11:18 Daglar | |
DAGLAR
Goşgular
![]() Saba bilen saňa çyksam seýrana, Al-ýaşyl öwüsgen, lybasly daglar. Tämiz howaň gaýrat getir bu jana, Düşegiň halyly, palasly daglar. Dürli-dümen güller ysy saçylar, Seni görse gamgyn göwün açylar, Gawun-garpyz, bugdaý-arpa eçiler, Saňa zähmet çekseň, yhlasly daglar. Mart aýy sowulyp geçse sowugy, Garlar eräp, şaglap akar bulagy, Dürli dilde saýrar sülgün-towugy, Tilkili, towşanly hem barsly daglar. Dereleňde üzüm, hozuň, naryň bar, Maý aýynda çür depäňde garyň bar, Iýmişiň bar, injiriň bar, baryň bar, Şir-peleň gaplaňly, ýolbarsly daglar. Gurugoldan geçip ýetseň Miwede, Käkilikler saýraşarlar gaýada, Temençi, Akbulak salkyn saýada, Ýigitli, oturyşly, meýlisli daglar. Çopanlar mes bolup atlaryn çapar, Üstüňden boz maral, jerenler geçer, Bu sözi aýdandyr joş bolup Sapar, Wepaly, sapaly, paýhasly daglar. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |