IŇ OWADAN PERIŞDE
Öňem bir obada iki sany suratkeş dünýädäki iň owadan zenanyň suratyny çekmekde ýaryşypdyr. Olara ýeterlik wagt berlipdir. Suratkeşleriň birinjisi eline kagyz-galamyny alyp, suratyny çekjek zenanynyň gözlegine, uly şäherlere sary ýola düşüpdir.Hyýalyndaky zenany tapman, köp şäherleri söküpdir. Ýogsa, ol ýoly düşen şäherlerinde özüniň bütün ömründe görmedik owadan zenanlaryna hem duşupdyr. Barybir olar suratkeşiň göz öňüne getirýän zenany dälmiş. Gözlegde nijeme köwşi tozadan suratkeş halys ruhdan düşüp, dogduk şäherine dolanmagy ýüregine düwen mahaly ýitigine duşupdyr. Onuň suratyny özündenem has owadan edip çekipdir.
Beýleki ýaş suratkeş bolsa hiç ýere-de gitmän, göni öýlerine dolanypdyr. Öýlerinde ejesiniň işlerini dynaryna garaşyp oturypdyr. Ahyry käbesiniň eli boşaşansoň, onuň suratyny çekipdir. Ejesinden owadan zenan bardyr diýen pikir hatda onuň akylyna-da gelmändir.
Ýaryşyň jemlenýän güni adamlar birinji suratkeşiň çeken suratyny synlap, dünýäde beýle owadan zenanyň bardygyna haýran galypdyrlar. Ikinji suratkeş suratyň ýüzündäki perdesini syranda, birbada, hemmeler lapykeç bolupdyr. Bir-birlerine “Bu, näme, hemmämiziň tanaýan zenanymyzyň suratyny çekip geläýipdir. Öýünden çykman, gününi çagalarynyň egin-eşigini ýuwup-ardyp, hojalygyň günamasyna başagaý bolup geçýän ol zenany biz her günem görýäris ” diýşipdirler. Emma ýaş suratkeşiň çeken suratyny synladyklaryça pikirleri üýtgäp başlapdyr. Ýüzünden Günüň nury, Aýyň şuglasy çogup duran bu mährem zenany synladyklaryça synlaslary gelipdir. Olaryň hemmesiniň ýatlaryna öz ejeleri düşüp, ýaş suratkeşi ýeňiji diýip yglan edipdirler.
Ine, şunuň üçin hem bütin adamzat asyrlarboýy enäni mukaddes hasaplap, başyna täç edinip gelýär. Ahmal, şunuň üçin köneler “Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr” diýip aýdandyrlar. Her bir ynsan haýsy dine uýýandygyna garamazdan, bütin ömrüne el ýeterden has daşdadyr, asmanyň ýedinji gatyndadyr öýdüp gelýän jennetindenem enäni belentde goýýar.
Beýik hytaý danasy Konfusiý: “Göwheriň hem bahasy bar, emma enäniň bahasyna ýetme ýok. Göwheri ýitirseň gazanyp bolýar enäni gazanyp bolmaýar” diýýär. Dananyň bu sözleri bize enelerimizi beýleki ýakynlaryň ählisinden ýokarda goýmalydygymyzy yşarat edýär. Çünki ene—ýekeje. Çünki iň beýik ynsanlary, adyl şalary, beýik akyldarlary, gahrymanlary ene dogurýar. Mümkin, taryhyň başyndan bäri beýik akyldarlardyr adyl şalaryň näçe müňüsiniň ýaşap geçendigini iň güýçli alymlar hem takyk aýdyp bilmezler. Oňa derek şalary hem, beýik danalary hem, meşhur şahyrlary hem enäniň dogurýandygyny ýaňy mekdebe baran çagalaram bilýär.
Ähli zatda hasaply ýaşamaga endik eden adam, eger mümkin bolanlygynda, eneleriň bize berýän mährini, söýgüsini hem hasaplardy. Emma bu mümkin däl. Ylmyň bu ösüp gidip oturşy bilen adamzat bir günden bir gün asmandaky ýyldyzlaryň sanyny, asmanyň aňyrsyna çenli näçeräk uzaklygyň bardygyny hasaplar. Ýöne enäniň perzendine siňdirýän söýgüsini, mährini hiç haçan hasaplap bilmez.
“Ene” sözi şeýlebir mukaddes. Hatda onuň derejesini düşündirmek üçin “mukaddes” sözi hem asgyn gelýär. Ene şeýle mukaddes bolanlygy üçin, Taňry haýwanlara-da, enäniň beýikligine düşüner ýaly instinkt beripdir. Şondan ötri guzujyk enesini emmezden ozal dyza çökýär. Gargalar garrap tapdan düşen enelerini ömrüniň ahyryna çenli ekleýär.
Mundan soňra ynsan balasy neneň enesini söýmesin?! Çagalygymyzy ýada salyp göreliň. Biz akar suwa, oda beýlekä ýakynlaýsak, enelerimiz tarsa gelip, elimizden tutardylar. Özleri işden argyn gelendirler, açdyrlar, onda-da ilki bizi naharlarlar. Sähelçe dümewlesek, ähli işi-pişesi bizdiris. Munuň üçin “çyplaň çykypsyň” diýip, käýemegiň deregine, gaýta, biziň gyltyz ýoňlamagymyzyň sebäpkäri hamala özleri ýaly, öz-özlerine igenerdiler. Nämemişin, bize wagtynda ideg-yssuwat etmänmişin. Töwerege oýnamaga çykyp, wagtynda köwlenmesek, derrew bizi gözläp başlaýandyrlar ýa-da köçede ýolumyza bakyp garaşyp durandyrlar. Şu zatlar ýadyma düşende, kitapdan rowaýat diýip okan bir kyssamyň aslynda hakykadyň aňrybaşydygyna ynananasym gelip dur.
Rowaýatda aýdylyşyna görä, täze dünýä inmeli çaga dünýä inäýmeginiň salym öňinçäsi Taňra ýüzlenipdir:
—Eger häzir dünýä insem, nädip ýaşap bilerkäm, meniň heniz elimden gelýän zadam-a ýok?
Taňrydan owaz gelipdir:
—Men saňa bir perişde sowgat ederin, onuň ähli aladasy sen bolarsyň. Ol seni bagtly eder.
—Men onuň dilini hem bilemog-a, nädip düşünişerkäm?
—Ol seniň düşünýän diliňde gürlär.
—Eşidişime görä, Zeminde gorkunç wakalaram bolýarmyşyn, meni ondan kim gorar?
—Ol perişde özüni oda atar welin, seni gorar.
—Birden ýüregim gyssa näderin?
—Ýüregiň gysanynda, ol perişde saňa hüwdi aýdyp berer.
—Men ol perişdäniň adynam bilemog-a. Men oňa kim diýip ýüzlenmeli?
—Onuň adynyň kimliginiň seniň üçin asla ähmiýeti ýok. Sen oňa ýöne “eje” diýip ýüzlenäý!
Hawa, men her bir enäniň perişdedigine ynanýaryn. Dünýä inmänkä Taňry bilen gürleşen şol oglanjygyň soňky durmuşy hakynda okanymdan soň-a hasam ynandym.
Ol şeýle bolupdyr.
Günlerde bir gün şol diýýän oglanjygym ejesi işden geleninde ondan:
—Eje, saňa her gün işe baranyň üçin näçe manat berýärler— diýip sorapdyr. Ejesi:
—Balam, muny nämeden soradyň?
—Aýdaýsana, eje!
—Bar, otuz manat eken-dä.
—Sen maňa şonuň ýigrimi manadyny karz beräý!
Ejesi ogluna “Ýok berjek däl, sen ony gerekmejek bir zada sowup goýberersiň” diýýär-de, öz işleri bilen boluberýär. Soňrak çaý-çörek edinip, biraz dynjyny alansoň içinden “Ýogsa-da, bäş ýaşlyja çaganyň munça pul nämesine gerek bolduka?!” diýip oýlanýar. Muny soramak üçin oglunyň ýanyna barsa, ol eýýäm uklapdyr. Aýasynyň içindäki pullaryny hem berk gysypjyk ýatyr. Ejesi bialaç ýerine geçip ýatýar. Ertesi säher bilen çagalary öreninden oglunyň eline ýigrimi manat tutdurýar-da, ondan soraýar:
—Oglum, öňem-ä özüňde pul bar eken, agşam mendenem karz soradyň. Munça pul saňa nämä gerek boldy?!
— Eje, kakamdan on manat aldym sendenem ýigrimi alsam, laýyk otuz manat bolýardy—diýip, bäş ýaşlyja oglanjyk ýylgyrýar.
—Eje, şu laýyk otuz manat. Me, bir günki iş hakyňy bereýin welin, şu günjik işden galyp, biziň ýanymyzda bolaý-da, hä! Sen işden gelýänçäň, biziň seni göresimiz gelýär-ä!”
Ol oglanjyk bilen bagly soňky wakalary okanymdan soňra “Olam enäniň perişdedigine ynanýan bolmaly” diýip pikir etdim.
Myratgeldi BERDIÝEW.
Hekaýalar