02:19 Suw | |
SUW
Goşgular
![]() Tebigat eçilen bir oňat zady, Ýaşaýyşda zerur zadyň biri suw. Gordurar daglary, daşlary bady, Sil gelende iň zorlaryň zory suw. Şahyrlar wasp edýär hemme zatlary, Gelini, gyzlary, bedew atlary, Bugdaýy, pagtany, jöwen otlary, Şolaň bary seniň bilen diri, suw. Atalar aýdypdyr suwuň damjasy, Barabar diýipdir zeriň dänesi, Damjalar birigip pagta hanasy, Hemme hasyllaryň penakäri suw. Bir gün suwsuz maly sen suwa ýak-da, Aklyňda aýlap gör şol suwa bak-da, Pikirlenip goşgy ýazsam sen hakda, Näçe düzsem azdyr setirleri suw. Seni deňäp bolmaz çala ýa bala, Elbetde, artyksyň müň esse ýola, Isripsiz tutulsaň pagtaly gola, Emele getirsiň altyn-zeri, suw. Ýaşaýyşda hökman diýsem howany, Gün, suw şonuň ýaly ýokdur gümany, Ýadaw bedenleriň güýçli dermany, Çaýlaşaňda akdyr burçak deri suw. Seniň aşygyňdyr köp gezen çölde, Arylar baş eger gezse-de gülde, Jaýlaşanda howdan, deňiz ýa kölde, Diýdirersiň hemme zatdan dury suw. Garagum derýasyy suwuň eýesi, Hanhowuzdyr howdanlaryň seresi, Alkyş aýdyp keýik, gulan sürüsi, Saňa geler guşlar süri-süri, suw. Dagyň bar ýerinde bardyr gaýasy, Gyrasy baglydyr, salkyn saýasy, Garrygala iliň Sumbar derýasy, Bol-elin eçilýäň alma-nary, suw. Deňizler, derýalar – suw adyň oňat, Sapar söz diýdimi waspyňa galat, Näçe ýyldyr häsýetiňe men belet, Tamamlaýan sen hakdaky güri, suw. Sapar ALLAGULYÝEW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |