12:55 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -10 | |
1917-nji ÝYL
Romanlar
Onunjy bap TÜRKMENIŇ PUL HAN BILEN DARKAŞY 1. Türkmenmi? Ol soňky demini sanap ýatan-da bolsa: «Hudaýa şükür, ýagdaýym gowy» diýer, soňam hiç bir ah-wahsyz takga jan berer. Türkmen özüniň näsagdygy bilen zeýrenmegi namys hasaplar. Türkmenmi? Dünýäni pul bilen satyn alyp bolar, ugruny tapsaň, türkmeni ýeke hoşamaý söz bilen mugt alyp bolar, ýöne türkmeni pul bilen satyn alyp bolmaz. Gerekligine oňa pul gerek, ýöne pul üçin bir zat etmegi özüne kiçilik biler, juda kiçilik biler. Türkmen üçin pul hiç zatdyr, pula satylmak türkmende dönüklik bilen deňdir. Türkmen döneninden ölenini müň esse ybaly görer. Türkmenmi? Türkmen ýagşylygy bilenem, ýamanlygy bilenem parhlydyr. Duşmany gözýaş dökse, türkmen onuň ýanynda oturyp duýgudaşlyk eder, gözýaş döker, elinden gelen goldawyny gaýgyrmaz, barja baýlygyny soňuny gaýgyrman gözýaş dökene berer goýberer. Türkmen ertesini gaýgyrýan däldir. Türkmen üçin ylla ertir ýok ýalydyr. Türkmen iň gowy görýän kişisiniň tekepbirligini çekip-çydap bilmez, mertebesine sähel çirk ýetiren kişi eý görýän kişisi bolsa, geçirimlilik etmez, gursagyndan urar hanjary. Bu etmişi üçin türkmen sähelçe-de müýnürgemez. Türkmenmi? Türkmen bir söz beren bolsa arkaýyn bolaý, işiň bitdigidir. Beren sözüni ýerine ýetirse, ummasyz zyýan görjekdigini bilip-görüp duran bolsun, öýsüz-owzarsyz galsyn, maýyp-müjürip bolsun, tapawudy ýok, ol öz türkmen mertebesiniň hatyrasy üçin beren sözüni bitirer. Bu zatlaryň üstesine türkmen saňa sagbolam aýdar. Her bir işiň soňundan sagbol diýmek türkmen üçin edehätdir. Türkmenmi? Türkmeni gorkuzaryn öýtme, çünki türkmen dünýä inende gorkydamarsyz dünýä inýändir. Türkmenmi? Türkmen rast bolanok diýdimi, soň şol işiň bolýanam bolsa, bolanok. Türkmenmi? Türkmeniň ýanynda ýalanyň çykmasyn, çyksa-da, yzyňy garaman gaç, soň ol jelegaýlarda dagy-duwara görünme, ýogsam yzynyň näme bilen gutarjagyny men-ä aýtmaýyn, Hudaý janam görkezmesin. Türkmenmi? Türkmen bagty ýatanyň çyn hossarydyr. Bagtyň ýatsa, yzyňdan kowgy kowsa, türkmen öýüdigini bildigiň bes, göni giribergin. Türkmen betbagtlygyňy özüne alyp, öz bagtyny saňa berer. Seniň üçin döş gerip, duşman bilen gaýduwsyz göreşer. Dokuzyňy düzüw, betbagtlygyňy bagta öwrübem seni ýola salyp goýberer. «Bir gün duza müň gün salam» diýer, «Myhman ataňdan uly» diýer. Öýüne baran myhmany türkmen Allatagalanyň ýanyndan gelen wekil hasaplar... Annanyýaz wagt-wagt medrese mugallymy Abul Himmet Keskioglunyň türkmen aýratynlyklary hakdaky ýokarky joşgunly sözlerini ýatlaýar. Ol gürrüňleri diňlände Annanyýazda özüniň türkmendigine bolan buýsanç-guwanç örboýuna galardy. Ol şol duýgy bilen okardy, ýaşardy. Annanyýaz özbaşdak durmuşa aýak basyp köp zatlara akyl ýetirdi, durmuş oňa ýowuzlyk bilen köp zatlary öwretdi. Abul Himmetiň ganatly sözleri bilen ýaşaýan Annanyýaz ýyl geçdigisaýy birmahalky türkmen bilen şu günki türkmeniň arasyndaky tapawuda haýranlar galyp howpurgady. Hakyt howpurgady! Okuwa gitmezinden öňki türkmen bilen ýedi ýyldan soňky türkmeniň arasynda düýpli tapawut bar. Kän tapawut bar! Türkmen üýtgeýär! Halk özgerýär! Gürrüň bir ýa iki adam hakda däl, gürrüň halk, millet hakda barýar. Bu günki syrty kül üstündäki, göwni Kap dagyndaky türkmen haramy keýpe aşa göwün beripdir. Bu gün türkmen Pul hanyň öňünde dyza çökýär. Bu gün türkmen Pul hanyň öňünde ejizleýär! Ýok, ýok, türkmen jadylanypdyr! Türkmen gaflat, jady ukusynda ýaşaýar. Bu gün... Dur, dur, Annanyýaz! Saklan, Annanyýaz! Türkmene beýle garaýyşdan saklan! Ähli döwürde, ähli heňňamda, ähli eýýamda är ärdir, şir şirdir, tilki tilkidir, towşan towşandyr. Daragta başga agajyň şahasyny sapyp başga hasyl alyp bolar. Erik daragtynyň bir şahasyna alma sapyp bolar. Ýöne sapylan şahadan miwe alyp bolýandyr, emma nahal alyp bolýan däldir, sapylan daragtyň dowamaty bolýan däldir. Şir bir gün tapdan düşüp biler. Şir bir gün, bir aý keselläp biler. Ýöne onuň keselledigi şiriň başga bir ýyrtyja öwrüldigi däldir. Näsaglan şir bir gün ýene garysyna galar, şirligini eder, dag-dereleri endiredip arlar. Onuň arryldysyny eşiden şir kesellände şirlik satan şagallardyr tilkiler titreşip, öz ketdine gelerler. Millet on-ýigrimi ýylda özgerýän däldir. Türkmeniň türkmenligi her türkmeniň ganyndadyr, türkmeniň türkmenligi her türkmeniň süňňündedir. Adamyň edim-gylymy, garaýşy üýtgär, ýöne onuň gany üýtgemez, ýöne onuň süňňi üýtgemez. Eýýamyň bir öwrüminde ýene türkmeniň gany, türkmeniň süňňi milleti asylky sypatyna getirer. Allanyň adam edip dograny adam bolar. Allanyň ýyrtyjy edip dograny hernäçe yhlas etse-de, hernäçe sypata girse-de, iki aýakda ýörese-de, Adam bolup bilmez. Annanyýaz aňynda köwsarlaýan pikirleri bir uşlyba düzmäge çytraşdy: hernäme diýseňem, Annanyýaz, türkmen özgerýär. Heňňam özgerýär. Döwran özgerýär. Türkmen gatnaşyklary özgerýär. Türkmen Gökdepe pajygasyndan öň asyl mümkin däl hasaplan zatlaryny bu gün adaty bir zat hasaplaýar. Bu gün haýsy milletdendigi belli bolmadyk saýry gelin-gyzlar Aşgabatda köpeldi. Ol saýry gelin-gyzlar bilen aýşy-eşretde bolmagyň üçin ençeme gapylar döredi. Ol gapylar bolsa, ýylyň, gije-gündiziň ähli pursatynda saly gowşak müşderileri üçin mydama açyk. Hawa, ol gyz-gelinleriň saklanýan ýerleri bar. Her özüni oňaran türkmenleriň arasynda bu gün şol saýry zenanlary aýalynyň üstüne aýal edip alyp ýörenlerem kän, bäş-on saýryny paýtuna mündürip, obama-oba aýlanyp, gazanç edip ýörenlerem bar. Olardan dörän çyparja, buýra saçlyja çagajyklar eýýäm Aşgabatda köpelip ugrady. Eý, Hudaý jan! Ol çagajyklar ertirki gün kim bolarkan?! Olaryň gara der döküp, gazanç etmejekdikleri-hä hak. Köpelip ugrady. Sebäbimi? Sebäbi düşnükli onuň: Pul! Ýaşamak üçin pul gerek. Ýöne bäş müň ýylyň içinde pul türkmen üçin birinji derejeli zat bolmandy. Pul türkmen üçin soňky derejeli zatlaryň biridi. Türkmende puluň guluna öwrülen adam geň görlerdi, ýekirlerdi. Asyl türkmen durmuşynda pul ýokdy. Türkmen bugdaý eker, mal saklar. Diýmek, çöregi, eti üpjün. Eger çörekdir etden başga geýim-gejim gerek bolsa, onda gerekli zadyny galla ýa mala çalşar. Wessalam! 2. Pul bäş müň ýylyň içinde iň seýrek ulanylan söz bolsun gerek! XIX asyryň ahyrlaryndan başlap, türkmen gatnaşygynda pul diýen düşünje örňedi. Ol derrew Depegöze öwrüldi. Bäş müň ýyllap pisint edilmedik Pul işikden töre geçdi! Ol ilki Pul boldy. XX asyryň başynda ol Pul hana öwrüldi. Pul han – hanlaryň hany! Ýelli par şeýle düşünjä uýýar: «Pul han gürlände Allatagala-da dymar!» Kimiň kimdigini Pul han kesgitleýär! Nämäniň nämedigini Pul han kesgitleýär. Pul han islese, dogan bilen dogany duşman edip bilýär. Pul han islese, duşman bilen duşmany dogan-dost edip bilýär. Pul han näme edeýin diýse, edip bilýär. Pul han näme etmäýin diýse, etmän bilýär. Gurhanda hak aýdylýar: Adam hasap öwrenip ýalňyşdy! Türkmen haýsy ugra ýykgyn etse, şol ugruň düýbüni deşmän goýmaýar. Türkmen haýsy zady küýsese, şol zatdan doýman-ganman goýmaýar. Pul han türkmeniň türkmenligini eşik sypyran ýaly sypyryp ýör. Pul han, gör, kimleriň ejabyny sypyryp ýör. Halallyk türkmeniň tugudy ahyryn! Türkmen halallygyny döwletsiz-de bolsa, ýedi asyrlap saklady! Sekiz asyrlap türkmen ilinde adat bilen türkmençilik hökümdarlyk-serdarlyk edipdi, türkmeni köp-köp bela-beterlerden aman-esen alyp galypdy. Bu gün Pul han türkmeniň adatyny aýak aşagyna taşlady. Bu gün Pul han türkmeniň türkmençiligini aýak aşagyna taşlady. Eý, Hudaý jan! Özüňden medet! Türkmen nirä barýar? Utanç-haýanyň üstüne Pul han kölege salýar, pena bolýar. Näme çyksa, şäherden çykýar. Oba adamlary şäheriň her bir hokgasyny höwes bilen kabul edýär. Şäherde lülehanalar köpelip ugrady. Gypjagyň barjamly adamlary ir ertirden obadan çykyp diňe lülehanada keýpi-sapada bolmak üçin ugrady. Garaňky düşensoň hem hil bir iş eden dek oba dolandy. Gypjagyň erkek kişileriniň gylla ýarysy ir bilen şähere ugraýar. Köp kişi harydyny bazara çykarýar. Şäherde dürli kärde işläp ýörenem az däl. Ýöne diňe keýpi-sapa üçin gidýänlerem az däl. Şäherde jalaýlyk satylýar. Şäheriň ähli köçesinde, ähli edarasynda, bazarlarynda hökman gypjaklylar bardyr. Gökdepeden öň Gypjagy Gypjak ekleýärdi. Bu gün Gypjagy Aşgabat şäheri ekleýär. Öň Gypjagyň eklenç çeşmesi ekerançylykdy, maldarçylykdy, bu gün eklenç çeşmesi – şäher. 3. Artyk han ýogalandan üç aý geçensoň, oba täze arçyn saýlamak üçin ýygnanyşyk boldy. Oňa obanyň ähli adamy gatnaşdy. Illew salgyt şäher kethudalarynyň öňüne düşüp geldi. Ol görgüli kethudalara ýaranjak bolup maýmyn bolýardy. Oba adamlarynyň ýedi bükülip başlyklara baş egmegini talap edýärdi. Ýöne baş egýän bolsa oňa türkmen diýiljekmi?! Türkmen ýaranjaňlyk etmez. Öňem etmedi. Indem etmez. Ýaranjaňlyk baýlyga eltýän iň ýakyn ýol. Ýöne türkmen bu ýoly Oguz han eýýamynda petikläpdi. Ýaranjaňlyk – türkmen üçin adamçylyk mertebäm ýok, meni hernäme etmek isleseň ediber diýýänler. Gypjaklylar Illew salgydyň, Ýelli paryň, Hojaberdi baýyň ýallak-ýullaklygyna seňrigini ýygryp seredýärdiler, olary adamçylyk mertebesini ýitiren, gutaran kişiler hasaplaýardylar. Ýygnanyşykda syrgyn-syrgyn bolup oturan gypjaklylar biragyzdan Annanyýazy arçyn görkezdiler. Taňryguly batyram, Artyk han hem arçynlyk eden döwürlerinde obanyň abraýyny goradylar. Obanyň adamlary goňşy obalardan ýaşaýyş üpjünçiligi, agzybirligi babatda ýokary boldy. Olar gije-gündiz diýmän obadaşlarynyň aladasyny etdiler. Artyk hanyň ogly Annanyýaz hem öz neberesine mynasyp asylly, sowatly, adamkärçilikli kişi bolup ýetişdi. Ol obaň ýagdaýyny özgeden sorap eşitmeli däl. Artyk han nähoşrak bolansoň, soňky döwür arçynlyk endişesini Annanyýazyň özi ýerine ýetirdi. Tüweleme, göz degmesin, gül ýalak oňarýar. Aşgabat kethudalarynyň pikiri başgaçady: olar asla Annanyýazy arçyn bellemek islemeýärdi. Çünki ol Illew salgydyň we gaýry ýolbaşçylaryň tüýdüginde saýramak islemeýärdi. Onuň her meselede öz pikiri, öz garaýşy bardy. Ol nädogry bir pikir aýdylsa, öz sözüniň, pikiriniň dogrudygyny subut etmek üçin nähili derejedäki ýolbaşçydygyňa seretmezden gaşyňa geçip, özüniň mamladygyny düşündirmäge başlaýar. Onuň gaharlanmazdan, mylaýymlyk bilen, mähir bilen ýylgyrybraga aýdýan sözleriniň garşysyna çykar ýaly däl. «Hawa, sen dogry aýdýarsyň» diýeniňi duýman galýarsyň. Ýöne dogry söz gerek däl. Dogry gelýän baýlyk gerek, dogry, göni gelýän bähbit gerek. Ýygnanyşygy Artyk hanyň kyrky berlensoňam geçirip bolýardy. Ýöne üç aý giç geçirilmesiniň sebäbi bar. Özem bir sebäbi bar. Ol sebäp hem gypjaklylary nädip boýun sunar ýaly, Annanyýaz baýy arçyn goýmaly diýip ýer depip durmaz ýaly etmeli? Nädip Hojaberdi baýy arçyn bellemeli? Ine, şu meseläni çözmek üçin her gün diýen ýaly kä Nury gyşygyň, kä Ýelli baýyň, kä Illew salgydyň, kä ýene biriniň öýünde, kä Aşgabat kethudalarynyň huzurynda on-ýigrimi adamyň gatnaşmagynda geňeş geçirildi. Kimiň çykyş etmelidigi, çykyşynda nämeleri aýtmalydygy anyklandy. Çykyş etmeli adamlar öz aýtmaly sözleri bilen ilki öz syrgynlarynyň öňünde çykyş etdi. Köp kişilere dünýäň zady wada berlip, Annanyýazyň garşysyna ses bermegi haýyş edildi. Ýöne bolmajak bolsa, bolmaz eken. Başda bir giden zat wada berlensoň, Annanyýazyň garşysyna ses bermäge söz beren kişi baýlykdan ýüz öwrüp, sözüni yzyna aldy: «Aý, ynsabym çatanok, siz meni bagyşlaň. Gaýtam sizem Annanyýazyň garşysyna çykmaň. Il-gün diýip gije-gündiz ylgap ýör-ä ol. Bizden başga aladasy ýog-a onuň. Obamyzyň adamlary diňe çozgunlaryň hasabyna bolçulykda, agzybirlikde ýaşaýar. Annanyýazy arçyn bellemesek, Gypjakdan bereket gider, gaýrat ediň, sizem Annanyýazyň arçyn bellenmegini goldaň» diýip, özelenip durandyr. Bular ýalylaryň yzyna it salyp, ýenjip-ýenjip bar ahmyryny şol görgülilerden çykarjak bolýardylar. 4. Illew salgyt adamlaryň boluşlaryna geň galýardy, aşgabatly ýolbaşçylaram geň galýardy: näme üçin adamlar öz bähbitlerinden adalat üçin ýüz öwürýärler? Iň esasy zat öz bähbidiň dälmi näme? Olaryň Annanyýaz baýdan görýän peýdalary näme? Hojaberdi baýyň hödürleýän baýlygy her maşgala esli wagtlap ýetjek ahyryn. – Pul hanyň güýjüne taý geljek güýç ýokdur. Hojaberdi baýy arçyn bellemek üçin biziň saýlan ýolumyz dogry ýol. Goý, Hojaberdi baý gysgançlyk etmesin, pul seçsin, wessalam – diýip, Illew salgyt ynamly gürledi. – Ilmyrat jan, dogry aýdýaň. Taňrynyň başarmadygyny pul başarýandyr. Goý, Hojaberdi jan gysyklyk etmän, silkinsin. Menem goşant goşaýyn. Hojaberdi üçin her ses beren syrgyn ýaşulusyna bäş kile gant, bäş gadak tüwi bereýin. – Men Hojaberdi üçin her ses beren syrgyn ýaşulusyna bir jübüt ädik bilen bir geýimlik mahmal mata bereýin. – Baý-ba, munça zat bilen-ä hakyt Hüňkar patyşanam köşgi-eýwany bilen satyn alyp bolar – diýip, Illew galkyjaklady: – Onsoňam Hojaberdiň özüniňem gypjaklylara eçiljek zady bardyr-a. – Bar, bar – diýip, girdeneje Hojaberdi howlukmaç samrady: – Bar, bar. Siziň özüňizem boş goýmaryn. – Biziň baýragymyz aýratyn bolmalydyr-how – diýip, Illew jak-jaklap güldi: – Eýse, ile berjek tüwüdir gandyňyz bilen oňaýjakmy? – Ýok, ýok, Ilmyrat jan, siziň baýragyňyz gaty üýtgeşik bolar. Hojaberdi ýagşylygyň gadyryny bilýän baýdyr – diýip, Nury gyşyk şelaýyn gülümsiredi: – Nesip bolsa, saýlawdan soň Hojaberdi jan sizi aýratyn çagyrmak isleýär, halat-serpaý ýapmak isleýär. – Ynanýan-la... Üç aýa çeken geňeşler Pul hana bil baglamaly diýen pikirde jemlendi. Saýlawa uly şowhun-wazaň berdiler, göýä her kişä dünýäň ýarpy zady berlip goýberiläýjek ýaly jar çekildi. Türkmen mydama-da bilesigeliji, del zada gyzygýar. Gypjaklylar hem günorta başlajak saýlawa ir ertirden bardylar. Obada ýygnak ýa geňeş geçirilse, suw paýlansa, adatça, Annanyýazlaryň mülküniň ileri tarapyna – Ýaşyldepäň ýanyndaky giň çaýyrlyga ýygnanyşýarlar. Bu çaýyrly meýdançada käteler çowkan oýnalardy, bu meýdançanyň adamsyz wagty bolmazdy. Meýdançanyň çem gelen ýerinde oturybermelidi, Çünki meýdança çaýyr bilen örtülendi, ýadap otursaň dagy çaýyr goşa düşekçäniň üstünde oturan dek ýumşak, jana ýakymly duýulýar. Şol gezegem adamlar çaýyrlyga (gypjaklylar bu meýdançany «çaýyrlyk» diýip atlandyrýardylar) bardylar. «Ah-ow, halaýyk, bu gün Hojaberdi baý tarhanlyk edýär. Bu günki arçyn saýlawyna, ine, şu görýän zatlaryňyzy Hojaberdi baý size mura-mugtuna bermek üçin getirdi. Geliň-de, alyberiň! – diýip, Ýelli par gygyrdy: – Hemme kişä ýetjek. Howlukmaň. Öňünden aýdaýyn: her saýlawça Hojaberdi baýdan bäş gadak tüwi, bäş gadak gant, bir jübüt lowurdap duran ors ädigi, bir geýimlik mahmal mata, erkek kişiler üçin bir köýneklik mata. Ine, bu bolsa, hakyky ýüpek mata. Men muny Orsýetiň Iwanoba diýen şäherinden ýörite getirdim. Hojaberdi baýa-da üstüne ýeke apbasy hem goşman alanja nyrhymdan satdym. Alyberiň, toýlarda geýiň!» Ýöne sowgatlar her saýlawça däl-de, her syrgynyň kethudasyna ýetjekdi. Şonuň üçin hem sowgatlar syrgynlaryň kethudalaryna ýöriteläp gowşuryldy. Ýöne sowgat paýlaýanyň haýyna-waýyna seretmän, sowgatlardan alan kişilerem az däldi. Adamlara gowy görünjek bolup, Hojaberdi murtam, Nury gyşygam, Ýelli param hiç kime azgyrylyp bilenokdy. Çaýyrlyga jemlenenleriň içinde nämäniň-nämedigini anyk bilenlerinden soň sowgat alman oturanlaram bardy. Olar başlaryny aşak salyp, gohuň haçan turjagyna garaşyp otyrdylar. Saýlawy geçirýänleriň keýpleri kökdi. Nury gyşyk bilen Ýelli par öwran-öwran Hojaberdi baýyň elini gysyp, egnine kakyp ýylgyrjaklaşýardylar. Ine, Aşgabatdan garaşylýan kethudalar geldi. Olaryň arasynda Illew salgyt hem bardy. Ýelli par bilen Nury gyşyk Illewiň öňünden ylgadylar, oňa ähli zadyň gülala-güllükdigini habar berdiler. Illew özüne ýetirilen habaryň gylyny gymyldatman başlyklaryna ýetirdi. Özlerine göwünleri aşa ýetýändigi ulumsylyk bilen gadam uruşlaryndan, hereketlerinden duýlup-görnüp duran başlyklar görkezilen ýere bakan keremara ugradylar. Ilmyrat salgyt adamlaryň öňüne geçip, elini ýokary göterdi. Oturanlaryň hümürdileriniň, hyşy-wuşylarynyň ýataryna garaşdy. Içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, hyşy-wuşy ýatmady, her kim gapdalyndaky ýoldaşy bilen gelenler hakda, gelenleriň kimlerdigi, nähili wezipe eýeleýändigi, häsiýetiniň nähilidigi barada gürleşýärdi. Illew salgydyň edil gapdalynda oturan şilliň uzyn, sokur gözli kişi bolsa, mapraç ýoldaşyna maňlaýy sakar sygrynyň geçen ýyl gysyr galandygy, bu ýyl buka goýanda ät galmazlyk üçin nätjegini bilmeýändigi hakda zarynlap gürrüň berýärdi. Illew salgyt hyşy-wuşylary basmak üçin gygyrybrak söze başlady: – Gypjaklylar! Bu gün siziň obaňyzda uly dabara! Öň obaňyzda arçyn Artyk Taňryguly ogludy. Gowy adamdy, ýatan ýeri ýagty bolsun. Biz ony hormatlap üç aýlap saýlaw geçirmedik. Artyk arçyn soňky ýyllar näsag boldy. Netijede, köp işleriň başyna barylmady. Bu gün sizde täze arçyn saýlanylýar. Öz adamyňyz, öz baýyňyz. Hojaberdi baý. Hany, Hojaberdi, gel bärik. Ýakynrak gelsene! Ine, täze arçyn. Hojaberdi bu gün size näme üçin süýji paýlady? Näme üçin? Näme üçin ýüpek paýlady. Näme üçin? Bu zatlaryň manysy bar, adamlar! Hojaberdi size gadak-gadak süýji paýlamak bilen: «Eziz obadaşlar, men arçyn bolsam, her günüňiz şu günki peşgeş beren gandym ýaly süýji bolar» diýdigidir. Hojaberdi näme üçin bu gün size ýüpek mata bilen mahmal mata paýlady? Näme üçin? Manysy bar onuň. Hojaberdi şeýle diýýär: «Şu gün meni arçyn göterseňiz, geýjegiňiz ýüpek bolar» diýýär. Täze ädik berip geýjegiňiz täze ädik bolar, görenleň gözi gider diýýär. Bäş gadak tüwi berip, her gün iýjegiňiz jüýjelije, ýaglyja palow bolar» diýýär. Illew salgydyň gapdalynda sowgat berlen gantdan işdämenlik bilen iýip oturan Nepes joş doňdy galdy. Ol göýä agzyna haram zat alan ýaly şadyýan ýüzi boz-ýaz boldy. Agzyndaky süýji bölegini çykarjagyny-çykarmajagyny bilmän, esli salym durdy. Ýok, ol Hojaberdiniň arçyn bolmagy üçin-ä bu süýjini iýip bilmez. Eý, Hudaý jan, elindäkileri-hä häzir yzyna gaýtaryp bolar. Ýöne eýýäm aňra geçiren süýjüsini nädip bolarka? Nepes joş agzyndaky gant hernäçe süýji bolsa-da tüýkürinip ýerinden galdy: – E-e-eý, Illew gubernatyr, bu näme diýdigiň boldy seniň? Birden oturanlaryň öwzaýy bozuldy: megerem, halaýyk nämä garaşsa-da, beýle zada garaşmadyk bolarly. Geň galmakdan ýaňa ýogynly-inçeli, pessaýly-haýbatly ümlükler töweregi gaplap aldy: – E-eý! – Näme, näme?.. Illew salgyt «Gelmesin diýeniň alnyňa geler eken» diýip, nakylpisint bir pikiri gaýtalamagy gowy görýärdi. Ana, şol nakylpisint aňynda arslan-syrtlan bolup tüweleý turuzdy, ýüregini ýiti dyrnaklary bilen dilim-dilim, gyýkym-gyýkym etdi. Illew salgyt mölterilip: «Bu näme etdigiň boldy? Hany, «Hemme zat gülala-güllük» diýip aýtmadyňyzmy näme?» diýen terzde Nury gyşyk bilen Ýelli baýa seretdi. O görgüliler nätsinler?! Durlar başlaryny aşak salşyp. – Ah-ow, biziň arçynymyz bar. Annanyýazdan başga arçyn gerek däl bize. – Annanyýaz baýdan başga arçyn bolmaz. Illew gübernator çykalga gözledi, birhili naýynjar halda oturanlara ýüzlendi: – Ah-ow, gypjaklylar, agzalalyk gerek däl. Artyk han diri gezip ýören bolsa, bize saýlaw geçirmegiň geregem bolmazdy... Nepes joş Illew salgydyň sözüni böldi: – Eý, gübernatyr, Artyk han ýogalanam bolsa, saýlaw geçirjek bolmagyň geregi ýok. Halk Annanyýazy bireýýäm arçyn saýlady. – Biz-ä Annanyýazyň arçyn saýlanyşy barada eşidemzok, Nepes, düýşüňde göreniňi huşuňdadyr öýdüp ýörme – diýip, Nury gyşyk şelaýyn gürledi. – Eý, Gyşyk neşe, demiňi içiňden al, ýogsam senden ýaňa gypjaklylaň jany ýanyp dur, sen gül ýaly ýigitleri neşekeş etdiň. Artyk han dogry aýdypdy «Nury Perdäni obadan çykarmaly» diýip. – Hany, gep kesekleşmäni goýalyň! Hemmämiz eteklerimizdäki daşlarymyzy döküp, oba bähbitli gürrüň edeliň. Annanyýaz entek ýaş. Ýaňyja öýlendi. Entek dört-bäş ýyl obada işlesin, çagasy-çugasy bolsun. Soň, wagty gelende, Annanyýazy arçyn belläýeris. Häzirki pikir şeýle: Hojaberdi baý Gypjaga arçyn saýlanmaly. Bu meniň pikirim däl, adamlar. Bu pikir ýokardan geldi. Hökümet hökümet bolýar. Menden size maslahat: hökümetiň aýdany bilen bolsaňyz, ýalňyşmarsyňyz. Men-ä size gowusy bolsun edýän. Hökümet islände ýüň gazygam ýere sokup bilýändigini ýatladaýyn. Ine, Aşgabatdan gelen ýolbaşçylar – diýip, Illew salgyt peşeneli-peşeneli kişileri uly dabara bilen birin-birin tanyşdyrmaga durdy. Ýöne doly tanyşdyrmaga ýetişmedi. Sowgat alnan zatlar başly-barat Illew salgydyň öňüne taşlandy. Asyl onuň sözüni diňleýän ýokdy. Muňa Illew salgydyň jany ýanýardy, eger şu mahal eline ýarag berilse, oturanlaryň ýekejesini-de galdyrman pürreläp çykjakdy. Ol her düwünçek öňüne düňküldäp düşende ýumrugyny berk ýumup, hyrçyny dişläp, gaharyna titir-titir edýärdi. Ýüzündäki gan çylgymlary ýarylaýjak-ýarylaýjak bolýardy, gan çylgymlarynyň tirpildileri uzakdanam duýulýardy. Bu mahal çykyş edýän köpelipdi. Her kim bir zat diýýärdi. Çykyş edýänleriň pikirleri dürli-dürli bolsa-da, olaryň içinde Hojaberdi baýy goldap çykyş edýäni juda azdy. Çykyş edýänleriňem diýýän sözleri ynandyryjy däldi, zoraýakdan çykyş edýändigi, ýalan sözleýändigi mesaňa duýulýardy. Illew salgyt gapdalyndaky meslekdeşi Gurban taýlaga janyýangynly içini dökdi: – Walla, ak patyşanyňam bilmeýän zatlary kän. Ak patyşa türkmeni adamdyr öýdýär. Oňa geňeş salýar. Wah, menden sorasa aýtjag-a! Türkmen akyl soralmaly millet däl bul. Akyl sorasaň hetden aşýar bul, özüni tas Hudaý däldirin öýdenok bul. Türkmeni gepletmeli däl, hawa, gepletmeli däl. Kimi arçyn saýlasyň gelse, göni arçyn saýlamaly. Wessalam. «Hany, araňyzdan kimi arçyn saýlasak gowy bor?» diýip soradygyň Hudaýyň urdugy biläý. Türkmeniň özünden başga hiç kime göwni ýetenog-a. Nähili diýip sorasaň, türkmen Hudaýyňam müň kemini tapar. Özünden başga Hudaý bolmaga mynasyp kişi-de ýokdur. Wah, ak patyşa maňa bir ygtyýar berse, türkmeniň baryny pürrelärin. – Özüňem türkmen-ä? – diýip, Gurban taýlak Ilmyrat salgydyň synyndan çekdi. Uýezd naçalnigi Illew salgydy gazap bilen ýanyna çagyrdy, baş-başdaklygyň nämedigini sorady. – Bu samsyk eşekler Hojaberdi baýy arçyn saýlamajak bolýarlar. – Näme üçin? – Adam däl-ä bular. – Öz halkyň barada beýle ýaramaz gürrüň etmesene... – Wah, jenap naçalnik, men bu enesi ýalamadyklary tanaýan ahyryn. Bulara ýagşylyk paramaýar, bulara Skobelew ýaly daramaly. – Ýok, ýok. Sen maňa anyk aýt, näme üçin gypjaklylar Hojaberdini arçyn saýlamak islänoklar? – Wah, aýtdym-a men, jenap naçalnik, nagan bilen bulaň iki gözlerini üç etmeli. – Bular näme isleýärler? – Bular obaň öňki arçyny Artyk Taňryguly oglunyň ogly Annanyýazyň arçyn bolmagyny isleýärler. – Örän gowy! Örän gowy. Men ol ýigidiň biçak medeniýetli, sowatly, başarjaň, guramaçy ýigitdigi barada eşitdim. Il isleýän bolsa, il başyny galdyrmasa, salgytlaryny wagtly-wagtynda tölese, bize bolany, bize başga zat gerek däl. Goý, öňki arçynyň ogly bolsun. – Ýok, ýok, jenap naçalnik! Beýtmeseňizläň. Men Hojaberdi baýa söz berdim. Siziň bilenem maslahatlaşdym. Sizem razylyk berdiňiz. – Ilýa, düşün, meniň üçin birinji orunda türkmen obalarynyň baş galdyrmazlyklary, salgytlaryny wagtly-wagtynda tölemekleri durýar. Pul soň. Görýäňmi bu adamlary, eger bular baş göterseler, soň olary seniň dostuň berjek parasy bilen saklap-durzup bolmaz. – Jenap naçalnik, siz bu tüntawlara üns bermäň. Ýeke agyz söz: «Şu günden başlap, Gypjagyň arçyny Hojaberdi baý» diýiň, wessalam. Ýeke adam hem siziň garşyňyza çykyp bilmez. Siz Nury Perdänem gowy görýäňiz-ä. – Nury Perdänimi? – diýip, jenap naçalnik birgeňsi ýylgyrdy, ýuwdundy. – Hojaberdi baý Nury Perdäniň hem dosty. Özem gaty baý adam. Hojaberdi baý her saýlawça birgiden zady sowgat berdi. Biz gelýänçäk Nury Perde her saýlawça bäş gadak gant, bäş gadak tüwi, dört-bäş geýimlik ýüpek mata, erkekler üçin ofiser ädigini, birlaý egin-eşik sowgat berdi. Jennetde ýaşadaryn diýip söz berdi. – Onda näme üçin bu oturanlar galmagal edýärler? Näme üçin alan sowgatlaryny yzlaryna gaýtaryp getirýärler. Hany, sen meniň gürlejekdigimi yglan et. Illew salgydyň keýpi gaçdy. Ol hüňürdenip hapa-hapa sögündi. Gapdalynda duran Hojaberdi baý bilen Nury gyşyga pyşyrdap habaryny aýtdy: – Enesi ýalamadyk bu çyparyň-a heleýleýär. Nury gyşyk Illewe göwünlik berdi: – Ilmyrat jan, beýle-beýle zatlary, mundan beterlerinem göre-göre, düzede-düzede gelýärsiň-ä sen. Alla seniň bilendir. – Hany, göreýin. – Men ynanýan, sen düzedersiň, Ilmyrat jan. Illew salgyda Nury gyşygyň sözleri giňlik berdi. Ol hälki çykyş eden ýerine baryp, ýene ellerini ýokary göterip, gürlemekçidigini mälim etdi: – Adamlar! Mähriban gypjaklylar! Uýezd naçalniginiň size hormaty uly. Ol size salam berýär, ol siziň janyňyzyň sag, dokuzyňyzyň düzüw bolmagyny dileg edýär. Häzir olaryň Aly jenaby siziň öňüňizde nutuk sözleýär. Jylk sary, lowurdap duran ullakan äýneginiň aňyrsynda gök gözleri gülüp duran, harby eşikli deşli kişi apaň-apaň basyp Ilmyrat salgydyň ýanyna geldi. – Türkmenler! Gypjaklylar! Zakaspi gubernatorlygyndan size salam bolsun. – Polkownik bu sözleri aýdyp, oturanlaryň elçarpyşmalaryna garaşdy, ýöne Illewden başga el çarpan bolmady. Uýezd naçalnigi nutugyny dowam etdi: – Ahalteke okrugy Aşgabat uýezdiniň Gypjak obasynda öňki arçyn Taňrygulyýewiň aradan çykanlygy zerarly täze saýlawlary geçirmegi we arçynlyga – Polkownik elindäki kagyzlaryny esli dörüp, gerekli adam adyny tapansoň sözüni dowam etdirdi: – Hojaberdi Pürli ogluny hödürlemegi maňa ynandy. – Polkownik töweregine garanjaklady: – Hany, Hojaberdi baý. Äh-ä! Gel, gel, ýakynyma gel. Ine, biziň hödürleýän adamymyz. Bu kişi siziň öz obaňyzdan. Mülk ýeri bar. Birnäçe serkar suw paýy bar. Eşidişime görä, Hojaberdi baý her saýlawçy üçin ep-esli çykdajy edipdir. Adamlar ýerli-ýerden gygyryşdylar: – Gözboýagçylyk. – Ýelli baýyň çüýräp giden harytlary! – Sowgat berlen atyň dişine seredilmeýär – diýip, Ýelli baý ör turdy: – Mugt berildi, alyň-da oturyň-da, at dakan bolmaňyz näme, haý, gadyr bilmezler. – Bize Hojaberdi baýyň arçynlygy gerek däl. Ol Nury gyşygyň öýünden çykanog-a. 5. Polkownigi diňlejek bolýan ýokdy, ýogsam görgüli özüni diňletjek bolup elini kelemenledip gördi. Gaty-gaty gygyryp gördi. Peýdasy bolmady. Polkownik türkmenleriň birden öz üstüne topulmagyndan heder edýärdi. Şeýle bolansoň ol özüne gorag üçin alyp gaýdan ýigrimi sany ýaragly esgerine ümläp, hüşgär bolmalydygyny, sähel howp abansa, rehimsizlik bilen atyşyga başlamalydygyny duýdurýardy. Ol Gypjaga gaýtmazyndan öňem esgerlere hüşgär bolmalydygyny telim ýola nygtapdy, olaryň ýaraglaryny, ok üpjünçiligini elin barlapdy. Şeýle-de bolsa, ol rahatlanyp bilenokdy, işe başlanyna bir aý bolup-bolmanka şum habar bilen demir tabytda dogduk diýary Twere dolanmak islänokdy. Illew salgyt naganyny çykaryp, birki gezek ýokary atdy. Ok sesi saýlawa gelenleriň ünslerini bir paýyz çekdi. Polkownik ara düşen böwşeňlikden peýdalanyp, Illew gübernatyra ýüzlendi: – Näme etmeli? – Saýlawy ýene bir güne geçirýäs diýmeli. Soňunam özüm aýdaýyn. Jenap polkownik, meniň aýdanym bilen bolsaňyz, hiç wagt ýalňyşmarsyňyz. Hiç hili gozgalaňyň bolmajakdygyna men kepil geçýän. Ant içýän, jenap polkownik, gozgalaň bolmaz. Men beled-ä! Siz bu ýerde öz iliniň tazysy bilen aw etmeseňiz ýalňyşarsyňyz. Biler bolsaňyz, men size ýagşylyk edýän. Özem gaty uly ýagşylyk. Özem mura-mugt. Illew gübernatyr ýeňdi. Saýlaw soňa geçirildi. Soňam saýlaw bolman, Illewiň maslahaty boýunça Hojaberdi arçyn bellendi. Wessalam! Illew gübernatyr ýeňdi. Nury gyşyk ýeňdi. Ýelli par ýeňdi. Hojaberdi ýeňdi. Ýok, Pul han ýeňdi! | |
|
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |