12:56 Ýaşlygymy ýatlasam | |
Hormatly okyjy! Siziň eliňizdäki bu çaklaňja kitapça Balkan welaýatynyň Magtymguly (öňki Garrygala) etrabynda ýaşan, etrabyň suwaryş ulgamynda 40 ýyldan gowrak zähmet çeken, “Sapar ýomut” ady bilen tanalýan hormatly ýaşulymyzyň (Sapar Allaguly, 1930-2010) ömür ýoly we döredijiligi bilen gysgaça tanyşdyrar. • SÖZBAŞY Mähriban perzentlerim, özümiň durmuş ýolum baradaky ýazgylarymy we dürli döwürlerde ýazan goşgularymy ýygnaşdyryp, size ýadygärlik goýmagy ýüregime düwdüm. Ilki bilen uzak ömür, rysgal-döwlet, akylly-başly ýanýoldaş, dowamat berenligi üçin, Beýik Taňrydan müňde bir razydyryn. • ÝAŞLYGYMY ÝATLASAM Meniň çagalyk döwrümde Garrygala raýonyna degişli üç sany kolhoz bardy. «18 ýaşly Oktýabr» kolhozy Doýran dagynyň eteginde ýerleşerdi. Halkynyň köpüsi garrawylardy. «19 ýaşly Oktýabr» kolhozy Telärlidedi – olar bähelkelerdi. «Komsomol» kolhozy Güwleme diýen ýerde ýerleşipdi. Halky gatym-garymdy. Köprägi salaklardy. Meniň ejem bähelkelerden bolansoň, dädemi öz garyndaşlarynyň ýanyna çekipdir. Kolhozlaryň üçüsi-de dagly-dereli, otly-suwly, awlakly ajaýyp hem gözel ýerde mesgen tutupdy. Adamlary maldarçylyk bilen meşgullanardy. 1936-1937-nji ýyllarda Staliniň buýrugy bilen Ýežowyň ýolbaşçylygynda tutha-tutluk başlandy we obalarda adamlar azaldy. Bahanalary «Sen baý ekeniň» diýip tutardylar. Basylan adamlardan gaýdyp gelýän ýokdy. Soňra üç kolhozy birikdirip, bir kolhoz etdiler – «Komsomol» kolhozy. Çaga wagtlarymdaky käbir wakalar ýadymda galypdyr, şolardan aýdyp bereýin. Men 3-nji klasda okap ýörkäm, mugallym okuwçylara: «Kim «Parasatly serdarymyz Stalin» diýen goşgyny aýdyp berjek?» diýip ýüzlendi. Ellerini galdyryp aýdyp berenlerem boldy. Mugallym: «Ýene kim «Ýiti gözli ol Ýežowa köp salam» diýen goşgyny aýdyp berjek?» diýdi. Bu gezek köp el galmady. Onsoň mugallym meni ýanyna çagyryp: – Allagulyýew, özüň klasyň ökdesi, näme üçin eliňi galdyrmaýarsyň ýa-da ýat tutup bilmediňmi? – diýdi. Men oňa: – Ýoldaş mugallym, men şol goşgulary bilemok, bilesimem gelenok – diýdim. Ol: – Näme üçin? - diýdi. – Sebäbi Stalin buýruk berýär, Ýežow ýerine ýetirýär, obalarda adam-a goýmadylar – diýenimden, ýaňagyma şarpyk çalyp: «Geç otur» diýdi. Dogrymy aýtsam gaty urmady. Onsoň arakesmede: – Allagulyýew, sen gal! – diýdi. Men: «Ýene-de urjag-ow bu» diýip çekindim. Emma ol: «Allagulyýew, indikide ýaňky sözleriňi hiç ýerde aýdaýmagyn, örän berk bol!» diýip tabşyrdy we: «Özüňem ertir 4-nji klaslar bilen gel!» diýdi. Şol mugallymyň asly jejirsli, özüne-de Mämmedalyýew Annadurdy diýerdiler. Men 1-nji klasa baranymda, Erep diýen mugallym okatdy. Ol hem maňa: «Sen 2-nji klas bolmaly» diýipdi. Emma Anna dädem oňa ýol bermedi. 2-nji klasda Şamyrat diýen mugallym okatdy. Olam meni 3-nji klasa geçirmekçi boldy, oňa-da Anna dädem garşy çykdy. «Goý, doly okasyn» diýdi. Emma Mämmedalyýew Annadurdy sözüni gögertdi, Anna dädeme ýanyna baranda: «Nämä gerek oglany kösäp, onuň düşünjesi senden-menden güýçli» diýipdir. Şeýlelikde, 4 klasy 3 ýylda gutardym-da, gezibermeli boldum. Sebäbi şol wagtlar 5-nji klasy okadyp bilýän mugallym ýokdy. Men okuwa gitmänkäm, garyndaşlaryma salam haty ýazar ýörerdim. Okamagy-ýazmagy, hasaby (goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek) – bu zatlaryň hemmesini Anna dädem öwredipdi. Ol meni gowy görýärdi, ýeke okuw däl, damka (şaşka) oýnamagy hem öwrederdi. 1941-nji ýylda uruş turdy.Tutha-tutlukdan galan adamlaryň hemmesi fronta gitdiler. Obalarda açlyk, horluk, her hili keseller döräp başlady. 1945-nji ýylyň ýanwarynda ejem, fewralynda dädem, martynda Anna dädem panyny taşlap, baka göç etdiler. Bu ýitgiler çekip çydardan has çökderdi. Bu hasratlary ýüregime sygdyryp bilmän urnup, çarhy-pelek barada pikir öwrüp başladym we ilkinji gezek ýazan goşgy setirlerim aşakdakylar bolupdy. Bu bentleri mähriban enem-atamyň, eziz agamyň ýagty ýadygärligine bagyşlap, ony «Dünýe sen» diýip atlandyrdym. • DÜNÝE SEN Özüňden öndürip dürli zerleri, Adamzadyň erkin alan, dünýe sen! Adam ata, Aly ýaly ärleri, Gapgaryp goýnuna salan, dünýe sen! Ýadamarsyň pyrlanyp hem aýlanyp, Ahyr ýoluň salarsyň sen dolanyp, Erenlerden ýüz ýigrim ýaş dilenip, Alan Göroglyny çilen, dünýe sen! Dünýe, saňa näçe merdanlar geldi, Şat bolan bolmady, barysy soldy, Magtymguly hemme syrlaryň bildi, Şonuň hem yzyna galan, dünýe sen! Pany dünýe, saňa diýjek men loly, Köpleri gapgardyň, bolmadyň doly, Äleme tanymal Rüstem Zaly, Habarsyz, hatyrsyz güýlen, dünýe sen! Kimsäni aýyrdyň dogan-gardaşdan, Kimi söýgüliden, kimi syrdaşdan, Niçäniň gözüni doldurdyň ýaşdan, Köpleriň bagryny dilen, dünýe sen! Ilki gurluşyňy göwne getirsem, Senden ötenleri sanap otursam, Hiç gutarmaz bütin ömrüm ötürsem, Ýakasyn tanadan ýalan, dünýe sen! Akly bolan gulak goýar sözüme, Geň-taň bolup serederler ýüzüme, Şahyrçylyk islemeýän özüme, Jesetde jigerim dilen, dünýe sen! Ne gaýgyly galar, ne-de bigamy, Ahyr bir gün talh eýlär sen tagamy, Enem-atam diýsem, eziz agamy, Ýigrimi üç ýaşda alan, dünýe sen! Içimden geçirdiň gyzgyn ýalawy, Adamzadyň bolmaz eken gylawy, Bähelke ýegeni, tiräm garrawy, Gylawmyň badyny ýolan, dünýe sen! Ýylba-ýyldan artar gaýgy bilen gam, Yzyndan ýetdirer bu sanalgy dem, Geçmeýin galmarys, geçeris biz hem, Gezekli nobatyn bilen, dünýe sen! Adamzadyň bu dünýäge gelenin, Gözledim, tapmadym hiç bir gülenin, Nebsi artar, duýman galar ölenin, Şolara keýp edip gülen, dünýe sen! Bu zatlar gybat däl, hakyky hakdyr, Bu günki göreniň ertiri ýokdur , Sapar aýdar heniz ýoluň yrakdyr, Köpleriň soňuna galan, dünýe sen! Şol wagtlar ölenleri jaýlamaga-da adam tapylmazdy. Dädem pahyry agam Döwletiň ýeke özi jaýlapdyr. Ýany bilen ýaşy 80-den agan Näzýasy diýen adamy äkidipdir. Ol gabry nähili gazmalydygyny öwredipdir. Kömekleşmäge ýagdaýy ýok eken. Muny Döwletiň özi gürrüň berýär. 1945-nji ýylyň maýynda uruş gutardy, nemesler ýeňildiler. Uruş gutarsa-da, zawodlarda, fabriklerde işlemäge adam ýokdy, onsoň FZO (fabrik zawodskogo obuçeniýe), ŽDU (Železno dorožnoe uçilişe) ýaly mekdepleri döredip, ýaşlary okadyp başladylar. Biziň oba sowetimize Nurlyýew Hojam, ispolkomyň başlygyna Hally Bekiýew diýerdiler. Olaryň ýolbaşçylygynda iki sany 16 ýaşly oglany FZO ibermeli diýip buýruk çykarylypdyr. Bu habary eşidip, men oba sowetiň (Hojamyň) ýanyna baryp: – Men FZO gitjek - diýdim. Ol: – Seniň ýaşyň ýetenok - diýdi. – Siz maňa 1928-nji ýylda doglan diýip sprawka beriň, men dogluş şahadatnamamy hiç kime görkezmen – diýdim. Ol meniň diýenim bilen razylaşyp, sprawka berdi. Şeýlelik bilen, bizi Hally Bekiň garşysyna getirdiler. Hally Beki meni gören badyna: – Muny nirä getirýäň, süýdüň ysy agzyndan gitmändir, häzir yzyňa git-de, başga oglan getir – diýip gygyryp başlady. Şol wagt bir eli ýok (frontowik) adam maňa: – Oglum, seniň özüň FZO gitmäge göwünlimi? – diýdi. – Hawa, göwünli – diýdim. Onsoň ol Hally Bekä garap: – Hally aga, bizde 2 bölüm bar. FZO 16 ýaşlyny, ŽDU 14 ýaşlyny kabul edýäris, oba sowete käýemeseňem bolardy (ol adam FZO-nyň direktorynyň orunbasary, familiýasy Garaýew eken) – diýdi. Şeýlelikde, 150 oglan bolup Gyzylarbatda FZO mekdebinde okap başladyk. Şolaryň iň kiçisi mendim. Bir gün FZO-nyň direktory Halmyradow (gazak adam) hemme oglanlary kluba ýygnap, 3 hatardan oturdyp damka oýnatmaga başlady. Alty oglan oýnap, utulan üçüsi klubdan çykyp gidibermeli. Şonda garşyma gelenleriň hemmesini utup, outran ýerimden turmadym. Ahyr direktoryň özi gelip oturdy. Onuň bilen deňe-deň bolduk. Şol günüň ertesi Boris diýen oglan bilen meni Aşgabada Garaýew diýen adam ýaryşa alyp gaýtdy. Boris küştden, men damkadan bäsleşmelidim. Bu ýaryşda Boris utulypdy, şonda men damkadan çempion boldum. Maňa bir aýakgap bilen bir laý egin-baş berdiler, FZO mekdebine «Gyzyl baýdak» getirdim. Baýdagy mekdebiň ýokarsynda dikip goýdular. Direktor ýygnak edip, maňa «Sag bolsyn» aýtdy. Şeýlelikde, FZO mekdebini gutaryp, Gyzylarbadyň Demir ýol zawodyna işe girdim. Şol zawodda «Agaç bejeriş» sehinde agaç ussasy bolup stanokda işledim. Sehiň naçalnigine «Meleşnikow» diýerdiler. Onuň iki sany ogly bardy, men dynç günleri kä wagtlar işden soň olar bilen oýnardym. Uruş gutarsa-da, ýaşaýyş agyrdy, açlyk, bir ýandan gytçylyk dowam edýärdi. Men FZO gaýdanymdan soň agam Döwlet hem: «Şu ýerde durasym gelenok» diýip, Gerkeze göçüp gelipdir. 100-den gowrak goýny Gerkeze kowup gaýdypdyr, ol goýunlar Gerkeze gelip gyrlyp başlapdyr (ýerlemändir). Gerkezden Gyzylarbada gelýänlerden maňa Bike gelnejem bir garyn goýun gowurmasyny iberýärdi. Bir gün oýnap bolanymyzdan soň, başlygyň ogluny çaýa çagyrdym. Gaýdanda bir kiçiräk garyn gowurma berdim. Aňyrsy on-on bäş minut geçmänkä, dädesi gazete dolap gowurmany maňa getirip: «Bu näme etdigiň?» diýip gygyrjak boldy. Men tumboçkany açyp: «Saňa-da gerekmi?» diýdim. Ol «garynlary» görüp geň galdy: – Sen bulary nireden alýaň? – Öýümizden iberýärler. – Eneň-ataň şeýle baýmy? – Enem-atam ýok. Diňe özümden uly agam bar – diýdim. Ol wagtlar her kim çörek tapsa razydy. Bolsa-da, gowurmasyny alyp gitdi. Bir gün stanokda işläp ýörkäm, Meleşnikow ýanyma gelip: – Seniň näçe klas bilimiň bar? – diýip sorady. – 4 klas – diýip jogap berdim. Onda ol: – Özüm seniň dokumentleriňi düzedip, okuwa iberjek – diýdi. – Men okuwy gutarsam, näme işlemeli? – diýip soradym. Ol: – Otly sürmeli bolarsyň – diýdi. Şeýlelik bilen, alty oglan bolup Aşgabada okuwa geldik. Okap başladyk, ýöne okamak maňa nesip etmedi. Okap ýörkäk, tälim berýän ýaş ussa maňa hapa sözler bilen sögündi, men hem çekiç bilen onuň maňlaýyny ýaryp, ganyny akdyrdym, özem altynjy gündi. Dostum börmeli Annageldiýew Gulaka «Sen birinji güne galsaň, okuwdan kowsalar-a hiç weli, seni horlarlar» diýdi. Onsoň iki bolup sekretaryň ýanyna bardyk. Men oňa: – Meniň dogluş hakyndaky kagyzymy ber – diýdim, ol: – Nämä gerek? – diýdi. – Meni milise soraýar – diýip, ýalan sözlemäge mejbur boldum. Men şol wagtlar pasport ýaşyna ýetmändim. Garaz, eýdip-beýdip aldym. Şol gün meni Dostum Gulaka otla mündürip goýberdi. Şeýdip, öýe geldim. Ertesi gün obamyzdaky mekdebiň 7-nji klasynda okap başladym. Çapa taýýarlan: Annamuhammet Sapar–Allaguly. Redaktirlän: Saparberdi Garahan ogly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |