20:53 Bedewler | |
Kyssadaky goşgular
Hekaýalar
▶ BEDEWLER Gülli baýyrlaryñ üstünde gylýal sürüsi görünýär. Olar daşdan seretseñ, uçup gitjek guşlara meñzeýärler, gaýnap, çogup duran maýsaly meýdanlara, suwa barýan gyzlara meñzeýärler. Olaryñ gaýmak deý aýaklary ýere degmeýän ýaly. Howada gaýyp ýören perişdelere meñzeş gyr bedewler, uz bedewler, dor bedewler, ýaz bedewler... Olaryñ aýaklarynyñ owazy asyrlary ýaryp çykan ýañ, ahy-nala, ýörişleriñ dabaraly heñi bolup eşidilýär. Bedewleri göreniñde, heniz ellenmedik güller ýaly näzik, mylaýym mukamlara batyp oturan Aziýa, gadymy, gözel gyz deý Aziýa, mähriban, eziz Ata ýurt, sähraýy türkmen obasy, Watanyñ million ýürekli aýdymlary, gözýetmez ýaýlalar ähli bezegi, gaýgysy-aladasy, şöhraty-şany, ahy-nalasy, geçmişi, geljegi bilen bir pursat göz öñünde janlanyp gidýär, pederleriñ öçmez ruhy bedewlere siñip gaýdyp gelen ýaly bolýar, tamdyra, tamdyr, ojat otly ojak bedewleriñ göwsünde lowurdap, Gün bilen bäsleşip duran ýaly bolýar... Keteniniñ bozgunç ysy burnuma urup, duýgularyñ däli, serhoş bolup, kalbyñ dilli tüýdüge öwrülip, owazlaryñ ajabyny janyña goşup çalyp başlaýar. Baýyrlaryñ üstündäki bedewler... Säherleriñ ak süýdi siñen näzli mukamlar deý mylaýym, ýeller deý öwüsýän, söýgi deý gözel, gelin deý owadan, dünýä deý baky, daglar deý beýik, guw ganatly, ak öý deý imrindiriji, ýar gujagy deý sapaly, umman deý giñ, guşlar deý uçup barýan perişde bedewler, ak gyz bedewler... Baýyrlaryñ üstündäki bedewler... Gumly, sähraly, Arşly, dagly, düzli bedewler, eşidiñ! Size ynsanyñ ýürek ýagy siñipdir, gözýaşy damypdyr, söýgüsi janyñyza ornapdyr. Ynsan söwer ýaryna, wepadar hemdemine deñäp, gözüniñ göreji ýaly görüpdir. Ynsan sizi ajy deri, Aýyñ parçasy, güneşiñ eýerleri, gözýaşlary, säheriñ çygy, dirilik suwy, sähra gülleriniñ baly bilen ýuwupdyr. Ynsan size suw deregine bal, ot deregine gül, ýumurtga berip, guş çagasyny saklan ýaly, gözlerinden suw içirip, bedeniñizi günde müñ gezek sypalap, bagtyna baş, öýüne tug, depesine täç edip, ogul-gyzyndan, janyndan ileri görüp saklapdyr. Şonuñ üçinem, siz million öwsüp, gelin kürtesini ýada düşürip, pynhan duýgulary elendirip, gyz alkymyny, ýakymyny dünýä çaýyp dursuñyz, behişdiñ hüýri bedewler, ynsanyñ ýary bedewler, säheriñ agy bedewler, ýürekleñ ýagy bedewler! Hemra HAÝTJANOW. | |
|
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |