10:28 Ýarym çyn, ýarym degişme | |
ÝARYM ÇYN, ÝARYM DEGIŞME
Goşgular
Öten günler – geçmişiň. Dolsa-da ýüz, ýetmişiň Ýatdan çykmaz etmişiň, Muňa perman hakdandyr. Bollum çyn söz aşygy, Bolmadym mes aşygy. Kalba guýdum goşugy, Hakdandyr ýa halkdandyr. Ölenim, ýitenim bar, Ýaňy dil bitenim bar. Gülüni çitenim bar, Niýetlerim päkdendir. Ne işleri gaýyrdyň, Köpmi şama-şaýyrdyň?! – Harpykdan çäç aýyrdym, Diýmen – Ömrüm pakdandyr. Ömrüm geçip baradyr, Diýmen: – Bagtym garadyr. Ýöne ýürek ýaradyr, Diýmen: – Gülle, okdandyr. Gögermese ekeniň, Nä haýry der dökeniň. Boý alypdyr ekenim, Reňňi mydam gökdendir. Çyn gözläp, çete düşdüň, Ýollarda kime duşduň?! Guş bolup göge uçduň, Bahyl bagy çökderdir. Hüňkar seni har etdi, Saýramaga zar etdi. Giň dünýäni dar etdi, Işi onuň ýekdendir. Diýmedim: «Ýalan ýeňer», Dünýäni gülen ýeňer. On bolsa pälwan eger, Birisi oň akgaňdyr... 08.04-20.04.2014. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |