03:54 Bir kemsiz gözel bolmaz | |
BIR KEMSIZ GÖZEL BOLMAZ
Jemgyýetçilik tankydy
Köneden gelýän gowy söz bar: «Durmuşda gülün tikeni bar diýip, ony ýigrenen adam däl-de, diňe tikeniň güli bar diyip, ony gowy gören adam bagtly bolýar». Bu diýmek, haýsy maşgalada birek-biregiň kemçilikleri örtülip, üstün taraplary görülýän bolsa, şol maşgala hem berk bolar diýmegi aňladýar. Maňzyna düşünilende, hiç bir ynsan hem aňrybaş kämil däl. Sebäbi kämiliigiň çägi ýok. Şu jähetden, kimdir birini söýmek üçin ilki onuň sähel-mähel kemçiligine gözüňi ýummagy öwrenmeli. Özem bu «göz ýummaşaga» maşgala gurlandan soň başlamalydygyny ýatdan çykarmaly däl. Entek aşyk-magşuk bolşup ýören ýigitdir gyz asylam biri-birinde özüne ýaramajak häsiýet bardyr öýtmeýär. Täze maşgalalaryň käbirinde käte düşünişmezligiň döremeginiň baş sebäbi ýaşlaryň biri-birinde kämil adam görmek islegleriniň artykmaçlygyndan bolsa gerek. Kämil maşgala gurmak hakyndaky islegleri howul-hara amala aşyrmaga edilýän synanyşyklaryň şowsuz netijelerinden bolsa gerek. Elbetde, saýlap-seçen ýanýoldaşyňda diýýänje häsiýetleriň jemlenmegi bahasyna ýetip bolmajak serpaý. Ýöne, bardy-geldi, onuň häsiýeti seniň diýýäniňe ýüz göterim gabat gelmäýeninde hem betbagtlyk däl. Ýaşlaryň birbada öz gepini gögertjek bolup, birek-biregiň göwnüne degäýmek endikleri täzelik däl. Zemin müňlerçe ýyl bäri beýle ýagdaýy göre-göre gelýär. Elbetde, munuň telekdigini hem şonça sapar görendir. Muňa garamazdan, ýaşlaryň käbiriniň synagdan geçen bu pikire täze öwüşgin çaýmaga döwtalap bolmagy tebigy ýagdaý. Şondan ötri bu synanyşyk maşgala abatlygy üçin haýyrlydyr diýip bolmaz. Täze maşgala gurýan jübütler hyýallarynda «Meniň şazadamda (perizadymda) şeýle-şeýle häsiýetler bolmaly, ol şu-şu işleri başarmaly» diýip, kemsiz adamyň keşbini çekýärier. Bu, aýratyn-da, gyzlara has mahsus. Olaryň hyýallarynda, durmuşa çykjak ýigitleri görmegeý, ýokary bilimli, töwekgel, öýi üstünde bolmaly. Maşgalasyny zada zar etmän saklamaly, gelnini, çagalaryny gözüne siirme etmeli. Arman, beýle maşgalabaşy ähli kişä nesip etdirip durmaýar. Emma bu ýagdaý arzuwçyl gyzlaryň arzuwlaryny bökdäp bilenok. Çagakak bir ynjyk gyzyň özüne ýanýoldaş saýiaýşy hakynda radioda şeýleräk bir aýdym goýbererdiler: “Gyzym, seni bereýin çopan oglana, Ýok, eje jan, berme meni çopan oglana. Çopan oglanyň goýny kändir, Sürüsiniň ýaryn bakdyrar maňa” Aýdymyň soňky bentlerini ýazyp oturmagyň hajaty ýok diýip hasap edýärin. 01 eýýäm köpleriň ýadyna düşendir. Mahlasy, aýdymdan gelip çykýan mana görä, maşgalabaşy saýlaýan gyzlaryň hörpleri ýokary. Olara ýanýoldaş boljak ýigit Ýusup pygamber ýaly görmegeý, Eýýup pygamber ýaly sabyrly, Süleýman pygamber ýaly baý, Dawut pygamber ýaly akylly, Musa pygamber ýaly başarjaň, Ybraýym pygamber ýaly dogruçyl bolmaly. (Aslynda, munça artykmaçlyklary bir adamda jemlemegiň mümkin. Talyp döwrümiz deň-duşlarymyz bilen maşgala durmuşy hakynda pikir alşardyk. Men gyzlara: «Siziň munça talabyňyzy çüýşedäki jyny çykarsaňam başarmaz» diýerdim. Ýazyjy Jumageldi Mülkiýew eserleriniň birinde şunuň ýaly bir meseleden söz açyp: «Könelerimizden gelýän ýaglyga towusdy oýnunda hiç kim ýaglyga ýetip bilmese, ýaglyk asylan syryk biraz aşak düşürilýär» diýip ýazypdy. Maşgala gurjak ýaşlaram şu dessurdan ugur alyp, talaplaryny azajyk ýumşadaýsalar näder?! Elýeterden ýokardaky yaglyga gury-gury towsup durmakdan näme bähbit bar?! Nätjek, hakykatdan yrakda — hyýallar dünýäsinde seleňläp ýören ýaşlaryň muňa-da jogaby nagt. Olar öz ýanlaryndan: «Esasy zat — saýlanym meni çyndan söýse bolany, galan büdürsüdürräk häsiýetlerini özüm terbiýelärin. Ondan islän adamymy ýasaryn» diýýärler. Könelerimiziň «Oglan öwüt almaz, görelde alar» diýen pähimini unudýarlar. Ýa-da Eýnşteýniň: «Kimdir birini terbiýelemegiň iň oýlanyşykly usuly görelde görkezmekdir» diýeninden bihabar galýarlar. Täzelikde maşgala guran ýigitdir gelniň, hakykatdanam, biri-birini isleýişleri ýaly terbiýeläp biljekdiklerine ýürekden ynanýandyklary has beter gynandyrýar. Zeminiň iň akylly kişisiniň hem terbiýeläp biläýjek ýekeje adamy bar. Olam özi. Şonuň üçinem terbiýeçi wezipesine girişjegiň çynyňmy, özüňden başla! Galyberse-de, kemsiz edip terbiýelejek bolýan kişimiz biziň hyýalymyzdaky «kämil adamyň» nähilidigini hem bilenok. Onuň kämil adamy öz göz öňüne getirişi bar. Täze maşgalanyň agzalary diňe bir-biregi kemsiz görmek islegleri bilen çäklenmeýär. Olar maşgalany hem hyýalyndaky kämillige eltmek üçin ýanýoldaşyna sala salmazdan, maşgala durmuşyna kesgitli ýörelgeler girizýär. Şeýle diýenimde, gyz-gelinleri ynjytmazlyk üçin täzelikde gözli-başly bolan ýigitlere mahsus bir mysal getireýin. Ýigit kemsiz-köstsüz maşgala gurmak hakynda oýlananda, ilki bilen, öz ene-atasyndan gören göreldesine eýerýär. Meselem: «Men gelnimi hiç haçan işletmen. Işläsi gelse, öýde tikin-çatyn bilen bolubersin. Maňa, çagalaryma gowuja seretsin, nahary ejemiňki ýaly süýji bişirsin. Myhman gelende hem güler ýüzli bolsun». Hawa, sanawy näçe süýndürseň, süýndürip oturmaly, ýöne meniň şu aýdanlarymdanam mus-musuň mustapasyna düşünerçe bolandyr. Söhbedimiziň şu ýerinde «Çyn söýgi biri-biriňe bakmak däl, bilelikde bir tarapa bakmak» diýen pähimi ýatlasak, has ýerine düşerdi. Iň gowusy-ha, ene-atalarymyzyň «Gözümiň ýetip duranja ýeri bilen guda bolsam, armanym näme?!» diýýänine boýun bolmakmyka diýýärin. Hany, olam bolaýýarmy?! Garyndaş bilen guda bolanyňda-da, ýedi ýyl söýeniň bilen durmuş guranyňda-da, käbir mesele babatda çapraz garaýyşlar bolup biler. Maşgala diýmek — iki sany kämil goş birikdirmesi diýmek dälde, birek-biregi bagyşlap biljek iki adamyň nikasy diýmek. Hemişe ýanýoldaşyny özgertjek bolýan kişiniň maşgalasy hiç haçanam berk bolmaz. 01 bütin ömrüne özüni, özgeleri gynar. Ömrüniň iň gowy döwrüni, ýakynlarynyň ömrüni kül eder. Näme üçin hemme zat hut meniň isleýşim ýaly bolmalymyşyn?! Näme üçin hemmeler diňe meniň islänimi etmelimişin?! Hemmeler meniň islänimi islär ýaly men näme «Jadyly hünji» atly kinodaky Ak döwmi?! Ahmal, meniň pikirlerim dogry hem däldir. Ahmal, ol asla meniň öz pikirimem däldir. Birwagt — ýetginjekkäm eşidendirin, indem şony dogry hasaplap ýörendirin. Kim bilýär... Myratgeldi BERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |