12:49 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -8 | |
Sekizinji bap
Romanlar
ÖWRÜMDEN AŇYRDA NÄME BAR?! 1. Gökdepe pajygasy hakdaky suraty satyn almak Annanyýaza başartmady, sebäbi iki dogan bolan Wereşaginleri paýtagtdan tapaýmak kyndy. Birisi hemişe söweş gidýän ýa şoňa meňzeş ýabany, wagşyýana ýerlerde goş basyp, elkin ýatyp surat çekse, beýlekisi süýt önümlerinden dürli peýnirleri ýasap, Ýewropany aňk etmek aladasy bilen daşary ýurtlaryň birinden gelse, ikinjisine gidýärdi. Mihail çykalga tapdy: ökde nakgaşlaryň birine Wereşaginiň «Gökdepe ilçileri» suratynyň nusgasyny taýynlatdy. Annanyýaz kakasyna, ejesine, ilen-çalanlaryna, sowgat baryny alyp, goşuny mazaly tutupdy. Arasynda gönenenleriň biri hem Ýelli baýyň aýalydy, goşa meňli gyzy gözleýän daýzasyna ol örän owadan gulakhalka bilen gülýaka alypdy. Annanyýaz Moskwa otly bilen geldi, soňra Moskwadan Astrahana gaýdýan ýolagçy otlusyna mündi... Astrahanda türkmenler, azerbaýjanlar, gazaklar, özbekler kändi. Başga ýurtlaryň adamlaram kändi. Haýran galaýmaly, Annanyýaz bu şäherde, näme üçindir, özüne ýakynlyk duýdy. Göwnüne bolmasa, ol birmahal göçüp giden şäherine dolanan ýalydy. Şäheriň köçelerini, jaýlaryny ol göýä öň gören ýalydy, Annanyýaz bu ýakynlygyň sebäbine düşünmedi. Özüni Aşgabada gelen ýaly duýdy, ýöne Aşgabada ýetmek üçin öňde menzil köpdi. Annanyýaz Astrahanyň gämi duralgasyna gelip, goş-golamlaryny gapdalynda goýup, oturgyçda ýaňy oturypdy. Niýeti biraz dynç almakdy. Bolmady: megerem, onuň gelerine garaşylyp durlan bolmaly, on-on bäş sany žandarmeriýa çar tarapdan onuň üstüne topuldy. Annanyýaz nämäniň-nämedigine düşünmän galdy. Garşylyk görkezmelimi? Näme üçin? Düşünişip bolmazmy? Onuň bilen ýeke agyzam gürleşilmedi, köp wagtdan bäri garaşylyp durlan jenaýatkäri ele salýan dek, žandarmeriýa gaty okgunly hereket etdi. Olar Annanyýazyň üstüne gazap bilen topuldylar. Dessine-de paýtuna mündürip, şäher bölümine getirdiler. Žandarmeriýa işgärleriniň bolşy Annanyýazy biçak geň galdyrdy: olar nämedir bir zatlary gözleýärdiler. Annanyýazyň goş-golamy giň otagyň içinde akan-dökän bolup ýatyrdy. Wereşaginiň suratyna bir-birden syn edýärdiler. Birki sagada çeken özara düşünişmelerinden soň maýor çinli, çep gözi hally, ak mapraç kişi Annanyýazyň gaşynda oturdy. – Hany, listowkalaryň? – Haýsy? Näme? O nämäniň listowkasy? – diýip, Annanyýaz geňirgendi. – Maňa towşan mönlügini etme. Sende «Marselýozaly»1 listowkalar bolmaly. Men mönsüreýän adamlary halamok. Bilbil bolup saýrarsyň! 1 Marselýoza – fransuz rewolýusiýasynyň aýdymy. 1792-nji ýylda döredilen bu aýdym Orsyýetde, Aşgabatda meşhurdy. Annanyýaz nämä garaşsa-da, takdyryň beýle öwrümine garaşmandy. Ol ykbalyň bu oslagsyz öwrümini nämä ýorjagyny bilmedi. Kelebiň ujuny agtardy – özüniň geljekdigi, listowka getirjekdigi hakdaky habary kim ýetirdikä? Ony bu ýerde tanaýan adam ýok ahyryn. Onda listowka-da ýok ahyryn! Bu zatlar gurnalan bolmaly. Atan oky sowa geçensoň, Abdylla şeýle misginsokarlyga ýüz uran bolaýmasyn? Annanyýaz haýran galdy: häzirki bulam-bujarlyk ýagdaýynda-da, hana, sag ýaňagy goşa meňli gyz birgeňsije ýylgyryp dur. Onuň ýylgyryşynda giňlik, göwünlik bermek bar. Ol ýylgyryşda ähli zadyň soňunyň düzüw boljakdygyna ynam bar. Ýöne sag ýaňagy goşa meňli gyz Annanyýazyň düşen halyny näbilsin. Ýeri, sen dadyňy kime ýetirjek? Oba ýetmegi arzuwlap barýan Annanyýaz garaňky zyndana atyldy. 2. Dym-dyrslyk. Görüp otursa, Annanyýaz beýle ümsümlikde oturyp görmän eken. Ýöne ol käteler alagaraňkyja ümsümlikde oturmagyň pikirini edendigini hakydasynda aýlady: «Ine, Nyýaz jan, hiç iş etmän, hiç ýerik gitmän dynç al!» diýip, Annanyýaz öz-özüne ýüzlendi. Ýok, beýle mejbury ýagdaýda dynç alyp bolmaz. Adam mydama maksadyna ýetmek üçin ber-başagaý. Aslynda Allatagala bendesini maksadyna ýetip bilmez ýaly edip ýaradypdyr. Maksadyna diňe Allatagala ýetip bilýär. Adam maksada ýetmegiň diňe arzuwyny edip bilýär. Ömür – maksada ýetmek üçin ylgaw meýdany. Annanyýaz öňünde goýan maksatlary barada oýlandy. Göräýmäge, maksadyňa ýetmek o diýen kyn hem däl ýaly. Ýöne seniň islegiň bolanok. Düýpden başga-başga zatlar bolýar. Adam ähli zada kaýyl gelmeli bolýar. Onuň kaýyl gelmekden özge alajy-da ýok. Ine, ol garaňky zyndandan nädip çyksyn. Perýadyny obasyna nädip ýetirsin. Bu ýerde-hä onuň sözüni diňlemek isleýän-de ýok. Onuň kakasy üçin ýöriteläp getirýän suraty aýak astyna düşdi. Annanyýazyň gözüniň alnynda suraty ýyrtdylar, bölek-bölek etdiler. Heý, bu suraty türkmen halkyna görkezip bolarmy?! Bu surat iki halkyň arasyna çöp atyp biljek surat! Goý, bu suraty türkmen halky görmesin! Goý, ol surat hakda, Gökdepe pajygasy hakda türkmen halky hiç zat bilmesin. Rast, bilmeli bolsa, onda Gökdepede ýeňlendigini bilmek bilen çäklensin. Annanyýaz ejesiniň zarynlamasyny hakydasynda gaýtalady: «Jan oglum, ýedi ýyllap didaryňa zar boldum, günümi sanap garaşdym, indi beri gözümden uzaga gitme. Bir ýerik gitseň, ýüregim dowul tapyberýär. Ýene gitjek diýýäň welin, ýüregim ýolda bir ýaramaz zadyň boljagyny syzýan ýaly bolup dur». Annanyýaz juwan ýaşda juwanamerk bolup ölüp gidibermek islänokdy. Ol ýaňy ýaşap başlady, ol ýaňy durmuşa girişip ugrady. Ol öz ýedi arkasyna belet, Allatagala özüniň janyny alyp Artyk baýy çürkär ýaly, onuň hiç hili etmişiniň ýokdugyny, ýedi arkasynyň-da hudaýlykly adamlar bolandygyny Annanyýaz öwran-öwran hakydasynda aýlady. «Men entek-entekler ölmeli adam däl. Agöýli serdar segsen ýedi, Annamyrat beg ýetmiş üç, Taňryguly batyr ýetmiş sekiz ýaşapdyr. Allatagala biziň neslimize uzak ýaş berýär. Ýok, meni tiz goýbererler. Men Gypjaga bararyn» diýip, Annanyýaz pyşyrdady. Ol, hernäçe howluksa-da, bir aý gowrak, has takygy, otuz üç gün garaňky zyndanda ýatmaly boldy. 3. Bir gün garaňky gatlyşyberende Annanyýazy zyndandan çykardylar. Daşarda Ýelli par ýylgyrjaklap durdy: – Nyýaz jan, meniň gudratymy gördüňmi? Men zyndandanam boşadaýýandyryn görseň – Ýelli par gara gadyr bolup Annanyýazy gujaklady. Annanyýazyň Ýelli pary görüp barja keýpem uçdy. – Be, Ýelli aga, siz nire, bu ýerler nire? – Haý, Nyýaz jan, sen meni tanaňok. – Siz meni nädip tapdyňyz? – Astrahandan Aşgabada habar ýollapdyrlar. Sen hakda maglumat sorapdyrlar. Telegrammany okap, seni Stabrowskiý, Ärsak Hajyýew1 ýaly rewolýusionerdir öýdüp, Koşmannyň tas ýüregi ýarylypdy. Annanyýazyň rewolýusionerdigini bilmändirin diýip ot aldy. Koşmanna seniň gowy adamdygyňy täzeden düşündirmeli boldy. Öýüňize barypdyr, soňam Artyk han ikisi menden haýyş etdiler, «Astrahana baryp gel» diýip. Menem, näme, Artyk han üçin, seniň üçin ölüme gitmelem bolsa taýýar adam. Seniň türmä düşendigiňi eşidib-ä meniň 1 L.Stabrowskiý, Ärsak Hajyýew 1905-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynda Aşgabatda RSDRP-niň toparyny döredendigi üçin türmä basylýar we türmede sütem edilip öldürilýär. Şol ýyllar bu iki rewolýusioner il arasynda gaty meşhurdy. gözüme uky gelmedi. Göni eňdim bäri. Astrahanda, ýegen jan, meniň abraýym uludyr. Diňe Gypjak bilen Aşgabatda meniň hormatym-abraýym ýok. Astrahanda meni depesine göterýärler. Bu ýeriniň ähli žandarmeriýasy men bir zat diýsem, dyp edip bilmez. Sözüm kanundyr, ine, türmäň başlygynyň paýtunyny görýärmiň? – Ýelli par Annanyýazy paýtuna mündürdi. – Otur, otur. Bu türmäň başlygynyň paýtuny. «Gidýänçäň şu paýtun seniň hyzmatyňda» diýdi ol. Bu paýtun Artyk hanyň pulunyň güýji bilen dur. – Meni kimdir biri satypdyr!.. – Ýok, ýok – diýip, Ýelli par birden dowla düşüp gygyrdy: – Seni hiç kim satan däldir. Ýok, ýok. Sen hiç zat bileňok. Bu ýerde nätanyş adamyň ählisine şübhe bilen seredýärler. Sen-ä göni Sankt-Peterburgdan gelýän adam. Ol ýerde gozgalaň boldy ahyryn. Onsoň ol ýerden gelýänleriň ählisini barlaýarlar. Seniň ýanyňda bolsa Gökdepe urşy hakda surat bar eken diýdiler. – Siz ony nireden bilýäňiz? – Menmi? Men bilýän!.. – Ýelli par çalaja sakyndy: – Hany, bu gürrüňleri goýaly-la. Esasy zat, sen türmeden çykdyň. Seni kim çykardy? Men çykardym. Sen maňa sag bol aýt. Türmäň başlygy senden nämeleriň çykandygyny gürrüň berdi. Portreti alyp galjak diýdi. Goý, alyp galsyn. Gerek däl. Häzir dynç alaly. Ertir gideris. Sen meni diňle. Näme diýsem, şonuň bilen boluber. Şonda hor bolmarsyň. Sen Ýelli kakaňy tanaňok. Ýelli kakaň zordur seniň. Şol günüň ertesi Annanyýaz Ýelli baý bilen ýolagçy gämisine münüp, iň gowy kaýutada ýerleşip, niredesiň, Şagadam diýip ugrady. Ýelli baýyň birnäçe araba ýüki bardy, aýratynam başga hili ýüki Annanyýazy geň galdyrdy, ýöne Ýelli para bilesigelijiligini bildirmedi. Ýelli baýyň ýanynda üç sany ýaş aýal maşgala bardy. Ýelli baý olaryň kimdigini Annanyýaz sorar diýip şunça garaşdy, emma ol soramady. Ahyry Ýelli baý agşamlyk ol aýal maşgalalary görkezip: – Ýegen, hanha peri-peýkerler. Aşgabada çenli halanyň bilen boluber – diýdi. – Daýy, ogryn lülehanalaryňy az görüp, sen, näme, Aşgabatda jelephana hem açjak bolýarmyň? – Nätdiň-äý, Nyýaz jan! Mende lülehana bolmaz, jelephana-da bolmaz! – Sen, daýy, kimi aldasaň, aldap bilersiň, emma meni aldap bilmersiň. Men işe başladygym seniň Aşgabatdaky lülehanaňy ýaparyn. Ýelli baý Annanyýazyň sözüni degişmä salan bolup, jykyr-jykyr edip güldi: – Sen ýaparsyň, sen Artyk hanyň ogly. Artyk hanam ömür türkmene nusgalyk boljak bolup heläk boldy. Nury gyşygyň lülehanasyny ýapjak, Nury gyşygy obadan kowjak diýibem ile gep boldy, Nury gyşyga dişi ötmedi. He-he-he! Siziň ýoluňyz nädogry. Görogly begiň aýdyşy ýaly, bu ýalançyda iýip-içip, münüp-guçup geçen ýagşy. Siz bolsa bu dünýä ömürlik gelen ýaly. Döwrebap bolmalydyr, ýegen, döwrebap! Gör hany, galyň-galyň baýlary, ederini bilýär. Hersiniň ençe aýaly bar. Baýar bir käse şerap uzadyp iç diýse, baýyňam içip otyr, işan agzamlaryňam... Derýanyň tersine ýüzmek gerek däl! Pul gürlände Hudaýam dymýandyr. Dünýäni pul dolandyrýar. Pul hökmürowan. Hem-ä Hudaýa, hemem pula sygynmak gerek. – Bu gyzlary näme diýip alyp barýarsyň? Satýarmyň? – «Käpirler jem bolup ýykdy Käbäni, Ýezit gitdi agajyny satmaga» diýmeýärmi, Sähet şahyr1... – Diýmeýär, ony Magtymguly diýýär. – Ýelli baý ederini bilýän baýdyr. Ol etjek işini ýedi däl, müň ölçäp edýändir. Özem ýurduň kada-kanuny esasynda işleýändir. Kanundan çykyp hiç iş edýän däldir. Ak patyşa türkmen baýlaryna dürli milletden bolan owadan-owadan zenanlaryň berilmegini isleýär. – Ak patyşa isleýär diýýäňmi? – Elbetde, ýogsam, heý, şeýle işler ederinmi? Meniň bu zenanlary alyp gaýdanymy ak patyşa bilýär, ak patyşa goldaýar. Zakaspi gubernatoram bilýär, Aşgabat uýezdäm bilýär. Meni goldaýarlar. Sagbol aýdýarlar. Ak patyşa türkmenleriň diňe keýpi-sapada bolmagyny isleýär. Gör, nähili gowy zat! Gör, nähili hormat. «Türkmen gany özge milletleriň gany bilen garyşmalydyr» diýip, Lomakin aýtdy. Bu habary eşidip, türkmen baýlary kän hoşal boldular. Ak patyşa alkyş aýdýarlar. Men beýle owadan gyzlary getirişim birinji gezek däl. Gör, näçe gezekler daşadym. Baýlar öňünden puluny berip, her hilijesinden sargaýarlar. Birine inçe billi horjasy gerek, birine kelte boýlusy, owadanjasy gerek. Kime ýaňagy hallyjasy gerek. Kime akjasy, ýaşjasy gerek. Nähili gerek diýilse, şol hilisini tapmak meniň bilen. Ine, bu gözelleri Gyzylarbat baýlary sargady. Gyzylarbat baýlary. Anha, ýaşamany bilýän baýlar. Bulardan bolan ogul-gyzlar derrew bir derä şir bolar. Sebäbi türkmeniň gany türkmene ýat bolan gan bilen garyşýar. Şeýle garyşyklykda doglan çagalar dogumly, ärdemli bolýarlar. Ökde bolýarlar. Onsoňam bulardan önen çagalaryň daýylary bar, 1 Sähet işan Mährujy. 1891-nji ýylda Gökdepäniň Ýylgynly obasynda doglan, 1929-njy ýylda Eýrana göçen şahyr. daýylary!.. Orsuň içinde erkek az! Erkek az bolsa-da, orsuň ýetmeýän ýeri ýok, uruşmaýan ýurdy ýok. Men-men diýen ýigitler okdan-gylyçdan ölüp gidýär, bu görgüliler, onsoň, näme etmeli... Ene-atasy-ha ikinji aýal edip berseňem, bir çörek berjek, egnini ýapyp, aýal edinjek adama berseň razy. – Äl, daýy, seniň bilýäniňi melgunam bilýän däldir. – Haý, ýegen, siz piliň däl, towşanyň gulagynda uklap ýörsüňiz... Muzapber beý dagy ýigrimi ýyl bäri Orsýetden harydyň gapdaly bilen bulary getirip satyp ýör. Biz, näme, agzymyzdaky rysgy şol gelmişege aldyrmalymy? Anha, seret, bar alan harydym bir ýana, bular bir ýana. Gyzylarbada baryp bildigim, eýesi taýyn. Hol garagözelejigi bar-a, ana, şol kimedir öýdýärsiň?! Seýitmämmet ahun üçin. Hawa. Hawa. «Türkmene meňzeşjesi bolsun» diýip, öliniň sargydyny etdi. Özem musulman bular. Dili-de türki... Annanyýaz Ýelli para seredip başyny ýaýkady oturdy, ondan bihabar Ýelli par: – Kakaňa-da köp aýtdym: «Öýlen, ýaşajyk birine öýlen! Ýekeje ogluň bar, Hudaý berse, ýene ogluň, gyzyň bolar» diýip... Etmedi. Etmedi... Artyk hanam köne türkmenligine ölüp gitjek adam-da!.. Türkmençilik gutardy... Puluň, baýlygyň zamanasy başlady. Töwerek-daşyňa bak, ýegen: puldar baýarlar bilen türkmen baýlary äbede-jüýbedir... Annanyýazyň Ýelli baýyň bu gürrüňlerine ýüregi bulandy, gaýdyp ol Ýelli para barmysyňam diýmän duýgular dünýäsine – gaýry bir dünýä gitdi. Ol dünýäde bolsa nazary jadyly goşa gara meňli gyz ýylgyryp durdy. Ýurda golaýlaşdygysaýy, ol hyýalynda gyza golaýlaýardy. Birden-bire-de, ol gyz tapylmaz diýen heder onuň jiger-bagryny mynçgaýardy. Iň lezzetli söýgi ýetilmedik söýgi, iň gowy iş edip bilmedik işiň. Adam mydama ýetip bilmedik menziliniň, alyp bilmedik almasynyň datly armany bilen ýaşaýar. Dünýä – wysal bolmadyk arzuw. Dünýä – hoşroý zenan. Adam görgüliniň öňünden owadan zenan özüni güjeňläp gidip barýan ýaly. Adam hem şol owadan zenana el ýetirmek üçin ýüwrüp ömrüni geçirýär. Dünýä çapuw meýdany. Mundan ýöräp däl, adam ogly ylgap-çapyp geçýär. Bir pursatlyk ömürde adamyň etmek isleýän işlerem kän, juda kän. Adam munda kän-kän mal-mülk edinmek isleýär. Adama kän gerek, dünýä doýsa-da adam ogly doýmaýar. Allanyň sygan dünýäsine bendesi sygmaýar. Annanyýaz duýgulara gark bolup, hyýallar deňzinde ýüzüp, gijesi-gündizi goşa gara meňli gyz bilen jilwe taşlaşyp Gypjaga geldi. 4. Artyk han Nyýaz sapara ugrajak bolanda zynharlap-zynharlap: «Tumary ýanyňa algyn, ogul, başyňa bir çykgynsyz iş düşende kömege ýetişer» diýdi. «Aý, kaka, barjak ýerim belli, etjek işim belli. Hiç hili gorkuly zat ýok, meni alada etmäň. On-on bäş günden gelerin, nesip bolsa» diýip, Annanyýaz kakasyny köşeşdirmäge çalşypdy. «Nyýaz, sen maňa gulak goý, tumary ýüksünme, onda agram ýok, meniň ýüregim bir näsazlygyň boljagyny syzýar» diýipdi. Nyýaz hezil edip, kakasynyň örtenmesine gülüpdi, tumary ýany bilen äkitmäge söz beripdi. Söz berse-de, oglunyň tumary ýany bilen äkitmändigini Artyk han duýdy. Özem Nyýaz giden gününiň ertesi duýdy. Tumary Annanyýazyň goýan ýerinden kösenmän tapdy. Şonda onuň dünýäsi gapyşdy: özüni ogly bilen ebedilik hoşlaşmaga mejbur bolan dek duýdy, oglunyň gara gana bulaşyp ýatan keşbi gözatuwynda janlandy. Başy hyr berip aýlanyp, ýanyny ýere berdi. Öňem bir o diýen saglygy bolmadyk Artyk han beýik Biribardan oglunyň aman gelmegini dileg etdi. Gijesine-de gözüne uky gelmedi. Graf Koşmannyň paýtunyny görende aňynda pelesaň urýan pikirleriniň dogry çykanyna has-da ynandy. Ol paýtunyň ýanyna nädip towsup baranyny özi-de duýman galdy: «Nirede? Näme bolupdyr?» «Aý, bolmajasy bir iş-ä bolupdyr, Artyk han! Bir çykalga tapmasag-a boljak däl...» «Wah, wah-heý, ýalňyz oglum!» diýip, Artyk han bir ah urdy. Artyk hanyň ýüzüne sereden Koşmannyň haýýaty göçdi: «Aý, Artyk han, bolşuň nähili seniň? Beýdip ýaka ýyrtaryň ýaly ogluňa çalan döw ýok ahyryn!» Artyk han sesini-üýnüni çykarman, lampa aşak oturdy. Graf Koşmann Artyk hanyň ýerinden turaryna esli salym garaşyp durdy. Koşmann özüni gaty oňaýsyz ýagdaýda duýdy, çykalga gözledi: «Ogluňy Astrahanda rewolýusionerdir öýdüp saklapdyrlar. Onuň jany sag, ýöne ony alyp gaýtmaly». Artyk han birden ýerinden galdy. Ol Koşmannyň sözlerine ynanmaýan ýaly seretdi durdy. Türkmen salykatlylygy oňa ýol bermedi, ýogsam ol Koşmanny garsa gujaklajakdy. Ol agraslygyny saklap dymdy. «Astrahandan telegramma geldi. Olar ogluň hakda maglumat, häsiýetnama soraýarlar. Men häsiýetnama ýazyp bereýin welin, ogluňy alyp gaýtmaly». «Heý, onuňam bir gürrüňi bolarmy? Men ony depäme göterip alyp gaýdaryn. Heý, onuňam müşgili bolarmy?! Ony ýüksinmerin, derrew giderin, başga kişä ynanmaryn. Iň esasy zat, jany sag bolsa bolýar maňa». «Ýok, ýok, sen gitme. Ýelli baýy ugradyp bolmazmy?» Olar şol gün Ýelli pary hat-petekli Astrahana ugradypdylar. Ýelli par gidensoňam Artyk han rahatlanyp bilmändi, gününi sanap geçirýärdi, ne iýip, ne içip bilýärdi. Haçan görseň, aýbogdaşyny gurap, doňan dek otyrdy. Nyýaz gelse, berk käýemeli diýen pikire geldi. «Aý, ýok, gelen ýeri bolýar» diýip, Artyk han öz-özüne garşy çykdy. Özem içiňi ýakmak isleýän ýaly, gündiziň günortany Abdylla iki gezek oba geldi. Özem egninde Durdy kalaýyň beren çäkmeni. Annanyýazyň beren ýabysy, bäşatary bilen hiç hili müýni ýok ýaly bolup, obaň içinden peýwagtyna geçip gidendigini eşidende, hernäçe ýarawsyzam bolsa, Artyk han bir böküşde ata mündi. Gitdi diýlen tarapa, iňlis bäşataryna ok sürüp, ok bolup gitdi. Abdylla edil ýere giren ýalydy. Durdy kalaý Allandyr Rejep bilen obaň golaý-goltumyny barlap geldiler. Ýaşyldepäň töwereklerine aýlandylar. Sebäp Abdyllanyň Ýaşyldepäň ýanyndaky guýudan suw içip duranyny birki gezek gören adamlar bardy. Abdyllanyň görünmegi Artyk hanyň hasam kejebesini daraldýardy. Şol alasarmyk pikir bilenem wokzala ugrady. Otly ýer sarsdyryp geldi. Ýeriň sarsgynynamy, ýa intizar garaşan perzendini görjekligi üçinmi, Artyk hanyň ýüregi sarsdy. On altynjy wagondan üç-dört ýolagçydan soň ýylgyrjaklap düşen ýalňyz didesini gören Artyk hanyň dodagy tirpildedi, ýüreginiň gürsüldisi artdy. Garrap ýüreginiň sary gidipmi-nämemi, ol özüne erk edip bilmän elewräp dur. Ol şeýle intizarlyk bilen garaşan ogluna bakan howlugaýmaly ýalydy, ýöne özüne erk edip bilmese nätsin! Onuň ýanyndakylar, hana, eýýäm onuň bilen salamlaşyp, daşyny gallap durlar. Hana, ogluna käýejek Artyk han bolsa, ýeke ädimem öňe ädip bilmän galpyldap dur. Meger, Annanyýaz kakasynyň nirededigini soran bolsun gerek, üm bilen Artyk hana bakan seretdiler. Annanyýazyň nazary bilen Artyk hanyň nazary duşuşdy. Artyk han endiräp-endiräp gitdi. Ol hyrra yzyna öwrüldi-de, atyny goýup gaýdan tarapyna bakan gönükdi. Ol yzyndan ýalňyz dikrarynyň intizarlyk bilen gelýändigini, biynjalyk edeni üçin ötünç soramak isleýändigini bilse-de, yzyna birem garaman zut gaýtdy. Goý, ötünç soramaga ram etmesin. Ol Taňryguly batyryň agtygy ahyryn! Ýalňyz ogly gaýdyp gelen Artyk han supra ýazyp, oba toý berdi. Türkmeniň gylygy-da bu, bahana tapsa, toý eder, ile zyýapat berer, saçak ýazar, ili-güni bilen iýer. Gypjagyň ýerden ýöräni, goňşy obalardan Artyk hanyň gatnaşýanlary, atly adamlary gelýärdi, aýdym-saz edilip, şagalaň asmana göterilýärdi. Annanyýaz utanýardy, ol gala hem alyp gelmändi, ol Kap dagyndan geçip Agaýunus hüýri hem alyp gelmändi, döwler bilen söweşip, hazyna hem getirmändi. 5. Aýnabat eje ogluny adamyň azyrak ýerine çekip: – Annanyýaz jan, ejeň-ä bir iş edip oturyberendir. Men guraýyn, saňa sala salman, maslahat-geňeş etmän, Bäherdenden bir ýer bilen guda bolaýandyryn. Özem atly-abraýly maşgala. Gadam pälwan diýip ogullaram bar eken. Sen ol pälwan bilen Akdaşaýakda göreşem tutanmyşyň... Annanyýazyň depesinden gaýnag suw guýuldy, ol kalbyndaky sarsgyny ejesine bildirmejek bolup, özüne zor salyp ýylgyrdy, emma ejesiniň aýdan sözleri ene sözleri däl ýaly bagryny, jigerini gyýym-gyýym edip gitdi. Annanyýaz gepläýse, syryny ejesiniň duýjakdygyny bildi, ýöne, hany, uçutdan kelemenläp, ýeriň teýine gidip barýarkaň tap-da gep tapýan bolsaň. Barybir, özünden rüstem geldi: – Kakama bir sala saldyňmy, eje? – diýip, ol ýylgyrdy. Aýnabat eje aýasy bilen oglunyň gerdenini sypap durşuna: – Kakaň-a «Biz bir ata-ene borjuny bitireli, biziň halanymyzy halamasa, soň özi ýene öýlenibersin! Allanyň resuly hem oňa rugsat berýär» – diýdi. – Aý, bolupdyr, eje! Ikiňiziň halanyňyz maňa-da bolar. Duýgur ene ýüregi oglunyň öz raýyny saklap, ene hatyrasy üçin söz urýandygyny dessine duýup, elewräp başlady: – Wah, balam, özümem beýle-beýle bolar öýtmändim. Daýyň Babahanlaryňka bardyk. Wah, gudaçylyk niýetimde-de ýokdy. Bar zat birden boldy. Bir hoşsurat maşgalany görüp, sypdyrasym gelmedi. Söz aýtmasam dünýä baýlygyny elden gidiräýjek ýaly duýdum. Ynan, gyzy görüp, oglum, nädip guda bolanymam bilemok. Kakaň guda bolanymy eşidip, başda gaty gaharlandy... Nädeýin, balam, şeýle boldy... Ykbalyňdandyr-da... Sen nähili gelin isleýändigiňi aýtmadyň. Jemeje-hä gyz agtarýan diýdi. Onuňam sözüne pitiwa bermedim. Özüm-ä o gyzy bir görenimden haladym. Tüýs maňa gerek maşgala. Göwnüme, hakyt bir güman gitdi: eger guda bolman gaýtsam, ol gyzy başga kişi kejebeläp äkidäýjek ýaly duýuldy. Gijä galaýmaýyn diýip guda boldum. Jan balam, görüp dursuň, kakaň hem ýaradar, ýarpy adam-da... Agtyk söýüp, gelne-ogla buýsanjak zamanamyz geldi-dä, oglum... – diýip, Aýnabat eje gyňajynyň çowy bilen gözüne dolan ýaşlary sylmaga durdy. Ata gözleri dagda, ene gözleri deňizde ýerleşýär!.. Ene gözleri Hazar deňzi ýaly ajy deňze gark boldy. Annanyýaz ejesiniň egninden gujaklap: – Eje, eje, sen gözýaş etmeli eje dälsiň, goý! Goý, men özüm aýdaýyn diýip ýördüm, meniň aýagymy duşaýmasaňyz, gaçyp giderin diýip... Heý, ogluna guda bolan adamam bir hapa bormy, eje! Seniň halan maşgalaň maňa bolýar, bolýar, eje!.. Annanyýaz ejesini köşeşdirýärdi, ýöne gursagynda turan tupany, harasady kim köşeşdirsin, kim? Ol tupan aslynda köşeşjek tupan däldi. 6. Annanyýaz adamlaryň gözüni güýdüşdirip, ikindi şamy garalyp ugrandan atyna atlanyp zut gitdi, onuň niräk gidenini, kim bilen gidenini hiç kim – Durdy kalaý hem görmän galdy. Ol garaňkylygyň ruhy ýaly bolup gitdi, ol içinden öz-özi bilen gürleşýärdi, ýok, dogrusy samrap barýardy. Hol öňde bolsa dört örüm saçlaryny owsundyryp, gaşlaryny pelpelledip, giň maňlaýly, çowly kirpikli, jady gözli, goşa meňli gyz ýylgyryp Annanyýazy çagyrýardy. Ol gyz üçin garaňky-da ýokdy, adamlaryň gaflatly dünýäsi-de. Ol göýä daňyň sazyndan ýasalan ýaly päkizedi, çeşmäniň owazyndan ýasalan ýaly näzenindi, hyýaldan ýasalan ýaly, bir-de asmanda gaýyp ýördi, bir-de Zeminde, bir-de golaýyna gelip, Annanyýazy jadysy bilen mežnun edýärdi. Annanyýaz gaýypda bolan gyzyň dem alşynam eşidýärdi, gyzgynynam duýýardy, ýüreginiň gürsüldisini bolsa öz gursagynda duýýardy. Ol hyýalynda ýaşaýan goşa meňli gyz bilen hoşlaşmaga gidipdi, emma ýene duşuşyp, hyýal deňzinde ýüzüp, süýjülikden eräp, aýlanyp-dolanyp aýdym-sazyň owazy asmana ýetýän öýlerine geldi. Gaýypdan gelýän gyz onuň bilen hoşlaşmady. Ol gyz: «Men seniň ýüregiňde baky ýaşaryn. Goý, sen isleseň, bäherdenli gyza ýa tejenli gyza öýlen, men barybir, seni söýerin. Men seni ýadymdan çykarmaryn. Ýöne sen hem meni hergiz ýadyňdan çykarmagyn» diýip, birenaýy ýylgyryş bilen Annanyýaza ýüzlenýärdi. Annanyýaz onuň bu sözlerini makullaýardy, unutmazlyga söz berýärdi. Annanyýazyň jiger-bagrynyň awusy ýüregini, tutuş göwresini sarsdyryp lorsuldaýardy. Gyz elden gidip barýardy, alaçsyz, ardurja!.. Annanyýazyň göz atuwynda Mommak baýyň toýunda talap bildirip, ortadan aýlanan Gadam pälwan janlandy. Diňe Gadam pälwan däl, ýaňagy goşa meňli owadan gyz, mähelle, göreş... Ähli bolup geçen wakalar birin-birin göz öňüne geldi. «Eger uýasyna öýlensem, Gadam pälwan bilen hem gatnaşyk saklamaly bolaryn. Her sapar ony görenimde bolsa, şol ýaňagy goşa meňli owadan gyzy ýatlaryn. Eý, Hudaý, maňa ol gyzy hyýalymdan büs-bütin çykaryp taşlamak miýesser etmejek öýdýän» diýip, Nyýaz içini gepletdi. Dagaran Gypjakçaýyň boýuna gelip saklandy. «Essalowmaleýkim, suw aga!» diýip, Annanyýaz köne türkmen edehädine eýerip, akar suwa salam berdi. Türkmen ynanjyna görä, bimahal suw başyna barmaly däl, barsaň hem salam berip barmaly. Beýik Taňry älemi ýaratjak bolanda, ilki bir dür ýasaýar. Ana, şol dürden hem suwy, suwdan hem älemi, ýeri ýaradýar. Taňry ilkinji derýany ýaradanda suw Taňrynyň didaryny görüpdir. Şonuň üçin hem suw mydama: «Hakyň didaryny ýene bir görsem» diýip, asman şekilini bagryna basyp, şol akar durarmyş. Annanyýazdan hiç hili hereket-alamat bolmanyndan soň, bedew şildiräp akyp ýatan buz ýaly suwdan teşneligini gandyrmaga durdy. Annanyýaz-da ýanyp-lowlap duran ýüregine delalat gözläp, atdan düşdi-de, uzynlygyna süýnüp, kellesini buz ýaly suwa çümürdi, tä teşneligi ganýança şypakerdem suwdan içdi. Suw Annanyýazy kökerdi: göýä suw ondan: «Näme hasratyň bar, aýt, belket, kömegim-hemaýatym deger?!» diýen ýaly, onuň janyna hoş geldi. Özem bu düşünje oňa kimdir biri tarapyndan aýdylýan ýalydy. «Allatagala näme arz aýtmak isleýän bolsaň, suwa aýt, seniň arzyňy Allatagala bahym ýetirip biljek ýeke-täk gudrat – suwdur» diýip, kakasynyň aýdan sözleri hakydasynda köwsar urdy. Suw – Allatagalanyň ýerdäki wekilidir. Annanyýaz şol gözel gyza aşyk bolan iki ýylynyň içinde bu güzere gaty köp gezekler gelipdi. Her gezegem suwa öz arzyny aýdypdy. Näme üçin aýtmasyn?! Suw – ata, ýer – ene. Onsoň oňa ýagşylyk etjek bolsa, ilki bilen, atasy hem enesi etmeli... Ýöne üýtgeýän zat bolmady. Oňa atasy hem, enesi hem kömek etmekden ejiz geldi. Buz ýaly dury suwdan Annanyýaz teşnelik bilen içdi. Suw göýä şeker-nabatly ýaly süýjüdi. Içiň ýangynyny egisýärdi. Şildiräp akyp ýatan Gypjakçaý Annanyýazyň iň ýakyn syrdaşydy. Annanyýaz kakasynyň her bir halkyň keşp-keşmeri, içki dünýäsi, edim-gylymlary ýaşaýan ýerlerindäki derýalaryň, çaýlaryň, ýaplaryň suwlaryna meňzeşdir. Halky derýalaryndaky suwlary boýunça tanapdyrlar. Soň halky her obasyndaky tamdyrlarynyň sany boýunça tanapdyrlar. Haýsy obada tamdyr köp bolsa, şol oba agzaladyr. Haýsy obada tamdyr az bolsa, şol oba agzybirdir. Haýsy obada guýy köp bolsa şol oba agzaladyr. Haýsy oba bir guýudan, bir çeşmeden suw içýän bolsa, onda şol obaň adamlary bitewi bir synadyr. Gypjakçaýyň kenary uçmahy lezzet berýär. Bu ýeriniň howasy-da jana ýakymly. Suw Annanyýazyň deňinden oba bakan zymdyrylyp barýar. Annanyýaz kakasynyň: «Oýlanmak isleseň, çeşmäň kenaryna baryp oýlangyn, dürs jogaby, ana, şonda taparsyň» diýen sözlerini ýatlady. Ýeri, Gypjakçaýyň kenary şol gözel gyzy tapyp berjekmişmi? Haý, Annanyýaz, Annanyýaz! Giň bol. Birahat dünýäde rahat ýaşap bilmejegiň düşnükli zat, ýöne birahat dünýäden rahatlyk gözleme-de, birahat ýaşaýşa ram etjek bol, Annanyýaz. Bar, öýüňe! 7. Ýelli paryň aýaly Jemeje ertesi başarmadyk işi üçin Sankt-Peterburgdan getirilen ajaýyp sowgady alyp, Gypjaga sygmady. Töwerek-daşky obalara sygmady, Aşgabada gitdi, Aşgabada-da sygmady. Barly adam-da. Artyk hanyň toýy soňky hepdä çenli sowulmady. Ýakyn-daşdan gelen boldy durdy, garaz, üç-dört sany uly gazan Hudaýyň beren güni ataryldy. Anna güni Artyk han ata-babasyny ýatlap, olaryň hormatyna sadaka berdi, yzy hem toýa sapyp gitdi. Toý golaýladygysaýy Annanyýazyň dünýäsi daralýardy, dem almaga howa ýetmeýärdi. Ol ýüreginiň kenara zyňylan balyk ýaly urunýandygyny duýýardy. Aşyk-magşuklar munuň ýaly yşka düşende jeýhun bolup däliräp çöle çykyp gidýärler. Hakyň yşkyna düşen derwüşler «hüw» diýip, diwana bolup ýurtdan çykyp gidýärler. Şahyrana, şahandaz Annanyýaz hem dünýä sygmaýardy, emma ol Gypjakçaýyň kenaryndan özge hiç ýerik gidip bilmeýärdi, sebäbi onuň beg gany bardy. Gursagyndan hanjar dikilende «wah» diýýänden beg bolýarmy? Lowlap duran gyzyl oda atylanda «wah» diýýänden beg bolýarmy? Ol-a söýgüsimiş, hyýalynda jadylan gyzmyş, Annanyýaz gursagyny iki ýaryp jigerini, bagryny sogrup alanlarynda hem «wah» diýjek ýigit däldi, beg ýigitdi, ol bir gyz diýip akylyny ýitirse, ondan beg bolarmy? Emma ol akylyny ýitiripdi, huşundan jydady, näme edip, näme goýup ýörenini bilmeýärdi. Günleriň bir güni daglara gidip şerapdan doýup, nagra dartyp ýaradar gaplaň ýaly uwlaýynam diýip gördi. Emma!.. Emma ol Artyk hanyň ogly ahyry! Ýekeje adamyň ýanynda syr berse, bolmajagyny ol bilýär ahyry!.. Dünýä deýin beýik, giň daglara syryny aýtmaga Annanyýaz ejap etdi. Göwün diýip bir zat bar, ol jady gözli goşa meňli gyz diýip ýetim çaga ýaly hünügirýan aglaýardy. Hatda mahal-mahal Annanyýaz bagyryp aglaýan jigeriniň sesini özgeler eşidýän bolaýmasyn diýip tisginip gidýärdi. «Pylan obada goşa meňli gyz bar eken, ýöne boýy jürdegiň boýy ýaly, pylan obada goşa meňli gyz bar eken, ýöne gözleri mawy eken» diýip, Ýelli paryň aýaly oňa otuza golaý gyzyň adyny berdi, ýöne gyz-gelinlerden bir garyş saýlanyp duran dört örüm saçlary dyzyndan geçip ýören gyzy weli tapmady. Wah, owadan-owadan gyzlar Kesearkaçda kän, juda kän. Ýöne olaryň köpüsinde meň ýok. Meňi baryňkam iki däl-de, bir. Jemeje şol arzyly gyzy tapyp bilmändigine gynanmak gynandy. Ýöne nätsin?! Ynha, ol sowgady alyp gideli bäri görnenok. Durdy kalaý Jemeje hökman şol gyzyň gözlegine çykandyr diýip dostuny köşeşdirjek bolýar. Ýelli paryň aýaly bolsa bu mahala dogup-döräp gulagyna dakyp görmedik ummasyz gymmat bahaly gulakhalkasyny dakynyp, oba-oba aýlanyp, haryt satdyrýan öýlerinde ysyrgasyny güjeňleýärdi. Annanyýazyň gursagynda bolsa şindizem bir inçejik tama bardy, ýöne ol tama hem öli tamady. Ýelli baýyň aýaly ol gyzy tapaýanda-da boljak iş bolupdy, indi etjek alajyň ýokdy... 8. Ruhgüni irden toý başlady. Öýlänara ençe paýtun bolup şäherden uýezd naçalnigi we onuň işdeşleri sowgat-serpaýly toýa geldiler. Olary düşege geçirdiler. Uýezd naçalnigi Artyk han bilen uzak söhbetdeş boldy... Aýdym aýdyldy, saz çalyndy, gelnalyjy geldi, ýaglyga towsuldy, aýlaw bilen göreşi bolsa ertire goýupdylar... Artyk han hanlara mynasyp toý tutdy. Gatnaşygy giň, tanyş-bilşi köp adam-da! Şagadamdan, Marydan, Tejenden, Lebapdan gelen myhmanlaram köpdi. Ençeme ýerde bagşylar aýdym aýdýardy. Her kim islän bagşysyna barybermelidi. Annanyýaza Esedulla ahun nika gyýmaga başlady. Ahunyň her gapdalynda bir pyýada kazy. Ol pyýada kazylaram ýöne-möne adamlar däl. Olaryň biri Esedulla ahundan göwresi iki esse uly bolan, mapraç ýüzünden ýag damaýjak bolup duran, ýüzi-gözi nurana Döwlet ahun. Ikinjisem ahunlar ýaly geýnen, gyrçaw ak sakgal-murty ýüzüne gelşip duran deşli Bäşim hojady. Bu üç goja Artyk hanyň ýegre dostlary. Elbetde, nikany mollalaram gyýyp bilýär, ýöne Artyk han ýalňyz oglunyň nikasyny Allanyň hemem türkmeniň nazar salan nazarkerde adamlarynyň gyýmasyny, pyýadakazylyk etmegini yrym edýärdi. Annanyýazyň özi-de dört-bäş toýda nika gyýypdy. Şonuň üçin nika gyýyş dessurynda edilmeli, aýdylmaly ähli zatlary Annanyýaz bäş barmagy ýaly bilýärdi. Durmuşyňyz şu suw ýaly süýji bolsun diýen yrym bilen bir pyýalada süýjüli süýjülik suwuny berdiler. Süýjülik suwundan ilki öýlenýän ýigit üç owurt içmeli. Annanyýaz üç owurt içdi. Haýran galdy. Onuň ýadyna öýden atly çykyp gidip Gypjakçaýdan ýüzün ýatyp içen suwy düşdi. Onuň häzirki üç owurt içen suwy şol Gypjakçaýdan ganyp içen suwy ahyryn. Süýji. Bu suw näme üçin şol suw içişligi ýatlatdykan?! Bu käseden Annanyýazdan soň gelin hem üç owurt süýjülik suwuny içmeli. Wepalylyk, agzybir ýaşamak, bagt, döwletlilik arzuw edilip uzadylan süýjülik suwuny çatynjalar bir käseden içmeli. Bu bitewilik suwy! Bu ysnyşdyryş suwy! Bu suwy içensoň, biri-birini tanamaýan bolsalar-da, ysnyşyp gidiberýändirler. Munda süýjülik suwunyň gudraty bar. Süýjülik suwunda Esedulla ahunyň, pyýadakazylaryň güwä geçmegindäki dileg-arzuwlary bar. Annanyýaz gapdalynda oturan gyza imriner gider. Bu ata-baba bolup gelýän zat. Dünýä – damja. Damjaň ýer şaryna meňzemesi ýöne ýere däl. Bu Allatarapyn ähli zatlaryň damjadan başlanýandygynyň alamaty. Annanyýaz bu pursatda aňynda peýda bolan pikirlere geň galdy. Ol bar ünsüni Esedulla ahuna gönükdirmäge çalyşdy. Nika gyýyldy. Annanyýaz jaýyň içindäkileriň şagalaňynda öýe Aý bolup dolan gelnine ädigini çykartdy. Guşagyny çözdürdi. Annanyýaz gelni ädik çykarýarka-da, guşak çözýärkä-de göz astyndan synlady. Göýä onuň bolşy şu gyssagarada gelnini synlap ýetişmese, soň synlamaga wagt asla bolmajak ýalydy. Alagaraňkylykda gelniň ak hynaly gollary Annanyýazyň hoşuna geldi. Diňe gelniň ellerimi? Ýok, gelniň uzyn boýy-da, dogumlylyk bilen ädik çykaryşy-da, aňsatlyk bilen guşak çözüşi-de Annanyýazyň hoşuna geldi. – Annanyýaz, hany, gelniň ýüzünem bir bize görkez. Belki, gelniň bir gözi kördür. – Gelniň ýüzüni göreli. Hany, nähili gelin aldyňkaň, oglan. – Bir gara mürşük gelin alan bolaýma, oglan. Garasaý, Annanyýazyň deňi-duşlarynyň hersi bir zat diýýärdi. Wah, gelniniň nähili ýüzüniň bardygyny Annanyýazyň özüniňem göresi gelip böwregi böküp dur. Ýöne özgeleriň ýanynda gelniniň ýüzüne seredip durmagy gelşiksiz gördi. Gyz-gelinler üçin bolsa, ol gelniniň atynan kürtesini galdyryp, görkezdi. Özem üç ýola dagy görkezmeli boldy. Garry-garry daýzalara näme diýersiň, ana, şolaram gelip gelniň ýüzüni görmesem, jaýyňdan çykjak däl diýşip durlar. Ýeri, olara nädip ýok diýersiň. Annanyýazyň özi görmese-de, gelniniň ýüzüne seredenlerden çen tutup, owadan gyza öýlenendigini aňdy. Elbetde, ejesi ogly üçin hele-müçük gyza guda bolmaz. Gelniň ýüzüne seredenleriň ýüzlerinde gözügidijilik alamatlaryny Annanyýaz duýup-görüp dur. – Tüweleme, tüweleme, hakyt peri diýilýänleri ekeni bu gyz-a. – Aýnabad-a ylgap-ylgap ahyr bir perigatançla duşupdyr, gyz. Allanäme, göz degmesin. – Hudaý diýen ýeriň bar eken seniň, Annanyýaz. Türkmeniň parasadyna telpek goýaýmaly. Ine, gyz durmuşa çykanda türkmen onuň üstüne kürte atýar. Näme üçin? Kürte atynmak – syrlylyk. Mukaddesleşmek! Kürte atynyp, ähli gyzlar deňleşýär. Owadan bolmadyk gyzlar hem ömürlerinde bir gezek iň owadan gyzlar bilen deňleşýär. Kürtäniň astynda ähli gyzlar owadan! Kürtede gyzyň ýüzi görnenok. Görksüzräk gyzlaram juda owadan bolup – kürte atynyp durmuşa çykýarlar. Kürte – türkmeniň pähim-parasady. 9. Bir salymdan gelinli, Annanyýazly jaýyň gapysy açylyp, Annanyýaz ilkinji duşan aýala ejesini çagyrtdy. Bu geňlikdi, jahan ýagtylman gelniň jaýyndan çykmaly däldi. Oglunyň özüni çagyranyny eşiden Aýnabat eje içinden Hudaýyna ýalbaryp, birde doga okajak bolup, birde pirlere ýykylyp, elewräp, elewreýäninem ile bildirmejek bolup ýetip geldi. Ejesiniň aýak seslerini eşiden Annanyýaz dessine gapyny açyp ejesini içeri saldy. Aýnabat ejäniň janynda jan galmandy. Ol öz saýlan gyzy Annanyýaza ýaran däldir diýip dälirärlidi. Annanyýaz ejesini gujaklady, göterip üç-dört ýola daşyndan aýlady. Şindi başy gupbaly, ýöne hülle ýaglyk atylyp, ýüzüne ýukajyk şal çekilen gyz gyýk garap ýylgyryp otyrdy. Annanyýaz: – Eje, eje jan! Janym-jigerim, ejem! Sen Hydyr atamyň, ýa ýagşyzadamyň, eje, ýa Allanyň keremi barmy sende, eje? Bu gyz bilýärmiň, kim? Meniň düýşümde gören gyzym! Bu gyz bilýärmiň kim? Akdaşaýakda göreşe çykamda gözleri bilen jadylan gyz! Eje, men muny ýitirip, iki ýyl bäri aglap ýördüm, sen muny nädip tapdyň, eje?! Bu meniň bagtym, eje! Annanyýaz ejesini ýerde goýup, gelnine seretdi: – Hanha, ýaňagy goşa meňli, gözleri jadyly gyz! Bu gyz bilen meni Hudaýym Mommak baýyň toýunda duşurdy, şol toýda hem jyda düşürdi. Gör, Allanyň gudratyny, ynha munam sen tapyp gelipsiň, eje jan! Men bagtyýar, eje! Aýnabat eje öýden ganat baglap uçup, al-asmana ýedi öwrüm edip, bagtyýar ojagynyň depesinde uçdy ýördi, uçdy ýördi... | |
|
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |