02:13 Eseriñ düşnüksizligi | |
ESERIŇ DÜŞNÜKSIZLIGI
Magtymgulyny öwreniş
Magtymgulynyň eserleriniň gadyr-gymmaty onuň goşgularynyň many gatlaklaryndaky many-pikirleriň çuňlugynda, syrlylygynda, käte iki däl, on gezek okanyňda-da düşünip bolmaýanlygynda bolsun gerek. Edebiýatçylar şol düşnüksizligi setirme-setir tirseler juda gowy boljak welin, edebiýatçylarymyzyň Magtymguly babatdaky düşnüksizlik diňe iki şahsda eken-ow diýen pikir döreýär: Olary Akgyz bilen Meňliniň Magtymgula durmuşa çykyp-çykmandygy horlady. Şu meseläniň daşynda geregindenem artyk jedel edilipdir. Magtymgulynyň Meňlä, Akgyza öýlenendigi ýa-da öýlenmändigi anyklansa, şahyr hakdaky düşnüksizligiň bary çözülýär diýen pikir döreýär. Hormatly ýazyjymyz G.Kulyýewiň «Ýowuz günler» romanyndan bir parçajyk. «Bary-ýogy bir ýyl mundan ozal karz-kowal alyp, Abdyllany öýeripdi. Indi ne gapysynda maly, ne jübüsinde puly bardy. Ol oturyp-oturyp pikir etdi. Ahyrda Abdyllanyň gelni Akgyzy Magtymgula dakmagy ýüregine düwdi. Ol oglunyň bu geňeşi ýokuş görjegini aňýardy, emma, ýüzünden geçip bilmejekdigini, sözüni ýykmajakdygyny duýýardy...» Ýazyjy Azadyny näme üçin ogul öýerip bilmez derejedäki garyp görkezýär?! Sebäp roman ýazylan döwründe garyplyk artykmaçlykdy, abraýdy. Ýazyjy Azadynyň maşgalasyny şeýle garyp görkezip «sowetleşdiripdir». Magtymguly Akgyza öýlenipdir diýen pikir ýazy-jylarymyzyň, edebiýatçylarymyzyň yhlas bilen öwrenýän, tekrarlaýan pikirleridi. Birnäçeler bu pikire garşy çykýardylar. Birinjiden, ikinjiden..., onunjydan diýip öz pikirlerini esaslandyrýardylar. Zehinli edebiýatçymyz Saýlaw Myradowyň «Asyrlaryň jümmüşinde» diýen galyň kitabyndan bir mysal getireýin. «Görşümiz ýaly, Magtymgulynyň ýeňňesi Akgyzy alandygyny G.Kulyýew hem ykrar edýär. Azady Magtymguly ýigrimi ýedi ýaşyndaka ölýär, eger ol ölmezinden iki-üç ýyl öň ogluny öýlendiren bolsa, onda, diýmek, Magtymguly, dogrudanam, ýigrimi bäş ýaşynda Akgyzy alan bolup çykýar. Onsoň Magtymgulynyň ýigrimi bäş ýaşda Akgyza öýlenendigi babatda D.Nuralyýew hem G.Kulyýew bilen bir pozisiýada durýar. Emma Akgyz öň kimiň gelni ekeni diýen meselede weli, awtorlaryň pikiri biri-birine gapma-garşy. D.Nuralyýew «Muhammetsapa Akgyzy alyp berýärler... Abdylla öýlenmän ölýär» diýse, G.Kulyýew romanynda «Abdyllanyň gelni Akgyz» diýýär. Şeýle näsazlyk Akgyzyň ýaşy barada-da duýulýar. D.Nuralyýew Akgyzyň Magtymgulydan sekiz ýaş uludygyny tassyklaýar, G.Kulyýew «Ýaşy altmyşa ýeten, bäş müçäni egninden atan adamdy» diýip, Magtymgulynyň altmyş ýaşly goja wagty Akgyzyň «Ýaşy altmyşa golaýlan, tegelek ýüzli, göwresi agramlaşan garaýagyz aýaldygyny», ýagny, Akgyzyň Magtymgulydan kiçidigini tekrarlaýar...» Mundan aňyrsyny okap oturmaýyn. Ýöne alymlarymyz şu meselä gaty janygyp çemeleşýärler. Şu mesele Magtymgulynyň döredijiligindenem möhüm mesele edilişiniň sebäbine, ähmiýetine, teý, düşünip bilemok. Esasy zat şahyryň maşgala durmuşy hakda pal atmak däl-de, şygyr dünýäsini okyja açyp gör-kezmek bolmaly ahyryn. Dogrymy aýtsam, Magtymgula nebsim-janym agyrýar. Magtymgulynyň gelnejesine öýlenmegini ýazgarýarlar, akyla sygmajak zat hasaplaýarlar. Aslynda türkmeniň däp-dessurynda «dakylma» diýen ýagdaý bolupmy? Bolupdyr. Gelnejäniň ýüwürjä dakylan halatlaryny gören adamlar aramyzda kän. Hatda şeýle halda öýlenip, ýaşaşyp ýören adamlara, seýregem bolsa, häzirem duşsa bolýar. Dogry, häzir bu kada geňräk görülýär. Şonuň üçinem häzir dakylmak ýok. Indi ikinji aýal maşgalanyň gürrüňi: «Men «Magtymguly Meňliden aýra ýaşaman, onuň bilen är-aýal bolup, döwran sürüpdir» diýen gipotezany öňe sürjek. Sebäbinem özümçe düşündirjek. Eger-de Meňli şahyrdan başga birine äre baran bolsa, näme üçin Magtymguly otuz ýedi ýaşly Meňliden aýryldym diýip goşgy ýazdyka? Ýa-da Meňli otuz ýedi ýaşap äre çykaýdymyka? Onuň otuz ýedi ýaşaýança, gyz bolup oturmajagam-a hak zat. Eýsem şahyryň hiç bir goşguda Meňliniň ýaşyny görkezmän, diňe «Aýryldymynda», onda-da otuz ýedi ýaşly edip görkezmesiniň sebäbi nämekä? Birinjiden-ä, eger, Meňli başga kişä äre çykan bolsa, şahyr onuň adyny görkezmezdi. Sebäpleri: kimdir birine aýal bolup, otuz ýedi ýaşaýança döwran süren Meňlini şahyr özüne ýar hasap etmez. Kimdir biriniň aýaly bolup ýören Meňli hakda goşgy ýazyp, söýgi bildirip ýörse, ilk-ä il güler, soňam dilden-dile geçip ýören goşgular Meňliniň durmuşyny bozmak, iň bolmanda, gününi kynaltmak bolýar. Şeýlelikde, öz ozalky söýgüsine hormat goýýan Magtymguly äriniň öňünde Meňliniň masgara bolmagyny islemez...» Bu setirler Atajan Taganyň Saýlaw Myradowa ýazan hatyndan bir bölek. Belki, bir döwürde Nobatguly şahyr Selbä öýlenipmi-öýlenmänmi diýip jedel ederler? Galyň-galyň kitap ýazarlar. Petrarkanyň Laura, Danteniň Beotriçä öýlenendigi ýa öýlenmändigi, olaryň ýaş tapawutlarynyň näçeräkdigi hakda hem jedel gidýärmikä? Alymlarymyzyň şeýle ýöntem dawalaryna, jedellerine meniň ýüzüm gyzýar. Olar üçin men utanýaryn. A.Puşkinde şeýle bir pikir bar. Ol: «Edebi tankydyň derejesi edebiýatyň ylmylyk derejesini kesgitleýär» diýipdir. Edebiýatymyzyň ýeten ylmylyk derejesi şeýle pesmi? Edebiýatda düşnüklilik, düşnüksizlik meselesi, dogrudanam, gyzykly hem uly jedellere sebäp bolýan zat. Meseläni esasan şeýle goýmalymyka diýýärin: gürrüňi edilýän şol düşnüksizlik eseriň süňňünden, awtoryň intellektual kredosyndan tebigy suratda gelip çykýan haýsydyr bir estetiki gymmata eýe bolan hadysamy ýa-da awtoryň ergeneksiz pikir ýöredişinden gelip çykýan, tehniki näsazlygyň netijesi bolan ýasama bir zatmy? Men hemişe şol düşnüksizligiň birinjisiniň tarapynda. Onsoňam bir zada haýran galýaryn: dünýä düşnüksiz, söýgi düşnüksiz, şahyr hem ýazyjy bolsa düşnükli bolmaly. Eger-de Allatagala adamzada ot ýakmaga başlan badyna nebit tapyp ýakmany hem öwrener ýaly eden bolsa, orta asyrlara çenli nebit zapasyny kül ederdiler. A nebitden aşakda ulanyp bilene gorhana ýatyr tä ýeriň magmasyna çenli, ýagny maňzyna çenli. Her bir ýazýan adam özüniň düşünilmegini isleýär. Eserleriniň üsti bilen dünýä ýagşylyk ýaýmak isleýär. Haçan-da, seniň ýazýan zatlaryň – obýektiň – söýgi, durmuş, taryh, ylym, din... ýaly temalar özbaşdak bir mesele bolup duran halatynda olar hakda ýazylan eser nädip birbada aýna ýaly düşnükli bolmalymyşyn?! Onsoňam birbada okanyňda hemme zady eliň aýasyndaky ýaly ap-aýdyň edýän eseriň ýyndamlygynyň pişigiňkiden enaýy bolmajaklygy görnüp dur. Biziň prozamyzyň iň uly betbagtçylyklarynyň biri şu bolsa gerek. Okyjynyň agzyna çeýnäp bermegiň ne manysy bar! Çeper eser durmuşyň çeper özgerdilen görnüşi bolýan bolsa, onda, goý, okyjy edil durmuş meselelerindäki ýaly, eseriň üstünde-de kelle döwsün, janyny – başyny agyrtsyn. Diňe şeýle halatda ol çeper edebiýatda haýsydyr bir zady öwrenip, ylaýta-da, haýsydyr bir zatdan lezzet alyp biler diýip pikir edýärin. Çünki absolýut düşnüklilik okyja üýtgeşik lezzet berip bilmez. Ýöne düşünip-düşünmezlik okyjynyň öz estetiki derejesine-de bagly ahyryn. Biziň edebiýat hakyndaky gürrüňlerimiziň bir geň kemçiligi, bärden gaýtmasy bar: biz hemişe ýazyjylaryň dürlüligi, her hili derejesi, bir-birinden düýpgöter tapawudynyň bardygy dogrusynda gürrüň edýäris, ýa-da muny göni aýtmasagam birnäçe meselelerde şol dürlüligi öz ýanymyzdan hasaba almak bilen gürrüň edýäris. Haçan-da okyja gezek gelýärem weli, halys umumy abstraksiýa ýüz uraýýarys: ýöne, umuman, şol bir, ýeke-täk okyjy. Eýsem-de bolsa okyjylaryňam örän köpdürlüdigi, köpderejelidigi biziň kellämize-de gelenok. Hamana, dürli derejelilik bagtyndan okyjy kemyrsgal galan ýaly, Hudaýtarapyn mahrum edilen ýaly! Meniň özüm-ä eser ýazanymda öz göz öňüme getirip bilýän iň ýokary estetiki ukyplary hem hajatlary bolan okyjyny nazarlaýaryn, hut şonuň üçin ýazýaryn. Şol bir wagtda-da, men onuň şu hili «düşnüksizlige» aňryýany bilen düşünjekdigine öz ýanymdan ynanýaryn. Edebiýat hem özbaşdak kada-kanunly estetiki oýundyr. Oýunda-da haýsydyr bir çözgüt gözlenilýär. Onsoň her hili düşnüksizlikden, ýörite gurlan pirimleriň üstünden geçýän şol gözlegler özboluşly lezzet berýär. Men öz ýazan eserlerimiň hem şu hili häsiýete eýe bolmagyny isleýärin. Galyberse-de, edebi eserdäki düşnüksizligiň kesgitlenmesine, onuň düýp tebigatyna-da anyklyk girizmelimikä diýýärin: köpler, hamana, bu ýerde pikir düşnüksizliginiň gürrüňini edýärler. Men munuň özi edebi eseriň tebigatyny kesgitläp bilmezlikden gelip çykýar diýip hasaplaýaryn. Pikir düşnüksizligi ylymda bolup biler, edebiýatda bolsa obraz düşnüksizligi bardyr, ol hökman bolmalydyram. Onuň paýawlan ýerinde gyzyk gutarýar, gyzygyň galmadyk pursatynda bolsa, edebi eseriň öz ömrem paýawlanýar. Men realistik prozany o diýen halamaýaryn, öz döredijiligimde-de, oňarsam, realistik däplerden daşlaşmaga jan edýärin. Sebäbi näme? Çünki realizmde obraz düşnüksizligi ýok, hemme zat aýdyň, aýdyňlyk bolsa okyjynyň estetiki işdäsine maza bermeýär. Ol onsoň şeýle eseriň hörpüni mazaly ele alansoň, indiki boljak wakalary öňünden aýdyşdyrybam otyr. Ýok, bu gaty gyzyksyz, sepi bildirip duran ýalan bolýar. Onsoň okyja beýle «hezillikden», aý-aýdyňlykdan ýüz öwürmekden başga alaç galmaýar. Elbetde, eseriň düşnüksizligi onuň žanr-stil aýratynlyklaryndan gelip çykýar. Başga bir žanr-stil däplerinde terbiýelenen okyjy üçin bularyň düşnüksizligi, özem ýaramaz düşnüksizlik bolmagy mümkin. Ýöne aňyň özge fenomenlere öwrenişmegi arkaly ol düşnüksizligiňem ýuwaş-ýuwaşdan dilini tapyp bolýar, düşnüksizligiň düşnügine aralaşyp bolýar. Çeper eseriň düşnüksizligi awtoryň subýektiw, egoistik meýli bolman, eseriň içki çeper strukturasy bilen baglanyşykly zatdyr. Şu manyda obrazyň iň düşnüksizi, düşnüksizlikde beýigi – simwoldyr. Simwolyň düşnüksizligi onuň düýp tebigaty boýunça şertli böleklerden, onuň diliniň şertli aňlatmalardan durýanlygyndan ybaratdyr. Ol şertliligi ele almak bolsa çylşyrymly hem-de estetiki lezzetli prosesdir. Onsoň simwoly ylmy dile terjime edip, düşnüksizlikden düşnüklilige öwreniňde onuň barja tagamy gaçýar. Haýsydyr bir düýpli şahyrana eser bir dilden başga bir dile terjime edilende, şunuň ýaly hadysa bolýar. Degişli eser, ýa-ha sözüň estetiki otrisatel manydaky düşnüklilige öwrülýär, ýa-da öňki düşnüksizligine galýar. Şu manyda çeper eser terjime etmesiz zatdyr. Şeýle edebi terjime meniň öz başymdan hem geçdi. Asyrymyzyň beýik ýazyjysy G.G.Markesiň «Ýüz ýyl ýalňyzlykda» romanyny ilki okanymda bimany, bilezzet, düşnüksiz eser hasapladym. Onuňam sebäbi, indi görüp otursam, eseriň maňa entek şol wagtlar nätanyş simwoliki dilde ýazylanlygy eken. Ol simwoliki diliň özboluşly sözleri – obrazlary mazaly zähmet çekmäni talap edýärdi. Ine, onsoň men romany gaýtalap-gaýtalap okamak netijesinde, ýuwaş-ýuwaşdan simwoliki düşnüksizligiň açyk, haýsydyr bir mana yşarat berýän taraplaryna aralaşyp ugradym. Munuň özi romandan alnan iň ajap lezzetleriň döwrüdi. Düşnüksizlikden doly düşnüklilige geçmek bolsa, kalbyndaky uly arzuwyna ýeten – birden boşap galan adamyň bitakatlygyny döretdi. Simwoliki obrazlar romanyň žanr-stil tebigatyndan gelip çykýan eken. Bu soňky aýratynlyk bolsa, G.G.Markesiň ady tutulan eserinde latyn amerikan folklorynyň däpleri arkaly kesgitlenipdir. Ýeri, onsoň ol däpleriň öňünde gökden düşen ýaly bolup oturan adam nämä düşünsin!? Onsoňam eseriň simwoliki düşnüksizligi ýazyjynyň intellektual hörpüniň ýokarylygyndan, onuň filosof hökmünde adamzat ýaşaýşynyň iň çuňňur problemalary bilen gyzyklanyp bilýänliginden hem olara gyzygýanlygyndan gelip çykýar. Okyjy-da şol belentlige galmalydyr, ýogsa bar zat oňa düşnüksizlik bolup görner. Biziň häzirki türkmen dilimizde şo hili ýagdaýda «pylanyň eseri agyr, pylany agyr ýazýar» diýen ýaly jümleler köp ulanylýar. Aslynda weli, bu taýda hiç hili agyrlyk ýa çylşyrymlylyk ýok. Gep okamagyňam edil ýazmak ýaly çynlakaý hem-de köp göwün energiýasyny talap edýän sungatlygynda. Biz türkmenlerde edebiýaty okamak, aýdym-sazy diňlemek sungaty ýiteňkirläpdir. A.Wamberiniň ýazgylarynda: şol döwrüň türkmen ýigitleriniň aýdym diňleýşini suratlandyrýan ýerleri ýadyňyzdadyr! Nähili enaýy pursatlar! Magtymgulynyň gahrymançylykly aýdymlaryny olar hakyt söweşe çykandaky ruhy ýagdaýlarda diňläp bilýärler. Sowet ideologiýasy bizi sowatly eden bolsa-da, sungata çynlakaý gatnaşygymyzy belli derejede kütekleşdirdi. Muny edeniň sosrealizm galyby bolmagam mümkin. Indi Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynyň wakalaryny içýakgyç kinaýa hem dodak çöwürmek bilen garşylaýarlar! Ärsary babanyň kyrk düýe berip, kitap ýazdyranlygy erteki bolup görünýär häzirki okyjy-nyň gözüne! Hawa, adamyň akylynyň kabul ediş ukyby öz-özlügindäki zat däl-de, ýüregiň oňa gatnaşygynda işleýän prosesdir. Ýürek tarapyndan sanksiýa berilmese, akyl göze görnüp duran, maddy subutnamaly faktlary-da kabul ederden ejiz. Şol ikisiniň ylalaşygy bolmasa, göze dürtülip duran zat hyýal, ylalaşan pursadynda bolsa ýalan zat hakykatyň çürbaşy bolup görünýär. Men muňa «Ýüz ýyl ýalňyzlykda» romanyny okan wagtlarym, onuň täsirlerini köp wagtlap kellede aýlap gezen döwürlerim oňat göz ýetirdim. Diňläň: «Birnäçe aýdan Makondoda köne sergezdan, indi iki ýüz ýyl ýaşap ýören Fransisko Adam ýene peýda boldy. Öz düzen aýdymlary bilen ol şäherde ýygy-ýygydan görünýärdi». Munuň özi adamzadyň baky hemrasy bolan beýik sungatyň göçme simwolydyr. Romanda örän köp bolan şu hili obrazlaryň düýp manysyna düşünmek, ýagny özüň bilen olaryň arasyndaky düşnüksizlik perdesini aýyrmak üçin, ýa-da başga formulirowkany ulansak, eseriň agyrlygyny ýeňletmek üçin degişli meseleler barada çuňdan hem giňden pikirlenip bilýän taýýar okyjy bolmak gerek. Şu manyda diňe okyjy kitaby saýlanok, kitap hem, öz gezeginde, okyjyny saýlap-seçip alýar. «Saýlap-seçip alýar!» Beýik Seýdiniň setirleri: «Höwes bilen saýlap-seçip alanym!» Gürrüň Hatyja hakynda. Edil okyjy-da özüniň saýlanyp-seçilmegini öz söýgüsi bilen gazanyp bilýär. Islendik halkyň edebiýatynyň gözgidiji belentliklere galmagyny diňe ýazyjylaryň hyzmaty hasaplamak birtaraply pikir bolsa gerek. «Jemagatsyz azan bir gury sesdir». Öz döredijiligine garşylyklaýyn reaksiýa – okyjy seslenmesini tapmadyk ýazyjynyň ösmeginiň gaty kynçylykly şertlerde geçmegi mümkin. Her bir kişä daýanara nokat, ýazyja-da daýanara, umyt baglara okyjy gerek. Adamzadyň dünýä siňmek, ony açmak ýoly-da: düş-nüksizlikleriň ýuwaş-ýuwaşdan aradan aýrylmak prosesi bolup göz öňüne gelýär. Ýöne, munuň beýleki tarapy-da bar – aradan aýrylanlarynyň ýerine täze düşnüksizlikler gelýär, şeýdibem, adamzadyň durmuşy ilkibaşky manylygynda hem akyl dokmädeliginde galýar. Diýmek, düşnüksizlik ählumumy kanuny zerurlyklaryň iň naýbaşylarynyň biridir. Onsoň näme üçin şeýleki kanuny hökmürowanlyk edebi bildirmeli dälmişin?! Men okyjy bilen ýazyjynyň arasyndaky gatnaşyklary elmydama sazanda bilen kompozitoryň arasyndaky baglanyşyk görnüşinde göz öňüne getirýärin. Şeýle göz öňüne getirme, megerem, esassyz däl bolsa gerek. Sazanda bolmasa kompozitoryň döreden eseri kagyz ýüzündäki görgüli belgiler bolup galar. Haçan-da sazanda saz eserini çalan mahaly, ol öli aňlatmalar jana gelýär. Diňe diňleýji däl, munda, ilki bilen, sazandanyň özi uly lezzetleri başdan geçirýär, täsin açyşlary edýär. Sowatlylygyň çäkli zamanlarynda edebiýatda-da şo hili üçlük – şahyr, okyjy – hat okap bilýän adam hem-de diňleýji – hatdan başy çykmaýan adam bolupdyr. Edebi eseriň gymmatyny formirlemek hem-de açmak işinde emele gelen şu adam hatarynyň ikinji şahsy häzirki wagtda edebiýatçy bilen çalşyryldy. Professional okyjy edebiýatçynyň üsti bilen düşnüksizlikleri aradan aýyryp, şeýdibem täze düşnüksizlikleri açmak funksiýasyny ýerine ýetirýär. Meniňem edil häzir şony edesim gelýär. Gürrüňini edýän romanymyzdan uzynragam bolsa, bir gyzykly parçany okap beresim gelýär. «Ursula ärine seredýärdi, oňa nahar-şam eltýärdi. Aureliano hakyndaky täzelikleri gürrüň berýärdi. Ýöne, dogrusyny aýtsaň, Hose Arkadio Buendia indi birwagtdan bäri diňe bir adam – Prudensio Agilýar bilen gürrüňleşmäge ukyply bolup galypdy. Ölüm mejalsyzlygyndan halys çagşap barýan Prudensio Agilýar gün içinde iki gezek onuň ýanyna gürrüňçilige gelýärdi. Olar horazlardan gürrüň edýärdiler, urşuşlaryna hezil etmek üçin däl-de – munuň olara indi asla geregem ýokdy – ýöne ölümden öňki soňsuz hem içgysgynç diri günlerinde garaz bir zada güýmenmek üçin içinde ajaýyp guşlary ýetişdirip boljak ketegi gurmagy niýetlerine düwýärdiler. Hose Arkadio Buendiany suwa düşürýän, ony naharlaýan hem-de oňa nirelerdir bir ýeriň urşunda polkownik bolup ýören Aureliano atly nätanyş hakynda gyzykly täzelikleri gürrüň berýänem şu Prudensio Agilýardy. Ýeke galyp, Hose Arkadio Buendia özüni tükeniksiz otaglara salýan düýşden maza tapýardy. Krowatdan galaga-da, gapyny açýanlygy hem-de edil şu ýerdäki ýaly otaga, edil şu hili taplanan polatdan arkasy bolan krowatly, edil şu hili kürsüli, edil şu ýerdäki ýaly diwarynda Halasgär Gyz suratlandyrylan başga bir otaga geçýänligi onuň düýşüne girýärdi. Bu otagdanam ol edil şo hilisine geçýärdi, onuň gapysy-da ýene edil şo hili otaga eltýärdi, soň ýene edil şo hili otaga – şeýdibem tükeniksizlige sapylyp gidýärdi. Otagdan otaga geçmek oňa hoş ýakýardy – hamana bir-birine parallel goýlan aýna hatarlarynyň arasyndaky uzyn galereýa bilen barýan ýalydy... Soňra bolsa Prudensio Agilýar onuň egninden tutýardy. Şonda ol kem-kemden oýanyp başlaýardy, gelen ýoly bilen otagdan-otaga yzyna geçip gaýdýardy, uzyn ýoluň ahyrynda bolsa şol hakyky otagda Prudensio Agilýara gabat gelýärdi. Ýöne bir gezek gije, Hose Arkadio Buendiany krowata geçirenlerinden iki hepdeden soň, uzakdaky otagda otyrka Prudensio Agilýar egnine el goýanda, ol yzyna dolanmady hem-de şunuň özem hakyky otagda diýen pikir bilen şol taýda ömürlik galdy. Ertesi irden ärine nahar alyp barýan Ursulanyň birden däliz bilen özüne garşy gelýän bir adama gözi düşdi. Ol egni gara eşikli, gamgyn gözleriniň üstüne çümürilen äpet gara şlýapaly kellesi kiçijik tokga adamdy. «Eý Hudaý!» diýip, Ursula pikir etdi. – Munuň Melkiadesdigine antam içerdim». Ýöne ol Katauredi, Wisitasonyň ukusyzlyk epidemiýasyndan gaçyp, öýlerinden çykyp giden hem-de şondan bäri dereksiz ýiten doganydy. Wisitason ondan nämüçin gaýdyp gelenligini sorady, olam öz taýpasynyň howalaly hem owazly dilinde jogap berdi: – Men korolyň patasyna geldim. Onsoň Hose Arkadio Buendianyň otagyna baryp girdiler, güýçde baryny edip ony yralamaga başladylar, gulagyna gygyrdylar, burnunyň deşiklerine aýna tutup gördüler, ýöne, barybir, oýaryp weli bilmediler. Biraz soňra bolsa – netjaryň tabyt üçin merhumyň boýuny ölçäp oturan pursady – penjiräniň aňyrsynda ýagyş ýagýandygyny gördüler. Ol ýagyş uzak gijeläp, sessiz çagba bolup şäheriň üstüne ýagdy, ähli üçekleriň üstüni örtdi, gapylaryň agzyny dolduryp çykdy, daşarda ýatan haýwanlary buýara getirdi. Şeýle bir köp gül düşdi, bütin Makondo syk dokalan haly bilen örtülene döndi – gölegçilere ýol açmak üçin pildir çarşaklary işe girizmeli boldy». Ine, simwoliki düşnüksizlikden ybarat kartina. «Ölüm mejalsyzlygy», «ölülikden direlmek», «gül ýagşy» ýaly geň-enaýy söz düzümleri hem-de simwoliki wakalar şu hili ruh geň-taňlygyna meýilli okyjyny talap edýär. Simwol real wagt hem giňişlik çäklerini ýykýar, ýaşaýşy özge formalara getirýär. Onsoň beýnisi hem kalby diňe real formalardan özge zady bilmeýän okyjy üçin munuň özi başdanaýak düşnüksizlik bolup dur. Beýle düşnüksizligiň aňyrsynda bolsa – ondan geçip bilene – ajaýyp şahyranalyk hem adam ömrüdir ölüminiň manysy baradaky beýik pelsepeler ýatyr. Degişli düşnüksizligi aýyrmak, şu hili çeper-ruhy gymmatlyklary-da ýok etmegi aňladardy. Şonuň üçinem mysal alnan edebi eseriň barja gymmaty, ýazyjynyň azap çekip tapanja zady-da şu hili düşnüksizliklerdir. Öli dirilip ýör – düşnüksiz, diri onuň bilen gürrüň edip otyr – düşnüksiz, birwagtlar dereksiz ýiten ýene peýda bolup dur – düşnüksiz! Ine, şu düşnüksizliklerem edebi eseriň maňzy bolup durýar. Iň geň, ýagny kalbyňy heýjana salýan ýerem – şol düşnüksizlik – simwol hakyt reallyk hökmünde aňly-başly suratlandyrylýar. Meniň pikirimçe, eser fantaziýasyz bolsa, duzsuz tagam ýalydyr. Sungat – munuň özi fantaziýanyň çür başydyr. Eger şol fantaziýanyň, hyýalbentligiň üsti bilen durmuş hakykaty güberip çyksa, ol hakyky eser bolar. Ýogsa-da ynandyryjylyksyz bolar. Bu ýerde ýazyjynyň talantyny kesgitlemek kyn düşmez. Sosrealizmde hut zehini kesgitlemegem aňsat däl. Fotograf ýaly durmuş epizodlaryny göçürene-de ýazyjy diýýärler. Bu tilsimaty ele alan adam üçin, garaz, başardýar. Ýöne, bize fotograf däl-de, hudožnik gerekligini unutmalyň. Ýazyjynyň dünýägaraýşyny özüň üçin düşnükli etmeseň, onuň eserleriniň çeper gözelliklerine, çeper geň-enaýylygyna geçip oturmagyň manysy ýok. Tolstoýy, Dostoýewskini, Magtymgulyny ýazyjy ýa şahyr hökmünde aňlajak bolsaň, olaryň filosofiýasyna belet bolmaly. Biziň öz gündelik milli ruhy durmuşymyzda has köp rol oýnaýan Magtymgulyny alyp göreliň, näçe düşnüksizlik, näçe jedel, näçe pikir! Emma bu taýda esasy düşnüksizlik – geň-enaýylyk şahyryň Meňlä öýleneni ýa öýlenmäni, Akgyza dakylany ýa dakylmany däl ahyryn. Köp okyjylar şahyryň sowal-jogaplaryna, ylmy dilde aýdanyňda, munazaralaryna has üýtgeşik gyzyklanma bildirýärler. Ýöne beýle düşnüksizlikleriň bary şahyryň döwründäki ideologiýany bilmezlikden gelip çykýar. Şonuň üçin dini kitaplary agtarybermeli. Täzeden bäri şeýdilýärem, onsoň şol düşnüksizlikleriň bary aýanam bolar. Ýeri, şondan soň näme? Magtymgulynyň ähli çylşyrymlylygy, beýikligi onuň Durdy şahyra ýa Kasym hojama berýän sowallaryndadyr öýtmek gaty ýöntemlikdir. Onuň beýikligi – şahyr hökmünde tapan ummasyz uly çeper energiýany, çeper düşnüksizligi özünde saklaýan şahyrana obrazlaryndadyr. Muňa weli, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, edebiýatçylaram, okyjylaram üns berip baranoklar. Şunuň özem biziň edebi jemgyýetçiligimiziň derejesini görkezýärmikä diýýärin. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||