11:46 Juma Ýazmyrat | |
JUMA ÝAZMYRAT
Goşgular
Radio oýunlaryny goýmagyň ussady Juma Ýazmyradyň «Soňky tüýkülik sakgal ezmez» (Ýusup Berdiýew) oýnuny goýanda ýazylan goşgy Birdenkä aşyk bolup, bir ýylgyryp bakanda, Taksi saklajak bolup, çapak çalyp bökende, Bessir örgökden geldi bukjasyny dökende, Öz öýne myhman bolup Çörli gapy kakanda, Boldy gaýgy-gamlardan azat Juma Ýazmyrat. Ýalandan serhoş bolup bazzyk-buzzuk geplände, Bessir gelniň köýnegin bildirmänjik eplände, Bazarda satyşdyryp söwdadan pul toplanda, «Kim serhoş?» diýp gaharly söýgülsini ýeplände, Diýmeseňem diýdirjek «Bezzat Juma Ýazmyrat». Edil öýlenen güni pul tapmany neresse, Hakla tarap ugrady, ýuwaşdan assa-assa, Ýüz-müň dürli dil tapyp, ýylgyryp myssa-myssa, Hakly sürmäni çekdi, pul çykdy desse-desse, Onluk alyp öwrüldi, nazat Juma Ýazmyrat. «Soňky tüýkülik sakgal ezmez» diýse diýsinler, Sabyr eje, Bessiri goý öwseler öwsünler, «Din» ornuna «dil» diýýär Maksat jana gülsünler, Eger Serdar bolmasa nähil oýun goýsunlar, Onsoň neneň diýmejek «Ussat Juma Ýazmyrat». | |
|
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |