12:50 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -9 | |
Dokuzynjy bap
Romanlar
ÝARYSY SÜÝJI, ÝARYSY AJY DÜNÝÄ 1. Keremli Allatagala älemini, dünýäsini, asmanyny, Zeminini ýaradyp, öz perzendi bolan Adam ogluny bagtyýar etmek isläpdir. Ajaýyp jahanyň gözelligini döredipdir. Bu gözellikden meniň ýaradan perzendim lezzet alsyn, şu gözelligiň gujagynda erkana ýaýnasyn diýipdir. Üsti ak garly, jülgeleri dumanly daglara başyňy aýlandyrman seredip bolýarmy näme? Gara bulutlardan şaglap-şaglap ak ýagyşlaryň ýagşy ne gözel! Ýazlaryň ýaşyl maýsa bolup dünýä sygman joş urşy ne gözel! Ýelleriň mylaýymlyk bilen boýunlara oralyşyna maýyl bolman, dünýäniň gözelligine, duýgularynyň sazlaşygyna maýyl bolman seredip bolýarmy näme? Bagtdan sorapdyrlar: – Bagt, näme sen? Bagt aýdypdyr: – Gidenimden soň bilersiň? – Gideniňden soň biljek bolsak, sen nämä gerek? – Onda dünýä seret, il-ulsa seret, özüňe seret! – Seniň nähili hikmetleriň bardyr? – Men gelemde ýazlaryň gelşi ýaly dünýä sygman gelerin, çabgalaryň gelşi ýaly däli sillere atlanyp gelerin. Körler meniň şuglamy görer, kerler meniň owazymy eşider, lallar meniň dilim bilen gürlär, aýaksyzlar meniň gudratymdan ylgar, ganatsyzlar meniň ganatym bilen uçar. Mende Allatagalanyň keremli möhüri bardyr. Annanyýazyň gelnalyjysy bedibagtlyk getirmäge gidipdi, çünki Annanyýaz sag ýaňagy goşa meňli gyzy ýitirip, dünýäde başga bagtyň ýokdugyna ynanýardy. Emma gelnalyjy onuň ýitiren bagtyny tagtyrowana salyp aldy geläýdi! Annanyýaz bagtdan ýaňa al-asmanda uçup ýördi, Artyk hanyň, ýüz ýaşy arka atan Sülgün enäniň, perişde ýaly ejesiniň ýanynda salyhatly ýigit bagtyýardygyny, uçup ýörendigini bildirmejek bolup derde galýardy, emma heý, gudratly bagt yşk bilen bile geler-de, bildirmän bilermiň? Annanyýaz asman bilen Zemin arasynyň bagtdan, yşkdan lummurdap, enwer ysyny kükedip, şirwan perdesiniň datly sazyny ýaýradyp, beýhuş edip barýanyny bilýärdi, ol bagt gizlederden uludy, bukardan şuglalydy! Ahala toý beren döwletli maşgala has bagtlydy. Annanyýazyň bagtyny ene süňňi, kalby bilen syzýan, görýän ejesi-de, kakasy Artyk han-da bagtyýardylar. Annanyýazyň takdyryndan ýyldyz bolup dogan bu ýaş gelin – goşa meňli gyz Gypjagyň döwletli maşgalasyna örän uly bagt getiripdi, özem bagtdan ýaňa asman bilen Zemin arasynda uçup ýördi. Annanyýaz toýdan on-on bäş gün geçenden soň ýene Gypjakçaýyň kenaryna bardy. Annanyýaz suwa seredip haýran galdy. Hakyt haýran galdy. Şildiräp akyp duran Gypjakçaýyň ýüzi ownujak-ownujak tolkunjyklardan hakyt bägülüň keşbini çekäýipdir. Suwuň ýüzi durşuna güle meňzäp akyp ýatyr. Towlanyp-towlanyp akýan suw gül-gunçalaryň keşbini çekip, Annanyýazy bagty bilen mübärekleýän ýalydy. Hakyt şeýledi! Suw şildir-şildir edip gülýärdi, begenýärdi. Annanyýaz suwy ýüzüne syldy. Annanyýaz suwa tagzym etdi. 2. Adam ogly dostuna-doganyna, ýagşy görenine «Hernä, ýüz ýaşasyn-da!» diýip arzuw edýär. Ak gyňaçly Sülgün ene bolsa ýagşy adamlaryň dileg edýän ýüz ýaşyna ser urupdy, emma uzak ýaşyny ýük bilmän düňküldäp, ähli işiň bir gyrasynda bardyr. Pişege bat berip, güp ýaýyp ýörendir bir görseň, bir görseň, düýe ýa sygyr sagyp ýörendir, bir görseň, saýgyç alyp ýüň saýyp oturandyr. Artyk han ejesini işletmejek bolup, goňşy-golam aýallara öý işine kömek edersiňiz diýip, hakyny artykmajy bilen berýärdi. Sülgün ene galyp duran iş ýok bolsa-da, galdaw adam iş tapynýar. Ol: – Keremli Alla jan ýeke söz diýse asmanam, Zeminem dörejek, emma ony hiç kime ynanman, elin özi ýaradypdyr ahyry! Dünýäniň bezegi işdir, iş edýän adam ýagşydyr, sagdyr, mähribandyr, iki dyzyny gujaklap oturan adamdan Hudaý saklasyn – diýerdi. Sülgün ene dek oturyp bilmeýärdi. Toýuň apyla-sapylasy sowlup, gelen-giden azalansoň Annanyýazyň gelnine sapak berip başlady: – Senem meniň balamsyň, Annanyýazam meniň balamdyr. Seniň gelen şu öýüň seniň öz öýüňdir. Mähirlije, mylakatlyja, işlije bolsaň, garylyp-gatylyp gidersiň – diýip, öwüt bererdi hem gelni özüni akmak hasaplaýandyr öýdäýmez ýaly, sypaýyçylygy ýetirerdi: – Saňa ejeňem öý işini, el işini öwretme kemini goýan däldir! Bilýänsiň, bilýäniňi bilip durun, ýöne bilýän diýmeli däldir, öwrenibermelidir. Bu dünýäniň işini bilip tükederden köpdür. Hanha, Hudaýym saklasyn, döwletli öýde adyny hem tutmaly däldir. Ýelli paryň aýaly ökde, oba-oba gezip söwda et diýseň, gybat et diýseň, öňüne adam düşürmez, emma nahar diýip bişirýänini Annanyýazyň tazylary Garagulagam, Ýolbarsam iýmez! Ýelli param, özem pul diýip hallan atyp, sermenişip ýörler, emma baýlykdan ne peýda, datlyja nahar-şor iýmejek bolsaň, baýlykdan ne peýda, öýüň malýatagy ýaly bolsa! – Sülgün ene öýüň rysgaly hakda, nahar-şor hakda, tapanjaňy päkize, tagamly edip iýmek hakda sapagyny dowam etdirýär: – Akylly myhman derwezäňe ýetmänkä öýde nähili adamyň, kimiň ýaşaýandygyny biler. Öýi-öwzary, hojalygy päkize kişiniň kalbam päkizedir, nahary süýjüje maşgalanyň rysgalam artykmaçdyr. Gazana tapan etiňi atanyň bilen nahar bolaýanok. Nahara eliň tagamam, kalbyň tagamam, mähriňem siňmelidir... Ondan soň Sülgün ene guda boljak ýeri «Geliberiň» diýensoň gelni Aýnabadyň yzyna düşüp özüniňem gidendigini, gelniň ejesini ýanyndan goýbermän oturdandygyny, ony ýönelige etmän, geljekki gelniň nahar edip bilşini biljek bolup ýörite şeýdendigini aýdyp hezil edip güldi. Annanyýaz: – Sen onda, ene, gelniňi ençeme ezmaýyşdan geçiren ekeniň-ow, assyrynlyk bilen – diýip, lah-lah güldi. – Weý, ýogsam näme. Gördüm, balamyň haly çitip, dokma dokaýşynam, nahar bişirip, öýüne seredişinem gördüm. Men saňa bir zat aýdaýyn, Annanyýaz jan, aýalda utulan adamyň depesinden gyzyl guýup dursaňam bagtly edip bilmersiň, aýaldan bagty çüwen adamy depesinden külpet ýagyp dursa-da, bedibagt edip bolmaz! 3. Jemejäniň yzyndan gybatyny-gürrüňini ederligi ýok. Kim gürrüňini etse, soňundan ökünmeli bolýar. Sebäbi gybatyny etseň, özi üstüňe geläýýär. «Pylanynyň adyny tutma, geler» diýýän yrym bar. Şu yrym Jemeje babatda dörän yrym bolsun gerek. Adynyň tutulanyna bir käse çaý içer salym geçenok, hana, gürrüňler süýjäp baly akýan çagy moýmul-moýmul edip, Ýelli baýyň aýaly Jemeje geldi. Onuň döşünde Annanyýazyň ýat ýurtdan getiren gülýakasy, gulagynda tylla gulakhalkasy bar. Ol Annanyýazyň gelni üçin iň köp jepa çeken adam hökmünde günde wagt tapdygy gelip gidýärdi. Maşgalanyň ýanynda başga adamyň ýokdugyny bilip, keýpi göterilen Jemeje hoş bolup: – Sülgün ene, Annanyýaz jany bagtly etjek bolup meniň gören görgülerimi bir gören bolsadyň, meniň toýnagymdan başlap kekejime çenli gyzyldan ederdiň – diýip, depderini açdy. Sülgün ene haýsydyr bir hasap-hesibi bardyr öýdüp çaklady, ýöne Ýelli paryň aýaly bilen olaryň hasabam bolmaly däldi, hesibem. Jemeje Annanyýazdan rugsat alyp, bolan wakalary bir çetinden gürrüň berdi. Annanyýazyň goňşy obada göreşde iň uly pälwany ýykyşyny, bedew at sylag baýrak alşyny, ors baýarynyň sapançasyny ýadygärlik berşini, elbetde, bu işlerde Ýelli baýyň uly hyzmatynyň bardygynam ýadyndan çykarman aýdyp berdi. – Wah, ony Ýelli aýdyp-aýdyp ýat tutdurdy – diýip, Sülgün ene güldi. – Ene, Ýelliniň bilmeýän zadyny aýdyp berjek men... – diýip, Jemeje galkdy. – Goýaweri, Jemalsoltan, Ýelliniň, heý, bilmeýän zady barmydyr? – Bardyr, bardyr!.. Annanyýaz şol göreşde özünden bäş esse agyr, daýaw pälwany nädip ýykypdyr? Ony Ýellem bilenok, Artyk hanam! – diýip, Jemeje Annanyýazyň şol göreşde sag ýaňagy goşa meňlije gyzy görendigini, ol gyzyň bendiwan edendigini, emma ol gyzyň haýsy obadandygyny Annanyýazyň bilmeýändigini gürrüň berdi. Görüň-ä bu bolýan zatlary, Annanyýazyň ýykan pälwanam Nurgözel janyň hakyt süýtdeş agasy eken-ä! Nurgözel bir jilwede öz doganyny ýykdyraýypdyr-a. Jemejäniň üýtgeşik başarnyklary kän, ýöne şol başarnyklarynyň içinde ilki göze ilýäni köp geplemegi, özem geplände sakynman, sözleriniň arasyny kesmän üznüksiz gürlemegi. Käbir adamlar gürlänlerinde säginip-säginip gürleýärler, şol säginmede-de, köplenç, sözüňi eliňden alýarlar. Ýöne Jemeje bir gürläp ugradygy sözüni keser ýaly däl, sebäp üznüksiz gürleýär, özem garaçyny bilen gürleýär, özem howlukmaç gürleýär. Jemejäniň howlukmaçlygyny gören adamlar: «Hä, bu daýza-ha gaty howlukmaç gürleýär welin, howlukmaç işi bar öýdýän, häzir habaryny howlukmaç aýdyp gitjekdir» öýdýär. Ýöne bir gelensoň, onuň düşegi ýumşamak bilen, bir başlasa, Gün ýaşýança dynman gürläp bilýär. Özem gürlän çagy çaýam içmeýär, çünki çaý owurtlasa, aýtjak sözlerine päsgel berjek. Jemejäniň beýle başarnygynyň goňşy-golama peýdaly tarapy-da bar, goňşy gelinler çagalary teý aglaberseler, Jemejäniň ýanyna ýelk ýasaýarlar. Jemejäniň sesini eşiden iň aglak çagalaram sallançaklary üwrelip, hüwdi eşiden ýaly köşeşmek bilen bolýarlar, agylaryny unudyp, derrew myrlaşyp ýatyp galýarlar. Ýöne Jemeje bu gün, hakykatdanam, gyssanmaç eken, iki sagatdan artyk gürlemedi. Gaýtjak wagtam näme üçin gelendigini aýtdy: – Sülgün ejem, Aýnabat dogan, Aýdan ýalkymly, Günden nurana, gyz-gelinleň arasynda mähir-muhabbetiň dogum-asyly bilen şöhlelenip duran Nurgözel törüňize hem nur bolup geldi, hem gözellik bolup geldi. Nurgözel jan adyna mynasyp maşgala. Enşallasa, köpelip-örňäp Artyk han çozgunlaň neberesine dowamat berer. Men eýýäm düýşünem gördüm, pygamber ýorgudynam bildim. Aýnabat jan senem gyz saýlap bilýän ekeniň, Annanyýaz janam gyz saýlap bilýän eken. Enşallasa, uluja arkadagym Sözenjany illendirsem, gelinligi, Aýnabat jan, saňa saýlatjakdyryn. Nurgözel jan öýňüze alaçaly ýag deýin goşulyp-garylyp gidensoň, goňşy-golamlar täze gelnimiz Nurgözel jany ýöriteläp dessur boýunça çagyryp, hezzet-hormat edip, öňüňizden geçdiler. Wah, men guraýyn, Nurgözel jany ähli goňşy-golamdan, dogan-garyndaşdan öň biz çagyrmaly welin, dünýäň baýlygynyň guýrugyndan tutjak, tütjar baý boljak bolup, Ahal alasynda gars kakýan, bir gün-ä bu gumak ýollaň içinde öýe ýetmän gatap galaryn, özem maslygym hem üç-dört günsüz tapylmaz, Ýelli baýam meniň gözlegime çykandan, bäş köpügiň yzyna düşenini müň bir esse ybaly görer. Wah, men oňa beled-ä. Ynha, men ahyr ýüregimi bire bagladym: ertir Nurgözel jany alyp, biziňkä çakylyga baryň. Dessurymyzy gijä galdyranym üçin aýyplaşmaweriň. Ertir gelin çakylyk etjek. Jemeje gitdi welin, birden harasat, apy-tupan sowulan ýaly boldy, birden öýe ümsümlik aralaşan ýalam bolsa, onuň üznüksiz sesi gulaklarda ýaňlandy durdy. Asyl Jemeje özi gitse-de, sesini goýup gidipdir-ä ol. Onuň sesi gulaklardan gitjege-de meňzänok. Aýnabat eje bilen Sülgün ene ýaltanman, aňyrdan gelýän däbe görä dogan-garyndaşlaryňka, goňşy-golamlaryňka Nurgözeliň öňüne düşüp salama bile gidýärdiler. Salamdan, çakylyklardan gelnensoň, Aýnabat eje gelnini içeri-daşary bilen tanyşdyrýardy. Sülgün ene Aýnabat gelni bilen Nurgözel babatda etmeli işlerini özara ylalaşan ýaly, ol sähel sypyndygy Nurgözele türkmeniň gadym zamanlarda dessur bolan bir däbi barada gürrüň berýärdi. Aýnabat eje öň eşiden hem bolsa, gelni Nurgözel bilen oturyp, gaýyn enesini diňleýärdi. – Ýurt giň, il-ulus köp. Kädaýym Alla ýalkap birewiň maşgalasynda Aýdan ary, Günden nurly, perizatdan artykmaç Allanyň nazar eden gyzy dünýä inýär. Beýle gyz kemala gelende il-ulsuň serdarlary, kethudalary şol gyza mynasyp ýigidi agtaryp başlaýarlar. Öz ilinde ýok bolsa gaýry obalardan, etraplardan. Şeýle ýigidi tapyp serdarlar, hanlar, kethudalar ak pata berip, gudaçylyk edip nazarkerde ýigit bilen perizat gyzyň nikasyny gyýdyryp azymtoý tutýarlar. Ol gyzyň galyňyny, toý harajadyny hanlar çekýär. Ol ýigit bilen gyz bir maşgala bolansoň, köpi gören, köp bilýän hekim aýaly olara eneke belleýärler. Şol iki nazarkerdeden bolan çagany ýörite bakyp-bejerip, sowat berip, tälim öwredip, gaýratly ýigit edip ýetişdirýärler. Ana, şol ýigit iki goşun garpyşyp, söweşäýmeli bolanda ýekme-ýeke söweşe çykarylýan ýigit bolup ýetişýär. Zamanalar üýtgedi, indi bir ýerde görkli-görmekli maşgala bar diýilse, baý men diýip maýyp-müjrübe çenli şol maşgalany duluna geçirjek bolup gara heläk! Anha, köne ata-baba dessur şeýledi. Men hemme zatdan beter şu dessuryň galyp barşyna gyýylýan. Annanyýaz enesine ýartyja käse gyzgynja çaý guýup uzatdy, ene çaýly käsäni goluna alyp, perenjä bürenip, keseräk oturyşyna gaýma gaýap, tahýa tikip oturan gelnine, dag ýaly bolup oturan Annanyýaza buýsanç bilen garap: – Balalarym, men bu gepi ýönelige aýdyp oturandyr öýdäýmäň – diýdi. – Hanha, ejeň otyr, Allanyň emini, garry ataň Taňryguly batyr ölmezinden alty aý ozal Artyk hany, gelni, meni gapdalynda oturdyp bir gören düýşüni aýdyp beripdi. Menem şony häzir size gürrüň bereýin. Gökdepe galasy synmazyndan dört ýyl ozal Taňryguly batyr üýtgeşik bir düýş görýär. Düýşünde oňa ýagşyzada ýaly bir kişi: «Batyr, gollaryňy uzat» diýýär, batyr gollaryny uzadýar. Taňryguly batyr seretse, ýalaňaçja ogul bäbejik ýagşyzada ýaly kişiniň gollarynda däbşenekläp durmuş. Batyr gollaryny uzadýar. Batyr ýagşyzada şekilli kişä taňryýalkasyn aýdaýyn diýse, eýýäm ýanynda hiç kim ýokmuş. Batyryň iki mähnet penjesiniň aýasynda bolsa şamçyrag ýaly ullakan ot şugla saçyp durmuş. Ylla kelle ýaly şamçyrag bir-de al-ýaşyl ýalyn öwsüp, bir-de şamçyrag ýaly nur saçyp ýanýarmyş. Geň ýeri, otdan ne eli bişýärmiş, ne otdan tüsse çykýarmyş. Şamçyrag onuň penjesinde garaňky gijä nur saçyp dünýäni ýagtyldýarmyş. Batyr: «Şol şamçyragyň ýagtysyna asmanda uçup ýören perişdeleri gördüm» diýip gürrüň berdi. Ol bu düýşden soň gidip täret kylyp, namaz okaýar, ýedi gün geçeninden soňam siziň babaňyz, meniň kakam Begmyrat han dagynyň ulamalary jem bolup otyrka düýşüni aýdyp berýär. Ýatan ýeri ýagty bolsun, babaňyz Begmyrat han: – Batyr, ylahy düýş görüpsiň, sen üç gün puryja ber, belkem, Alladan bir hikmet bolaýady-da. Bu düýş ýöne ýorup goýberilýän düýş däl – diýipdir. Dördünji gün diýlende batyry ýanyna çagyryp: – Batyr, pygamberler ýorgudy bolsun, şu diýen sözlerim hem Allamyň agzyma salan sözleri bolsun-da hernä: seniň maşgalaňda bir patyşa ýigit döremeli! – diýipdir. Batyr oýa batýar-da: – Begmyrat aga, döwleti bolmadyk halkda patyşa nireden bolsun? – diýipdir. Hernä soňumyz gelsin-dä. Elbetde, çozgunlaň ýagdaýy hiç wagtam erbet däl. Çozgunlar Allaň halan adamlary-da. Her öýüň öz aýratynlyklary bolýar. Her öýüň öz syry bolýar, ýagşy görýän, ýaramaz görýän zatlary bolýar. Artyk hanyň öýüniňem öz kada-kanunlary bar. Ol kada-kanunlar erkek kişiler üçin bir aýry, aýal maşgalalar üçin bir aýry. Öýdäkileriň ählisiniň ünsi Artyk handa. Onuň sözi söz. Ol bir zat diýdigi, gutardygy, dessine onuň aýdan sözi ýerine ýetirilýär. Artyk han aňsat gaharlanmaýar, gaharlansa welin, garşysynda duran, gaharyny getiren özüň bolma. Artyk hanyň öz otagy bar. Oňa Sülgün eneden başga arkaýyn girip bilýän ýok. Otagyň içini syryp-süpürmeli bolanda, Aýnabat eje, köplenç, adamsy nirädir bir ýerik gidende edýär. Onda-da otagdaky zatlaryň hiç birisiniň hem ýerini üýtgetmek bolmaýar. Eger goýan zady ýerinde bolmasa, aýalynyň üstüne gygyrmaga başlaýar. Artyk han her gün daňdan turup, ejesiniň ýanyna barýar, oňa Taňry salamyny berip, hal-ahwalyny soraýar. Beýlekilere gezek bermek üçinmi-nämemi, Artyk han enesiniň hal-ýagdaýyny soransoň, ertirlik namazymy okajak diýip, öz otagyna gidýär. Artyk han gidensoň içerik Sülgün enäň ýanyna Aýnabat eje gelni Nurgözel bilen Taňry salamyny bermäge gelýär. Köp wagt geçmänkä-de Annanyýaz gelýär: – Ene jan, salowmaleýkim! – Äliksalam, geldiňmi, balam? Sag-aman ördüňmi? – diýip, Sülgün ene çöňňelişen nazaryny guwanç bilen agtygyna diker: – Wah, seniň enejan diýen dilleriňe döneýin. Boýuňa döneýin seniň. Tüweleme, tüweleme. Taňryguly batyryň agynjak ýaşlygy-da... Annanyýaz enesiniň ýanynda oturyp degdim-gaçdym gürrüň eder. Artyk han içerä boýnuny uzadar. – Siz oturyberiň. Bir käse çaý içer ýaly, men Döwlet ahun bilen Oraz hany alyp geleýin. Ýok, bu zatlar diňe bir ýa iki gün bolan zatlar däl. Allatagalanyň her gününiň daňdany Artyk han ertirlik çaýyny ýeke içmezlik üçin ümi alyşýan goňşy-golamlaryndan birki sanysyny yzyna düşürip getirer. Ýa-da, öňünden aýdyp, onuň özüni ertir bir käse çaý içmäge çagyrarlar, ana, şol çakylygyna gider. Türkmen, özüni oňarýan türkmen aňsat-aňsat günüň üç wagtyna-da çaýynam ýeke içmez, naharynam ýeke iýmez. Çaý içilmek üçin ýa biri gelmelidir, ýa biri çagyrylmalydyr, ýa-da biriniňkä gitmelidir. Artyk hanyň çaý içeli diýip çakylykçy gidip ýörmek zerurlygy ýok, öýdäki öýdeniçerler kimi çagyrmaly bolsa, bir bökende çagyryp gelip biljekler. Ýöne muňa Artyk han rugsat bermeýär. Elbetde, elin çagyryp, yzyňa düşürip gaýtmagyňam lezzeti barsa bardyr. Artyk hanyň ýörite çagyrmagyny dosty-ýarlarynyň mertebe bilýän bolmaklary-da mümkin. Ýogsam ýaşy bir çene baran kişä, onuň üstesine-de, näsag kişä ýol sökmek aňsadam däl. Sebäp goňşy diýlende-de, barylmaly aralyk tas müň ädimlik bar. Döwlet ahun bilen Oraz han öz çozgunlar syrgynynda duldegşir otyrlar. Olara barmak üçinem, elbetde, öz ýigrimi alty tanaplyk mülküniň üstünden geçip, aşaklygyna ýöremeli. Bäşim hoja bilen Ýusup Aýly Artyk hanlaryň ýokary tarapynda, olar gara goňur syrgynynda otyrlar. Bäşim hojalar-a gatyrak gygyrsaň sesiňem ýetip dur. Esedulla ahunyň, Geldi baýyň öýleri Artyk hanyň öýüniň gaýra – demirýol tarapynda, olar ireý tiresinden. Artyk han bile çaýlaşjak adamlaryny yzyna tirkäp gelýänçä Sülgün ene agtygy Annanyýaz bilen gümür-ýamyr edip, ertirlik owkadyny edinerler. Aýnabat eje bolsa myhmanlaryň oturjak ýerlerine saçak ýazdyrar, käseleri kül bilen ýuwup arassaladyp, lowurdadyp goýar. Her dürlüje nogul-nabatlary taýynlar. Saçak kör garganyň saçagy ýaly dürli nygmatlardan doludyr. Artyk han ertirlik çaýyna kimleri alyp geljekdigini ýöne ýere aýdanok. Ol sözleriň aňyrsynda birgiden zatlar ýatyr. Ol sözleriň aňyrsynda Artyk hanyň: – ýene näçeräk wagtdan näçe adam bilen geljekdigi; – adamlar gelýänçä saçakda nämeleriň bolmalydygy we nämeleriň bolmaly däldigi; – adamlara kimiň hyzmat etmelidigi; – Artyk hanyň bu gün näme isleýändigi ýatyr. Sülgün ene ogly Artyk hanyň kimler bilen geljekdigini aýtmasynyň manysyny agtygyna tirip bermegi gowy görýär. – Balam, türkmeniň pähim-parasady ganynda bolsun gerek. Türkmen türkmene ata-baba arka gany boýunça baha berip gelipdir. Munuň ýaly zadyň sebäbine towugyň beýnisi ýaly beýnili aýallar gaty giç düşünýärler. Türkmen tire-taýpanam ýöne ýere tapman eken, soň kakaňdan eşidip otursam. Her tire-taýpaň ganynyň sypatyna görä at beripdirler. Ine, biz teke tiresiniň çozgun taýpasyndan. Özümiz akgoňura degişli bolýas. Bize çozgun diýilmesi hem ýöne ýere däl eken. Çozgunlar gaty galjaň hasaplanýar. Özlerem hötjet hasaplanýar. Bir iş etjek diýdimi, hiç kime rahatlyk bermez. Çozgunlar garagoňuryň harlary bilen, köplenç, oňuşmandyr. Sebäp harlar paňlar tiresinden. Paňlar diýilmesem öwünmegi gowy görýänligi üçin. Paňlar öwnüp başlasa, çozgunlar çydap bilmän olaryň badyny alypdyrlar, paňlygyny ýüzlerine basypdyrlar. Onsoň harlar çozgunlara: «Çozgunlar – köpbilmişler» diýipdirler. Sebäp çozgunlar gyzlarynam mollada okadýarlar. Ana, onsoň harlar bilen toý-märekede henek atyşýarlar. Kakaň çaýa harlardan bolan dostlary Bäşim hoja bilen Ýusup Aýlyny çagyrsa, onda bilip goýaý: kakaň ir bilen gülki isleýär. Pöwhe-pöwhe gürrüňler isleýär. Kakaň, adatça, agyr geçen gününiň ertesi harlar syrgynyndan adam çagyrýar. Kakaň ir bilen bir döwletli işiň başyny tutjak bolsa, onda öz çozgunlaryndan Döwlet ahun bilen Oraz hany, ireý syrgynyndan hem Esedulla ahun bilen Geldi baýy çagyrýandyr. Eger olar gelse, ertir çaýyna gyzgynja süýt içýärler. Bäşim hoja bilen Ýusup Aýla bolsa ýalbarybam süýt içirip bilmersiň. Olaryň halaýany bal. Biziň balarylarymyzdan ýylda otuz çelek bal alynýar. Şol otuz çelegiň onusyny kakaň Bäşim hoja bilen Ýusup Aýla ýörite saklaýar. Nädip ýürekleri göterýär olaryň, olar baly çaý içen ýaly içip otyrlar. Bäşim hoja bilen Ýusup Aýlynyň özlerinden öň gülküleri geler. Döwlet ahun bilen Oraz hanyň bolsa özlerinden öň sesleri gelýär. Hana, Döwlet ahun Oraz hana nämedir bir zady janygyp-janygyp düşündirýär, Oraz hanam özünden alty-ýedi ýaş kiçi bolan Döwlet ahunyň sözlerini makullap, per bererli däl, olam öz sözüni makul etjek bolup aldygyna janygýar. Ara sähel böwşeňlik aralaşanda Artyk han gürläp ugrady. Artyk han başlan gürrüňini soňlaman ogluny çagyrdy: – Annanyýaz, gel senem biz bilen çaýlaş ahyryn. Annanyýaz köp garaşdyrman daşaryk çykdy. Döwlet ahundyr Oraz han bilen gadyrly salamlaşdy. Döwlet ahunam, Oraz hanam Hywanyň Şirgazy medresesini tamamlap gelen adamlardy. Oraz han altmyş ýaşlaryndaky hortap adamdy, Döwlet ahun elliden geçen peşeneli kişidi. Mor sakgaly onuň ýüzüni has atýüz görkezýärdi. Oraz hanyň ýylanyň guýrugy deýin jaýtaryp duran murty bardy. Murt hortap kişini haýbatly, hyrsyz görkezýärdi. Artyk han Annanyýazyň oba durmuşyna öwrenişmegini isleýärdi. Şol niýet bilen ertirlik çaýyny-da, günortanlygyny-da, agşamlygyny-da Annanyýazsyz geçirmeýärdi. Aslynda-da, musulmançylyk boýunça sünnet edilensoň, oglana zenanlaryň arasynda naharlanmak bolmaýar. Ogul sünnetden soň naharyny atasy bilen edinmeli. Artyk han her bir zat barada Annanyýazyň pikiriniň bolmagyny isleýärdi. Artyk handa berk ynanç bardy: döwür-döwran her näçe agyr, her näçe çylşyrymly bolsa-da, Annanyýaz aman-esenlikde, bolçulykda örňäp uzak ýaşamaly. Artyk han käte howlugardy, göýä oglunyň üstüne nämälim bir wehim ýakynlaşyp gelen ýaly duýardy. Şonda aňynda berk ornan ynam oňa tekge bererdi. Barybir, ol nähili howsala düşse-de türkmen hanlaryna muwapyk agraslyk, giňlik bilen daşyna çykarmazdy. Annanyýaz kakasynyň howsalasyny başga ýerlerden: özüniň daş-töweregindäki adamlara kakasynyň berýän tabşyryklaryndan, şol tabşyryklardan soň daş-töweregindäki adamlaryň alabasga düşüp gozgalaň tapyşlaryndan, özüne bolan hüşgärligi artdyryşlaryndan duýardy. Şeýle ýagdaýda Annanyýaz nämäniň nämedigini çintgejek bolup durmazdy. Onuň üçin esasy zat düşnüklidi. Ýöne soňky döwür Artyk han näsagdy. Her gün agşamky adata öwrülip giden hemsöhbetler indi bir aý bäri galypdy. Gelýänleriň köpüsi daş işikden gaýtmaly bolýardy: – Han agamyz ýaňyja irkildi – diýip, öýdeniçer sypaýyçylyk saklardy. Bu söz türkmende aňrujy ýagdaýy bolsa aýdylýan söz däl, ýöne halysalla çykgynsyz ýagdaý bolanda aýdylaýmasa. Artyk han geleniň ýanynda düşekde bolmagy gelşiksiz hasaplaýardy, ýagdaýy ýetirse-ýetirmese, dikelip oturmaga çalyşýardy. Dikelip oturmaga-da ýagdaýy ýetirmänsoň, agyr ýagdaýa düşerdi. Onsoň onuň ýagdaýy hasam agyrlaşardy. Ana, şonuň üçinem Artyk han, köplenç, ýeke galardy. Artyk han horlanyşyny oglunyň görmegini asla islemeýärdi. Beýleki adamlara seredende, Artyk han özüniň ýagdaýynyň gowudygyny Annanyýazyň ýanynda tekrarlap has kösenerdi. – Annanyýaz, sen kakam keseldir öýdüp göwnüňe getiräýmegin. Hudaýa şükür, ýagdaýym gowy meniň. Ýöne biraz dynjymy alaýaýyn diýdim. – Kaka, Aşgabada keselhana gideliň, ýagdaýyňyzy lukmanlar bir görsün. Ana, şolar näme diýse, şoňa görä bolubereli. – Ýok, ýok, ogul, maňa onuň ýaly söz aýtma. Men ölsem, öýde ölerin. Ýöne başga dinlä ýakynlaşmaryn. Annanyýaz kakasynyň ýakyn sakgaldaşlarynyň üsti bilen töwella etdi, kakasyny Aşgabat keselhanasyna äkidip, derdini anyklamak isledi. Wah, onuň derdi belli: Gökdepe pajygasynda döşünden urlan okuň azary. Ýöne ol oky nädip aýryp bolar?! Annanyýazyň aňyndan şu pikir Bagdatda-da, Sankt-Peterburgda bolanda-da, Ajdarhanda-da aýrylmandy. Lukmanlara ýüz tutup görüpdi. Olaryň ählisiniň pikiri deňdi: anyklamaly, kesip gülläni aýyrmaly. Ele degen ok, iki bölünen süňküň gyşyk bitişi, çygly howada azar berişi hakda-ha soňky döwür gürrüňem edilenokdy. Çünki ondan beteri bardy. Ýanyna baranda kakasynyň özüniň ýagdaýynyň gowudygyny ynandyrjak bolup kösenmezligi üçin Annanyýaz soňky günler kakasynyň ýatan otagynyň daş işiginde bir çugdam bolup sarsman oturardy. Onuň mydama daş işikde başyny aşak salyp, dymyp oturmasyna öýdäkiler, öýdeniçerler öwrenişip gidipdi. Annanyýaz daş işikde oturan-da bolsa, aňy, düýrmegi bilen içerdedi. Ol durşuna gulaga öwrülip oturyşyna kakasynyň her demini eşidip otyrdy. Kakasyna sähel bir zerurlyk çyksa, böküp ýerinden galýardy. Annanyýaz Muhammet daga barmasa, dag Muhammediň ýanyna barýandygy hakdaky türkmen pähimine eýerip, Aşgabatdan bir azeri lukmanyny alyp geldi. Lukman Artyk hany uzak barlady. Oňa öliniň soragyny berip, aňkasyny aşyrdy. Ýürek bilen aşgazanyň aralygynda gülläniň bardygyny, şol gülle aýrylmasa, Artyk hanyň uzak ýaşap bilmejekdigini, ýyllaryň geçmegi bilen gülläniň duran ýeriniň ýarasynyň ulalandygyny aýtdy, Aşgabada keselhana äkitmek üçin azeri lukmany Artyk hana ýalbarmak ýalbardy. – Hudaýyň islegi şeýle bolandyr, Hudaýyň beren ömründen artyk bir günem ýaşap bolmaz. Alladan müň keren razy, juwanamerk etmedi, bäş ýylymy pygamber ýaşyndan artyk ýaşadym. Alla sylasa ýaş berýär. Meniň sylagym ýetdi. Hoja Ahmet Ýasawy pygamber ýaşyndan soňky ömrüni ýerdöle gazyp, ýokary çykman, galan ömrüni ýeriň aşagynda geçiripdir. Her kesde Ýasawynyň gaýraty ýok, mende-de ýok. – Entek uzak ýaşarsyňyz, ruhdan düşmäň. Entek siz Göroglynyň ýüz ýigrimi ýaşyny ýaşamaly. – Men ömrümden razy, müňde bir razy. Wah, maňa Göroglynyň ýüz ýigrimi ýaşy gerek däl, maňa Magtymgulynyň islän segsen ýaşy1 bolýar. Biziň neberämize Biribar maňa çenli uzak ýaş berip geldi. Bu Biribaryň ýalkawynyň alamaty. Alla ýalkasa ýaş berýär. Ýogsam olaryň ýaşyna ýetip ýörenem ýok bu zamanda. Olar ömürleriniň iň soňky günlerine çenli huşuny ýitirmändirler. Artyk hanyň ruhy belentdi. Ol ýarawsyzlygyny ýaşyryp, ýanyna baranlara hoşamaý söz aýtmaga, degşip-gülüşmäge çalşardy. Ol hökman bir geňje gürrüň tapardy. Annanyýaz daş işikde oturyp kakasynyň gürrüňlerini diňledigiçe kakasyna bolan mähri, hormaty artdy. Baryp, kakasyny gujaklasy, baryp, bagyryp-bagyryp aglasy geldi. Ol kakasy bilen ýakyn günlerde hemişelik hoşlaşmaly boljakdygyny duýýardy. Bu duýgy onda Orsýete gidip gelen 1 Ýalan dünýäde ýörmäge, Döwlet ber, eşret sürmäge. Ömür ekläp, gün görmäge, Segsen ýyl pursat islärin. güni ýyldyrym bolup aňyna ornapdy. Şondan bärem bu wehim güýjemese gowşanokdy. Şonda ol kakasynda Ezraýylyň penjesiniň yzyny görüpdi, ajalyň ýakynlandygyny duýupdy. Ol ençe güzapdan soň mähriban ojagyna dolanandygyna begenmek begense-de, ajal wehimini duýup, iki oduň arasynda galypdy. Uly toý berlen-de bolsa, Annanyýaz näme edip, näme goýanyny, kim bilen näme hakda gürleşenini bilenokdy. Kakasyndan birjik-de gözüni aýranokdy. Ol hakyky janpena öwrülipdi. – Ogul, ejeň iki gözüňi dört etmegiň ugruna belli-külli çykandyr, nesip bolsa, derrew toýmuzy toýa ulaşdyraly – diýip, Artyk han adamlar sabanda ogluna ýüzlendi. – Kaka, siziň ýarawlygyňyz ýog-a, toýy biraz sagalanyňyzdan soň edäýeli. Häzir gyş düşdi, howa-da sowuk. – Türkmen diňe gyşda öýlenýändir, ogul, gyşda öýlenýändir. Gyşyň gijeleri uzak bolýar. Taňryguly batyr gyşda öýlenendir, biler bolsaň. – Artyk han lah-lah güldi: – Men seniň gözleriňden okap otyryn, sen kakama bir zat bolar öýdüp gorkýaň. Ýok, gorkma, men bu ýyl öljek däl, nesip bolsa. Indiki ýyl maňa bir agtyk ýasap beriň, ana, şondan soň Ezraýyl goş-golamyny alyp gelibersin arkaýyn. Toý güni Artyk hana Hudaý tarapyn güýç-kuwwat geldi. Ol hiç zat bolmadyk ýaly, ýazylyp-ýaýrady. Üç gije-gündiz myhman garşylap, myhman ugratdy. Annanyýaz gözlerine ynanmady: kakasynyň asyl kesel bolmadyk ýaly sagdynlygy onuň göwnüne ýalan ýalydy. Kakasynyň aýak üstüne galmasy Annanyýaz üçin goşa toýdy. Toýdan soň Artyk han ýene düşege geçdi. – Men aýtdym ahyryn saňa, ogul. Sen basga düşüp oturma, haçan öljegimi bilýärin men. Güýz bir agtyk göreýin, ony elime alyp maňlaýyma sylaýyn. Çozgunlarda, adatça, birinji çaga ogul bolýandyr. Nesip bolsa, seniň çagaň köp bolar. Besdir, Agöýlüden bäri ýeke şiriň doglup gelmesi. Artyk hanyň neberesi küren bir oba bolsun. Çöp bolsun, çör bolsun, köp bolsun... Ol Dört tirkeşler aýynyň 7-sine daňdan Allanyň amanadyny tabşyrdy. Ol bu dünýäden gözüni açyp gitdi. Annanyýaz kakasynyň gözleriniň açyklygynyň sebäbine düşünýärdi: sebäbi Artyk han şeýle bir agtygy bagryna basyp, bu ýalançynyň lezzetini almak, özüni ömrühoş duýmak isläpdi. Ol bu islegine ýetjegine biçak ynanýardy. Ýöne Ezraýyl garaşmady. Bu dünýä bendesiniň däl-de, Eýesiniň – Allanyň isläni bolýan dünýä. Annanyýaz kakasynyň soňky ýyllar agtyk görmek, ysgamak küýseginiň şeýle bir güýçli bolmasynyň sebäbine teý düşünip bilenokdy. Bu küýsegiň aňyrsynda nämedir bir zat gizlenip ýatan bolaýmasyn?! Annanyýaz bu hakda köp oýlanýardy. Kakasynyň islegi wagt geçdigisaýyn Annanyýazda-da güýçlenip ugrady. Ýyl yzyna ýyl geçdi. Ýöne sabyrsyzlyk bilen garaşylan gün gelmedi. Sülgün ene-de, Aýnabat eje-de ot-elek boldy: olaryň etmedik emi, barmadyk tebibi, ýykylmadyk-sygynmadyk öwlüýäsi galmady. Aýnabat eje özüni günäkär saýyp saçyny tüýdýärdi. Käteler bolsa, içi-içine sygman möňňüripler aglaýardy. Şeýle ýagdaýda Sülgün ene kömege ýetişýärdi: – Gelin, bolşuň näteňet seniň? Näme, howlugyp, ölüp-öçüp barýaňmy? Allajanyň sähetli güni bardyr, ana, şol gün Artygyň Myrady dünýä iner. Çozgunlaryň tohumyna howlukmaçlyk gelişýän däldir. Hany, özüň aýt, Annanyýaz jany näçe ýyldan soň dogurdyň? – Wah, birinji çagam durmandy, ýöne Annanyýaz jany üç ýyldan soň dogrupdym. – Ine, gördüňmi, Nurgözel janam senden uzaga çekmez. Men bäş ýyl garaşypdym, bäş ýyldan soň meniň Artyk jana ýüzüm düşüpdi. Bäş ýyldan soň. Bäş ýylyň içinde gaýynataň maňa ýekeje gezegem ajy söz aýtmady. Meni mydama lälik çaga saklan ýaly saklady. Gowudan gowyny geýdirdi, tagamlydan tagamlyny iýdirdi. Hamyla bolanymdan soň-a müždesini men edindi. Elimi sowuk suwa urdurmady, dört sany bibi çykan aýaly meniň hyzmatymda goýdy. Olar meni ýuwundyrdylar, geýindirdiler, näme iýmek isleýänimi sorap, guşuň süýdem bolsa tapyp getirdiler. Üç-dört sany öýdeniçer mydama häh diýeňde mäh bolup, ata atlanmaga taýýar bolup durdy, olar gerek diýlen zady, dünýäniň aňry çetinde bolsa-da, tapyp getirdiler. Men dokuz aý dokuz gün aýratyn idi-yssywatda saklandym, asyl ondan soňam hiç bir zatda mätäçlik duýmadym. Artyk jan göwrämdekä zenanlar ýanymda oturyp, ýagşydan-ýagşy gürrüňler etdiler, çagajyk içde bolsa-da ähli zady eşidip ýatandyr, goý, onuň kalbyna ynasanperwerlik, päklik, giňlik, ruhanalyk çaýylsyn diýdiler. Taňryguly batyram eline dutar alyp, günde-günaşa şirinden-şirin sazlary çaldy, «Göroglyny» ýatdan bilýän eken. Hamyla bolýançam men gaýynataň dutar çalýanynam, dessan-aýdym aýdýanynam bilmändirin. «Goý, oglum Görogly beg deýin gözsüzbatyr, mert, gaýduwsyz bolsun!» diýýär. Kä gijeler Göroglyny diňläp uka batýardym. Oglumyz bolsa adyna Muhammet dakjakdyk, ýöne çaga çyrçykly boldy, çep goltugynda bir artyk etjagazy bardy. Şeýle bolansoň, il ünsüni çekmesin, göz degmesin diýen niýet bilen Artyk diýen at dakdyk. Ynanaýyň, çaga üçin niçe alada-yhlas eden-de bolsa, oglum diýip bir gezegem çagany eline almady, bökdürmedi. Gujagyna almady. Muny özüne kiçilik bildi. Ýöne ol öz Annanyýaz – agtygy dünýä inende welin, ony elinden düşürmedi. Megerem, «Ogul – süýt, agtyk – gaýmak» diýilmesi şonuň üçindir. Çozgunlaryň erkekleri ogullaryna hamraklyk etmezler. Artyk han ömrüniň soňunda agtyk küýsedi, biçak küýsedi. Ýöne, hany, haýsy bir isläniň bolup dur. Haýsy islegiň bitjegini, haýsynyň bitmejegini Allajanyň bir özi ýagşy bilýändir. Ýöne çozgunlar asyla aýratyn üns berýändirler. Olar maşgala edinjek bolsalar, müň ölçäp bir kesýändirler. Olar guda boljak öýlerini howlukman birkemsiz öwrenerler. Guda boljak ýeriniň ýedi arkasyny bäş barmagy deýin öwrenmän saçak eltäýmezler. Nurgözel jany görenimden asylzada maşgaladandygyny bildim. Edep-ekramyndan, nazaryndan, oturyp-turşundan bildim. Dessine-de Nurgözeller barada sorap ugradym. Ýalňyşman ekenim, bular aňyrdan gelýän asylly baý, ig maşgalalardan, togtamyşlardan eken. Taňryguly batyr bilen Nurgözel janyň atasy Jülge pälwan Garrygala urşuna-da, Marydaky gajar-saryk urşuna-da bileje gatnaşypdyrlar, şol döwürde olaryň içen suwlary aýry geçmändir. Japarguly diýlen ýelemýüwlediň gaçgak bolup Garaoglanlarda gizleneni şu günki ýaly ýadymda. Tekeler ony adamdyr öýdüp penaladylar, ol ýerçeken bolsa, aýagy ýer tutansoň, duz iýen ýerine gan çaýkamaga gelipdi. Adamyň asly bolmasa, her zada garaşybermelidir. Biziňkileriň gyzyň ýedi arkasyna gowy göz ýetirip, soň toý etmeleri örän makul. Hudaýa şükür, Aýnabat janam Oraz baýyň üç ogluň içinde ýeke gyzydy. Tikin-çatynam, biş-düşem gulpajygyny tasadyp ugrandan öwrenipdir. Annanyýaz enesiniň gürrüňlerini diňledigiçe köp zatlara düşündi, kakasynyň agtyk görmek islegini ýatlady. Hyýalynda täze dünýä inen perzendini ak guş ýaly edip, gundaga dolap, kakasyna görkezdi. Kakasy yhlas bilen garaşan agtygyny eline alyp, ýazylyp-ýaýrady. Agtygyny ysgap-ysgap bagryna basdy. «Ynha, indi meniň bu dünýäde armanym ýok. Men bilýän, bu ýigit Agöýli çozgunlaryň nesline mynasyp ýigit bor». Ýedi ýyldan soň öýe çäksiz şatlyk geldi. Hemmeden beter Sülgün ene bilen Aýnabat eje begendi. Artyk han ýurduny täzeländen ýedi ýyldan soň myradyna ýetdi. Öýe ata myrady geldi. Ogul öýe ady bilen, ata myrady bilen Atamyrat geldi. Ogul elden ele geçdi: – Tüweleme, tüweleme, hakyt Annanyýazyň özi bolaýypdyr bu çagajyg-a. Sülgün ene haýdan-haý çowlugynyň eljagazyna alaja daňdy. Asyl türkmende ýaş çaga mazarlyga eltilmeýär, ýöne Annanyýaz garaşdyryp-garaşdyryp dünýä inen dikraryny çileden çykansoň, garaňky gatlyşyp gelýän uçurlary kakasynyň huzuryna äkitdi. Gorka-gorka äkitdi. Özem hiç kime aýtman, at üstünde oturyp görsün diýip enesindenem, ejesindenem, aýalyndanam ogryn äkitdi. Annanyýaz bedewini Ymam Kasym öwlüýäsiniň daşynda goýup, çagajygy bilen kakasynyň mazarynyň ýanyna bardy. – Kaka jan, salowmaleýkim, men ogluň Annanyýaz, agtygyňy görme-görşe getirdim. Gorkma, gorkma, kaka, Hudaý ähli zady görüp otyr, hiç zat bolmaz. Sen bu çaga biçak garaşdyň, kaka. Çagaň adynam dakyp gaýdan ekeniň. Bu çozgun seniň myradyň – ata myrady. Şonuň üçinem adyna Atamyrat goýduk. Çagajyk gözlerini tegeläp ümsümjik ýatyr, aglajagam bolanok. Annanyýaz bu eden töwekgelligine soň-soňlaram birhili howpurgady, ýöne ol kakasyna beren sözünde durdy. Artyk han agyr ýatyrka Annanyýaz hakykatdan-da söz beripdi: «Dogry aýdýaň, kaka. Ilki ogul bolar. Men ony hökman size salama getirerin. Ynanaý, ynanaý, kaka». Ýedi ýylyň içinde Annanyýazyň aňyndan şol beren sözi ýeke gün hem aýrylmandy. Annanyýaz beren sözünde tapylyp, biraz rahatlanan hem bolsa, çagany mazarlyga eltmeli däl ahyryn diýen ses nirelerdendir bir ýerden gelip, aňynda pelesaň urýardy. Ol özüniň bu işini ýeke kişä hem aýtmady, asyl aýtmakçy hem däldi. Sebäbi ol özüne düşüniler öýdenokdy. Özüňe düşünilmegi welin, ýaşaýyşda gaty möhüm zat eken. Kakasy ýogalandan soň onuň ýüki has agyrlaşypdy. Ýogsam kakasy dirikä köp işlere öwrenişipdi. Ýöne şol bir edilýän işler bolsa-da, olaryň agramy goşalanan ýaly boldy. Megerem, kakasy ýüküň ýarysyny öň öz gerdeninde saklan bolarly. Kakasynyň kyrky berlensoň günde-günaşa gelýän adamlaryň gelmesi galypdy. Indi giň myhmantamda başga-başga adamlar oturýardy. Edilýän gürrüňlerem, köplenç, işewür kişileriň gürrüňleridi. Annanyýaz köp oýlanmaly boldy. Durmuş oňa köp zatlary öwretdi. Annanyýaz hem ýeke oturyp çaý içmeýärdi, ýeke oturyp naharlanmaýardy. Ol aňyrdan gelýän ýoly ýöredýärdi. Ertir ir bilen turup enesine, ejesine salam berýärdi, olaryň hal-ahwallaryny sorardy. Soň Durdy kalaý dagy bilen salamlaşardy, olar bilen gümür-ýamyr ederdi, şu günki etmeli işleri hyzmatçylara, öýdeniçerlere, janpenalara tabşyryk bererdi. Diňe Nepes joşa eýt-beýt diýmek gerek däldi. Ol her günki etmeli işlerini bilýärdi. Garagulak, Ýolbars, Algyr atly tazylaryny, elguşlaryny ýallar, iýmlär. Ol Nepes joşy görseň, awa gidiberesiň gelerdi. Guwak baý, Gündogdy baý, Ýakup baý Annanyýazyň iň ýakyn gatnaşyk saklaýan adamlarydy. Olar her gün diýen ýaly Annanyýaz bilen bile çaýlaşardylar, bile naharlanardylar. Olaryň arasyna çakylygy bolsa-bolmasa Ýelli par hem käteler gelerdi. Hiç kime gezek bermän gürlärdi. Guwak baý Bagdat medresesini Annanyýazdan üç ýyl öň gutaryp gelipdi. Gündogdy baý bilen Ýakup baý bolsa, mundan alty ýyl öň Buhara medresesini gutaryp gelipdiler. Annanyýazyň gatnaşyk saklaýan adamlarynyň tas hemmesi diýen ýaly özünden bäş-on ýaş uly adamlardy. Onuň üstesine-de, ählisi sowatly adamlardylar. Bagdat medresesini özi bilen deň tamamlan dostlary Hanguly bilen Berdi Hydyr bolsa Annanyýazyň iň arzyly dostlarydy, myhmanlarydy. Olaryň gelen güni öýde toýdy, baýramdy. Annanyýaz baýlyk toplajak bolup hars urmazdy. Şonda-da döwleti-baýlygy çogup durdy. Kanagatdan uly baýlyk bolmaz. Annanyýazda kanagat atly baýlyklaryň ulusy bardy. Kanagatly bendä Biribaryň özi berýärdi, kowalap almaly däldi. Soňky iki-üç ýylyň içinde dowarlaryň-da, gylýallaryň-da sany ep-esli artdy. Ýylkylar has köpelipdi. Garly aga ýetmişi sermäp ýör, ol ýylkylaryň hojaýyny, baş seýsi. Ol ýylkylary dagda ogullary bilen bakardy. Näçe aty seýisläp, näçesini satmak boljakdygyny hem Garly aga çözerdi. Annanyýaza: – Şu ýyl şunça aty sataýsagam sürä bildirmez – diýerdi. Ak patyşa ýurdy alanyndan soň bolsa, bedew atyň arzysy artyp, hyrydary köpeldi. Ýurtdaky özüni oňaran adam begler ýaly bezemen at münjek, özem ahalteke bedewini! Özüni oňaran hojaýyn Orsýetdäki baý dogan-garyndaşlaryna bedew sowgat etjek. Ondan daşgaram, Aşgabada gelip-gidýän adamlaryňam hetdi-hasaby ýok. Günde-günaşa diýen ýaly aýlaw. Aýlawda at çapýarlar, hyrydarlar at saýlaýar, seýisler bedew ýetişdirýär! Annanyýaz baý Garly ýylkybanyň maslahaty bilen ýylkysyny ýylyň-ýylyna köpeldýärdi. Artyk hanyň hiç mahal ýetmiş-segsenden geçmeýän ýylky sürüsi iki esse dagy köpelipdi. Annanyýaz baý olaryň düşewündine zar däldi, ýöne şol ýylkylara gözüni dikip oturan garyndaşlary az däl ahyry! Baý kim, dogan-garyndaşyny, öz syrgynyny baý ýaşadýan baý! Annanyýaz syrgynynyň adamlaryna bolsun diýýärdi. Ekin ýerinde hem dogan-garyndaşlary, öz obasynyň garyby işleýärdi. Iller ýerini ýarpasyna ekdirse, Annanyýaz: «Bize üçden birem bolar» diýerdi, ýyl gurak gelse, ýa ekin bolmasa, öz almalysyny hem almazdy, üstesine mezillik kömegini ederdi, ogluny öýerýän dogan-garyndaşyna karz-kowalsyz gelin edinip ýygnanyşar ýaly edýärdi. Aşgabadam, Merwem gurulýardy. Baýramalyda Patyşa mülküni, ilkinji böwrek keselhanasyny elektrik yşygy bilen üpjün etmek üçin Hindiguş bendi bilen suw elektrik stansiýasy gurlupdy. Merwde, Guşguda, Baýramalyda, Duşakda, Gyzylarbatda, Bäherdende, Krasnowodskide elektrik yşygy bardy. 1900-nji ýyla çenli ýigrimä golaý pagta arassalaýjy zawod türkmen pagtasyny çigitden arassalaýardy, edil şonçarak hem çigit ýagyny çykarýan zawod bardy. Takygyny aýtsaň, bir müň dokuz ýüzünji ýyldan türkmeniň garyby gowaça ekip, çigit ýagyny iýip başlady, soňra türkmeniň ählisi garyp bolup, ählisi çigit ýagyny tapsa hoş boldy, çigit ýagyny bir asyrlap, üç garyn iýen türkmen bir asyrda ownady, asyrlardan aşyp genefonduny ýitireňkirledi, sagdynlygyny ýitirdi, keselbent halk boldy. Oňa türkmenleriň her taýpasy bir hili at berýär: bir ýerde zawut ýagy diýseler, bir ýerde çigit ýagy, ýene bir ýerde pagta ýagy diýýärler! Türkmen 1900-nji ýyldan tapan ýerine gowaça ekdi, çigit ýagyny iýdi. Şu mahal Şagadamdan ugran demirýol Guşga barypdy, bir şahasy Marydan Çärjewe ýetipdi. Demir ýoluň ýakasynda bolsa demirýolda gatnaýan otlulara hyzmat etmek üçin uly-kiçi duralgalar gurulýardy. Otly näme tapsa iýip duran ýaltanyň öküzi ýalydy. Orsýetden kömür getirmek gymmat düşýärdi, şonuň üçin ojardyr sazagyň bol sebitlerinde ýörite ojar ýygýan adamlar bolup, olar belli-belli duralgalara ojar daşaýardy. Ojaryň ýok ýerinde dagdan arça daşalýardy, arçalar kesilip, otlynyň pejine atar ýaly edilýärdi. Garasaý, durmuş özgerýärdi. Durmuş agyrlaşýardy. Allatagalanyň ýarysyny süýji, ýarysyny ajy edip ýaradan dünýäsiniň ajysy artyk gelýärdi. Wah, il öz güzeranyny dolajakdy, ýöne salgytlar halkyň halys aňkasyny aşyrýardy. Il-gün Illewi betbagtlyk, açlyk, şumluk hökmünde görýärdi. Illew salgyt ölse, ýurt düzeläýjek ýalydy... | |
|
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |