"ÝAŞLYK DRAMASYNYÑ" GAHRYMANYNA
Ol jahandan gitdi garrap ýetişmän,
Öýi ýas baglady, hasrat bürendi.
Gaññalyñ oýunda içini tutup
Ýetim galdy bagty ýatan toraññy...
Kyrk ýyl ozal bagty çüwen toraññy,
Aglap galdy. Biz gez çökdi Gaññaly.
Aglady adamsy, obasy, öýi:
"Bu dünýäde onsuz nädip oñmaly?!"
Ol gözeli görmese-de kän adam,
Bilmese-de adresini, adyny,
Ýetende gulagna bu ajy habar,
Ýitiren dek boldy öz zürýadyny.
Ýyllar ötdi... Adamsy-da, öýi-de,
Tanyşlar-da ýuwaş-ýuwaş köşeşdi.
...Ýyldyrym urana meñzedi şahyr.
Ähli hasrat onuñ gerşine düşdi.
Ýerleriñ yranyp diñişi ýaly,
Bu dert dura-bara ýürege çökdi.
Möññüripler aglap bilmäni üçin,
Diñe iñrik çagy baýyra çykdy.
Emma ne baýyrda karar tapdy ol
Ne depede. Gitdi añryk daglara:
"Aglasañ-da,
arzyñ - baýyrlara däl,
Depä-de däl, daga aýdyp aglasañ!.."
Daglar az-kem köşeşdirdi ýüregni,
Ýöne ýürek ýene gitdi ýarsgynna.
Içiñds hemişe ýerler yransa ~
Setirleñde on ball bolar sarsgynlar.
Durmuşdyr, elbetde, diñersiñ ahyr,
Bir görseñ ýene-de ýedi ýa bäş ball.
...Hawa dost ball bilen ölçelýän ömür
Tapdyrýarka başga ömür derkar däl.
* * *
Ýigrenjiñe tarap çuñluga gitseñ,
Garagyñ gapylar,
ýüregiñ kirlär.
Buýsanjyña tarap çuñluga gitseñ,
Ynsabyñ depäñde baýdak dek parlar.
Şöhratyñ tarap çuñluga gitseñ,
Dolap-düýrläp alyp gider akymlar.
Gaýratyña tarap çuñluga gitseñ,
Hak söze ýetersiñ ömür atylmaz!
Zeýrenjiñe tarap çuñluga gitseñ,
Gurarsyñ çölleriñ kaklary ýaly.
Sen Söýgiñe tarap çuñluga gitgin ~
Ýüz ýyllyk çynarlañ kökleri ýaly.
Baýram JÜTDIÝEW.
Goşgular