12:56 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -11 | |
On birinji bap
Romanlar
SABYR DÜÝBI SAP ALTYN 1. «Sabyrly gul Käbä ýeter» diýýär türkmen. Sabyrlylyk hem şükürlilik türkmene muwapyk häsiýet. Ähli keramatly kitaplar, Muhammet aleýhyssalam sabyrlylygy ündeýär. Türkmen sabyrlylyk hakda birgiden pähim döredipdir, sabyrly kişiniň dura-bara şat boljakdygyny nygtapdyr. Annanyýaz baý hem haýsy işiň başyna barsa howlukmazdan, gaýa-gopuzlyk döretmezden çemeleşýär. Käbir kişi «Annanyýaz baý ýaly arkaýyn bolaýsaň, onuň arkaýynlygy bu dünýä hemişelik gelen ýaly» diýip, onuň sabyrlylygyny arkaýynçylyk, äwmezlik, ýaýallyk saýyp kejigýär. Dogrudanam, onuň käbir bolşy dünýäni suw-sil alaýanda-da topugyna-da çykmajak ýaly, şonuň üçinem hiç bir zada geleň edip barmaýan ýaly görünýär. Aslyýetinde Annanyýaz baý görer göze şeýlekin arkaýyn, şeýlekin giň, ýöne bar howsalasy-aladasy içinde. Onuň içinde harasat turýar. Döwür-ýagdaý onuň dünýäsine bütinleý ters gelýär. Ýurt açlyk çekýärdi. Ýurt açka sen mele-myssyk çöregi nädip bokurdagyňdan geçirjek?! Aşgabada barsaň, ähli çatrykda el serişip duran, açlygyndan ýaňa bugdaýreňk ýüzleri gök öwüsýän, egni eleşan geýimli öz garagöz türkmenleriň endam-janyňy lerzana salýar. Öýüňe gelseň, gapyňda mydama yzlary çaga-çugaly adamlar yzan-da-çuwanlykdyr. Adamyň bahasy püçege çykyp barýar. Wah, ähli zatda baha bar, adam görgülide baha ýok. Bu gün gülmäge ejap edilýär. Bu gün köçeler sopy dünýäsine giren al-Gazaly deýin açlyk çekýänlerden doly. Bir tapawut – köçedäkiler çöregi tapman aç gezýärler. Olary görende Annanyýaz baý al-Gazalynyň dünýäsi bilen öz ýaşaýan anyk dünýäsini mizana salýar. Bu gün al-Gazalynyň garaýyşlarynyň ählisi durmuş bilen heňdeş gelenok. Bu gün Bagdatdan getiren garaýyşlaryňa, pikirleriňe gulluk edip ýaşap boljak däl. Döwür täze garaýyşlary öňe sürýär. Açlygyň öz kanuny bar. Nan – Hudaý. Adam hiç wagtam ýalňyşmasyn. Annanyýaz baý ýalňyşmajak bolýardy. Sähel ýalňyşlygyň tüwmaýak galmagyňa sebäp boljak. Onuň tüwmaýak galmaga haky ýok. Şonuň üçinem ol her bir ädimini ýedi ölçäp däl, müň ölçäp bir kesmeli. Ol maşgalasynyň öňünde jogapkär. Ol öýünde hyzmat edip ýören adamlaryň öňünde jogapkär. Ol obadaşlarynyň öňünde jogapkär. Jogapkärçilik eklenç-endişe bilen baglanyşykly. Onuň öýündäkiler bol-telki durmuşa öwrenişen. Bu gün olary tötege baglap bolmaz. Artyk hanyň telim ýola gaýtalan pentleri Annanyýazyň aňynda gaýtalanyp durdy: «Bilgin! Adamlaryň göwünlerini ýagşylyk hem sahylyk bilen awlap bilersiň. Özüň ýaly adamlary diňe ýok zatlaryny bermek bilen boýun egdirmek bolar. Hökman belent hümmetli bolmalysyň. Hümmet adamda ot ýalydyr, ol beletlik talap eder». Annanyýaz ýagşylygy hem sahylygy adamyň goşa ganaty hasaplardy. Şol goşa ganatyň bolmasa, uçup bilmersiň, uçup bilmeýän guş har-zar bolýandyr, elgarama bolýandyr. Adamlar ýagşylyk hem sahylyk görýän ýerine barýarlar. Durmuşyň, ýaşaýşyň talaby şeýle. Adamyň kimdigi, mertebesi ýagşylyk hem sahylyk edip biliş derejesi bilen kesgitlenýär. Annanyýaz, adatça, özi, durmuşdaky orny hakda köp oýlanýardy, öz-özüne sowal berýärdi: «Annanyýaz, sen kim? Bu dünýäden islegiň näme? Maksadyň näme? Gatnaşyk edýän adamlaryň kim?» Annanyýaz özüniň bu sowalyna özünden başga hiç kimiň jogap berip bilmejekdigine düşünýärdi: Annanyýaz – Allatagalanyň eçilen amanadyny il içinde metdi-masgara etmän ýaşap geçmek isleýän ätiýaçly kişi. Ençe günläp gar ýagyp, ähli ýerleri doňduryp taşlanda Taňryguly batyryň: «Meniň mallaryma, çopanlaryma hiç zadam bolan däldir, olar tükeldir. Çünki halal zady Alla goraýar» diýşi, baryp görlende onuň sözleriniň hak çykyşy Annanyýaz baýyň kalbynda ýaşaýar, onuň özi hem halallygy Alla goraýar diýen ynanç bilen ýaşaýan kişi. Bu ynamy ony hiç mahal ýüňsakgal edenok. Bereket-rysk Alladan. Annanyýaz baý-da Allanyň sahawaty bilen bereketiniň-ryskynyň gadyr-gymmatyny bilip, olary eşrepi deýin hatyralap hyzmatyndakylara sahylyk bilen eçilýär. Allatagala ähli bendelerine bereket-rysky paýlamaga ýetişmeýärmiş, şonuň üçin hem belli-belli saý kişileriniň üsti bilen ähli bendelerine rysk paýlarmyş. Annanyýaz baýyň üsti bilen Allatagala ençeme gypjakla rysk-günemalyk paýlaýar. Bu pikir gaty köp adamyň – sünneti-hidaýat ýoly bilen barýanlaryň ählisiniň pikiridi. Annanyýaz Allahy hikmete ynanýardy, şol ynanjy esasynda hem öz hojalygynda hyzmata duran gypjaklylaryň hak-heşdeklerini kem etmeýärdi. Ol her hepdede ýöriteläp obadaşlarynyň öýlerine baryp, bir çäýnek çaýyň başynda olaryň rozugär-endişesi bilen ýakyndan tanşyp gaýdýardy, olaryň etsem-petsemlerini diňleýärdi. «Baý malyny bahyl gysganar» diýlişi ýaly, Annanyýaz baýyň ile-güne sahawatyna janlary jyzar bolýanlar oňa nagyl okardylar. Bir gün Ýelli par gelip nagyl okap gitse, bir gün Hanguly oda-köze düşýärdi. «Bu dünýä ikimize ýat, amanat dünýä, bu rehimsiz dünýä baýlygyňa görä mertebe berýär. Bu gidişiň bilen barja baýlygyň soňuna sogan ekersiň. Onsoň saňa Taňry salamynam bermezler. Häzirki goýulýan hormat, ynanaý, Annanyýaz, pulsuz bolsaň goýulmaz. Adamlar häzir senden sahylyk tapansoňlar üzeňňiňden on geçýärler, baýlygyň bolmasa, sen hiç kime gerek dälsiň». Annanyýaz Hanguly bilen hemsöhbet bolsa, kalbyna giňlik aralaşýar. «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýýärler. Diňe mal däl, adamlaram biri-biriniň gözlerinden suw içýärler, rahatlyk tapýarlar. Ol özüniň içki pikirlerini Hangula açýardy, oňa içini dökýärdi. Käte olaryň garaýyşlary çapraz gelýärdi. Mydama gülmegi, şatlanmagy halaýan Hanguly Annanyýazyň dünýewi pelsepeleri sebäpli ýeke gezegem jak-jaklap gülüp bilmän gidýärdi. Ýyl geçdigisaýy olaryň gürrüňleriniň gülküleri egsilip, agras gürrüňlere ramlaşyp barýardy. Meger, her ýaşyň öz aýratynlygy bolýanlygy üçindir?! Hanguly gidensoň, Annanyýaz ýene öz-özüni terezä salardy. Özüni bu dünýäde tikenli meýdandan aýakýalaňaç ylgap barýan deýin oňaýsyz duýýardy. Ýyllar Bagdatda okalan zatlary elekden geçirip berýärdi. «Adamlary ýagşylyklaryň we sahylygyň bilen özüňe garaşly edip bilersiň» diýip, kakasynyň aýdan sözleriniň hakdygyna Annanyýaz has açyk göz ýetirýärdi. Ol öz ýakynyndakylar hakda hem köp oýlanardy, olara düşünmek isleýärdi. Ine, Durdy, Allan, Rejep. Bu ýigitler Annanyýaza wepaly. Näme üçin? Annanyýazy gorasalar, hiç hili bela getirmeseler, bu olaryň gowy ýaşamaklarynyň kepili. Olar ähli zatdan beter Annanyýaza bir zat bolmagyndan heder edýärler. Olar häzirki işlerini ýitirse, kim olara eklenç üçin bir döwüm çörek berer? Hiç kim! Öýdeniçer Seýitli-de, Nepes joş-da Annanyýazyň işiniň rowaçlygyny dileg edýärler. Obada ýetmişden gowrak kişi baý adyny göterýär. Olar näme üçin Annanyýazyň arçyn bolmagyny isleýärler. Sebäbi olaryň ählisiniň öz bähbidi bar. Annanyýaz baý polady ýumşak, içigaralygy, ýamanlygy ýok, başarsa adama ýagşylyk etjeklerden. Onsoň Hojaberdi murt ýaly, iki egnine agyz urup duran, garny doýsa-da, gözi ömür-ha doýmajak kişiniň arçyn bolmagy olar üçin gaty amatsyz. Annanyýazyň ýagşy sypatlary hemem sahylygy äpet bir gudrata öwrülip özüne imrindirýär, özüne çekýär. Baýlykda mähir bar. Baýlykda owadanlyk bar. Jyzlanyň bir günlük ömri bar. Adam ömri hem jyzlanyň ömründen ybaly däl. Zamahşary adam ömrüni dört basgançaga bölýär. Ol dört basgançagyň ikisi çagalyk bilen garrylyk, manyly ömre goşsaňam boljak-goşmasaňam. Ýaşlyk basgançagy hem ümbilmezlik bilen bihuda geçýär. Adam dört basgançagyň diňe ýekejesinde ömrüň, durmuşyň manysyna düşünip, tagamyny alyp, hars urmaga başlaýar welin, ol adama gaty azlyk edýär. Bu basgançak hem adam ogly eýlesine-beýlesine seretmäge ýetişmänkä geçip gidýär. Adam ogly jyzlan ömründe, gör, näçe zatlara ýetişmeli, näçe işleri etmeli. Adam kämil çykyp bu dünýäde ýaňy bir iş edýär welin, şol wagt ol bu dünýäde özüniň çig palçykdan ýaradylandygyny, ýene topraga garylmaga gitmelidigini, özüniňki hasaplap hars uran dünýäsiniň amanatdygyny bilmeli bolýar. Munda-da sünneti-hidaýat ýoly sabyrly bolmagy, sabyr düýbüniň sap altyndygyny nygtaýar. Annanyýaz baý durmuş hakda oýlananda, köplenç, bagdatly ýigidiň baý gyzyna aşyk bolşy, baýyň «Bagdat bazaryna baryp, adamlaryň ünsüni çekip bilseň, gyzymy bereýin» diýmesi, biçäre ýigit bazarda hernäçe gygyrsa-da, hiç kimiň ünsüni çekip bilmändigi hakdaky rowaýaty hem-de Artyk hanyň aýdyp beren Ependiniň ogly bilen eşekli goňşy oba gidişi hakdaky rowaýatyny ýatlardy. Soňky döwür Annanyýaz baý üçünji bir rowaýaty-da wagtal-wagtal ýatlamaga başlady. Ol rowaýaty ýatlamasy ýöne ýere däldi. Ol rowaýatda Annanyýaz Artyk öz durmuşyna ýakynlyk duýýardy. Ol rowaýat ýolbars hakdady. Ýolbars öz çagajyklaryny ähli ýyrtyjylardan, ähli awçylardan goraýar, hatda ýolbars çagajyklaryna howp dörese, bir topar esgeri hem parçalar. Emma ir bilen turup görse, çagajyklaryny olaryň burunlaryndan, gulaklaryndan giren garynjalar öldürendir. Garynjalar ýolbarsyň çagasynyň etini has tagamly, has datly hasaplaýarlar. Elbetde, süýji, datly zatlar, köplenç, elýeterden ýokarda bolýar. Elýeterden ýokardaky zada ýetmegiňem öz süýjüligi bar. Görüň-ä, ýolbarsyň ähli yhlasy biderekdir. Ýogsam ýolbars garynjalardan gaçyp, köplenç, gamyşlyklaryň içinde ýatýar. Garynjalar ýolbarslary gamyşlygyň içindenem tapýarlar. Ýolbars awlaýan garynjalar köpelipdir. Kimiň atany belli däl, pylanyny ýoldan gelýärkä pylan ýerde atyp öldüripdirler diýen gürrüňler günde-günaşa eşidilip durdy. Abdylla hem şol garynjalaryň biri ahyryn. Aýratynam, şäherde öldürilýän adamlar kändi. Öldürilýänler ýönekeý adamlar däldi, il içinde sylanýan-hormatlanýan atly-abraýly, gurply adamlardy. Pitige münende ömür has süýjär eken... Güýjüňe masaýynmak sadalyk. Baýlygyňa masaýynmak sadalyk. Ýolbars garynjadan gan aglaýarka, güýçden ne peýda. Ýolbarsy gan agladan garynja eýsem baýyň baýlygyny towsa göterip bilmezmi?! Ýaşamak üçin güýçden, baýlykdan başga-da gerekli zatlar kän. Juda kän. 2. Ýyllaryň öz hasap-hesibi bar, ýadamasy-ýaltanmasy bolsa ýok. Ol öz etmeli işleri bilen gümra. Wagt gije diýmän, gündiz diýmän çotuny kakyp otyr. Şeýdip, 1917-nji ýyla ýetdi. Bu-da geçer. Geçmeýän ýekeje zat-da ýok. 1917-nji ýyl! Dünýä durşuna goh bilen galmagal. Geçen ýyllar içinde Kesearkaçda, Gypjakda, Aşgabatda kän zatlar özgerdi. Hawa, gaty kän zatlar özgerdi. 1912-nji ýylda ak patyşanyň magaryf ministrliginiň uzak ülkelerde ýerli milletden bolan mugallymlary mugallymçylyk işinden boşatmaly diýip permany çykansoň, Annanyýaz baý Aşgabat gimnaziýasynda mugallymçylyk etmesini goýupdy. Şonda-da ol, gör, näçe oglana hat-sowat, arap-pars dillerini öwretdi. Türkmende, Hudaýa şükür, sowatlylyga, ylyma bolan teşnelik bar. Ýaşlar dünýäniň kän-kän dillerini öwrenmek isleýärler. Ýaşlary okatmakdan Annanyýaz çäksiz rahatlyk-many tapýar. Annanyýaz baý soňky ýyllar arap, pars diline teşne çagalary öz öýünde okatmaly bolupdy. Onuň öýünde çagalary okadýandygyny Aşgabadyň degişli adamlary eşidip, atly-ýaragly topar-topar bolup gelipdiler. Türkmenistanda arap, pars dilleriniň öwrenilmegi, bu dillere teşnelik hökümetde uly gorky döredýärdi. Uly gorky! Bu eden-etdiligi üçin Annanyýaz baýy türmä basmaly diýip, Nury gyşyk iki ýana hars urupdy. Ýöne Nury gyşykdyr Hojaberdi arçyn hernäçe gynansalar-da, çaga okadýaň diýip Annanyýaz baýy türmä basmandylar. Bu gürrüňiň ula ýazmagyndan heder edipdiler. Annanyýaz baýyň arkasynda Gypjak dur. Ondan soňam hökümetiň öz dert-aladasam özüne ýeterlikdi. Annanyýaz baý öz işi bilen meşguldy. Ol işleýärdi. Onuň ýanyna çar ýandan adamlar gelýärdi. Ol gelýänleriň köpüsiniň aladasy il-gündi. Täze döwlet gurmak gürrüňi indi bäş-on ýyl bäri galanokdy. Annanyýaz baý gelýän-gidýänlerden, okuwçy okatmakdan sähel sypyndygy bagynda işleýärdi. Annanyýaz Taňryguly batyryň küýsän bagyny ýetişdirdi. Annanyýazyň bagynda on bäş görnüşli ir-iýmiş bar. Näme üçin on bäş? Annanyýaz on bäş ýaşda haja gidenini göz öňünde tutdumykan?! Ýa başga bir sebäbi barmykan?! Annanyýaz her gün sebäpli-u-sebäpsiz baga girmese, ynjalyk tapanokdy. Ol hiç zat etmese-de, bagyň içinde biraz gezim ederdi. Gyşyň örküjinde, gar ýagyp, ähli ýeri duw-ak bolup ýatsa-da, Annanyýaz kakasynyň sowgat beren possunyny geýip bagyň içinden aýlanardy. Gyşda käbir üzüm nahalyny, nar nahalyny ýere gömüp goýardy, şeýdip, olary sowuk urmadan gorardy. Eden işinde köst goýmaýan-da bolsa, Annanyýaz baý üzüm, nar düýplerini ýaltanman gözden geçirerdi. Hawa-da, Allatagala her bendesini bir küýde ýaradypdyr. Allatagala her bendesine bir keýp-gyzyklanma beripdir. Allatagala Annanyýaz baýa bagbançylyk müždesini beripdir. Aslynda Annanyýaz baýyň eline orak ýa pil almak zerurlygy ýok, hyzmatkärleri, öýdeniçerleri, bagbanlary oňa iş galdyranoklar. Ýöne Annanyýaz baý işsiz oturyp bilmeýärdi. Zümerret deýin gögeren bag-bakjalar – bereket hazynasydy. Hasyl ýetişensoň, hyrydar alyp-satarlar Annanyýazyň ýanynda köpelýärdiler. Hasyl döwri oba adamlary hem hyzmata durýardylar, gazanç edýärdiler. Annanyýazyň eriginiň kişdesine hyrydar hasam köpdi. Nişapurly Hasan beý alabaharda gelip, öňünden geljekki kişdäniň ujundan puluny töläp gidýärdi. «Hasan beý, sen beýtme. Entek erik güllänok, hasyla duranok. Sen eýýäm kişdäniň puluny hödürleýärsiň. Sen entek gyşyň nähili geljegini bileňok. Belki, gyş gazaply gelip, erikleri sowuk urdy-da, şonda näme? Men saňa söz berýän, hasylymy saňa bereýin, ýöne maňa pul galdyrma». «Nyýaz jan, men seniň sözüňe ynanýan, ýöne saňa pul goýup gitsem, ýüregim suwluja bolýar. Sen maňa ýok diýme» diýip, Hasan beý özelenmek özelenerdi. Bagdan gelýän girdeji Gypjagy ekläre ýetjekdi. Şeýle bolansoň bereket çeşmesine Annanyýaz aýratyn yhlas edýärdi. Allatagala bereýin diýse, gapy ýapyk bolsa, tüýnükdenem uzadyp berýär. Allatagala berdim diýip bersin. Allatagalanyň bermedigini kowalap, hars urup, haramylyk edip gazanyp bolmaz. Gazananyň hem uzak durmaz, hümmeti bolmaz. Günüňe kanagat edip, ýaşaýyş ugrunda işläp ýörseň, Allatagala bendesini hor-zar etmeýär. Ýöne soňky ýyllar ynsap torbasyny öňüne atyp, gije-gündiz hars urýanlar köpelipdir. Olar her hili ýol bilenem eliňdäki tötegiňi aljaklar. Ynsap aradan gitse, äjut-mäjutlyk başlanar diýlen köne gürrüň Annanyýazyň ýadyndan çykmaýar. Dünýäniň üýtgewine sowukganlylyk bilen syn edýär. Käte onuň akylyna sygmaýan zatlar başyna gelýär. 3. Geçen ýyl Hojaberdi murt ýanyna geldi. Hal-ahwal soraşmadan, degdim-gaçdym gürrüňlerden soň Hojaberdi arçyn esasy gürrüňine geçdi: «Annanyýaz, sen obada, diňe bir obada däl, Kesearkaçda iň barjamly, iň hormatly adamlaryň biri. Köp adamlara kömek-ýagşylyk edýäň. Gapyňdan dileg salyp gelenleriň içinde dilegini bitirmedigiň ýok. Menem-ä bir haýyş bilen geldim, göreýin, meniň haýyşymy näderkäň?» «Arçyn, gürrüňi uzakdan aýlaman göni aýdyber!» «Aýtsam, seniň harazyň bar...» «Hawa, bar, ýeri onsoň?» «Şondan seniň görýän peýdaň-a ýok». «Aýdyber, aýdyber!» «O harazyňdan adamlar mura-mugt peýdalanýarlar. Sen şol harazyňy maňa beräýseň». «Näme üçin?» «Men oba arçyny. Beýle uly zatlar oba arçynynyňky bolsa gowy. Onsoňam men ondan peýda görjek. Häzir diňe kilwan peýda görýär. Mugtuň gadyry ýok. Üwelýän gallanyň dörtden birini men üwäp berenim üçin aljak. Sen maňa dogry düşün, arçyn bolsaň, çykdajyň biçak köp bolýar eken. Her gelen barlagça, her gelen ketdä bir zatjagaz emlemeli. Olar gelende bir zatjagaz alaryn diýip gelýäler. Onsoň mende-de aňyrsy görünmän duran baýlyk ýok. Üstüne damyp durmasa, deňizem gutarýan eken». Hojaberdi murt bilen bolan şol duşuşykdan üç-dört aý geçensoň, Annanyýaz baýyň ýanyna Illew salgyt gelipdi. «Habarlyja gelendirin, Annanyýaz». «Aýdyber». «Sen maňa dogry düşün. Men seni mydama gorap gezýän. Ýogsam: «Annanyýazyň Kesearkaçda abraýy uly, özem tütjar baý. Ony abraýdan düşürmeli, salgydyny köpeltmeli» diýip, maňa mydama aýdýarlar. Men her gezek Annanyýaz meniň doganymdyr, näme diýesiňiz gelse, maňa diýiň. Masgaralasyňyz gelse, meni masgaralaň. Näme salgyt salsaňyz maňa salyň, ýöne Annanyýaz Artyk ogluna azar bermäň diýip ýalbarmak ýalbarýan. Özüm hažžyk-hužžyk edip öňlerinden geçýän. Kesearkajy köp-köp salgytlardan, bela-beterlerden goraýaryn, ýöne biziň tekelerimiz meniň hyzmatym üçin sagbolam aýtmaýarlar. Men-how, jüt galdym. Bar alýan aýlyk-günlügimi hem agalaryma iýdirip-içirýän. Olaryň bar pikiri-maksady almak, ýolmak, baýlyk toplamak. Menden başga türkmene bolsun diýýäni ýok...» «Hany, sen Mustapaňy aýt!» «Ynha, senem şeý diýýäň. Men-ä senden sagbol hantama. Edýän ýagşylyklarymyň gadyryny biläýermikäň öýdýän, ýok, bilmekden-ä geçen, Mustapaňy aýt diýýän». «Habarlyja geldim diýmediňmi?» «Ýok, sen maňa dogry düşün. Dileg salyp gelendir öýtme. Men adamçylyk edýän. Men türkmençilik edýän, ýanyňa gelmänem alyp bilýän men. Ýöne beýdemog-a. Görüp dursuň-a. Men adamçylyk edýän. Wezipämi, güýjümi görkezjek bolamok. Ýogsam kim meniň garşyma çykyp biler? Hiç kim. Ýöne men adamçylyk edip ýanyňa geldim. Il içinde, näme üçindir, seni hormatlaýarlar. Menem hormatlaýaryn. Nägile bolsaň, özüň al, al diýip razylyk bildirmeseň, men aljak däl. Men şonsuzam günümi görýän. Ýöne sen bir döwletmen adam. Döwletiňden ýoksun diýip aljak bolýan...». «Nämäni aljak bolýaň? Düşnükliräk gürlesene, Illew». «Illew däl, Ilmyrat!» «Meniň üçin-ä sen Illew gübernatyr». «Haý, Annanyýaz. Sen okuň nireden uruljagyny bileňok. Sen kimiň özüňe dost, kimiň özüňe duşmandygyny bileňok! Eger hakykaty bileňde sen meni depäňe täç ederdiň. Men ähli zady saňa aýdyp ýöremok. Hany, aýt, seni öldürtjek bolan kim? Abdyllany üstüňe ýollan kim? Seni, biler bolsaň, Aždarhanda-da ýoklap bolýardy. Seni Aždarhan türmesinden boşadan Ýelli baýdyr öýtme, ýok, seni şol türmeden boşadan mendirin. Ýöne men minnet etmek islämok, minnet edeni halamogam. Ýöne men bu zatlary bilip goýmagyň üçin aýdýan. Sen Ilmyradyň özüňe nähili hormat goýýandygyny bileňok. Sen Ilmyradyň özüňe nähili ýagşylyklar edendigini bileňok. Sen Ilmyradyň özüňi nähili howp-hatarlardan aman alyp galandygyny bileňok. Seniň garşyňa näçe gezekler dildüwşükler boldy. Men seniň garşyňa çykmak islänleriň köpüsini zyýansyzlandyrdym. Entek Abdylla ele düşenok. Ol ele düşse, onuňam jezasyny bererin. Eger ele salsaň, şony ilki meniň elime ber, men ony bilbil ýaly saýradaryn. Sen ony saýradyp bilmersiň. Seniň ýanyňda ol ölse-de gürlemez. Hawa, hawa, ölse-de gürlemez. Sen Abdyllany tanaňok. Ony men tanaýan. Ol hakyna tutulýan ganhor. Onuň ýanynda adam öldürmek siňek öldüren ýaly bir zat. Ol ganhory seniň garşyňa taýynladylar. Ol seni mydama yzarlap ýör. Seni gapyllykda basmak isleýär. Ony iýdirip-içirip ýören adamlar bar, biler bolsaň. Olar seniň duşmanlaryň. Men seni şol duşmanlaryňdanam gorap ýörün». «Hany, sen geleniňde habarly gelen ýalydyň-la?» «Elbetde, habarly geldim. Ýöne men seniň käbir zatlary bilmegiňi isleýärin. Goý, seniň göwnüňe gelmesin, Ilmyrat hiç bir ýagşylyk etmän soraýandyr öýdüp. Ýok, men eden ýagşylyklarymyň müňden biri, hawa, hawa, müňden ýekejesi üçin soraýaryn. Men seniň etmişleriň üstüni ýapyp ýörendigimi-hä aýtjagam däl...» «Dur, dur! – diýip, Annanyýaz dikeldi: – Bu gürrüňi nagt et. Men nähili etmiş edipdirin. Meniň näme etmişim bar? Men etmiş eden bolsam, sen onuň üstüni örtme. Maňa seniň ýagşylygyň gerek däl. Etmiş eden bolsam, men günämi çekjek. Özem göni žandarmeriýa baryp, özüm jeza berilmegini talap etjek». «Goýsana, Annanyýaz, men seniň etmişiňi boýnuňa goýmaga gelmedim. Teklip bilen geldim...» «Habaryňam, teklibiňem etmişimi ýekän-ýekän aýdanyňdan soň diňlejek. Ondan bärde men seniň ýeke sözüňem diňlejek däl. Hany, aýt!» «Gyzybermesene, Annanyýaz. Özüňi perişdedirin öýdýäňmi? Biziň hemmämiz günäkär bu dünýäde. Eşidýäňmi, biziň hemmämiz etmişli. Etmişsiz, günäsiz ýekeje-de adam ýok dünýäde». «Sen meniň haýsy etmişimiň üstüni ýapdyň? Hany, aýt, haýsy etmişimiň? Men näme etmiş edipdirin?» «Äl, bilýän dälsiň-ow». «Bilemok, bilsem soramazdym». «Salgydy doly tölemeýändigiňi, gazanjyňy, mallaryň sanyny doly bermeýändigiňi, näme, Ilmyrat bilýän däldir öýdýäňmi? Ilmyrat hemme zady bilýär. Ýöne Ilmyrat saňa juda hormat-gadyr goýýandygy üçin bilmedikden-görmedikden bolýar». Illew salgyt ýalňyşandygyny bildi. Bildi, ýöne giç bildi. Illew hüjüm edip, Annanyýaz baýy mugyra getirip, Aşgabatdaky sekiz dükanynyň dördüsini özüne sowgat-para hökmünde dilemekçidi. Ol dileg salyp baran adamyna her hili şyltaklar atyp, özüni ýagşylyk edip ýören ýeke-täk halasgär-howandar hökmünde görkezip näme haýyş etse, kaýyl bolar ýaly edýärdi. Ol Annanyýaz baýy hem ilki biraz gorkuzmak isläpdi. Ol ussat çykan tilsimini ulanypdy. Ähli kişi babatda bolup duran, iş bitirip gelen tilsimi bu gezek pys çykdy, Annanyýaz babatda zyýanly çykdy. Illew salgyt Annanyýaz baýyň beýle gaharlanyşyny öň görmändi, meger, ol öň beýle gaharlanan hem dälse däldir. Annanyýaz baý hiç mahal gözboýagçylyk etmändigi, galan ömrüne-de etmejekdigi, bu töhmedi üçin Illewiň jogap bermeli boljakdygy, Gypjak obasynyň töleýän salgydyndan-da gowrak salgydy her ýyl ýeke özüniň töläp oturandygy, şeýle ýagdaýda Illewiň ýene gara don ýapmak isleginiň adalatsyzlykdygy, salgytlaryň halys aňkasyny aşyrandygy hakda janygyp-janygyp gygyrdy. Illew salgydyň meslekdeşi Gurban taýlak ine-gana çaý-çörek edineris diýen ynam bilen atyny Annanyýaz baýyň teblehanasynyň ýanynda daňyp, ýaňy «Söwdügimi» sykylykda çalyp, taýýar iýmden iýmlejek bolup başagaýdy, ýöne birden Annanyýaz baýyň janykmasyny eşidip iýmini taşlap, atlarynyň daňysyny boşadyp, ýuwaşjadan köçä bakan ökje ogurlap ugrady. Gurban taýlak gulaklaryna teý ynanyp bilmedi. Wah, ynanasy gelmedi. Illew salgyt Gurban taýlagy bu ýerik bal kölüne batyryp getiripdi ahyryn: «Annanyýaz baýy entek edişimi bir gör. Ol bizi nirede oturdyp, nädip ýaranjagyny bilmez. Ol bize şeýle bir eçiler, şeýle bir eçiler. Näme eçilse, topulyp durmagyn, dokrak bolgun» diýip, Illew salgyt ýolboýy sargyt edipdi. Häzir-ä öz üstlerine gahar-gazap sürünýär. Illew ýalňyşandygyny has açyk bildi. Bu ýagdaýda Annanyýaz baýdan dört sany dükanyňy peşgeş ber diýip sorap bolmaz. Iň gowusy, gürrüňi soňa goýmak. «Sen maňa nädogry düşündiň, Annanyýaz. Nädogry düşündiň. Elbetde, salgyt köp salynýar. Men seniň halaldygyňy bilýän. Bilýänligim üçinem seni hormatlaýaryn. Men saňa gelenimden aýtdym-a seni hormatlaýaryn diýip. Men näme üçin seni hormatlaýaryn, sylaýaryn? Elbetde, halallygyň üçin. Senden ikilik çykmajagyny bilýärin men. Ony uly ilem bilýär. Haý, bolmady, men seniň bilen oturyp, ine-gana gürrüň etjekdim. Ýöne, görýäň-ä, iş köp, mydama ýetişiksiz günde. Şonda-da hökümete ýaranyp bilemok. Meniňkem aňsat däl, Annanyýaz jan. Sen maňa dogry düşün. Men häzir seniň ýanyňdan gidip, kyrk iş etmeli, kyrk ýere barmaly. Men onda gaýdaýyn. Seniň bilen soň bir öwrümde arkaýyn oturyp çaýlaşaryn-da. Görüp dursuň, iş köp. Men senden on-on bäş ýaş uly, şonda-da men seni öz agam ýaly görýärin. Annanyýaz, walla, senem bir töwra adam-how. «Ilmyrat jan, ýagdaýlar, iniler nähilidir?» diýip, käte bir çaýa-salama öýe baraýmaly ahyryn, Barsaň, depäm gök direjek...» Annanyýaz baý Illew salgydyň hiç zat bolmadyk ýaly, ýylgyrjaklap gitmesine myrryhy atlandy. 4. Adamyň keýpsizligini ajy der aýyrýar. Der bilen ähli dert-aladaň-da çykyp gidýär. Annanyýaz biraz işlemek, derlemek üçin baga bakan ugrady, ýöne, görse, Durdy kalaý teblehanada nämedir bir zada gara başyna gaý bolup ýör. Iým berýändir diýse, ýa suw berýändir diýse, häzir wagty däl. «Eý, Allajanlarym, näme boldukan?» diýip, Nyýaz içini gepletdi. Ýa Illewiň Gurban taýlagy bir iş goparyp gidiberdimikän? Durdy bolan işi özi düzetjek bolýarmykan? – Durdy, ah-ow, Durdy! Durdy kalaý özbaşyna «Ýarowjana» hiňlenip, Dagarany eýerläp durdy. – Başlyk, ugur hanjak?! Dagaran birden tisginip, gozgalaň tapdy. – Haý, doganjan, Dagaranyň zähresini-ä ýardyň. Asgyrynan-üsgürinen bolup, gelýäniňe bir alamat beräýmeli-ä. Bu at janaweriň ýüregi towşanyň ýüregi ýaly ýaradylan ahyryn. Allatagala bedewe ähli zat berse-de, aşgazan bilen ýürek bermändir. Ä, näme, indi şu zatlary men saňa öwretmeli boldummy? – Ugur hanjak diýýän?! – Haý, halypa jan, saňa hyýalymda ýaňy iňirdäp-käýäp ugrapdym, doly içimi sowatmaga ýetişmedim, walla. – Men-ä towugyňa tok diýemok, şonda-da göwnüňi tapyp bilmeýän bolsam, onda gel bilelikde käýäli. – Muhammet al-Gazaly näme diýýär? – Sen, näme, Muhammet al-Gazalyny okadyňmy? – Hawa, okadym. – Men-ä seniň eliňe kitap alyp okap oturanyňy göremok. – Haý, sen-ä! Meniň kitap okaýşym illeňki, seňki ýaly däl. Başgaça. Sen, mysal üçin, kitap okaýaň. Şeýle gerek? Dogry. Onsoň men seniň okan kitabyňy okajak bolup gözümiň köküni gyryp oturamok-da, okan kişiň, ýagny seniň gürrüňiňi diňläýýän. Gürrüňleriňi diňledim, hany, sen maňa al-Gazalyny okamansyň diýip biljekmi, onsoň. – Biljek däl. Seniň okaýşyň meniň okaýşymdan kem däl. Ýöne al-Gazaly näme diýýär? – Ol samsyk bilen sanaşmaly däl diýýär. Her asylsyz, çöpdüýbi bilen agzyňy deňäp ýörme, meniň mähriban şägirdim, mähriban Durdymyrat çozgunyň halypasy Annanyýaz Artyk han ogly diýýär. – Başlyk, çaşynyň gözlerine seredip, nämedir bir zatlara düşünsem, belket, düşünerin, ýöne Dagarany eýerlemek bilen al-Gazalynyň, samsyk bilen sanaşmagyň manysyzlygynyň näme baglanyşygynyň bardygyna teý düşünip bilemok. Çynym. – Köp okan adamlaň agyrrak gürläýmesem barsa bardyr. – Durdy kalaý keýp edip, gözlerini ýaşardyp güldi: – Entek ýadyňdan çykaran zatlaryňy menden «okamalam» bolarsyň. – Başlyk, nirä şaýlanýaň? Aýtjakmy ýa ýok? – Wiý, seniň habaryň ýokmy? Düýn aýtmadymmy? – Hany, daňylgy duran atyňy oýnatmasana. – Ýok, halypa jan, meniň gara çynym. Ýör gideli, ýogsam gijä galarys. – Başlyk, hany, dürüşdeli tapmaçalaňňy aýyl-saýyl edip aýtsana. – Aýtsam, düýn Hanguly çakylykçy iberipdir. – Düýn men öýdedim, ony men görmedim-ä. – Aý, ol çakylykçy gaty howlukmaç eken, Köşä geçip barýan, häzir Annanyýaz kakama duşuşsam, çaý içip git, duz dadyp git diýip, meni saklar. Iň gowusy, men gideýin, habarymy bolsa saňa aýdaýyn diýdi. Menem bolar diýdim. Hanguly «Ertir günortan Annanyýaz Durdymyrat jan bilen myhmançylyga gelsin. Bir semiz işşegi soýup, hyzmat etjek. Saz çalyp berjek, aýdym aýdyp berjek» diýipdir. «Selbinýaz» sazyna goşmaça iki sany kakuw tapdym, onam Nyýaz jana çalyp berip göwnüni göterjek diýipdir. – Öýe biri gelse, men görmeli ahyryn... – Haý, halypa jan, ynanmaly adamyňa ynanmazlyk edýäň. Meniň saňa ýalan bergim barmy? Men Illew gübernatyr däl, men Durdy, Durdymyrat jan. Meniň bilen damana äheňinde gürleş. Hany, gideli-le, halypa jan. – Hangulyň şu çakylygyna, näme diýseňem, şübhäm bar. – Illew gübernatyr seni zäherläp gitdi. Entegem aýňalaňok. Näme, Hanguly, barsaň myhman almaz öýdýäňmi? Gowy garşylamaz öýdýäňmi? Gideli, gideli, göwnüň açylar. – Ýeri, bolýa, gideli. Ýöne, hany, sen aýt, maňa näme üçin ýaňy içiňden käýäp otyrdyň? – Hä-ä, ýaňymy? Dogry-da, walla. Seniňem bärden gaýdýan ýerleň bar-aý, Allakessin. Men-ä saňa ylmyň-bilimiň syrtyny deşen pähimdar adam diýip senalap-penalap ýörün, senem Illew salgyt ýaly näteňenäletleriň sözüni söz saýyp, ýeňsedamaryňy çapgyýassygy ýaly gataldyp ýörsüň. Mezeňleň balagy ýaly giň bolsana, walla. – Sen meniň rahatlanmagym, göwnümi açmagym üçin Hangulylaňka äkitjek bolýaň, şeýlemi? – Şeýle ekenem-dä, şonda gitmeli dälmi? Ýöne men hakykaty aýdýan. Hanguly häzir gül ýalak bugaryp duran palowy öňüne alyp, iýmän, saňa garaşyp oturandyr. Nahary, aýratynam, palowy garaşdyrmak bolmaýar. Bahym gideli. – Hany, onda men donumy getireýin. – Halypa jan, sen Illewiň nemesini kädä gabap ugraňda men donuňy Nurgözel gelnejemden alyp, şu ýerik getirip goýdum-a. Ine, donuň. – Be, seniň meni äkitjegiň çynyň-ow, ýör onda – diýip, Annanyýaz donuny egnine geýmäge durdy. Şol mahal at aýaklarynyň dükürdisi eşidildi. 5. Sesi öňden gelen atlylaryň özlerem geldi. Olar iki sany žandarmeriýa eşiklidiler. Olary gören Annanyýaz geň galdy: «Eý, Hudaýa Hudawende, Illew salgyt eýýäm Aşgabatdan žandarmeriýany ibermäge nädip ýetişdikän? Onuň gidenine köp wagt geçenok ahyryn?» diýip, Annanyýaz içini gepletdi. Betbagtlyk ýeke gelmeýär, ýeke gezmeýär diýýärler. Şum habar hem ýeke gelmeýän bolmaly. Ýürekbulaýjylyk hem ýeke gelmeýän bolmaly. Illew salgydyň ýürekbulamasy bir ýyla ýeterlik ahyryn. Annanyýaz gelenlerden general-gubernatoryň ýanyna gyssagly barmalydygyny eşidende, çykgynsyz ýagdaýa galdy: – Durdy, başlyk, sen göni Hanguly baýyň ýanyna git, «Annanyýaz gyssagly Aşgabada gitmeli boldy, ol gelip bilmeýär» diýip aýdyp gaýt diýip, Annanyýaz Dagarana atlandy. – Aý, men-ä senden aýry bolup biljek däl. Hanguly baýy alada edinmesene. – O nähili alada edinmäýin?! Bir adam söwüş edip, saçak ýazyp saňa garaşýar. Senem oňa barmasaň, nähili bolar? Ýaňy özüň aýtdyň-a?! – Hiç hilem bolmaz. Ýör, arkaýyn gidiber. Hanguly dostuň babatda bir düşünmeýän zadym bar meniň. – Meniň-ä Hanguly babatda düşünmeýän zadym bir-ikiden kän, ýöne seniň bar düşünmeýän zadyň bir bolsa, onda seni zor görmeli. – Hanguly bu dünýä baky gelen ýaly, ol şeýle bir şahandaz-şoh, suhangöý ýigit. Onuň ýanynda mydama gülüp, şatlanyp oturmaly. – Hany, sen mus-muslaman, göni düşünmeýän zadyňy aýtsana. – Hanguly biraz öwünjeňräkmi ýa göwnümemi? – Hakyky türkmen-dä. – Ol özi hakda hoş sözüň aýdylmagyny, öwülmegini juda gowy görýär. – Sebäbini bilýäňmi? – Hälki düşünmeýän diýen zadym, ine, şü-dä. – Allatagala Adam atany näme üçin ýaradandygynyň sebäbini bilýäňmi? – Aýtsaň bilerin, aýtmasaň nireden bileýin. – Allatagala Adam atany özüni wasp etdirmek üçin ýaradypdyr. Hangulyň o häsiýetiniň köki gaty aňyrdan gaýdýar. Hanguly hem garagoňurlardan. Garagoňuryň aňyrsam paňlar bolmaly. Paňlardan bolup kemgöwün gezse, öwünmese, asyl gelişmez. – Onda Allatagala ilki türkmeni döreden bolsun gerek. – Hany, sen bu gürrüňi goý. Derrew Hangula habar ýetir. – Sen-how, Durdy habar ýetirdi diýip düşünäýsene. Hangulynyň garaşmajagyna men kepil-how. – Sen meniň gaharymy getirjek bolýaňmy? – Men Hanguly baýa habar ýeter ýaly ederin, sen arkaýyn bolaý. – Eger habar ýetmese, onuň ýüzüne men nädip serederin. – Arkaýyn seredibergin. Ol senden jinnek ýalagam gaty görmez. Annanyýaz şübhe bilen Durdy kalaýa seretdi. Durdy kalaý göýä Annanyýazyň seredýändigini görmeýän ýaly, äwmezlik bilen öňe seredip barýardy. Harby çakylykçylar howlukmaç barmalydygyny nygtap, atlaryny gorduryp barýardylar. 6. Annanyýaz içeri gireninden soň, ýygnak başlandy. Oňa diňe Ashabat uýezdiniň naçalnigi bilen Annanyýaz, žandarmeriýanyň naçalnigi, harby ştabyň naçalnigi, General-gubernatorlykda işleýän Kulyýew atly türkmen, şeýle hem general-gubernator bilen Gizlin kanselýariýanyň täzelikde işe bellenen başlygy bardy. Annanyýaz beýle tutumly ýygnaga özüniň gatnaşdyrylmagyna gaty geň galdy, emma ýygnak başlanyp, mesele orta atylanyndan soň, oňa bary düşnükli boldy. Üç günden soň öýlän Bamydan bäriniň arçynlary, baýlary Aşgabada ýygnaga çagyryldy. Her obanyň arçyny, her obadan bir atly baý-beg. Bu ýygnaga-da Gizlin kanselýariýanyň gara geýnen başlygy gatnaşdy. Adatça, resmiligi halamaýan uýezd naçalnigi orta çykyp, diwara çüýlenen karta nazaryny aýlap gürläp başlady, dilmaç terjime etdi. On bäş minut çemesi gürläninden soň ol Annanyýaza söz berdi. Annanyýaz: – Aksakgallar, ýaşulular, ýaňy baýar ýagdaýlary doly düşündirdi. Wasly dogan-garyndaşlarymyzyň ýagdaýy ýaramaz. Hywa hanynyň azary bir tarapdan, Amyderýanyň suwunyň ýetmezçiligi ikinji tarapdan, wasly türkmenler horluk çekýär – diýip, ýagdaýy jikme-jik düşündirdi. Ol kyrk minut çemesi kagyza seredip, ýagny Gizlin kanselýariýanyň taýynlan resminamasy esasynda gürledi. Tilkilerden Aýmyrat baý: – Annanyýaz, inim, meniň baýara bir sowalym bar, aýdaýynmy? – diýdi. – Aýdyber, Aýmyrat aga. – Men baýaryň gep saluwyndan aňlap otyryn, ol wasly garyndaşlarymyz eýle-beýle diýip, baýlara dileg saljak bolýar. Ýöne meniň Wasdan gelenime bir hepde-on gün boldy, siziň aýdyp duran zatlaryňyz ýok ol ýerde. Amyderýanyň suwy hem gaty bol bolupdyr, hasylam bol alypdyrlar, keselçiligem ýok. Bagyrly Nejep baý bilen Keleteden Baýmyrat baý hem özleriniň ýakynda Wasda bolandyklaryny, ol ýerde ilatyň dok ýaşaýandygyny aýtdylar. Annanyýaz ýylgyrdy: – Aýmyrat aga, sen Wasa baraňda olaryň kime näçe salgyt töleýändigini sorap gördüňmi? Sorap görmeli ekeniň! Salgytlaryň sany ýigrimi bäşe ýetýär. Ýylyň ähli aýynda birnäçe gezek salgyt tölemeli. Daýhanlar ýerden altyn öndürende-de ol tölemeli salgytlara ýetmeli däl. Biz zora uçradyk, ula duşduk, emma ol garyndaşlarymyz ejize golasty bolup, kiçä gulluk edýär. – Düşündik, Annanyýaz. Rast aýdýarsyň, diliň bir, ýurduň bir, pygamberiň, Hudaýyň birkä, başymyzy bir etjek bolmaly! – diýip, ýerli-ýerden baýlar ör turup aýtdylar. Annanyýaz: – Biz olara goşun kömegini berip bilmeýäris, sebäbi dünýä goh turzar, ýöne ynha, pul-baýlyk ýollasak, ol garyndaşlarymyza arka durjakdygymyzy bildirsek, olaryň almajak galasy bolmaz! Ýarajynyň arçyny Arslan Mäter ýerinden turdy: – Annanyýaz, baýarlar döwletli gürrüň, döwletli iş etjek bolýarlar. Wasa, Lebaba kerwen gurap, gatnap ýörmegiň özi nämä degmeýär. – Annanyýaz jan, sen ýöne jan başyna näme bermelidigini belli etseň bolýar – diýip, ýene bir baý ýerinden turdy. – Ýaşulular, jan başyna diýilýän zat ýok! Anha, hanlar-begler otyr, baýlar otyr, bu mesele ýurt meselesi. Her baý ýagdaýyna seredip näme berip bilse beräýmeli: pul ýa-da altyn-kümüş. – Mal bolmaýarmy? – Mal bolmaýar. Bir hepdeden soň Gizlin kanselýariýanyň naçalnigi Annanyýaz bilen general-gubernatoryň kabinetine gireninden: – Ýigit iş bitirdi. Diňe Ashabat uýezdinden gelen baýlyk meniň çakymdan üç esse köp! – diýdi. General-gubernator başyny silkip diýen ýaly Annanyýaza garady: – Zorluk eden-ä dälsiňiz-dä... – Ýo-ýo-ýok, Alla saklasyn! – Türkmen aç-açanlygy gowy görýär. Eger men maksadymyzy aýtmadyk bolamda, her kim muny «Hökümet sypaýylyk bilen talaňçylyga başlady» diýerdi. – Dogry edipdir, bassyr-ýussurlyk gerek däl. Biziň maksadymyz asylly. Waslylaram, lebaplylaram, bularam bir türkmen. Bir türkmen bir ýurt bolmaly, bir halk bir döwlete gulluk etmeli. – Biz ýigrimi günüň içinde getirilmeli diýip möhlet goýduk. Entek ýaňy bir hepde geçdi. Ýene geler. – Annanyýaz, kerwene baş bolmagy saňa tabşyrjakdyryn. Ilki bilen-ä puly jemlemek kyn, jemläniňden soň hem ony saklamak kyn. Şu ýigid-ä eteginde namaz okap boljak ýigit diýeniň ertesi gün ýüzügara edäýýär. Pul üýtgemejek adamy hem üýtgedäýýär. Annanyýaz, men puly görende Hydyr azsa-da, seniň azmajakdygyň hakda graf Koşmanndan eşitdim. Şonuň üçin men seni kerwenbaşy bellemegi ýüregime düwdüm. Öňünden ýol taýýarlygyňy görüber – diýip, general-gubernator gürrüňi jemledi. Annanyýaz oýlanýardy, ykbalynyň birden üýtgemesini akyl terezisinden geçirmäge çalyşýardy. Diýilýän, aýdylýan sözlere ynansaň-a, onda ediljek bolunýan iş Allatagalanyň, bendesiniň halajak, ýalkajak işi. Galanynam, näme, Taňrynyň özi bilýändir. Esasy zat: ýalňyşmaly däl. Ömrüň soňunda adamlaryň ýüzüne müýnsüz, ýazyksyz seredip bilýän bolsaň, adamlar senden minnetdar bolsalar, onda ol ömri ömür hasaplasa bolar. | |
|
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Duman daganda: Aýyrdygyňça wezipe bahasy gymmatlaýar - 23.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |