22:29 Billeriñi | |
BILLERIŇI
Goşgular
Ýene gül ýüzüňi görsem, Seýran etsem illeriňi. Seniň bilen döwran sürsem, Tirsem täze gülleriňi. Sensiz meniň halym harap, Ýanyňa barsam ýol ýöräp, Ap-ak alkymyňa garap, Gyssam näzik elleriňi. Gül ýüzüňi görsem doýup, Agzym dodagyňda goýup, Görmäweri muny aýyp, Sorsam şirin dilleriňi. Aýlansam baş-aýagyňdan, Gözleriňden, gabagyňdan, Posa alyp ýaňagyňdan, Ýassansam ak gollaryňy. Sapar aýdar, ýandy janym, Saňa gurban damja ganym, Ala gözli Aý – Soltanym, Guçsam inçe billeriňi. Sapar ALLAGULYÝEW. | |
|
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Taýlar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |