03:06 Türkmenleriñ Türkmensähra döwleti | |
TÜRKMENLERIŇ TÜRKMENSÄHRA DÖWLETI (1924-1925 ý.)
Taryhy makalalar
Osman ahun Türkmensährada ýaşaýan türkmenler Eýranyň şasy Ryza şanyň zulumyna garşy baş göterdiler. Eýranyň Horasan, Astrabat welaýatlarynda 1924-nji ýylyň maý aýynda garaşsyz Türkmen respublikasyny döretdiler. Adatça bolşy ýaly, türkmen täze döwlet döredende gurultaý geçirýär. Türkmensähra türkmenleri hem gurultaý geçirip, onda döreden garaşsyz türkmen döwletine Osman ahuny Prezident saýladylar. Garaşsyz türkmen döwletini jar eden türkmenler kömek sorap Welikobritaniýa, Türkiýe ýüz tutýarlar. Ýaş döwlete kömek bermek maksady bilen Türkiýe öz wekilini iberýär. Welikobritaniýa hem ýaş türkmen döwletine goldaw bermäge söz berýär. Osman ahun ýakynlary bilen. Türkmenleriň aýaga galmagyndan howatyr edip, SSSR-iň şol wagtky daşary işler ministri G.W.Çeçerin bu ýaş döwletiň haýdan-haý basylyp ýatyrylmagyny maslahat berip Eýran şasyna habar ýollaýar, ýaş döwleti basyp ýatyrmakda haýal-ýagallygyň zyýanlydygyny habarynda öwran-öwran nygtaýar. Bu döwletiň dörändigi baradaky habaryň Türkmenistana ýaýramagyndan howatyr edip Eýran bilen serhediň has ygtybarly goralmagynyň ugruna çykýar. Şa Çeçeriniň maslahatyndan soň türkmenlere garşy jeza beriji goşun iberýär. Emma Allaýar hanyň 5 müň atlysy, Nepes serdaryň 2 müň atlysy, Gök serdaryň 500 atlysy birleşip, şanyň goşunyny ýeňýärler. Ryza şa Pehlewi (sagda) Atatürk bilen. Ryza han Germaniýadan 25 uçar satyn alyp nemes uçarmanlaryny hakyna tutýar. 1925-nji ýylyň ýazynda dişine çenli ýaraglanan şa goşunlary şol ýylyň güýzüne çenli söweşýärler. Uçarlaryň kömegi bilen türkmen obalarynyň, ilatly ýerleriň üstüne üznüksiz bomba taşlaýarlar. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |