22:31 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -6 | |
1904-nji ÝYL
Romanlar
Altynjy bap ATA KÜÝSEGI 1. Annanyýazyň Mustansirde her güni ýyla dönen bolsa, oba gelensoň her bir ýyly bir gün deýin tiz geçdi. Ol ir ertirden giç agşama çenli bir ýerde duranokdy, asyl etmeli işlerine ylgabam ýetişer ýaly däldi. Iliň üznüksiz ýüz tutmalary köp wagtyňy alýardy, her bir ýüz tutmanyň aňyrsynda edilmeli işlere üç-dört bolup ylganyňda ýetişip bilseň zor boldugyň. Özem her gelen meniň işim hökman bitäýmelidir, Annanyýazyň meniň işimden başga aladasy ýokdur, ol bar işini taşlap meniň işimi hökman edäýmelidir öýdýän ýalydy. Ýöne Annanyýaz, hernäçe ylgasa-da, özünde ýadawlyk duýmaýardy. Ýigrimi alty tanaplyk mülküne baranda – Mazenderandan getirip eken dürli ir-iýmişli daragtlaryň nahallarynyň arasynda bolanda göwni hasam göterilýärdi. Getirilen üç ýyllyk nahallar geçen iki ýylyň içinde birlän-ikilän hasylam wada berýär. Göm-gök öwsüp duran sagdyn nahallar al-ýaşyl güllere bürendi. Ol gülleriň hemmesiniň hasyla durmajagyny Annanyýaz bilýär. Goý, ýekejesi bolsun, ýöne bolsun. Nahallary getirýärkä, ilkinji hasylyndan kakam jan bilen ejem jana bir dadyrsam diýip, ýürekden arzuw edipdi. Ol arzuw Annanyýazyň aňynda birsyhly gaýtalanýardy. Öýlenmek barada gürrüň gozgalanda: «Kaka, şu nahallardan size ýekeje miwe iýdirsem, ana, ondan soň öýlensem, göwnüme makul boljak» diýipdi. Elbetde, bu söz Artyk hanyň öz göwnüne-de makul bolan bolsun gerek, ogluny o diýen howlukdyryp durmandy, ýöne Aýnabat ejäniň welin, ýeke-täk küýsegi bardy: ýeke demlik pursat hem soňa goýman, haýdan-haý Annanyýazy öýermeli. Göni dokuz aý dokuz gündenem jägildäp bir goç ogul dünýä inmeli. Göýä Aýnabat eje şu islegine ýetip bilmän bu dünýäden gözüni açyp, ahmyrly ötüp gidiberjek ýalydy. Alladan bir meniklije, asyllyja maşgalany isleýärdi. Durda: «Sen Annanyýaz jandan osmakladyp sorap gör, belki, göz astyna alyp ýöreni bardyr. Maňa aýtmaga utanyp ýörendir. Goý, ol utanmasyn. Gyz saýlamak ilde-günde bar zatdyr. Ýogsamam özüm tapyp bereýin» diýýärdi. Aýnabat eje özüm tapyp bereýin diýse-de, ynha indi näçe ýylyň içidir ýalňyz dikraryna mynasyp ýar gözleýärdi, ýöne tapyp bilenokdy. Ýogsam birje günem garaşjak däldi. Aýnabat eje ýalňyz dikraryna Zemin gözellerini mynasyp görenokdy. Onuň ogly üçin juda üýtgeşik, çensiz-çaksyz owadan, çensiz-çaksyz edepli, çensiz-çaksyz asylly perizat gerekdi. Ol öz göz öňüne şeýlekin getirýän gelnine entek hiç bir ýerde duş gelmändi. Aýnabat ejäniň ogly ýöne-möne ogul däl, ol gaty üýtgeşik ogul, beýle üýtgeşik ogluň gelnem juda üýtgeşik perizat bolmaly. Oňa gelin boljak ylla ylahy perizat bolmaly! Hany ol? Aýnabat ejä ýaňagy meňli gyz hakda Durdy hiç zat aýtmady. Nädip aýtsyn? Aýtsa, ol Aýnabat ejäniň şol gyzy tapjak bolup sargaryp-soljakdygyny bilýärdi. Ýöne Ahal ili giň, ol gözeli Ahalyň haýsy ojagyndan gözlejek? Iň gowusy, ol peri-peýkeri başga ýol bilen gözläp tapmaly, ana, ondan soň ol gyz hakda Artyk hana-da, Aýnabat ejä-de aýtsa bolar. Ol gyzy tapmak üçin bolsa wagt gerekdi. Geçen iki ýylyň içinde Annanyýaz, iş-endişesiniň biçak köpdügine garamazdan, göreşli toýlary şeýle bir gowy görýän bolup çykdy. Pylan ýerde uly toý bar diýilse, Annanyýaz özüne gelişmeýän ýeňillik bilen üzeňňisine towsup dur. Annanyýazyň şeýle toýçul bolmagyny Artyk han-da, Aýnabat eje-de geňlemesine geňlediler, ýöne ýedi ýyllap obada bolmansoň, toý-märekä intizar bolandyr diýip pikir etdiler. Annanyýaz ýoly uzak görmedi: toý Änewde bolsa-da, Tejende ýa Kakada bolsa-da, Bäherdende ýa ýene bir ýerde bolsa-da, ähli möhüm işlerini soňa goýup, bezenip-beslenip ýola düşdi. «Ýaşlyk ýelginidir-dä, soň kem-kem galar». Ýogsam göreş görjek diýip birki günläp ýolhelägi bolmak Artyk han üçin geňdi. Artyk hanyň özem ýedi ýyl Bagdatda okap gelipdi. Ýöne gelensoň nirede toý bar diýip, oba aşmandy. Her döwür bir döwür-dä! Eger, aýtmaly bolsa, Artyk hanyň Annanyýazyň bolşundan nägile zatlary az däldi, elbetde, az bolanda-da, köp bolanda-da, üýtgedip biljek zadyň ýok. Ýöne birinden, wah, birinden däl, ýalňyz perzendiňden köp zatlary tama edýärsiň, köp zatlara garaşýarsyň. Isleýşiň ýaly bolmagyny isleýärsiň, çünki ol seniň dowamatyň ahyryn. Artyk han oglunyň ylmyny çykyp gelmegine sabyrsyzlyk bilen, gününi sanap garaşypdy. Ogly dolup-daşyp gelende Artyk han gözüne gubar çaýyp, çäksiz begenip-tolgunyp, ogluny, diňe bir ogluny hem däl, küýsäp garaşan bagtyny, küýsäp garaşan geljegini, öz ornuny tutjak umydyny gujaklapdy. Uly ili ýygnap, at çapdyryp, göreş tutduryp, il-güne toý beripdi. Toý – Allanyň ýalkawydy. Şondan köp wagt geçmänkä, Annanyýaz Mommak baýyň toýunda men pälwandyryn diýip orta çykypdy. Heý, ahun derejesindäki begzada göreş tutjak diýip orta çykarmy? Bu habary eşidip Artyk han mojuk gynanypdy. Heý, Annanyýaz nire, göreş nire?! Heý, muňa näme diýip, näme aýtjak?! Artyk han ogluny göz astyndan synlaýar. Ol oglunyň titiligini o diýen halap baranok. Annanyýazyň egin-eşigi üçinem ýörite bir hyzmatkär gerek. Ol her gün ýuwulgyja eşik geýmek isleýär, dolagyny günortan çalyşýar, gününe iki jüp dolak gerek. Mydama perişde ýaly arassaja gezjekmiş. Okuwdan gelende bäş sany daýaw gatyra mas ýükläp, miweli nahal getirdi. Örän gowy. Ol nahallary bir günde ekip gutaryp bolýar, goý, bir gün bolmasa iki gün, üç gün, ýöne Annanyýazyňky ýaly ýigrimi sekiz gün-ä däl. Nahallar göni hatar edilip ekilmelimiş. Her nahalyň arasy bäş gez bolmalymyş. Şu ölçegden ýeke barmak aralygy-da üýtgetmeli dälmiş. Ol her nahaly oturtjak bolanda mülküň ileri çetinden bir seredip gördi, gaýra çetinden bir seredip gördi. Özem topragy talhan edip çykdy. Onuň edip oturan işini göreniňde başyň aýlanyp, irigip gidýärsiň. Özem oňa özgäniň eden işi makul däl, onsoň ähli işi özi etmäge girişer. Onsoňam Annanyýazyň aňynda: «Allatagala entek-entekler menden amanadyny almak üçin Ezraýyly ibermez. Göni atylan ok maňa degmez» diýen berk ynanjy bar. Heý, bu dünýäde wepa barmy näme? Awa gidilende depäň üstüne çykyp, Abdyllany çagyrýar: «Gel, meni atyp bilýän bolsaň at» diýýär. Birinji gezek oky sowa geçenine jany ýanyp ýören o deýýus, näme, aýap goýar öýdýäňmi? Iller Annanyýazy synlap: «Tüýs Artyk han!» diýýärler. Ine, Artyk hanyň şuňa birneme jany ýanýar. Oglunyň her bir zatda, her bir işde özi ýaly çasbaň bolmagyny isleýär. Elbetde, Artyk hanyň oglundan kanagatlanýan, ogluna göwnüniň ýetýän ýerlerem az däl. Ol sowatly, özem toý-märekede, adamlaryň üýşen ýerlerinde adamlaryň ünsüni çekmegi, özüni diňletmegi başarýar. Gürlände süýji gürleýär. Köp bilmek, sowatlylyk bir zat, sowatly bolup süýji gürlemek düýbünden başga zat. Süýji, labyzly, şireli gürlemegi başarmasaň, adamlary imrindirmeseň, müň sowatly bolanyňdan ne peýda?! Gowy-gowy pikirleri süýjüje edip aýdyp bilmedik erkek kişiniň çykan sowadynyň bahasy bir apbasy. Hanha, Koşmann, şol kişi sowadyny çykan ulama. Aşgabatda, Aşgabadyň golaý-goltumyndaky obalarda sowatly kişi, arap dilini bilýänlerem, ors dilini bilýänlerem az däldir, ýöne ol üç at gaýtarym aralygy geçip Gypjaga Annanyýazyň ýanyna – bize hemsöhbetlige gelýär. Sözüňde mähir bolmaly. Sözüňde, özüňde mähir bolmasa, ýanyňa adam gelmez. Artyk han mydama ogly hakda oýlanýar. Il-günden ogly hakdaky gürrüňleri diňleýär. Käbir kişileriň ýanyna ýörite baryp, ogly hakda soraýar. Oglunyň ähli zady özbaşdak çözmegini isleýär. Haýsydyr bir meseläni Annanyýaz özi bilen maslahatlaşjak bolanda Artyk han hötjetlik bilen dymýar. «Ana, men öldüm, şonda nätjek? Menden hiç zat sorama, özüň pikir et, özüň netije çykar» diýip, Artyk han şeýlekin aýdaýmaly zatlaram aýtmaýar. Ol ýakyn gelen ajalyna özüni taýýarlaýar. 2. Gökdepeden bäri gursagynda göterip ýören güllesi Artyk hana her ýazda has azar berýärdi. Käteler yza ony özünden giderýärdi. Saglygy ýeterlik aladady. Şonuň üçin ol obaň arçynlyk garamatyny egninden aýyrjak bolup ençeme gezek çalşypdy, ýöne halk onuň arçynlykdan çykmagyny kes-kelläm islänokdy. Öňküsi ýaly işläp bilmeýänligi üçin ol örtenýärdi. Köp işleri ogluna ynanypdy. Ol indi köp wagtdan bäri haraza-da baryp görenokdy. Soňky gezek baranda, ol köp zatlaryň üýtgändigini görüp rahatlanypdy. – Haraz harazdyr-da, muny her gün sypap-sermäp, süpürip-syryp ýörmegiň näme zerurlygynyň bardygyna biz-ä, teý, düşünýän däldiris. Haltalary şeýle taýlaýmaly dälmiş. Halta haltadyr-da. Ýok, haltalary epleşdirip, rejeleşdirip, biri-biriniň üstünde görer göze gelşikli edip goýmalymyş. Daşda-içde hiç bir ygym-sygymlyk bolmaly dälmişin. Aý, Artyk han, ogluň özüňdenem beter tertipçil – diýip, sakgaldaşlarynyň käbiri Artyk hana arz ederdi. Artyk han sakgaldaşynyň sözüni makullardy, käbirine Annanyýaz bilen gürleşmäge, beýle maýdaçyl bolma diýmäge söz bererdi, ýöne ol bu babatda ogluna ýagşydan-ýamandan hiç bir zat aýtmazdy. Arçyn bolsaň, iliň öňüne düşseň, esasy ýaragyň hoşamaý sözüň bolmaly. Adama ýarajak, hoş geljek, göwnüni göterjek sözleri aýtmaly. Wah, Artyk hanyň Annanyýaza aýtmak isleýän sözleri, bermek isleýän öwüt-ündewleri kän. Ýöne ol oglunyň ýüregine düşmekden heder edýär. Soňky günler Artyk han uzynly gününi daşary çykman, myhmantamynda geçirýär. Ol ýatmak islänok, ýöne ysgyn-deramaty, saglygy bolmansoň, köp isleglerinden el çekmeli bolýar. Dynç güni çowkan oýnuna gitmekçi däldi, ýöne ogly gelip, özelenip duransoň, «Tomaşa etseňiz, göwnüňiz göteriler» diýensoň, ogly bilen oýna gitdi. Dogrudanam, oýna tomaşa edip dünýäsi giňedi. Sakgaldaşlary topar bolşup onuň ýanyna geldiler. – Arçyn, biz-ä deňňene edäýsek, hemsöhbet gursak diýip öýüňe bardyk, senem öýüňden gaçyp gaýdyberipsiň – diýip, Bäşim hoja ýylgyrjaklady. – Wah, men size garaşdym-la, ýöne wagtynda barmadyňyz. Onsoň, Annanyýazyň raýyny ýykmaýyn diýip gaýdyberdim. Hany, birmeýdan oýny göreliň, deňňenäni soň etsegem ýetişeris. – Çowkandan içiňe düşýän zat ýok. Namazşama çenli oýun görsek, soň mal soýup, tagam taýýarlajak bolsak, ýarygije bolar – diýip, Bäşim hoja gözlerini güldürdi. Esedulla ahun bilen Geldi baý Bäşim hojanyň sözlerini baş atyşyp makullady. Näme diýiljek bolunýandygyny aňan Artyk han hezil edip güldi: – Bä-ä, onda nätsekkäk? Ýusup, şunuň ýaly ýagdaýda sen hökman bir gowy çykalga tapmagy başarýaň. Hany, aýt pikiriňi. – Men aýtsam-a, arçyn, bir adam biş-düşüň aladasynda bolsun. Siz barýançaňyz ähli zat tap-taýýar bolsa gowy bolarmyka diýen pikirim bar. – Ýusubyň bal ýalak gowy pikiri bar. – Ýusup baý şeýle pikir eden bolsa, sizem ony goldaýan bolsaňyz – diýip, Artyk han sakgaldaşlaryna ýüzlendi: – Goý, onuň özem etmeli diýen zadyny etsin. Esedulla ahun bilen Oraz han seslerini çykarman garaşyp durdylar. – Hakyky gürrüňi, Artyk han, biz-ä senden eşitdik. – Oglanlar, gül ýaly pikir bilen öýe baran bolsaňyz, myhmantamda menden-ä siz köp bolýaňyz, mal soýup, biş-düşüň aladasy bilen bolubermeli ekeniňiz-dä. – Wah, Artyk jan, öňki ýagdaý bolsa, biz gypynçsyz başlardyk. Bir daýaw tokly-da satyn aldyk, ony aşhanaň gapdalyndaky tuda daňybam goýduk, ýöne... – Ýönäň näme? – Aý, dogrymyzy aýtsak, Annanyýazdan utandyk. – Annanyýazdan näme üçin utanýaňyz. – Aý, Annanyýaz jan bize «kakamyň dostlary» diýip gaty uly hormat goýýar. Onsoň ol: «Hiç hili sala salman edip ýören zatlary nähili-aý bu ýaşulularyň. Bular ýaşula däl-de, çaga meňzeýär» diýip, geň görer öýdüp saklandyk. Birden Annanyýaz biz hakdaky pikirini üýtgedäýmesin diýip, seniň ýanyňa gaýtdyk. Artyk han loh-loh güldi: – Be, adamy gowy görübem utandyryp bolýan eken-ow. 3. Annanyýazyň aňynda köp gaýtalanýan pikirler bardy. Ol şu pikirleriň kölegesi bilen ýaşabermeli, şonda ýalňyşlyk bolmaz diýip, öz-özüni ynandyrmaga çalyşýardy. Ol janyny barlap görmekçi bolýan dek, aňyndan aýrylmaýan şol pikirleri Hanguly bilen hem maslahatlaşypdy. Hanguly Annanyýazyň ol pikirlerini diňläp hezil edip gülüpdi. – Uludan tutýaň, uludan! Tutumyň uly bolmagynyň zeleli ýok, iň esasy zat adam anyk bir pikire gulluk edip ýaşamaly, şonda ýaşaýyş ýeňil bolýar. Pikir durmuşda peýdasyz bolsa, onuň gowulygy ýalandyr. Bagdatdan gelenden bäri nähili ýol bilen gitjekdigini Annanyýaz, megerem, anyklan, öz göwnüne jaýdarlan bolarly. – Sahylyk duşmanam dost edýär, ýedi ýady – ýakyn; dinsizi dinli edýär. – Adamlary söýmek üçin olardan hiç zat hantama bolmaly däl. – Özüň hakda adamlaň arasynda gürleme: gürleseň, özüňi öwdügiň bolar; içiňi dökmek – özüňi masgaralamak, kimdir biriniň özüňe nebsiniň agyrmagyna hantama bolma. Ine, şu üç pikir Annanyýaz baýyň bütin ömrüne aňyndan aýrylmady, sebäp ol şu üç pikire gulluk etdi. Ilki başda bu üç pikir kyn düşen-de bolsa, soňundan ol häsiýete öwrüldi, ganynda orun aldy. Şu üç pikir Annanyýazyň içki dünýäsiniň gapysyna öwrüldi. Annanyýaz baýyň edim-gylymy, adamlar bilen gatnaşygy şu üç pikirden baş alýar, şu üç pikir bilen çöşlenýär. Artyk han oglunyň durmuşa has çuň düşünmegini isleýän bolsun gerek, oňa geçen akyldarlaryň öwüt-ündewlerini, başdan geçirmelerini gürrüň bererdi. Ol, aýratynam, Baýhakynyň Mahmyt Gaznalynyň taryhy hakdaky pars dilindäki kitapdan parçalary okap bermegi gowy görerdi. Ol «Bilimnamany-da», «Syýasatnamany-da»1 tas ýatdan bilýär diýlen ýalydy. Artyk han Baýhakynyň öwüdini ýatdan bilýärdi. Ýöne şonda-da kitaba sereden bolardy: «Patyşalyk howply işdir. Dünýäde jan howpy, ahyrýetde iman howpy bardyr. Hudaýdan gorkmagyň gerek. Hudaýdan gorkuda bolsaň, Hudaýyň bendeleri-de senden gorkuda bolarlar... Ýurdy mal bilen saklap bolar. Eger sende pul, mal we baýlyk bolmasa, hiç kim seniň buýrugyňy ýerine ýetirmez. Mal-emläk diňe abat etmek, çäre görmek, akyl ýetirmek bilen ele geler. Hemme adama özüňi aldyrmak üçin jan çek. Bilgin! Olaryň göwünlerini ýagşylyk hem sahylyk bilen awlarsyň. Özüň ýaly adamlary diňe ýok zatlaryny bermek bilen boýun egdirmek bolar. Jomart bolmalysyň. Adamlar seni ýagşy görer ýaly, rehimdarlygyň we geçirimliligiň gazabyňdan köp bolsun. Emma ogry bilen günäkäriň günäsini hergiz geçmegin. Nirede berk tertip-düzgün bolmasa, şol ýer dagamak bilen bolar. Tertip-düzgüni, adamlaryň halal ýaşamagyny birinji orunda goýgun». Annanyýaz kakasynyň bu zatlary ýöne ýere okap bermeýändigine oňat düşünýärdi. Göni akyl bereniňden kimdir biriniň pendini gaýtalamagy Artyk han, meger, has täsirli hasaplaýan bolarly. Artyk han Mälikşanyň Müsüre barşyny hem gürrüň bermegi gowy görýärdi. Gürrüň bermegem başarýardy. Edilýän gürrüňe diňleýjiniň ynanmagyny isleseň, ilki bilen, özüň ynanmaly. Mälikşa dyza çöküp, Allatagala ýüzlenipdir: «Eý, Beýik Biribar! Sen maňa Magrypdan Maşryga çenli aralyga hökümdarlyk etmek bagtyny berdiň, men seniň öňüňde dyza çökýän. Ýöne sen bir bendäňi Müsür ýurduna patyşa bellediň welin, ol «Men Hudaýdyryn!» diýip, ýere-göge sygmajak bolýar, şol akylyndan azaşany akylyna aýlamaga maňa rugsat ber». Artyk han, näme hakda gürlese-de, örän täsirli, süýjüdip gürlärdi. Onuň aýdýan zatlary göz öňüňde janlanyp barýardy. Kakasynyň gürrüňlerini diňlänsoň Annanyýaz baý uzak wagtlap oýlanyp gezerdi, kakasynyň aýdan zatlaryny serinde elekden geçirerdi. Özüçe many çykarardy. Allatagala berdim diýip bermese, baýlygy gazanaýyn diýip hars urup gazanyp bolmaz. Baýlygy, mertebäni Allatagala berýär, özem baýlygy mertebäňe görä berýär. Annanyýaz çagasynyň bolmasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Perzent onuň özüne gerekdi, ýöne kakasynyň bolşundan dowamatyň zerurlygyny, gyssaglydygyny has açyk duýýardy. Kakasynyň şol arzyly güne garaşyp, diňe agtyk barada oýlanyp ýaşaýandygyny duýýardy. Duýmaz ýaly hem däldi. Artyk han näme hakda gürrüň etse-de: «Perzende ýüzüň düşensoň...», «Nesip bolsa, sen-ä kaka bolsaň, menem ata bolsam...» diýip söze başlardy, gürrüň arasyna hökman şu pikirini goşup gürlärdi. Bir gezek bazardan bir enaýyja çaga eşigini alypdyr, ony aýalyna berip: «Aýnabat, ýygnapjyk goý, agtygymyz bolanda öňüňden çykyp duran zat bolar. Geýindirersiň welin, şap bolaýar. Türkmende dogulmadyk çaga öňünden zat alyp goýmaklyk halanylmaýanam bolsa, gözüme yssy göründi-de alaýdym. Teý ýanyndan geçip bilmedim» diýipdi. Artyk han ýanyny ýere berip, halys egbarlanda: «Hudaýyň islänidir-dä, agtyk görüp bilmän gitmeli boldum-ow» diýip haşlady. «Kaka jan, Hudaýyň nesibeli güni uzakda däldir, ynha görersiňiz. Agtyk hökman görersiňiz. Nesip bolsa, agtygyňyzy özüm şu oturan ýeriňize getirip görkezerin» diýip, Annanyýaz kakasyny köşeşdirmäge çalyşdy. Dünýä gury gelip boş gitmekden1 Hudaý saklasyn. Adam bu dünýä kök urmak isleýär. Nesil adama rahatlyk berýär. «Adam başy daşdan gaty» diýlip ýöne ýere aýdylmandyr. Adamyň derdini daglar-daşlar çekip bilmän lerzana gelmesi hem ýöne ýere däl. Adamyň çekenini daglaram-daşlaram, poladam çekip bilmez. Bu adamzat taryhynda oraşan bolan hakykat. Artyk hanyň başdan geçiren hunabalaryny – mysaly uzakdan gözlejek bolmak nämä gerek! – daga salsaňam, demre salsaňam çekip bilmez. Älemdäki ähli zatlaryň, ähli janly-jandarlaryň çekip-çydap bilmejek zatlaryny adam çekýär, has anygy, Artyk han çekdi. Onuň ömri jebir-jepalarda geçmedimi eýsem?! Gör, ol näçe obadaşynyň wagşyýana öldürilenini gördi, olary öz elleri bilen jaýlady. Ol, gör-ä, Gökdepe üçin, türkmeniň tugy üçin ajal bilen ýüzbe-ýüz darkaşlara girdi. Artyk han çekdi! Artyk han ähli sütemleri, jebri-jepalary, gabahatlyklary gözi bilen görüp, egni bilen çekdi! Ol ýan bermedi! Oňa hiç zat agyr düşmändi. Ýok, Artyk han agyr kysmaty agyr bilmändi, ýüksünmändi. Ýöne agtyga ýüzi düşmände welin, ejizledi. Artyk han bu küýsegini hernäçe ýaşyrýandyryn öýtse-de, Annanyýazyň syzgyr ýüregi syzdy, duýdy. Annanyýazyň göz atuwynda türkmen adamynyň merdana keşbi janlandy. Ahillesiň gowşak ýeriniň dabanynyň aşagynda bolşy ýaly, türkmen merdanasynyň hem gowşak tarapy göründi. | |
|
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |