SIZE ÖÝÜÑIZDE GARAŞÝARLAR
Köp döwletiň gür gatnawly köçelerinde “Saňa öýüňde garaşýarlar” diýen äheňdäki şygarlary asyp goýýandyklaryny eşitdim. Ol sözler sürüjilere seresap bolmalydygyny, agyr köçelerde bellenen tizlikden gaty sürüp oda-köze düşüberseň, bir bela uçrajakdygyňy ýatladýar. Jogapkärçiliksiz hereketler, köçe-ýol hereketleriniň düzgünleriniň bozulmagy zerarly ýol-ulag hadysasyna uçranylanda bolsa, ilkinji nobatda, maşgala agram düşýär. Şundan çen tutsaň, bu duýduryşlar diňe ulaglaryň sürüjilerine niýetlenilmän, eýsem maşgala durmuşyny «sürýän» adamlar üçin hem niýetlenen ýaly bolup dur. Maşgala sütünini düzýän kakalaryň we ejeleriň dyzmaçlyk zerarly oýlanyşyksyz hereket etmezleri ýaly, tüýs ýerine düşjek zat eken. Çünki maşgala abadançylygy — dünýäde iň esasy we gymmat zat.
Her etmeli, hesip etmeli, maşgala mukaddesligini gorap saklajak bolmaly. Goý, ol duýduryş maşgalanyň arabasy jygyldap başlan wagty esasy zady — agzybirligi we söýgini ýatlatsyn! Çünki Hudaýtagala How enäni diňe nesil öndürmek üçin ýa-da Adam atanyň ýüregi gysmasyn diýip däl-de, eýsem söýmek hem söýülmek üçin ýaradanmyş diýýärler. Şonuň üçinem söýginiň nämedigine oňat düşünilmegi gerek. Dil biliminde sözleriň manysyna düşünilendigini anyklamak üçin ulanylýan bir usul bar: her bir sözüň sinonimlerini we antonimlerini bilmeli. Söýginiň nämedigine düşünmek üçin hem ilki onuň näme däldigine düşünmeli.
Maşgala mukaddesligine çyndan düşünýän adam öz ýakynlarynyň ýüreklerini ýaralamazlyk üçin ýaramaz pişelerden daşda durýar, säw bilen bir garalyga galtaşan hem bolsa, bu bozuk pişesinden el çekýär. Köpçülikde çagalarynyň dilini gysga etmezlik üçin aragyny taşlan, gelniniň islemeýändigi üçin nasyny-çilimini taşlan adamlaryň ençemesini özüm hem bilýärin. Gerek ýerinde özüňe buýrup bilmegem mertligiň nyşany. Meniň ýakyndan tanaýan oglanlarymyň biri oýlanyşyksyz hereketleri zerarly durmuşda birnäçe şowsuzlyklara uçrandan soňra bir salym säginip, käte ümsüm bolmagyň bahasyna ýetip bolmajak lezzetdigini, durmuşda etsem-petsemleriň gaýtadan ugur alyp gitmesi üçin zerur zatdygyny aýdýar. Onuň bu sözlerine telek hem diýip bolmaýar. Galyberse-de, ony näme üçin diýjek?!
Dostlarymyň biriniň köp gaýtalamagy halaýan jümlesi bar: bu ömür o diýen uzagam däl. Ýetäýse, söýmäge ýeter, köýmäge däl. Diňe bagtly bolmaga hem-de saýaňdakylary bagtly etmäge ýeter. Wagtyňy saga-sola sepeläp ýörmäge ýetmez.
Meşhur pirleriň biriniň bokurdagyna gyzmarak bir sopusy bar eken. Ol sopy hemme zatdan beterem balyk iýmegi halaýan eken. Günlerde bir gün ol agzyny-burnyny ýag edip balyk iýip otyrka, onuň hüjresine piri girýär. Pirine hödür-kerem etmegi hem unudyp, gara-garnynyň aladasy bilen başagaý bolup oturan sopy özüniň bu bolşundan uýalýar. Pirine: “Tagsyr, ötüň ýazygymy, biedeplik edipdirin. Balygy gaty gowy görýärdim-de...” diýenden, pir onuň sözüni bölüp,: “Ýalan sözleme, sen balygy gowy göreňok, özüňi gowy görýärsiň. Eger balygy gowy görenligiňde, onuň gylçygyny gemirmezdiň-de, howza goýbererdiň. Ol balyklaryň ýüregi gysmaz ýaly, howzuň içine dürli reňkli owadan daşlary düşärdiň, ot ekerdiň, iýmlärdiň” diýipdir.
Hakykatdan hem, bu tymsaldan many çykarsak, maşgalasyny, söýgüsini hemme zatdan ileri tutýan adam hemişe onuň aladasyny edýär. «Özüm» diýen düşünjäni unudyp, «biz» diýmäge başlaýar.
Myratgeldi BERDIÝEW.
žurnalist.
Jemgyýetçilik tankydy