13:51 Okamak bagty | |
OKAMAK BAGTY
Söhbetdeşlik
MYRATGELDI BERDIÝEW: — Türkmen halky ýagşy arzuw-umytlar bilen Täze, 2014-nji ýyly — Bedew ýylyny garşylady. Halkymyz bu garşylanan ýylyň tüýs çeper sözüň, edebiýatyň, sungatyň ýyly boljakdygyna ýürekden ynanýar. Bu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 290 ýyl bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu senäni giňden belläp geçmek barada 2012-nji ýylyň mart aýynda ýörite Karara gol çekipdi. Bu Kararda 2014-nji ýylyň maý aýynda halkara maslahat geçirmek, şahyryň kitaplaryny neşir etmek ýaly anyk wezipeler bellenildi. OSMAN ÖDÄÝEW: — Bedew ýyly türkmen halkyna mydama uly-uly üstünlikleri, at-abraýy getirýän ýyl. 2014-nji Bedew ýylynyň hem türkmen halkyny, döwletini üstünliklere, şan-şöhrata beslejek ýyly boljakdygyna berk ynanýarys, çünki belent mertebeli Arkadagymyz jemgyýetimiziň, döwletimiziň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösmeginiň ähli esaslaryny döretdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň kalbynyň, ösüşlerimiziň oňony bedewe öwrüldi. Bedew ýylymyzyň «Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi-de uly buýsanç döredýär. Türkmen halkynyň taryhynda öz şahyrynyň şeýle belent derejä göterilen zamany öň bolan däldir. Munuň özi milli döwletleriň taryhynda sözüň doly manysyndaky seýrek hadysadyr. Bu günki gün beýik Magtymgulynyň ajaýyp keşbi biziň ähli pikir-telwaslarymyzdan eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Gündogaryň hem Günbataryň poeziýa ýyldyzlarynyň içinde iň bir şuglalysy ahyryn. Şahyryň ruhyýetimize girizen bir düýpli aýratynlygyny nygtamak isleýärin. Dünýäniň ähli halklarynda hem aýdym üçin ýazylýan goşgy bolýar. Beýle goşgulardan edilýän esasy talap döredilen saza owazdaş bolmagy. Şeýle bolansoň, aýdym üçin ýazylýan goşgular ýeňil, akgynly bolmaly. Beýle goşgulara sanama goşgular diýilýär. Bu goşgular çuň many-mazmunly, pelsepewi goşgularyň hataryna girmeýär. Ýöne, geň galaýmaly, bizde bu talap saklanylmandyr, gaýtam, tersine, iň gowy, iň agyr, iň filosofiýaly goşgular aýdym edilip aýdylypdyr. Bu düýpli öwrenilmäge mynasyp aýratynlyk. Gýotäniň, Baýronyň, Geýnäniň, Puşkiniň, Miskewiçiň, Lermontowyň iň ajaýyp goşgulary däl-de, aýdyma niýetläp ýazan goşgulary aýdym edilipdir. Ýogsa iki-üç asyr, gör, nähili görnükli kompozitorlar olara ýüzlenipdir, emma Magtymgulynyň, Şabendäniň, Şüküriniň, Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Andalybyň, Garajaoglanyň, Ýunus Emräniň, Zeliliniň ähli gowy goşgusy ýüzlerçe ýyl bäri bagşylarymyzyň dilinden düşmän gelýär, eger olaryň aýdym edilmedik şygry bar bolsa, birneme gowşakdyr ýa-da aýdyma halys gelmeýän žanrda ýazylandyr. Türkmen aga asuda günem, toý-baýramda-da, söweşde-de aýdymsyz oňmandyr. Magtymguly birnäçe goşgusy bilen ýigitleri söweşe galkdyrsa, Seýitnazar Seýdi galaba goşgusyny duşman bilen ýüzbe-ýüz bolnanda ýigitleriniň güýjüne güýç goşmak üçin döredipdir. Mollanepes iň gowy goşgusyny aýdyp duşman bilen garpyşypdyr, şol garpyşykda ýaralanypdyr, şol ýaradan wepat bolupdyr. Bu zatlary biziň durmuş bilen aýakdaş giden we gidýän, suw hem nan ýaly ýaşaýyş zerurlygyna öwrülen poeziýamyzyň bardygyny nygtamak üçin aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhammet aganyň «Döwlet guşy» romanyndaky aşakdaky bendi hem muny aýdyň görkezýär: «Sen ulusyň, seň ulugdan ulyň bar, Sygynmaga keramatly weliň bar, Dünýä ýaly dana Magtymgulyň bar, Belent derejeli-deňli türkmen sen». Mähriban Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly romanynda ýatlaýşy ýaly, Mälikguly aga şahyr diýip ýüzlenenlerinde, onuň: «Ýok-la, men şahyr däl. Kakam: «Magtymguludan soň türkmende men şahyr diýip öňe çykmak örän kyn düşer. Onuň üçin Hudaýtarapyn bir halatly bolmaly» diýmesi hem Magtymguly Pyragynyň mertebesiniň türkmen halkynyň arasynda nä derejede belent tutulýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-jemgyýetçilik durmuşynda gysga döwür içinde düýpli öwrülişikleri, üstünlikleri gazanyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasyny döreden belent mertebeli Arkadagymyzyň köpugurly, il-ýurt, halkara bähbitli tutumly işlerinde jemgyýet kämilligini gazanmak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu babatda abyrsyz uly işler durmuşa geçirilýär. Halk köpçüligine niýetlenilýän çeper eserleriň sanynyň artmagy hem şol uly tutumly işleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabara uly taýýarlyklar görülýär. Şahyryň sowgatlyk kitabynyň, şeýle hem onuň ömri we döredijiligi hakdaky birnäçe kitabyň çap ediljekdigi bizi begendirýär. Magtymguly Pyragynyň toýy — bütin döredijilik işgärleriniň toýy. Bu toý — bütin halkyň toýy. Bu toý — ruhyýetimiziň bagtyýarlyk toýy. Şeýle toýlarymyz köp bolsun. MYRATGELDI BERDIÝEW: — Halypa, häli-şindi kitap okamakdan gürrüň gozgalanda Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň, «Görogly» eposynyň, ýene-de sanaýmaly kitabyň hemişe siziň elýeteriňizde durýandygyny aýdýarlar. Size ylham berýän şol kitaplar dogrusyndaky, umuman, kitap, kitap okamak hakyndaky pikirleriňizi hem okyjylar bilen paýlaşaýsaňyz? OSMAN ÖDÄÝEW: — Kitap hakynda söz açylsa, diňe özümiň däl, eýsem, türkmen halkynyň köpüsiniň ýadyna iň gowy eser hökmünde, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» atly romanynyň düşjekdigine şübhäm ýok. Bu kitap diňe täzeligi, üýtgeşikligi bilen okyjyny haýran etmek bilen çäklenmän, eýsem, ol kalbyňda täze-täze duýgulary oýaryp, ruhubelentlige atarýan, ýaşaýşa, zähmete bolan çuňňur söýgini oýarýan kitapdyr. «Döwlet guşy» romany diňe bir döredijiligiň täsin nusgasy bolman, eýsem, okyjyny-da döredijilige höweslendirýän, gop berýän eserdir. Iň oňat kitap — durmuş ýa edebiýat barada üýtgeşik, ýakymly gürrüň bolmak bilen çäklenmän, okyjy bilen edebiýatyň arasynda köpri salyp bilýän kitapdyr. Magtymgulynyň şygyrlaryna, «Görogly» eposyna çäksiz uly teşneligim bar. Bu kitaplary gaýtalap-gaýtalap okamakdan ýadamaýaryn. Bu kitaplar döredijiligimdäki goşa ganatym. Olary düýpli öwrenip, her biri bilen baglanyşykly kitap döretdim. Göroglynyň keşbiniň beýik seljuk türkmenleri şadöwletini döreden Togrul begiň keşbi esasynda döredilendigini, ondaky düýpli meňzeşlikleri, ýer-ýurt atlaryny öwrendim. Netijede, Agaýunus peri hakda «Altynjan hatyn» romanyny ýazdym. Magtymguly Pyragynyň taglymatlary barada «Magtymguly Pyragy» atly makalalar kitabymy çapa taýýarladym. Magtymgulynyň şygyrlary we «Görogly» eposy türkmendigiňe, Watanyňa, taryhyňa çäksiz söýgüni döredýär. Sement aty — ylham geler, gowy pikir dörär öýdüp garaşmaly däl, gowy pikir tapmak isleseň, onuň aladasyny etmeli. Edilmeli şol alada — kitap okamak. Kitap okamakda üýtgeşik bir gudrat bar: okanyňda aňyňa üýtgeşik-üýtgeşik pikirler gelýär. Bu kitap okaýanlygyň üçin Taňrynyň ýalkawy bolup duýulýar. Çingiz Aýtmatow şeýle diýýär: «Kitap okanyňda okaýan eseriň bilen asyl baglanyşygy bolmadyk täze-täze pikirler akyl harazyňa gelip goşulýar, olar sende ylham döredýär». Bu pikiri örän gowy görüpdim. Soň görsem, bu pikir D.Didroda-da bar eken. Täsin bir ahwalaty aýdaýyn. Uly göwrümli eser ýazmakçy bolanymda gowy görýän bäş sany kitabymy okap başlaýaryn. Ine, her sapar okaýan bäş kitabym: Magtymguly Pyragynyň kitaby, «Görogly» eposy, W.Gýugonyň «Biçäreler», F.Dostoýewskiniň «Aýdyň gijeler» atly romanlary, I.Turgenewiň «Bahar bulaklary» powesti. Bu bäş kitap üç-dört aýlap uly hyjuw bilen ýapyrylyp işlemäge tükeniksiz güýç-kuwwat berýär. Şol güýç esasynda «Altynjan hatyn», «Yşkyň keşbi», «Ikinji ömür» romanlarymy ýazdym. Heý, onsoň okamakda üýtgeşik güýjüň, keramatyň bardygyna neneň ynanmajak?! Onsoňam Magtymguly Pyragy aýdýar, ahyryn: «Kitap okan gullar, magnydan dokdur». Okamak — bagtyň açary. MYRATGELDI BERDIÝEW: — Osman aga, türkmen halkynyň iň sadasy hem döredijilikden kän bir daşda däl. Redaksiýamyza ildeşlerimizden hekaýaly bukjalar köp gelýär. Ildeşlerimiz ol hekaýalarda öz başlaryndan geçiren zatlaryny ýa-da şaýat bolan zatlaryny gürrüň berýärler. Gürrüň berilýän wakalar gyzykly ýaly hem welin, näme üçindir, olar eser derejesine ýetip bilenok. OSMAN ÖDÄÝEW: — Her bir zady etmegiň talaplary bolýar. Ýazyjylyk bir başga, aýdyjylyk bir başga. Gürrüňçilikde aýdylýan wakalaryň köpüsi edebi döredijiligiň kanunlaryna dogry gelenok. Şonuň üçinem olary kagyza geçirmegiň uly bir peýdasy ýok, kagyza geçiberse, onuň täsiri gaçyp ugraýar. Sebäbi çeper eser ýönekeý bir gürrüňden, wagtlaýyn gülki ýa ynjy döredýän wakadan düýpli tapawutlanýar. Bir gezek zehinli režissýorymyz Kakajan Aşyrow şeýle bir rowaýaty gürrüň berdi. Iki dogan bolupdyr: uly dogan gurply, döwletment, kiçi dogan welin, her näçe hajyrawlyk bilen çytraşsa-da baýap bilmändir, kiçi dogan Gadyr gijesi ýatman ýaşyl donly Hydyr ata garaşypdyr. Maksady — ondan baýlyk soramak. Daňdanlar Hydyr ata gelýär, ýigidi diňläp, şeýle diýipdir: «Bolýar, seniň diýeniň bolsun. Men seniň üç dilegiňi bitireýin. Ýöne näme bersem, saňa berenimden agaňa iki esse artyk berjek». Kiçi dogan razylaşypdyr. Daňyň ataryna garaşyp durman ýüz sandyk tylla diläpdir. Ine, gözüňe söweýin içi tyllaly sandyklar degiş-degiş dur. Kiçi dogan agasynyň öýüniň penjiresinden ogrynça seredýär welin, onuň öýi tyllaly sandyklardan dos-doly. Hakyt özüniňkiden iki esse köp sandyk bar. Muňa kiçi doganyň içi garalýar. Kiçi dogan özüne söwer ýar dileýär. Söwer ýar-da içerde peýda bolýar. Onuň agasynyň öýünde iki sany üzümiň suwy ýaly senuber ýar gülüşýär. Agasy olara bir gülküli zad-a gürrüň berýär. «Meniň üstümden gülýändirler» diýip, kiçi dogan odanýar. Garasaý, kiçi dogan agasynyň bagtyýarlygyna bahyllyk edip, üçünji dilegini hem aýdýar: «Eý, Hydyr ata, meniň bir gözümi al. Goý, agam kör bolsun, özüniň bagtyýarlygyny görmesin». Üçünji dileg ýerine ýetirilýär. Bu rowaýaty gowy görüp, powest ýazmaga girişdim. Ýazdym, gutardym. Soň okap gördüm welin, teý bolanok. Şonuň üçinem ony hiç bir neşire hödürlemedim. Muny taýýar ýordumyň, köplenç, şowsuzlyga getirýändigini nygtamak üçin aýdýaryn. Eser aňyňda, ýüregiňde eýlenip döremeli. Azapsyz zadyň arzysy ýok. Her bir waka her näçe özüne çekijidigine garamazdan, sungat eserine öwrülip bilmejek eken. Ony döretmegiň kanunlaryna boýun egýän, onuň talaplaryny ödäp bilýän, şol bir wagtda-da janlylygyny saklap bilýän waka gerek. Bu talaplara jogap berip bilmeýän, ýöne nähilidir bir gymmaty bolan temalar bolsa gündelik ýazgylarda, makala, ýatlama ýa başga görnüşde ýaşap bilýärler. Diýmek, hekaýa sungat hökmünde bulardan bir gez ýokardaky hadysany alamatlandyrýar. Hekaýany birnäçe wagtyň dowamynda kalbyňda göterip gezmeli, onuň iň ownuk zatlaryna çenli aňyňda aýlamaly. Ullakan, äpet durmuşy kiçijek hekaýa sygdyrmagyň üstünde kelle döwmeli. Hakyky sungat eseri bolanlygynda hekaýa-da göwrümi taýdan has uly eserleriňkiden az güzap berenok, ony ýazmak üçin köňlüň dartgynly işi gerek. Garaz-ha, hekaýany döretmeli, gülşükli gürrüň bolsa, durmuşdan taýýar görnüşde alynýar. Onuň sungata öwrülmegi üçin heniz gaty köp «elekde elenmegi» zerur. Dogry, käbir hekaýanyň kämahal aňsatlyk bilen gysga wagtyň içinde ýazylmagy ahmal. Bu-da onuň ýazyja aňsat düşendiginiň subutnamasy bolup bilmez. Bu diňe hekaýa ediljek bolunýan ýordumyň ýa-da şoňa ýakyn bir ýordumyň ýazyjynyň kalbynda öň bolup geçendigini, onuň köp wagtlap kalpda göterilip, bişirilendigini, diňe taýýar bolandan soň kagyza geçirilendigini aňladýar. MYRATGELDI BERDIÝEW: — Sizi ýakyndan tanaýanlar köp işleýändigiňizi nygtaýarlar. Görnükli ýazyjylar S.Moem, Ý.Aleşa her gün üç sagatdan artyk işlemeli däl, ýöne ýeke setir ýazmadyk günüň hem bolmaly däl diýýärler. Ylhamy islän wagtyň getirip bolanok ahyryn. OSMAN ÖDÄÝEW: — Haýsy aýda nähili eser ýazjagyny öňünden meýilleşdirip, şol meýilnamasyndan hem çykman işleýän adamlara men haýranlar galýaryn. Megerem, meniň bu haýran galmam ömrümi galyba salyp bilmeýänligim üçin bolsun gerek. Ýazaryn diýip taslap, belläp goýan zatlarym az-küş däl. Ýöne, köplenç, duýdansyz tapylan pikir ähli etsem-petsemleriň enter-pelegini aýlap, meni öz dünýäsine salýar. Onsoň onuň hökmürowanlygyna tabyn bolup, stoluň başynda kagyz yzyna kagyz garalap oturandyryn. Ýazyp başlan eserimiň nähili gutarjakdygyny-da bilemok. Ýöne stoluň başynda bir keramat-a bar. Ol sarç keýik deýin seni islän ugruna alyp gidýär. Ýazyjynyň her gün işlemelidigini tekrarlaýanlar juda kän. Myratgeldi, seniň aýdyşyň ýaly, her gün işläýer ýaly ylham hem islän wagtyň gelip duranok. Asyl, ylhamyň islän wagtyň gelmeýändiginiň, her gün üç-dört sagatlap döredijilik bilen meşgul bolmalydygy baradaky pikiriň nygtalmagynyň sebäpleri bar eken. Ylham, döredijilik — söwer ýara meňzeýär. Ol seniň özüňi düýrmegiň bilen döredijilige bagyş etmegiňi, öz dünýäsinde ýaşamagyňy isleýär. Şu islegi berjaý etseň, ylham senden daşlaşmaýar. Saňa giň ýol döredýär. Ýöne her gün däl-de, günde-günaşa, käte bir hepdeden soň stol başyna geçseň, onda ylham muny ikilik etmek hökmünde ýokuş görýär, saňa gujagyny o diýen açmaýar. Dünýädäki iň meşhur ýazyjylaryň ählisi, hawa, ählisi her gün döredijilik bilen meşgullanypdyrlar. Şonuň üçinem ylham olardan aýrylmandyr. L.Tolstoý, E.Hemingueý her gün daňdan turup, günortana çenli döredijilik bilen meşgullanypdyrlar, galan wagtlaryny bolsa döredijilik bilen baglanyşykly bolmadyk zatlar bilen meşgullanyp geçiripdirler. Baýron, Dostoýewskiý, Flober dagy gijelerine öndürijilikli, joşgunly işläpdirler. Beki Seýtäkowyň bir sözi ýadyma düşýär: «Şahyr goşgusyny köçede ýöräp barýarka-da goşup bilýär, ýöne ýazyjy bolmak isleýän kişiniň sekiz-on sagatlap basa oturyp döretmegi başarmagy, muňa werziş bolmagy gerek». Bu örän dogry pikir. Üstünlige diňe zähmet bilen ýetilýär ahyryn. Köplenç, işlemek maksady bilen şenbe, ýekşenbe günleriniň gelerine garaşýarys. Dynç alyş günleri basa oturyp işleýäris. Bu günler wagtyň nähili geçenini duýmaýaryn. Ir ertirki stol başyna geçenimden, giç agşamlyk naharyna çenli işleýärin. Dogrusy, gijelerine has gowy işläp bolýar. Gijäniň tümlüginde syrlylyk, şahyranalyk bar. Bu zatlary eser döretmegiň üýtgeşik lezzetdigini nygtamak üçin ýatlaýaryn. Käte döredijiligiň azapdygy, görgüdigi aýdylýar, bu pikiri unamaýaryn. Onunjy synpda okaýarkam Gurbannazar Ezizowyň döretmegiň kyndygyny duýýan wagtyň hakyky şahyrlygyň başlanýandygy hakda makalasy gazetleriň birinde çap edilipdi. Şol pikirden soň döredijiligiň kyndygyny ykrar edýän goşgular köp ýazyldy. Döretmek — lezzet. Özem hiç bir keýpi-sapanyň berip bilmeýän hözirini eçilýän lezzet. Eger şeýle bolmadyk bolsa, beýik eserler döremezdi. Ýazyjynyň uly joşgun bilen ýazan bäş ýüz sahypasyny döredijilikden daş adama göçürdiň, ol hunaba ýuwudar. MYRATGELDI BERDIÝEW: — «Eli ýöreýär» diýilýän ýaş ýazyjynyň birine: «Seniň pylan hekaýaňy hezil edip okadyk. Näme diýjek bolýanyňa-da düşündik. Ýöne gahrymanlaryň edýän işleri hakyky durmuşda bolup biljek zat däl» diýip bellik edenlerini eşitdim. Ol hem: «Hezil eden bolsaňyz, näme diýjek bolýanyma düşünen bolsaňyz, boldugy şol, maňa aýdanlaryňyzdan artyk zat gerek däl» diýip jogap berdi. Bellik edýän bilen bellik edilýäniň haýsysyna hä diýjegimi bilmedim. Halypa, belki, siz bir zatlar diýersiňiz? OSMAN ÖDÄÝEW: — Öýkünjeňligiň iň gödek görnüşi daşky dünýäni durşy-durşulygynda göçürýän naturalizmdir. Hakyky manydaky çeper eseriň — sungatyň gymmaty bolsa onuň hakykata gatnaşygynda däl-de, hut öz organiki dünýäsindedir. Çeper eser realizmiň «bolup biläýjek zatlar», «öz görnüşi» diýýän talaplaryndan el üzüp başlan, öz mümkinçiliklerini giňeldip hem köpeldip ugran ýerinde döreýär. Ol durmuşy dikbaşaşaklygyna suratlandyryp başlaýar. Bu bolsa eýýäm özge manyly, özge täsirli çeper dünýäni kemala getirýär. Çeper eserde bolup geçýän wakalar görnüşi boýunça adaty durmuş ahwalatlaryndan näçe daşda bolsa, ideýasy boýunça-da şonça dogruçyl bolýarlar. Şonuň üçinem iň oňat görýän, hemişe gaýtalaýan sözlerim: ýazyjylyk — munuň özi hyýalbentlikdir, ýagny çäksiz fantaziýadyr. Näçe batyrgaý, baý, özboluşly hyýalbentligiň — fantaziýaň bolsa, şonça-da beýik eser döreýär. Ýazan zadyň durmuşa näçe meňzeş bolsa, şonça-da ol özüneçekijiligini ýitirýär. Çünki anyk durmuş munuň özi bary-ýogy çig maldyr, fantaziýa üçin mümkinçilikdir, oňa bahana boljak zatdyr. Diňe hakyky zehin ol çig maly ýagşyja eýläp, fantaziýanyň içinden geçirip sungat eserini döredip bilýär. Şondan ötri: «Bir göterim adaty durmuşylyga togsan dokuz göterim fantaziýa» diýerdim. Fantaziýa garyp — hyýalbentlik edip bilmeýän adamyň pikirleniş ukyby näçe güýçli bolaýanlygynda-da ondan oňat ýazyjy çykmaýar. Sungat diýmek arap dilinden terjime edilende «döretmek» diýmekdir, suratlandyrmak, beýan etmek, görkezmek däl. Döretmek bolsa ýokdan bar etmekdir. MYRATGELDI BERDIÝEW: — Birnäçe okyjy milli edebiýatymyzda gowy-gowy hekaýalaryň, powestleriň has köpräk bolmagyny isleýär, şol bir wagtda, ýazylýan munça zady kimiň okamalydygyndan endişä galyp ýörenlerem bar. Eserlere gowy, erbet diýip baha bermegem gaty ýörgünli. Berýän bahalarymyzyň hakdygyna ynanýarys. Halypa ýazyjy hökmünde siz bu babatda nähili pikirde? OSMAN ÖDÄÝEW: — Durmuşda diňe öz bähbidiňe çapmak, ondan diňe gowy hem özüňe peýdaly zatlary talap etmek paýhasyň däl-de nebsiň sypaty. Goý, ýazylsyn. Durmuş geregini alar, gerekmejegini atar gapdala. Onsoňam öz döwründe sen-sen edilen ýazyjy-şahyrlaryň wagtyň geçmegi bilen unudylýandygyny, wagtynda o diýen bir häsi berilmedik ýazyjylaryň bakylyk suwundan dadaýýandygyny taryh görkeze-görkeze gelýär. Şonuň üçinem kimdir biriniň eserleriniň özüňde döredýän täsirlerine esaslanyp, onuň ýazmaga hakly ýa haksyzdygyny kesgitlemek bolmaýar. Gepiň gerdişine, ýene bir zady agzap geçeýin. Durmuşyň köpmanylylygyna, köp öwüşginliligine biziň garaýşymyz biraz ýöntemräk geläýýän ýalymy?! Sebäp diýeniňde, biz herki zada iki ölçeg boýunça: «bu — gowy» ýa-da «bu — erbet» diýip baha berýäris. Munuň özi birtaraplylyk, ýüzleýlik dälmidir?! Şu iki sanjak baha bilen dolandyrylýan beýni göýdük galmabilse ýagşydyr. Adamlaryň belli bir zada (biri-birine, howa ýagdaýyna, kitaba, nahara we ş.m.) baha kesişine üns berdiňizmi? Bada-bat «gowulyga» ýa «erbetlige» syrygar. Bu ýagdaý biraz aladalandyrmanam duranok. «Biziň pikirlenişimize giňişlik gerek» diýip, öz ýanymdan hemişe tekrarlaýaryn. Giňişlik köpdürlülige, köp öwüşginlilige elterdi. Biziň «ýagşy, ýaman» diýen kesgitlemäniň çäginden çykyp bilmegimiz, barlygyň oýlaýşymyzdan has giň ekendigine göz ýetirmegimize sebäp bolardy. MYRATGELDI BERDIÝEW: — Döwrebap dünýä edebiýatynda romanyň möwritiniň ötýändigi hakyndaky gürrüňleri häli-şindi eşidýäris. Bu barada nähili pikir edýärsiňiz?! OSMAN ÖDÄÝEW: — Şu wagta çenli roman edebiýatda çylşyrymly ýol geçip, dürli özgerişlere sezewar bolupdyr. Ýaşamak isleseň, özgermäni, durmuşyň mantygyna görä üýtgemäni başarmaly. Roman müňlerçe ýazyjynyň döredijilik ylhamyny öz görnüşleri arkaly maddylaşdyrmaga ukyply bolup çykdy. Näme diýseler-de, bu günki gün edebiýaty romansyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Täze dünýäniň edebiýatynyň ýüküni henizem romanlar çekýär. Şonuň üçinem türkmen romanynyň ykbaly hakda pikir etmek ertiriň adaty aladasy bolup durýar. Şol aladalaryň möhüm bir bölegi romanyň geçmiş tejribelerini döredijilikli özleşdirmek bolsa gerek. Munuň özi biziň üçin dünýä edebiýatynyň hem-de öz türkmen edebiýatymyzyň romanlarynyň düýnüni hem şu gününi paýhas eleginden geçirmekdedir. Biz dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndan bihabar galmaly däldiris. Käte öz-özüm bilen gürleşýärin: sen seýis, seniň seýisleýän gaty ýyndam atyň bar. Seniň mydama atyňy salýan aýlawyňam bar. Seniň atyň öňüne at geçirenok. Sen — birinji. Özüňden göwnüň hoş. Ýöne şol wagtda özge bir aýlaw hem bar. Ol ýerde özge ýyndamlyk, başga aýaklar hem synalar bar. Belki, ol has uly aýlawdyr. Ýeri, onsoň sen aýlawa barmazdan, at goşmazdan, özge atlar bilen ýaryşmazdan, öz-özüňden, öz ýyndamlygyňdan göwnühoş gezip bilermiň? Biziň türkmen romanymyz üçin dünýä romanynyň derejesi şol aýlawdyr. Ula ýykylmak, nusga ymtylmak, onuň ölçegleri hem talaplary bilen öz injigiňi barlamak ösüşiň girewidir. Kyssa bize geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda geldi. Türkmen edebiýatynda ilkinji uly göwrümli kyssa eseri Abdylhekim Gulmuhammedowyň «Deňsinmedik dul galar» atly powestinden başlanýar. Bu awtor, kitap hakda belent mertebeli Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda täze maglumatlar aýdylýar. Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti bilen türkmen kyssasy kämillik ýoluna düşdi. Bu ýol Agageldi Allanazarowyň, Atajan Taganyň, Kömek Kulyýewiň powestleri bilen kämillik gerimini giňeltdi. Olaryň eserlerinde dünýä edebiýatyndan habarlylyk, ussatlyk äşgär duýulýar. Biziň gowy ýazyjylarymyz bar. Garaşsyzlyga çenli türkmen edebiýatynda ýüz ýigrimi romanyň döredilmegi az zat däl ahyryn. Gowy, datly zatlaryň möwriti geçmeýär. Watana söýgi öz halkyň taryhyny bilmekden başlanýar. Biziň şöhratly, gahrymançylykly, ajaýyp taryhymyz bar. Bu ajaýyp taryha gyzyklanma egsiler öýdemok. Taryhymyzy, ondaky dünýä nusgalyk şahsyýetlerimizi, durşuna ynsanperwerlige ýugrulan däp-dessurlarymyzy beýan etmek üçin hekaýanyň, powestiň gerimi darlyk edýär. Bu zatlary romanda töwerekleýin beýan edip bolýar. Şu nukdaýnazardan ýene ençeme taryhy romanyň döredilmegi gerek. Örän rast aýdýarsyň, geçen asyrdaky bilen deňeşdireniňde az okalýar. Biziň ýazyjylarymyz, şahyrlarymyz köp okamaly, dünýä edebiýatynyň täze-täze eserlerinden habardar bolmaly. Okanyňda täze pikirleriň döremegi bilen bir hatarda özüňi hem biygtyýar mizan terezä salýarsyň: «Eýsem, men şu ýazyjyça ýazyp bilýärinmi?! Men bu eseri nähili ýazardym?!» Okamak — kämilleşmegiň iň ygtybarly mekdebi. Iň esasy zat — buýsanyp ýaşamak, buýsanyp ýaşamaga esaslaryň bolmagy. Buýsanyp ýaşamak üçin esaslar biziň geçmişimizde-de, şu günümizde-de bar. Geçmişimize söýgini oýaran, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni döreden, «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar», «Döwlet adam üçindir!» diýip, gije-gündiz aladalanýan belent mertebeli Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun! MYRATGELDI BERDIÝEW: — Osman aga, siziň bilen şu günki söhbetdeşligimizden soňra diňe kitap okamagyň däl, eýsem, kitap gören adam bilen hemsöhbet bolmagyň-da döredijilik babatda täze pikirleri oýaryp biljekdigine göz ýetirdim. Gyzykly söhbediňiz üçin sag boluň! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |