21:11 Ýaşlygymyzyň şaýady | |
ÝAŞLYGYMYZYŇ ŞAÝADY
Goşgular
Seret, ikimizem talapdyr ýyllar, Ýüzüňde gasyn bar, mende-de bar ol. Ýaşlygmyzdan bir üýtgeman galan zat, Bir çak ikimizi penalan baglar. Ah, şo baglar, Ah, şo baglar diýsene, Ýatlamasy ýatdan çykmajak döwrüň. Ýeketäk şaýady şol goýry baglar Intizarlyk bilen çekilen şöwrüň. Gasyn goýan bolsa maňlaýda ýyllar, Wagt geçer, Ýyllar bizi garradar. Hyýallar kütelşip, ýaş geçdigiçe Ýatlamalarsyzam tapars bir mydar. Emma biziň asla ýatdan çykmajak, Ýöne ýatdan çykarylan çagymyz Galar şol baglaryň şahalarynda, Ýaşyl ýapraklarda galar adymyz. Çünki biziň obamyzda söýginiň Ömürlik düşlegi şol baglaň goýny. Şoň üçin hemişe juwan bu baglar, Şoň üçin hemişe bu baglar goýry. 29. 09. 2011 ýyl | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |