08:02 Pañ bolar | |
PAŇ BOLAR
Goşgular
Serhoş bolup beter gürleme, dostum, Öteräk geçersiň, yzy paň bolar. Eger-de men saňa aýdaýsam rastym, Gezmegin çamanda, ömrüň çaň bolar. Birine söz berseň, sözüňde durgun, Wepaly ýar üçin janyňy bergin, Tanamak isleseň, örän köp görgün, Bir göreňde ýagşy-ýaman deň bolar. Ýol bermegin gedem basyp adana, Alaç bolmaz yşk köwserin dadana, Duş bolaýsaň bir bolgusyz nadana, Günüň, hepdäň, aýyň, ýylyň jeň bolar. Garganarsyň käýinip öz-özüňe, Golam-goňşy gülüp geçer sözüňe, Mydam gamly, şatlyk gelmez ýüzüňe, Giçden ökünersiň, emma soň bolar. Bu dünýäde seýil etseň erkana, Başdaş bolsaň bir näzenin türkana, Özi bir asylly, bolsa görkana, Wagtyň hoşdur, tutan işiň oň bolar. Otuz bäşden geçip, ýetseň kyrkyňa, Nebsiň hem köpeler goýmaz erkiňe, Gaýrat gider, şikes ýeter görküňe, Sähelçe üşeseň, derdiň ýoň bolar. Garrylyk halyna ýetişse salyň, Göwnüňden göterler arzuw-hyýalyň, Guwanjyň çagalaň, güýmenjäň malyň, Aýşy-aşret, söýüşmeklik geň bolar. Altmyşda kuwwat ýok dogrymy aýtsam, Wah, ýene-de on bäşden bäri gaýtsam, Sapar aýdar, ahyr eýtsem-beýtsem, Damarda ýörän gan bir gün doň bolar. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |