17:02 Mähriban çaga / hekaýa | |
MÄHRIBAN ÇAGA
Hekaýalar
Aýgözel ýene-de agyraýakdy. Onuň üç ogly, üçem gyzy bardy. Indi ýedinji çaga garaşýardylar. Jigisi Jeren bolsa perzentsizlikden kösenýärdi. Durmuş guranlaryna on ýyldan köp wagt bolan bolsa-da, Jereniň entek çaga ýüzi düşmändi. Lukmanlar bilen maslahatlaşyp, dürli emleri hem edip gördüler. Ýöne hiç bir netije ýokdy. Jeren gündiz syr bildirmese-de, işe güýmense-de, gijelerine onuň üçin örän kyndy. Gijelerine ýassygy öl-myžžyk bolardy. Biribardan perzent diläp-diläp, indi bar umydyny üzere gelipdi. Perzentsizlik derdi onuň üçin bu ýagty, giň jahany hem dar edýän ýalydy. Hemişe, gyz döwründe, gelinliginiň ilkinji ýyllarynda gözüni ýumsa, daň atýan, uzak gije bir minut ýaly bolup geçip gidýän gelin üçin indi gijeler ýyla dönýärdi. Ýanýoldaşynyň göwünlik berip aýdýan sözlerem onuň göwnüne aramlyk berenokdy. Uzak gije uklaman, daňdanlar uka gidip, görýän düýşlerine, köplenç, perzent, aglap duran neresse çagajyk girerdi. Onuň göwnüne, çagasy dünýä inip, ol hem bir deňziň aňyrsynda ýeke özi galyp, kömek sorap, bütin dünýäni ýaňlandyryp: «Eje, eje! Meni ýeke goýma! Sen nirä gitdiň?! Men bu ýerde üşeýän. Gorkýan. Bu ýerler sowuk, garaňky. «Seni ýeke goýmaryn» diýipdiň-ä! Ýe- ke goýjak bolsaň, näme üçin dünýä inderdiň? Men üşeýän, gorkýan. Aglamakdan ýaňa, sesim gyryldy» diýip gygyryp duran ýalydy. Ähli ýerden çaga agysynyň sesi gelýän ýalydy. Bu sese onuň ýüregi gyýym-gyýym bolýardy. Jeren ýygy-ýygydan şeýle düýşleri görýärdi. Her gezegem perzendine ýetip bilmän geçerdi. Düýşünde perzendi deňziň, dagyň, baýyrlaryň aňyrsyndan bir ýerlerden kömek sorap, oňa elini uzadardy. Ýeke-täk ondan goldaw sorardy. Jeren hem oňa elini ýetirjek bolup, näçe jan etse-de, janyny üzüp elense-de, hiç ýetmän geçerdi. Käbir gezekler düýşünde perzendine golaýlaşýan ýagdaýlary hem bolýardy. Ýetdim-ýetdimde, ýa perzendi dumanlaryň aňyrsynda bir ýerlerde ýitip gidýärdi, ýa'da hopugyp, öz sesine gözýaşlara boglup oýanýardy. Düýşünde ýeke gezek hem öz perzendiniň elinden hem tutup görmändi. Bu düýş- ler ony uzak gije horlaýardy. Käbir gezekler düýşünde: «Wah, balajygym! Ine, ýetdim. Ýene-de ýeke sekunt garaşsaň, seni gujagyma gysaryn. Şondan soň biz hiç wagt aýralyk derdini çekmeris. Ikimiz baky bagtyň eýesi bolarys. Sen üşemersiňem, horam bolmarsyň. Seni öz mährim bilen çoýaryn. Men seni öz ganatlarymyň astynda, ýelden-günden gorap saklaryn. Garaş, balajygym, garaş! Maňa garaş! Ine, ýetdim, ýetdim!» diýip gygyryp, öz sesine oýanýardy. Şonda bolup geçen wakalaryň ählisiniň düýşdügine düşünip, örän agyr ahwala düşerdi. Dünýä onuň üçin ähli gyzygyny gaçyran, ters düňderilen ýaly bolýardy. Bu wakalaryň ählisiniň düýşde bolup geçýändigine gynanjyndan ýaňa, ýüregi gyýym-gyýym bolýardy. Ýene-de perzentsizliginiň ahy-nalasy, ejiri ony gysyp-gowurýardy. Ol şol pursatlarda özüne bu giň dünýäden ýer tapmazdy. Kalbynyň çekdirýän ejirinden iki bükülýärdi. Öýe sygmazdy. Ol çekip-çydap bolmajak ejirleri başdan geçirýärdi. Ýöne, «Adam başy, daşdan gaty» diýleni. Ýene-de, ahyrsoňy, daň atýardy. Jeren ýene-de hojalyk işlerine güýmenýärdi. Gijeki başdan geçiren wakalaryny unutjak bolup, elinde baryny edýärdi. Bu ýagdaý indi birnäçe ýyldan bäri dowam edýärdi. Jereniň indi iki durmuşy bardy. Olaryň biri gündizki durmuşdy, beýlekisi agyr düýşlerden, oýlanmalardan, ejirlerden, gözýaşlar- dan doly gijeki durmuşdy. Näme-de bolsa, gündiz iş-alada-lar bilen güýmenip, wagtyňy geçirmek ýeňildi. Gündiz Gün hem, onuň saçýan şöhlesi hem, iş hem hemaýatkärdi. Nämedir bir zada güýmenip, wagt geçirip bolýardy. Gijeki durmuş bolsa Jereni gysyp-gowrup barýardy. Ol perzendi çäksiz küýseýärdi. Perzent bilen baglanyşykly düýşleri ýygy-ýygydan görýärdi. Her düýşden soňra-da agyr ahwaly başdan geçirýärdi. Perzentsizlik ejiri ony şeýdip, hemişe igeläp ýördi. Gijelerine perzent küýsegi oňa bir pursat hem ynjalyk bermeýärdi. Ol bu ýagdaýdan çykalga tapman kösenýärdi. Tutuş gijeleri özüne perzent diläp, dileg edip geçirmäge endik edipdi. Mahal-mahal onuň gulagyna hyýalyndaky perzendiniň gülýän, aglaýan, kömege çagyrýan sesleri gelerdi. Şeýle pursatlarda ol has hem agyr ýagdaýa düşerdi. Ikiýana ýöräp elewrärdi. Näçe bildirmejek, syryny gizlejek bolsa-da, Jereniň çekýän ejirlerini Aýgözel aňýardy. Näme üçin aňmasyn?! Jeren onuň süýtdeş dogany ahyryn. Aýgözel, üçünji perzendi dünýä inenden soňra, indi perzendi sag-aman dünýä inse, indiki çagasyny Jerene bermek, onuň ýüküni azda-kände ýeňletmek barada netijä gelipdi. Bu niýetini adamsy bilen hem maslahatlaşypdy. Ýanýoldaşy hem muňa garşy däldi. Ýöne ol maksadyna ýetip bilmän gelýärdi. Şondan soňra onuň ýene üç perzendi dünýä indi. Ol her gezek hem dünýä injek çagasyny jigisi Jerene bermek barada pikir edýärdi. Çaga dünýä inip, ony eline alandan soňra, bar wadalaryny unudýardy-da, bagryndan önen, dünýäde iň uly gymmatlyga eýe bolan perzendini jigisine bermekden bütinleý ýüz dönderýärdi. Ähli özüne beren sözlerini unudýardy. Enelik söýgüsi ähli zatdan üstün çykýardy. Ak guş ýaly bolup, dünýä inen perzendi onuň üçin dünýäniň ähli gymmatlyklaryndan, baýlyklaryndan gymmatlydy. Ondan jyda düşjekdigini bolsa ol göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. Ýogsam ol her gezek ýene-de perzendiniň dünýä injekdigini duýan badyna: «Şu çagajygym sag-aman dünýä inse, hökmän jigime bererin. Onuň çekýän ejirini, perzentsizlik zerarly çekýän azaplaryny azda-kände ýeňlederin. Onuň bagtly bolmagy üçin ähli zady ederin. Jigimden ýakyn kimim bar?! Onuň çekýän azaplaryny ýeňletmek meniň borjum ahyryn. Perzendim iki öýüň hem perzendi bolar. Bize-de gelip-gidip durar. Günde-günaşa ony görüp duraryn. Jigimi begendirip bilsem, näme armanym bar?!» diýip oýlanardy. Indi ol ýedinji çaga garaşýardy. Şu gezek ol dünýä injek perzendini jigisine bermegi berk ýüregine düwüpdi. Çün- ki ol jigisiniň çekýän ejirlerini her gün diýen ýaly duýýardy. Jigisiniň öňünde özüni hemişe borçly ýaly saýýardy. Şonuň üçin hem, jigisini begendiresi gelýärdi. Onuň bu dünýäniň şatlyklaryny duýmagyny isleýärdi… …Ine, wagty-aýy dolup, Aýgözeliň ýedinji çagasy hem dünýä indi. Onuň ýene-de ogul perzende gözi düşdi. Ony hem hiç kime beresi gelmeýärdi. Bir tarapdan, özüne beren sözi, beýleki tarapdan, ene söýgüsi ony gysyp-gowrup barýardy… Çaga dogrulýan öýden gaýdyp gelip, kyrk çileden çykandan soňra, adamsy bilen maslahatlaşyp, Aýgözel ogluny jigisine perzentlige berdi. Aýgözel şondan uzaga çekdirse, bagryndan önen perzendinden hiç aýrylyşyp bilmejekdigini duýýardy. Berse-de berdi, ýöne ýüreginden-bagryndan üzüp berdi. Näçe bildirmejek bolup ýylgyrsa-da, kalbynda harasat gopýardy. Jeren muňa begenip, guş bolup uçdy. Dünýädäki ähli arzuwlary hasyl bolana döndi. Aýgözeliň durmuşynda kyn pursatlar şondan soň başlandy. Oňa her gün ogly aglap, ejesini küýsäp duran ýaly duýulýardy. Ogluny ýekeje gün hem ýadyndan çykaryp bilmeýärdi. Ony her gün göresi, bagryna basasy gelýärdi. Gijelerine-de ogluny aglap duran halda düýşünde görýärdi. Özi hem aglap, ýassygyny öl-myžžyk edip, agyr hassa halda oýanýardy. Soňra gündiz hem eli işe barmaýardy. Aýgözel şol günlerde öz bagryňdan önen perzendiňi kimdir birine, iň ýakyn adamyňa-da bermegiň nähili agyrdygyny bütin kalby bilen duýdy. Özüni hemişe agyr hassa, bir agyr derdi, wakany, hadysany başdan geçiren ýaly duýup ugrady. Onuň üçin dünýä bar gyzygyny ýitiren ýalydy. Durmuşyň ähli şatlygy, lezzeti, eşreti şol eziz perzendi bilen goşulyp giden ýalydy. Dünýäniň bar şatlygy bir ýerlere uçup giden ýalydy. Hiç zat bilen hoşy ýokdy. Çagasyndan başga, ony bu dünýäde hiç zat gyzyklandyrmaýan ýalydy. Dünýäniň ähli manysy şol çagada jemlenen ýalydy. Indi çykalga ýokdy. Boljak iş bolupdy. Ediljek hereketler edilipdi. Indi Aýgözel perzendini yzyna sorap biljek däldi. Eger şeýle hereket etse, Jereniň ýagdaýynyň öňküdenem on esse beter- lejekdigini onuň kalby duýýardy. Onuň ýagty umytlara ganat geren dünýäsini, şatlyklardan, umytlardan doly dünýäsini öz eli bilen ýok etjekdigine düşünýärdi. Ýöne ogluny her gün görmese-de, agyr ruhy kesele sezewar boljak ýalydy. Ol ähli ýerde oglunyň keşbini görýärdi. Ogly hemişe kömek, goldaw dileýän ýalydy. Oglunyň sesi ähli ýerden ýaňlanyp duran ýalydy. Ogly hem öz çekişi ýaly ejir çekýän ýaly bolup duýulýardy. Şol günlerde onuň agyr halyny duýan adamsy Myrat Aýgözeli deňze dynç almaga äkitdi. Ol nädibem bolsa, Aýgözeliň çekýän derdini, ýüküni azda-kände ýeňletjek bolýardy. Oňa göwünlik berýärdi. …Deňziň kenaryna gelip, gije gezelenç edip ýörkäler, bir ýerlerden hem zenan nalasyna, hem çaganyň kömek, goldaw diläp zaryn aglaýan sesine meňzeş ses deňziň jümmüşinden eşidildi. Bu sese Aýgözel tisginip gitdi. Bu ses onuň bar dünýäsini elendirip gitdi. Kalbyna nämälim, howsalaly duýgular aralaşdy. Bu sesi oglunyň sesine meňzetdi. Ol: — Bir ýerlerden çaganyň aglaýan sesi gulagyma eşidildimi?! Ýa-da bu meniň göwnümemikä? Göwnüme bolmasa, çaganyň aglaýan sesi zenanyň nalasyna goşulyp gelýän ýaly. Soňky döwürler hiç zady geň göremok. Ähli ýerden oglumyň sesi gelip duran ýaly. Ýa çyndanam şol ses ýaňlandymyka?! Men bir agyr düýşde ýaly. Bir alasarmyk ýagdaýy başdan geçirýärin. Senem eşitdiňmi? — diýip, adamsyna ýüzlendi. Şonda Myrat: — Ýok, bu göwnüňe däl. Bir görseň, zenan nalasyna, bir görseňem çaganyň zaryn sesine meňzeş sesi menem eşitdim. Bu çagasyny ýitiren deňiz haýwanynyň sesi bolaýmasa. Deňiz haýwanlarynyň içinde öz çagasyny ýitirende, şeýle ses çykarýanlarynyň bardygyny bir kitapda okapdym. Bu ses şol deňiz haýwanynyň sesi bolaýmasa — diýdi. Bu ses Aýgözele erbet täsir etdi. Derdiniň üstüne dert goşdy. Ol ýene-de gaýgy-gussadan, agyr oýlardan ýaňa özüne ýer tapmady. Deňizde bir pursat hem durasy gelmedi. Deňiz oňa perzendini ýatlatdy. Deňizden eşidilen nala bolsa onuň ýüregini gyýym-gyýym etdi. Öňki derdini çekip-çydap bolmajak derejä ýetirdi. Şonda ol göwsünden süýdüň dökülip, köýnegini ezendigini duýdy. Olar deňizden keýpsiz gaýdyp geldiler. Aýgözeliň haly öňküdenem ýaramazlaşdy. Ol indi hiç zat gürlemeýärdi. Onuň tutuş dünýäsini perzendi eýeläpdi. Oňa ähli ýerden öz balasyny ýitiren deňiz jandarynyň nalasy gelip duran ýalydy. Bu nala bolsa bagryndan ötüp, gysyp-gowrup, alyp barýardy. Bu nalada Aýgözel öz sessiz çekýän ejirleriniň yzasyny duýdy. Duýdy-da, sessiz aglap başlady. Onuň kalbyny hiç zat köşeşdirmeýärdi. Ony hiç zat gyzyklandyrmaýardy… Şol günleriň birinde Aýgözel ogluny küýsäp, öýe sygman, gije asmany synlap otyrdy. Asman durudy. Ýyldyzlar patrak ýalydy. Gygyrsaň, sesiňem şekili asmanda çekiljek ýalydy. Gözýetimde ýekeje bulut hem görünmeýärdi. «Süýt ýaly» diýilýän mahmal gijedi. Şemal ýokdy. Ähli zat edil suratda çekilen ýaly durudy. Imisalalykdy. Islendik hereket alyslardan görünjekdi. Aý aýdyňdy. Onuň şuglasy Ýere bolluk bilen düşüp durdy. Aýgözeliň gözi tutuş gözýetime ýaýrap gidýän, ak ümür ýaly bolup duran Akmaýanyň ýoly ýyldyzlar toplumyna düşdi. Bu ýyldyzlar toplumy gijä-de, dury asmana-da süýt reňkini çaýýardy. Aýgözel bu ýyldyzlary synlap oturyşyna, köşegini gözleýän Akmaýa hakyndaky ertekini ýatlady. Şol pursatda ýagty asmanda köşegini gözläp, süýdüni seçelendirip barýan Akmaýanyň keşbi Aýgözeliň gö- züniň öňünde janlandy. Ol şol pursatda enesini ýitirip elewreýän köşegiň hem, köşejigini gözläp, bagryny paralaýan Akmaýanyň hem düşen agyr ýagdaýyny, çekýän ejirlerini örän ýiti duýdy. Çünki öz ýagdaýy hem şolaryňka meňzeşdi. Özi hem şolar ýaly ejir çekýärdi. Özüne bu giň dünýäde ýer tapmaýardy. Şol wagt dury asmanyň bir ýerlerinden ýüzüp gelen akja bulut peýda boldy-da, adaja ýagyş sepeläp gitdi. Şonda, Aýgözeliň göwnüne şol ýagyş damjalaryna goşulyp, Akmaýanyň we köşejigiň gözýaşlary hem ýüzüne da- man ýaly boldy. Şol pursatda öz göwsünden hem süýdüň akyp, köýnegini ezendigini duýdy. Ol derrew öýe girmek bilen boldy… Şol gije Aýgözel: «Ýok! Men mundan artyk çydam edip bilmerin. Ertir Gün dogan badyna, jigim Jereniň ýanyna gideýin. Oguljygymy yzyna bermegini haýyş edeýin. Berermikä? Bermese, dyza çöküp ýalbaraýyn. Tä berýänçä, yzyma gaýtmaýyn. Belki, ol meniň ýagdaýyma düşüner. Belki, onuň maňa rehimi iner. Oglumy görmän, bir pursatlyk hem oňup biljek däl» diýip oýlandy. Öz pikirlerinden özi utandy. Ilki-hä öz eli bilen Jerene ogullyk berip, soňundan hem ony yzyna sorajakdygyndan utandy. Iki oduň arasynda galdy. Hiç çykalga tapman, urnup ýatyşyna, daňdanlar uka gitdi. Şol günüň ertesi Jeren ýylgyryp, gapydan girdi. Elinde ak guş ýaly bäbejik bardy. Neresse çaga myrlap, uklap ýatyrdy. Dünýäden bihabardy. Jeren gele-gelmäne, söze başlady: «Bilýäňmi näme?! Düýn düýş gördüm. Düýşümde sen bir tarapda gözýaş döküp dursuň. Beýleki tarapda dumanlaryň aňyrsyndan ýitiren köşejigini gözleýän Akmaýa görnüp gidýär. Üçünji tarapda bolsa, bir ak guş uçup gelip, şadyýan saýrap dur. Aýgözel, seniň çekýän ejirleriňi duý- dum. Şonuň üçin hem bäbejigi yzyna getirdim. Men ony enesinden aýra salyp biljek däl. Oňa enesinden ýakyn ynsan bu dünýäde ýok. Sen bäbejigi yzyna al. Göwnüme bolmasa, şol düýşümdäki saýrap duran ak guş maňa şatlyk habaryny buşlaýan ýaly. Meniň perzendim boljak ýaly. Şol düýşümdäki guş meniň kalbyma bir rahatlyk aralaşdyrdy. Kalbymda bir hili ynam duýgularyny oýardy. Sen kyn görme-de, çagany yzyna kabul et» diýdi. Aýgözel bir pursat doňup galdy. Şunça günläp kalbynda göteren ejirleri gözlerinden ýaş bolup döküldi. Şonda-da perzendini bagryna basmaga çekindi. Jereniň oňa ýalbaryp aýdýan sözleri ony özüne getirdi. Gözlerinden bolsa, umydyňmy, teşneligiňmi, begenjiňmi gözýaşlary yzy üzülmän dökülip durdy. Ol mähriban perzendini täzeden dünýä inen ýaly bolup, bagryna basdy. Çaganyň ýaňajyklaryny bolsa gözýaşlary ýuwdy. Bir pursatda Aýgözel ähli derdini, çekýän ejirlerini unutdy… Şondan birnäçe aý geçenden soň, Jeren ýene-de Aýgözeliň ýanyna geldi. Aýgözel ony görüp, ýene-de gama batjak boldy. Ýene-de ogly soralaýjak ýaly göründi. Jeren ony duýan ýaly: — Aýgözel men saňa bir şatlykly habary aýtmaga geldim. Ýaňy-ýakynda lukmançylyk barlagyndan geçdim. Biz çaga garaşýarys. Arşdaky dilegim ýerde gowuşdy. Şony saňa buşlaýyn diýip geldim. Begenjimiň çägi ýok. Ähli arzuwlarym hasyl boljak. Şoňa çäksiz begenýän. Begenjimi seniň bilen paýlaşaýyn diýip geldim — diýdi. Doganlar tolgunyp gujaklaşdylar. Olaryň ikisiniň hem gözünden ýaş akýardy. Ýöne bu gözýaşlar şatlyk gözýaşlarydy, bagt gözýaşlarydy. Hemra HAÝTJANOW. | |
|
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |