19:38 Teatr durmuşdan başlanýar | |
TEATR DURMUŞDAN BAŞLANÝAR
Teatr we kino sungaty
Döredijilik adamlary, aýratynam teatr işgärleri bilen söhhetdeşlik etmegiň yşkyna düşeniňde her sapar heniz gulaklary kamata getirilmedik delje sowallary taýyarlamaga jan edýärsiň. Yöne her saparam täze söhbetdeşligiň içine gaçyp girýän köne sowallar bolýar. Şeý sowallaryň biri hem teatryň nireden başlanýandygy hakyndaky sowal. Bu sowala kim geýim asylýandan, kim kassadan, kimem sahnadan başlanýar diýip jogap berýär. Meni dramaturgyň bu sowala berjek jogaby has gyzyklandyrdy. Şondan ötri ýazyjy Guldurdy Sähetdurdyýewe şeýle söhhetdeşliklerde köp gaytalanyan sowallary bermegi hernäçe islemesemem, bu sowala ýene bir ýola dolandym. Guldurdy halypa joşup gürrüňe başlandan soňra bu sowala ýene bir yola dolananyma ökünmeli bolmadym. — Teatr şagalaňdan başlaýar. Eger teatrda tomaşa bolmasa, hadysa bolmasa, ol özüniň asyl manysyny ýitirýär. Ol ýerde goýulýan pýesalar şatlykly hem bolup biler, gussaly hem, şüweleňli hem bolup biler, esasy zat ol ýerde baýramçylyk ruhy bolmaly. Spektakl tomaşaçynyň kalbyndaky gussany syryp, tüýdüm-tüýdüm edip bilmeli. Tomaşaçyny haýran galdyryp bilmeli. Mahlasy, her bir tomaşaçy bu ýerden özüne gerek zady tapyp bilmeli. Diňe şu işiň hötdesinden gelende, teatr öz wezipesini ýerine ýetirýär. Şuny bşaranyňdan soňra teatrda goýulýan oýunlaryň gussalylygy ýa gülküliligi, ol ýerdäki wakalaryň durmuş hakykatyna gabat gelýänligi ýa-da hyýalylygy soňky orna süýşýär. Spektakl tomaşaçyny aglatsyn ýa güldürsin, her zat etsin, ýürekleri gozgasyn. — Halypa, siziň gürrüňleriňizden netije çykaryşyma görä, spektaklyň wakalarynda logikanyň berk saklanmagy beýle bir möhüm hem däl-dä? — Spektakl logikadan düýpgöter üzňe bolmalydyr diýsek, ýalňyşarys. Emma logiki yzygiderliligi saklamagyň hatyrasyna spektakly wagza öwürmegem dogry däl. Akylly söz aýtjak bolup, owadan gürlejek bolup, ynandyrjak bolup sungatyň söz bilen beýan edip bolmaýan şiresini kakatmaly däl. Baş drama teatrynda üç-dört ýyl ozal «Göroglynyň öýlenişi» atly täze spektakl goýuldy. Spektakl örän şowly hem çykdy. Aslynda bu eposda iňňän özboluşly häsiýetli gahrymanlar kän. Şolaryň biri hem Köse. Eposda Köse örän akylly, gerek ýerinde biçak mekir, her hili kyn ýagdaýlardanam baş alyp çykyp bilýän çepiksizje bir adam edilip görkezilýär. Eger bir günden bir gün özüm režissýorlyga baş urup spektakl goýmaga girişsem, ýüzlenýän eserimem Görogly eposy bolsa, Kösäni hökman pälwansypat bir gahryman edip, tomaşaçynyň oslamaýan tarapyndan barmaga çalşardym. — Guldurdy aga, ýazyjy, şahyr hökmünde, belki-de, adaty tomaşaçy hökmünde ýurdumyzyň teatrlarynda goýulýan spektakllar hakynda pikiriňiz?! — Edebiýata oglanlykdan aşyk bolup, elimize ilen kitaplary telim ýola okap çykanymy, kä magtanyp, hökman dälem bolsa kä dilimden sypdyryp saňa kän aýdypdym. Şahyrana dil bilen aýtsak, çagalygymyzda-da Göroglynyň Gyratyny özüne ýetirmän eýerledik. Kä Görogly dädemiziň özi bizi Gyrata hopba edip mündürdi. Beý diýdigim, nusgawy edebiýatymyzy bilen ganymat tanyş diýdigim. Ýurdumyzyň teatrlarynda goýlan «Nejeboglan», «Göroglynyň öýlenişi», «Gülpam», «Mälik şa», «Pilmahmyt», «Ýagtylan köňüller» ýaly spektakllara, «Magtymguly», «Zöhre—Tahyr», «Ýusup—Züleýha», «Şasenem—Garyp», «Leýli—Mežnun» ýaly operalara tomaşa etdim. Teatrlarymyzda sahnalaşdyrylan bu spektakllaryň käbiriniň türki halklar üçin ortalyk sahna eserlerdigine garamazdan, olarda türkmen halkynyň diňe özüne mahsus bolan millilik has ýiti duýulýar. Ýewropanyň teatrlaryndan tapawutlylykda gündogarlylara, şol sanda biziň spektakllarymyza-da mahsus bolan psihologik usullardan giňden peýdalanylýar. Spektakllaryň sahna bezegi, egin-eşikleri, hereketleri hakynda näçe hoş sözüň bolsa, aýaman aýtsa bolar. Ýöne ýene bir aladalananyňa gaty degýän bir zat bar. Sungat ähli zatdan öňürti şu güne hyzmat etmeli. Eger ertire-de hyzmat edip bilse, oňa ýetesi zat ýok. Ýöne şu günüň derdine ýaramadyk zat ertiriňem derdine ýarar öýdemok. Teatr halkyň düýnüni görkezmeli, ertirini salgy bermeli, ýöne şu güni hiç gözden salmaly däl. Döwrebap eserler bolmaly. Dünýäniň iň meşhur suratkeşleriniň eserleri bilen gyzyklanyp görseň hemmesi diýen ýaly, şu gün hakyndadyr. Dogry, düýn beýik spektakllar döredilendir. Dogry, kämil tanslar, aýdymlar, edebi eserler döredilendir. Biziň ata-babalarymyzdan galan şeýle gowy folklorlarymyz bar. Ýöne olar düýn döredilipdir, ony ata-babalarymyz döredipdirler. Emma biz bu gün näme döretdik? Ilki bilen şu sowala jogap häzirläp goýmaly. Nusgawy eserlerimiz bizi düýnden şu güne getirdi. Şondan ötri şu güne şu günüň gowy eserleri gerek. Adamlaryň öz aralarynda ýaşap ýören şu günki gahrymanlary göresleri gelýär! — Spektaklda durmuş hakykaty bilen hyýalyň gatnaşygy nähili bol- maly diýip pikir edýärsiňiz? — Spektaklyň gozgaýan meselesi ajy hem bolsa, ol hökman hakyka- tyň bir ülşüni görkezmeli. Göroglyny sahnalaşdyrdyňmy, ol mundan asyrlar ozal ýaşan Göroglynyň döwrüniň ruhuny görkezmeli. Aýdaly, Göroglynyň zamanasy bilen häzirki döwrüň ruhy-ahlak ýagdaýy biri-birinden nädeniňde-de tapawutlanýandyr. Şonuň üçinem iki döwrüň biri-biriniňkiden belli bir derejede ahlak ýörelgeleriniň tapawutlanýandygyna garamazdan, gürrüňi edilýän döwrüň ahlagyny berjek bolmaly. Çyn sungat bizi teatra barmaga höwes etdirýär. Eger biz ähli aladalarymyzy unudyp teatra barýan bolsak, sagatlap aýak üstüne durmaga-da taýýar bolsak, ol hökman biziň talaplarymyzy ödäýmelidir. Gowy eser tomaşaçyda «Eger şu spektakly görmedikligimde ömrümiň iň azyndan bir güni ýele gitjek ekeni» diýen düşünjäni döretmeli. — Türkmenistanyň Belarus Respublikasynda geçen Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Minskä gidenimde ol ýerde Gogoluň meşhur «Derňewçi» spektaklyna tomaşa etdim. Meni haýran galdyran ýeri, baş gahryman Hlestakow spektakiyň içinde häzirki döwrüň «rep» aýdymyny aýdyp ýör. Aktýorlaryň ählisi döwrebap eşikli, el telefonly arkaýyn gürleşip aýlanyp ýörler. Muňa nähili düşünmeli? — Teatryň bu hokgasyna beýle bir ýerine düşüpdir diýib-ä bolmaz welin, erbedem diýip bolmaz. Teatr döwür bilen aýakdaş gitmeli. Bir ugruny tapyp aýak üstünde durmaly, tomaşaçysyny ýitirmeli däl. Ýöne başga bir tarapdan seredip görseň, beýle hereket nusgawy eseriň özboluşlylygyny hem ýoýýar. Tomaşaçynyň tas mundan iki asyr ozalky döwürden görmek, duýmak isleýän zadyny ýitirýär. — Käte gürrüňçilikde tanyşlarymyz teleýaýlymyň, kompýuteriň, internetiň teatryň ýerini biraz gysýandygyny aýdýarlar. Şu pikir bilen ylalaşýarmysyňyz ? — Asla heňe geljek gürrüň däl. Dramaturglygym üçinem däl-de asyl şeýle diýýän adamlaryň sözlerini unamok. Şekspir «Durmuş-teatr, adamlar bolsa ondaky aktýorlar» diýipdir. Şonuň üçinem teatr hemişe ýaşar. Teatr durmuşyň aýnasy. Haýsy eýýamda ýaşaýanlygyňa garamazdan, öz-özüňi daşyňdan synlap bolýan ýer. Özüňi daşyňdan synlap bärden gaýdýan ýerleriňe gaharlanyp, gowy taraplaryňa öz ýanyňdan monça bolup, öz kemçilikleriňe hezil edip gülüp bolýan ýer. Teatr biziň aramyzdan gideni bilen hiç kime utuş garaşanok. Şonuň üçinem, sen bir gowy pýesa ýaz, režissýor bir gowy spektakl goýsun, aktýor jany-teni bilen oýnasyn, men spektaklyň şowlan hem kelte gaýdan ýerleri hakynda öz pikirimi aýdaýyn, ýene biri maşgalasyny ýa-da dostlaryny alyp teatra gelsin. — Biz şu günüň tomaşaçysyna haýsy temadaky spektakllary hödürlesek has ýerine düşer? — Şu günüň tomaşaçylarynyň agramly bölegi akyl zähmeti bilen meş- gullanýar, aýratynam şäher ýeriniň ýaşaýjylary. Şonuň üçinem olar teatra gelip ýene şol akylly gürrüňleri eşitmek islemeýärler. Olara nerw dartgynlylygyndan çykar ýaly, kellä sähel salymlygam bolsa dynç berer ýaly, oýun gerek, gülki gerek. Oba ýerleriniň tomaşaçylaryna görkezmek üçin bolsa biraz başgarak spektakllar gerek. Günuzyn gara derini saçyp işlän daýhan ýa işçi durmuş, onuň manysy hakynda paýhasly gürrüň eşidesi gelýär. Şonuň üçin ol çuň pikirli, ýiti duýguly spektakllary ýitirip tapan ýaly garşy alýar. — Guldurdy aga, sowallarymyza beren jogaplaryňyz göwnümizden turdy. Okyjylaram meniň bilen pikirdeş çykarmyka diýýärin. Gowy spektakl çeper pýesadan başlanýar diýýärler. Siziň galamyňyz gowy spektakllaryň gory bolmagyny gowşatmasyn. — Sag boluň. Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Myratgeldi BERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |