18:17 Ýaş şahyrlaryñ döredijiligi barada bellikler | |
ÝAŞ ŞAHYRLARYÑ DÖREDIJILIGI BARADA BELLIKLER
Edebi tankyt
1. Türkmen halkynyñ baý klassyky mirasy bilen egsilmez hazyna öwrülen folklory bar. Köp öwüşginli şol klassyky poeziýamyzyñ, baý folklorymyzyñ häzirki zaman türkmen şahyrlarynyñ döredijiligine eden güýçli täsirini bellemän geçmek bolmaz. Bu ýagdaý belli bir derejede biziñ poeziýamyzyñ ýaş wekillerine-de degişlidir. Elbetde, biziñ günlerimizde edebiýatyñ tematikasy giñedi, edebiýaty täze sosial mazmuna eýe boldy, poetik formalar täzelendi hem-de baýlaşdy. Biz bu ýerde ýaş şahyrlar diýip agzanymyzda, ýaşy 40-a çenli bolan kärdeşlerimizi göz öñünde tutýarys. Olar özleriniñ talanty hem-de intellektual derejesi boýunça dürli-dürli şahyrlardyr. Eger-de käbirleri türkmen poeziýasynyñ şu günki ýeten belentligine özleriniñ aýdyñ zehinleri bilen gös-göni goşant goşan bolsalar, ençemesiniñ entek özbaşdak ýygyndysy ýok. Şoña görä-de bu makalada olaryñ her biriniñ döredijiligini aýry-aýrylykda seljermek hem-de häsiýetlendirmek mümkinçiligi ortadan aýrylýar. Aramyzdan juda ir giden Gurbannazar Ezizowyñ nurana poeziýasy, obrazly pikirlenmäniñ çuñlugy, mazmun hem-de forma birliginiñ jebisligi bilen tapawutlanýar. Bu ajaýyp şahyr biziñ poeziýamyza 60-njy ýyllarda bahar şemaly ýaly täze bir öwüşgin bilen geldi. Gurbannazaryñ dury zehini onuñ okumyşlygy bilen utgaşyp, birinji nobatda goşgynyñ medeniýetini ýokary götermäge oña şert döretdi. Goşgy düzüş tärleriniñ gözlegleri, synaglary G.Ezizowyñ poetik formasynyñ kämilleşmegine, baýlaşmagyna getirdi. Ýaş şahyrlaryñ giden bir böleginiñ Gurbannazaryñ täsirine eýerendigi, hatda onuñ goşgy okaýşyna çenli öýkünmägr başlandygy tötänden däldir. Annaberdi Agabaýewiñ özboluşly poeziýasy milli auditoriýanyñ çäklerinden çykyp, bütinsoýuz okyjysynyñ-da göwnünden turdy. Jahankeşde şahyryñ Ýewropanyñ, Afrikanyñ hem-de Aziýanyñ ençeme ýurtlaryna eden syýahatlary onda tutuş "daşary ýurt siklleriniñ" döremegine sebäp boldy. Annaberdini, bir tarapdan ýakyn hem-de uzak geçmişiñ dramatik-tragiki sahypalary gyzyklandyrýar. "Gara ýañ", "Hatyn minutlary", Nesimi hakdaky poemalaryñ özeni tutuş şeýle sahypalardan ybaratdyr, geçmişiñ tragediýalary barada ýazyp, olara şu günüñ adamlarynyñ gözi bilen, pähim-paýhasy bilen seretmegi, pikir öwürmegi başarýar. Ikinji tarapdan, häzirki zaman temasyna ýüzlenende, ol çylşyrymly durmuşy özüniñ goýy reñkinde suratlandyrmaga dalaş edýär. Baýram Jütdiýewiñ şahyrana nazary özüniñ bütin ogullyk mähri bilen ene topraga gönükdirilendir. Biziñ daşymyzy gurşap alan täsin tebigat özüniñ eşretleri we hesretleri bilen poeziýanyñ gadymy hem-de baky obýekti bolmagynda galýar. Bu ulu temanyñ üstünde B.Jütdiýewiñ yhlas bilen işleýändigi bizi buýsandyrýar. Şahyrlaryñ gürrüñi edilýän nesliniñ arasynda öndümli işleýänleriñ biri-de Moskwanyñ edebiýat institutyny tamamlan Italmaz Nuryýewdir. Onuñ goşgulary Igor Şklýarewskiniñ hem-de Ýuriý Gordiýenkowyñ terjime etmeginde Moskwanyñ neşirýatlarynda çap edilen ýygyndylary arkaly bütinsoýuz okyjysyna ýetirildi. Uruş temasy, häzirki zamanyñ gündelik durmuşynyñ wakalary I.Nuryýewiñ döredijiliginde esli orun tutýar. Türkmen kompozitorlary onuñ ençeme liriki goşgularyny aýdyma geçirdiler. Hut liriki setirleri kähalatlarda romantiki öwüşgine çaýyp bilmegi Italmazyñ goşgularynyñ lezzetini artdyrýar. Gowşut Şamyýewe şahyrana pikirleriñ, täze formalaryñ gözlegindäki şahyr diýip aýtmak bolar. Onuñ poemasynyñ tematikasy giñ. "Atalar we ogullar" meselesi, biziñ asyrymyzda adamyñ oýnaýan roly, arassa, ynsan mähri ~ bular Gowşudyñ yhlas bilen işleýän temasy. Ahmet Gurbannepesow özüniñ milli kolorite ýugrulan adamkärçiligiñ asylly sypatlarynu wasp edip, ahlak meselelerine aralaşan bolsa, Atajan Annaberdiýew ynsan aragatnaşyklary barada söz açýar. Saparmyrat Öwezberdiýew ýaşlyk hem-de gözellik hakda aýdym aýtsa, Gurbandurdy Geldiýew tebigat baradaky goşgularynyñ üsti bilen durmuş filosofiýasyny beýan etmäge çalyşýar. Atamyrat Atabaýew gözümiziñ häli-şindi görüp duran zatlarynyñ owadanlygyny patetik belentlige galdyrmaga jan edýär. Az sözli Gurbanýaz Daşgynow iñ çynlakaý durmuş hadysalaryna-da käte mylaýym ýumory, käte bolsa ýiti sarkazmy siñdirmegi başarýar. Orazguly Annaýew bilen Italmaz Hudaýberdiýewiñ, Tirkeş Sadykow bilen Mämmetnazar Babanazarowyñ, geljegine umyt baglaýan şahyrlarymyz Bibi Orazdurdyýewa bilen Bibisara Hapyzowanyñ şahyrana döredijiliklerinde göze ilýän ilkinji alamat durmuş hadysalaryna olaryñ her biriniñ özüçe garamaga, baha bermäge çalyşýandyklarydyr. Şahyr üçin bu juda möhüm zat. 2. Il içinde poeziýa bolan höwes uly. Şol bir wagtyñ özünde-de poeziýanyñ hiline bolan talap hem artýar. Hil! Poeziýanyñ hili baradaky gürrüñ düýn ýa-da şu gün alnyp göterilen mesele däl. Poeziýanyñ häzirki gürrüñi edilýän wekilleriniñ döredijiligi hakda söz açylanda bu düýpli mesele özi hakda ýörite durlup geçilmegini talap edýär. Näme üçin? Hil barada durup geçmek bilen, biz ýaşkiçi kärdeşlerimiziñ öz döreden zatlaryny saldarlap, onda-da tankydy söz bilen saldarlap görmeklerini isleýäris. Bu olaryñ türkmen poeziýasynyñ öñündäki jogapkärçiligi duýmaklary üçin gowy bolar. Dogry, ýaşlaryñ her taraplaýyn kömege mätäçlkleri düşnükli. Ýöne bu meselede iñ esasy zat halkyñ, döwrüñ öz öñlerinde goýan juda jogapkärli wezipelerini olaryñ çuññur duýmaklaryndan ybaratdyr. Şeýle jogapkärçilik duýgusy ilki bilen dörediji adamy arkaýynlaşmakdan hem-de biperwaýlykdan halas etmelidir, onuñ professional ussatlyga tarap düýpli hem-de çynlakaý hereket etmegine hemaýat bermelidir. Sebäbi edebi ussatlygy yzygiderli ýokarlandyrmazdan, edebiýatyñ şol sanda poeziýanyñ hilini belende götermek mümkin däl. "Poeziýa ýaşlyk hyjuwy bilen döreýär, ýaşyñ bir çene baransoñ poeziýa bilen iş salyşmak agyr düşýär" diýen pikir bar. Şu pikir bilen düýbünden ylalaşmaýandygymy aýtmak isleýärin. Şeýle pikirdäki adamlar esasan bir zady - biziñ ýaşuly ýazyjylarymyzyñ şygryýet äleminden kem-kemden daşlaşýandyklaryny tutaryk edinýärler. Emma biz ýetmiş bilen segsen ýaşyñ aralygynda Nikolaý Tihonowyñ, Stepan Şipaçýowyñ, Petrus Browkanyñ, Süleýman Rüstemiñ, Mirzo Tursun-Zadäniñ, Mihail Dudiniñ, Maksim Tankyñ we başgalaryñ ajaýyp goşgularyny häli-şindi okap ýörüs ahyryn. Poeziýa söýgüdir, söýgi bolsa ýaşa seredip durmaýar. Bardy-geldi, on-ýigrimi ýyldan soñ Kerim Gurbannepesow goşgy ýazmasyny goýupdyr diýseler, okyjylara nähili ýokuş degjekdigini duýmak kyn däl. Gep zamananyñ hyjuwyny, döwrüñ belentligini, gerimini, ganatyny, halkyñ ruhy dünýäsini, oý-pikirlerini, arzuw-isleglerini şahyrana setirlere siñdirip bilmekdedir. Munuñ özi häzirki günleriñ poeziýasynyñ etalonydyr. Ýaşkiçi kärdeşlerimiziñ şuña örän çuññur düşünmekleri gerek. Şahyr hökmünde olaryñ indiwiduallaşmagyba wagt ýetdi. Meniñ pikirimçe, ýaş şahyrlaryñ aglabasyna mahsus bolan umumy bir kemçilik bar. Ol hem ýaşlaryñ jemgyýetçilik durmuşyna içgin aralaşyp bilmeýändikleri, şol durmuşyñ ýüze çykarýan problemalary, hadysalary bilen ýeterlik derejede gyzyklanmaýandyklary bolsa gerek. Ýazyjy özüniñ tebigaty boýunça baryp ýatan jemgyýetçil bolmalydyr. Ol ähli zada goşulmaly, ony gyzyklandyrmaýan mesele bolmaly däl. Aýdaly, Köneürgenjiñ arhitektura jähtden gaýtalap bolmajak derejede gymmatly gadymy ýadygärlikleriniñ ýanynda duran şahyr olara biperwaý garap bilmez. Gadymy taryhy ýadygärlikleriñ harlanyşy ýa-da tebigatyñ talanyşy döredijilik adamynyń on iki süññüni elendirmese, onda bu ýagdaý onuñ jemgyýetçilik işeññirliginiñ passiwligini añladýar. Maña dogry düşünmeklerini isleýärin: şu zatlary agzamak bilen, meniñ özümi şol derejä ýeten, kämilligiñ çür başyna çykan şahyr hasaplamak pikirim ýok. Ylaýta-da özümi köpbilmiş saýmak meýlinden örän uzakda. Meni şu makalany ýazmak üçin galama ýapyşmaga mejbur eden zat - biziñ poeziýamyzyñ şu güni we ertiri baradaky çynlakaý alada. Şonuñ üçin-de men özümiñ oý-pikirlerim, howsalalarym, mahlasy, şahyr hökmünde özümi tolgundyrýan ähli zatlar barada ýaşkiçi kärdeşlerimiz bilen aç-açan gürrüñleşmegi zerur hasap edýärin. Sözümi dowam etdirip, ýaşlaryñ döredijiliginde göze ilýän ýene-de bir umumy häsiýetli kemterlige ünsi çekmekçi bolýaryn. Bu nogsan - ownuk temaçyllyk bilen bir-biregi gaýtalamak. Köplenç goşgularyñ liriki "menden" başlanmagyny şahyrana forma hökmünde meniñ aýyplasym gelenok. Ýöne şol liriki "meniñ" şol bitewilikden, maksada okgunlylykdan mahrum edilmegine hata hökmünde baha bermek bolar. Liriki "mende" şol goşgynyñ awtorynyñ häsiýeti ýüze çykýar diýip aýdýarlar. Men bu kesgitlemä garşy çykmasam-da, oña has giñräk manyda düşünmegiñ tarapdary. Şahyryñ liriki "meni" halkyñ ruhuny, oý-pikirini añladýan adamyñ belentligine çykanda, diñe şonda doly bahaly gahryman bolup biler. Okyjynyñ liriki gahrymanda özüni, halkyñ iñ öñdebaryjy wekilini göresi gelýändigi düşnüklidir. Eýsem ownuk temaçyllyk diýip, biz nämä aýdýarys? Şahsy şowsuzlyklaryñ nalasy, ýürege düşgünç söýgi iññildileri, "liriki gahryman" diýip öñe çykarylýanyñ bikeşpligi, bikemallygy, ruhy garyplygy bilen utgaşýan düşnüksizligi aklamak üçin ýaş şahyrlaryb arasynda "Goşguda hemme zat düşnükli bolsa onda okyja pikirlenere zat galanok" diýen galp teoriýany tutaryk edinmäge synanyşanlary hem bolupdy. Emma klassyky hem-de häzirki zaman şahyrana tejirbesi düşnüksizligiñ edebi konsepsiýanyñ kemliginden gelip çykandygyny görkezýär. Puşkiniñ graždanlyk lirikasynda heý düşnüksizlik barmy? Bimany ýa-da manysy juda ýöntem goşgulardan, biri-birine meñzäp duran ýa-da biri-birini gaýtalaýan goşgulardan mysallar getirip durmagy men uslyp hasap etmedim. Sebäbi olar öräb kän. Ýöne boş sözli bolmazlyk üçin şol zeýilli "nusgalaryñ" birki sanysyna ýüzleneýin: Eý, belent dag! Belentligñe sözüm ýok. Geregiñden artyköwünme, besdir. Balasy uruşdan gelmedik enäñ Kalbynyñ dagyndan müñ esse pessiñ. Enäniñ hesretini beýan etmek üçin dilsiz-agyzsyz bigünä dagy "öwünmede" aýyplamak awtora nämä gerek bolduka? Logika ýok. Emosiýa ýok. Diýmek, goşgu-da ýok. Başga bir şahyry pal atýan sygan gyzy jadylapdyr: Gitjek bolýan, ala gözler saklaýar Garaýşy mylaýym, özi-de alçak. Gitjek bol göreýin, gaýratyñ çatsa, Şol gözler islese, janymam aljak. Aýdylyşy ýaly bu ýerde düşündirip oturasy zat ýok. Bular metbugatda ençeme gezek tankyt edilen, duzsuz-tagamsyz, ýöne welin saza geçirilen "aýdymlyk goşgulary" ýadyña salýar... 3. Biziñ pikirimizçe, edebiýatçy ýaşlar hakynda ýurdumyzda alada, edebi žurnallaryñ, ýaşlar gazetleriniñ ýaş şahyrlar barada edýän tagallasy az däl. Ýöne edilýän aladanyñ, berilýän ünsüń has netijelisi, has täsirli bolmagynyñ hatyrasyna olar bilen işlemegiñ täze formalaryny weli gözlemek gerek. Bu ýerde doganlyk Gyrgyzystanyñ Ýazyjylar soýuzynyñ döredijilik seksiýalarynyñ tejribesine salgylanmak ýerliksiz dälmikä diýýärin. Bizde-de şeýle seksiýalar bar. Emma şol seksiýalarda geçirilýän çäre, edilýän iş esasan ýygyndylaryñ golýazmalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýlelikde-de, "görkezilen käbir kemçilikleri düzedip", neşirýata hödürlemek baradaky protokol bilen tamamlanýar. Gyrgyz dostlarymyzyñ bu işi guraýyşlary başgaçarak. Mysal üçin, poeziýa seksiýasynda (şol seksiýanyñ sostawynda belli şahyrlara-da, ýörite poeziýa ugrundan işleýän professional tankytçylar-da bar) žurnalda çap edilýän poeziýa eserlerine, aýry-aýry goşgy toplumlaryna hem-de ýygyndylaryna çuññur analiz berilýär. Oýlanyşykly düzülen plan esasynda geçirilýän maslahatlarda poeziýada ýüze çykýan tendensiýalar barada, käte bolsa belli-belli şahyrlaryñ döredijiligi barada prinsipial gürrüñler edilýär. Döredijilik komandirowkasyndan gelen şahyryñ hasabaty şol seksiýada diñlenilýär. Her ýylyñ poeziýa hasylynyñ jemlerine bagyşlanan seksiýa tarapyndan taýýarlanylýar. Görnüşi ýaly, edere iş köp. Diñe inisiatiwalylyk gerek. Ýerlerde ýaşaýan goşguçylarymyza-da degerli kömek etmegiñ, redaksiýalaryñ ýanyndaky edebiýat birleşmeleriniñ işine paýtagtdaky görnükli şahyrlaryñ yzygiderli gatnaşmaklaryny ýola goýmak peýdaly bolardy. Her ýyl döredilýän goşgularyñ iñ gowy nusgalaryndan düzülen ýyllyk şahyrana almanahyñ neşir edilmegi biziñ köpden bäri edýän arzuwymyz. Bu çäräni durmuşa geçirip bolsa, onuñ praktiki ähmiýetiniñ uludygy görnüp dur.Ýaş şahyrlaryñ durmuşyñ çuññur gatlaklaryna aralaşmaklary ösmek üçin ilkinji şertleri döredýär. Şeýdibem hakyky şahyr halkyñ ruhy dünýäsiniñ buýsanjyna öwrülýär. Biz şu günüñ talantly ýaşlarynda ertiriñ ajaýyp şahyryny görmäge çalyşýarys. Bu uly umydy, belent ynamy ödemäge olarda ukyp bardygyna ynanasymyz gelýär. Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ Halk Ýazyjysy. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |