19:20 Ýedi çapar / hekaýa | |
ÝEDI ÇAPAR
Hekaýalar
Kakamyň şalyk sürýän ýurduna aýlanyp görmek üçin ýola çykanym bäri dogduk şäherimden günsaýyn daşlaşýardym, ol ýerlerden habarlaryň gelşi bolsa barha seýrekleýärdi. Syýahata ugranymda otuz ýaşymdadym, ynha, indi sekiz ýyldan gowrak, has takygy, sekiz ýyl, alty aý, on bäş gün bäri Taňrynyň beren güni hemişe ýolda. Öýden çykanymda, şalygyň serhedine birki hepdeden hiç hili kynçylyksyz ýeterin öýdýärdim welin, ýolda täze-täze obalar, nätanyş adamlar gabat geldi, ol adamlar bolsa meniň ene dilimde gürleýärdiler, özlerini meniň raýatlarym hasaplaýardylar. Ýanymdaky geografyň kompasy halys ugur-utgasyny ýitiren bolarly, çünki biz gyşarnyksyz gündogara barýandyrys öýdýärdik, hakykatda bolsa, şo bir ýol bilen aýlanyp ýörüpdiris. Bizi paýtagtdan daşlaşdyrýan aralyk üýtgewsizligine galypdyr. Wagty bilen Şalygyň serhedine ýetip bilmeýänligimizem diňe şonuň bilen düşündirmek bolar. Ýöne soňky wagtlar ol araçäk asla ýokdur, şalyk serhetsizdir, hernäçe öňe gitsem-de, öz maksadyma ýetip bilmerin diýen şübheler meni ýygy-ýygydan basmarlap, ynjalykdan gaçyryp ugrady. Syýahata ugranymda, otuz ýaşy arka atypdym. Belki, bu kysmy syýahata çykmak üçin giçdir? Dostlarym, hatda ýakynlarymam bu hyýalymyň ömrümiň men diýen ýyllaryny boşa sarp etmekdigini aýdyp, üstümden güldüler. Şol sebäpli hatda wepadar adamlarymdan hem meniň bilen ýola rowana bolmaga razylaşanlary köp bolmady. Biagyry, häzir kime garanda has biperwaý adam bolsam-da, yzyma eýerjeklerden ýedi atlyny saýlap aldym-da, syýahat mahalynda ýakynlarym bilen gatnaşyk saklamaga ýardam etjek çaparlar hökmünde belledim. Ýedi çapar artygy bilen ýeter öýdüpdim. Ýalňyşan ekenim. Wagtyň geçmegi bilen çaparlaryň hiç biri syrkawlamadyk, garakçylaryň demine düşmedik, atyny daljykdyrmadyk hem bolsa, olaryň sanynyň juda azdygyna göz ýetirdim. Ýedisem maňa jany-teni bilen, şeýlebir yhlasly hyzmat etdiler welin, haçanam bolsa bir gün olaryň hyzmatyny ýerine salyp biljegim gümana. Çaparlary biri-birinden tapawutlandyryp bilerim ýaly, olara elipbiýiň başky ýedi harpyna görä at berdim: Alessandro, Bartolomeo, Kaýo, Domeniko, Ettore, Federiko hem-de Gregorio. Öňler öýdeçi bolamsoň, eýýäm ikinji günüň agşamsy segsen mil gowrak ýol geçenimizden soň, Alessandrony hat bilen öýümize ugratdym. Ertesi agşam aragatnaşyk üznüksiz bolar ýaly ikinji, üçünji hem dördünji çapary iberdim. Şeýdip, bu ýagdaý gezelenjiň sekizinji gününe, ýagny çaparlaryň iň soňkusy Gregoriony ugradýançam dowam etdi. Ilkinji çaparym häli-häzire çenli gaýdyp gelmändi. Ol onunjy gün diýlende, gijämizi geçirmek üçin yns-jynssyz çola jülgede goş ýazdyranymyzda yzymyzdan ýetdi. Alessandronyň ýoly çak edişimden haýal külterländigini bilip galdym. Men ol ýyndam bedewi bilen biziň geçen ýolumyzdan iki esse uzak aralygy geçer öýdüpdim. Ol bolsa bu aralygy diňe bir ýarym esse artyk tizlik bilen külterlemegi başarypdyr; biz kyrk mil ýol aşan bolsak, ol altmyş mil geçipdir. Beýleki çaparlar bilen hem şeýle ýagdaý gaýtalandy. Ýola düşenimiziň üçünji agşamy şähere ugran Bartolomeo diňe on bäşinji gün dolanyp geldi. Dördünji agşam ýola çykan Kaýo ýigriminji gün gara berdi. Tiz wagtdan nobatdaky çaparyň geljek wagtyny anyklamak üçin, ýolda geçiren günlerimiziň sanyny bäşe köpeltmegiň ýeterlikdigine düşündim. Paýtagtdan daşlaşdygymyzça, her bir çaparyň geçmeli menzili uzady, syýahatymyzyň ellinji gününden soň, çaparlaryň gidip gelmesiniň arasy görnetin artyp başlady. Eger olar öň goşumyza bäş günden dolanyp gelýän bolsalar, indi onuň müddeti ýigrimi bäş güne ýetdi. Munuň özi maňa mähriban şäherim bilen aramyza böwşeňligiň düşüp ugranlygyny habar berýärdi, kä wagtlar ol ýerden hepdeläp habar-hatyr gelmeýärdi. Şeýdip, ýarym ýyly duşumyzdan geçirdik. Onýança eýýäm Sülgün dagyndan aşypdyk. Çaparlaryň gidip-gelmesiniň arasy dört aýa çenli dagy açyldy. Indi olaryň getirýän habarlary-da köneldi, bukjalar, göýä, mynçgalanan mysaly epim-epimdi, käte bolsa çaparlaryň açyk howada ýatyp-turýandyklary sebäpli, olarda heňiň yzlary mesaňa bildirýärdi. Emma ümzügimiz öňedi. Men depämde gaýmalaşýan bulutlaryň çagalygymyň bulutlarydygyna, häzirki synlaýan göm-gök asmanymyň alyslarda galan şäherimiziň asmanyndan tapawutlanmaýandygyna, bu ýeriň howasynyň, öwüsýän şemalynyň, hatda guşlaryň jürküldisiniň hem şol öňküdigine özümi nähak ýere ynandyrjak bolýardym. Bulutlaram, asmanam, howa-da, şemalam, guşlaram — hemmesi saýry, täze, meniň olar üçin ýedi ýat adamdygym duýulýar. Öňe, diňe öňe! Ýol ugrunda giden düzlükde duş gelýän sergezdanlar serhediň indi daşda däldigini aýdýardylar. Öz adamlaryma ruhdan düşmezligi ündeýärdim, dillerinden sypýan şübhe doly sözleriň ikilenç gaýtalanmazlygy üçin jan edýärdim. Dogduk mekanymyzdan gaýdalymyz bäri eýýäm dört ýyl geçipdir. Ýol şeýle uzak bolar diýip kimiň kellesine geljek! Eziz paýtagtym, öýüm-ojagym, atam ‒ bularyň bary birden ýat boldy duruberdi, indi olaryň bardygyna bolan ynamym hem ýiteňkirläpdi. Indi meniň çaparlarymyň gidip-gelmesiniň arasynda ümsümlik bilen ýalňyzlyga ýugrulan tegelek ýigrimi aý ýatyrdy. Çaparlar üýtgeşik, wagtyň geçmegi bilen saralyp giden hatlary getirýärdiler, olarda ýatdan çykyşan adam atlary, maňa nätanyş söz öwrümleri, duýgularyň düşnüksiz beýany bardy. Ertesi säher bilen gaýtadan ýola rowana bolanymyzda, uzak argynlykdan soň, bary-ýogy ýekeje gije dynç alan çapar meniň ozaldan taýýarlan hatlarymy alyp, yzyna — şähere sary dolanýardy. Şunlukda, sekiz ýarym ýyl ötdi. Şu gün ýalňyzlykda agşamlyk naharyny edinip otyrkam, çadyryma Domeniko girdi, aýak üstünde zordan duran hem bolsa, onuň entek ýylgyrmaga ýagdaýy bardy. Men ony tas ýedi ýyl töweregi görmändim. Şol uzak ýyllaryň dowamynda ol atyň üstünde sonarlyklardan, tokaýlyklardan, çöllüklerden aşypdy. Şu hatly bukjany maňa ýetirmek üçin onuň näçe at çalyşmaly bolandygyny bir Biribar bilýär, meniň bolsa bukjany, näme üçindir, açasym gelmedi. Domeniko ertir daňyň ujy çyzylyp-çyzylmanka yzyna dolanmaly bolansoň, ýatyp dem-dynjyny almak üçin çykyp gitdi. Ol iň soňky gezek ýola rowana bolar. Men öz ýazuw kitapçamda eger hemme zat gülala-güllük bolup, edil öňkim ýaly ýolumy, ol hem öz ýoluny dowam etdirip bilse, ony diňe otuz dört ýyldan görüp biljekdigimiň hasabyny çykardym. Şonda men ýetmiş iki ýaşymda bolaryn. Ýöne men argynlygyň nämedigini eýýämden duýup başladym, ol yzymyzdan ýetýänçä, ajalyň ondan öňürdäýmeginiň ahmaldygyny hem aradan aýryp bolmaýar. Otuz dört ýyldan soň birdenkä Domenikonyň nazary düşlegimiň ýagtysyna düşer-de, meniň adatdakydan az ýol geçendigime geň galar. Hut şu günki ýaly, ýüzüne bireýýäm unudylan dünýäm hakynda bolar-bolgusyz zatlar ýazylan, wagtyň geçmegi bilen saralyp giden hatlary gowşurmak üçin çadyryma girer. Meniň ýöriş düşeginde hereketsiz ýatandygymy, baş we aýagujumda elleri alawly duran iki esgeri görer-de, işikde säginer. Her niçik-de bolsa, Domeniko, sen meniň rehimsizligimden zeýrenme-de, ýola rowana boluber! Meniň mähriban ojagyma — eziz şäherime soňky tagzymymy ýetir. Sen birmahallar meniň hem bir parçasy bolan dünýäme janly köprim ahyryn. Soňky wagtlarda gelip gowşan üzlem-saplam habarlardan ol ýerde köp üýtgeşmeleriň bolup geçendigini: kakamyň ýurduny täzeländigini, patyşalyk täjiniň agama geçendigini, çagalyk döwrümde kölegesinde oýnamagy gowy gören meşe agaçlarymyň ýerinde indi beýik daş jaýlaryň salnandygyny bilip galdym. Her niçigem bolsa, ol meniň öňki watanym. Sen meni olaryň hemmesi bilen bir kökene kökerýän iň soňky bag, Domeniko! Hudaýyň ýalkawy bilen ýene-de bir ýyl sekiz aýdan gelmeli bäşinji çapar Ettore gaýtadan ýol şaýyny tutup bilmez, sebäbi ol öňi-soňy meniň huzuryma dolanyp ýetişmez. Sen gideňsoň ümsümlik aralaşar, Domeniko — belkem, maňa ahyrsoňy arzyly araçäge ýetmek başardar. Emma öňe gitdigimsaýy, şol serhediň ýokdugyna barha açyk göz ýetirýän. Meniň pikirimçe, serhet diýlen zat ýok bolmaly, iň bolmanda, adatça, biziň bu söze ýükleýän manymyzda ýok ýaly bolup görünýär. Birek-birekden aýra salýan beýik diwarlaram, geçmesi çetin batgalyklaram, aşmasy hyllalla daglaram ýok. Belki, bir gün özüm aňşyrmazdan araçäkden geçerin-de, mundan habarsyz halyma öňe gitmegimi dowam ederin. Şonuň üçin Ettore bilen beýleki çaparlar dolanyp gelensoň, olary yzyna — paýtagta ýollaman, gaýtam täze ýerlerde maňa nämeleriň garaşýandygyny anyklamak üçin öňe ugradaryn. Soňky wagtlar agşamlaryna meni aram-aram howsala gaplap alýar, ýöne bu diýýänim syýahatyň başynda duýan owalky şatlykly günlerimiň küýsegi däl-de, öňde bize garaşyp ýatan nätanyş ýerleri tizräk görmek islegi bilen döreýän sabyr-takatsyzlyk bolsa gerek. Bu hakda entek hiç kimiň ýanynda dil ýarmadyk bolsam-da, gümürtik maksadymyza golaýlaşdygymça, asmanyň adaty bolmadyk üýtgeşik reňkler bilen öwşün atýandygyny saýgardym, beýle ahwalaty hiç haçan, hatda düýşümde-de görmändim. Daş-töweregimdäki ösümlikler, daglardyr derýalar bize ýat bolan barlyklardan ýasalan ýalydy, howada bolsa söz bilen beýan edip bolmajak duýgular at salýardy. Ertir säher bilen täze umytlar meni häzir gijäniň garaňkylygyna dulanyp ýatan nätanyş daglara sary çagyrar. Ýene-de adamlarymy örüzerin, Domeniko bolsa meniň hiç kime derkar bolmadyk habarymy alyslarda galan şäherime ýetirmek üçin garşy tarapa ugrar-da, gözýetimiň aňyrsynda gizlener. Dino BUSSATI, (Italiýa). Terjime: © Ylýas ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |