17:11 «Bary-ýogy bir ömür...» | |
"BARY-ÝOGY BIR ÖMÜR..."
Edebi makalalar
Obada ösüp ulalan, oglanlygynda obadaşlaryna onluk çyranyň yşygyna kän dessanlar okap beren, Göroglyny lükgeligine ýat beklän Atamyrat aganyň oglanlygyny ýatlap, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow şeýle degişýär: «Goja çagalygynda her gije diýen ýaly, ýaşululara Göroglyny okap berensoň, soňabaka özüniň Görogla Kösedenem has ýakyndygyna ynanyp başlapdyr». Hawa, bu sözler degişme bolsa-da, ýetmiş ýaşasa-da, häsiýeti boýunça şol oglantak wagtlaryndaky ýaly arassalygyna, sadalygyna galan Atamyrat aganyň Görogly bilen hakykatdan-da, tirkeşendigine özüňem ynanasyň gelýär. Göroglynyň dünýäsinde ýaşamazdan ýa-da Göroglyny öz dünýäňde ýaşatmazdan, Atamyrat halypanyňky ýaly ýat tutulýan şygyrlary döretmek, kän goşgyny ýatdan bilmek, zerur ýerlerinde Göroglynyňky ýaly pikirleriňi goşga gaplap sugşurmak, ymgyr ýiti degişmeleriň bilen oturan ýeriňi ala-ýaza öwräýmek asan iş däl. Atamyrat halypanyň şeýle pespälligi, päkligi, sadalygy üçinem ýaş babatda özünden has ýaşuluraklar-da oňa «Goja!» diýip ýüzlenýärler. Manyly ömründe ýigrimiden zyýat kitap ýazanlygy, Gurhany ene dilimize geçirenligi, dünýä edebiýatyndan Gýötäni, Şilleri, Baýrony, Kiplingi, nusgawy rus şahyrlary Puşkini, Ýesenini, Lermontowy, Nekrasowy türkmen diline terjime edenligi hakynda oýlananyňda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň ägirt uly işler bitirendigine gözüň ýetýär. Basa oturyp işlemek, döredilen goşgular, dünýä edebiýatyndan terjime edilen nusgawy eserler hem halypanyň häsiýetine öz möhrüni goýupdyr. Ol eserlerden Atamyrat aga dünýäniň million ýyl ozalkysy ýaly arkaýynlyk geçipdir. Muny her gün säher bilen Erkin döredijilik mekanyndaky iş ýerine howlukman ýöräp barýan halypany kesesinden synlanyňda-da duýup bolýar. Atamyrat aga il içinde hormatlanýandygyna, sylaglydygyna buýsansa-da, onuň hemme ýerde özüni tanatjak bolup durmak gylygy ýok. Ýaşuly bilen bir edarada, bir otagda işlän wagtym hem soňky kän edebi gürrüňdeşliklerimizde-de munuň sebäbini gönüläp sorap görmedim. Ap-aýdyň zady sorap nätjek?! Mekdep okuwçysy döwründen goşgulary taryplanyp başlanan Atamyrat aga hakynda öz döwründäki TSSR Ýazyjylar Soýuzynyň arhiw ýazgylarynyň arasynda 1975-nji ýyla degişli bolan golýazmada şahyr Kerim Gurbannepesow: «Atamyrat Atabaýewi studentlik ýyllaryndan bäri tanaýan. «Ýaş ýazyjynyň günleri» geçýän döwürde men onuň ilkinji goşgulary bilen tanyşdym. Şonda ol goşgularynyň özboluşlylygy, indiwidual tagamy bilen öz ýaşytdaşlarynyň arasynda parhlanýardy. Onuň oňat şahyr bolup ýetişjekdigine biz şol ýyllarda uly umyt baglapdyk. Umydymyz ýalan çykmady. Ol özüniň azaply ýola baş goşandygyny oňat bilýär. Şonuň üçinem ol basa oturyp işleýär. Her sözüň tagamyna, ysyna gowy düşünýär» diýip ýazýar. Arhiwde saklanýan şol ýyla degişli golýazmalaryň ýene birinde şahyr Gurbannazar Ezizow: «Atamyrat poeziýany çyn ýürekden söýýär. Bu ýöne-möne zat däl. Ussatlygyny artdyrmak üçin gije-gündiz zähmet çekýär, okaýar, ýazýar, bozýar. Netijede, ol okyjylara oňat goşgulary hödür edýär». Hawa, türkmen edebiýatynyň göz-guwanjy Kerim agadyr Gurbannazar Ezizowyň Atamyrat Atabaýew hakynda aýdan ol sözlerinden bäri 43 ýyl töweregi wagt geçiberipdir. Görnükli şahyrlarymyzyň Atamyrat aga hakynda hamana diýersiň dil birikdiren ýaly: «Basa oturyp işleýär. Zähmet çekýär, okaýar, ýazýar, söýýär» diýen sözleri henizem öz güýjüni ýitirenok. Sekizinji onlugyň ujundan giren halypa şahyrymyzyň eli kagyz-galamly geçirýän wagty şu günem elli ýyl ozalkydan kän bir tapawutlanyp baranok. Okyjylaryň Atamyrat aganyň döredijiligine bolan söýgüsi hemem onuň Garaşsyzlyk ýyllarynda mynasyp bolan hormatly atlarydyr orden-medallary kämilligiň kepilidir. Atamyrat halypanyň: «Ýetmiş ýaşa dyrjaşyp ýetdik, indi ýuwaşlyjak bilen aşak eňip, ýere ýetýänçägem ýetmiş ýyl gerek boljak» diýen degişme heşemli gürrüňi onuň heniz-heniz döredijilik gorunyň egsilmeýändigini ýaňzydýar. Ol häzir ýetmiş ýaşyna çenli tirkeşen, işleşen adamlary bilen durmuşyň dürli pursatlaryndaky gyzykly söhbetler esasynda bir kitap ýazyp ýör. Onuň bilen ugurdaş ýene täze eserleriň üstünde işleýär. Ýakynda duşanymda: «Halypalar hakdaky ýatlamalar kitabyňyz ilerleýärmi?» diýip sorasam, «Segseninji ýyla-ha ýetdim. Segsene ýetýänçämem galan bölegini alaryn» diýýär. Atamyrat agadan «Bir-ä, toplap iýmedigiň, birem bilip diýmedigiň günäsi agyrmyş», «Süleýman pygamberiňki ýaly nepis hat ýazasyň gelýärmi, ýaz, ýöne Süleýman pygamber ýaly näzik bol! Başarmasaň, oň!», «Hatam Taý ýaly sahylyk edesiň gelýärmi, et, ýöne Hatam Taý ýaly jomart bol! Başarmasaň, otur!», «Bilalyňky ýaly owadan owaz bilen azan aýdasyň gelýärmi, aýt, ýöne owazyň Bilalyňky ýaly şirin bolsun. Başarmasaň, dym!» diýen ýaly degişmeli-çynly sözleri kän eşitdim. Häzir bu sözleri ýatlasam-da, hiç kime «Atamyrat Atabaýewiňki ýaly goşgy döredesiň gelýärmi, döret, ýöne halypanyň şygyrlary ýaly ýüreklere ornasyn, oňarmasaň, ýazma!» diýjek däl. Her kime beýle ylahy zehin berläýýänem däldir. Onda-da eliňe galam aldyňmy, türkmen edebiýatynyň Magtymguly Pyragy, Keminedir Mollanepes, Mätäjidir Rehmet Seýit, Berdi Kerbabadyr Kerim Gurbannepes, Gurbannazar Ezizowdyr Osman Öde bilen dowam edip gelen, Atamyrat Atabaýew ýaly şahyrlarymyzyň egninde göterilip gelinýän edebi ýörelgämize mynasyp bolunsa gowy. Türkmeniň ägirtleriniň döreden edebi ýörelgesi uzar barar, uzar barar. Onuň dowamat-dowam bolmagy üçin bolsa, ähli mümkinçilikler bar. Myratgeldi BERDIÝEW. «Türkmenistan» | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||
| ||||