19:14 Anagoryñ diwarlary / hekaýa | |
ANAGORYÑ DIWARLARY
Hekaýalar
Tibestiniň jümmüşine aralaşyberenimizde ýerli ýolbeledimiz: «Anagor şäheriniň diwarlaryny göresiňiz gelýärmi?» diýip sorady-da, olary görkezibiljekdigini ýaňzytdy. Men karta hernäçe göz gezdirsemem, ondan Anagor şäherini tapmadym. Adatça, bar zat takyk görkezilýän syýahat ýolgörkezijilerinde-de o ýeriň ady agzalmaýardy. Men: «Geografik kartalarda görkezilmedik bolsa, o neneňsi şäher?» diýip soradym. Sowalyma: «Uly, örän baý hem gurply şäher. Özbaşdak ýaşaýar, hatda köşk emeldarlaram oňa baryp bilmeýärler. Ol ne ýakyn, ne-de alysdaky goňşulary bilen söwda edýär, asla hiç ýurt bilenem gatnaşyk saklanok. Hemmeler üçin ýapyk şäher. Ondan hiç haçan hiç kim daşyna çykmaýar, bu-da o taýdaky adamlaryň bagtyýardygyny aňlatmaýarmy, eýse?» diýen jogaby eşitdim. «Ýöne kartada bu zeýilli şäheriň ady-soram ýok. Ol şu taýlylaň tapýan sansyz rowaýatlaryndan biri bolaýmasyn? Bu çölüň epgeginden döreýän salgym ýaly bir zatdyr» diýip, eňek bermedim. «Daň atmazdan iki sagat öň ýola düşsek gowy bordy ― diýip, Magalon atly ýolbeledimiz, hamala, aýdanlarymy eşitmezlige salyp gürledi. ― Seň ulagyňda, jenap, günortana çenli Anagora ýeteris. Yzyňdan gije üçde gelerin, jenabym». «Seň aýdyşyň ýaly şäher bolanlygynda, ol kartalarda goşa halkajyk bilen bellenerdi, adynam iri harplar bilen ýazardylar. Men-ä Anagoryň ýatlanylýan ýerine duşamok; ol aslynda ýok bolaýmasa... Sagat üçde saňa garaşaryn, Magalon». *** Gije üçde ulagyň çyrasyny ýakyp, çöl ýoly bilen günorta tarap ugradyk, azda-kände ýylanjak bolup, yzly-yzyna çilim çekýärdim, çep gapdalda gözýetim ýagtylyp başlady, bahym Gün dogdy. Ol çöle ýiti nuruny çaýdy, howa dessine ýanar oda dönüp, salgymlar görnüp ugrady, ýüzüňi öwren tarapyňda köllerdir batgalyklar, olarda bolsa sudurlary açyk-aýdyň kert gaýalaryň şekili göze ilýärdi; aslynda welin, bu töwerekde ýeke owurt suw alara-da ýer ýokdy, daş-töwerek küpürsäp ýatan çägedir ot ýaly gyzgyn daş bolup ýatyrdy. Geň ýeri, ulagymyz ýeňil gopýardy. 11 sagat 37 minut diýlende gapdalymda oturan Magalon: «Jenap,seret!» diýdi. Ençeme kilometre uzap gidýän, beýikligi ýigrimi-otuz metr töweregi, durşuna sarymtyl reňkli diwara gözüm düşdi. Onuň kä ýerlerinde diňler görünýärdi. Golaý baranymyzda, diwaryň eteginde pukaraja bassyrmalardyr depesinde baýdaklar pasyrdaýan baý çadyrlaryň birtoparyna gözüm düşdi. Men: ― Bular kim? ― diýip soradym. Magalon: ― Olar şähere girmäge umyt baglaýan adamlar, şo niýet bilenem şu taýda goş basyp ýatyrlar — diýip düşündirdi. ― Şeý diýsene! Diýmek, onuň derwezesem bar-da? ― Hawa, ululy-kiçili birgiden derwezesi bar. Ýüz töwereg-ä bardyr. Ýöne diwar şeýle uzyn bolansoň, derwezeleriň arasy gaty açyk. ― Onsoň derwezeler haçan açylýar? ― Olar hiç wagt açylmaýar diýseňem boljak. Kä kişi ahyrsoňy açylar diýýär. Şu agşammy ýa-da ertir, belki, üç aýdan ýa-da elli ýyldan — belli zat ýok. Bu-da Anagor şäheriniň uly syry. Biz, göýä, bir bütewi demir böleginden sozulyp ýasalan ýaly äpet derwezäniň deňine baryp togtadyk. Onuň ýanynda garaşyp duran adam kändi. O taýda tapdan gaçan çarwalar-da, gedaýlar-da, başy pürenjekli aýal-ebtatlar-da, dindarlar-da, dişine çenli ýaraglanan adamlar-da, hatda ýany sanaýmaly nökerli bir barjamly kişi-de bardy. Wagtal-wagtal kimdir biri uly tommaýly taýak bilen derwezäni urýardy, şonda ondan tutuksy, güňleç ses çykýardy. Ýolbeledimiz: ― Adamlaryň derwezäni urýanynyň sebäbi, Anagordakylar urgy sesine çykyp, derwezäni açsyn diýýäler. Bu taýdakylar eger kakyp durmasaň, ömrylla derwezäni açmazlar öýdýäler — diýip düşündirdi. Men müňkürlik edip: «Diwaryň aňyrsynda adam-gara beri barmyka? Belki, şäherdäkiler bireýýäm gyrlyp tükenendir?» diýdim. Magalon ýylgyryp: «Bu ýere birinji gezek gelenleň bary şeýle pikir edýär. Birwagtlar menem şübhelenipdim, diwaryň aňyrsynda diri adam bardyr öýdemokdym. Ýöne ýalňyşan ekenim, oňa subutnama-da bar. Kä agşamlar howa açyk bolsa, edil çilimhanadan çykýan ýaly bolup, şäherden dik asmana galýan tüssejikler görünýär. Şäherde adam ýaşaýany düşnükl-ä — olar ot ýakyp, nahar bişirinýändir. Ondan-da ygtybarly delil bar: derwezäni açan wagtlary-da bolupdyr». ― Haçan? ― Dogrusy, wagtyny anyk aýdybilýän-ä ýok. Käbiri bir ýa-da bir ýarym aý mundan öň diýse, beýlekiler ondan bäri iki, üç, belki, dört ýylam geçen bolaýmasa diýýär, başga biri baryp, Em-el-Ergun soltanyň hökümdarlyk eden döwründe diýýär. ― Ol haçan hökümdarlyk edipdir? ― Üç ýüz ýyla golaý mundan ozal... Jenabym, ýöne siziňki örän şowuna. Serediň, häzir günorta çagy, howa yssy bolsa-da, honha,serediň, tüsse görnüp ugrady. Howa epgegem bolsa, giden mähelle gozgalaň tapdy. Bar kişi çadyrlardan daş çykyp, barmaklaryny diwaryň aňyrsyndan dymyk howada sozulyp ýokary galýan iki sany çal tüssejige çommaldýardy. Men bu adamlaryň tolgunyşyp gygyrýan sözleriniň birine-de düşünmeýärdim, ol sözler birleşip, uly güwwüldi bolup durdy. Ýöne olaryň hemmesiniň bu ahwalata göwünleriniň göçýändigi görnüp durdy. Hamala, bolgusyzja iki tar tüsse dünýäde iň uly geňlik bolup, ony görenlere tizara bagt eçiläýjek ýalydy. Meniň üçin-ä bu şagalaň, birhili, ýerliksiz ýalydy. Birinjiden, tüsse görneni bilen derwezeleriň açyljagy belli däldi,şonuň üçinem beýle begenere sebäbem ýokdy. Ikinjiden, bu gohy eger diwaryň aňyrsyndakylar eşiden bolsalar, ony, gürrüňsiz, eşidendirler ― Anagoryň ilatynda derwezäni açmaga isleg döremez-de, tersine, olar bu gal-magaldan howatyr ederler. Üçünjiden, tüsse görünmegi Anagorda adam ýaşaýanlygyndan alamat däl. Belki, ol ýakyp-ýandyrýan Gün şöhlesinden dörän tötänleýin ýangyndyr? Başga-da bolup biläýjek ýene bir çaklama bar: ody diwaryň aňyrsyna haýsydyr bir gizlin ýol tapyp, bar kişiniň terk edip gaýdan boş şäherini talamaga giren garakçylaryň ýakan bolmagam mümkin. «Anagorda şu tüsselerden gaýry ýaşaýyş alamatynyň ýoklugynyň özem täsin: ne ses-üýn çykýar, ne aýdym-sazdyr itiň sesi eşidilýär, diwardan daşyna geň galyp bakýanam, garawullaram görnenok. Juda geň öz-ä» diýip oýlandym. Onsoň: «Hawa, Magalon, derweze şol gezek açylanda şähere giren köp bolupmy?» diýip soradym. Magalon: «Diňe ýekeje adam» diýdi. ― Beýlekiler näme? Olary kowupdyrlarmy? ― Golaý-goltumda başga adam bolmandyr. O diwardaky iň kiçijik gapy eken, jahankeşdeler oňa ünsem bermändirler. Şo gezek hiç kim hiç zada garaşmaýan eken. Agşamara ötegçileriň biri gapyny kakypdyr. Ol bu şäheriň Anagordygynam bilmeýän eken, nirede bolsa-da, bir ýerde ýatmaly bolansoň, bu ýere belli bir zada umyt baglaman geläýipdir. Asla, ol bar zatdan bihabar bolansoň, o ýere tötänden baraýypdyr. Belki, şo sebäplem derwezäni açan-dyrlar... Özüm barada aýtsam, şu diwaryň düýbünde çadyr gurup, ýigrimi dört ýyl garaşdym. Derweze açylmady. Indem ýurduma dolanýan. Bu ýerdäki goş basyp ýatan jahankeşdeler meň gaýtmaga hyýallanýanymy görüp, başlaryny ýaýkadylar. Olar maňa: «Eý, gardaş, nirä howlugýaň?Bir salym sabyr et ahbetin, içigar galmyş! Sen durmuşdan aşa köp zady talap edýäň...» diýişdiler. Dino BUSSATI. Terjime eden: © Orazmyrat TÄÇMÄMMEDOW. | |
|
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |