14:52 Ýewgeniý Bertels | |
ÝEWGENIÝ EDUARDOWIÇ BERTELS (1890-1957)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
1890-njy ýylda wraçyň maşgalasynda dünýä inen Ýewgeniý Eduardowiç Bertels Peterburg gimnaziýasynda okaýan döwründe Gündogar bilen gyzyklanyp başlapdyr. Gimnazyýany gutaryp, Peterburg uniwersitetine girýär we ony 1914-nji ýylda tamamlapdyr. Ol uniwersitet ýyllarynda bir ýol bilen Daşkentde bolup, özbek, tatar dillerini öwrenýär. Ýurist bolup işläp ýörkä-de pars, türk dillerini öwrenmegiň ugruna çykypdyr. Ol ýene bir gezek Peterburg uniwersitetine okuwa girip, bu sapar ol arap, pars, türk dilleri hünäri boýunça fakultetiň gündogar bölüminde okaýar. Şolaryň gapdaly bilenem Peterburg konserwatoriýasyna gatnaýar. Şularyň ikisini-de 1920-nji ýylda gutarýar. Şol ýyldan başlabam Aziýa muzeýiniň ylmy işgäri bolýar. Baryp ýigriminji ýyllarda ol pars, arap, gadymy hindi edebiýatynyň taryhyna degişli segsenden gowrak ylmy işiň awtory bolýar. Akademik B.B.Bartoldyň teklibi boýunça 1928-nji ýylda oňa professor ady berilýär. 1932-nji ýyldan başlap, ol SSSR Ylymlar akdemiýasynyň täjik bazasynyň taryh-lingwistik sektorynyň müdiri bolýar. 1935-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alyp, 1939-njy ýylda SSSR YA-nyň habarçy -agzalygyna saýlanýar. Diňe bir arkaýyn geplemek däl, eýsem uly-uly ylmy işler ýazan rus, nemes, fransuz, iňlis dillerinden başga-da, Ýe.E.Bertels Gündogaryň sanskrit, pehlewi, gadymy ýewreý, siriýa, gadymy pars, gadymy uýgur, çagataý, pars, arap, türk, puştu, türkmen, azerbaýjan, özbek, tatar, täjik, uýgur, gazak, gyrgyz, abhaz, ermeni dilleri ýaly ýigrimden köp dil öwrenipdir. Ömrüniň soňky on bäş ýylynda ol Türkmenistana köp sapar nazar saldy. Türkmenistanyň ylmy-jemgyýetçiliginiň öňünde edebiýatyň hem folkloryň derwaýys çözülmeli meseleleri boýunça täze, original pikirlere baý ylmy dokladlar etdi. Onuň türkmen filologlarynyň ünsüni çeken “Magtymguly çeper döredijilik hakynda” atly belli işi (“Sowet edebiýat” žurnaly, 1944-nji ýylyň 7-8 sanlary) şeýdip döräpdir. Alym munda beýik Magtymgulynyň çeperçilik genisiniň täze tarapyny açyp görkezdi. Türkmen alymlary hem onuň açan şol ýolundan ýörediler. Köne, orta asyr, XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynda halys edebi garaýyşlar, tankydy pikirler düýpden bolmandyr diýmek bolmaz. Olar bölek-bölek garaýyşlar, pursatlar, detallar görnüşinde klassyk şahyrlarymyzyń eserlerinde ýaşapdyr. Bertels Magtymgulynyň öz döredijilik güýjünde dini tutaryk edinse-de, ońa nähili lybas geýdirse-de, ol “keramatly güýçler” tarapyndan döredilen şahyr bolman, öz döwrüniń döreden we özüniń döredijiliginde şol döwrüń hakykatyny uly ussatlyk bilen beýan eden bir şahyr bolandygyny aýratyn belledi. Belki, Magtymguly özüniñ döwürdeşleri bilen gürrüńleşen wagtynda, olar bilen hat aragatnaşygyny saklan wagtynda, söz sungaty, onuń aýry-aýry meseleleri hakynda öz pikirini beýan edendir. Munuń şeýle bolanlygy “belki” däldir, jedelsizdir. Emma nebsimiz agyrsa-da, bu hilli materiallar biziń döwrümize gelip ýetmändir. Şahyryń edebi döredijilik, edebi tankydy pikirlerini öwrenmekde häzirlikçe ýeke-täk çeşme bolup durýan zat onuń hut öz döredijiligidir.”Ý.E.Bertels bütin Orta Aziýa edebiýatynda Magtymgulynyň adaty bir şahyr däldigini hiç bir ikirjeňlenmän, göni hem açyk aýtdy, aýdan zatlaryny-da ynandyryjy subut etdi. Şol pikirini Magtymgulynyň 1948-nji ýylda Moskwada rus dilinde çykan goşgular ýygyndysyna ýazan sözbaşysynda hasam ösdürdi” diýip, Ýe.E.Bertelsiň ylmy mirasyny taýýarlaýjy komissiýanyň sekretary, görnükli alym Gazanfar Alyýew “Türkmenleriň eý görýän alymy” atly makalasynda (“Edebiýat we sungat” gazetiniň 1965-nji ýylyň 9-njy iýunynda çykan sany) belläp geçdi. Bu alym şol makalasynda Ý.E.Bertelsiň “Türkmen halkynyň geçmiş edebiýaty” (gadymy zamanlardan tä XVIII asyra çenli) (“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1944-nji ýylyň 9-10-njy sanlary) işine uly baha bermek bilen, şeýle ýazdy: “Ýakyn Gündogaryň halklarynyň medeniýetini änigine-şänigine çenli öwrenen Ý.E.Bertels ”Türkmenler taryhy prosesiň ösüş güýji bilen taryhyň aýry-aýry zamanlarynda dürli-dürli dillere ýykgyn etmäge mejbur bolupdyrlar”. Ol şunuň bilen türkmen edebiýatyndan işleýän alymlary ylmy gözleglerde diňe türkmen dilindäki ýazuw ýadygärliklere kökerlip oturmazlyga çagyrdy. Onuň özü-de ilkinji çeşmeleriň esasynda bir tarapdan, beýleki goňşy halklaryň edebiýatynyň arabaglanyşygyny ýüze çykardy. Hut şunuň üçinem, Ý.E.Bertels edebi aragatnaşyklaryň şu taryhy häsiýetlerin den gelip çykýan biri-birine baglanyşykly ylmy meseleleriň bütewiligini öwrenmegi türkmen filologlarynyň gaýragoýulmasyz işi hasaplady, özi-de ol şunuň hut şeýle edilmelidigini ylmy nukdaý nazardan esaslandyrdy. Şu jähtden türkmen edebiýatynyň taryhynyň Baýram han, Ýolgüli Anisi, Barhudar türkmen hem şuňa meňzeşler ýaly atly-abraýly şahyrlaryň hasabyna baýlaşandygyny-da aýtmak bolar. Ý.E.Bertels türkmen edebi diliniň düýpli meselelerin-de az üns bermändir. Türkmen lingiwistlerinden, edebiýatçylaryndan filologiýa ylymlarynyň doktorlary, professorlar P.Azymowyň, B.Garryýewiň, A.Poseluýewskiniň, M.Hydyrowyň, P.Alyýewiň, Z.Muhammedowanyň işlerini ol golýazma görnüşinde okabam, nähili syntgylamalydygynyň ýollaryny görkezdi. Iň bärkisi, B.Uspenskiý bilen B.Belýaýewiň 1928-nji ýylda Moskwada neşir edilen “Türkmen sazy” (“Туркменская музыка”) atly iki tomluk kitabynyň kämil çykmagynda hem Ýe.E.Bertelsiň hyzmaty az däldir. Bu barada kitaby ýazan girişinde B.Belýaýew şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Kitap üçin ýygnanan maglumatlary içgin öwrenmegime Türkmenistana belet prof. A.N.Samoýlowiç, prof. Ý.E.Bertels, hoşgylaw we göwnaçyk N.N.Ýomutskiý we Anna Garajaýew (onuň ilkinji nobatda B.A.Uspenskiniň ýazgylaryndaky türkmen saz eserleriniň tekstlerini anyklamakda uly kömegi degdi) bilen yzygider söhbetdeşliklerim uly goltgy boldy. Şeýle hem, K.K.Ýudakin we başgalar, hem-de doktor Genri Jor Farmer bilen alşan hatlarymyzyň belli bahasy bolmady. Bu adamlara men öz aýratyn minnetdarlygymy bildirýärin. A.N.Samoýlowiç, Ý.E.Bertels bulardan daşgary hem olar tutuş golýazmany gözden geçirdiler hem-de meniň üçin örän ýerlikli maslahatlary berdiler we bellikleri etdiler.Olar işiň şowly bolmagyna hemaýat berdiler.Bu adamlardan başga-da Çaýgysyz Atabaýew, Bäşim Pereňliýew, Kümüşaly Böriýew we B.B.Stepanow meniň işime aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Olar işiň şowly bolmagyna hemaýat berdiler “ diýp ýazdy. W.Belýaýew öz makalasynda kitap üçin jan çeken adamlaryň hatarynda A.P.Poseluýewskiniň, Bekgi Berdiýewiň (kitaby rus diline geçirenler), Muhammetmyrat Nepesliýewiň, P.K.Garabekowyň atlaryny mähribanlyk bilen ýatlap geçipdir. Kitapda Ý.E. Bertelsiň ady birnäçe gezek ýatlanylyp geçilipdir. Alymyň şirwan perdä, zaryn perdä, lal perdä düşündiriş berende Bertelsiň pikirine salgylanandygyny hem aýtmalydyrys. Indi Magtymgululy gürrüňimize dolanyp geleliň.Türkmen edebiýatynyň gadymy nusgalaryny, şöhratly sahypalaryny dünýä ýaýmakda, edebiýatymyzyň öňünde bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlar bitiren alymlaryň atlary, edebiýatyň taryhyna ymykly girdi. Bertels ömrüniň köp bölegini pars-täjik edebiýatyny, türki halklaryň edebiýatyny we medeniýetini öwrenmek meselesine bagyşlady. Alym Gündogaryň beýik pähimdar şahyrlary Rudakynyň, Ferdowsiniň, Unsurynyň, Hakanynyň, Nyzamynyň, Emir Hosrowyň, Fahrdeddin Attaryň, Hapyzyň, Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Fizulynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki ussatlaryň döredijiligini düýpli öwrendi. Işimiziň başynda Ý.E.Bertelsiň 1890-njy ýylyň 13-nji fewralynda Peterburg şäherinde dünýä inendigini aýdypdyk. Ol 1920-nji ýylda Peterburg uniwersitetiniň Gündogar dilleri fakultetini gutaryp, magistirlik ekzamenlerini tabşyrany üçin uniwersitetde alyp galýarlar. 1928-nji ýylda uniwersitetiň professory, 1939-njy ýylda SSSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy bolan bu alym 1944-nji ýylda Özbegistan SSR-niň, 1946-njy ýylda Täjigistan SSR-niň Ylymda at gazanan işgäri bolýar. 1948-nji ýylda Ýe.E.Bertels Nyzamy hakyndaky monografiýasy üçin SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Ýe.E.Bertels 1951-nji ýylda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň, 1955-nji ýylda bolsa Özbegistan YA-nyň hormatly agzalygyna saýlanýar. Bu dünýä derejesindäki alym 1944-nji ýylda Eýran Yslam akademiýasynyň habarçy- agzalygyna, 1956-nji ýylda bolsa Damaskdaky Arap YA-nyň habarçy-agzalygyna saýlanýar. Orta hem Ýakyn Gündogar halklarynyň medeniýetiniň taryhy bilen içgin gyzyklanýan Ýe.E.Bertels Ferdöwsi, Nyzamy, Jamy, Nowaýy ýaly ägirtleriň durmuş hem döredijilik ýollary bilen bir hatarda, sufizm hem sufizm edebiýaty barasynda düýpli işleri taýýarlaýar. Olaryň sanawy 500-den hem geçýär. SSSR YA-nyň taryh ylymlary bölüminiň karary boýunça akademik M.I.Konradyň ýolbaşçylygynda Bertelsiň ylmy mirasyny taýýarlaýan we neşir edýän komissiýa döredilip, görnükli alymyň saýlanan eserleriniň alty tomlugy neşir edildi. Ýe.E.Bertels türkmen edebiýaty barasyndaky hyzmatlary çäksiz uludyr. Onuň Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy baradaky oýlanmalary türkmen edebiýatyny dünýä arenasyna çykarýar. Onuň “Türkmen halkynyň edebi geçmişi” atlandyrylan düýpli işi türkmen edebiýatynyň taryhynyň prospektine öwrülip, alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Akademik A.Samoýlowiç Magtymgulynyň goşgularyny doly öwrenmek üçin tankydy tekstiň zerurlygyny aýdan ilkinji alymdy. Ol: “Magtymgulynyň goşgy-aýdymlaryny ylmy taýdan doly derňemäge girişmek üçin ilki bilen onuň eserleriniň tankydy neşirini edinmek gerek, olam bizde şu çaka çenli ýok, ony beýle tiz wagtda taýýarlabam bolmaz” diýipdi. Tankydy tekstiň hökmandygyny A.Samoýlowiç bilen birlikde Ýe.Bertels hem ýanjap-ýanjap aýdypdy. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda Bertelsiň şägirdi, ürkmen edebiýatçysy Ahmet Ahundow Gürgenli “Magtymguly we onuň döredijiligi” atly iş ýazypdyr. Ýewgeniý Eduardowiç şol işe gaty belet eken. Ol aýry-aýry wagtlarda işiň üç wariantyna üç sany syn ýazypdyr. 1936-njy ýylyň 24-nji maýynda ýazan ikinji synynda ol: “Diňe tankydy göz bilen barlananteksti edinenden soň ol ýa-da beýleki awtoryň döredijiligi dogrusynda ylmy taýdan esaslandyrylan netijelere gelmek mümkin. Şeýle tankydy tekstiň bolmasa, ýeterlik ygtybarly binýady bolmadyk tankydyň ähli delilleri howada howalanar durar” diýipdir. Ýewgeniý Eduardowiç şol ýylyň 18-nji sentýabrynda A.Ahundow-Gürgenliniň gürrüňi edilýän işine üçünji gezek syn ýazýar. Şol synynda ol ýene-de tankydy tekstiň gürrüňini edýär. Hususan aýdanyňda, ol şeýle ýazýar: “Şunuň ýaly analize girişmezden öň, ägirt uly taýýarlyk işlerini geçirmek gerek, teksti tankydy taýdan barlamak gerek, analiz edýän eseriň hut şol awtoryňkydygyna ynanmak gerek” . Üçünji synda ýazylyşyna görä, A.Ahundow-Gürgenliniň“Magtymguly we onuň döredijiligi” diýen işine professor Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsiň göwni ýetipdir. Magtymgulynyň eserleriniň tankydy tekstini düzmek meselesi ýigriminji ýyllardan başlap, edebiýaty öwreniş ylmynyň hiç haçanam gün tertibinden düşmändir. Gaty köp wagt geçendigine garamazdan, tankydy teksti biz şu çaka çenli hem edinip bilemzok. Tankydy tekst ýok diýip, gol gowşuryp oturmagam geçirimsiz hatadyr. A.Samoýlowiç bilen Ýe.Bertels hem tankydy tekstiň ýokdugyny bahanalap, Magtymguly hakynda, umuman, türkmen klassyk edebiýaty barada hiç zat ýazman ýörmändir, olar ýazypdyr, onda-da gowy zatlar ýazypdyr. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň sufizmden azat bolmandygy hakda-da Samoýlowiç belläp geçipdi. A.Samoýlowiçiň aýdyşy ýaly, “Hywada dini tälim alan türkmen şahyry Magtymgulynyň köne horezmli sufistleriň, hususanam Hekim Atanyň edebi eserleri bilen baglanyşyklydygy jedelsizdir ”. A.Samoýlowiç Magtymgula sufizmiň täsiri hakynda gürlände Hoja Ahmet Ýasawynyň, Süleýmän Bakyrganyň atlaryny-da köp agzaýar. SSSR Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy Ýe.Bertels: “Onuň ömrüniň şondan soňraky ýyllary dogrusynda hiç hili anyk maglumat galmandyr. Onuň duşmanlaryň eline birnäçe gezek ýesir düşenligi hakynda, öz ugurtapyjylygy bilen şol ýesirlikden özünem, doganynam boşadandygy hakynda rowaýatlar bar. Elbetde, ol rowaýatlarda bolubilmejek zatlar ýok, ýöne ol rowaýatlar dürli-dürli halklaryň folklorynyň äheňleri bilen eýlenipdir, onsoň olar hakyky wakalara gabat gelýärmikä beri” diýýär. Her näme-de bolsa Ýe.Bertels şahyr ýesirlikde bolupdyr diýen pikire ýykgyn edýär. Öňde ýatlap geçişimiz ýaly, filologiýa ylymlarynyň doktory Halyk Görogly hem Magtymgulynyň, Meňliniň duşmanlara ýesir düşendigini aýdýar. Alymlaryň şu pikiriniň hakykata laýykdygyny şahyryň öz eserleri-de tassyklaýar. “Gördüňmi?”, “Ýar bizim sary”, “Bir işe ulaşdy”, “Ýar senden”, “Bendi boldum”, “Armanym galdy”, “Nägehan pyrak”, “Gözlär men”, “Hijran”, “Ýoluny” ýaly şygyrlary ünsli okanyňda, Ýe.Bertelsiň diýýäniniňem, H.Göroglynyň diýýäniniňem janynyň bardygyna ynanýarsyň. Türkmen pedinstitutynyň professory A.P.Poseluýewskiniň tagallasy bilen 1940-njy ýylda şol wagtky Leningrada, Ýe. E. Bertelsiň ýanyna aspirantura ugradylan Nagym Aşyrow, Hojaberdi Hanow, Ahmet Gürgenli uly alymyň ýaňy bir tälimini alyp ugran wagty uruş turup, olar meýletinlik bilen fronta gidýärler. Olaryň ylmy ýolbaşçy-da görnükli sowet alymy Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsdi. Ýaş alymlar Leningrada okuwa gaýtmankalar Türkmenistan döwlet ylmy-derňew dil-edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işläpdirler. Türkmen döwlet pedagogik institutyndada okapdyrlar. 1940-njy ýylyň iýul aýynda hem olary Halk magaryf komissarlygyna çagyrypdyrlar we Leningrada okuwa ibermek barada pikir aýdylypdyr. Hem alym, hem ýazyjy Nagym Aşyrow öz halypasy hakynda bize örän gymmatly maglumatlary goýup gidipdir. Türkmen alymlarynyň hiç biri-de uly alymyň sapaklary hakynda jikme-jikligi bilen ýazgy galdyrmandyrlar. Şonuň üçinem biz işimiziň şu ýerinde Nagym Aşyrowyň dünýä ylmynda ady belli alym hakdaky ýatlamasyndan peýdalanmagy göwnemakul bildik: “... Professor Bertels bilen duşuşygymyz baran günümiziň ertesi sagat 10-a bellenipdi. Biz onuň bilen öňem tanyşdyk, şoňa garamazdan, tolgunýardyk: “Näme diýerkä, näme sorarka?” diýen sowallar bizi tolgundyrýardy. Nähili ýatanymyzy, nähili turanymyzy-da bilmän galdyk. Instituta baranymyzda sagat 9 hem bolmandy. Ýewgeniý Eduardowiç bolsa sagat 10 töwereklerinde geldi we dogry öz kabinetine tarap geçdi. Ol orta boýlurak, inçemik adamdy. Sag elinde uly, sary portfeli bardy, portfel agyr bolmaga çemeli, onuň egnini aşak basýardy.Şondan soň Aşgabatdan baran ýigitler bilen pus professorynyň arasynda şeýle gürrüň bolup geçipdir. Aradan 80 ýyl töweregi wagt geçen bu wakanyň jikme-jikligi bilen gündogary öwreniji alymyň ömri bilen gyzyklanýanlar üçin belli bahasynyň ýokdugyny nazarda tutup, ony giňişräk bermegi makul bildik. “Okuwlaryň ýagdaýy hakynda siziň anyk bir zat eşidesiňiz gelýändir. Bu hakda biz gürleşdik. Sizi akademik Kraçkowskiý arap edebiýatyndan, professor Kononow türki dillerden we beýleki görnükli alymlar okadarlar. Meniň özüm bolsa Eýran we Orta Aziýa halklarynyň edebiýatynyň taryhyndan okatmakçy. Siz XVIII-XIX asyr we häzirki zaman türkmen edebiýaty barada iş alyp barýarsyňyz, emma gadymy döwürden entek düýpli bir iş edeňzok. Ine, biz öz leksiýamyzy şondanam başlarys. Belki, meniň aýtjak zatlarym size şol döwri öwrenmäge kömek eder. Ertirden başlap kitaphana gatnarsyňyz. Eýran we Orta Aziýa halklarynyň, birinji nobatda hem türkmenleriň edebiýatyna degişli materiallary okap başlarsyňyz. Siz tekstologiýa boýunça ýörite iş geçirmeli bolarsyňyz. Çeper eserleriň tekstini bilmek, sözleriň asyl we göçme manysyny öwrenmek biziň işimizde möhüm rol oýnaýar. Teksti gowy bilmeseň, özüňi edil garaňky tokaýda gezip ýören ýaly duýýarsyň – onsuz original pikiriňem bolmaz, gowy kitabyňam. ...Şeýdip, biz uly ýola düşdük, bar güýjümizi jemläp, bilim almaga girişdik. Her günki gyzykly gürrüňler, täze maglumatlar biziň gözýetimimizi giňeldip başlady. Ylaýta-da, bizi gyzyklandyrýan sapak, Orta Aziýa halklarynyň edebiýaty boldy. Bu kurs arkaly biz özümizi köpden bäri gyzyklandyrýan meseleleriň üstünden bardyk. Şonuň üçinem her gezekki leksiýa wagtynda köp sanly sorag ýüze çykýardy. Ýewgeniý Eduardowiç bolsa howlukman, biziň soraglarymyza jogap berdi: Ilkinji berlen sowallaryň biri türkmen halkynyň geçmiş edebiýaty barada boldy. Bu sowala Ýewgeniý Eduardowiç şeýleräk jogap berdi: – Türkmenleriň geçmişde örän gowy we özboluşly edebiýaty bolupdyr. Türkmenleriň klassyky edebiýatynyň gowy däpleri köşk edebiýatynyň täsirinde bolman, halk döredijiliginiň çeşmeleri esasynda ösendir. Bu edebiýatyň gowy nusgalary, progressiw ugry halkyň çarwa we oturymly durmuşy bilen baglanyşykly bolupdyr. Meniň pikirimçe, bu ýagdaý türkmen edebiýatynyň milli özboluşlylygyny kesgitleýän esasy faktorlaryň biridir. Munuň özi siziň edebiýatyňyzyň gös-göni gowy tarapydyr...” Suratda: Ýe.E. Bertels. Gürrüňi edilýän döwürde Magtymguly Pyragynyň ýubileýini bellemek üçin, 1940-njy ýylyň maýynda ýörite respublikan komitetiň döredilendigini hem şu ýerde ýatlap geçsek ýerlikli bolar. Şu mynasybetli şahyryň eserlerini ýygnamak hem öwrenmek üçin uly iş geçirilipdir. Iň esasysy – onuň juda belent şahadygyny hemmeler ykrar edip başlady. Eýýäm «Aýgytly ädim» romany bilen tanymallyk gazanan Berdi Kerbabaýew öz makalasynda Magtymgulyny indi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki halklarynyň hem tüýs ýürekden eý görýän genial klassygy hökmünde häsiýetlendiripdi . Soňra terjimeçi şahyr Mark Tarlowskiý Magtymgulynyň liriki goşgularynyň ilkinji rusça ýygyndysyny taýýarlapdy. 1941-nji ýylda Moskwada çykarylan bu kiçeňräk kitabyň terjimesiniň golýazmasy ara alnyp maslahatlaşylanda, paýtagtyň ýazyjydyr alymlary Gündogaryň şahyrlary hakda emele gelen düşünjeleri biçak giňeldýän hem özgerdýän türkmen klassygynyň eserlerine haýran galýandyklaryny ýaşyrmadylar. Bu ýygyndy şahyryň adynyň hem eserleriniň ýurdumyza ýaýramagyna gürrüňsiz ýardam etdi, emma, arman, onuň terjimesi originaldan sowarak geçýärdi. «Magtymgulynyň poeziýasynyň ýowuzlyk çaýylan kuwwatyny, şahyryň ýürek awusyny hem ýitiligini» doly berip bilmeýärdi. Hut urşuň gazaply örküjinde, 1943-nji ýylda, professor B. Garryýewiň şahyryň watançylyk temasyna bagyşlap, «Sowet edebiýaty» žurnalynda ýörite makala bilen çykyş etmegi-de ýöne bir «urşuň etdiren zady» däldi. Munda klassygyň goşgularyndaky watançylyk, agzybirlik, birleşmek ideýalary, onuň ata-watanyňy, il-halkyňy goramak ideallary beýan edilýärdi. Bir ýyl yz ýanyndan şol žurnalda SSSR YA-nyň habarçy agzasy, ýurtda belli gündogarşynaslaryň biri Ýe. E. Bertelsiň işi peýda bolýar. Alym türkmen klassygynyň öz çeper döredijilik prinsiplerini we ideallaryny aňladan eserlerine özboluşly bir syn berýär. Şol prinsiplerde alym öz şahyrana döredijiliginde çeper sözüň iň asylly maksatlaryna gulluk eden – öz halkyna jan-teni bilen hyzmat edip, ýamanlygy, zorlugy ret eden, gowulygy hem gözelligi wasp eden akyldaryň kämilligini görýär. Awtor şahyrana sözüň adamlara näme bermelidigine, onuň nähili mana galyplanmalydygyna, nädip göwünleri galkyndyrmalydygyna hem galpyldatmalydygyna, şunda ol sözi ýaradyjynyň paýyna nähili jogapkärçiligiň düşýändigine düşünişi we muňa uýşy taýdan Magtymgulyny ilkinji gezek Puşkin, Rustaweli, Jamy, Nyzamy, Nowaýy ýaly sütünler bilen bir hatarda goýupdy. Alymyň çykaran netijeleriniň biziň klassygymyzyň diňe öz halkynyň däl, beýleki doganlyk halklaryň ruhy medeniýetinde hem eýeleýän ornuny obýektiw kesgitlemekde möhüm prinsipial ähmiýeti bardy. Ylaýta-da onuň türkmen şahyrynyň döredijiligine Orta Aziýa poeziýasynyň ýönekeý bir hadysasy hökmünde garaman, onuň köp dürli we ýaşyryn manyny özüne siňdiren her sözüniň magadyna ýetmek, akyl ýetirmek üçin ony pugta öwrenmegiň zerurdygy hakyndaky netijesi döredijilikli oýlanmaga giň meýdan açýardy. Bu ýerde TSSR YA-nyň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, şahyr hakda ýörite ylmy işleri bilen tanalýan merhum Z. B. Muhammedowanyň Magtymgulynyň goşgularyny içgin okap öwrenmegiň özüne A. S. Puşkiniň «Arion», «Ançar» ýaly şygyrlarynyň syrly manylaryny açmaga mümkinçilik berendigini boýun alşyny ýatlamak hem ýerlikli bolsa gerek. Şeýdip, her kim bu uly poeziýa bilen içgin gatnaşyk açyp hem ysnyşyp, özüne açyş edýär, şahyryň pikir genjiniň täsinliklerine aralaşýar. Şu jähetden biziň klassygymyz iňňän gadymyýetden gelip ýeten ýazgyly daşlara çalym edýär: olardaky harplaryň we belgileriň manysyna düşündigimizçe, biz has köp habar bilýäris, şonça-da köp syr bize aýan bolýar. 1945-nji ýylda Moskwada şahyryň goşgularynyň rusça terjimesi çykaryldy. Terjimeçi Georgiý Şengeli şahyryň pikir goýazylygyny, obraz ezberligini rus okyjysyna mümkingadar doly ýetirmek üçin kän yhlas edipdi, muňa onuň türkmen şahyrlary, edebiýatçy alymlary bilen ýakyn döredijilik gatnaşyklary hem ýardam beripdi. 145 goşgy girizilen bu saldamly ýygynda ýazan sözbaşysynda Ýe. E. Bertels türkmen klassygyny biçak görnükli şahyr hökmünde häsiýetlendirip, onuň döredijiligi «diýseň köp taraply we Ýakyn Gündogaryň poeziýasynyň adatdaky kanonynyň çägine syganok» diýip ýazýar. Halkyň durmuşy we ruhy bilen örän çuňňur baglanyşykly bu poeziýany döredijä «türkmen halkynyň ynsaby»diýmek bolar. Soňa ol Magtymgulynyň şygyrlaryny okanynda, «Asyrdan-asyra tükeniksiz jebir-horluklary egni bilen çekip gelip, bu gün beýik Soýuzymyzyň doganlyk maşgalasynda azat hem bagtly durmuşda ýaşaýan türkmen halkynyň hut ýüregini açýarsyň» diýip belleýär. Magtymgulynyň «ojagynyň ýylysy» barha özüne çekýärdi. 1948-nji ýylda şahyryň rus dilinde çykarylan kitabyna 335 goşgy girizilip, oňa A. Tarkowskiý, M. Tarlowskiý we G. Şengeli ýaly terjimeçiler gatnaşdy. Pyragynyň bu «uly diwany» mynasybetli, Ýe. E. Bertels özüniň türkmen poeziýasynyň patriarhy hakdaky pikirlerini has anyklaşdyryp we çuňlaşdyryp, onuň mirasynyň gadyry gaçmajak belent sypatlaryny ýene-de nygtady, oňa «biziň günlerimizde öz röwşeni bilen gözüňi gamaşdyrýan gymmatbaha daşlaryň biri» hökmünde baha berdi. Terjimeçi Arseniý Tarkowskiý Magtymgulynyň ägirt döredijiliginden her kimiň öz göwnüne laýyk zady tapyp biljekdigini, onuň şygyrlaryny dykgatly okadygyňça, olara kalbyny siňdiren akyldar şahyryň keşbiniň gözüň öňünde beýgelip barýandygyny belläpdi. Işimiziň şu ýerinde belli alym Ýe. E. Bertelsiň aspiranty filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammet Gurbansähedowyň öz halypasy hakyndaky ýatlamasyna diň salalyň. (Bu söhbeti men merhum alym bilen Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda bile işlän döwrümiz- 2009-njy ýylda öz dilinden eşidipdim we onuň şeýle ýatlama bilen metbugatda çykyş etse-de täsirli bojakdygyny ýaňzydypdym –A.Ç.): -- 1954-nji ýylyň güýz aýlarydy. Oba mekdebiniň mugallymy bolup işleýärkäm, aspirantura gitmek üçin ekzamen tabşyrypdym. Okuwa alnanlygym hakdaky şatlykly habar meni bada-bat Aşgabada getirdi. Gündogary öwrenişi beýik alym Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsiň meniň aspirantlyk işime ýolbaşçylyk etmäge razylyk berendigini hem guwanç bilen habar berdiler. Moskwa şäherinde şol tolgundyryjy duşuşyk SSSR Ylymlar akademiýasynyň Gündogar öwreniş institutynda bolupdy. Bölüme ýolbaşçylyk edýän örän saýhally, ýuwaşja gürrüň edýän çokga sakgal bu adam şeýle bir ýönekeý ekeni, onuň bilen gürrüňimiz alyşdy ötägitdi. Niräni gutaranyma, näme işleýänime, häzir nirede ýerleşenime çenli soraşdyryp, bir hili özüne öwrenişdirdi oturyberdi. “Ýokary okuw mekdebini gutaranyňda arap, pars dillerinden ekzamen bermedik bolsaň, sen bu gyssagarada ähli wagtyňy olara harçlajak bolup oturma-da, häzirlikçe MTU-nyň professory Ş. Aýlarowyň türk dilinden berýän leksiýalaryna gatnap, ekzamen tabşyrarsyň. Arap, pars dilleriniň bolsa soň ýörite kurslaryny geçip, yzygiderli öwrenersiň, olar seniň ikinji ene dilleriň bolar” diýdi. “Ine, häzirlikçe şu zatlar bilen meşgullan, tema barasynda bolsa, entek türkmen edebiýaty gozgalman duran meseleleriň uly ummanynda dur. Geregiň tema bolsun, aralaşmaly meseleleriň agramy öňdedir” diýip, halypa sözlerine dyngy berdi. “Sen bölümin maslahatlaryna yzygiderli gatnaşarsyň, galan wagtyňy bolsa ýurdumyzyň baş kitaphanasynda geçirersiň. Tanyş bolmaly edebiýatlaryň sanawyny bolsa, şu gün saňa gyzlar gowşurar” diýipdi. Saglyk ýagdaýynyň barha gowşamagy halypa alyma bölümiň maslahatlarynyň birnäçesini öýünde geçirmeli etdi. Munuň bilenem ýagdaý gowulaşmady. Ine, şol günleriň birinde-de alymlar dünýäsi Ýe. E. Bertels bilen hoşlaşmak üçin Gündogary öwreniş institutynyň giň zalyna ýygnandy. Halypa alym bilen hoşlaşyk pursatyny synlamak aňsat däldi. Atlaryny eşidýän alymlarymyz bilen bir hatarda, biziň üçin näbelli, ýöne dünýä meşhur alymlaryň gürrüňlerini dinlemek maňa ýeňil düşmeýärdi. Ine, şol wagt türkmen alymy, professor Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew halypanyň başujunda peýda boldy. Ol halypasynyň eden hyzmatlarynyň Orta Aziýa halklarynyň edebiýatlarynyň, türkmen halkynyň, parsy dilli halklaryň edebiýatlarynyň möhüm meseleleri barasyndaky belli-belli işlerini ýatlamak bilen üstüni ýetirdi. Şol günki ýaly aýralyk pursatynda elewräp duran öz ildeşimiziň şunuň ýaly gürrüň etmeginden birhili rahatlyk tapynan ýaly boldum. Häzirem men wagt-wagt ilkinji ýolbaşçym Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsiň maňa ylmy ýolbaşçy bolmak barasyndaky razylyk hatyny öwran-öwran okap, doktorlyk diplomymyň gapdalynda goýýan”. M. Gurbansähedow şondan soň Moskwada aspirantura möhletini tamamlap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alandan soň Aşgabada dolanyp gelip, Edebiýat institutynda işe başlapdyr. Şonda institutyň direktory ýaş alyma: “Bu wagt bir ýylyň ortasy, täze temany ýylyň başyndan alarsyn, häzir bolsa türkmen edebiýatynda taýýarlanýan bir tomluk taryh üçin Ýe.E.Bertelsiň “Literaturnoýe proşloýe turkmenskogo naroda” diýen işini terjime etmeli diýensoň, ol bu işe höwes bilen girişipdi. Ol şo wagt institutyň ylmy işgäri bolup işleýän Aýna Garryýewa bilen bilelikde bu işiň terjimesini ýerine ýetiripdir. Ýe.E.Bertelsiň düýpli ýazylan bu işi türkmen edebiýatynyň bir tomluk taryhy kitabyna ýerleşdirilipdir. *** Ýe.E.Bertels ilkinji ädimlerinden başlap, öz ylmy ukybyny pars-täjik edebiýatyna bagyşlapdyr. Muny onuň Feridetdin Attara bagyşlap ýazan köp sanly ylmy işlerinden hem bilip bolýar. Elbetde, Attar hakynda Bertelsden öňem Günbatar alymlarynyň işleri bar. Ýöne Bertels olardan tapawutlylykda, Attary we onuň döwrüni çuňňur öwrenipdir . Ýe.E.Bertelsiň ýazmagyna görä, Feridetdin Attar 1150-nji ỳylda (käbir maglumatlarda 1141-nji ýylda-A.Ç.) Nişapur şäheriniñ eteginde, dermanhanaçynyñ maşgalasynda dünỳä inipdir. Onuñ kakasy gurply bolansoñ, ol öz ogluny okadypdyr. Feridetdin ỳaş wagtlary ylmyñ dürli ugurlary boỳunça ỳeterlik bilim alypdyr. Aỳratynam ol din ylmyna, medisina uly höwes bildiripdir. Aỳratynam ol Abu-Aly ibn Synanyñ lukmançylyk baradaky işlerini gowy öwrenipdir. Maglumatlara görä, Şyh Attar tutuş ömrüni Nişapuryñ eteginde geçiripdir. Ol özüniñ ỳazmagyna görä, köp eserlerini atasyndan özüne galan dermanhanada oturyp ỳazypdyr. Attar - dermanhanaçy diỳmegi añladỳar.Attaryñ jahankeşde bolandygy, onuñ esasan musulman Gündogar ỳurtlaryna, Ýegipte, Hindistana syỳahat edendigi hem mälimdir. Şondan soñ ol ỳene-de dogduk mekanyna – Nişapura dolanypdyr. Ömrüniñ ahyryna çenli hem şol ỳerde ỳaşapdyr. Attar 1229-njy ỳylda wepat bolupdyr. Bu barada Bertels şeýle rowaýata ýüzlenipdir: rowaỳatdan görnüşi ỳaly, ol mongollaryñ elinden wepat bolupdyr. Bir mongol Attaryñ kimligini bilmän, gul hökmünde satarman bolỳar. Gojany 1000 dirheme bahalaşỳar. Şonda Attar özüni hakyky bahasyna satmaklaryny soraỳar. Şonda ony bir petde samana dileỳärler weli, dälilik hetdine ỳeten mongol şahyry gylyçdan geçiripdir. Attaryň ölümi bilen baglanyşykly bu waka çynmy ỳa ỳalan, belli däl.Ýöne şeỳle rowaỳat bar. Onda mongol tarapyndan öldürilen Attaryñ mazarynyñ Nişapurdan ep-esli uzaklykda ỳerleşỳän Könekesir obasynyñ golaỳynda ỳerleşmegi nämedenkä? 25-30 ỳyl mundan öñ metbugat sahypasynda Attaryñ mawzoleỳi hakyndaky habary okanym ỳadymda. Şol habarda bu parasatly adamyñ hatyrasyna Eỳranda we Samarkantda mawzoleỳleriň bardygy aỳdylỳardy. Şonda men bir adama hatyralap birnäçe mawzoleỳiñ gurlandygyny haỳran galypdym. Bu gün bolsa biziñ obamyzdaky il arasnda Şyhattar ady bilen belli biziň obamyzdaky mawzoleỳine zyỳarata gelip gidỳanleriñ sany köpelmese azalmaỳar. Öz döwründe uly şyhlaryñ hatarynda tanalan Attaryñ bu ugra ỳykylyşy barada Bertels şeỳle rowaỳaty ulanypdyr: “Bir gezek onuñ dermanhanasyna bir derwüş gelip, ondan bir zatlar soranda Attar sesini çykarmandyr. Derwüş uludan demini alyp, daşyna garanjaklapdyr. Şonda Attar ondan näme beỳle gaỳgy-gama batanyny sorapdyr. “Maña ölmek añsat, sebäbi meniñ hiç zadym ỳok. Dat seniñ günüñe” diỳip, derwüş aỳdypdyr. Attar: “Sen nähili ölseñ, menem şeỳle edeỳin” diỳse, onda derwüş: “Meniñki ỳaly ölmegi başararmykañ?!” diỳip, egnindäki hyrkasyny başujyna ỳassyk edip, uzyn düşüp ỳatyberỳär. Ol “Ýa, Alla!” diỳip hem jan beripdir. Attar bu ahwalaty görüp, añk bolup galypdyr we öz dermanhanasyny ỳapyp, çykyp gidipdir. Ähli mal-mülküni terk edip, galan ömrüni takwalykda geçirenmiş. Bertels “rowaỳata görä, Attar bir ỳüz on dört ỳaşapdyr. Belki-de, bu onuñ keramatlydygyny nygtamak üçin, Gurhanyñ bir ỳüz on dört süresiniñ sany bilen baglanyşdyrylan bolmagy ähtimaldygyny” belläp gaçipdir . Gündogarda gadymdan gelỳän şeỳle bir rowaỳat bar.Bu rowaýaty Attar ilkinji gezek goşgy setirlerine geçiripdir. Soň muny Nyzamylmülk öz “Syỳasatnama” kitabynda şeýle ulanypdyr: Nowşirwan Adyl bir gün atyna atlanyp, golaỳ-goltumlary bilen awa çykypdyr. Ol bir obanyñ deñinden geçip barỳarka, togsan ỳaşly gojanyñ ỳere hoz agajyny oturdyp durandygyny görüpdir. Nowşirwan muña añk-tañk bolupdyr, sebäbi hoz agajy diñe ỳigrimi ỳyldan soñ miwe berỳän eken. Nowşirwan: - Eỳ, goja, sen hoz agajyny oturdỳarmyñ? – diỳip sorapdyr. - Goja: - Hawa, patyşahym! – diỳip jogap beripdir. - Miwesini iỳmek üçin sen ỳene näçe ỳaşarsyñ? - Öñküler oturdyp gidipdirler, biz iỳdik, biz oturdyp gideris, soñkular iỳerler. Bu jogap Nowşirwan Adylyñ göwnünden turupdyr. Ol: - Berekella – diỳipdir welin, gaznaçy derhal goja müñ dirhem beripdir. Goja: - Eỳ, sahyp, bu hoz agajynyñ miwesini, şeỳdip menden basym iỳen bolmady! – diỳipdir. Nowşirwan: - O nähili beỳle bolỳar? – diỳip sorapdyr. - Goja: - Eger men hoz agajyny oturtmadyk bolsam, patyşa-da bu ỳerden geçmedik bolsa, sadyk guluñyza bu zatlar miỳesser etmezdi. Eỳsem, men şeỳle jogap bermedik bolsam, men nireden müñ dirhemli bolaỳyn?! – diỳip jogap beripdir. - Berekella! Berekella! – diỳipdir. Gaznaçy derrew goja iki müñ dirhem beripdir, sebäbi Nowşirwan “berekella” diỳen sözi iki gezek gaỳtalapdyr” . Dünỳä edebiỳatynyñ dür däneleri Jelaletdin Rumynyň, Fizulynyň , Alyşir Nowaỳynyň… Attaryñ zehinine tagzym edendiklerini Bertels belläpdir. Ondan öwrenipdirler. Rumy heniz çaga wagty bu uly ussadyñ diwanlaryny yzygider okapdyr, olary ỳat bilipdir. Hatda ol on iki ỳaşlaryndaka kakasy Soltan Ulem bilen Horezmi taşlap gaỳdanlarynda Nişapura sowlup, Attar bilen görüşmän gidip bilmeỳärler. Olar Nişapura gelip, Attary soranlarynda, şahyryň din hadymlary tarapyndan ỳeretik pikirleri üçin ölüme hokum edilendigini, bu hökümiñem onuñ şäherden kowulmagy bilen çalşylandygyny eşidipdirler. Ataly-ogul het edip-hesip edip, Attary bir dagyñ gowagyndan tapypdyrlar we gürrüñdeş bolupdyrlar. Professor Ýe. E. Bertels Attaryñ bu agyr jeza höküm edilmegine onuñ dördünji halyf Aly hakynda “Täsinlikleriñ ỳüze çykmasy” (“Proỳawleniỳe çudes”) atly poemasyny ỳazandygy sebäp bolandygyny ỳazỳar. Görşümiz ỳaly, Şyhattar ỳaşynyñ soñunda öỳsüz-öwzarsyz galypdyr. Ýe. E. Bertels rowaỳata salgylanmak bilen, ol 1230-njy ỳyl töweregi wepat bolandyr diỳip çak edỳär. Ýeri gelende aỳtsak, Gündogaryñ dana ogly Şyhattaryñ döredijiligini öwrenmekde Ýe. E. Bertelsiñ aỳratyn hyzmatlaryny belläp geçipdik. Onuñ 1924-nji ỳylda “Ferideddin Attaryñ sufiỳkosmogoniỳasy” atly kitaby neşir edilipdir. Ol dürli döwürlerde onuñ Şyhattar hakyndaky makalalary ylmy neşirlerde çap edilipdir. Onuñ “Ferideddin Attaryñ poemasynyñ Leningrad döwlet jemagat kitaphanasyndaky gymmatly golỳazmasy”, “Attaryñ gazalynyñ bir düşündirişi hakynda” ỳaly makalary hem muña şayatlyk edỳär. Bertels ilkinji bolup Attaryñ “Bilbilnama” poemasyny rus diline geçiripdir. Ol öz makalalarynyñ birinde Garsen de Tassa tarapyndan Attaryñ “Mantik at-taỳr” poemasynyñ 1857-nji ỳylda Parižde neşir edilendigini hem ỳazypdyr. Ol Attary Günbatarda onuñ esasan üç eseri bilen, ỳagny iki sany poemasy – “Maslahatnama”, “Guşlaryñ söhbeti” hemem “Öwlüỳäler hakynda ỳatlama” atly bir kyssa eseri bilen tanalỳandygyny aỳdỳar. Attaryñ eserlerinde dürli mazmunly hekaỳatlar, tymssallar agdyklyk edỳär. Bu onuñ döredijilik aỳratynlygydyr. Alyşir Nowaỳy ỳaş wagtlary pars, azerbeỳjan edebiỳaty bilen gaty içgin gyzyklanypdyr, 10-11ỳaşlarynda Saadynyñ “Gülüstan”, “Bostan” poemalaryny ỳatdan bilỳän eken. Alyşir Ferideddin Attaryñ “Mantik at-taỳr”( “Guşlaryñ söhbeti”) atly poemasyny şeỳle bir gyzyklanma bilen okapdyr. Bütin dünỳäni unudyp, soñabaka adamlardan gaçyp başlapdyr. Onuñ bu ỳagdaỳyny gören kakasy oglunyñ bu poemanyñ okamagyny mejbury gadagan etmeli bolupdyr. Emma bu giçdi. Sebäbi Alyşir poemany boỳdan-başa ỳat tutupdy. Nowaỳy Attaryñ bu poemasyny ömürboỳy gowy görüpdir. Ýaşy birçene baransoñ, Nowaỳy bu poema jogap edip “Lisan at-taỳr” (“Guşlaryñ dili”) atly eserini döredipdir. Munazar žanrynyñ däplerinde ỳazylan “Guşlaryñ söhbeti” poemasy Attaryñ hakdan içen şahyr bolandygyna güwä geçỳär. Bertels Jelaletdin Rumynyñ “Mesnewisiniñ” döremeginde-de hut Attaryñ eserleriniñ täsiri ỳetendigini belleýär.Attar özünden öñki ỳaşap geçen dana adamlara çuññur hormat goỳupdyr. 736-njy ỳylda Maryda doglan Abdyrahman Abdylla Mübärek al-Merwezä bolan hormat-sylagy çäksiz bolupdyr. Merwezi hem alym, hem şahyr. Ol 797-798-nji ỳyllarda ỳogalypdyr. Attar ony “ylymda, batyrlykda deñi-taỳy bolmadyk” hökmünde häsiỳetlendiripdir. Attaryñ “Tezkere-i-ewliỳe” (“Öwlüỳäler hakynda ỳatlama”) eseriniñ 1436-1437-nji ỳylda parsçadan çagataỳ edebi diline geçirilendigi hem täsindir. W.M.Nasilow XI-XV asyrlarda uỳgur ỳazuwyna bagyşlanan kitabynda Attaryñ terjime edilen bu eseriniñ golỳazmasynyñ Pariždäki Milli kitaphanada aỳawly saklanỳandygyny belläp geçỳär. Ýazyjy Radiỳ Fiş ỳañy ady agzalan kitabynda Attaryñ bir tymsalyny mysal getiryär: gadymy döwürde bir patyşanyñ ỳalñyz ogly bar eken. Patyşa ölenden soñ, onuñ tagtyna şol oglan geçmeli. Patyşa ỳa, oglunyñ baryp ỳatan akmakdygyna göz ỳetirip, tagt-a beylede dursun, iñ bir ỳönekeỳje işi-de ynanmak bolmajakdygyna berk ynanypdyr. Uzak oỳlardan soñ patyşa “heỳ, bolmanda pal atmagy-ha öwrener-dä” diỳip, ony alymlaryñ eline beripdir. Birnäçe ỳyl geçenden soñ, alymlar oglany köşge, patyşanyñ ỳanyna getiripdirler. “Ogluñyza pal atmagyñ ähli kada-kanunlaryny öwretdik. Mundan başga biziñ edibiljek zadymyz ỳok” diỳip aỳdỳarlar. Şonda patyşa ỳüzügini bildirmän eliniñ ayasynda gizläp, öz elinde näme barlygyny sorapdyr. Şazada gumuñ ỳüzünde birzatlar çyrşaşdyryp: “Öz-ä togalak içem deşik” diỳip jogap beripdir. “Elimdäkiñ dasky görnüşini dogry bildiñ! Indi onuñ näme zatdygyny hem aỳt!”diỳse, şazada pikirlenip-pikirlenip “Ol-a degirmen daşy!”diỳipdir. Oglunyñ bu jogabyna patyşa: “Öwrenen zatlañ güỳji bilen-ä elimdäki zadyñ daşky alamatlaryny bildiñ. Ýöne meniñ elime degirmen daşynyñ sygmajakdygyna weli akylyñ ỳetmedi” diỳip, jany ỳanypdyr. “Guşlaryñ söhbeti” diwanyndaky bu tymsalyny Attar Radiỳ Fişiñ ỳazmagyna görä, öz halypasy Mejitetdin Bagdadydan eşiden bolmaly .Bagdady Attara medisina barada, derman serişdeleri barada köp zatlary öwredipdir. Bagdady bilen Jelaletdin Rumynyñ kakasy Soltan Ulem bile bir ỳerde okapdyrlar. Bagdady soñ Horezm şa tarapyndan başy alnyp, derỳa taşlanylỳar. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Eýranda XIII asyryň beýik şahyry Ferideddin Attaryň “Guşlaryň söhbeti” atly poemasy kitap görnüşinde çap edilýär. Attaryň bu poemasy günbatar alymlary üçin täzelik däldi. Çünki eýýäm 1857-nji ýylda fransuz gündogary öwreniji alymy Garsen de Tassi bu golýazmany Parižde çap edipdir. Şondan alty ýyl geçenden soňam bu eseri fransuz diline terjime edip, ony fransuz okyjylaryna hödürläpdir. Eýranda pars dilinde neşir edilen “Guşlaryň söhbeti” fransuzça terjimesiniň lingiwistik we filosofik taýdan ýetmezçilikleriniň üstüni doldurypdyr. Elbetde, bu täzelik täjik–pars edebiýatynyň meseleleri bilen meşgullanýan Bertelsi we onuň Aziýa muzeýinde bile işleýän işdeş ýoldaşlaryny biparh goýmandyr. Şo günleriň birinde köne özbek dilinde ýazylan bir golýazma Bertelsiň eline düşýär. Bertels bu diwanda ilkinji gezek Nowaýynyň“Lisan-at-taýr”, ýagny “Guşlaryň dili” atly eserine duşupdyr. Bu eseriniň başynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Alyşir Nowaýy özüniň heniz on-on bir ýaşly oglanka Ferideddin Attaryň “Guşlaryň söhbeti” atly poemasyny nähili gyzyklanyp okandygyny we ony ýat tutandygyny ýazypdyr. Soň Bertels bu poema hakynda ýazylan işler bilen tanşyp, ýewropaly alymlaryň hemmesiniň ýazýan zadynyň bir pikire jemlenýändigine, ýagny Attaryň “Guşlaryň söhbeti” poemasyny Nowaýynyň türki diline geçirendigine jemlenendigini görýär. Ýöne weli Bertels bu eseri çuňňur öwrenenden soň, ýewropaly alymlaryň bu eser hakda gelen pikirleriniň nädogrudygyny subut edýär. Attar bilen Nowaýynyň poemalarynyňaýry-aýry eserlerdigini ilkinji bolup Bertels aýdýar. Edil şo wagrlar, 1927-nji ýylda Aý hasabyndaky kalendara görä, Nowaýynyň doglan gününiň 500 ýyllygyny bellemek karara gelnipdir. Akademik B.B.Bartold şu mynasybetli Nowaýa bagyşlap kitap çykarmagy göwnüne düwüpdir. Bir gezek akademik Bertelsiň işleýän Aziýa muzeýine gelen wagty, ol Bertelse “Siz Nowaýynyň bir poemasy bilen gyzyklanýardyňyz. Belki, Siz biziň kitabymyz üçin Nowaýynyň şo poemasy hakynda makala ýazarsyňyz” diýip teklip edipdir. Bartoldyň çapa taýýarlan bu kitaby “Mir Aly Şir” ady bilen 1928-nji ýylda Leningrad şäherinde çap edilipdir. Bertelsiň hem “Nowaýy we Attar” atly uly göwrümli makalasy ýaňy ady agzalan kitapda ýerleşdiripdir. Attaryň poemasyna bolan höwes Bertelsi Nowaýynyň ylym üçin uly ähmiýeti bolan “Hamsa” diwanynyň köne golýazmasyny hem halas etmegine sebäp bolýar. Bu waka şeýle bolup geçýär. Nowaýynyň döredijiligi bilen gyzyklanýandygy üçin 1930-njy ýylda Özbegistan Ylymlar akademiýasy Bertelsi özbek döwlet ylmy-barlag institutynda leksiýa okamak üçin, Özbegistanyň şo wagtky paýtagty Samarkanda çagyrypdyrlar. Institutam şo ýerde ýerleşýär. Iş saparynyň möhletiniň gutarýan wagtlary Bertels Özbegistan Magaryf halk komissarlygyna çagyryp, alymdan döwlet söwdasy edarasynyň ýerlerden ýygnap getiren golýazmalaryny gözden geçirip bermegini haýyş edipdirler. Döwlet söwdasynyň wekilleri şo döwür obalara aýlanyp, kimde köne golýazma bolsa satyn alýan eken, soň bu golýazmalar daşary ýurtlara satylmaly eken. Bertels munuň üçin galanja wagtyny gysganman, golýazmalaryň üýşürilip goýlan ýeri bolan kerpiç zawodynyň skladyna barypdyr. Üýşmek bolup ýatan köne golýazmalary birin-birin gözden geçiripdir. Şonda alymyň öňünden uly bir diwan çykýar. Okap görse, Nowaýynyň “Hamsa” diwany. Beýik şahyryň bäş poemasy hem şo ýerde. Şo gezek Bertels golýazmalaryň onlarçasyny daşary ýurda satylmakdan halas edipdir. Şolaryň içinde-de Nowaýynyň“Hamsasyny”. Nowaýy diwandaky birinji poemasyny 1483-nji ýylda ýazyp gutarypdyr. Ýöne bu diwan tutuşlygyna1484-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Abdyljemil atly bir adam tarapyndan göçürilipdir. Golýazmany okan Bertels Nowaýynyň “Hamsasynda” ýerleşdirilen bäş sany poemany ýazyp gutaryp, ony Abdyljemile şahyryň özüniň diktowka edendigi, çünki muňa Nowaýynyň döwlet işleri bilen bagly wagtynyň az bolandygyny çaklaýar. Onuň şeýle netijä gelmeginiň sebäbini ol ýazylyp gutarylandan soň, onuň bada-bat iki-üç aýyň dowamynda göçürip bolmajakdygy hem-de poçerkiň gelşiksiz we howul-hara ýazylandygy bilen düşündiripdir. Bertels “Nowaýy” atly monografiýasynda 1941-nji ýylyň dekabrynda Leningradda Nowaýynyň döredijiligine bagyşlanan mejlisde özüniň beýik şahyra bagyşlap çykyş edendigini, şo wagtlar nemesler tarapyndan bombalandygyna garamazdan, mejlise gatnaşanlaryň biriniň hem ýerinden turup, çykyp gitmändigini ýazypdyr. Gündogarşynas Ýe.E.Bertels “Şyh Nejimetdin Kubra baradaky roman” atly işini konspekt görnüşinde ýazyp, oňa gutarmak miýesser etmändir. Şol sözbaşynyň aşagynda alym “Türkmen klassyk şahyry Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek üçin materiallar” diýip hem ýazypdyr. Görnükli türkmen alymy Z.B.Muhammedowa 1953-nji ýylda “Magtymgulynyň “Harap eýlär” atly goşgusy we onuň çeşmesi” diýen makalsynda “Görnükli şyh baradaky romanyň Ýe.E.Bertelsiň Magtymgulynyň ýokardaky ady agzalan goşgusy bilen deňeşdirmäge itergi berjekdigine şek-şübhe ýok” diýip ýazypdy. Z.B.Muhammedowanyň makalasynda kyssada we Magtymgulynyň goşgusynda duş gelýän ýer - ýurt atlary deňeşdirilip, “Harap eýläriň” türkmençe teksti we rusça terjimesi berilýär. Emma şu iki eseri deňeşdirip öwrenmegiň beýleki wajyp meseleleri makalada seredilmändir. Galyberse-de,makala şyh Nejimetdin baradaky kyssanyň Leningradda saklanýan ýekeje golýazmasy esasynda ýazylypdyr. Öz işiniň entek gutarnykly däldigini nazarda tutup, Z.B.Myhammedowa “Bu roman we Magtymgulynyň goşgusy entek ymyklyöwrenilmäge mätäçdir” diýip, öz makalasynda nygtaýar. Ýe.E.Bertelsiň agzaýan eseri megerem, Orta Aziýada giňden ýaýran bolmaly. Çünki şu romanyň golýazmalary ülkämiziň dürli künjeklerinden tapylypdyr. Biziň pikirimizçe, bu kyssanyň meşhurlygyna onuň watançylyk ideýalary uly täsir edipdir. Galyberse-de, bu kyssa Horezmiň taryhy barada örän gyzykly maglumatlar berýär. Şonuň üçin Ýe.E.Bertels ony “Faktlary şahyrana legendalar bilen utgaşyp gidýän özboluşly taryhy roman” diýip atlandyrýar. Şu sebäplere görä, megerem, Magtymguly öz goşgusyna redif edip şol kyssada köp ulanylýan “Harap eýlär” diýen söz düzümini alypdyr. Bertelsiň galdyryp giden işleriniň sany 500-den geçýär. Bu saldamly ylmy işleri sanap geçseňem, ep-esli wagt gerek boljak. Olaryň käbirini agzap geçeliň: “Awisenna we pars edebiýaty”, “Balhan Hekim Unsury”, “Nasyr Hosrowy we onuň poeziýa garaýşy”, “Ýakyn we Orta Gündogar halklarynyň klassyk edebiýatynyň ýadygärliklerine tankydy neşirlerini taýýarlamagyň metodikasynyň usullary”, ”Bidil we onuň ewolýusiýa hakyndaky taglymaty”... ýaly makalalary, “Nowaýy”, “Jamy”, “Nyzamy”, “Fizuly”, “Ferdowsi” ýaly birnäçe wagtyň synagyndan geçen işler. Elbetde, pars-täjik we beýleki türki halklaryň edebiýaty hakynda giňişleýin we çuňňur söz açan Bertels ýaly beýik alymyň goýup giden ummasyz ylmy mirasy hakda jikme-jik gürrüň etmek asla mümkin däl. Ýöne biziň häzir şol alym hakynda, Magtymgulyny Jemşidiň jamyna meňzedip giden Bertels hakynda ýatlamagymyz ýerlikli diýip hasap edýäs. Çünki Bertels geçen asyryň başlarynda tä ömrüniň ahyryna çenli türkmen halkyna, onuň taryhyna we edebiýatyna sarpasy gaty uludy. Onuň türkmen alymlaryndan we ýazyjy-şahyrlaryndan dost-ýarlary bir ýa iki däldi. Ençeme gezek sahawatly türkmen saçagynyň myhmany bolan Bertels, “Bir gün duza müň gün salam” diýip pähimde aýdylyşy ýaly, ol Türkmenistanyň çyn janköýeridi. Berdi Kerbabaýew, Gurbandurdy Gurbansähedow, Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, Zylyha Muhammedowa, Ruhy Alyýew, Pygam Azymow, beýik alymyň tälimini alanlar Nagym Aşyrow, Hojaberdi Hanow, Ahmet Gürgenli we başga-da köp adamlar oňa tagzym edýärdiler. Professor Bertelsiň işleri bu günki güne çenli türkmen edebiýatçy alymlarynyň ýan kitabyna öwrüldi diýsek ýalňyşmarys. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |