11:25 Dünýe sen | |
DÜNÝE SEN
Goşgular
Özüňden öndürip dürli zerleri, Adamzadyň erkin alan, dünýe sen! Adam ata, Aly ýaly ärleri, Gapgaryp goýnuna salan, dünýe sen! Ýadamarsyň pyrlanyp hem aýlanyp, Ahyr ýoluň salarsyň sen dolanyp, Erenlerden ýüz ýigrim ýaş dilenip, Alan Göroglyny çilen, dünýe sen! Dünýe, saňa näçe merdanlar geldi, Şat bolan bolmady, barysy soldy, Magtymguly hemme syrlaryň bildi, Şonuň hem yzyna galan, dünýe sen! Pany dünýe, saňa diýjek men loly, Köpleri gapgardyň, bolmadyň doly, Äleme tanymal Rüstem Zaly, Habarsyz, hatyrsyz güýlen, dünýe sen! Kimsäni aýyrdyň dogan-gardaşdan, Kimi söýgüliden, kimi syrdaşdan, Niçäniň gözüni doldurdyň ýaşdan, Köpleriň bagryny dilen, dünýe sen! Ilki gurluşyňy göwne getirsem, Senden ötenleri sanap otursam, Hiç gutarmaz bütin ömrüm ötürsem, Ýakasyn tanadan ýalan, dünýe sen! Akly bolan gulak goýar sözüme, Geň-taň bolup serederler ýüzüme, Şahyrçylyk islemeýän özüme, Jesetde jigerim dilen, dünýe sen! Ne gaýgyly galar, ne-de bigamy, Ahyr bir gün talh eýlär sen tagamy, Enem-atam diýsem, eziz agamy, Ýigrimi üç ýaşda alan, dünýe sen! Içimden geçirdiň gyzgyn ýalawy, Adamzadyň bolmaz eken gylawy, Bähelke ýegeni, tiräm garrawy, Gylawmyň badyny ýolan, dünýe sen! Ýylba-ýyldan artar gaýgy bilen gam, Yzyndan ýetdirer bu sanalgy dem, Geçmeýin galmarys, geçeris biz hem, Gezekli nobatyn bilen, dünýe sen! Adamzadyň bu dünýäge gelenin, Gözledim, tapmadym hiç bir gülenin, Nebsi artar, duýman galar ölenin, Şolara keýp edip gülen, dünýe sen! Bu zatlar gybat däl, hakyky hakdyr, Bu günki göreniň ertiri ýokdur, Sapar aýdar heniz ýoluň yrakdyr, Köpleriň soňuna galan, dünýe sen! | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |