22:29 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -5/ dowamy | |
5.
Romanlar
Seýit çozgun, hakykatdanam, garyndaşlyk ýakynlygyny edýärdi, Nyýazyň okaýşy bilen her hepdede, her günde diýen ýaly gyzyklanyp, nämeleri okaýandygyny anyklap durýardy. Nyýaza duýdurman, ony okadýan mugallymlar bilen gürleşýärdi. Nyýaz hakda bir hoşamaý söz eşitse, ýylgyrjaklap, guş deý uçaýarly görünýärdi. Ýöne Nyýaza hiç zat diýmeýärdi. Bar gürrüňi ogly Kyýasa aýdýardy. «Şu gün Nyýaz hakda pylan mugallym şeýle-şeýle hoş sözleri aýtdy» diýip, birin-birin gürrüň berýärdi, Kyýasa senem Nyýaz ýaly gowy oka diýip her sapar sargaýardy. Ol bu gürrüňi Nyýazyň üstünliklerine Kyýasyň gözi gitsin, goý, olam has gowy okamaga çalyşsyn diýen pikir bilen gürrüň berýärdi. Oglunyň okaýşyndan mugallymlaryň has hoşal bolmaklaryny isleýärdi. Ýogsam Kyýas ýaramaz okamaýardy, gowy okaýardy. Kyýas kakasynyň gürrüňlerini gelip, Nyýaza gürrüň berýärdi. Seýit çozgunyň bolşuna düşüş Nyýaz onuň keýpihonlugyndan bir hoşamaý sözüň aýdylandygyny aňýardy. Seýit çozgun her ýyl üç bolup – Nyýaz, Kyýas bilen haja gidip gelerdi. Nyýaz wagtyň geçmegi bilen Bagdada öwrenişip gidäýjek ýalydy welin, teý öwrenişip bilmedi. Obasy, mährem kyblasy, mährem käbesi göz atuwyndan her hili pursatlarda-da aýrylmady. Oba oglanlary bilen aýak ýalaň, baş açyk ylgan, oýnan günlerini ýatlady. Sähel sypyndygy hem hakydasynda obany ýatlap, süýji ýatlama berlerdi. Okuwyny gutarjak gününi sanardy. * * * Annanyýaz okuwy tamamlamasyna bir ýarym ýyl galanda Hanguly atly herrikgalaly bir ýigit bilen ysnyşdy. Garaýagyz bolansoň, Annanyýaz oňa türkmendirem öýtmändir. Olar özaralarynda arapça gürleşipdiler. Hanguly şeýle bir şoh, şeýle bir ruhubelent ýigit eken. Onuň bu sypaty Annanyýazyň göwnünden turupdy. Bir gezek olaryň gürrüňi Bagdadyň döreýşi hakda gidýär. Şonda olaryň ikisem Marydan göçürilip getirilen türkmen ulamalary, gurluşyk ussalary hakda aýtmaga başlaýarlar. Şol ýerde-de olar biri-biriniň türkmendigini, özem biriniň Gypjakdandygyny, beýlekisiniň hem goňşy galadandygyny bilýärler. Şol gündenem başlap, olar aýrylmaz dosta öwrülýärler. Soň görüp otursalar, olaryň ikisinem Seýit ahun okuwa ýerleşdiripdir, ýöne tanyşlyk okuwa garalla bolar öýdüp, olary tanyşdyrmandyr. Hanguly Annanyýazdan bir ýyl soň okuwa gelipdir. Olar aýry-aýry ugurlar boýunça okaýardylar. Şeýle-de bolsa olar sapaklaryna bile taýýarlyk görerdiler. Bile okuwa giderdiler, okuwdan hem bile gaýdardylar. Seýit çozgun olaryň tanşandygyny bilensoň, ikisinem ýanyna çagyrdy: «Siz bu ýere okamaga, öwrenmäge geldiňiz. Şonuň üçin bir günüňizem boş geçirmäň, özem türkmen dilinde gürleşmäň, arap dilinde gürleşiň. Oba baranyňyzdan soň türkmençe gürleşiberersiňiz, häzir welin türkmençe gürleşmäň» diýip, Seýit ahun berk tabşyrdy. Iki dost ahunyň tabşyrygyny berjaý etdiler. Ýöne türkmen dilinde gürlemäň diýlensoň, ene dilinde gürleşmek höwesi süýjedi. Olaryň şeýle bir ene dillerinde gürrüň edesleri geldi. Olar diňe ýolda türkmençe gürleşmeli, galan ýerlerde türkmençe gürleşmeli däl diýip, öz aralarynda ylalaşdylar. Nyzamyýe köçesi baýlaryň ýaşaýan köçesidi. Ýoluň iki tarapy hem owadan-owadan jaýlardy. Jaýlaryň birinji gaty giden dükandy. Dükanlarda guşuň süýdüne çenli bardy. Bir gezek Annanyýaz bilen Hanguly okuwdan gelýärkäler bir garynlak kişi olaryň yzyndan gygyrdy. Ol täjiriň ady al-Aly eken. Ol gaty galagopludy. Al-Aly iki dosty öýüne çagyrdy. Annanyýaz bilen Hanguly täjiriň howlusyna girenlerinde, olaryň ilki nazarynyň düşeni gözüňe söweýin bir saý ahalteke bedewi boldy. – Men sizi köp wagt bäri synlaýaryn. Siz ir bilen okuwa gidýäňiz, öýlän, ine, şu wagtlaram okuwdan dolanýarsyňyz. Siz mydama şu ýoldan geçeniňizde öz araňyzda haýsydyr bir dilde gürleşip geçýärsiňiz. Eger, ýalňyşmasam, siz türkmen ýigitleri bolmaly, özüňizem türkmen dilinde gürleşýän bolmaly?! – Dogry – diýip, Annanyýaz Alynyň sözlerini makullady, onuň nähilidir bir üýtgeşik habar aýtjagyny aňdy. – Siz at tanaýaňyzmy? – Elbetde, tanaýas, özi türkmen bolup, heý, at tanamazmy?! Ine, siziň bu atyňyz türkmen aty. Ahalteke aty. Özem ikiýaşar. – Atlar iki ýaşdan soň aýlawa goşulýan eken. Men bu ata Dagaran diýip at goýdum. Özem Dagarany mundan ýarym ýyl öň türkmensähraly bir türkmen täjirinden satyn aldym. Gerekli zada pul gysganylmaýar. Türkmensähraly täjir hem ony bagabatly1 täjirden satyn alan eken. Men pul seçip duramsoň, ol aty maňa ýigrimi dinara satdy. Men at bilen gyzyklanýan. Aýlawlara gatnaşýan. Meniň dört sany arap atym hem bar. Olar hem gowy. Ýöne türkmen atyna dünýäde taý geljek at ýok. Türkmen aty patyşalaryň münýän aty. Aýlawlaryň bezegi, özüni oňaran täjir hem türkmen atyny edinýär. Dagarany entek aýlawa çykaramok, çykarsam baýrak aljagymy bilip durun. Ýöne Dagaranyň bir kemi bar. – Näme kemi bar? – diýip, Hanguly atdan gözüni aýyrman Ala sorag berdi. – Dagaran maňa hiç öwrenişip bilenok. Muňa bir zatlar-a bolýar. Oňly iýenok, suwy hem arap atlary ýaly içiberenok. Oýunam ediberenok. Mydama diňşirgenip dur. Siz her sapar öýümiziň deňinden gürleşip geçeniňizde Dagaran keýerjekläp uçaýjak bolýar. Siziň türkmençe gürleşmäňiz Dagarana şeýle bir hoş ýakýar, şeýle bir hoş ýakýar. Ol siziň haçan deňimizden geçjekdigiňizi bilýär. Siz geçip gidýänçäňiz durşuna gulaga öwrülip durýar. Ne suw içýär, ne iým iýýär. Asyl ol dünýäni unudýar, durşy bilen gulaga öwrülip size garaşýar. Ýalňyşýan bolaýmaýyn diýen pikir bilen men Dagarany şu duran ýerinden ho aňyrrakda, köçäniň gürrüňleri eşidilmezräk ýerinde daňyp goýup gördüm. Siziň gelmeli wagtyňyz ýakynlaberdi welin, edil guduz açana döndi. Dyzap-dyzap, teblesini goparyp, ine, şu ýere gelip diňşirgenmäge durdy. Gaçjagam bolanok. Üstüne eýer atanyňam bilenok. Siz gürleşip geçip gideniňizden soň Dagaran biraz rahatlanýar, suwam içip ugraýar, iým berseňem iýýär. Ýalňyşmasam, bu janawer türkmençe gatnaşyk isleýär. Şonuň üçinem men sizi öýe çagyrdym. Men sizden haýyş edýän, her gün okuwdan gaýdyşyn meniňkä gelip Dagaranymyň ýanynda türkmençe gürleşiň. Türkmençe gürläniňiz üçin men size hak töläýin. Ýene bir aýdan aýlaw başlajak. Şoňa çenli Dagarany ýaryşa taýynlamak isleýän. – Biz size seýisçilik edip berip bileris – diýip, Annanyýaz Alyny rahatlandyrmaga çalyşdy. – Ýigitler, haýyş edýän, hany, öz diliňizde Dagarana bir hoşamaý söz aýtsaňyzlaň diýip, Aly özelendi. – Näme aýtsakkak? – diýip, Hanguly ýylgyrjaklady. Dagaran hüşerildi. Ol başda arapça gürleşilen-de bolsa, Annanyýaz bilen Hangulydan nazaryny aýyrman, seredip-seredip dokunjak bolýan deýin tegelenip duran gara gözlerini birjik-de kesä sowanokdy. Hangulynyň türkmençe gürlemesine Dagaran gozgalaň tapdy. Megerem, ol her günki türkmençe gürleşip geçip gidýänleriň şu iki ýigitdigini aňan bolarly. Dagaran gorky-ürküsiz Annanyýaz bilen Hangulyny ysgady. – Görüň-ä, görüň, ol sizden ýadyrganok. Ýogsam Dagaran ýanyna ýat adam getirenog-a. Sizi birinji gezek görýän-de bolsa, edil köne gadyrdanlary ýaly kabul edýär. Eý, Hudaý, durmuşda kän-kän gudratlary gördüm, ýöne atyň şeýle bolşuny welin, ömrümde görmändimem, eşitmändimem. Walla, biri şu ahwalaty gürrüň berse-de, ynanmaryn, «jypdyrýaň» diýerin. Annanyýaz Dagaranyň sekilinden sypalap, birmahalky ýat tutan makalasyny edil goşgy okaýan deý labyzly aýtmaga durdy. Dagaran dymp etmän, gözlerini süzüp, aýdylýan sözleriň tagamyny, şirin-nabatlygyny endamyna siňdirmekçi bolýan deýin, durşuna gulaga öwrülipdi. Annanyýaz makalany howlukman okaýardy, makalanyň Dagarana täsir edişinden lezzet alýardy: «Eý, öýünden-ilinden aýrylan! Garalykdan meşhurlyk gazanan garganyň çüňkümi ýa-da seniň bu hor-homsy aýraçylyk halyň, haýsy has garadyr? Ol adamyň haly nähili garalmasyn, çünki ol dogan-garyndaşdan, dost-ýardan uzakdadyr. Ata-enesinden aýra düşen adamyň saçy-sakgaly neneň agarmasyn?! Ol hor-homsulygy hiç ýeňip bilmez. Sebäbi hiç kim oňa goldaw bermez. Aýraçylykda bolan adam hiç wagt yzzat görmez we rahatlyk ýassygyny ýassanmaz. Ýüzi-gözi mydama horluk we kösenç tot-tozanynyň içindedir. Diňe özüne «aýlanyp-gezip ýören, köpi gören tejribeli, edermen adam» diýdirmek üçin watanyndan jyda düşüp, öý-işiginden, çagalaryndan, maşgalasyndan daş düşüp, ýurtma-ýurt gezip, daglarda, çöllerde özüni mähnetden-mähnede atmaga razy bolan kişä akylly we parasatly diýip bolmaz. Hawa, gam-gussasy çekip-çydardan çökder diýäýmeseň, aýraçylyk syýahata we gazanja sebäpdir. Ýöne ynsany mähnedine çolaşdyrýandyr1 ...» Annanyýaz Dagaranyň hoşuna geler diýen pikir bilen Magrupynyň «Bedew» atly goşgusyny aýtmaga durdy: 1 Abylkasym Zamahşarynyň «Altyn halkalar» kitabynyň «Aýraçylyk hakynda» atly makalasyndan. Kakdyryp nalyn kümüşden, Iýmiti dürli iýmişden, Ýüwrüşi artykdyr guşdan, Bahar öwsen batdyr, bedew. Goç ýigit münse üstüne, Jyzasyn alsa destine, Dest berip möwlam dostuna, Ýigide gaýratdyr, bedew. Döwletýara ýoldaş boldy, Agyr güni syrdaş boldy, Maňa hemdem serdeş boldy, Ýalňyza zürýatdyr, bedew. Dagaran duranlaryň asyl-ha garaşmadyk gudratyny görkezdi. Ol goşgy gutaransoň, yzly-yzyna hokrandy. – Dagaran sagbol aýdýar – diýip, Hanguly hezil edip güldi. Dagaran boýunlaryny talawladyp, gürläýjek-gürläýjek bolýardy. Aly öwran-öwran: «Aperin! Aperin!» diýip gaýtalady. Dagaranyň bolşy Annanyýaz bilen Hangula biçak güýçli täsir etdi. Olar bu ahwalata kökerildiler. Annanyýaz Dagarany özi bilen ykbaldaş saýdy. Herhal, ýene bir ýarym ýyldan Annanyýaz obasyna barar, adamlar bilen türkmen dilinde gürleşer, ýöne Dagaran indi türkmen obasyny görmez, türkmen dilini eşitmez. Annanyýaz bilen Hanguly gidensoň, kim onuň bilen türkmençe gürleşsin. Aly haçana çenli türkmen tapmaly. Işsiz adam ýok. Annanyýaz Dagaranyň ýagdaýyna gynanmak gynandy. Ýöne onuň edibiljek kömegi ýok. Iki dost Alynyň haýyşyny kanagatlandyrmaga söz berdi. Aly hem olaryň hyzmatyny göz öňünde tutup, sahylyk bilen eçildi. Annanyýaz dagy her sapar baranda Dagaran rişdesini üzere getirip olara bakan ümzügýärdi, türkmen dilinde hoş sözleri eşidip ugranynda, her bir sözi eşitmän galmakdan heder edýän dek butnaman diň salýardy. Aly begenjine guş deýin uçaýjak bolýardy. – Bilýäňizmi, bu gün Dagaran bilen türgenleşik geçdik. Gaty gowy. Şu gidişimiz bilen gitsek, nesip bolsa, aýlawda hökman baýrak alarys. Ynha, görersiňiz. Meniň ýüregim aňýar. Dagaran wagtyhoş, iýminem iýýär, güýjem toplaýar. Bedew bedew bolanda, ine, Dagaran ýaly bolýar. Dagaran mydama size garaşýar, siziň geleriňize howlugýar. Siz gelip gideniňizden soň ol şeýle bir rahatlanýar, şeýle bir rahatlanýar, heý-de goýaýyň – diýip, Aly ýetişibildiginden joşup gürleýärdi. Annanyýaz bilen Hanguly işlerine yhlasly çemeleşdiler. Kä günler Dagaranyň huzuryna dutarly bardylar. Oturyp, uly mähelläniň öňünde çykyş edýän dek, yzly-yzyna joşup-joşup saz çaldylar, aýdym aýtdylar. Dagaran aýdym-sazy biçak gowy görýärdi. Bir gezek Dagaran aýdym diňläp durka gözünden paýradyp ýaş döküp aglady. Hakyt aglady. Eý-ho! Dagaran aglady! Aly görgüli bedewiň gözýaşyny elýaglygy bilen süpürýär. Elýaglyk öl-myžžyk boldy. Dagaran Annanyýaz Magrupy şahyryň ilki «Bedew», soňundan «At ýagşydyr» diýen aýdymyny aýdanda aglapdy. Annanyýazyň özem bu aýdymy gowy görýärdi. Aýdymyň sazyny dördünji arka atasy Annamyrat begiň döredendigini bilýärdi. Ol bu sazy diňe bir atasynyň döredendigi üçin däl, ýok, bu sazda türkmen ýigidiniň zerurlyklary hakda aýdylýandygy üçin gowy görýärdi. Onuň göwnüne, bu aýdym hut özi üçin döredilen ýalydy. Bu aýdym ýokarky perdelerdäki aýdym däldi, pessaý perde aýdymydy. Pessaýlygy bilenem kalbyňa, janyňa paraýan aýdymdy. Gelip-gelip bu aýdymy Dagaranyň gowy görmegi Annanyýazyň diýseň hoşuna geldi. Ol aýdymy gaýtalap-gaýtalap aýtdy: Ýigide on bäş ýaşynda söýgüli arwat gerekdir: Andan soň köňlüniň hoşy, ýarag bilen at gerekdir. Atdyr ýigidiň ýoldaşy, oguldyr döwletiň başy. Gyz-da bolsa köňül hoşy, ýigide zürýat gerekdir. Magrupy, bilgeniň söýle, Goç ýigitniň waspyn eýle, At bilen ýaragy şaýla, Duşmana haýbat gerekdir. Täjirler hasabynda aňsat-aňsat ýalňyşmaýarlar. Aly hem ýalňyşmady. Hasaby dürs çykdy. Aýlawlarda baýrak yzyna baýrak aldy. – Çykaran çykdajymy üç esse edip ýerine saldym. Nesip bolsa, ýene kän-kän gazanaryn. Bu zatlar üçin men, ilki bilen, size minnetdar. Sag boluň, sag boluň – diýip, Aly täjir Annanyýaz bilen Hangula zyýapat berdi, halat-serpaý ýapdy. Hersine bir düwünçek pul-da berdi. Aly täjir Seýit ahuny ýakyndan tanaýan eken. Ol begenjine ähli bolan wakalary gürrüň beripdir. Annanyýaz bilen Hanguly Seýit ahun käýýär öýdüpdiler. Ýöne Seýit ahun olara käýemändi: – Eşidip, şol täsin türkmen atyny görüp gaýtdym. Türkmençe gürlesem, tisginip gitdi, janawer. Türkmen dilini bilýär ol – diýip, Seýit çozgun ogly Kyýasa-da şol bedewi görüp gaýtmagy maslahat berdi. Dagaran iki çapyşyk möwsümine gatnaşdy. Iki möwsümde-de Dagaran aýlawy baglady. Bagdadyň ilatynyň bar gürrüňi Dagaran saý bedewi hakda boldy. Okuwyny tamamlan Annanyýaz Dagaran bilen hoşlaşmak üçin Alynyň öýüne bardy. Aly adaty şadyýanlygy bilen Annanyýazy garşylady, ony Dagaranyň ýanyna alyp bardy. Annanyýaz Ala okuwyny tamamlandygyny, ertir irden Ahala – öýüne gaýdýandygyny aýtdy. Aly Annanyýaza ak ýol arzuw etdi, ak pata berdi. – Dagaran bilen ysnyşjak bolsaň, bir gapdan suw iç – diýip, Annanyýaz Ala maslahat berdi. – Dagarana bermekçi suwuňdan ilki özüň aňryň aldygyndan agzyňy basyp iç, soňundan Dagarana ber. Suw gudraty ikiňizi aýrylmaz dosta öwürer. Annanyýaz soňundan Dagaran bilen hoşlaşdy. Dagaran ullakan gözlerini Annanyýazdan aýyrman seredip dur. – Gitjek diýip, sen Dagarany-ha gynandyrdyň. Menem gynandym. Ýöne meniňki bilen deňeşdireniňde, Dagaranyň gynanjynyň çökderdigini duýup durun men – diýip, Aly Dagaranyň boýnundan gujaklady. – Nesip bolsa, Annanyýaz jan, suwy Dagaran bilen mydama bir gapdan içerin. Bagdat illerine gelseň, biziň gapymyz seniň üçin açykdyr, gelseň, depämiň üstünde ornuňyz bolar. Annanyýaz şol gün mugallymlary bilen, aýratyn hem Abul Himmet Keskiogly bilen, Seýit ahun bilen hoşlaşdy, olara çäksiz minnetdarlygyny bildirdi. Kyýas bilen suklara aýlanyp çykdy. Ol ýedi ýyldan soň arkaýyn bazara aýlandy. Aňynda mundan ýedi ýyl öňki Kyýasyň aýdan rowaýatyny ýatlady. Ýok, Annanyýaz ol rowaýaty ýedi ýylyň içinde unutmandy, ol rowaýaty gaty kän gezekler ýatlapdy, ony ýegre dosty Hangula hem gürrüň beripdi. – Biçäre oglan sukuň ünsüni çekmek üçin gygyrmak gygyrýar, ýöne ol hiç kimiň ünsüni çekip bilmeýär, netijede hem ol söýen gyzyna öýlenip bilmeýär. Göwnüme bolmasa, biziň her birimiz şol aşyk oglan. Biz maksadymyza ýetmek üçin gygyrýarys, ýöne bizi hiç kim eşidenok. Bazar – bu pany dünýä. Aşyk ýigit – adamzat. Bu rowaýatda bu dünýäň bar manysy ýatyr. Men bu rowaýatda ýaşaýşyň barja manysyny görýärin – diýip, Annanyýaz Kyýas bilen Hangula ýüzlenipdi. Olar üç dost bolup tä daň atýança pelsepe otaryp oturypdylar. Annanyýaz daňdan asly gilýanly bile okan dostlary Ilhan hem Muhammet bilen ilki Mazenderana, soň Gilýana gitmekçidiler. Ilhan bilen Muhammet Annanyýaza her dürli miweli daragtlaryň üç ýyllyk bolan nahallaryny satypdylar. Söwda mundan bir ýyl öň – Ilhan bilen Muhammediň kakalary Bagdada ogullarynyň yzlaryndan hallaryndan habar almaga gelenlerinde edilipdi. Indi Annanyýaz üçin ýörite saklanylýan şol nahallary Ahala aşyrmalydy. Ulaglar ýeterlik bardy. Seýit ahun Artyk hana beren sözünde durupdy. Jahan ýagtylmanka Ilhan bilen Muhammet Annanyýazyň şäheriň gyrasynda kireýine ýaşaýan öýüniň üstünden gelmelidiler. Garaşylýan pursat geldi. Üç dost goş-golamlaryny göterip daş çykdylar. Garaşylmadyk ahwalatlar haýrana goýýar. Adamyň durmuşynda garaşylmadyk ahwalatlar seýrek bolýar. Megerem, seýrek bolýanlygy üçin haýrana goýýandyr. Üç dost hem esli salym gözlerine müňkürligi bar deýin çiňerildiler durdular. Annanyýaz haýran galmasyny daşyna çykardy: – Eý, Aly, sen bizi nädip tapdyň? Bagdat uly ahyryn? – Sizi men tapamok, sizi Dagaran tapdy – diýip, Aly jogap berdi. – Sen gaýdaňsoň howluda rahatlyk ýitdi. Dagaran uzak gije özem ýatmady, bizem ýatyrmady. Şo-ol kişňäp, çarpaýa galyp, hokrandy durdy. Ýüpüni üzjek bolýar. Uýanyň yzy endamyny gara gan etdi. Janawer ganynyň akýanynam bilenok, öljeginem bilenok. Däliredi asyl. Meger, seniň dolanyp barmajagyňa soňundan düşünen bolarly. Dogrudanam, uýan Dagaranyň kellesini gara gana boýapdyr. Bu mahal Dagaran parahat durdy. Gaty arkaýyndy. – Täzeden hoşlaşmaly bolupdyrys-ow – diýip, Annanyýaz Dagaranyň ýallaryny barmaklary bilen daraklady. – Ýok, Annanyýaz, Dagaran seniň ýanyňa hoşlaşmaga gelenok – diýip, Aly ardynjyrady. – Baý-bu, gep, gör, nirelerden gelip çykdy – diýip, Hanguly ýylgyrjaklady. – Annanyýaz jan, men bu bedewi saňa ak ýüregimden sowgat berýän. Siz biri-biriňize mynasyp. Men atam tanaýan, adamam. Hanguly ikiňiz türkmeniň Dagarany. Hawa, hawa, Hanguly ikiňiz türkmen iliniň Dagarany, är ýigidi. Eger Alladan üç zat dileg etmeli bolsa, dilejek üç zadymyň üçüsem şu ýerde bar: ilki siz ýaly doganym, siz ýaly oglum bolsa hemem Dagaran ýaly bedewim bolsa, meniň üçin ondan aňyrda zat ýok. Hanguly ikiňizi özüme dogan saýýaryn. Geçen döwür içinde men hem meniň maşgalam siz bilen gaty ysnyşdy. Meni ýatdan çykarmaň. Men sizi mydama ýatda saklaryn. Dagaranyň seniň ýanyňda mes boljakdygyna ynanýaryn, Annanyýaz. Seniň ýaly ýigide Dagaran ýaly bedew gelişýär. Özüňe mynasyp bedewiňi münüp ýaşa, Annanyýaz... – Aly, hoş sözüň üçin sag bol, ýöne men Dagaranyňy mugt alyp biljek däl, meniň ýanymda ýeterlik pulum bar. Men Dagarany alan bahaňa satyn alaýyn – diýip, Annanyýaz Ala ýigrimi altyn dinar berdi. Aly begenjine Annanyýazy ýene gujaklady. * * * – Halypa, seniň nirelerde gezip ýöreniňi aýdaýynmy? – diýip, Durdy kalaý çasly gygyrdy. Ylla birinji gezek görýän dek Durda tiňkesini diken Nyýaz nämäniň-nämedigine – özüniň Bagdatda däl-de, dostlary bilen çölüň içinden barýandygyna düşündi-de, çalaja ýylgyryp baş atdy: – Hany, aýt, nirede? – Bagdatda, Harun ar-Raşit köçesi bilen Mustansire sary düwdenekläp barýaň, eliňde-de kitap bar öýdýän. Uzagrak bolansoň eliňdäkini açyk görüp bilemok-da, içigargalmyş. – Ýok, bilmediň. – Bä, eýýäm Mekgä dagy ýetäýdiňmi? – Haý, Durdy, senden bilgiç çykmaýar. Onuň ýaly juda jogapkärli zatlary menden soraň ahyryn. – Ana, soran ekenik-dä, senden. – Sorasaň, men halypaň nirededigini takyk aýdyp beräýerin. Men san bilmesem bilmerin, ýöne halypaň içindäki zatlaň sanyny weli takyk aýdaryn. Ah-ow, men halypamyň içine öz aýalymyň synasyna beletligim ýaly belet ahyryn. Biziň halypamyz häzir Hanguly baý bilen dünýäni unudyp, al-Nyzamyýýe köçesi bilen ýöräp barýar, birdenem olaryň yzyndan garny öňünde asyl-asyl bolup gelýän äpet bir daýaw baý kişi gygyrýar. Ol baý kişiniň adyna al-Aly ibn Kaimyllah diýýärler, «Oglanlar, mähriban oglanlar, hany, bir dakga aýak çekseňizläň!» diýip, al-Aly has-has edip, olaryň yzyndan ylgap ýetýär. Al-Alynyň beren atynam, ynha, öňümizde halypamyz münüp barýar. – Äl, seniň biläýşiňi! Nyýaz ol ýerden eýýäm gaýtjak bolup ýör – diýip, Rejep gürrüňi alyp göterdi. – Haý, azajyk küş bermedik bolsam-a geljegem ekeniň asyl – diýip, Durdy hezil edip güldi. – Halypam, geleňde meni gujaklaýşyň teý ýadymdan çykanok. – Sen maňa dogry düşün, Durdy. «Towşana dogduk depe» diýip, ýöne ýere aýdylanok. Towşan görgüli her näçe hatarlam bolsa, bir depe aşyp-aşman ýene dogduk ýerjagaşyna gelýändir, kysmatyna kaýyldyr. Ors gelensoň Eýrana aşan bir teke gürrüň beripdir: «Haýwan diýilýär, ana, şolar hem ýurtdan aýyrsaň bolmajak eken diýip, düýeler titreşip, hiç zat iýip-içmän hyrsyzlaşdylar, ýaraly ýolbars ýaly, kimiň üstüne özüni zyňyp bagyr awusyny kimden çykarjagyny bilenoklar, göçüp gaýdan obamyza tarap bakyp ýöne bagyryşyp durlar, itlerem ýürege düşgünçlik bilen ýabşynyşyp gelen tarapyna bakyp üýrýärler, dowarlaram şeýle. Teý sen goýaý, ýöne baran ýerimiz yzan-da-çuwanlyk. Meniňem ýüregim agzymdan çykyp barýar». Şol adamyň düşen gününe kim düşünmese-de, men düşünýän. Ynan, Durdy jan, günümi sanap ýaşadym. Näler gaýtjak welin, kakamyň keşbi göz öňüme gelýär-de, pys bolaýýan. 6. Birden çölüň içinde depe saçyňy düýrükdirýän aýylganç ses ýaňlandy: – Saklanyň! Saklanyň diýýän! Depeleriň arasyndan bir atlynyň gelýändigi göründi. – Haýbaty dagy nähili-aý onuň. Öz-ä ýeke, bizem dört kişi, şonda-da bize haýbat atýar. – Eý, halypa, men onuň sesi çykmaz ýaly edeýin-le – diýip, Rejep iňlis bäşataryna ok sürdi. – Gaharlanmasana, Rejep jan. Belki, kömege mätäçdir – diýip, Annanyýaz Rejebi köşeşdirmäge çalyşdy. – Kömege mätäç bolsa, haýbat atmasyn-da. – Saklanyň diýýän men size! – Atly Annanyýaz dagyň daşyndan aýlandy. – Haýbatyň-a dünýäni çepbe çöwräýerli görünýär seniň – diýip, Durdy kalaý nätanyş atla nägileligini ýaňzytdy. – Siz Annanyýazmy? – Annanyýaz bolanda saňa näme? Mus-muslama-da, derrew habaryňy aýt, ýogsam maňlaýyňdan üçünji gözüňi özüm elin ýasap berýän häzir – diýip, Rejep nätanyş atlyny nyşana aldy. Durdy kalaý Rejebiň tüýsüniň üýtgäp barýandygyny görüp, Annanyýaza ýüzlendi: – Annanyýaz, aýtsana oňa, ýok etsin ýaragyny. – Rejep, aýyr ýaragyňy! – Garaşyp bizar-peteňimiz çykdy biziň. Indi bir janlyrak boluň. Yzyma düşüberiň! – Nirä gitmeli? Näme üçin gitmeli? Hany, düşnükliräk edip aýtsana, dogan – diýip, Annanyýaz nätanşa ýüzlendi. – Siz, näme, kazymy? – Kazy-ha däl. – Onda meniň yzyma düşüberiň. – Aý, çölüň içinde kellesi şemalla duşanymyzyň zyýany ýok. Mundan beterinden Hudaý saklasyn – diýip, Annanyýaz ýoluny dowam etdirdi. Nätanyş atly gaharyna hapa sögündi. Türkmen bedewe aňsat-aňsat gamçy urýan däldir welin, ol atyna yzly-yzyna gamçy çalyp, Annanyýaz baýyň öňüne geçdi. – E-eý, adam dilinde aýdylýar saňa! Sen Annanyýaz baýmy? – Ýeri, onsoň? – Adamlar saňa ertirden bäri garaşyp otyr. Ýör, indi garaşdyrma-da. – Kim ol garaşýan? – Baranyňda görersiň. Ýa gorkýaňmy? – Gorkýan adam çöle çykmaz – diýip, Rejep öňe-öňe omzady. – Onda näme, ýörüň-dä. Kimiň garaşýandygyny iki depe aşsaňyz görersiňiz. Maňa tabşyryk şeýle: «Annanyýaz baýy ýanymyza alyp gel» diýdiler. Wessalam! – Ýörüň, ýigitler! – diýip, Annanyýaz nätanyş atlynyň yzyndan at saldy: – Ah-ow, dogan, hany, düşnükliräk aýtsana, çölüň içinde – bu jelegaýlarda oba-gara barmy? – Oba-gara ýok, ýöne size garaşyp oturanlar bar. Nätanyş atly yzyna garaman atyny çapdyryp barýardy. Annanyýaz arkaýyndy, özüne çölüň içinde kimiň garaşyp biljekdigi barada oýlanýardy. Onuň göwnüne bolmasa, iň ýakyn dostlarynyň biri garaşýan ýalydy. Ynha, şu depeden ýene birki depe aşarsyň welin, öňüňden ýaýylyp ýatan oý çykar, ol oýuň içinde onuň ýegre dostlary meýlis gurap oturandyrlar. Ýöne olar näme üçin bu ýerde meýlis guraýarlar. Meýlisi hökman çöle çykyp guramalymy? Olar meniň bu ýerdedigimi nädip bilýärkäler? Belki, bize Abdylla öz hemşerileri bilen garaşýandyr? Öňümizde bukulyp ýatan bolsa nä bilýäň?! Aý, ýok, Abdylla bukulyp ýatyp atardy, wessalam. Onuň meniň bilen gürleşmek nämesine gerek? – Halypa, Abdyllaň ýanyna barýan bolaýmaly? – diýip, Allan dillendi. – Wah, şu çölde öňümden şol nejis çykaýsady! Halypa entek duruň diýmänkä ýazzy maňlaýyndan bäşatarymyň bäş okunam gysganman goýberjek – diýip, Rejep ot aldy. – Bize geliň diýer ýaly, näme, Abdyllaň ejesi gyzmyşmy? – diýip, Durdy kalaý egnindäki bäşataryny eline aldy. – Ätiýaçly bolaýalyň-la. Ýöne yzyma düşüň diýip biljek duşman-a bizde ýok. Annanyýaz aňynda köwsar uran sowallaryna jogaby garaşylmaýan oýa baransoň tapdy. Oýda ýigrimi töweregi atly bardy. Her kim bir iş bilen başagaýdy. Oduň gapdalyndan giň edilip ýazylan düşekde üç-dört kişi tirsekläp ýatyrdy. Öňden gelýän nätanyş atly: – Annanyýaz gelýär – diýip, gygyryp aýtdy. Düşegiň üstünde tirsekleşip ýatan dört kişi keremara ýerlerinden turdular. Olaryň içinde harby ofiser hem bardy. Hyzmat edip ýörenler bolsa, kileň esgerlerdi. – Atyşarys – diýip, Rejep iňlis bäşataryna ok sürdi. – Oh-o-o, Annanyýaz geldi – diýip, kimdir biri gygyrdy. Bu ses dostlukly sesdi. Rejepdir Allan dessine ýaraglaryny ýygnamak bilen boldular, Durdy kalaý welin ätiýajy elden bermän, öňüne kese basan ýaragyny donunyň syny bilen örtüp durdy. Annanyýazyň atyny tutdular. Annanyýaz gözlerine ynanmajak boldy: onuň öňünde ýegre dostlary, ençe wagt bäri küýsäp ýören dostlary durdy. Annanyýaz Hangulyny garsa gujaklady. Ondan aňyrda duranlar – ýaşlykda Aşgabatda oglanlaryň gimnaziýasynda okan ýoldaşlary Muhammet Geldi, Annageldi Salyh dur, köşüli Gurban Sähet bilen bile okamadygam bolsa, onuň bilen telim ýola duşuşypdy. – Meniň düýşümmi ýa bu görýänlerim hakykatmy? – diýip, Annanyýaz duranlar bilen ýekän-ýekän gujaklaşyp salamlaşyp çykdy. – Annanyýaz jan, seniň bu görýän adamlaryň düýşüňe-de girip biljek adamlar, huşuňda-da bolup biljek adamlar – diýip, Annageldi Salyh Annanyýazyň egnine kakdy. – Siz bu ýere nädip düşdüňiz, hany, düşündirseňizläň? – Hany, ilki jaýlaşykly ornaş, soňundan saňa ähli zady jikme-jik düşündireli – diýip, Hanguly Annanyýaza oturmaly ýerini görkezdi. – Maňa aýratyn hormat goýup aýnatjak bolýaňyzmy? – diýip, Annanyýaz gat-gat ýazylan düşekçä geçdi. – Kim aýnasa-da, sen aýnamarsyň, Nyýaz jan – diýip, Muhammet ýaşlyk dostuny boýdan-başa synlady. – Bä-ä, Nyýaz jan, ers-mers bolaýypsyň-aý. Gimnaziýada okamyzda-da kiçi däldiň welin, sekiz ýylyň içinde tanalmaz ýaly ullakan adama öwrüläýipsiň. – Tüweleme diý – diýip, Hanguly Muhammediň sözüni böldi. – Tüweleme, tüweleme, göz degmesin – diýip, Muhammet sözüni dowam etdirdi. – Men sen hakda köp gürrüň eşidýän. Gimnaziýada sapak berýändigiňem eşitdim. Ullakan bag döredendigiňem eşitdim. – O nähili eşitdim, baryp gördüm diý – diýip, Hanguly ýene Muhammede düzediş berdi. – Hawa, hawa, baryp gördüm. Tüweleme, tüweleme, ýene üç-dört ýyldan ol bagyň içinde azaşan adam yzynam tapyp bilmez. Gözüm gitdi, gowy bag döredipsiň. Içi byjyklap barýan bolarly, ýene Hanguly gürrüňe goşuldy: – Hawa-la, adam jennetinem, dowzahynam özi döredýär. Seniň Annanyýazyň jenneti diýip göreniň, Annanyýazyň dowzahy bolsa nä bilýäň? – O nähili? – «O nähilisi» ýok onuň, Annanyýaz ertirden ýarygijä çenli şo bagyň içinde gara der saçýar. Güwä geçip biljek, dowzahda Annanyýazyň işleýşiçe işlenilýän däldir. Bagyň jennetmi-dowzahmy diýip, Annanyýazyň ýanynda gelen şol üç ärmämmetden pyşyrdap sorap görüň. Derrew aýdarlar. Diňe özi däl, ýanyndakylaram gije-gündiz işledýär ol. Jennet dowzahy görensoň döreýär. Jennet azaplardan, gara derlerden döreýär. Annanyýaz bu dünýä işlemek üçin gelipdir. Annanyýaz bu dünýä jenneti bag döretmäge gelipdir, ýöne onuň döreden bagy özüne, neberesine nesip etmez diýen gorky maňa rahatlyk berenok... – Hanguly, sen gülmek üçin gelipsiň. – Gülseň, Annageldi jan, dünýä seniň bilen gülýär, aglasaň, sen ýekesiň, ýalňyzsyň. Ýekeligiň bolsa, Hudaýa-da gowy däldigine ynanýaryn. – Her kimiň öz ýoly bar. Her näme diýseňem, adam barybir, gitmek islän ýoluny saýlap alýar. Hanguly, hany, sen dursana bir salym. Men Annanyýaza aýtmak islän zadymy bir aýdaýyn. Teý meni gürledeňok sen – diýip, Muhammet Annanyýaza ýakyn bardy: – Annanyýaz jan, daňdan Hanguly öýümize bardy, ýörüň hemmämiz Annanyýazlara myhmançylyga gideli diýip. Bu nökerlere nädip ýok diýjek. Ýanynda-da Geldimyrat bir giden nökeri bilen. Polkownik bolaýypdyr. Onsoňam Annanyýazyňka gitmeli diýilse, näme üçin ýok diýjek?! Bolýa diýdik. Bardyk seniňkä. Çöle gitdi diýdiler. Bagyňy gördük. Soňam, ynha görşüň ýaly, Annanyýaz gelse, göreris diýip, ine, şu ýerde mesgen tutup seniň geleriňe garaşyp otyrys. Bäş-alty ýerde Geldimyradam esgerlerinden garawul goýdy, Annanyýaz göründigi haýyna-waýyna bakman şu ýere alyp geliň diýip. – Ediberşimi nähili gördüň, Nyýaz jan? – diýip, Hanguly adaty göçgünliligi bilen jak-jaklap güldi. – Ediberşiňi ajap gördüm. – Haý, Nyýaz, seniň maňa gözüň öwrenişipdir. – Wah, gözüm öwrenişip bilenok-da. Hanguly gözüni ýaşardyp güldi: – Ýok, ýok, seniň maňa gözüň öwrenişipdir, Nyýaz jan. Meniň öňümde ýedi bükülip çest berýärler-how. Özem ol indi öňki gören ofiseriň däl. – Aňdy öz-ä... – Aňanyň bolmaýar, Nyýaz jan, bilip goý. Seniň ýegre dostuň Geldimyrat Hoja ogly bu gün Zakaspi guberniýasynda general-gubernatordan soň käte bäşinji, käte altynjy orunda duran ullakan adam. – Onda Zakaspi guberniýasy özümiziňki boluberen eken-dä. – Bolaram ol, enşallasa. Men, näme, sizi şu ýerik goýnuň bir tokga etini iýdirmek üçin çagyrandyr öýdýäňizmi? Eti öz öýüňizde-de iýip bilýäňiz. Ýygnanmagymyzyň aňyrsynda, dogan jan, ullakan maksat ýatyr. – Geldimyrat dogry aýdýar. Ol aýdýar: «Geçen geçdi, geljekden habar ber». Dogry, geçen geçdi. Gökdepe syndy. Ýöne Gökdepe syndy diýip, gol gowşuryp oturybermek bolmaz. Çykalga gözlemeli. Özbaşdaklyk almaly. Döwleti edara edip biljek sowatly-bilimli adamlar bolsa bizde ýeterlik bar – diýip, Muhammet ýaňy joşup gürläp ugrapdy, onuň sözüni Hanguly böldi: – Geldimyrat jan, şu giň çölüň içinde çiniňi iki sagatlyk maňa bersene. Nökerleriňe aýtjak zatlarym bar. – Bar seniň diýeniň bolsun, men Hanguly, sen polkownik. – Jenap aşpez esgerler! Meni diňläň! Esasy garaşylan adam geldi, indi nähili tagamlaryňyz taýýar bolsa, gypynç etmän getiriberiň. – Hanguly oturan ýerinden gygyryp tabşyryk berenini az gören dek, elleri bilen nahary getiribermelidigini alamatlandyrdy: – Halmyrat jan, seni adamlaryň öňünde nahar goýluşyna gözegçilik etmek boýunça ýolbaşçy belleýän. Eger tüňçeler boşasa, çanaklar boşasa, derrew esgerlere aýt, goý, olar täzeden getirsinler. Hanguly birden Annanyýaza ýüzlendi: – Nyýaz jan, sen «Gökdepe» diýen goşgyňy, soňam «Eý, türkmen» diýen goşgyňy okap bersene. – Goýsana, Hanguly. Hangulynyň o sözünden soň Annanyýazy gününe goýmadylar. Ýerli-ýerden: «Hany, goşgulaňňy oka!» diýip, üznüksiz aýdyp duranlaryndan soň, Annanyýaz iki goşgy okady. Goşgyny diňlänler agyr oýa-gussa batdylar. – Bu goşgulaňňy bagşylara bersene, goý, türkmeniň ýüregi lerzana gelip, ykbaly hakda çuň oýlansyn, aýaga galsyn – diýip, esli wagta çeken dymyşlykdan soň Gurban Annanyýaza ýüzlendi. – Ýok, ýok, Gurban jan, bagşylara berip biljek däl. Meniň şahyr adyny göteresim gelenok. Öz içki duýgularym bular. Wagt geler, belki, nesillerim okap kitap ederler. Bu, elbetde, olaryň öz işleri. – Nyýaz janyň ýigrimiden gowrak depderi bar, köpüsem goşgy-gazallar. Parasatly pikirler. – Okap göreli-le. – Haý, Gurban jan, sen görýän welin piliň gulagynda uklap ýörsüň, ol-a okamak ekeni, olary elläniňi görse-de, Annanyýaz Annanyýaz däl-de, ýyrtyjy şire öwrülýär. Depderlerine el degirseň halamaýar, gaty pynhan saklaýar. – Gurban jan, meniň bilen köpräk oturyp-turuşsaň, soňundan saňa ol depderleri okamagyň zerurlygy bolmaz. Ol depderler meniň içki oýlanmalarym, pikir-hyýallarym. Olaram, nesip bolsa, saňa gürrüň beräýerin. – Okatmajakdygyny sypaýyçylyk bilen aýtdy dälmi? – diýip, Hanguly Gurbana baş atdy: – Sen ýöne diňläniňe ýüzde bir müň şükür edip oňaý. – Bä-ä, Nyýaz jan, sen meni aňk etdiň. Goşgyňy diňläp türkmendigime hem-ä begendim, buýsandym, şu günki kysmatymyza bolsa gyýyldym. Sen juda rast aýdýaň, çykalgasyz zat bolmaýar, oýlansak, hökman çykalga-da taparys, ýöne hökman özbaşdak döwlet bolmaly. Rast, aýdyşyň ýaly, ýedi yklymy edara edip ýaşan bolsak, näme üçin Nuh pygamberden miras galan türkmen topragynyň on bäşden bir bölejigine özümiz eýe bolup bilmeli däl. – Gepem şonda-da – diýip, Annanyýaz otlukly gürledi: – Doganlar, şu günki Hangulynyň gurnan oturyşlygyny men Allatarapyn diýip bilýärin. Hanguly janyň ömri uzak bolsun. Är işini bitirdi. Men şeýle duşuşygy, özem it-guşuň, del göz-gulagyň ýok ýerinde aç-açan duşuşmagy, iç döküşmegi küýsäp ýördüm. Türkmene ruhdan düşmek bolmaýar. Al-Gazaly: «Hudaý adamlary päl-niýetleridir edýän işleriniň gowulygy, ýa-da erbetligi boýunça birleşdirýär» diýýär. Diýmek, Hudaý bizi il-güne gowulyk, sogap iş etmegimiz üçin birleşdirýär. Hudaý mydama bizi goldar, doganlar. Biz geçeni geçdi bilip, geljegiň, özbaşdaklyk almagyň aladasyny etmeli. Halk üçin men başymy goýmaga taýýar. – Oturanlar ýerli-ýerden Annanyýazyň sözlerini gaýtaladylar: «Halk üçin menem başymy goýmaga taýýar». – Türkmen topragy türkmeniňki bolmaly. ...Çölde gurnalan meýlis-mejlis üç gije-gündiz dowam etdi. | |
|
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Duman daganda: Adalatly bolýançaň güýçli bol - 11.06.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |