22:28 Annanyýaz Artyk / 1-nji kitap -5 | |
Bäşinji bap
Romanlar
GEÇEN GEÇDI, GELJEKDEN HABAR BER!.. 1. Wagt suw deýin köp zatlary ýuwup aýyrýar: wagtyň geçmegi bilen adam hakydasyndaky zatlar hem ýatdan çykýar, käsi bir günden çykýar, ikinjisi iki günden, käsi bir aýdan, ýene biri bir ýyldan çykýar, ýöne wagt her näçe geçse-de, onuň hakydadan aýryp bilmeýän zatlary bolýar. Annanyýaz üçin hem kakasy Artyk han bilen haja giden güni bütin ömrüne ýadyndan çykmajak güni bolsun gerek. Meger, ol bu güne aşa yhlas bilen garaşanlygy üçindir, meger, obada sapak beren Esedulla ahunyň haja baryp näme etmelidigi, Mustansir uniwersitetinde nähili sowallaryň beriljekdigi hakda gaýtalap-gaýtalap aýdandygy we bu zatlara aşa uly wajyplyk berendigi üçindir, meger, käbesi Aýnabat ejäniň gidilmeli gün ýakynlaşdygysaýy zowzanaklamasyny artdyrandygy üçindir, meger, oba adamlarynyň «Hajyňyz kabul bolsun! Bagdatda okaňda, Annanyýaz jan, Kesearkajy ýüzügara edäýmegin, ahunyňy ýüzügara edäýmegin, gaýtam, Kesearkaçdan okuwa gelýän oglanlar hajyrow, üşükli, ine, ähli okuwçylar Annanyýaz ýaly sowatly, Annanyýaz ýaly akyllyja bolaýsa» diýsinler diýip, gaty köp gezek sargyt-ündew edenligi üçindir. Meger, entek jahan ýagtylmadyk bolsa-da, gypjaklylaryň ählisiniň üýşüp gelip, ak pata berip, olary ýola salanlarynda tolgunandygy üçindir, meger, Bagdatda okanda mydama hakydasynda obadan çykyp gaýdan gününi ömrüniň iň täsirli, iň tolgundyryjy güni hökmünde öwran-öwran ýatlanlygy üçindir, meger, bu zatlaryň hemmesi üçindir. Ýöne Annanyýaz magat bir zady-ha bilýär: elkinlikde geçen ýedi ýylynyň tas her bir güni obadan çykyp gaýdan säheri – ähli gypjaklylaryň ellerini galgadyşyp: «Sag gidip, aman geliň!» diýmeleri Annanyýazyň hakydasynda möhür basylan dek bolup orun alypdyr. Annanyýazyň baýtaly mundan bir aý çemesi öň münüş öwredilen baýtaldy. Münüşe werziş bol diýip ony bir aýyň içinde tas atdan düşürmändiler diýen ýalydy. Asyl Annanyýazyň özi atdan düşmändi. Ganatly bedew diýilmesi ýöne ýere däl, bedewe münseň ganatlanyp uçuberesiň gelýär. Annanyýazdan hem bäş beter, haja gidýänine begenýän dek, bedewi ümdüzine çapasy gelýärdi. Annanyýaz atyň rişdesini çeke-çeke üzere getiripdi, kakasyndan öňde gitmeli bolýardy. Türkmen atlarynda on üç, dünýäň galan atlarynda on iki gapyrganyň bardygy, dünýäde türkmen bedewlerine taý geljek bedewiň ýokdugy, Süleýman pygamberiň türkmen atlaryna seredip, okamaly namazyndan gijä galandygy, eždatlarymyzyň käbir näsag adamlary ata mündürip bejerendikleri, dälileri-de ata mündürip, akylyna aýlandyklary hakda Annanyýaz kän-kän gürrüňleri eşidipdi. Ondan başga-da, arap atlarynyň, iňlis atlarynyň uzak ýörişden soň dynç almaklary üçin on iki sagat gerek bolsa, türkmen bedewlerine bir sagadyň ýeterlikdigini eşidip buýsanypdy. Onsoňam bedew bolanda ukusyny ýatyp däl-de, aýak üstünde alýar. Ynha, indi näçe günüň içidir, özleri ýadasa-da, münüp barýan bedewleri ýadanok, ýadajaga-da meňzänok. Artyk han Annanyýazyň at hakda oýlanýandygyny aňyp şeýle diýdi: – Bedew münýän adamyň ýanyna kesel gelýän däldir. Atdan düşen türkmen müň dert-hassalyk tapar, ata mündügem bar derdi-endişesi aýrylar gider. Biler bolsaň, adamyň çep tarapyndan bir gapyrgasy kemdir, ana, gapyrgadan Jebraýyl perişde aýaly ýaradypdyr diýýärler, ýöne adamyň şol bir kem gapyrgasy türkmeniň bedewindedir. Türkmenleriň at bilen badaşanlygynyň aňyrsynda şol gapyrga hikmeti ýatandyr. Özi bilýän däldir, ýöne bedew eýesini birgiden bela-beterlerden gorap-penalap ýörendir... 2. Annanyýaz bu gün çöle dowar yzyndan çykypdy. Onuň ýanynda Durdy kalaý, Rejepdir Allan bardy. Olar hem seslerini çykarman barýardylar. Olaryň münüp barýan bedewleri eýeleriniň pinek edip baryşlaryny aňyp, gaty parahat ýöreýärdiler. Atyň üsti göýäki bir sallançak ýalydy. Atyň ýöreýşi, säher çagy Annanyýaza mundan ýedi ýyl öň kakasy bilen obadan haja aladaňdan çykyp gidişini ýatlatdy. Şol gezek obadan çykanlarynda hem hiç hili gürrüňçilik bolmandy. Artyk han diňe obadan çykylanda: «Ýa, Hudaýa hudawende, özüňden medet, bendeleriňi ýalkaweri, ýollarymyz açyk, zyýaratymyz kabul bolsun!» diýip, dileg edip, göýä öýüň daş işiginde berlen patany az gören dek, täzeden aýat okapdy. Şondan soň Artyk han tä Ýaraja çenli ýeke agyzam gürlemändi. Olaryň ýanynda üçünji at hem bardy. Ol atda goş-golamlar, iýip-içer ýaly azyk-nygmatlar, ýatar ýaly ýorgan-düşek bardy. Bir meşikde suw alypdylar. Atyň esasy ýüki süýtli külçelerdi. Olar islän ýerlerinde düşläp, açyk meýdanda ýatyp, dynç alyp, ertesi aladaňdanlar ýene ýola rowana bolýardylar. Ýol Artyk hana tanyşdy, Annanyýaz üçin welin täsinlikdi. «Soň bu ýollary özüň ýeke geçmeli bolarsyň, şonuň üçin ähli zady gözüňe siňdirmäge çalyş» diýip, kakasy aýdansoň her bir barlan ýer hakda, oba hakda Annanyýaz kakasyndan soraýardy, kakasy bolsa ýaltanman-irinmän gürrüň berýärdi. Annanyýaz kakasynyň her oba, her dag, her dere hakdaky gürrüňlerini ýatda saklamaga çalyşýardy, kakasynyň gürrüňini öz ýanyndan birki gezek gaýtalaýardy. Haja barýan ýoluň her deresi, her öwrümi türkmen taryhyny ýatladyp dur. Gör, allahaçanlar – Oguz handan hem iki müň ýyl öň şumer adyny göteren türkmenler, ine, şu ýol bilen türkmen ilinden – Ýefrat we Tigr derýalarynyň aralygyna göçüp barypdyrlar. Baýgara Hyratda mazarynyň üstünde: «Hyradyň taryhy – türkmeniň taryhydyr» diýen ýazgy galdyrmagy buýrupdyr. Merhumyň soňky wesýetini ýerine ýetiripdirler. Bu ýazgy türkmeniň bu ýerde ýaşandygyny, hökmürowan bolandygyny göýä subut etmek isleýän ýaly, oňa bolsa hiç kim ynanmak islemeýän ýaly duýgy galdyrýar. Nimrut dagynda Antioh patyşanyň daşdan ýasadan hudaýlarynyň 8-10 metr beýiklikdäki äpet heýkelleri henize-bu güne çenli saklanyp galypdyr. Antioh patyşa öz heýkelinem ýasadypdyr. Ol äpet heýkelleriň arka ýüzünde bolsa Antioh patyşanyň şu sözleri bar: «Men hakyky hudaýlara mynasyp ýadygärlik galdyrmagy buýurdym: Zewse – Ahuramazda; Apollona – Miträ – Geliosa – Germese; Artagna – Gerakla – Arese...» Antioh bu ýeriniň keramatly ýer bolmagyny isläpdir, hudaýlaryň käsiniň ýüzüni gündogara, käsiniň ýüzüni günbatara öwrüp, dünýäň hökümdarlygynyň şu ýerden başlanmagyny isläpdir. Hemedanda Bisütün dagynyň gaýasynyň ýüzünde pars, elam, akkad dillerinde mundan iki ýarym müň ýyl öň Dariý şeýle ýazgy galdyrypdyr: «Gepleýär Dariý, patyşa gepleýär: Marguş ýurdy pitneçi boldy. Marguşlylar Frat atly bir marguşlyny özüne serdar edindiler. Şonuň üçin men Didarşiş atly parsa – öz guluma, Bahdiniň satrapyna çapar gönderdim we aýtdym: «Bar, özüni meniňki däl hasaplaýan goşuny derbi-dagyn et!» diýdim. Onsoň Didarşiş goşun çekip gitdi we marguşlylar bilen urşa girdi. Ahuramazda maňa medet berdi. Ahuramazdanyň ýalkawy bilen meniň goşunym pitneçi marguş goşunyny kül-peýekun etdi. Gepleýär Dariý, patyşa gepleýär: şondan soň marguş ýurdy meniňki boldy». Nuh pygamberiň türkmenlere miras edip beren ýedi yklymynda, gör, näçe uruş, gör, näçe gyrgynçylyk bolupdyr. Eý, Alla, ýedi yklymyň, heý, gan dökülmedik ýeri berin galdymykan? Annanyýaz üçin Käbä barýan ýol giden geň-taňlykdy, ýöne bilim-sowatdan mas ýüklenip ata mekanyna sary gaýdanda welin, bu menzil başga röwüş aldy. Mundan ýedi ýyl öň gözellik bolup görnen her depe, her oba indi Annanyýaz üçin başga röwüşde – durmuş bilen, taryh bilen baglanyşykly röwüşde göz atuwynda janlandy. Bu toprak üçin jan alnyp-jan berlipdir. Häzirem şeýle. Onuňam sebäbini ýedi yklymyň haýsy menzilinde düşleseňem akyl ýetirmek üçin üýtgeşik bir üşük zerur däl. Alaň-açyk meýdanda çaý gaýnatmak isleseň, jagrama gözläp, odun-çöp gözläp ýörmeli däl: topragyň bir garyş gumuny aýryp ot ýaksaň, ot gije-gündiz alawlap dur. Ýeriň aşagy durşuna nebit-gaz. Eý, Hudaý, türkmen topragynyň käbir ýerinde asyl-ha ýatyp hem bolanok. Ärsarybaba gyry diýjekmi, Kirkugyň Hazaçaý sährasyndaky kerwen ýolunyň ugrundaky Babagürgüri diýjekmi, ýerasty baýlyklar – uranlar, altynlar gür-gürläp ses edip, edil igdäniň astynda ýatan ýaly rahat ýatyrmasa nädersiň? Türkmende meşhur bir rowaýat bar. Şol rowaýatda bir garyp ýigit baýdan galla soramaga barýar. Baýyň içerisine giren garyp ýigit ojakbaşynyň üstünde dyz epýär. Sähel salym oturan ýigidiň birden ýüregi ersip, howalanyp ugraýar, soňam özi bilmezden: «Eý, baý, ikimiz guda bolaly, sen maňa gyzyňy ber» diýýär. Oturanlar derrew garybyň üstüne topulyp düýt-müýt etjek bolýarlar. Şonda baý ýigitlerini saklap, garyp ýigide ýüzlenýär: «Eý, ýigit, hany, ýeriňi üýtget, beýleräk geç!» diýýär. Beýleräk geçen ýigit akylyna aýlanyp, telek söz diýenini akylyna sygdyryp bilmän, ýöne elewräp durmuş. Garyp ýigidiň birden üýtgemesiniň sebäbiniň ojakbaşynyň aşagyna gömülgi altyn-kümüşdendigini baý bilýär. Wah, bu rowaýat dogrudyr, ýöne Annanyýaz üçin welin, bu bir emelsiziň döreden ýöntemje rowaýaty. Sebäbi türkmen topragynyň ähli ýeri hazyna ahyryn! Asyl türkmen halky altyn-tyllanyň üstünde ýaşaýar, meger, şonuň üçindir, türkmen mydama altynyň üstünde oturan dek badyhowa halk, han halk. Türkmeniň göwün tutumam gala. Mert. Annanyýaz ata-babalarynyň bir aýlyk menzilde ýazylyp-ýaýrap oturan ýerleriniň giňligine, baýlygyna, gözelligine haýranlar galdy. Ýöne her ýeriň öz aladasam bar. Amyderýanyň ýokary akymynda owgan epgegi diýen harasat bar, ol ähli ekiniňi zer-zaýa edýär. Balkanda, Pendide üznüksiz şemal öwüsýär. Emma Bagdadyň humaýaž atlandyrylýan epgegi owgan epgeginiň, Meşedi-messerian şemalynyň çeni-çaky däl. Humaýaž harasady günbatar çöllüklerinden çäge, Erbil düzlüklerinden çagyl gatyşdyryp, şeýle bir köwsar urýar welin, hiç bir zadyň çeni-çaky däl. Özem wagty bilen gutarmanam bilenok. Her bir zadyň çeni-çaky ýagşy, ýöne Bagdadyň humaýažynda şol çäk, şol çen ýok. Ol ýapyk gapyňdanam, ýapyk penjiräňdenem içerik girip, aňkaňy aşyryp bilýär. Annanyýazy uzak ýol ýadatmandy, ýogsam soňy gelmeýän ýol ýadadaýjak ýalydy. Artyk han ogluna ýetişibildiginden türkmenleriň baran ýerlerindäki bitiren işleri hakda gürrüň berip gidip barýardy. Annanyýaz gürrüň diňledigiçe kakasynyň juda köp zatlary bilýändigine, kakasyny has ýakyndan tanamandygyna göz ýetirýärdi. Annanyýaz her bir derede, her bir oba-şäherde eždatlaryny görýärdi. Hakykatdan hem haýsy döwlete barsa-da, küren gurap oturan türkmen obalarynyň üstünden barýardy. Türkmeniň ata-baba gelýän edehädi bar: ol nirä göç etse, diňe goş-golamy bilen gaýdanok, obasynyň adynam alyp gaýdýar. Oguz derýasynyň aşak akymynda Kerkuk atly şäher adyny göterip oturan türkmenler uly göçde topar bolup gaýdyp, ynha, Yrakda uly bir il bolup otyrlar. Uly ile-de öz göçüp gaýdan ýeriniň adyny – Kerkuk dakypdyrlar. Ynha, olar ata-babalarynyň göç edip gaýdan ýoly bilen barýarlar. Mahmyt Gaznaly-da, Togrul beg-de, Alp Arslan-da, Mälik şa-da, Soltan Sanjar-da, ondan has öňki, ondan has soňky türkmenleriň men-men diýen är ýigitleri-de şu ýoldan menzil aşypdyrlar. Onuň okamaly Bagdat şäherine, asyl Bagdat şäheriniň düýbüni tutmaga 762-nji ýylda abbasylaryň ikinji halyfy Abu Jaafar Mansur gelýär, ol Merwden halyflygy hem alyp gaýdýar. Onuň ýeke özi gaýtmandyr ahyryn. Ol öz ýany bilen Marynyň üç müň ylym adamyny hem alyp gaýdypdyr. Görnükli ulamalar, alymlar, şahyrlar Marydan, ine, Bagdada barýan şu ýol bilen ýola sygman sürlenişip gidipdirler. Ýol ýuwdarha, ol ynha bu mahal hiç kim bu ýoldan geçmedik ýaly ümsüm dur. Marydan Bagdada geçirilen halyflyk Marynyň – esasan, türkmen alymlarynyň, adamlarynyň hasabyna dolandyrylyp başlanýar. 3. Artyk han hajdan gelip, Bagdadyň Harun ar-Raşit köçesindäki belent küňreli kaşaň howluda – Seýit çozgunyňkyda düşläpdi. Seýit çozgun Annanyýaz dagyň tiredeşidi. Seýit çozgunyň atasy Agöýli serdar bilen Bagdadyň Mustansir medresesine bile okuwa gelipdiler. Gowy okandygy üçin Seýit çozgunyň atasy Abdylla çozguny medresede işe alyp galypdylar. Agöýli serdar welin bu ýerde hernäçe haýyş edilse-de, öý, baýlyk wada berilse-de galman, Ahala gaýdypdy. Ýöne şondan bäri çozgunlylar Bagdada okuwa gelseler, ilki bilen, Seýit çozgunyň – Seýit ibn Abdylla ahunyň ýanyna gelerdiler. Seýit çozgun hem edil atasy ýaly Mustansir uniwersitetinde mugallymçylyk edýärdi. Artyk hany gören Seýit çozgun begenmek begendi. Gatnaşyk saklaýan türkmen dostlaryny çagyryp, toý tutdy, söwüş etdi. Ýat ýurtda türkmen däp-dessurynyň saklanyşyna, gapydan gelýän selleli-selleli adamlaryň «Essalowmaleýkim, Artyk han, türkmen ilinden hoş gelipsiň, sapa gelipsiň» diýip, arassa türkmençe gürlemekleri Annanyýazy haýrana goýupdy. Gelenleri ata Watan gyzyklandyrýardy: olar Annanyýazyň kakasynyň gürlemegini, türkmen durmuşy, ýaşaýşy hakda içgin gürrüň bermeklerini isleýärdiler. Olary türkmen ilinde soňky döwürde nähili täzelikleriň bolandygy, orslar bilen gatnaşyk, aýratynam, Gökdepe galasy gyzyklandyrýardy. «Türkmen ili» diýen jümle Nyýazyň gulagyna täsirli eşidildi. Özüniň, obadaşlarynyň Gypjak, Kesearkaç diýip atlandyryp ýören ýerlerini, gör, alyslarda nähili atlandyrýan ekenler. Nyýaz gelenleri synlady. Olar Artyk hanyň her bir sözüni eşrepi deý ezizläp diňleýärdiler. Olaryň Artyk hanyň her bir habaryna, her bir sözüne biçak gadyr-hormat goýup diňleýişleri Annanyýaza başda diýseň geň göründi. Gökdepe galasy, pajygada pida bolan ärler hakdaky gürrüňleri bagdatly türkmenler başlaryny ýaýkaşyp, hyrçlaryny dişleşip diňleýärdiler. Olaryň boluşlaryndan Annanyýaz many agtarýardy. Bir hepdeläp Seýit çozgunyň öýüniň adamy egsilmedi. Sekizinji gün Seýit ahun türkmen dessuryna eýerip, Artyk hanyň habaryny aldy. Hajynyň kabul bolmagyny beýik Biribardan dileg etdi. – Musulmançylyk parzymyzy berjaý kylmak üçin Gypjakdan çykdyk. Hudaýa şükür, zyýarat etdik. Indem seniň huzuryňa oglumy getirdim. Birmahal çozgunlaryň güzer salan ýoly bilen geldim. Taňryguly batyr meni edil Annanyýazyň ýaşyndakam öýden alyp çykypdy. Muhammet aleýhyssalamyň doglan ýeri bolan Mekge-i Mukerrem şäherine, ol ýerde hem Beýt-i Mugazzama bolan Käbä togap edip, Beýik Perwerdigäriň pazly keremine hamdu-sena aýdyp, zyýarat edip, soňam meni ine, şu öýde okamagym üçin goýup gidipdi. Indem men kakamyň eden işlerini gaýtalaýaryn. Allaha ýüzde müň şükür edýän, bir meniklije ogul berdi. Ilki epdegi çykdy. Hudaýa şükür, arap dilinem, pars dilinem bilýär. «Şemsini», «Kafini», «Haşini» bir ýarym ýyl bäri öwrenip ýör. Gurhan çykýar. Köp aýat-dogalary ýatdan bilýär. Galanynam özüňiz ýetirseňiz diýip ýumşumyz bar. – Käşgä şeýle ýumşuň köpräk bolsady, Artyk han – diýip, Seýit çozgun guwanç bilen Annanyýazy synlady: – Nesip bolsa, bu goç ýigide şükür ganaty birle köp-köp zatlary öwrederis. Gelen günüňizden bäri men ogluňy göz astyndan synladym, Artyk han. Tüweleme, göz degmesin, Allatagala seniň hamdu-senaňy kabul eýläp, lutfu-kerem eçilip, ähli gep-gürrüňe ýarym sözde düşünip otyran ogul beripdir. – Hoş sözüňe sag bol, Seýit. – Meniň ömrüm çagalar bilen. Şeýle bolansoň, men haýsy çagadan näme çykjagyny dessine duýýan. Seniň ogluňa özüm eýe çykaryn, medresä-de ýerleşdirerin. Öz ýanymda ýaşadarynam, okuwyny tamamlaýança göz-gulak hem bolaryn. Sen gaty arkaýyn bol. Ogluňy gaýgy etme. Sen ogluňy ýedi ýada däl, öz çozgunyňa tabşyrýansyň, Artyk. Sen maňa ynan! – Wah, Seýit jan, men gapyňy ynananymdan soň açdym. – Meniň hem Annanyýazyň ýaşynda oglum bar. Ady Kyýas, goý, Kyýas bilen Annanyýaz dost bolsun. – Dogan bolsun – diýip, Artyk han goşdy. – Hawa, dost-dogan bolsunlar. – Seýit çozgun ogluny çagyryp getirdi. Çaganyň edep-terbiýe görendigi bildirip dur. Ol içerdäkiler bilen gadyrly salamlaşyp çykdy. Soňam Annanyýazyň ýanyna baryp oturdy: – Bu gün Kyýas Annanyýazy Bagdada aýlasyn. On üçünji asyryň ýadygärliklerinden Zubaýdanyň türbetini, Bab al-Bastani derwezesini görsünler. Onsoň Musa al Kadimiň türbetini görüň, Altyn metjidäm, Al-Gazalyň minarasynam hökman görüň. – Kyýas, doganyňa suky1 hem görkez – diýip, Artyk han dillendi. – Ýok, olar bu gün suk görüp ýetişmezler. Suklaryň üçüsini2, goý, ertir görsünler. – Azaşmazlar-da hernä?! – Türkmende azaşjak ogul dogrulmaýar. Artyk han makullaýjylyk bilen baş atdy. – Seýit, sen meni arkaýyn etdiň. Sag bol, Alladan gaýtsyn. – Men saňa söz-wada berdim. El waadatu daýnun3. Bowed rowşen desýe dana benure şemge danaýi4, Annanyýaz jan, ynha görersiň, Gypjaga ahunlyk derejesini alyp, ullakan ulama bolup barar. – Men seniň öňüňde bergidar. – Ýok, ýok, ikimizem beýik Biribaryň öňündäki parzymyzy ýerine ýetirýäris. Sen meni çykdaja goýýandyryn öýdüp göwnüňe getirme, Artyk. Şa nakasa malun min sadaktin5. Hemme zadyň aňyrsynda beýik Biribar bardyr. Ol haýyr iş üçin çykaran bir zadyňy on esse edip gaýtaryp berýändir. Artyk han ullakan bir düwünçegi Seýit çozgunyň öňünde goýdy. 1 Suk – bazar (arapça). 2 Bagdadyň bazary böleklere bölünýär: suk al-bazzazin – mata bazary; sul al-ahziýa – aýakgap bazary; suk al-libas – egin-eşik; suk al-safafir – demir bazary. 3 El waadatu daýnun – wada bergidir (arapça). 4 Bowed rowşen desýe dana benure şemge danaýi – Dananyň ýüregi bilimiň şeminiň nurundan röwşen tapar (parsça). 5 Şa nakasa malun min sadaktin – Sadaka bermekden mal kemelmez. – Ýok, ýok, sen on-on bäş çaga getireňog-a – diýip, Seýit çozgun tyllanyň köplügine haýranlar galdy. – Men oglum üçin çykdajydan gaçjak adam däldirin. Goý, oglum wakfyň1 hasabyna däl-de, kakasynyň pulunyň hasabyna okasyn... Artyk han ýalňyz ogly Annanyýazy Seýit çozguna tabşyryp, oba gaýtmak bilen boldy: – Annanyýaz jan, men seni, ynha, ynamdar adama, öz çozgunyma tabşyrýaryn. Sen Seýidiň aýdany bilen bol. Onuň saňa ýamanlygy ýokdur. Ol seniň ylymly-bilimli adam bolup ýetişmegiň üçin çalşar. Men Seýide on ýyla ýeter ýaly çykdajyňy berendirin. Sen hiç bir zadyň aladasyny etmän, diňe hünär öwren, ylym öwren. Ylym saňa ikinji ata-ene deýin hossar çykar, seni bolçulykda ýaşadar. Onsoň hem sünnet2 – halallykdyr, bagta elter. Beýik Biribaryň pazly keremine mydama hamdu-senada bol. Ejeň ikimiziň gözümiz, ýüregimiz şu ýerde, seniň bilen bolar. Gitjek wagtyň ýol harjyňy Seýit berer. – Hawa, hawa, ähli ýol çykdajyňy kakaň üç-dört esse edip berdi. Gitjek wagtyň saňa iki baýtal alyp berip, ugradyp goýbererin – diýip, Seýit ahun Artyk hanyň sözlerini makullady. – Annanyýaz jan, senden tamamyz uludyr, sen on ogluň ornuny tutmalysyň. Ejeň ikimiziň janymyz sendedir. Artyk han atynyň rişdesinden tutup durşuna bir meýdan ýalňyz ogluna seredip, gözüni dokundyrmakçy bolýan dek, sesini-üýnüni çykarman seretdi durdy, soňam Annanyýazy garsa gujaklady. Annanyýaz kakasyna: «Kaka jan, men 1 Wakfy – musulman dini edaralaryndaky ýeňillikleri berýän şahsy emläk. 2 Sünnet – pygamberiň ýoly. ynamyňyzy ödärin, ýüzügara etmerin» diýmekçi boldy, ýöne damagy hykga doldy-da, gürläp bilmedi. Artyk han hoşlaşyp, yzyna garaman gitdi. Annanyýaz kakasynyň yzyndan tä gözden ýitýänçä seretdi, ol kakam yzyna öwrülip ýene bir gezek hoşlaşyk yşaratyny eder öýdüp tama etdi. Ýöne Artyk han yzyna birjik-de garaman gitdi. Şol günden başlap, Annanyýazyň durmuşynda täze elkin durmuş başlandy. Kakasy barka şähere, suklara aýlanyp göreni gören boldy. Bazaryň gohy üýn alşar ýaly däldi, her kim harydyny satjak bolup adamlary dükanlaryna çagyrýardy. Bazar Annanyýazda güýçli täsir galdyrypdy. Ol asuda durmuşdan gelipdi. Onuň ýaşan durmuşynda beýle goh-gykylyk ýokdy. Bazar gohy hakda eşiden rowaýaty onuň aňyna berk ornady. Şol rowaýatda bir oglan baý gyzyna aşyk bolýar. Baý oglana «Bagdadyň bazarynyň sesinden gaty gygyryp, bazaryň ünsüni özüňe çekip bilseň, hiç zadyň gerek däl, bar baýlygym bilen bilelikde gyzymy bereýin» diýipdir. Oglan synanyşýar, ýöne bazardakylaryň ünsüni özüne çekmegi başarmaýar, şonuň üçinem gyza öýlenip bilmeýär. Annanyýaz soň bazara gitmedi, asyl şähere, suklara aýlanara onda wagt-da bolmady. Onuň bar wagty Mustansir uniwersitetinde, kitaphanada geçdi. Göräýmäge, bir dynç güni bardy, ýöne şol dynç güni kitapdan başyňy galdyrmaz ýaly, öýe birgiden ýumuşlar berýärdiler. Onsoň dynç günüň hem edil beýleki günler deýin, bar wagtyň okuw bilen geçmeli bolýardy. Kyýas bilen bir howluda ýaşasa-da, onuň bilenem ikiçäk gümür-ýamyr edişmäge wagty ýokdy, diňe bir Nyýazyň däl, Kyýasyň hem wagty ýokdy. Onuň hem bar wagty okuw bilen geçýärdi. Mustansirde Nyýazy Abul Himmet Keskiogly atly asly türkmen mugallymy okadýardy. Abul Himmet sabyrlydy, sowatlydy, okuwçylarynyň dünýäsine düşünmäge çalyşýardy. Ýaşy altmyşa ser uran hortap mugallymyň ýadamasy-ýaltanmasy ýokdy. Nyýaz bu mugallym, heý, gije ýatýarmyka diýip oýlanýardy. Sebäbi onuň aňynda okadýan okuwçylaryndan, okadýan sapagyndan başga hiç zat ýokdy. Onuň maşgalasy-da, çaga-çugasy-da ýokdy. Ýaşaýan hüjresinde kitapdan başga meniňki bolsun diýer ýaly ýekeje-de zat ýokdy. Abul Himmet «Meniň baýlygym – siz, meniň perzentlerim – siz» diýip nygtamagy gowy görýärdi. Dogrudanam, onuň elinde okan adamlar on ýyldan, ýigrimi ýyldan soň hem eziz mugallymynyň halyndan habar almaga gelip durýardylar. Abul Himmet okadyp goýberen uçurymlaryny edil öz perzentlerini gören dek mähir-hormat bilen gujak açyp garşylaýardy. Gelenleri okadýan okuwçylarynyň ýanyna alyp barýardy. Okuwçylaryna uçurymynyň nähili okandygy barada birin-birin gürrüň bererdi. Uçurym mugallymynyň ýatkeşligine haýranlar galardy. Mugallym taryh hakda, aýratyn hem türkmen taryhy hakda gürrüň bermegi gowy görýärdi. Nyýaz sapakdan soň edilen gürrüňleri, ýüregine jüňk bolan sözleri depderine bellik etmäge başlady. Onuň kalbynda ulamalar deýin, Bagdatda uly hyzmatlar görkezen türkmen gerçekleri hakda kitap ýazmak hyjuwy joş urdy. 1055-nji ýylda Togrul begiň Bagdada gelşi, soltanlyk edişi, halyf Kaim Ömrüllahyň oňa ýedi yklymyň soltany diýip ýedi don geýdirişi, Togrul begiň halyfyň gyzy Seýidä öýlenişi: yslam taryhynda ilkinji gezek pygamber öwladyna başga milletiň wekiliniň öýlenmegi hakda Annanyýaz gaty kän kitaplardan okady. Seljuk türkmenleri hakda ýazylan kitaplar juda kändi. Bagdadyň mydama türkmen döwleti bolandygyna buýsandy. Akgoýunly türkmenleriň, Garagoýunly türkmenleriň, Osman türkmenleriniň bu ýerde agalyk eden ýyllaryny aňyna ýazdy. Muhammet bin Suhuň, Zeheýr Türkmeniň, Mübärek Türkmeniň, Wasyf Türkmeniň, Ýahýa bin Dawut Hursy Türkmeniň, Abu Süleýli Pereç Hadym Türkmeniň, Afşin Haýdar bin Kowus Türkmeniň, Ynak Türkmeniň, Buga Kebir Türkmeniň, Aş Nasyň abbaslylar hanedanlygyndaky hyzmatlaryny, Mosuldaky, Bäbegiň gozgalaňyny basyp ýatyrmakdaky, Wizantiýa ýörişdäki, abbaslylara garşy her hili dildüwşükleri basyp ýatyrmakdaky hyzmatlaryny içgin öwrenipdi. Bagdatda hökümdarlyk süren türkmen döwletleriniň taryhyny-da çuň öwrenmäge başlady. Diňe bir serkerdeleriň däl, ylmyň dürli ugurlary boýunça abyrsyz uly işleri bitiren, öz adynyň yzyndan «Türkmen» diýen sözi buýsanç bilen goýan türkmen ulamalarynyň bitiren işlerini-de öwrenmäge başlady, olaryň ýazan kitaplaryny çintgäp-çintgäp okady. Abul Himmet: «Ähli zady aňda saklap bolanok, gowy gören jümleleriňi ýazyp goý, soň olar saňa durmuşda gerek bolar» diýensoň, Nyýaz öz gowy gören jümlelerini depdere ýazdy. 4. Ýedi ýylyň içinde Nyýaz on sany galyň depderi doldurdy. Ol bu depderlerini eziz saklaýardy. Depderine ýazan senelerini, maglumatlaryny, jümlelerini ýatdan bilýärdi. Ýazan depderlerini ýat tutmasy al-Gazalynyň ylym ýolundaky başdan geçirmesi bilen baglanyşyklydy. Al-Gazaly Gürgenden dogduk diýary Tusa ylym öwrenmek üçin gidip barýarka talaňçylara sataşýar. Talaňçylar onuň kitaplaryny we ders bellikleri ýazylan depderlerini alýarlar. Şonda al-Gazaly: «Allanyň yşgyna meniň depderlerimi gaýdyp beriň. Olaryň içinde meniň ylmym ýazylgy» diýip ýalbarýar. Talaňçylaryň baştutany: «Depderleriň alnany bilen boş galýan bolsaň, nähili alym boljak?» diýýär. Şondan soň ylym depderleri ýitäýende-de kösenmez ýaly, al-Gazaly ähli ýazanlaryny ýat tutýar. Annanyýaz hem al-Gazalynyň dünýäsine girmäge çalyşýardy. Elbetde, al-Gazaly ýaly on bir ýyllap derwüşçilik edip gezip biljek däl. Ýöne onuň pähimleri, pelsepeleri Annanyýaza ýakyn duýulýardy. Şeýle bolansoň, Annanyýazyň depderlerinde al-Gazalynyň, esasan, «Yhýau Ulum ed Din», «Bidaýetul-hadaýe», «Tahafutul-Felasife», «Al-Mustasfa min ylmyg-usul», «Hakykatul-ruh» kitaplaryndan jümleler bardy. Gowy gören jümlelerinden dolan bu depderleriň birinjisi yslamyň esaslary hakda, ikinjisi türkmen taryhy hakda, üçünjisi Bagdat bilen türkmenleriň baglanyşyklary hakda, dördünjisi we bäşinjisi fykh1 hakdady... Onunjy depder bolsa, Annanyýazyň ýedi ýylyň içinde döreden şygyrlaryndan doludy. Nyýaz kimdir biriniň depderlerini okajak bolmasyny, näme üçindir, gaty ýokuş görýärdi. Aýratynam, onunjy depderini kimdir biriniň okamagyny islemeýärdi. Bir gezek özi ýokka onuň şygyrlar depderini bile okaýan dostunyň okandygy üçin hakyt ýakalaşypdy. Şeýle bolansoň, Annanyýazyň depderlerini özi ýokka hem okamakdan heder edýärdiler. Ýöne ol birinji depderini dostlaryndan onçakly ýaşyryn saklamaýardy. Käteler birinji depderinden ol-bul zatlary okap hem bererdi. Annanyýazyň birinji depderiniň başky iki sahypasynda şeýle ýazgy2 bardy: 1 Fykh – yslam hukuk ylmy. 2 Ýazgy arap dilindedi. – Allatagala asmandan Zemine bir ýüz dört kitap gönderdi. Şonuň dördüsi mukaddes boldy: Töwrat – Musa pygambere; Injil – Isa pygambere; Zebur – Dawut pygambere; Gurhan – Muhammet pygambere inderildi. – Dünýäde dört zat atasyz dünýä indi: Adam ata; How ene; Ysmaýyl üçin gurban edilen goç; Salyh pygamberiň daşdan çykan düýesi. – Ata-eneňe ýürekden hormat goýmazlygyň iň uly biabraýlykdygy, günäsiniň çökderdigi Gurhanyň bir ýüz on bir aýatly Ýusup süresinde ýatlanýar, onda Ýusubyň kakasynyň ýanynda atdan düşmän salam berendigi üçin pygamberlik derejesinden mahrum edilendigi aýdylýar. – Musa pygamber Allatagala ýüzlenip: «Eý, beýik Biribar, men üç zatda nägileligim bar» diýipdir. Biribar: «Aýt!» diýipdir. «Aýtsam, birinjisi, saglyk beripsiň, soňundan syrkawlyk bermäň näme?» diýipdir. Beýik Biribar: «Syrkawlyk bermedik bolsam, hiç kim meni äsgermezdi» diýipdir. «Jenneti ýaratdyň, dowzahy ýaratmanyňda bolmadymy?». «Hiç kim menden gorkmazdy». «Diriligi ýaratdyň, soňundan öldürmäň näme, eý, Beýik Biribar?» Musa pygamberiň bu sowalyna Beýik Biribar «Onda meni hiç kim tanamazdy» diýip jogap beripdir. Ynha, dünýäň manysy. Beýik Biribar, diýmek, özüni tanatmak üçin ölümi ýaradypdyr, özüniň äsgerilmegi üçin syrkawlygy, özünden gorkulmagy üçin hem dowzahy. Dünýä şu üç zadyň daşyndan aýlanýar. Bendesi hem Beýik Biribara meňzejek bolýar. Eý-ho... Adamyň gursagynda şeýtan bar, ol, gör, nämeleri höwes etdirmeýär. Aslynda Allatagala özüni öwdürmek, wasp etdirmek üçin adamy ýaradypdyr. Dünýäde iň süýji lezzet özüňiň öwülmegiňdir, wasp edilmegiňdir. Bendesi hem özüniň öwülmegini isleýär. Öwginiň lezzetini, güýjüni, gudratyny hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýar. – Üç zat üç zatsyz hiçdir: görmegeý kişiniň akyly bolmasa; alymyň amaly bolmasa; baýyň jomartlygy bolmasa hiçdir. – Sekiz jennet bar: Daryslam; Darulkarar; Dadujemal; Jennetunahym; Jennetulgirdag; Jennetulmah; Jennetulgadin; Jennetutgaýa. Ýedi dowzah bar: Hawiýa; Hunama; Sakar; Sahyr; Dazaý, Jahým; Jähennem. – Adamyň günädir sogabyny ýazýan perişdeler adamyň iki pilçesiniň arasynda ýerleşýärler. Olaryň galamy adamyň dili. Türkmen ýöne ýere «Dil1 – gala, dil – bela» diýenok. – Dünýäde jenneti Şetdat döretdi. – Aýaly Jebraýyl ýaratdy. – On sekiz müň älemiň – alty müňi haýwanlardan; alty müňi her dürli otlardan; alty müňi her dürli guşlardan ybaratdyr. – Dünýäde üç pygamber – Ýunus, Güzaýry, Jerjas ölüp direlen pygamberlerdir. – Dünýäde bir ýüz ýigrimi dört müň pygamber bar. – Allatagalanyň adama esasy ündän häsiýeti sabyrly bolmakdyr. Beýik Biribar älemi bir günde-de ýaradyp bilýär, ýöne ol adamlara sabyrly bolmagy öwretmek üçin älemi alty günde ýaratdy. – Jennetden ýere düşende gökgarga Adam atany iýmit bilen üpjün edipdir; garlawaç Ybraýym pygamberiň oduna suw getiripdir; Hüýpüpik Süleýman pygamberiň ilçisi bolupdyr. Şonuň üçin hem ýarganaty, hüýpüpigi, garlawajy, gökgargany öldürmek günädir. – Musulmançylygyň esasy wesýeti: Hudaýa gulluk et; ölümiňi ýadyňdan çykarma; Hudaýdan gork; hiç kişini ynjytma! 1 «Dil – bela, diş – gala» diýen nusgasy-da bar. – Allatagalanyň razylygy ata-enäniň razylygy bilen amal bolýandyr. Nyýaz kitap yzyna kitap okap bir pikire geldi. Yslamyň yslam bolmagynda dag deý duran ärler – türkmenler. Yslamy ýok etmek üçin dokuz gezek edilen haçly ýörişleri yzyna serpikdirenler – türkmenler, «Yslamyň din gylyjy – türkmenler» diýip araplaryň nygtamagynyň aňyrsynda nähili uly wakalaryň ýatandygyna Nyýaz haýranlar galdy. Türkmenleriň yslamda ylmyň ösmeginde, sungatyň, edebiýatyň, medeniýetiň kämilleşmeginde bitiren hyzmatlaryny ýazmaga birki ömür ýetjek däl. Diňe XIII asyrdaky ulamalary hem sanap tükeder ýaly däl, ýok, bäş-alty asyryň beýik türkmen şahsyýetleri däl, diňe bir asyryň şahsyýetlerini öwrenmek asla on-on bäş kitaba sygar ýaly däl. Nyýaz kitaphanadan VIII asyryň ulamalary hakdaky kitaplary, olaryň döreden kitaplaryny okap ugrady. Ol VIII asyr ulamalarynyň, şahyrynyň eserleriniň diňe käbirini okady. Jarji Zeýdan «Yslam ylymlarynyň ulamalarynyň, şahyrlarynyň, hafyzlaryň, müfessirleriň, muhaddyslaryň, fakyflaryň aglabasy arap bolmadyk musulmanlardy, aýratyn hem türkmenlerdi»; Ibn Haldun hem: «Geň galaýmaly, musulman alymlarynyň galabasy arap bolmadyk adamlardy – türkmenlerdi. Araplardan ylma ýüzlenen kişiler örän azdyr. Dogrusy, araplar medeniýetden daş düşen ýagdaýdadyr. Medeniýeti şol döwürde diňe mewalylar1 düzýärdi. Grammatikaçylaryň, hadysçylaryň, fykhçylaryň köpüsi mewalydy, aýratyn hem türkmenlerdi» diýip ýazypdyr. Nyýaz bu setirleri okansoň görnükli türkmen ulamasy, şahyry Zamahşarynyň: «Eý, araplar, geliň menden arap dilini, arap 1 Mewaly – arap bolmadyk halk. edebiýatyny öwreniň!» diýip, emawylaryň1 öňünde gygyrmasynyň sebäbine düşündi. Abdylla bin Mübärek, Süleýman bin Tarhan, Mugtemir, Japar Türkmen, uly Faraby, kiçi Faraby ýaly ilkinji türkmen muhaddyslary öwrenen Nyýaz türkmendigine buýsandy. Bagdady Halypa Mansuryň Hommat Türkmeniň salgysy, goldawy bilen paýtagt edinendigi, kiçeňräk obany ajaýyp şähere öwrendigi baradaky kitaby okady. Nyýaz, esasan, ylymdaky, yslamdaky dürli ugurlary, akymlary içgin öwrenmek isledi. Nass2 näme? Muhaddys3 näme? Jerh we tagdyl4 näme? Mugtezile we jehmiýýe5 näme? Kadaryýýe6 näme? Mürjiýýe näme7? Nyýaz ylma näçe çuň aralaşdygyça ylym şonça giňäp, ummana öwrülip barýardy. Ibn Sinanyň, Aristoteliň, Muhammet al-Gazalynyň eserlerini öwrendi. Al-Gazalynyň Bagdatdaky meşhur «Nyzamyýe» medresesi, ol medresä ýolbaşçylyk edişi, şägirtleri, ýazan eserleri barada has içgin gyzyklanyp ugrady. Al-Gazalynyň pikirleri ony özüne imrindirdi. Hyýalynda al-Gazaly bilen jedele girdi. Nyýaz al-Gazaly minarasynyň ýanynda peýwagtyna gezim etmegi, ol ýerde al-Gazalynyň dünýäsine girmegi gowy görýärdi. «Wah, al-Gazalyny ýekeje gezek görüp bolsady» diýip içini gepledýärdi. Oňa öz pikirlerini aýtmak isleýärdi. Gazalynyň «Adamlar köp zatlara garşy çykýarlar. Munuň sebäbi adamlarda garşy çykýan zatlary hakda hiç hili düşünjeleriniň ýoklugynda» diýen pikiri hakda köp oýlanypdy. Şeýle hem mugallymy Abul Himmetiň Gazalynyň: «Üstüne howp abanan kişi üçin özüni ýyrtyjy ýolbarsyň penjesinden halas edeniň il içinde meşhur, atly-abraýly adamdygynyň ýa-da meşhur atly-abraýly däl adamdygynyň ähmiýeti ýok. Esasy zat ýyrtyjydan halas bolmak. Edil şeýle hem adamlaryň çyr-çytyr at-owazasy ile dolan halypadan bilim öwrenmäge ymtylmaklarynyň sebäbi nämekä?» diýen sözlerini köp gaýtalamasynyň hikmeti hakda köp oýlanypdy. Nyýaz mugallymy Abul Himmetiň özüniň meşhur halypalarça bilim bermegi başarýandygyny, emma adynyň il içinde meşhur däldigini nygtamak isleýändigine düşünýärdi. «Gazaly ýalňyşanda-da ynandyrmagy başarýar» diýip, Nyýaz ulamanyň ussatlygyna haýranlar galýardy. Abul Himmet onuň sapakdan daşgary nämeler bilen gyzyklanýandygyny gözden salmazdy. Kä gijeler ogrynlyk bilen Nyýazyň hüjresini synlardy. Bir gezek gelşiksiz ýagdaý ýüze çykypdy. Abul Himmet Nyýazyň haçan ýatýandygyny anyklamak niýeti bilen hüjräniň daşynda garaşypdyr. Ol Nyýazyň şeminiň öçerine garaşypdyr. Ýöne şem wagty bilen öçmänsoň, ýaşy durugyşan garry mugallym irkilipdir. Munuň üçin şol günüň ertesi mugallyma mazalyja käýýäpdiler. Abul Himmet hakykaty aýdyp bilmändi. Oňa bolsa: «Çem gelen ýerde ýatyp ýörsüň» diýip käýýäpdiler. Nyýaz nämäniň nämedigine düşündi, ýöne onuň-da edip biljek çäresi ýokdy. Bu waka üçin Nyýaz özüni müýnli duýdy. Mugallymyndan ötünç soramagyň hem ebeteýini tapmady. Bir zat diýse, mugallymy gaharlanaýjak ýaly duýuldy durdy. Medresede mewaly sünni ýigitleriň tapawutlanyp okaýandygyna Nyýaz buýsanýardy. Zamahşarynyň çagyryşyny hakydasynda aýlap, arap dilinde dürs, süýji gürleşmäge, sözleri owazly aýtmaga çalşardy. Okuwa yhlaslylygy medresede derrew bilindi. Okuwynyň ikinji ýylynda uniwersitetde mugallym edip işe alyp galmak barada gürrüň gozgaldy, teklip edildi. Bu meselede Seýit çozgunyň kömegi gerek boldy, özüniň Bagdatda galyp bilmejekdigini, obada özüne garaşylýandygyny, ýeke dikrardygyny ol dile almagy gelşiksiz gördi. Bu zatlar hakda ýolbaşçylar bilen düşünişmegi Seýit çozgundan haýyş etdi. | |
|
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |