14:08 1945-nji ýyllaryñ Beýik Watançylyk urşy we Aşgabatda ýer titremesi | |
1941-1945-NJI ÝYLLARYŇ BEÝIK WATANÇYLYK URŞY WE AŞGABATDA ÝER TITREMESI
Taryhy makalalar
Gökdepe galasy synyp, türkmen halkynyň agzynyň aşa ýeten ýyly bolmady. Beterinden beteri bar diýleni bolýardy. Beterinden beteri tapylýardy. Açlyk, gurakçylyk bir tarapdan, yzly-yzyna bolan ýowuz uruşlar ýene bir tarapdan türkmen halkyny halys tapdan düşüripdi. Raýatlyk uruşlary, Watançylyk uruşlary, basha-baslyk (bu hem halkyň maňlaýyna uruşdan ýowuz ýazgyt-urgy boldy!) halky halys tozdurypdy. 1941-1945-nji ýyllarda bolan Beýik Watançylyk urşunda 740 müň türkmen wepat boldy, onlarça müň adam maýyp boldular. Ol watandaşlarymyzyň ýitgilerini mal bilen, pul bilen ölçäp bolmaz, biz uruşda şehit bolanlaryň hemmesine Türkmenistan döwletiniň Milli Gahrymanlary diýip at berdik. Her ýylyň 8-nji maýynda biziň halkymyz Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlary ýatlap geçýär, biz sadaka berip, aýat-töwir edýäris. Goý, olaryň ýatan ýerleri ýagty, jaýlary jennet bolsun! Halk uruşdan dynyp, ýaňy bir ýeňil dem alyp ugranda, ýene bir agyr urga sezewar boldy: 1948-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 5-den 6-syna geçilen gije 1 sagat 12 minus 5 sekuntda Aşgabatda we onuň golaýyndaky obalarda ägirt güýçli ýer titremesi boldy. Bary-ýogy 10 sekunt dowam eden, ýöne güýji 10 balldan ýokary bolan elhenç sarsgyn süýji ukuda ýatan şäheri ýer bilen ýegsan etdi. Şäher doly weýran boldy. Paýtagtymyzda ýaşaýan 198 müň adamyň 176 müň adamy sähel salymyň içinde şehit boldular. Ýer titrän pursady gije ýarymdan agan-da bolsa, TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Şaja Batyrow, respublikanyň beýleki ýolbaşçylary heniz işdediler. Sebäbi Stalin gije işlemegi gowy görýärdi, şonuň üçin ýurduň ähli ýeriniň ýolbaşçylary Staliniň ýörelgesine eýerip, gijesine işleýärdiler. Aşgabadyň Garaşsyzlyk binasynyň häzirki duran ýeri merkezi meýdan gospitalyna öwrülipdi. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||