22:33 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -7 | |
Ýedinji bap
Romanlar
SYRLY SYÝAHAT 1. Artyk han Annanyýaz bilen Ýelli paryň hem gitjekdigini bilip: – Haý, ogul, näme, sen täjir bilen ýola, molla bilen ile gitmeli däldigini bilmeýädiňmi? – diýdi. Aýnabat eje adamsynyň pikirini oňlamady: – Goýaweri, kakasy, Ýelli baýyň söwda-satyg diýip barmadyk ýeri-ýurdy barmy? Tanşy-bilşi köpdür, ýoldaşlyja bolany allanäme – diýip, oglunyň elin ýoldaşly bolandygyna begenýändigini nygtady. Aşgabatdan otla münmelidi. Annanyýazyň hemem oňa ýoldaş bolup gidýän Ýelli paryň biletleri alnypdy, uýezd naçalniginiň esgerleri olaryň küpesine bäş sany uly çemodan bilen üç-dört halta gawun getirdiler. Küpede uýezd naçalnigi öňem telim gaýtalan sözlerini – bu zatlaryň elin gowşurylmalydygyny ýene çintgedi. Sankt-Peterburga ak patyşanyň hasabyna gezelenje gidýän diňe Annanyýaz däldi, gidýänler otuz-kyrk adam bardy. Türküstan ülkesiniň her obasyndan atly-abraýly adamlar ugradylýardy. Maksat düşnüklidi: Ülkäniň çar künjeginiň mertebeli adamlary ak patyşanyň ýurdunyň gaty uludygyny, ýurduň şäherleriniň owadandygyny, baýdygyny, iň esasan hem çensiz-çaksyz güýçlüdigini görüp, obadaşlaryna öz haýran galmalaryny gürrüň bermeli. Ana, şol gürrüňleri diňländen soň türkana türkmen akylyna aýlanyp, mugyra gelmeli, ak patyşanyň edenine kaýyl bolup, näme diýse, gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirmeli. Bu syýasaty gurnaýjylar soňunyň netijeli boljagyna gaty berk ynanýardylar. Otluda türkmenleriň, garamaýaklaryň münmeli wagony bilen ak patyşanyň raýatlarynyň wagony aýrydy. Barjamly adamlaryň wagony-da aýrydy. Bir otluda gidýän hem bolsalar, Annanyýaz bilen syýahata gidýän otuz-kyrk baýyň münen wagonlary-da aýrydy. Naçalnik Annanyýazyň syýahatçylardan aýrydygyny öwran-öwran nygtady. Annanyýaz baý gezelenje gitmeli bolaryn diýip asyl pikirem etmändi. Sankt-Peterburga-da gitmek niýetinde ýokdy. Ýogsam türkmen baýlarynyň, kethudalarynyň Sankt-Peterburga gitjekdigi hakda telim ýola eşidipdi. «Gitmek isleýäňmi?» diýip, Koşmann ondan iki gezek ýöriteläp sorady. Annanyýaz gitjek däldigini aýtdy. Şonuň bilenem gürrüň gutardy. Gitmek isleýänler welin köpdi. Ýöne... Gepem şol ýönede. Ýöne bir gün Koşmann olaryň öýüne ýöriteläp bardy. – Meniň Sankt-Peterburga iberjek dört-bäş çemodan ýüküm bar. Gidýänleriň içinde ynamdar adam ýok. Onsoň senden haýyş etmegi ýüregime düwdüm. Ýüklerimi otla ýükläp berjek. Sankt-Peterburga baraňda oglum bilen gyzym öňüňden çykar. Seni myhman alarlar. Şähere aýlarlar. Sen gidýän topardan aýratyn bolarsyň. Gaýrat et, meniň ýükümi Sankt-Peterburga aşyryp ber. Onsoňam çagalarymyň saňa hormaty uly. Olar saňa hyzmat etmek isleýärler. Ähli zadyň mugt – diýip, Koşmann ilki Annanyýaza ýalbardy, soňundan Artyk handan haýyş etdi. Grafyň raýyny ýykmazlyk üçin razylyk beripdiler. Ýok diýip bilmänligi, «Ýok!» diýen ýeke sözi aýtmagy başarmandygy üçin Annanyýaz baý gidip barýardy. Dünýäde iň kyn zat «Ýok» diýmek bolsun gerek. Dünýäde iň kyn zat adamyň raýyny ýykmak bolsun gerek. Ýüz ýüzden, ýüz otdan yssy. Türkmene ýok sözüni aýtmak gaty kyn. Annanyýaz baý polady ýumşak bolansoň, onuň aňsat-aňsat ýok diýmeýänliginden, adamyň ýüzüne durmaýanlygyndan, gör, näçe adamlar peýdalandylar. Ýene, gör, näçe adamlar peýdalanarlar! Annanyýaz otluda köp zatlar hakda oýlanmaga pursat tapdy. Şu güne çenli boş wagty bolmady. Güni ylgawda geçdi. Annanyýaz oýlanmaga, köp zatlary seljerip-dökmäge pursatyň boljakdygyna begendi. Bagdatda okan ýyllaryny ýatlady, birdenem gama batdy. Ol, näçe gözlenilse-de, näçe wagt geçse-de, tapylmaýan ýaňagy meňli gyzy ýatlady. Özem wagt geçdigisaýy Annanyýaz ol gyzy köp ýatlaýardy. Annanyýaz görlüp-eşidilmedik harasada uçrapdy, ony ýyldyrym urupdy, gara ýel bolsa köwsarladyp, ony bir asmana alyp gidýärdi, bir Zemine düşürýärdi, oňa hiç ýerde-de rahatlyk ýokdy. Ol gidip barýar... Gara gözleri, şar gara gözleri ýyldyrymly gyzy goýup gidip barýar. Ol men diýen ýaşynda ýalňyz duşan gudratyny goýup gidip barýar. Ol şar gara gözleri ýyldyrymly gyza duşaly bäri başga bir dünýäniň goýnuna doldy. Ol dünýäde oý-pikirler şirindi-şekerdi, ol dünýäde Annanyýaz ganat baglap uçup ýördi. Onuň gijeleri süýji düýşe, gündizleri ajaýyp hyýala aýlanypdy. Ol hyýalyň, düýşüň içinde ganat kakyp perwaz urýardy. Ynha, ol şeýle gudratly bagtyndan daşlaşyp barýardy... Nähilidir bir ýiti tyg onuň jigerini para-para edip kesişdirýärdi, ýoňsuz yza çydamadyk jiger çirkin gygyrýardy. Bagry gara dag ýaly nagra dartyp bagyrýardy... Ol bagtyny taşlap gidip barýar. Näme diýip gidip barýar? Ol maňlaýyny penjiräniň erňegine urup, özüni günertleýärdi, käýinýärdi. Ýeri, ol bu gezelenje gitmäninde näme elinden gelýär? Ol gyzyň kimiň gyzydygyny bilmeseň, hiç bolmanda, obasynyň haýsydygyny bilmeseň, adyny ýa kakasynyň adyny bilmeseň, nireden taparsyň, ol gyzy? Toý-tomgy bolaýmasa, daşda-içde gyz-gelne duşjak gümanyň barmy? Gyzlar türkmeniň töründe otyr, gyzlar türkmeniň ýüreginde otyr! Kesekiniň ýüreginde oturan gyzyny nädip agtaryp taparsyň?! Annanyýazyň şar gara gözleri ýyldyrymly gyzy gören obasynda – Akdaşaýakda geçen iki ýyl içinde kän toý tutuldy. Annanyýaz ýanyna Durdyny, Allandyr Rejebi alyp, ol toýlarda her gezek köweň-söweň edip, daş-töwerege esewan etdi, emma ol gyz ýok! Ýok! Ölseň-de, ýitseň-de, ol gyz ýok! Eýse, her toýda gözi ýyldyrymly gyz bolarmy?! Sag ýaňagy meňli gyzy iki ýyl agtaryp tapmadylar, ýöne oňa derek Durdy bir çykalga tapdy. Annanyýaz hem oňlady. Olar Ýelli paryň ýok wagtyny peýläp, Ýelli paryňka bardylar. Ýelli paryň Orsýetden getirýän harytlary Gökdepe bilen Änew ortasynda ähli obada satylýardy. Ýelli par her obada bir ýa iki adam tutup, harydyny şoňa berýärdi, ol adam hem belli bir haka ýerläp berýärdi. Garaz, her obada Ýelli paryň öz dükany bardy. Harytlary Ýelli par paýlasa, pullary aglaba Ýelli paryň aýaly Jemeje ýygnaýardy. Jemejäniň hakyky ady Jemalsoltandy, özem ozal ýogalan garry ejesiniň adyny göterýärdi. Garry Jemalsoltan ejä bolsa Gypjagyň ýerden ýöräni Jemeje diýerdi. Ýelli paryň maňlaýyna ýazylan Jemalsoltan çagalygyndan başlap Jemeje boldy galyberdi. Annanyýaz bilen Durdy ýagşy-ýagşy sözleri paýradyp Jemejäniň ýanyna bardylar. Ondan-mundan gürrüň etdiler. Annanyýaz wagt arap: – Daýza, men daýyma göreşde alan baýragymy gyr bedew bilen agyr halyny sowgat beripdim weli, ol alybam gaýtmandyr-la, ýa menden öýkeläp-zat edip ýörmi? – diýdi. – Wah-eý, Nyýaz jan, aljagyny bilse, heý, daýyň öýkelärmi?! Nebsiniň eşegi bizi masgara edipdir ahbetin... Mura-mugt gyr bedew bilen agyr halyny az görüp, Artyk hana: «Bu baýrak Allanyň beren baýragy! Ol öýüňde dursun, il-gün görsün, sen, ýegen, gowusy, bahasyny beräý olaryň» diýipdir. Artyk hana-da siz belet: «Ýelli baý, baýragy almasaň, at bilen hala özüň baha kes-de, puluny alaý» diýipdir. Wah, ol doýmaz-dolmaza geregi şol-da, iki atyň, iki halyň bahasyny alyp gaýdypdyr. Artyk hana görünmäge ýüzüm ýokdur, hazan almyş Ýelliň derdinden... – Nesip etsin alan bolsa, toýňuza ýarasyn! Artyk handanam çykmaly bor ahyry – diýip, Annanyýaz sypaýysyrady. Bu söwdalary bilmänden soň oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Dessine özüne bir aýratyn ýumuş bardygyny süňňi syzan Jemeje, gollaryny owkalap, olary düşege geçirdi. Durdy ýagdaýy beýan etdi. Durdy Jemejä toýa gidişlerini, göreşe çykyp baýrak alyşlaryny, şol toýda hem üýtgeşik bir gyza duşandyklaryny, oňa-da Annanyýazyň hak aşyk bolandygyny aýdyp berdi. Jemeje: – Berekella! Akdaşaýaklardan iki gyz algymyz hem bardyr biziň – diýip, gürrüňe başlajak boldy. Durdy: – Gelneje, şol gyzy tapmaly sen! – diýdi. – Wah, adyny, obasyny bilmeseňiz, tapyp bolarmyka? – Tapyp bolar, ol örän üýtgeşik gyz – diýip, Durdy suratlandyrmaga başlady. Annanyýazyň ýüzi laplap ýanýardy, gyzarýardy, bozarýardy, emma gark bolanyň sypaldan haraý gözleýşi ýaly, ýeke-täk ýol Jemejedi, ýöne Durdynyň ol beýan edişi bilen Jemeje ýiten sygry hem tapyp bilmeýär. Annanyýaz: – Jemeje, Durdyny diňleme, ynha, men ony aýnada göreniň ýaly edip bereýin – diýip, suratlandyryp başlady. Ellerini kelemenlendirip, süýjüdip gyzy suratlandyrdy, Jemeje aýnada gören ýaly boldy: – Gulmyradyň gyzy ýaly gyz diý-de, goý-da, oglan! – Wah, Jemeje, Gulmyradyň gyzy Ogulbibi oňa çorulyga-da ýaramaýar, ýok, ýok, ol bir gara tüňçe ýaly bela. Meni diňle – diýip, Annanyýaz ýaňadan suratlandyryp başlady. – Owadan, şeýle bir owadan, Aýyň parçasyndan ýasalan ýaly... Sag ýaňagynda iki sany garaja meňi bar, ylla Demirgazyk ýyldyzy ýaly ýanyp dur... – Meňimi? – diýip, Jemeje geň galyp sorady. Durdy hem Annanyýaza gyzy suratlandyrmaga kömekleşdi, ahyry Jemeje olaryň gyz suratlandyryşyndan gözlenýän gyzy takmynan göz öňüne getirdi. – Waý, ýegen, Gynnanyň gyzy ýaly diý-de, goý-da! – Kim ol Gynnanyň gyzy? – Nury gyşygyň heleýi Gynna näme? – Men-ä Gynna ejäniň gyzynyň barynam bilemok – diýip, Annanyýaz haşlady. – Goý, goý, ýegen, ol görgülijik saňa görünjek bolup öýňüziň ýanyndan günde ýüz ýola suwa geçýär. Suw daşap-suw daşap syrgynlaryny gark aldyrmaýanyna men haýran. Uly il ony bilýär, senem o gyzyň barynam bilemok diýen bolýaň. – Jemeje, ynha seret, edil şujagaz ýerinde birem däl, iki sany meňi bar, biri hünji ýaly, beýlekisi iki hünji ýaly. Maňlaýy giň, gaşlary pelpelläp uçjak-uçjak bolup dur. Kirpikleriniň uçlary çowluja, boýy hem özge gyzlardan bir ýarym, iki garyş uzyn... – Beýleki gyzlardan iki garyş uzyn... Kersene dagy çykyp duran däldir-dä. – Nädýäň-äý, Jemeje, ol ýerde kersen näme işleýär?! Nireden geldi-aý beýle murdar pikir? – Ýegen, soranymy aýyp bilme, beýleki gyzlardan iki garyş dagy uzyn bolsa, bagtyň geldigi. Birinjiden, men uzyn gyzlary soramaly, uzyn gyzlaryň hem ýaňagy meňlisini... Meň çep ýaňagyndamy, sag ýaňagynda? – diýip, Jemeje ýyrş-ýyrş etdi. – Sag ýaňagynda... – Sag ýaňagynda iki meňi bar bolsa, ol gyzy beýläme geçirdim hasap et, ýegen, gitdigim, tapdygym bil! – Tapsaň, gadyryňy biljekdirin, daýza jan! Bir gyzyň bahasyny berip, orsuň iň gowy şaý-sepini ýalpyldadyp alnyňda goýaryn... – Waý, ýegen jan, bu zamanyň gyzynda-gyrnagynda baha barmy näme? Sen daýzaňdan arkaýyn bol-da, maňa etjek serpaý-senediňi arkaýyn alyber. Eger artygrak alsaň, bahasynam beräýerin. Men käbir adam ýaly gysganç däldirin. – Ýo-ýo-ýo! Jemeje, şu gepi bir sen bilýäň, bir men bilýän, birem ýokarky bilýär. Ýöne meni masgara edip oturyberme!.. Jemeje, diliňe bir berk bolaweri! Artyk han eşitse, başymdan gylyjy salar! – Artyk han eşitse, menem sylap goýmaz. Emma Artyk han eşitmez. Gaty hatyrjem bolgun. Jemeje ertesi, aýdyşy ýaly, ýola düşdi. Oba-oba aýlanyp haryt satdyrýan öýleriniň bikesi bilen ondan-mundan gürrüň eden bolup, gözi ýyldyrymly gyzy sorap başlady. Öýüň eýesi aýalam, näme, bir gepiň baryny bilip, änigine-şänigine ýetmän goýýarmy? Garaz, Jemeje iki ýarym aýyň içinde on bäş oba bardy, boýy uzyn, sag ýaňagy iki meňli gyzlaryň adyny, atasynyň adyny ýazyp bir depder etdi. Ol Annanyýaza belet, onuň diýen gyzyny tapyp bilse, gönenip galjagyny bilip dur. Gyzlaryň sany otuzdan geçdi. Işini çig etmejek bolup sag ýaňagy, çep ýaňagy meňli gyzlary bir başdan ýazdy. «Hiç ýerde aýtmaweri» diýip, bukuly gep aýdylan aýallaryň sany hem altmyşdan geçdi... Ine, indem Annanyýaz bilen Ýelli baý alys bir ýurda otly bilen barýar, ýöne olaryň otly bilen geçen menzilini Jemeje paý-u-pyýada sag ýaňagy meňli gyzyň gözleginde geçirdi. Iki erkek kişi ýadady, Jemeje ýadamadam, asyl. Annanyýaz irikgä bolup oturyşyna Jemejäni ýatlaýar. «Jemeje ol gözel gyzy tapdymykan? Öz-ä taparyn diýdi. Söz berensoň, sözünde tapyljak bolar-a ol. Arkaýyn bol, maňa berjek serpaý-senediňi alyber. Gelýänçäň, men guda-da bolup goýaryn diý-dä! Tapjagyna azda-kände ynamy bolmadyk adam beýle ynamly gürlemez-ä! Aý, Jemeje zor-a! Wah, ony özüm tapjak bolup serimsal bolup ýörmän, başda Jemejä aýdaýmaly ekenim. Onda bireýýäm ol gyz meniň dulumda bolardy. Ol özüne bähbitli bolsa, ýedi gat ýeriň aşagyndaky zadam tapar. Onuň tapmalysy bolsa, obada ýaşap ýören gözel gyz. Özem onuň ýaly owadan, özem ýaňagynda onuňky ýaly goşa meňli uzyn boýly gyz başga ýogam. Onsoň näme tapman! Jemeje Akdaşaýaga baryp sorar, baran ilkinji öýünde-de oňa: «Bä, seniň ol diýýän owadan, ýaňagy goşa meňli uzyn gyz diýýäniň-ä pylanynyň gyzy. Ýör, men saňa olaryň öýlerinem görkezeýin» diýip, Jemejäni şol gözleri ataşly gyzyň öýüne elter. Ol gyzam Annanyýazlardan sawçy, sözaýdyjy gelerine garaşypjyk oturandyr. Sebäp ol meni tanandyr, aşyk bolanymam bilendir. Allatagala erkeklere güýç, zenanlara duýgurlyk beripdir. Zenanlar erkegiň gözüne seredenden içindäkini bilipjik durlar ahyryn. O gyz Garahan döwi gübürdedip ýykmagyma özüniň sebäp bolandygynam bilýändir. Duluma geçiremsoň, ol bu hakda hökman aýdar. Eý, Hudaýjan, ol gözel gyz haçan duluma geçerkän?! Ol gyzy nädip tapyp bolarkan?! Wah, Akpamygyň çöregi bolsa, ol çörek meni şol gözel gyzymyň gaşyna eltse!» Otly on sekiz sagatda olary Şagadama eltdi. Ol ýerde bir gije dynç alyp, bular Aždarhana barýan ýük gämisine mündüler. Aždarhana ýolagçy gämisi hepdede bir ýola gidýärdi. Ýola belet, her bir işe gaýym Ýelli baý dessine tanyşlaryny ylgadyp ýük gämisini tapdy. Olar ýük gämisi bilen dört ýarym gün diýlende Aždarhana baryp düşdüler. 2. Ýelli baý Aşgabatdan Şagadama çenli äpet deňiz barada, onda turýan kyýamat gaýlary barada, arak içäýmeseň çydap bolmaýandygy barada gürrüň berme kemini goýmady. Emma Ýelli baýyň aýdan kyýamat gaýy bolmady, ýöne deregine gaýda halas edäýýär diýip alan ýedi-sekiz çüýşe aragyny weli içip keýpden çykdy. Ýelli baý özüniň kimdigini görkezjek bolup pul seçýärdi. Gämi durup-durmanka iki sany deňizçi ýük arabasyny agtarmaga gitdi, çünki gämi ýük gämisi bolandan soň deňiz wokzalyndan başga ýerde durýardy. Emma ol ýere hem Ýelli par beletdi. Garaz, bir sagadyň içinde dört arabany mas ýükläp, Annanyýaz bilen Ýelli par ýüküň yzyna paýtunly düşdi. Özem her dem: – Ýegen, ýüke eliňi degirme, begsiň, göteren götersin! Puluň işleýän ýurdudyr bu Ajdarhan! – diýip, Ýelli baý nygtaýardy. Ol özüni akylly, ugurtapyjy görkezmäge çalyşýardy. – Annanyýaz jan, adamy üç zatda tanap bolýandyr. Meniň üç zat diýýänimiň birinjisi uzak sapardyr. Saparda kimiň kimdigi gaty açyk tanalýandyr. Şonuň üçin türkmen mydama «Namarda ýoldaş etmesin» diýip dileg edýändir. Ynha, ikimiz uzak ýola ýoldaş bolduk. Sen meni has ýakyndan tanarsyň. «Haý, Ýelli kakamyň gadyr-gymmatyny bilmändirin, Ýelli kakam perişde ýaly adam eken. Ýelli kakamy depäme täç edeýin» diýersiň. Onsoň, adam tanamagyň ikinji ýoly aluw-satuwdyr. Pul diýip bir bela-beter bar, ol dosty duşman, duşmany dost etmegi başarýar. Aluw-satuwda diňe bir haryt däl, eýsem kimiň kimdigi, ynsap, messep hem terezä münýär. Käbir kişi hažžyk-hužžuk edip, sadarak adamyň ýagyrnişligini otlap goýberýär. Diňe bir gezekki bähbidini bilýän, diňe adamy her edip, hesip edip ütmeli diýýän kişi uzak gidip bilmeýär, baýlyk hem toplap bilmeýär. Seniň bilen bir gezek söwda eden ikinji gezek söwda etmäge ýaýdansa, onda seniň bagtyň ýatdygy. Seniň Ýelli kakaň welin, aluw-satuwyň gözüni bilýär, gözüni. Seniň Ýelli kakaň diňe Gypjaga däl, tutuş Kesearkaja gerekli adamdyr, ähli kişi meni gowy görýändir, daşyma bal çalnan ýalydyryn, nirä barsam: «Ýelli jan-da, Ýelli jan» bolşup, nirede oturtjaklaryny bilýän däldirler. Näme üçin? Sebäbi men ile bolsun edýän. Men süýji dilim bilen satýan zadymyň daşyna bal çalýan, harydymyň waspyny ýetirýän. Onuň üstesine iki-üç esse artyk bahalajak bolup duramok. Bir manadym iki bolsa, maňa başga gerek däl, alyp biljegimi bilip-görüp dursam hem alamok. Onsoň, adam tanamagyň üçünji ýoly goňşuçylykdyr. Goňşularymyň ählisinden sorap göräý, seniň Ýelli kakaňdan närazy adam ýokdur. «Kyýamat güni goňşudan» diýleni, men goňşularyma mydama dadymlyk berip durýaryn. Men göz edýän. Goý, olar meniň waspymy ýetirsinler diýýärin. Olar meniň waspymy ýetirip dursalar, men gazanjymy taparyn. Dünýäde meniň ýaly gowy goňşy gündiz eliň maşally agtarsaňam tapmarsyň. Gowy ýoldaş – ýoluň ýarysydyr. Meniň bilen ýoldaş bolsaň, içiň gysmaz. Wagtyň laçyn guş deýin çalt uçar. Ýoldaşyň ýaramaz bolandan ýoluň ýaramaz bolany gowudyr. – Ýelli daýy, sen-ä gömlüp ýatan hazyna ekeniň. – Wah, Nyýaz jan, men hazynadyryn. Ýöne türkmen söwda-satyg edýän adamy halanok, türkmen söwdagäri ütüji biynsap hasaplaýar. Men türkmeniň o hili pikir edýän adamlaryndan däl. Oba baranymyzdan soň Ýelli daýy diýip meni diliňden düşürmersiň. Ynha, görersiň. Hany, ýör yzyma düş, men saňa akylyňa-huşuňa gelmejek, Ýelli daýyňdan eger-eger garaşmadyk zatlaryňy görkezeýin. Annanyýaz: – Daýy, biz niräk barýarys? – diýip sorady. – Baraňda görersiň, ýegen! Bardylar, Annanyýaz gördi: şäheriň demirgazygynda özbaşyna bir howly. Derweze açylan badyna öýdeniçer gelip görüşdi. Ýelli baý öýdeniçere tabşyryk berip, Annanyýazy alyp öýe girdi. Öýdeniçer eýýäm çaý-suwy taýynlapdyr. Hemmesem Ýelli baý bilen gara gadyr. Bir salymdan alty-ýedi ýaşlyja oglanjyk ylgap gelip, Ýelli paryň gujagyna dolup, ogşap bolubilenini boldy. Annanyýaz bilmezlige salyp, Ýelli pary göterip goýberdi: – Daýy, bujagaz oglanjyk kim? Özi çyparja diýmeseň, tanyş ýüze meňzeýär. – Öz daýyjygyňdyr bu. – Ýelli par hezil edip güldi, soňam oglanjyga ýüzlendi: – Atam, hany, ýegene, ýaragyňy görkez bakaly. Oglanjyk werziş bolara çemeli, türsüjegini çekip, jüllüjegini görkezdi, sünnet edilipdir. Annanyýaz türkmen dessuryny saklap, oglanjygyň her eline bir gyzyl ýigrimi manatlyk imperialy berdi. – Haý, berekella! Tüýs türkmen bolupdyr. – Bujagaz oglanjyk, Atajan, atamyň ady dakylanjam... Jemejäniň öweý ogly, kakasynyň bolsa hak ogly! – Jemeje biläýse-hä ýüregi ýarylar, görgüliň. – Jemejeň bilse, ol-a ärsiz galar, menem Jemejeňsiz. Anha, ýegen, türkmen şeýdip täzeçe ýaşamalydyr. Goý, Artyk han köne türkmen boljak bolup kösensin ýörsün. Goý, Jülge pälwanyň ogly Gadam pälwan türkmen boljak bolup kösensin ýörsün!.. «Ýurdum! Ýurdum!» diýen bolup! Ýurt bormy ondan! Gündiz siňegiň ýurdy, gije çybynyň ýurdy! Ana, kimiň ýurdy ol! Jokrama yssydan ýaňa dem alyp bolanok. Türkmen şol ýakyp-ýandyrýan jöwzasyna «güneş» diýen bolup giňlige salyp bilýän millet. – Sen, daýy, meniň bilen gan-da-pyçak bolmajak bolsaň, türkmene hapa sürtjek bolma. Seni, sen ýalylary öz arasynda sygdyryp ýörenine şükür et. Jemejeden başga-da aýalyň bardygyna şükür et. – Daýzaň bir däldir, daýzalaryň bardyr, ýegen!.. Daýyň şol apgyrdyny basyp ýören gara heleý diýip hars urýandyr öýdýärmiň? Daýzalaryň bardyr, nesip bolsa, haýsy şähere barsak... Gadym zaman bir baý aýtmaýarmy ogluna: «Baý bolsaň, her şäherde bir jaý edin!» diýip... Akmak ogly bolsa bar baýlygyny berip, her şäherden bir jaý alýar!.. Ýelli paryň bolsa her şäherde jaýlyja heleýi bardyr, ýegen! – Daýy, ors dilini nirede beýle suwara öwrenip ýörsüň? – Onuň syry bar, Annanyýaz jan – diýip, Ýelli par ýylgyrjaklady: – Dil öwrenmegiň aňsatja ýoly bar. – Aýtsana, bizem ol syry bilip goýaly. – Dil dile degmese, dil öwrenip bolmaz. – Bä-ä, munyň-a nakyla-da meňzäp dur. – Ýelli baýyň her sözi pähimdir, nakyldyr. – «Dil dile degmese, dil öwrenip bolmaz» diýdiňmi? – Hawa, diýdim. Ýelli baýyň dili haýsy milletiň wekiliniňkä degse, şol dilde suwara gürläp durandyr onsoň. Men saňa bir akyldar pikiri, özümiň uýýan, ýörelge edinen bir pähimli pikirimi aýdyp bereýin – diýip, Ýelli par ýeli ýeten ýelken deýin bat aldy: – Bu ýalançynyň şatlygy, manysy alty zatdadyr. Meniň alty zat diýýänim nämeler? Birinjisi, baýlyk; ikinjisi, tut ýaly berk jan saglygy; üçünjisi, üzümiň suwy ýalyjak başga milletden bolan oýnaş; dördünjisi, asylly, görmegeý, ugruňda peýan-petek bolup ylgap ýören päkize aýalyň; bäşinjisi, kakasynyň diýeninden çykmaýan, «Tüýs kakasyna çekipdir, tüweleme, asylly hem akylly» diýip il içinde baha kesilýän ogul; altynjam, adamy adam edýän, mertebesine mertebe goşýan peýdaly bilim. Ine, şu zatlary gazanyp bilen adam bu dünýäde iň bagtly adam. Seniň kakaň dünýäň şu alty bagtynyň bäşisini edinen adam. – Galan biri haýsy? – Äl, bilýän dälsiň-ow, Nyýaz jan. Meni gepletjek bolýaňmy? Kakaň halal adam. Musulmançylykda «Erkek kişi ýoldan geçip barýan aýal maşgala gözüniň gyýtagy bilen bir gezek seretse, günä gazandygy, iki gezek seretse, zyna etdigi» diýip, bir gep bar. Seniň kakaň şu gepe uýup, günä gazanman ýaşan adam. Öýdeniçer nahar getirdi, dürli-dümen getirdi. Bir çüýşe arak hem orta goýuldy. – Ýegen, içeli! «Ýurdumy aldyrdym» diýip ýörmeli däl, ýurduňy alsalar, ýurt eýesiniň ýaşaýşy ýaly ýaşa! Ýöne maňa-ha, dogrymy aýdaýyn, gowy boldy. A-how, ak arak bilen ak mätişgä ýurt bereniňe degýär-how. Ha-ha-ha! Keýpler köklenip, dünýäsi ýazylan Ýelli par: – Ýegen, şü baýar bolköýnegiň ýüküni açyp göräýmesem, meniň ýüregim ýarylar – diýdi. Annanyýaz bolmaz diýdi. Ýelli par ýalbardy. Ahyry çydamadyk Annanyýaz: – Me, açyp gör-de, ynjal, daýy! – diýdi. Ýelli par bir uly çemodany açdy, içindäki zatlary görüp, haýran galmakdan ýaňa gözlerini tegeläp doňdy galdy. Çemodanyň içindäki zatlar Ýelli paryň düýbünden pikir etmedik zatlarydy: okara, çemçe, susak, ik, ýumak, dokmadarak, garaz, türkmeniň hojalygynda ulanýan köne esbaplary, gurallary. Ikinjini açdy: kiçijik haly horjun, ýüň jorap, ýüň ellik, keteniden bir geýimlik, guşak. Üçünji çemodan gyrmyzy don, silkme telpek, ädik, mesi... Garaz, bäş çemodanyň goşuny orta dökseň bir baýyň öýüniň goş-golamy, geýim-gejimi, atlaryň eýeri, alagaýyşy, jylawy boljakdy... Ýelli par buduna urdy, şapladyp-şapladyp urdy, lampa çökdi! – Wadaryg! Wadaryg! Wadaryg! – Hä, näm boldy, daýy? Wah, ne gözel gaplaňyň hamy gitdi! Wah, wah, wah! Mamamdan galan köne kerseni bersem, göwnüni awlap bolýan nekgendä ne gözel gaplaňyň hamy gitdi! Wadaryg!.. 3. Baý dul aýala öýlenen Ýelli par rus baýarlaryna meňzejek bolup, aýagyna öý çepegini, ýalaňaç egnine sütükli ýektaýyny geýip, öýde hanlyk satýardy, dul aýalyň öýdeniçerine, hyzmatkärine dürli görkezmeler berýärdi. Ol ýeke öýliniň horazy ýaly gopbaryp, Annanyýaza öz ökdeligini görkezjek bolup çytraşýardy. Daýysynyň maksadyna düşünýän Annanyýaz ony ugruna kowup, uguny ýekeleýärdi. Ýelli para Annanyýazyň her sözi tenekar deýin hoş ýakýardy, özüniň ökdedigine Annanyýazyň düşünmegini isleýärdi. – Häý, daýy, sen ters ugurdan giden ekeniň-ow!.. – Daýyň barýan ýoly rastdyr, ýegen. Daýyň bilýändir bu dünýäniň gapysy kanda, penjiresi kanda... Beg ýa han bolmak üçrip, ýanyň sapançaly, at üstünde gan döküp gahrymanlyk görkezmeli! Ol ýol türkmene ýapyldy. Seniň kakaň näme diýip uly-uly emellere geçmedi?.. At münüp, gylyç syrdy... Ak patyşaň adamlary at münen türkmene gabak astyndan seredýär, gabak astyndan... Daýyň bolsa, ynha, hä diýmän ullakan emelleriň birini eýeläýer... Zamana üýtgedi, zamana. Adamlaram üýtgedi, dogrusy. Türkmeniň birmahalky batyrlygy bu gün ýüreginden diline geçdi. Geçmişi bilen öwünäýmese, ýa batyrsyrap boş haýbat ataýmasa, aslynda hiç zat ýokdur. Geçä sakgal ir çykýar. Başarýan zadymyz akyl satmak. Baýa batyrlygyň geregi ýok. Ýogsam biziň kimligimiz bahym belli bolardy. Emma emelde, pulda gudrat bar, gudrat. Gerek bolanda Musa pygamber deňziň içinden suwy serpip, adam geçer ýaly ýol ýasaýar. Isa pygamber deňziň üstünden ýöreýär... Pulum bolsa pul düşäp men howadan ýöräp Hudaýyň ýanyna barmaýanmy?! – Bä, paňlaýaň-ow... – Meniň tiräm paňlardan ahyryn. Türkmen diýmek paň diýmek dälmi näme? – Ýygnan pullaryňy az görýäňmi? Iller-ä saňa tütjar baý diýýär, islese, Ýelli baý Nyşapur, Yspyhan ýaly baý şäher gurup biler, harjy ýeter diýýärler. Aşgabad-a Ýelli baýyň gysymynda diýýärler. – Ýak-heý, ýegen, sen daýyňy çüýrük baýdyr öýdýärsiň... Ýok, men tapanjamy ýygnap, Karun boljak bolamok. Men ýygnan pulumy özümiň keýpi-sapam, gowy ýaşamagym üçin harç edýän. Ýygnap nädeýin men. Daýyň tapanjasyny kime iýdirýär, anha, hol daýzaň ýaly zyba ak mapraç aýallara iýdirýär... Annanyýaz aýakly garpyz ýaly zyba aýala seredip ýylgyrdy: – Hä, daýy, pul düşäp baran ýeriňem şol tultujak daýzamyň ýany bolsa, bolupdyr, bolubilipdir... – Daýyňda onuň ýalydan kändir, görersiň, nesip bolsa, görersiň... Gäminiň ýadawlygy bir aýrylsyn bakaly, entek nämeler görýärsiň... – diýip, Ýelli par ýeserlik bilen göz gypyp goýberdi: – Iýmeli, içmeli, söýmeli, guçmaly dünýädir bi! O dünýä äkitjek zadyň ýok. Ölseň, endamyňdaky kiriňe çenli ýuwup aýryp galýarlar. Ýöne, Annanyýaz, Hudaýdan gizlemedigimi sendenem gizlemäýin. – Ýeri, ýeri?! – Meniň size gözüm gidýär... – Biziň nämämize gözüň gidýär, baý aga? – Maňa «Baý aga» diýdiň. Dogry, men baý. Sizem baý. Ýöne näme üçin il arasynda sizi-hä hormatlaýarlar, meni hem ili ütüp ýören söwdagär hasaplaýarlar, maňa hormat goýmaýarlar. – Ýelli par birden gaharlandy: ýa içen aragy kellesine urdy, ýa-da aňyrsynda baslygyp ýatan ahmyryny daşyna çykardy. Ol öňünde duran çüýşäni diwara bat bilen urdy. Çüýşe çym-pytrak boldy: – Ine, adalatsyzlyk. Meniň şuňa janym ýanýa, janym. Men ile ýagşylyk edýän, gerek diýen zadyny tapyp bermek üçin ýurt sökýän. Onsoň meniň ýurt söküp birine eden ýagşylygym-a söwdagärlik bolýar, Artyk hanyň iňňäň gözi ýaly eden kiçijik işem dag deýin sogap, ýagşylyk bolýar. Meniň size gözüm gidýär, men sizi ýigrenýärin. Şondan soň Ýelli paryň ýeli ýatdy. Ertesi turup, «ýadyna düşmeýän samahyllamalary» üçin üznüksiz ötünç sorady. – Içsem, degşip, bolgusyz sözlerem aýdybermäm bar meniň. Sen menden aýyp-syn etme, Annanyýaz jan. Annanyýaz Ýelli para ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmedi. Bäş gün diýlende Annanyýaz bilen Ýelli par ýola düşdi, niredesiň Moskwa diýip... Haýran galmaly ýeri, bularyň goş-golamy ozalkydan hem köpelipdi. Ýelli par halylarynyň üçden birini Ajdarhanda galdyryp, deregine iki esse başga-başga ýük alypdy. Annanyýaz goş-golamlary soranynda Ýelli täjir: – Bular Sarisyna baranda iki esse gymmatlaýar. Täjiriň gapjygy doly bolmagy üçin, ol aýak ýoluna hem boş gitmeli däldir! – diýdi. Annanyýaz başga dünýä düşüpdi. Türkmen ýurdunda meýdanlary tilkiniň hamy ýaly sap-sary görünse, bu ýerde niräňe baksaň, ýaşyl düzdi ýa tokaýlykdy, ýa owadan ýazy burk urýan baýyrlykdy. Hanha, ýaşyl, del tokaýlygyň içi bilen sag ýaňagy goşa meňli gyz seýkin basyp ýylgyryp gelýär. Onuň dyzyndan geçip duran şar gara ýylan ýaly saçlary owsun atýar, ol ýöräninde çolaşmaz ýaly sag eli bilen dört örümi hem bir tarapa sowup ýöreýär. Ýaňagy goşa meňli gyz birde al-ýaşyl baýyrlaryň ýüzi bilen gelse, birde aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän äpet derýanyň ýüzi bilen ýöräp gelýär. Annanyýaz «Ýer ala, ýurt ala» diýleni-dä! Gurbany boldugym bu derýa bir seret, heý, bu derýa ýaly derýa Kesearkaçda bolaýanda bolmaýarmy?» diýip, içinden gyýyldy. Ýelli par bilen Annanyýaz baý adamlar üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan wagona münüp bilmediler. Beýle wagona diňe ýerli baý-begler münmeli. Başga milletiň wekilleri garyplaň wagonynda gitmeli diýdiler. Etjek alajyň ýok, kemsidilmä kaýyl bolmaly. Annanyýaz dagy goşlary ýanymyzda saklajak, ýaman gözden gorajak bolup kösenip ýörmäli diýen niýet bilen otlynyň goş-golam saklaýan bölümine tabşyrdylar. Ýelli baý şondan soň arkaýynlaşyp, ýol ugra mahal-mahal arak içip, Annanyýaza Orsýet barada joşup-joşup gürrüň berýärdi: – Gözi gök, mazy ýaly saryja adam görsek, orsdur öýder ýörerdik, ýok-laý, mundan beýläniň halkynyň bary diýen ýaly jylk sary!.. Ors weli gaty az! Tatar diýermiň, nogaý diýermiň, başgyr diýermiň, çuwaş diýermiň, garaz, at tapyp bilseň, Magtymguly atamyzyň diýýän ýetmiş iki milletiniň köpüsi şu ýerde bar. Anha, hä diýmän Harabaly astansyýasynda durar! Harabaly! Adyny görýärmiň... Ors, ynha, bu derýa-da Wolga diýýär, bu ýeriň halklary bolsa aglaba atil diýýär. «Ata il» diýmekmiş. Biler bolsaň, bu at oguzlaň dakan adymyş. Bu ýerleriň halky et garyndaşyň bolmasa-da süňk garyndaşyň dagy bardyr!.. Orsça bilmeseň-de, söwda-da edip bolýar. Bu ýerleriň ýerli adamlary kileň öz Kesearkajymyzyň adamlaryna meňzeýär. Sarisyna çenli Ýelli par Annanyýazy gaty heläk etdi. Ir ertirden agşama çenli, eňegine jaň dakylan ýaly gepleýärdi. Gürleýärdi, arslan bolup arlaýardy, arak-şeraby ýeten çagy, başyny ýassyga goýdugam, haraz bolup harlaýardy. Eý, Hudaý, beýle-de bir hor çekmek bolar eken! Golaý-goltumdaky ýolagçylaryň hem bizar-peteňi çykýardy, ýöne olaryň biri münýärdi, biri düşýärdi, iş Annanyýazda bardy. Sarisynada Ýelli pary garşy aldylar. Ýük arabalary hem taýynlapdyrlar. Bu şäherdäki mätişgesi hem dalmynyp alnyndan çykdy. Ýelli baý bolsa özüniň ýene bir aýalyny ýegenine, onda-da ylymdar, söýgüli ýegenine görkezip bilenine monça boldy. Müň bir sargyt edip, otly ugraberende, ol Annanyýaz bilen hoşlaşdy... 4. Ýelli baý galansoň, gara ýel ýatan ýaly boldy. Asyl otlynyň tigirleriniň sesi hem gelip başlady. Ýalňyz özi galan Annanyýaz bolsa hyýallara berlip, mydama ýylgyryp duran ýaňagy goşa meňli gyz bilen duşuşdy. Annanyýaz gidip barýardy... Nämälim, görülmedik ýurduň içi bilen gijesi ýok, gündizi ýok, gidip barýardy: gitdigiçe-de ýatsa düýşüne girýän, oýansa, hyýalyndan çykýan gyzdan daşlaşyp barýanyna gynanyp, hopugyp, uludan dem alýardy, özüne käýinýärdi. Kimdir biriniň diýeni bilen ýurt söküp, alys ýola çykanyna ökünýärdi. Ol yzyna gaýdyp barýança goşa meňli gyzdan jyda düşäýjek ýalydy. Göz atuwynda gelnalyjy janlanýardy. Hana, bir giden atly goç ýigitler. Hana-da, üstüne kejebe ýüklenilen düýe. Kejebede şol peri-peýker gyz otyr sülmüräp. Ol kimedir birine durmuşa çykýar. Gyzyň garaýşynda nägilelik, ahmyr bar. Gyz: «Men saňa kän garaşdym, Annanyýaz jan. Demimi sanap garaşdym, yzymdan sawçy ibermegiňe garaşdym. Sen bolsa bir paryň yzyna düşüp barsagelmeze barýaň. Hoş gal, eý, geleňsiz oglan!» diýip zaryn gygyrýar. Gyzyň sesi küpäň içine ýaňlanyp giden dek, Annanyýaz töweregine garanjaklady, hiç kim ýok. Öwhüldäp gaýta-gaýta dem aldy, ýüregi göýä içinden çykyp gelýän ýalydy. Bir ýerde oturyp, bir ýerde durup sabyr-takady ýokdy. Eger gyza duşuşjagyny bilse, ol zymdyrylyp barýan otludan towsup düşmäge kaýyldy. Şol gyza gowuşmak üçin ol hemme zada kaýyldy. Annanyýaz özüne göwünlik bermäge çalyşýardy. Ýöne gowy hyýaldan, gowy pikirlerden müňkürlik, ýaramaz pikirler rüstem çykýardy. Aňynda, aňynyň nirededir bir ýerlerinde «Her näçe urunsaňam, indi saňa ol gözeliň didaryny görmek ýok!» diýip, içýakgyç pikir köwsar urýardy. Şol ýaramaz pikiri basmarlamak niýeti bilen Annanyýaz özüne zor salyp, ähli zady gowulyga ýormaga, özüne göwünlik bermäge çalyşýardy. «Ýeri, sen gaýtmadyňam-da, nädip taparsyň, adyny, obasyny bilmeýän gyzyňy?! Sen ol gyzy tapman aýralyga sezewar bolmaly bolduň! Ýogsa iki ýylyň içinde tapardyň. Ýogsa şol gyz öz obaňdan bolsa bolmaýarmy? Hiç bolmanda, Akdaşaýakdan ýa Garadaşaýakdan bolsa bolmaýarmy? Kesearkaçda oba kän, haýsy birine aýlanyp göreş tutup çykjak. Bar, oba-oba aýlandyňam-da, ol gyz mydama göreş tutulýar-ow diýip, her bir göreşe baryp ýörjek gyzmy?» Birden Annanyýazyň ýüreginde jigleme peýda boldy: «Ol gyz Mommak baýyň ýakyn garyndaşydyr! Hökman garyndaşydyr! Ýogsa ýat obadan gelen gyz ýat obanyň göreşine bararmy? Barmaz!.. Wah, çig süýt emen Adamzat!.. Daýzama: «Sen goşa meňli gyzy Mommak baýyň ýakyn garyndaşlarynyň içinden agtar» diýip aýdaýanyňda bolmaýarmy?» Annanyýaz penjiräniň ýanyndan aýrylyp lampa aşak çökdi... Goşa meňli gyz baradaky pikir, duz ýaly, içiňden iýip barýardy, ýalyn ýaly daşyňdan çirkizip barýardy. Annanyýaz hasratly pikirlerinden daşlaşjak bolup, ýene penjiräniň ýanyna bardy. Zor bilen pikirlerini üýtgetmäge dyrjaşdy. Ol aňyrsy-bärsi ýok tokaýlyklary, sansyz-sajaksyz obajyklary, şäherleri synlap barşyna, Orsýediň giňdigine haýran galdy: «Ýeri, şunça uly owadan ýurduň barka, biziň ýurtda körüň barmy? Ýaman ýeri, tomsuň jöwzasyna çydaman halys garört bolup gowrulyp ýörler. Onsoň burnunyň üstüne kagyz ýelmeşip, Gün gyzyp başladygy, jaýly-jaýynda busýarlar... Päli giden bolmaly! Bäri-bäri nebsiňi, doýmaz-dolmazlygyňy bu ýurt dolduryp biljek ahyry! Niçe gün bäri ýol söküp gidip barýan, ýene niçe gün ýol sökmeli!..» Annanyýaz pikir derýasynda gulaçlap, öz-özi bilen gürleşip, goşa meňli gyzy hyýalynda janlandyryp Sankt-Peterburga baryp ýetdi. Annanyýazy garşy aldylar, özem edil wagonynyň gapysynda. Onda-da kim garşy aldy? Ýaňagyndan emaý bilen posa alyp, alan posasy üçin gyzaran gyz garşy aldy. Özem ýanynyň birnäçe adamy, ýükçüleri bilen. Ol gyz örän köneden gelýän dostuny garşylan ýaly ýene emaý bilen Annanyýazy öpdi, özem iki ýaňagyndan öpdi. Annanyýaz özüniň iki ýaňagynda hem gyzyň lebleriniň yzynyň möhür ýalyjak bolup durandygyny ilem görýändir öýdüp gaty utandy. Gör-ä, geçen iki ýylyň içinde gyz ers-mers çykypdyr-a! Eýjejik gyz türkmençe gürledi. Hakyt türkmençe gürledi: – Nyýaz, salamälik! Annanyýaz geň galyp salamlaşdy. Eýjejik gyz ýene türkmençe gürledi: – Sag-aman geldiňizmi? Annanyýaz näme diýjegini bilmeýän dek, Oksana seretdi durdy. Eýjejik gyz sowalyny gaýtalady. – Nyýaz, sag-aman geldiňizmi? – Geldim, hiç hili kösenmän, gowy geldim. – Men türkmen dilini gowy görýärin. Türkmenler gowy. Men türkmen däp-dessurlaryna, türkmen aristokratiýasyna çäksiz hormat goýýaryn. Oksana türkmençäni şeýle bir çalgyrt gürledi, Annanyýaz öz ene dilini ilkinji gezek çalgyrt eşidenindenmi, ýa näzenin gyzyň mylaýym sesindenmi, ýüregi endiräp gitdi. Türkmen sözleri onuň gulagyna mukam bolup eşidildi, näziklik bolup duýuldy. Annanyýaz Oksananyň bu sözleri ýat tutandygyna begendi, guwandy. Natalýa Iwanownanyň bu sözleri ýazyp alan pursatyny ýatlady. Ýatlady-da ýylgyrdy, megerem, Oksana-da şol pursaty ýatlan bolsun gerek, mähir-mylaýymlyk bilen ýylgyrdy. Annanyýaz ýene haýsy sözlemleri ýazandygyny ýadyna salmaga çalyşdy. Ýatlady. Ýatlabam Oksana sowal berdi: – Türkmenleriň kalby nähili? Oksana göýä şu sowala garaşyp duran ýaly, örän howlukmaç jogap berdi: – Türkmenleriň kalby halylary ýaly owadan. – Gaty eziz gürleýäň. Ýakymly gürleýäň. Sag bol, sag bol, Aksona. Oksana geňirgendi: – Näme üçin Aksona? – Adyň türkmençe Aksona bolýar. – Aksona, Aksona – diýip, Oksana öz ýanyndan birki ýola gaýtalady: – Nyýaz, onda sen maňa mydama Aksona diý, bolýamy?! – Bolýar, Aksona. Gyz ýanynda saýawan göterip duran görmegeýden daýaw ýigidi görkezip: – Tanyş bol, meniň doganym Mihail Osipowiç Koşmann. Ýöne Mişa diýäýmeli. Mişa uniwersitetde okaýar. Dünýäň taryhyny öwrenýär. Maňa-da mydama taryhdan gürrüň berýär. Menem taryhçy bolýan basym – diýip, jykyr-jykyr güldi: – Tanyş bol, Mişa, Nyýaz! Gaplaň awlaýan ýigit! Mihail Annanyýazyň elini berk gysdy: – Maňa Oksana Türkmenistan barada, siz hakda kän-kän täsirli gürrüňler berdi. Oksana Türkmenistany biçak halapdyr. Ol Aşgabatda bolan günlerini uzynly gün gürrüň bermekdenem ýadamaýar. Gyz bagtdan dolup-daşyp jedirdeýärdi. Bu mahal ýükçüler Annanyýazyň beren hat-petegi bilen ähli ýükleri alyp araba basypdylar. Annanyýaz, ýumşak leblije kebelek ýaly ak gyz, Mişa üçüsi stansiýanyň giň aýmançasynda duran kiçijek ýeňil maşyna münüp ýola düşdüler. Howa garalyp, ýagyş sepeläp ugrady. Mişa saýawany gerip, gapdalynda oturan gyzy penalady. Oksana bolsa jedirdäp, türkmen topragynda gören geň-taňlyklary barada agzynyň ýetişdiginden gürrüň berýärdi. – Bilýäňmi näme, türkmenleriň gaty täsin däp-dessurlary bar – diýip, Oksana Annanyýazdan eşiden gürrüňlerini ýadynda galyşy boýunça Mihaile gürrüň bermäge durdy: – Men türkmen öýüne myhman bolup gördüm. Myhman alnyşym, öýüň däp-dessurlary meniň hiç mahal ýadymdan çykmaz. Türkmen ezizlän myhmanyny öýüniň töründe oturdýan eken. Myhmanlary oturan ýerlerine seredip, nähili derejedäki adamdygyny tanap bolýar. Törde, öý eýesiniň sag tarapynda iň tanymal ýa-da iň hormatlanýan myhman oturdylýar, öý eýesiniň çepinde sag tarapdaky myhmandan derejesi boýunça biraz aşakdaky myhman oturýar. Öý eýesi myhmany garşylaýar, aýratyn hormat hökmünde myhmanlar bilen iki eli bilen elleşip salamlaşýar. Öýe girmezden öň myhmanlar ähli ýaraglaryny öý eýesiniň görkezen ynamdar adamyna tabşyryp, soň içeri girýärler. Myhman töre geçýänçä öý eýesi, öýüň agzalary dik durup, myhmany hormatlaýar. Myhmany ýeke galdyrmak edepsizlik hasaplanýar. Myhmanyň ýanynda içini gysdyrmazlyk üçin suhangöý kişileriň biri, ikisi hökman oturýar. «Myhman ataňdan uly» diýen nakyl bar. «Myhman oňlasa, atyňy soý» diýýärler. Aty bolsa, türkmen iň ýakyn dosty, gardaşy hökmünde gowy görýär. Kakam gürrüň berdi: bir gezek Lomakin bir oba myhman bolupdyr, mal soýup, ony milli tagamlar bilen hezzetläpdirler. Ol malyň ýumşajyk böwregini has gowy görüpdir. «Bäý, gowy eken» diýipdir. Uzynly gije Lomakini diňe böwrek bilen hezzetläpdirler. Ertesi Lomakin daş çykyp görse, kyrk-elli goýnuň läşi serlip ýatyrmyş. Lomakin gije böwregi alnan, doly soýulmadyk mallary görüp, dilinden sypdyran sözüne biçak gynanypdyr, gynanaňda näme, boljak iş bolansoň. Lomakin-ä bir baýyň myhmany bolupdyr, ýöne türkmen garyp bolsa-da, öýüne myhman gelse, iň soňkuja malyny soýup myhmany hezzetleýär. Türkmen hiç zat aýtmaýar, ýöne saýry myhman bolsaň, özüňden bilmeli zatlaryň bar: näme iýesiň gelýändigini aýtmaly däl, näme berilse iýmeli. Aýallarynyň ýüzüne seretmek gadagan. Türkmen gaty gabanjaň halk. Türkmen aýal namysyny özüniň mertebesi hasaplaýar. Namysyna şek ýetirdenden ölenini ybaly görýär. Şonuň üçin myhmany hernäçe hormatlasa-da, depesine täç etse-de, aýalyna hyrydar göz bilen bakandygyny bilse, edil goýun soýan ýaly pyhladyp damagyny çalaýýar. Myhman öýüň içindäki zatlar barada öz pikirini aýtmaly däl. Eger öýüň bir zadyny myhman gowy görse, öý eýesi onuň gaty gymmatbaha zatdygyna seretmezden, sowgat berýär. Türkmen myhmany döwlet, bagt hasaplaýar. Myhmana eden hyzmaty üçin Allanyň ýalkajakdygyna ynanýar. Myhman almak sogap. Türkmenleriň arasynda hiç iş etmän, ömrüňi myhmançylykda bol-telki geçirip boljak. Eger yzyňdan duşman öldürmek üçin kowup gelýän bolsa, türkmeniň haýsam bolsa bir öýüne giräýmeli. «Meni myhman aljakmyň?» diýmeli. Öý eýesi «Gelen döwlet, gözüm üstüne ornuň bar» diýer. Ana, onsoň sen hiç kimden gorky-ürki etmän töre – myhmanyň ýerine geçip oturybermeli. Öý eýesi duşman bilen düşünişer. Düşünişip bilmese, duşman bilen söweşe girer. Iň soňky demine çenli seni gorar, öler, ýöne duşmanyň haýbatyndan gorkup seni duşmanyň eline berip goýberäýmez. Özem ol myhmanyny daş işikden ugratmak bilen çäklenmeýär. Esli aralyga çenli ugradar. Eger ýol hatarly bolsa, onda türkmen myhmanyny onuň barmaly ýerine çenli ugradypdyr. Türkmen üçin myhman adaty adam däl, keramatly adam, Alladan gelen wekil. – Sen-ä göni türkmenleriňkä myhmançylyga gidibermeli etdiň. – Men çynymy aýdýan, Mişa. Türkmene myhman bolsaň, ömrüňe görmedik sylag-hormatyňy görersiň. Özem türkmeniň myhmansöýerliginiň uzyn taryhy bar. «Awestada» mätäji myhman almadyk türkmen berk ýazgarylýar: «Goý, ol syrat köprüsinde ejir çeksin» diýilýär. Syrat köprüsinde ejir çekenden türkmen mätäji myhman alanyny gowy görýär. – Oksana, seni türkmenler jadylapdyr. Seniň aňyňda türkmenlerden başga zat ýok. Oksana Mihailiň degişmä salyp aýdan bu sözlerini ýokuş gördi. Onuň şadyýan ýüzüne gynanç çaýyldy. Oksananyň öýkeländigini Mihail-de, Annanyýaz-da duýdy. Mihail öz ýalňyşyny düzetmek üçin çalyşdy: – Oksana, sen türkmenleri türkmenlerdenem gowy tanaýarsyň. Sen türkmenler boýunça janly ensiklopediýa. Seniň gürrüňleriň boýunça dünýäni aňk etjek roman ýazyp boljak. Türkmenler hakda kimiň nämedir bir zat bilesi gelse, göni senden soraýmaly. Saňa türkmenşynas professor diýen belent at bermeli. Mihail bu sözleri çyn ýürekden aýtdy, ýöne, megerem, Oksana bu sözlere kinaýa hökmünde düşünen bolsun gerek, köşeşmedi. Şondan soň hiç kim gürlemedi. Uzak wagtlap dymyşlyk hökmürowanlyk sürdi. Olar daş ýol bilen ýedi wýorst1 çemesi ýol geçdiler, tokaýlyk tamamlanyp giden giň ýaýlaly meýdanda oba göründi. Obanyň çetinde iki gat haýbatly howluly jaýa ýetiberenlerinde Oksana: – Ynha, biziň mülkümiz, bu oba biziň obamyz, daýhanlar biziň daýhanlarymyz, biz gadym asylly dworýan, siziňçe beg bolýarmy? – diýip ýylgyrdy. Annanyýazy gowy garşyladylar. Birneme öwrenişenden soň Mihail edep bilen Annanyýazyň telpegini görmegi sorady, arasynda Oksananyň aýdyşy ýaly, türkmeniň telpegine el degirmegiň bolmaýandygyny, türkmeni äsgermezlik etdigiň bolýandygyny aýdyşdyrdy, owadandygyny nygtady. Annanyýaz çemodanyny açyp, öňi bilen, Oksana bir geýimlik gök keteni, bir geýimlik ýaşyl keteni, ýene bir geýimlik gyrmyzy reňkli keteni, Oksananyň ejesine bir bilezik berdi. Beýleki çemedanyndan çykaryp, Mihaile bir ak silkme, gyrmyzy don, sapy keýigiň şahyndan edilen hanjary sowgat hökmünde bagyş etdi. Mihail guş bolup uçup, telpegi geýip, ullakan aýnanyň öňüne baryp, hanjary guşagyna gysdyryp ýylgyrýardy. Öýde bar bolan adamlar hezil edip oňa tomaşa edýärdiler. 1 Wýorst – 1,06 kilometre deň bolan uzynlyk ölçegi, bu uzynlyk ölçegi gadymy türkmenlerde çakyrym ölçegi bilen deň gelýär. 5. Aksona lowurdap duran gara gaýyş ädigi Annanyýaza sowgat berdi: – Şu ädigi gowşurmaga gaty sabyrsyzlyk bilen garaşdym – diýip, Aksona tolgunmasyny ýaşyrmaga çalyşdy. – Ýok, maňa hiç zat gerek däl, Aksona. Sag bol, sen muny Mihaile beräý. – Men yrym edýän!.. – O nämäniň yrymy? Annanyýaz Aksonanyň balkyldap duran gözlerine nazary düşenden ýalňyşlyk goýberendigine, eger ädigi almasa, Aksonanyň juda gynanjakdygyna, aglajakdygyna düşündi. Ol aýal maşgaladan sowgat almagy gelşiksiz hasaplaýardy. Ol özüne basalyk berip, ädige el uzatdy, minnetdarlyk bildirdi. Ädigi goşlarynyň içinde goýjak boldy welin, Aksona ýene özelendi: – Nyýaz, haýyş edýän, geýip görsene! Belki, kiçi geler. Annanyýaz mundan iki ýyl owalky wakany – Koşmannyň aýaly, gyzy bilen öýlerine gezelenje baryşlaryny, şonda Aksonanyň Annanyýazyň çokaýyny iki-üç gezek garyşlap ölçändigini ýatlady. Şonda bu çepiksije gyzjagazyň bu gyzyklanmasyny geňläpdi. Bu ädik baradaky pikir şol gezek dörän bolmaly diýen pikir Annanyýazyň aňynda peýda boldy, şonuň üçin gaty ynamly gürledi: – Laýykdyr, erkekler ýalňyşyp biler, ýöne zenanlar, onda-da seniň ýaly owadan zenanlar hiç wagt ýalňyşmaýarlar. Ädik Annanyýazyň aýagynyň ölçegi alnyp tikilen ýalydy, laýykdy. Annanyýaz Aksonanyň göwni üçin aýagyndaky ädigini çykaryp (ýogsam aýagyndaky hem täzedi, ony Koşmann ýörite sowgat beripdi), Aksonanyň beren lowurdap duran gaýyş ädigini geýmeli boldy. Annanyýazyň içini it ýyrtýardy, ol aňyrsy üç günden yzyna gitmelidigini aýdýardy, emma Aksona bilen Mihail göwni bir ýaly, Annanyýaza görkezmeli ýerleri, Annanyýazyň hatyrasyna edilmeli banket-meýlisleri ýazyşdyrýardylar. Annanyýaz Mihaile Ermitažy görmek isleýändigini, şol ýerde Wereşaginiň çeken bir suratynyň bardygyny, ol suratyň türkmenleriň Gökdepe pajygasy hakdadygyny, şol suraty satyn almak isleýändigini, hiç bolmanda şol suratyň göçürmesiniň gerekdigini aýtdy. Mihail-de, Aksona-da myhmana Ermitažy görkezmegi söz berdiler. Mihail oňa başga bir teklip aýtdy: – Men seni kakamyň dosty bilen tanyşdyraýyn. Sen entek ors dworýanini bilen türkmençe, parsça, arapça gürleşip gören dälsiň. Ol seniň bilen Orta Aziýa halklarynyň ähli dillerinde gürleşer. Ol saňa türkmeniň taryhy hakda bilmeýän köp zatlaryňy aýdar. Onsoňam saňa uniwersitetiň kitaphanasyny görkezeýin. Gündogaryň golýazmalaryny görkezeýin. Bu teklip Annanyýaza geň göründi. Alymyň türkmen taryhy, türkmen halky hakda nämeleri aýdyp biljekdigi oňa biçak gyzyklydy, diňe bir gyzykly däl, möhümdi, derwaýysdy. Ol türkmeniň taryhy hakda näme bilýär? Hökman bilmeli. Hökman taryhçy alymy diňlemeli. Mihail bu hakda teklip eden-de bolsa, gaty haýal gopýan ýalydy. Haçan gidýäs? – diýip, Annanyýaz iki-üç gezek Mihaile ýüzlendi. – Howlukma! Men Wasiliý Wladimirowiç bilen habarlaşdym, ol ertir sagat on bire wagt belledi. 6. Annanyýaz başga dinliniň türkmen halky hakdaky pikirini bilmäge howlugýardy. Wagt pyşdyl tizligi bilen geçýärdi. Ol uzak gije şöwür çekip garaşdy: peterburgly mugallym türkmen halky hakda näme aýdarkan?! Annanyýaz duşuşyk takyklygyna geň galdy. Bellenilen wagtdan bir minut irem barmaly däl, gijem. Mihailiň zol-zol sagadyna seretmegi Annanyýazyň howuny basdy. Ýaşy bir çene baran garry mugallymy – Abul Himmet Keskiogly ýaly peşeneli gojany görmekçidi. Ýok, onuň duşuşan kişisi özünden on bir ýaş uly, durşuna dogum bolup duran, ýüzi nurana adamdy. – Peterburgda hakyky beg türkmeni görerin öýdüp pikir etmändim – diýip, Wasiliý Wladimirowiç türkmençe çalgyrt gürläp salamlaşdy: – Biziň ilde hoş gördük, sapa gördük. Ýeri, içiňiz-ä gysýan däldir-dä? Siz Aşgabatda ýaşaýaňyzmy? – Ýok, Gypjak obasynda, Aşgabatdan onçakly uzakda däl. – Änewdemi? – Nusaýyň gapdaljygynda. – Nyýaz Bagdatda ýedi ýyllap okapdyr, arap, pars dillerini suwara bilýär. Mihailiň bu sözünden soň alym pars dilinde gürläp ugrady: – Haýsy ulamanyň eserlerini özüňe ýakyn saýýarsyň? – Muhammet al-Gazalynyň. – Düşnükli. Men seniň nähili dünýäde ýaşaýandygyňa düşünýän. Örän gowy. Gegel Gündogaryň akyldarlarynyň içinde al-Gazala aýratyn sarpa goýupdyr. Men onuň traktatlaryny okap çykdym. Biziň toplan golýazmalarymyzyň içinde al-Gazalynyň ähli şygyrlary, eserleri arap dilinde saklanýar. Olar tirkeşip golýazmalar saklanýan ýere bardylar. Annanyýaz golýazmalar beýle köpdür öýtmändi. Ol golýazmalaryň aňyrsyna-bärsine göz ýeter ýaly däldi. Özem ol bir däliziň, otagyň içinde däl, bir giden otaglaryň, dälizleriň içindäki golýazmalar, kitaplar petige degip durdy. – Şu golýazmalaryň köp bölegi, hawa, hawa, köp bölegi türkmen halkynyň taryhyna degişli. Türkmen taryhy hakda ýazylyşy ýaly, hiç bir halkyň taryhy hakda-da şeýle köp ýazylan däldir. Türkmen taryhy gaty köp dillerde ýazylypdyr. Häzir türkmen halky gaflat ukusynda. Ýene on-ýigrimi ýyldan bu golýazmalary biz türkmenlere gyzyl pula satyp ugrarys. – Näme üçin satmaly, Wasiliý Wladimirowiç, bu golýazmalary, kitaplary siz türkmenlerden alypsyňyz ahyryn – diýip, Aksona gürrüňe goşuldy. – Elbetde, türkmenlerden alanlarymyzam az däl. Ýöne biz bu kitaplary mugt almadyk. – Gyzyl pul tölediňizmi? – Ýok, biz bu kitaplary mugt diýen ýaly aldyk. Käsini mata, ganda çalyşdyk. Şeýdibem, biz türkmenlerdäki hazynalary halas etdik. Häzirem kitap, golýazma ýygnap ýörüs. Şeýdip, bu golýazmalary, kitaplary ýitip gitmekden halas edýäris. Bu gün bu golýazmalaryň ýerlerde gymmaty, arzysy ýok, sebäbi ile bir kesemen çörek zerur. Açlyk, gahatçylyk geçer, ana, şonda ruhy hörege mätäçlik ýüze çykar. Sen, dogan, özüňiň türkmendigiňe buýsan. Seniň halkyňyň şöhratly, baý taryhy bar. Şeýle şöhratly, şeýle baý taryhly halkyň geljeginiň hem şöhratly, baý boljakdygyna men ynanýaryn. Tas iki sagada çeken söhbetdeşlikde Annanyýaz az gürläp, köpräk diňlemäge çalyşdy. Wasiliý Wladimirowiç joşup gürledi. Türkmen taryhyna aýratyn hormat goýýandygyny hoşlaşyp durka-da gaýtalady. Duşuşykdan soň Nyýaz ganatlanan ýaly boldy. Mihail-de, Aksona-da, Nyýaz-da alymyň gürrüňlerini serlerinde aýlap, maşynda sesini çykarman gitdiler. 7. Şol günüň ertesi Mihaildir Aksona Nyýaza Ermitažy görkezmek üçin ýola düşdüler. Mihail özüniň myhmanynyň rus nakgaşlaryny tanaýandygyna haýran galdy. Olar ahyry Wereşaginiň1 suratlarynyň asylan zalyna bardylar. Wereşagin uly suratkeşdi, ýöne ähli çekýän suratlary uruş baradady. Mihail çaky Wereşaginiň suratlaryny gowy bilýän bolmaly, ol Annanyýazy her edip-hesip edip, başga suratçylaryň zalyna äkitjek bolýardy. Annanyýaz: – Wereşaginiň Gökdepede çeken suratyny görüp gitmesem bolmaýar. Haýyş edýän, şony görkeziň! Mihail Annanyýaz birdenkä şol suratyň üstünden barar öýdüp gorkýardy. Indi bolsa oňa bahana galmandy. Mihail Annanyýazyň öňüne düşüp şol suratyň goýlan zalyna bardy. Mihail Wereşaginiň urşa garşy protest bildirýän nakgaşdygyny, bütin ömrüne rus goşunlary nirede söweşse, şol ýere baryp urşuň pidalary barada surat çekip, rus intelligensiýasynyň kalbynda samoderžawiýäniň alyp barýan urşuna ýigrenç döredýändigi barada gürrüň berýärdi, Oksana tassyklaýardy. Haý-haýly suratyň alkymyna bardylar. Anha, Gökdepäniň tanyş ýerleri, ynha-da on sany aksakgal türkmen başaşak asylyp goýlupdyr, suratyň aýtymyny urşuň ýalny, tüssesi tutýar. Imisala zalda Aksonanyň uludan dem alandygy eşidildi. Annanyýaz suratyň ýanynda uzak wagtlap durdy, ýeke-ýeke synlady. Ahyry Aksona pyşyrdap: – Arasynda tanaýanyň barmy? – diýip sorady. Annanyýaz baş atdy, bir salymdan: – Şu gojalaryň biri meniň babam bolmaly! – diýdi: – Sen tanaýanyň barmy diýýärsiň? Heý, olaram tanaman bolarmy? Olar her bir türkmeniň ýüreginde mukaddeslik bolup ýaşaýarlar. Magtymguly han, Sopy han, Myrat han, Gajar han, Begmyrat han hakda, olaryň nähili edermenlik görkezip söweşendigi, nädip ölendigi hakda ýaňy dil biten çaga-da bilýär. Kerimberdi işan, Orazmuhammet, Hanmämmet atalyk ýaly serdarlaryň nädip öldürilendigini türkmen hiç wagt unutmaz. Meniň babam Begmyrat han, ine, şu goja bolmaly... Annanyýaz babasy Begmyrat hany görmändi, çünki olar şindi Annanyýaz dogulmanka wepat bolupdylar, ýöne Annanyýaz aksakgallaryň her birine siňe syn edip, enesiniň gürrüň berşinden babasynyň keşbinden alamat agtardy. Annanyýazyň enesi Sülgün eje kakasy Begmyrat han hakda agtygyna örän kän zatlary gürrüň beripdi. Şonuň üçinem Annanyýaz Begmyrat hany dessine tanady. On sany goja dar agajy ýaly iki sütüne kese goýlan pürsden asylypdy, kimsiniň sag aýagyndan, kimsiniň çep aýagyndan. Her bir aksakgalyň gözlerinde gahar-gazap ýalyn bolup çabraýardy, kimsiniň syrylan başynda gan bardy, kimsiniň döşünden gyrmyzy gan akyp durdy. On sany türkmen aksakgaly, hanlaryň maslahaty bilen urşy bes edeli diýip rus harbylarynyň sürenine töwella giden gojalar Gökdepe pajygasynyň depesinde sallanyp durdy. Başaşak sallanyp durdy! Türkmeniň dünýesi başaşak düňderilipdi!.. Ýolda Mihaildir Oksana ýene Wereşaginiň urşa garşy çykýan nakgaşdygy barada bolşuna görä ýuwmarlap gürlediler. Annanyýaz: – Wereşagin, urşa garşy bolsa garşydyr, emma ol Gökdepä baranynda ýesir düşen türkmeniň suratyny çekmek isläpdir. Türkmenden ýesir hem tapylmandyr, maslyk hem. Ahyry şu gojalar türkmen halkynyň adyndan ýaraşyk baglaşmaga töwella barýarlar. Hut Wereşaginiň haýyşy boýunça-da bular başaşak asylýar, ol şeýdip urşa garşy «protest» bildirýär. Şeýle... Bu surat barada türkmenler bilýär. Hut general Skobelewiň permany bilen hem bular başaşak asylýar... Bularyň içinde meniň atam Taňryguly batyr hem bolmaly eken, emma ýola düşenlerinde meniň atamy: «Sen gal, sen gerek» diýip, Sopy han bilen Myrat han galdyryp gidipdirler. Bu gojalar on iki bolmaly eken. Bir goja özüni asdyrmajak bolup bir harbynyň bokurdagyny çeýnände öldürilipdir. Olar dymyp ýola düşdüler. Ýolda Annanyýaz: – Meniň kakamyň ýeke sargydydy şü: şol aksakgallary görüp gel, nämä berilýän bolsa satyn al – diýdi: – Mihail, senden haýyş: Wereşaginiň özüni tapýarmyň, biljek däl, şol surat näçä durýan bolsa, men satyn almaly. Men şol surat bilen barmasam bolmaýar. Meniň kakamyň tabşyrygy şeýle! – Seniň Peterburga gelmegiňiň syry, gör, nirede eken – diýip, Oksana Annanyýazyň ýüzüne syrly bakdy. – Nyýaz, men-ä, dogrymy aýtsam, Wereşaginiň suratyny alyp gitmegiňe garşy. Näme üçindigini aýdaýyn. Bu surat türkmen halkynyň ýarasyny gozgar, halky gahar-gazaba atlandyrar, iki halkyň arasyna wehim salar. Men seni synladym, şol suraty göreňde ýüzüňdäki gan çylgymlary mesaňa boldy, tirpildedi durdy. Ýumruklaryň düwüldi. Sen suratyň öňünde urşa taýýar söweşijä öwrüldiň. Iň gowusy, bu suraty äkitme, Nyýaz. – Men kakama söz berdim. – Saňa düşünýän. Häzirki ýagdaýda sözüňde duranyňdan durup bilmedigiň iki tarap üçinem müň esse ybaly. Biziň suratyň ýanyndan gaýdanymyza iki sagat bolup barýar, ýöne sen henizem özüňe gelip bileňok. Nyýaz Mişanyň sözlerine näme jogap berjegini bilmän dymdy. Ýok, onuň jogaby taýýar, ýöne onuň bu barada jedelleşesi gelenok. Maksat aýdyň: suraty alyp gitmeli. Goý, türkmen halky Gökdepe pajygasyny öz gözleri bilen görsün… – Nyýaz ertir gaýdýar, geliň, şu gün tokaýa gideliň – diýip, Oksana ýigitlere ýüzlendi. – Men garşy däl – diýip, Mihail Oksanany goldady. – Nyýaz, siz nähili görýäňiz? – «Myhman öý eýesiniň guly». Siz näme diýseňiz, men şonuň bilen bolaryn. – Sen isläňokmy? – Aksona, siziň şeýle bir gözel tebigatyňyz bar. Meger, jennet siziň tebigatyňyzdan gözel däldir. Jennetiň hüýr-perileri hem senden owadan däldir. Onsoň jennete gitmekden ýüz öwürmek ýa gitmejek bolmak asla akyla sygmajak zat. Men siziň tebigatyňyzdan, tokaýlaryňyzdan asla ganyp-doýup bilemok. Tokaýlygyň howasy-da jana tenekar. Ajal ýassygynda ýatanam şu tebigatyň howasyndan birmeýdan dem alsa, hökman aýaga galar. – Nyýaz, sen Sankt-Peterburguň özüňde uly täsir galdyrandygyny nygtaýarsyň, Wasiliý Wladimirowiçiň gürrüňlerinden köp zatlary öwrenendigiňi, göz ýetirendigiňi nygtaýarsyň. Ondan köp zatlary öwrenmeli, onuň gürrüňlerini kän-kän gezekler diňlemeli diýýärsiň. Tebigatymyzyň jennetdigini nygtaýarsyň. Peterburg seniň üçin, dünýägaraýşyňy, ylmyňy artdyrmak, baýlaşdyrmak üçin juda zerur. Belki, sen bizde hemişelik galarsyň? Uniwersitetde seniň üçin iş tapylar. Sen arap, pars dillerini bilýärsiň. Orta Aziýa dillerinden okadar ýaly hünärmenler uniwersitete entek köp gerek – diýip, Mihail soragly nazaryny Annanyýaza dikdi. – Mişa dogry aýdýar, Nyýaz. Seniň ýaşamaly we döwran sürmeli ýeriň Peterburg – diýip, Oksana Mihailiň pikirini goldady: – Mişanyň pikiri dogry. Bizde ähli dine uýmaga ýol berilýär. Peterburgda musulmanam az däl. Bazarlarymyzdakylar kileň musulmanlar. – Nyýaz, men-ä seniň ornuňda bolan bolsam, Peterburgda galardym. – Wah, Mihail jan, dünýäde jenneti mekanlar, jenneti zatlar kän. Ýöne Allatagala her bendesini mynasyp gören ýerinde dünýä inderýär. Allatagala meni Ahalda dünýä inderdi, ömrümi men şol ýerde geçirmeli. Siz Wasiliý Wladimirowiçiň gürrüňlerini diňlediňiz ahyryn. Ol: «Hakyky jenneti mekan – türkmen ili» diýdi. Ol: «Hakyky jenneti halk türkmen halky» diýdi. – Nyýaz, saňa hiç kim türkmen adyňy aýyr diýenog-a. Peterburgda-da türkmen bolup ýaşap bolar. Annanyýaz dymdy. Onuň aňynda golýazmalar, gadymy kitaplar peýda boldy. Ol golýazmalaryň obalardan ýygnalyşy, sandyk doly kitaplar, golýazmalar üçin ujypsyzja tölegiň tölenişi edil janly sahnada bolup geçýän deýin, Annanyýazyň göz öňünden geçdi. Eý, Hudaý jan, ol golýazmalar haçan türkmen halkyna ýetiriler? Eý, Hudaý jan, haçan başga-başga dillerdäki türkmen taryhy hakda ýazylan golýazmalar, kitaplar terjime edilip türkmen halkyna ýetiriler?! Eý, Hudaý jan, haçan türkmen halky ezeli, gadymy döwürlerdäkisi ýaly erkana, bagtana, bolçulykda, ruhana ýaşar? Haçan?! Haçan?! Haçan?! Annanyýaz öz-özüne kasam edýärdi: türkmen halkynyň geçmişdäki deýin şöhratlanmagy üçin janyny orta goýmaga taýyn. Geçmişi beýik bolan halkyň geljegem beýik bolar! Geljeginiň beýik bolmagy üçin näme etmeli? Men gije-gündiz der dökmäge, ähli başarnygymy, ylmymy orta goýmaga taýýar. Ýöne nädip halky sowatly, ylymly, çäksiz köp golýazmalary okar, buýsanar ýaly edip bolar? Nädip türkmen halkynyň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp bolar? Nädip Sankt-Peterburg ýaly şäherli bolup bolar? Nädip? Nädip?.. | |
|
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |