10:36 Ýaşlygym | |
ÝAŞLYGYM
Goşgular
Dabanymdan ot çykýarmy? Bilemok. Ýöne bilýän, ýaşym - ýaşlygyñ ýaşy. Aglanyñ ýanynda teýsiz gülemok, Güleniñ ýanynda çytamok gaşy. Görünýäñ diyyärler ýaşyñdan uly, Mümkin jany bardyr aýdylýan sözüñ. Ýaşlygyñ gadyryn bilmän ýören däl, Owadan dünýäme aşykdyr gözüm. Ýaşlygy bulgura guýup içemok, Sowuk posalara çalyşman hergiz. Ýüz gözeliñ berjek nesýe bagtyny, Nagt bersin ýürekden söýülen bir gyz. Sallah ýigdiñ aýlygy däl ýaşlygym, Sowup ýörer ýaly gara başyma. Il-günüñ öñünde bergi-borjum kän, Şärikler kän ýaşlygyma-ýaşyma. Ýaşlygyñ gürrüñi bolar ötensoñ, Ýeñişler, ýeñlişler uzakdan görler. Özüme ýetirmän, jigerbentlerim Ýaşlygymy ata edinip ýörler! Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |