22:07 Ýaýlam | |
ÝAÝLAM
Goşgular
Ýyldyrymlap otly golun bulaýlap, Ýaýlanyñ üstünden at salyp barýar. Sährañ gözýetimin al şapak ýalap, Baýyrlar elwandan ýasalyp barýar. Eziz düzlerime hiç wagt öçme ýok, Gujagynda mukam ýaýnar, gyz gezer. Bir seretsem, maña meñzeş ekeni Bu eziz säherler, bu eziz düzler! Çalyp otyr mukamlary, owazy, Hüýr gyzlaryñ suwa gelýän güzeri. Täzeleýär ýaşaýşymyñ gül ysy Hydyr gören gadym Wasyñ düzüni. Mydam tamdyr ýaly howurly, Gumum! Aýlanaýyn, seniñ ap-ak çägäñden. Geçmişim, dowamym, şu günüm sensiñ, Söýýän seni, geçip käte çägimden. Çöle siñip barýar yrsgalyñ piri, Ýene-de şemler deý ýanýar bu baglar. Diri men, diri men, diri men, diri, Ýalkym atsa, şu gözýetmez ýaýlalar! Hemra HAÝTJANOW. | |
|
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Dostum, älem seniň çün olar duşman maňa... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |