00:16 Bu dünýä | |
SAPAR ÝOMUT Sapar Ýomut (Sapar Allaguly ogly) 1930-njy ýylda Garrygala etrabynyň Warkaz oba sowetine degişli ýerde dogulýar. Ýetginjeklik döwri etrabyň günbatarynda seleňläp oturan Doýran dagynyň töwereginde geçýär. 14-15 ýaşlarynda Gyzylarbatdaky FZO-ny (fabrik zawodskogo obuçeniýe) tamamlap, demir ýol zawodynda agaç ussasy bolup işe başlaýar. Soňra ykbal ony Garrygalanyň Gerkez obasyna getirýär. Ol orta bilimi Garrygalada alýar, soňra Aşgabatdaky gidro tehnikumy tamamlaýar. Sapar Ýomut Sumbar jülgesiniň ugrundaky iň gözel obalaryň biri bolan Durdyhan obasynda ýaşaýar, işleýär. Ençeme liriki şygyrlary döredýär. 2010-njy ýylda dünýeden ötýär, ony şol obanyň golaýyndaky gonamçylykda ýerleýärler. Onuň “Aşyk Sapar” atly dessany hem-de goşgular ýygyndysy 2013-nji ýylda “Sapar Ýomut” ady bilen özbaşdak kitap edilip çykaryldy. • BU DÜNÝÄ Jahyllyk çagyňda duman seriňde, Şatlykly, şagalaň, sazdyr bu dünýä. Gadyryň üýtgeşik baran ýeriňde, Gelşikli gelindir, gyzdyr bu dünýä. On bäş-ýigrimide joşgunly çagyň, Işleseň ýadamaz eliň, aýagyň, Göwräňe mynasyp görner syýagyň, Çyksaň daga-daşa, düzdür bu dünýä. Ýigrim bäş, otuzdyr gowusy ýaşyň, Damarlar saz işlär, agyrmaz başyň, Akylyň goýalar, giňeler döşüň, Pasyllarda bahar-ýazdyr bu dünýä. Kyrk bäşde, ellide başlarsyň gowşap, Muňa-da kaýyl bol, ýatmasaň lagşap, Bir günem gidersiň suw kimin çagşap, Adam üçin ahyr buzdur bu dünýä. Göz kütelip, dişiň gutar altmyşda, “Altmyş gowy eken” diýrsiň ýetmişde, “Şeýleräk, şeýledim” diýseň geçmişde, Ynanmazlar, ýalan sözdür bu dünýä. Deň-duşuň azalar, gararsyň daşyň, Ýel çalsa ýoňlarsyň, agyrar başyň, Daralar, gysylar giňelen döşüň, Oýunçydyr, oýunbazdyr bu dünýä. Ýetmiş bäşde el-aýagyň gurulşar, Biliň agyrlydyr, dyzlaň syzlaşar, Ýaňaklar ýygrylyp, deriň bürülşer, Diýrsiň: “Geçdi ömrüm, tizdir bu dünýä”. Segsene ser ursaň, ysgynyň gaçar, Allam bilniksizden bendesin biçer, Ýatkeşlik ýat bolar, başdan huş göçer, Iýmişi ýetişen güýzdür bu dünýä. Sapar diýr, Allahym, ýatlasam sizi, 90-na ýetirmän ýygnawer bizi, Gözümiz saýgarsyn dag bilen düzi, Näçe ýaşasaň-da azdyr bu dünýä. | |
|
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Sen meniň alma-narymsyň / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |