16:42 Ýetmezmiş | |
ÝETMEZMIŞ
Goşgular
Geň däl görip ýanyp-bişse, Onsuz oň güni ötmezmiş. Çyn bedewler ýoly düşse, Hiç biwepalyk etmezmiş. Äriň merdi söýüp ýaryn, Bagş edermiş golda baryn, Bürgüt guşlar öz diýaryn, Taşlap, hiç ýurda gitmezmiş. Husytlaryň dili baýdyr, Emma kalblary gedaýdyr, Olar üçin zat hudaýdyr, Olaryň egni bitmezmiş. Perizat ene-ataň bagty, Şolar bilen ýoluň ýagty. Mert ogul ýetişen wagty Gatnawly ýollar ýitmezmiş. Dusrun diýer, aýdym, ýaňlan, Hemrasy bol ajap daňlaň, Goý, giň dünýä dolsun ýaňdan, Aýdymdan zeper ýetmezmiş! Oguldursun POPYÝEWA. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||