09:04 Ýazyjy, dramaturg Kömek Kulyýew bilen söhbetdeşlik | |
ÝAZYJY, DRAMATURG KÖMEK KULYÝEW BILEN SÖHBETDEŞLIK
Söhbetdeşlik
Halypa ýazyjymyz, dramaturgymyz Kömek Kulyýew bilen gaýybana tanyşlygym biraz irräk wagtlardan başlanan-da bolsa, ýüzbe-ýüz görüşmek nesibäm bu güne ýazylan eken. Halypa ýazyjy bilen Türkmen döwlet medeniýet institutyndaky duşuşygymyz salam-helikden soňra dessine edebiýata ýazyp gitdi. Men Kömek aga gabatlaşsam soraryn diýip, ýyllarboýy aňymda göterip gelen sowallarymy «ýagdyryp» başladym. Sowallarymyň galabasy edebiýatyň esasy meseleleri däl-de, Kömek aganyň şahsy döredijiligi dogrusynda boldy. — Kömek aga, söhbetimizi edebiýata gelşiňizden başlaýaly. — Ýaşlygyň ýelginine goşgy ýazmadyk ýok diýen ýaly. Menem ilki-ilkiler, kän ýyllap goşgy bilen «gidişdim». Bir topar goşgym çap bolup çyksa-da, umuman, bu «gidişikde» ullakan bir alan galam bolmady. Kyssa žanry bolsa şo döwürde meniň göwnüme, irnigräk, ýöntemräk, gönümelräk bolup görünýärdi. Uniwersitetde okap ýören döwrüm ýazan «Dost gözleginde» atly ilkinji kiçijik hekaýamy şahyr dostum Guldurdy Sähetdurdyýewe okatdym. Ol şo wagt eýýäm «Pioner» (häzirki «Güneş») žurnalynda bölüm müdiri bolup işläp ýördi. Guldurdam ol hekaýany žurnalyň jogapkär kätibi, şahyr Azat Rahmanowa okadypdyr... Ynha, bir gün görsem, žurnalda ýaňky hekaýam «ýalpyldap» dur. Dogrusy, o wagtlar şojagaz hekaýanyň yzy başga bir ýola sapyp gider-de, meni kyssa diýilýän özboluşly bir dünýäniň bosagasyndan elter diýlen pikir ýatsam- tursam oýumda ýokdy. Onda-da, birazajyk gylawlanyp, yzly-yzyna hekaýajyklar ýazyp ugranym ýadyma düşýär. Galyberse-de, Türkmen döwlet uniwersitetini gutaryp-gutarmankam, «Edebiýat we sungat» gazetine işe çagyrylmagym, onda-da, proza bölüminde işlemegim meni kyssa žanryna has-da höwrükdirdi. Bu abraýly gazet, şo wagtam ýazyjy-şahyrlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň özboluşly merkezidi. Hydyr Derýaýew, Beki Seýtäkow, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow, Gylyç Kulyýew, Baba Annanow häli-şindi redaksiýa gelerdiler. Olaryň gürrüňleri, hat-da degişmelerem, aglaba, döredijilik dogrusynda, edebiýat we sungat täzelikleri hakda bolardy. Bir ýaş ýazyjynyň ýa şahyryň gowuja eseri gözlerine iläýse-de, şony ýöriteläp, nygtap aýdardylar... Günleriň bir günem, şol wagtky «Magaryf» neşirýatynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nury Baýramow neşirýatyň redaktory, şahyr Hemra Şirowy ýanyna çagyryp, meniň şol «Dost gözleginde» atly hekaýajygymy görkezipdir-de, «Hemra, şu oglany tap-da, gürleş, başga ýazan zatlaram bolsa, ýygnap getirsin... Öz-ä, birhilijek, şirelije dil-ä bar...» diýipdir. Şeýdibem, neşirýatyň «Ilkinji ädimler» tapgyrynda şol «Dost gözleginde» ady bilen ilkinji kitapçam çap bolup çykdy. Onsoň, yzam gidiberdi şeýdip... — Döredijilik mirasyňyz näçeräk bar. Olardan okyjylaryň tapgyr-tapgyr nesilleriniň derdine ýarar diýip çaklaýanlaryňyz? — San taýdan-a ep-esliň ýarysy bardyr. Ýöne olaryň haýsy hekaýa, haýsy däl — ony entek aýtmak kyn. Men-ä «Şular-şular bir derde ýaraýsa gerek!» diýsem, olaram soňraky gün hiç derde ýaramasa, şonda ber habaryňy! Ýöne, her niçik bolanda-da, şol eserleriň hemmesem seniň «gara bagryňdan önen» perzentleriň. Perzendiňem birini söýüp, beýlekisini öweýsiredip bolmaz-a! — Döredijiligi taşlamak diýen pikir, ruhdan düşen pursatlaryň boldumy? — Muny taşlab-a bolanok. Ýöne ýazybam bolmaýan mahallary bolýar. Galamyň diýeniňi edenok. Şonda bir sütün bagşynyň «Baý, bir bahylmyşdyg-ow şu agaç!» diýen sözleri ýadyňa düşýär. Şeýle ýagdaý başgalarda-da bolsa bolýandyr. Bu hakda ussat ýazyjylaryň biriniň aýdan sözi bar: «Ýazýan wagtyň, gaty uly güýç-gaýrat gerek. Emma ýazylmaýan wagtlary ondanam kän esse uly gaýrat, mertlik zerur». Ine, şol wagt şeýle mertlik bolmasa, ýoluňy urdurmagyň, başga-başga ýerlerden ylham gözlemegiň ähtimal. Ylham diýlenem bir ynjyk, sarç mal ýaly bolarly. Ýa-da bir tapmaça bar: «Gel diýsem, gelmez, «gelme» diýsem — geler». Tapmaçaň jogabyny köpler bilýändir. Ýöne käte şoňa «Ylham» diýip jogap beresiňem gelýär. Onuňam gylygy şeýle: ýörite boş wagt peýläp, bir zatjagaz ýazjak bolup oturýaň welin, edil şo wagt ýere girýämi ýa asmana uçýarmy, ýok-da şo ylham. Soňra bir günem işiň başyňdan agdykdyr, bir depäň-bir dabanyňdyr, ine, şo wagtam ýazasyň gelýär. Şeýle «gurak» gelýän günleri, döwürleri her kim bir ýol bilen ýeňýändir. Men-ä şonda aldygyna gowy eserleri okaýan, gowy gürrüňleri, gowy aýdym-sazlary diňleýän. Başgaça aýdanyňda, täzeden silkinmek üçin güýç toplaýaryn. Şonda öndümli ýazýan ga- lamdaşlaryma dogrusy, gözüm gidýär. Käte-käte özüňden göwnüň geçme duýgusy, bir tarapdan, gaty bir zyýanlam däl. Şol duýgy adamyň aýagyny ýerden üzdürmeýär. Mydama öz-özüňden hoşal bolup ýörseň, ana, şol erbet... — Haçan özüňizi ýazyjy duýduň? — Özüňi ýazyjy duýmak meselesem üýtgemän bir durkuna durýan zat dälmikä diýýän. Edýän işiň, ýazýan zadyň ugrunaka, galamyň pikiriňden öňe düşüp «ylgaýarka» senden bagtly, senden ezber ýazyjy ýok ýaly. Emma, ynha, galamyň kürtdürip, ýokardaky aýdylan «gurakçylyk» başyňa düşende welin, özüňi ýazyjy-ha däl, iki sözüň başyny çatyp bilmän oturan täze öwrenje ýaly duýýaň... Okyjylar sag bolsun! Käte «Pylan hekaýaňy okadyk. Şeýdip, köpräk ýaz!» diýip jaň edenlerinde, birhili, ýüregiň giňäp giden ýaly bolýar. Ana, şonda ýene ýazasyň gelýär. Ähli adamlarda bolşy ýaly, ýazyjynyňam çigit ýaljak göwni bar... — Gowy görüp okaýan ýazyjyň ýa şahyryň? — Gowy ýazyjylaryň, şahyrlaryň hemmesiniňem eserlerini sypdyrman okasym gelýär. Özem, ýazyjy bolup däl-de, ýönekeý okyjy hökmünde okanymda, şonda şol eserden hakyky lezzet alýaryn. Nusgawy ýazyjy-şahyrlardan, elbetde, «Görogly»... Magtymguly, Kemine. Misgingylyç, N.Saryhanow, Gogol, Çehow, Balzak... Iň täze, häzirki zaman kyssa eserlerinden kalbymy düýpleýin sarsdyran — Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany boldy. Durmuş hakykaty bilen çeper hakykatyň arasyndan şeýle inçe, täsin ýol ýasap, sanlyja sahypalarda tutuş milletiň ykbalyny, giden bir döwrüň keşbini şeýle kämil derejede suratlandyrmak diňe ägirt uly zehine başardýan iş. Ýene-de, häzirki zaman türkmen ýazyjylaryndan üýtgewsiz gowy görüp okaýanlarym: Atajan Tagan, Agageldi Allanazarow, Osman Ödäýew, Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler, Ahmet Halmyrat, Gurbannazar Orazgulyýew. Özem men olary diňe gowy ýazýandyklary üçin däl-de, meniň ýazyp bilmejek zatlarymy ýazýandyklary üçin gowy görýärin. — Öz senediňe garaýşyň? Ony eger goramaly bolsa, nädip gorardyň? — Ýazyjynyň senedi — onuň ykbaly, ömrüniň manysy, «bary-ýogum» diýilýäni. Onuň ömrüni uzaltjagam şol senet... Ol senediňi diňe gowy eserler ýazmak arkaly gorap bolar diýip pikir edýärin. Belli çagalar şahyry Korneý Çukowskiý başda çagalar edebiýatynyň tankydy bilen meşgullanyp, öz döwründäki bir topar çig-çarsy, gowşak eserleri aldygyna ýepbeklär eken. Bir gün ony Maksim Gorkiý öz ýanyna çagyryp: — Şeýle eserleri tankytlap ýazan makalaň näçeräk bardyr? — diýip sorapdyr. — Iki ýüz gowrak bardyr. — Ondan-a, özüň alaga-da, çagalar üçin iküç sany gowy eser döreden bolsaň, has peýdaly bolardy! — diýip, Gorkiý ýylgyrypdyr. — Gowşak eserleri tankyt bilen däl-de, diňe gowy eserler bilen edebiýatdan gysyp çykaryp bolýandyr — diýibem, sözüniň üstüne goşupdyr. — Eger başga käri saýlamaly bolsa... — Onda ýeňsämi bir gezek däl, telim öwre gaşardym. Sebäbi, ýazyjylyk höwes edip, öz meýliň bilen saýlar ýaly kär-ä däl. Ýöne käte öz ýanymdan «arzuw etmeşek», «bolsady ekmeşek» bolanda, nämüçindir, «Wah, lukmançylyk ugrundan gitmeli eken...» diýenimi duýman galýaryn. Elbetde, özümiň tebigat ylymlary, matemati- ka, fizika, himiýa ýaly anyk ylymlar babatdaky ejizligim bilen, şeýle arzuwyň hiç haçan amata aşmajagynam bilýän. Belki, meniň ak lybasly ynsanlara — lukmanlara bolan ullakan hormatym şony diýdirýändir... — Nähili şertlerde we günüň haýsy wagtlary ýazýaň? — Ýazmak üçin aýratyn şert gözläp ýörseň, asla ýazylaram öýdemok. Ýöne, me- niň pikirimçe, ýazmak üçin adamyň keýpi, özüni duýşy nola deňem bolmaly däl, juda bir, «ýyldyza toýnak salybam» durmaly däl. Saglygyň gowy, göwnüň aram pursatlarynda hem wagt tapanyňda, ýazybermeli. Ýazmak üçin günüň gowy wagtam, aýdymda aýdylyşy ýaly, «sabanyň säher çagynda...» — Täze eser ýazmaga nähili taýynlyk görýäň? — Elbetde, ilki beýnide gowy bişirmäge çalyşýan. Bişirýän-bişirýän-de, birdenem, düýpden başga bir esere başlaberýän. Munuň nädip şeýle bolýanyna-da hiç düşünip bilemok. Şonuň üçinem, köplenç, «Tamdyra gyzanda ýap!» diýlen pähim boýunça işleýän. — Öz ýazan eserleriňi öwran-öwran okap görýäňmi ýa-da... — Käte öz ýazan eserleriňi wagtal-wagtal gaýtadan okamagyň peýdaly taraplaram az däl. Birinjiden-ä, şonda öz ýagdaýyňy, ýagny, ýokarlygyna barýaňmy ýa aşak gaýdýaňmy — ana, şony aňlap bolýar. Ikinjiden, soňky ýazýanlaryňda öňki eserleriňdäki öwrümjikleriňi, tilsimjikleriňi, tapyndyjyklaryňy gaýtalamazlyk üçin, ozalkylaryňy ýatlap durmak gerek. Üçünjiden, döwür, edebiýat günsaýyn özgerip, ösüp barýar. Şol ösüş bilen deňeşdireniňde, seniň tabyň nähili — ine, şony mydama öz ýanyňdan seljerip ýörmeli. Öz-özüňi gaýta-gaýta okamagyň käbir kynrak taraplarynam ýatdan çykarmalyň: Birinjiden-ä, şeýdilse, öz eserleriňe aşyk bolmagyň mümkin. Bu bolsa, ýaş ýazyjy üçinem, ýaşuly üçinem bähbitli däl. Galyberse-de, ýazyjy özüniň öňki eserleriniň täsirine, öz ýasan «galybyna» düşüp, soňam şondan çykyp bilmezligi ähtimal. Emma ýazyjy her bir täze eserinde özüniň öňki «galybyny» döwmese, bolanok. Ýogsam, onuň galamynyň astyndan bir-birine meňzäpjik duran, «ekiztaýy» eserler çykar durar. — Halypa siziň döredijiligiňiz köp taraply. Siz özüňiziň ýazyjylyk hem-de mugallymçylyk hünärleriniň daşyndan dramaturgiýa bilen hem meşgullanýarsyňyz. Sahna eserini ýazmak aňsatmy? — Dramaturgiýa edebiýatyň iň bir çylşyrymly, gyzykly, hem kyn žanrlarynyň biri. Bu žanrda hem birnäçe sahna eserlerini döretdim. “Göroglynyň sawçylary” atly sahna eserim Baş drama teatrynda, „Göroglynyň döreýşi“, “Galkynan göwünler” atly sahna eserlerim bolsa Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda sahnalaşdyryldy. “Jasnly gurjaklar” atly sahna eserim bolsa Türkmen döwlet gurjak teatrynda goýuldy. Şeýle hem kinossenarileri hem-de dokumental filmleriň ssenarilerini döretdim. “Sen ýadyma düşseň...”, “Düýeguş”, “Täze ýyl ertekisi” atly gysga göwrümli filmler teleýaýlymlarda efire berildi. — Ýazyjylyk näme? — Ýazyjylyk — hemmeleriňem görüp-bilip, ýöne aýtmagyň ebeteýini, tärini tapman ýören zatlaryny olaryň ýüregine jüňk bolar ýaly derejede aýdyp bermek bolsa gerek. — Döwür we ýazyjy. Ýazyjynyň durmuşa, jemgyýete gatnaşygy? — Ýazyjyny ýazyjy edýän — onuň döwri. Ýazyjynyň eserlerine, ilkinji nobatda, öz döwrüniň ruhy siňýär. Beýik ýazyjy-şahyrlar diňe döwrüň täsirinde ýaşaman, eýsem, oňa öz täsirinem ýetirip bilýärler. Öz döwründen has öňe gidýärler. Şonuň üçinem, Magtymguly, Şekspir, Puşkin ýaly ägirtler ähli döwürlerdäki ähli nesilleriň döwürdeşi bolup bilýär. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze bir jemgyýet kemala geldi. Şol jemgyýetiň bir bölegi, agzasy hökmünde ýazyjam şu günümiziň, ertirimiziň pikirini et- meli. Milli Liderimiziň alyp barýan parasatly içerki bem dasarky syýasatyna çuňňur düşünmeli hem düşündirmeli. Sebäbi, ýazyjynyň eline galam diýlen, çeper dil diýlen ägirt uly güýç berlipdir. Şol güýç bilenem ol öz Watanyna, döwrüne hyzmat etmeli. — Halypa, gyzykly söhbediňiz üçin sag boluň. Söhbetdeş bolan: Myratgeldi BERDIÝEW. Çeşmesi: https://turkmenteatrlary.gov.tm/item/782. 03.12.2021ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |