçinem ol bu garry seýis bilen arasyny ýitirmezlige çalyşýardy. Wagtal–wagtal ýöne şeýle-de ondan habar tutup durýardy. Şonda pahyr bolan kakasyny ýatlaýardylar.
Onuň häzirki işleýän kisti hatardan galyşypdy. «Be, nätsemkäm, Sarman aganyň ýanyna —Gökdepäniň atçylyk zawodyna gidip geljek bolsamam, bir günümi ýitirerin. Onsoňam, ol ýigit bilen ertir duşuşmagy-da dilleşdim. Bir günlük garpyzyň girdejisiniň iki essesini berjek bolsam, az-küç zat däl. Şonuň üçin, her näme-de bolsa, wagtymy bisarpa tutman, önjeýlije işlejek bolaýyn. Ýöne kist meselämi nädip çözsemkäm?» diýip, ol oýa batdy.
Şol wagt hem onuň entek oglanka, ýaňy çeperçilik mekdebine gatnap, ilkinji synaglaryny edip ýören wagty bolup geçen bir waka hakydasyna geldi:
Mugallymlary olary şäheriň etegine, jeňňele, tebigaty bolşy-bolşy ýaly çekmekligi öwretmäge alyp gidipdi.
Jeňňellik geň hem täsindi. Owunjak mämişi gülli ýylgynlar, tüsse reňkli ýabany igdeler, tes-tegelek ýaprakly diýseň belent toraňňylar, öý ýaly ullakan hyşalaryň ortarasyndan bir çogdam bolşup, dim-dik ösen ak otagaly gamyşlar Ýarla juda ýarapdy.
Ol hatda çebşejikleri bilen gezip ýören ene towşana-da, ullakan kirpä-de gabat gelipdi. Rezinden ýasalan çaga oýnawajyna çalym edýän krokodil pisint alabeder jandar welin, ony has gorkuzypdy. Ol haşşyldap çişip, Ýarlynyň üstüne okgunly hüjüm edipdi. Ýarly bolsa ondan janyny gutarmak üçin çem gelen tarapa aýagaldygyna gaçypdy.
Şol gaçyp barşyna, ol bir geň çatmanyň üstünden barypdy.
Çatmanyň öňündäki güneşje ýerde bolsa çuw ak saçly garryja kempir çöpürleri ýere ýetip duran tekesini gyrkmakçy bolýardy.
Teke bir ýerde ynjalykly durmansoň, işi başa baranokdy.
Kempiriň Ýarla gözi düşüp, ony ýanyna çagyrdy:
—Gel, bu jüre getirmişiň şahyndan tutup dur. Men muny gyrkaýyn.
—Süsmezmi? –diýip, Ýarly gorkuly sorady.
—Ýok–la, ol ýuwaş.
Ýarly tekäniň burum-burum şahlaryndan mäkäm tutup, ony butnatman saklap durdy. Kempir bolsa gyrkylygyny şyrkyldadyp işe girişdi.
Tekäniň çöpüri çuw ak hem uzyndy:
—Siz muny näme etmekçi? –diýip, Ýarly gyzyklandy.
—Elbetde, uçýan kilim –diýip, kempir jogap berdi.
—Uçýan haly bolýandygyny eşidipdim, ýöne...–diýenden, kempir onuň sözüni böldi:
—Uçýan kilim hem bolýar.
Ýarly bu kempiriň ýöne-möne kempir däldigine düşündi:
—Siz jadygöými?
—Hawa.
—Gowusymy, erbedi?
—Adamyna görä. Ine, sen oňat oglanjyga meňzeýäň, şonuň üçinem men seniň bilen hoşniýetli bolaryn.
—Sag boluň.
—Sen bärde näme işleýäň?
—Surat çekmäge geldik.
—Sen hudožnik bolsam diýýämiň?
—Hawa. Men çekýän suratlarymdaky keşpleriň janly bolmagyny isleýän.
—Bu meselede men saňa kömek edip bilerin. Ynha, şu çöpürden özüňe kist oňaryp çeken suratyň janly bolar –diýip, tekesini gyrkyp bolan kempir, Ýarlynyň eline bir çogdam çöpür berdi.
—Minnetdar.
Onýança-da: «Ýar-ly! Ýar-ly!» diýip, ony gözläp gygyrýan sesler eşidildi.
Ýarly çöpüri akwarel ýygnaýanja gutusyna salyp ýygşyrdy-da, kempir bilen hoşlaşyp, ýoldaşlarynyň sesi gelýän tarapa ylgap gitdi.
«Bäý, şol çöpür duran bolmaly» diýip, Ýarly ýadyna düşen waka hezil edinip güldi. «Atyň gylyndan gowy bolmasa, erbed-ä däldir».
Ol oglanlyk döwründen ýadygär ojuk-bujugyny saklaýan goçak ýaşigi dörüp, gutujygy tapdy.
Kempiriň beren çöpründen özüne täzeje kist oňaryndy. Elbetde, ol indi uly adamdy. Çagalyk döwrüniň ertekilerine ynanmaýardy. Çöpürden oňaran kistiniň jadylydygyna-ha asla-da. Şonuň üçinem: «Ynha, sizem kist oňarynsaňyz» diýip, galan çöpri hudožniklere berdi.
Ýigit ertesi dilleşilen wagta geldi.
Ýöne Ýarly ony antik döwürdäki ajaýyp işler ýaly ýalaňaç çekmekçi bolýandygyny aýdanda welin, kes-kelläm garşy boldy.
Ýarlynyň janly çekýän müşderilerini yrmakda edinen tejribesiniň şu ýerde haýry degdi.
Ol:
—Gül ýaly figuraň bar. Döşleriň gapak ýaly, muskullaryň ýumry-ýumry. Ýalaňaç çekilen keşbiňi sergide görseler, gelin-gyzlar sen diýip, ölüberer –diýip, mekirlige ýüz urup, onuň gowşak tarapyndan baransoň, uýat ýerini hem ullakan ýaşyl ýaprak bilen ýapjakdygyny aýdansoň, ýigit yryldy.
Ol çykaryndy welin, Ýarly öz ýanyndan: «Tüweleme, hut Mikalanjelonyň Dawidi-dä!» diýip, bu janly keşbi tapyp bilenine begendi.
Ýöne ir begenendigine, uzak gatnatman kendire geçirip dynaýmasa bolmajagyna tiz düşündi.
Sebäbi ol «gozganman dur» diýlip görkezilen terzde ynjalykly durup bilenokdy. Her minutda diýen ýaly, haýsydyr bir tanyş gelin-gyzlaryna til edip, lakgyldaşýardy ýa-da olar oňa. Özem jübülerini dolduryp gelen kädimi-günebakar çigidini çigitläp, çem gelen ýere püfläp, ussahananyň içini towuk ýatagyna öwrüp barýardy.
Soňabaka el tiliniň jaňyndan, ol ýigidiň süwümsiz ýaňraşmalaryndan ýaňa Ýarlynyň kellesi agyryp başlady.
Onsoňam, oňa töleýän her günki puly-da lomaýjady, jübüsini uwlundyrýardy.
Şonuň üçinem ol bu işini heniz öz tejribesinde bolmadyk tizlikde çekmäge çalyşýardy.
Endigine görä, Ýarly ol ýigit bilen hem iş arasynda hümmüldeşmegi müwessa bildi. Şeýtse, kisti ýeňil ýöreýärdi, önjeýlilik oňat bolýardy.
Galyberse-de, entek olar ybaly tanyşmandam:
—Inim, adyň näme?
—Gyzlara aýdýan adymy aýdaýynmy, gelinlere aýdýanymy? Ýa bolmasa, orta ýaşap, baly goýalyşan aýallara, ýa-da bazarda söwda-satyk edýärkäm, müşderilere aýdýan adymy? –diýip, ýigit kilçiklik bilen sorady.
—Eneň-ataň dakan adyny?
—Myrat. Juma. Anna. Berdi.
—Oýun etmesene. Anyk adyňy soraýan?
—Ýaşuly, meniň anyk adym saňa nämä derkar? Sen polis däl-ä.
—Aý, ýöne, adam ýaly tanyşsak gowy-da –diýip, Ýarly ýigidiň halys ýoknasyzdygyna öz ýanyndan gynandy.
—Näme, garyndaşlyk açmak niýetiň bamy? Ýetişen gyzly bolsaň, giýewlige menden gowyny tapmarsyň.
—Äl, inim, seniň diliňi kesmeli welin, özüň bilen deň bolmaýyn –diýip, Ýarly başyna bela satyn alnandygyna jany ýandy. Işinden eli sowaşdy.
—Deň bolubam bilmersiň. Men seni iýsemem, doýman.
Bu batnyksyz gürrüň has-da degnasyna degen Ýarly ätiýaçdan ýarty käse suwa ýürek dermanynyň ýigrimi bäş-otuz damjasyny damdyryp içdi. «Häý, meniňem düşüp ýören günümi diýsene. Nirdenem şuny tapyp çekdim» diýip, özi özüne käýindi.
Soňra, adatça, bihepbe ýaşlara sataşanda, olar bilen alyp barýan terbiýeçilik häsiýetli gürrüňine geçdi:
—Näçe kitap okadyň?
—Iki.
—Haýsy kitaplar?
—Ýadyma düşenok –diýip, ýigit ýeňsesini gaşady.
—A-how, okamagyň gerek. Boý-syratyň gül ýaly. Salyhatyň bolsa pes. Sebäbi kädiň içi boş. Satýan garpyzlaryň ýaly.
Ýarlynyň bu sözleri ýigidiň çetini gyzdyrdy:
—Ýaşuly, kädä ýetmeseň gowy bolar. Ýogsam seňem kädiň içini boşadaýmaýyn.
Şu gürrüňden soň, Ýarly onuň bilen ätiýaçly gürleşmelidigine düşündi.
—Äý, okasaň, köp bilersiň. Meniňk-ä bir öwüt. Galamasynam özüň bil...
—Maňa puluň ýüzündäki haty okap bilsem, ýeterlik –diýip, ýigit özüne mahsus zoňtarlyk bilen jogap berdi. —Satjagym garpyz, köne-sana demir bolsa, kitap okamak nämäme gerek?
—Aý, onda-da... –diýip, Ýarly ýöwselledi.
—Ine, sen kitap baryny okapsyňam-da. Haýry näme? Iň bärkisi aýagulagama edinip bilmänsiň.
Bu gürrüňler Ýarlynyň hernäçe degnasyna degse-de, ol, çydamaly diýen karara geldi. Ep-eslije pul harçlansoň: «Häsiýeti bolanok» diýip, kowup goýbersinmi. Polotnoda häsiýeti däl-de, daşky keşbi bolar. Ine, Ýarla şol ýeterlikdi.
Ýarly ömründe iň ejirli işini, çydam käsesini püre-pür etdire-etdire, teýahyr, tamamlady.
Ýigit Ýarlynyň polotnosyny synlap, «Hiç neneň däl» diýdi. «Ýöne, agam, meniň ýanyma bäş-on sany gelin-gyzlary hem çekäýmeli ekeniň-dä. Ýogsam bir özümiň bu dar çarçuwaň içinde ýüregim çatlar».
Ýarly bolsa, içinden «Etmelisi belli-le, seniň ýanyňa gelin-gyz däl-de, bäş-on sany eşek çekmeli, eşegiň biri. Başymdan açyldygyň bolsun» diýip, sögünýärdi.
Ýigit hasaplaşdy-da, gapyny batly şarkyldadyp ýapyp çykyp gitdi.
Ýarly bolsa: «Öw-fff! Öw-fff!» diýip, oturgyja çöküp, kemsidiji hem güzaply işini tamamlandygyna begendi.
Ine, şondan bir hepde geçip-geçmänem, uly sergi guraldy.
Ýarly hem oňa beýleki käbir işleri bilen bilelikde, ýaňky ýigidiň keşbini-de berdi. «Goý, synlasynlar, bizde nähili ýigitleriň bardygyny! Ol eşegiň häsiýeti ýaramaz bolsa-da, daşky keşbi göz giderlik».
Özem, ur-tut, ussahanasyny içinden petikläp, «pulluja, ýöne sungatyň bähbidine däl» diýilýän bir işi gürleşip, çekmäge başlady. Sebäbi ýigide töläp, halys jübüsi boş galypdy. Öýlerindäki holodilnikleriniň içinde hem ýel öwüsýärdi.
Tutumly sergini dabara bilen açdylar.
Ýöne şu ýerde garaşylmadyk bir ýagdaý ýüze çykdy.
Ähli tomaşaçylar diýen ýaly, Ýarlynyň işleri goýlan ýere üýşýärdiler. Olaryň içinde özlerini sungata baha kesmegi başarýan atly bilermen hasaplaýanlar hem bardy.
Sergä jogapkär adamlar bu üýşmeleňiň näme üçin dörändigi bilen gyzyklanmaga barsalar, Ýarlynyň ýigidiň keşbini çeken kendiriniň ýüzi boşdy. Ine, saňa gerek bolsa!
Atly bilermenler: «Bu Malewiçiň «Gara kwadraty» kibi sungat älemi üçin uly täzelik ahbetin!» diýişýärdiler.
Elbetde, çarçuwanyň aşagynda «Ýaş ýigit» diýlip ýazylgydy. Şol ýazgy hem sungat bilermenlerinde diýseň tolgundyryjy garaýşyň döremegine sebäp bolýardy. Ýüzüne hiç bir zat çekilmedik tämizje kendiri olar ýaş ýigit diýen manyda düşündirip, synlamaga üýşenleri sungatyň örän köpakymlydygy baradaky gürrüňleri bilen özüne bendi edýärdiler. «Bu ýerde çuň many gizlenip ýatyr. Tämiz kendiriň «ýaş ýigit» diýlip atlandyrylmagy sungat äleminde täze-juwan gözlegleriň ediljekdigini aňladýar» diýýärdiler. Beýle täzeçilligiň Ýarly Baýramdan çykmagynyň tötänlik däldigini, onuň bütin ömrüne özboluşly gözleglere ýykgyn edendigini tekrarlaýardylar. Bu işi derejeli baýraga hödürlemelidigi hakda hem ýaňzydýardylar.
Sergi bolýan ýerlerde sungata düşünseler-düşünmeseler, kaşaň geýnişip, «gowy» diýip, bilermenleriň öwgüsini ýetiren işlerini satyn alşyp, özleriniň puldardyklaryny mazamlaşyp, hondanbärsireşip ýörýänler-de bolguç.
Ine, şolardan iki-üç sanysynyň hem gulagyna Ýarly Baýramyň bu işiniň uçursyz gowudygy baradaky gürrüň ildi.
Olar ýerli-ýerden bu polotnony satyn alarman boldular.
Sergini guraýjylar bolup geçen düşnüksizlik barada dil ýarsalar, abraýdan düşeris öýdüşip, dymmagy makul bildiler.
Işi puldarlaryň iň köp tölänine, sergi gutaransoň alyp gitmek şerti bilen satdylar. Dessine-de onuň bir çüňküne «iş satyldy» diýen ýazgyny ýelmediler.
Bu başagaýlyklardan Ýarlynyň habary ýokdy.
Ol buýrulan «pulluja, emma sungat üçin ähmiýetsiz işi» basymrajyk çekip başyndan açmak üçin, ussahanasyny içinden gulplap, basa işläp otyrdy. Gapysyny kaksalar–da açanokdy. Til etselerem alanokdy. SMS-de jogap berenokdy.
Sergini guraýjylar Ýarly Baýramyň «gaçgagyny» assyrynja gözleýärdiler.
Ony dagly gyzlaryň keşbini çekmegi gowy görýän Meret Gylyjyň «Dagly gyz» diýen işinden tapdylar.
Ýarlynyň ýigidi dagly gyzyň aňry ýanyndaky daglaryň bir gowagynda ýaşap ýörse nätjek!
Sergini guraýjylary has-da haýran galdyran ýagdaý dagly gyzyň hem janlydygydy.
Olar muny Meret Gylyja duýduranlarynda, ol, tasdanam essinden gidipdi. Ýöne onuň gyzynyň ýanynda Ýarlynyň ýigidiniň hem bardygyny aýtmaklary, gaharyny getirip çuslandyrdy.
Ol dagly gyzdan:
—Men seni edepli, namysjaň edip döredipdim ahyryn. Bu ýarym-ýalaňajy näme üçin ýanyňa goýberdiň? Ejap etseň bolanokmy? –diýip, gazap bilen sorady.
Gyzyň ozal hem narynç öwsüp duran ýaňaklary, özüne beýle gödeňsi ýüzlenilmegine utanmakdan ýaňa, has-da gyzardy:
—Men ony gar adammyka öýtdüm...
Meret Gylyç onuň sözüni gaharly böldi:
—Biziň daglarymyzda gar adam bolmaýanyny, sen, näme bileňokmy?
—Bilemokdym –diýip, gyz müýnli dillendi. —Görsem, ol adaty adam. Ýöne näme üçindir eşiksiz. Maňa gül hem getirip berdi.
—Kowmaly ekeniň.
—«Git!» diýsem, gitmese nädeýin? Ol diňe meniň däl, bärde goýlan işlerdäki köp gelin-gyzlaryň ýanyna baryp çykdy.
Ýarlynyň ýigidiniň beýleki gelin-gyzlaryň hem ýanyna barandygy baradaky habar hudožnikleriň arasynda şeýle bir nägilelik döretdi welin, olar bu edepsiz bihepbäni sungata getirendigi üçin Ýarly Baýrama degerli çäre görmegi talap edip başladylar.
Onýança-da, Ýarlynyň ýigidiniň Annadurdy Almämediň işlerini hem zaýalandygy baradaky gynançly habar ýaýrady.
Atly hudožnik Annadurdy Almämmet ürç edip dürli görnüşli gülleri, owadan baglanan çemenleri çekmegi gowy görýärdi. Ýarlynyň ýigidi onuň çemenlerini alyşdyryp, polotnolardaky gelin-gyzlara sowgat edişdirip çykaýypdyr.
Negözel natýurmortlarda indi gülden-çemenden boşan güldanlardyr haýsydyr bir gap-gaçlar durdy.
—Gör, nähili naýynsaplyk! Zenana çemen sowgat edesiň gelýän bolsa, git-de, bazardan satyn alyp sowgat et! –diýip, Annadurdy Almämmet käýinýärdi.
Hernäçe gelşiksiz bolsa-da, sowgat edilen gülleri zenanlardan yzyna alyp, ýerli-ýerine getirip goýdularam welin, olaryň öňküligi ýokdy. Terligini ýitiripdiler.
Şeýle halatlarda ýumrugyna ýol berip düşünişýän Berdiguly Amansähet hem:
—Hany, görkezseňizläň maňa şol kezzaby, burnuny döweýin-le! –diýip, gahara ýugrulyp geldi.
Sebäbi Ýarlynyň ýigidi onuň hem «Gelinler» diýen işindäki asylly gelinlere bolar-bolgusyz lak atyp, halys ýüreklerine düşendigini aýdypdyrlar.
—Ynha, şu-da! –diýip, özünde müýn bardyr öýtmän, göwnühoş kikirdäp, çigit çigitläp duran ýigidi Berdigula görkezdiler.
Görse, ol urduraýjak däl. Öz burnuny ýap-ýasy edäýjek. Hatda üýtgeşik suratlary taslaýan kellesini hem.
Bir özüniň eýgermejegini aňan Berdiguly bileleşip ýençmäge yrmak üçin, daýawrajyk, gyzmarajyk hudožnikleriň gözlegine gitdi.
Sergini guraýjylar oslagsyz ýüze çykan bu meseläni birýaňalyk edýänçäler, «käbir tehniki sebäplere görä» diýlen bahana bilen, ony wagtlaýynça ýapdylar. Ýogsam bu syr açylyp, masgara bolmaklary mümkindi.
«Ýigidiňi ýygna» diýmek üçin, Ýarlynyň ussahanasynyň gapysyny döwäýjek bolup kakýardylar.
Barybir, Ýarly gapysyny açanokdy. Tile-de, SMS-de jogap berenokdy.
Sebäbi ol «pulluja, emma, sungat üçin bähbitsiz işi» basymrajyk çekip tabşyrmak aladasy bilen başagaýdy.
Özüniň açmajagyny bilensoňlar, Ýarlynyň gapysyny döwüp açdylar. Bolan işi oňa birin-birin aýdyp, suwjuk ýigidini basymrajyk ýygnamagy talap etdiler.
Bu habary eşidip, Ýarly, ätiýaçdan ýanynda saklaýan ýürek dermanyna ýapyşdy. Ýarty käse suwa ýigrimi bäş-otuz damja damdyryp içensoň: «Ol nädip meniň ýigidim bolýarmyşyn?» diýip, kellesini tutup, näme etmelidigini oýlanyp, uzak oturdy.
Soňra: «Belki, şonuň haýry deger...» diýip, oglanka, ýaňy çeperçilik mekdebine gatnap, ilkinji synaglaryny edip ýören uçurlary, mugallymlarynyň tebigaty bolşy-bolşy ýaly çekmegi öwretmäge alyp giden jeňňelligine garşy ýöneldi.
Geň hem täsin jeňňellik bilen gidip barşyna: «Ara ençeme ýyllar düşdi. Barmyka, dirimikä?» diýip, özi özüne sowally ýüzlenýärdi. Özi özüne jogap hem berýärdi:
«Bardyr, diridir. Jadygöýler ölmeýärler...»
Hemra ŞIROW.
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty