14:56 Ýewgeniý Bertels / dowamy | |
1928-nji ýylda Leningradda Ýe.E.Bertelsiň “Pars edebiýaty taryhynyň oçerki” atly kitaby neşir edilýär. Bu kitap barada akademik B.B.Bartoldyň ýazan syny ünsüňi özüne çekýär. Bartold Bertels bilen dostlukly gatnaşyklaryna garaşmazdan, kitabyň bärden gaýdýan ýerlerini ýüz görmezden açyp görkezýär. Talapkär alymyň bu çyny ylymda owunjak hasap edilýän maglumatyň ýokdygyny aňladýar. Akademik Bartold Bertelsiň kitabynyň ilki bilen Gündogar institutynyň diňleýjileri, şeýle hem giň okyjylar üçin niýetlenendigini belleýär. Bu ugurda institutyň maksadynyň täze döwrüň pars edebiýatynyň gülläp ösüşini görkezmekden ybaratdygy, şonuň üçinem awtoryň samaniler döwrüniň (IX–X asyr) pars poeziýasynyň üstünde aýratyn durup geçmeginiň tötänden däldigini hygtaýar. Kitapda gündogar edebiýatynyň günbatar üçin üýtgeşik bir täsiriniň ýokdugy hakdaky pikiriň her nähilem bolsa böwrüňi diňledýändigini ýaňzydyp, günbatar edebiýatynyň ägirtleriniň, aýdaly,Gýotäniň bu edebiýatyň dürdänelerine nähili aşyk bolandygyna kölege salýar. Bartold Bertelsiň gündogary öwrenijileriň arasynda işleri gowy okalýan, onda-da gaty höwes bilen okalýandygyny belleýär. Onuň bu oçerkiniň hem şeýledigine şek-şübhe ýokdugyny belläp, işde awtoryň çeper kyssa birnäçe sahypabagyşlandygyny, alymlaryň bu ugurdaky işleriniň az sanlysynyň ylmy dolanyşyga girizendigini hem awtoryň bähbidine däldigi hakda ýazypdyr. Şonuň üçinem Ýe.E.Bertelsiň bu kitabynyň mysalynda pars taryhy edebiýaty hakda doly düşünjäni göz öňüne getirip bolmaýar: onuň ösüşiniň mongol döwrü hakda gysgaça aýdylyp geçilipdir, has soňraky döwrüň taryhçysy Mirhond, onuň agtygy Hondemir hakda bary-ýogy birnäçe söz aýtmak bilen çäklenipdir. Maglumatlaryň şeýle gysgalygyna garamazdan, onuň säwlikleri az däl, Hondemir Akbaryň köşgünde gulluk etmändir, ol 1534-1535-nji ýyllarda ýogalýar, ýagny Akbaryň tagta çykmazyndan 20 ýyl öň ýaşap geçen adam. Ýa bolmasa, mongollar gelmezinden öňki döwür pars edebiýatynyň görnükli wekili Balamy hakda hiç zat aýdylmandyr, hatda şo döwürler dogrusynda giňişleýin gürrüň berýän Abulfazyl Beýhakynyň eserleri hakda-da hiç zat aýdylmandyr. Muny awtoryň pars edebiýatynyň taryhy döwrüni aýdyň görkezmänligi bilen düşündirmek bolar. Alymyň işinde “kimdir biriniň” diýen sözüň atlary belli adamlaryň atlarynyň gapdalynda sepleşdirilip getirilmegi hem Bartoldyň gözünden sypmandyr. “Pars eposy arap diline Ibn Mukaffa atly biri tarapyndan geçirilipdir”, “mongollaryň taryhy Wassaf atly biriniň işlerinde öz beýanyny tapypdyr” diýen jümlelerde ‘biriniň” sözüniň getirilmegi işiň bähbidine däldigi synda görkezilipdir. Ýa-da bolmasa, işiň başga bir ýerinde Abdylla ibn Mukaffanyň “Kalila we Dimnanyň” terjimeçisi hökmünde ýatlanylyp, arap terjimeçileriniň pars eposynyň ýaýradylmagyna eden oňaýly täsirleri hakynda-da hiç zat aýdylman geçilipdir. Pars eposynyň rus edebiýatyndaky orny hakynda, iň bärkisi bu barada, ýagny baron Rozeniň “Hudaýnamanyň” arap terjimeleri dogrusyndaky mesele” atly işi hem bibliografiýada görkezilmändir. Işde poeziýa azda-kände howandarlyk eden Samani patyşalarynyň hyzmatlarynyň çişirilip görkezilmegi böwrüňi diňledýär. Samani şalarynyň dinastiýasynyň ýykylmagy bilen bagly wakalar dogrusynda awtor Gündogarda däp bolup galan taryhy däplere eýerýär: “Döwürler üýtgäp, mirasdüşerleriň tagty mynasyp däl hemem bolgusyz adamlaryň eline düşmegi bilen zulum güýçlenip, betbagt ýerli ilat horluga sezewar edildi”. Ýöne gündogarda-da, günbatarda-da halka sütem edilmegi, ýurtlaryň barha we barha pese gaçmagynyň esasy sebäpleriniň başga-başga zatlardan gözlenmegi gerekdigi öň subut edilen zatlardyr. Işiň şol ýerinde samanilleriň üstünden ýeňiş gazanan Mahmydyň atasy Sebuktegin tarapyndan Gaznada döredilen kiçijik bir döwleti galdyryp gidendigi aýdylýar. “Mahmyt atasyndan galan kiçijik bir döwleti soň serhediniň aňyrsy-bärisi görünmeýän kuwwatly döwleti -- Hindistandan tä öňki halyfatyň günbatar serhetlerine çenli süýşürdi” diýip ýazsa-da, apbasy halyflygynyň günbatar serhediniňilki Alžirde, soň Ýegiptde bolandygyny aýtmaly. Mahmydyň goşunlary bolsa günbatarda Yspyhana we Ree çenli baryp ýetipdi. Sebukteginiň bolsa zor ýeňiji bolandygy, köp ýerleri basyp alandygy, oglunyň basybalyjykly ýeňişleriniň şowly bolmagy üçin ep-esli miras goýandygy taryhdan bellidir. Bertels Eýranyň soňky döwür edebiýatynda edebi akymlaryň birnäçesiniň ýüze çykandygyny belleýär. Bu akymlaryň öz milli edebiýatyňa zeper ýetirmezden, ýewropa medeniýetiniň gazananlaryny belli bir derejede özleşdirmek hakynda öz öňlerinde wezipe edip goýandyklaryny nygtaýar we soňky döwrüň şahyrlarynyň biri Ýasmynyň Lafonteniň basnýasyna çalymdaş bir şygyr ýazandygynyň mysalyny getirýär. Ýöne bu sýužetiň öz döwründe Ýewropa “Kalila we Dimna” eseriniň üsti bilen gaýdýar. Synynyň ahyrynda Bartold pars edebiýatynyň heniz öz sözüni doly aýtmandygyny, wagt gelse, onuň bütin adamzady köp-köp ajaýyp eserler bilen begendirjekdigini, munuň entek öňdedigini awtoryň belläp geçendigini hem nygtaýar. Biziň şu ýerde akademik Bartoldyň gündogary öwreniji görnükli alymyň bir işini okap, onuň ýeter-ýetmez ýerlerini jikme-jikligi bilen öwrenmeginiň we öz kärdeşine bu hakda maslahat bermeginiň beýleki alymlar üçin nusga alarlyklydysyny aýtmakçy bolduk. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory Zylyha Bakyýewna Muhammedowa ylmy makalalarynyň birini – “Песня Шасенем о верности” (“Şasenemiň wepadarlyk aýdymy”) atly işini TSSR YA-nyň Hormatly agzasy Ýe.E.Bertelsiň ýagty ýadygärligine bagyşlamagy hem ýöne ýerden däldi. Sebäbi Ýewgeniý Eduardowiç Bertels türkmen dessanlaryny uly höwes bilen öwrenipdir. Şol dessanlaryň biri “Nejepoglan” hakynda ýörite iş ýazypdyr. Bertels tarapyndan ýazylan bu iş 1946-njy ýylda Frunze şäherinde çap edilen makalalar ýygyndysynda “Неджеф-oглан-туркменская поэма о поэте” (Белек – С.Е.Малову)”, şo temadan ýazan başga bir işi “Туркменская поэма о поэте” diýlip atlandyrylypdyr. Alymyň bu makalasy 1947-nji ýylda Moskwada neşir edilen “Труды Московского Института востоковедения” atly ýygyndynyň 4-nji sanynda çap edilipdir. 1960-njy ýylda Türkmenistan döwlet neşirýaty “Nejeboglan” dessanyny çap edip, öz okyjylaryna hödürledi.Dessan M.Kösäýewiň redaksiýasy bilen filologiýa ylymlarynyň kandidaty B.Ahundow tarapyndan çapa taýýarlanypdyr. Kitaba sözbaşy ýazanlar Nepes Hojaýew bilen Baýrammämmet Ahyndow. Sözbaşyda “Nejeboglan” dessanynyň bu neşirini çapa taýýarlamakda TSSR Ylymlar akademiýasynyň golýazmalar fondundaky bar bolan maglumatlaryň peýdalanandygyny, ýöne Daşoguz wariantlarynyň beýlekilere garanda dolurak bolany üçin häzirki neşire ony esas edilip alnandygy aýdylýar. Bu eseriň awtory hakyndaky meseläniň häzirlikçe gutarnykly takyklanmandygy hakda aýdylyp, şeýle-de bolsa onuň awtorynyň şu wagta çenli Şabendidir diýlip çaklanylyp gelnendigi hem sözbaşyda aýdylýar. Sözbaşynyň awtorlarynyň biri N.Hojaýewiň kitap neşir edilen döwründe aýatda ýokdugyny hem aýdyp geçilse gowy. Biziň şu ýerde aýtmakçy bolýan zadymyz, sözbaşy ýazylanda “Nejeboglan” dessany hakda Ýe.E.Bertels ýaly uly alymyň dessan hakdaky aýdan gyzykly gürrüňlerinden sowa geçilenligi. Eger-de sözbaşyda bu dessan bilen baglanyşykly öňki iş eden alymlaryň atlary agzalan bolsa, olaryň bu eser hakdaky pikirlerine diň salnan bolsa, işiň has-da agramly boljakdygy öz-özünden düşnükli. Gynansak-da, bu türkmen alymlarynyň ünsünden düşüp galypdyr. Halkymyzyň edebi mirasy özüniň gadymylygy, köptaraplylygy, baýlygy bilen aklyňy haýran edýär. Köp ýurtlarda geçmişde ýaşap geçen şahyrlara, ýazyjylara, alymlara degişli öň mälim bolmadyk ýeke sahypa golýazmanyň tapylmagy uly medeni hadysa hasap edilip, oňa ummasyz baha kesilýär. Bizde bolsa häli-şindi dürli häsiýetli golýazmalaryň üstünden barlyp, bu adaty hadysa hasap edilýär we şunuň ýaly açyşlaryň soňy geljege meňzänok. Edebi mirasymyzy tutuşlygyna ylmy dolanyşyga girizmek üçin edilmeli işleriň agramly bölegi heniz öňde. Daşary ýurtly alymlar, edebiýatçylar halkymyzyň baý edebi mirasynyň bardygyna ir döwürlerde göz ýetiripdirler. XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň birinji ýarymynda bolsa olar edebi geçmişimiz bilen has hem içgin gyzyklanmaga başlandyklary dogrusynda öň aýdypdyk. Ýewgeniý Eduardowiç Bertels hem beýleki daşary ýurtly alymlar ýaly, edebi mirasymyzy öwrenmekde uly iş bitiren alymlaryň biridir. Onuň “Türkmen halkynyň edebi geçmişi (iň gadymy döwürlerden XVIII asyra çenli)” atly iri göwrümli işi bolsa edebiýatymyza ýapylan gymmatly serpaýdyr. Ol bu işinde, öz döwründe mälim bolan maglumatlara esaslanmak bilen, halkymyzyň edebi taryhyna göz aýlap, onuň çäklerini kesgitlemäge synanyşyk edipdir hem-de çuňňur ylmy derňew esasynda edebiýatymyzy öwrenmegiň esasy ugurlaryny salgy beripdir. Alym ylmy hakykata wepaly bolup galmak bilen türkmen edebiýatynyň örüsiniň çak edilişinden has giňdigini ynandyryjy deliller arkaly subut edipdir. Onuň bu makalada öňe süren wezipelerine çalymdaş wezipelere türkmen edebiýatçylary tarapyndan belli bir derejede amal edilen hem bolsa, indi edilmeli işleriň hem aňyrsy-bärsi ýok. Mysal üçin, Bertels öz makalasynda orta asyrlarda pars dilinde döredilen kyssa eserleriniň aglabasynyň türkmen edebiýatynyň bir bölegi bolup durýandygy hakdaky pikiri şu günler hem öz möhümligini ýitirenok. SSSR Ylymlar akademiýasy tarapyndan 1929-njy ýylda neşir edilen ýygyndynyň düzümine girizilen «Türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça umumy bellikler» atly makalada: «Türkmen edebiýatynyň taryhyny ýazmagyň möwriti heniz gelip ýetenok. Bu mesele bilen gyzyklanýan alymlaryň öňünde häzirlikçe türkmen agzeki we ýazuw edebiýatyny ýüze çykarmak, her bir ýadygärligiň ýa-da onuň aýry-aýry bölekleriniň aslyýetinde kime degişlidigini anyklamak hem-de eserleriň nusgalary esasynda olaryň asyl nusgasyny kesgitlemek, galyberse-de, kim tarapyndan ýazylandyklary belli bolmadyk edebi ýadygärliklerden beýlekileriniň ýazarlarynyň ömür ýoly barada dogry maglumatlary toplamak wezipeleri durýar... Türkmen edebiýatynyň taryhyny ýazmaga girişmegiň möwriti we onuň şowly bolup çykmagynyň girewi diňe bir türkmen halkynyň dürli döwürlerde ýaşap çeçen wekillerine mahsus edebi ýadygärlikleri öwrenmek babatdaky taýýalyk işleriniň barşy bilen däl, eýsem, azerbaýjan we anadoly türkleri ýaly, Orta Aziýada ýaşaýan türkmenler bilen ir döwürlerde umumy medeni geçmişi bolan halklaryň, şonuň ýaly-da türkmenler bilen goňşuçylykda ýaşaýan halklar ýaly, ýazyjylary, edebiýaty arkaly öz täsirini ýetirip duran halklaryň edebi ýadygärliklarini öwrenmegiň barşy bilen hem baglydyr» doýen sözler bar. Gürrüň akademik A.N.Samoýlowiçiň “Очерки по истории Туркменской литературы” (Туркмения. Том I. Л. – с.125.) atly makalasy barada barýar. Ýe.E.Bertels öz makalasyny ýazan wagtlary dosty we egindeşi A.Samoýlowiçiň adyny ýazmaga het edip bilmändi. Döwür şeýledi. Bertels indi döwrüň üýtgeýändigine, ol makaladan bäri ep-esli wagtyň geçendigini, türkmen edebiýatynyň taryhyny ýazmaga girişmegiň wagtynyň gelendigini deliller getiripdir. Bu işimiziň şu ýerinde Ýe.E.Bertelsiň “Türkmen halkynyň edebi geçmişi (iň gadymy döwürlerden XVIII asyra çenli)” atly makalasyndan käbir parçalary bermegi makul bildik. (Alymyň makalasy 1944-nji ýylda “Sowet edebiýaty žurnalynyň 9-10-njy sanlarynda çap edilipdir). *** ...Aslyýetinde, iň bolmanda milady ýyl hasaby boýunça X asyrda türkmen diliniň öz aýratynlyklaryna eýe bolandygy barada jedel etmäge ýol goýmaýan subutnamalar bar. Muňa garamazdan, XI-XVIII asyrlaryň aralygynda dili boýunça türkmen edebiýatyna degişli hasaplamak mümkin bolan ýazuw ýadugärlikleri ýok diýen ýaly. Bu ýagdaý türkmen halkynyň ýedi asyrlap edebiýatsyz oňandygyny aňladarmyka? Şeýle pikir edilmegi patarraky otarmakdan başga zat bolmazdy. Türkmen halkynyň çeper söze uly sarpa goýýandygy hemmelere belli hakykatdyr. Türkmen halk döredijiliginiň çeşmeleri henize bu güne çenli hem guraman gelýär we köňülleri gandyrmagyny dowam edýär . Şunuň ýaly bir halkyň haçanda bolsa bir wagt şygryýetsiz oňandygyny diňe onuň ganym duşmany aýdyp biler. Elbetde, türkmen dili hemişe türkmenleriň edebi dili bolup hyzmat edäýmändir. Şonuň üçin hem, bu dilde döredilen ýadygärlikleri X asyrdan başlap, biziň günlerimize çenli biri-birine sepläp gaýtmak mümkin däl. Türkmenleriň halk döredijiligi köp sanly babatda diňe, biziň günlerimize ýaňy bir başy başlanan, örän çylşyrymly gözlegler arkaly haýsydyr bir oňaýly neyije gazanyp bolar. Elbetde, häzirki döwürde bu baý döredijiligiň iň gadymy döwürlerde nähili şekile eýe bolandygy barada pikir öwürmäge ýagdaýymyz ýok. Munuň üçin ýazuw ýadygärlikleriniň, bölek-büçek hem bolsa, galyndylaryna eýe bolmagymyz gerek bolardy... *** ...Saklanyp galan maglumat serişdeleriniň arasynda Mahmyt ibn Hüseýin ibn Muhammet Kaşgarlynyň meşhur «Diwan lugat at-türk» atly eseri biziň gözgaýan meselämiz üçin has uly ähmiýete eýedir. ...Gorkut at bilen bagly rowaýatlar tapgyryny Kaşgarlynyň ýazgylary bilen doly derejede deňeşdirmek mümkin. Olaryň dilleriniň düýpli tapawutlara eýedigine we soňraky döwürlere degişlidigi göz-görtele bolup duran goşundylaryň gabat gelýändigine garamazdan, rowaýatlaryň umumy ruhy «Diwan lugat at-türk» kitabynyň ruhuna doly gabat gelýär. Çakymyza görä, Kaşgarlyny maglumat bilen üpjün eden oguzlar bu rowaýat tapgyryndan, üstesine-de, onuň has gadymy nusgasyndan habarly bolan bolmaly. Gorkudyň rowaýatlarynyň gadymy oguz aýdyjylarynyň-ozanlarynyň döredijiliginiň miwesidigi şübhesizdir. Şeýlelikde ilkibaşdaky görnüşinde däl-de, kä ýerleri asyl nusga gabat gelýän, kä ýerlerinde bolsa köne jikme-jiklikler täzesi bilen çalşyrylan hem-de tutuş ýaly bolup görünýän bitewi bir eser wagtyň geçmegi bilen diňe az-owlak zyýan çeken asyl nusgadaky hakyky bölekleriň üstüni ýetirýär. *** ...Türkmenleriň edebi durmuşy diňe halk döredijiligi bilen çäklenip oňaýmandyr. Bu babatda örän özboluşly hyzmaty ýerine ýetirmek seljuklylara nesip edipdir. Gaznawylaryň elinden häkimiýeti gaňryp alan seljuklylar özleriniň köşk edähetlerini döreden mahallary olaryň öňkülerden miras alan düzgünleriniň köpüsini bolşy-bolşy ýaly edip saklap galypdyrlar. Mysal üçin, köşgüň edebi dili hökmünde baryp sasanylar zamanynda ýaşap geçen şahyrlar we ýazyjylar tarapyndan dolanyşyga girizilen we şol döwürde adatça dari dili diýlip atlandyrylan ortaaziýa pars dili ulanylypdyr. Eýrany boýun egdiren seljuklylar özleri bilen bu dili hem alyp gelipdirler we öz şahyrlarynyň üsti bilen onuň örän giň çäklere ýaýramagyna hem-de pehlewidilinden gözbaş alyp gaýdýan ýerli gepleşikleriň gysylyp çykarylmagyna ýardam beripdirler. Bu dili öwrenmekligiň seljuk begleriniň mydama borjy bolandygyny oý etmek mümkin. Seljuklylaryň taryhçysy Bundary Togrul begiň arap dilini bilmänligini we ol Bagdady paýtagt edinen halif bilen duşuşan mahaly weziri Abu Naip Muhammet ibn Mansur Kundurynyň dilmaçlyk edendigini belläp geçmegi zerur hasaplapdyr . Seljuklylaryň pars (dari) dilini bilmändikleri barada bolsabir habar hem bize gelip ýetmändir. Bu ýagdaýlaryň ählisi, elbetde, bu döwürde pars dilindäki, görnüşine görä, türkmen okyjylarynyň arasynda-da uly meşhurlykdan peýdalanan edebiýatyň güýçli derejede gülläp ösmegine ýardam beräýmelidi. Pars sözleriniň we parslara mahsus edebi ýordumlaryň türkmen döredijiligine hut şu döwürde aralaşyp başlan bolmagy mümkin. Şeýlelik bilen, bu edebiýatyň türkmen dilinde döredilmändigine garamazdan, türkmen halkynyň edebi durmuşynda bolup geçen özgerişliklere düşünmek üçin hökman ony hasaba almak gerek. Bu döwrüň edebi durmuşynyň näderejede dolup-daşandygy Muhammet Awfy tarapyndan XIII asyryň başynda düzülen «Lübabül-Albab» atly tezkirede (antologiýada) seljuklylar zamanynyň şahyrlary sanalyp geçilende, XII asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçen elli bir şahyryň, şol asyryň ahyrynda ýaşap geçen elli dört şahyryňadynyň tutulmagyndan hem görünýär. Üstesine-de şol şahyrlaryň ýarysyndan azragynyň asly Horasandan, beýlekileriniň asly bolsa Mawerannahrdan, Yrakdan we Gaznadan eken. Şu sanawa giren şahyrlaryň diňe käbirlerinden beýlekileriniň döredijiliginiň örän az öwrenilendigini açyk boýun almak gerek. Üstesine-de, olaryň diwanlarynyň golýazmalarynyň örän seýrek duş gelmegi hem bu işi kynlaşdyrýar. *** Diýmek, seljuklylar zamany düýbünden täze bir edebiýatyň peýda bolmagy üçin ähli şertleri döredipdir. Emma XIII asyrda ýüze çykan aýylganç heläkçilik – mongol çozuşy bu şertleriň kämilleşmeginiň öňüne böwet bolupdyr. Köşk edebiýatynyň sesine suw sepilipdir, onuň jümmüşinde kemala gelmäge başlan halk edebiýaty mongollar tarapyndan talaňçylyga sesewar edilen welaýatlarda öz soňky sözüni aýtmaga ýetişmändir. Şol bir wagtyň özünde, mongol çozuşy bu babatda türki halklaryň edebiýaty üçin oňaýly şertleri hem döredipdir. Mongollaryň çozuşyna çenli, ýagny X-XIII asyrlarda pars dili Ýakyn Gündogaryň halklarynyň köpüsiniň esasy edebi dili hasap edilen bolsa, mongollaryň bu ýerlerde peýda bolmagy bilen dürli türki dilleriň eýeleýän orny örän ýokarlanypdyr. Mongollar gelmezinden öň türki diller esasan halk döredijiliginiň beýan ediş serişdesi bolan bolsa, XIV asyrda olaryň «belent mertebeli» edebiýat üçin hem ýaramlydygy bütin aýdyňlygy bilen äşgär bolýar. Haýsydyr bir Aly tarapyndan XIII asyrda ýazylan «Kyssaýy-Ýusup» atly şahyrana eserde Ahmet Ýasawynyň başyny başlan işiniň özboluşly dowam etdirilişini görýäris... *** ... XIV asyrda özboluşly we täsin ykbally şahyr kazy Burhaneddin Siwasly (1344-1397) türkmen edebiýatynaörän möhüm goşant goşýar. Onuň ata-babalary salyr taýpasyna degişli bolup, Horezmde ýaşaýar ekenler. Türkmen taýpalarynyň uzakdaky ýerlere göç eden döwürleriniň birinde şolardan Muhammet ibn Resul ibn Sewinç atly biri Kiçi Aziýadaky Kastamuny diýen ýere göçüp barýar. Onuň ogly Hüsämeddin Hüseýin ata-babalarynyň meşgullanyp gelen harby kärinden ýüz öwrüp, ömrüni hukuk bilen bagly ylymlara bagyşlap, Kaýsary welaýatynyň kazysy diýen hormatly wezipä eýe bolmagy başarypdyr. Onuň nesilleri ylym bilen meşgullanmaklaryny dowam etdiripdirler. Olaryň ählisi ylmyň haýsy hem bolsa bir pudagynda ulymeşhurlyga eýe bolupdyr. Onuň çowlugy Hüseýin Burhaneddin Ahmede öz alym ata-babalaryndan hem has meşhur bolmak nesip edipdi... Ýe.E.Bertels Gündogaryň orta asyrlar döwrüniň görnükli taryhçylarynyň, edebiýatçylrynyň ençemesiniň ömrüni we döredililigini düýpli hem-de çuňňur öwrendi. Şolaryň biri-de adamzat taryhynda belli yz çoýup giden Birunydyr.Bertels Biruni we onuň döwri hakda okyjylara gymmatly maglumatlar goýupdyr.Öz döwrüniň uly alymy Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruni 983-nji ýylyň sentýabr aýynda Horezm şäheriniň etegindäki obalaryň birinde dünýä inipdir. Onuň lakamynyň Biruny bolmagy şonuň bilen baglanyşyklydyr. “Birun” sözi “şäheriň eteginde, şäherden daşda” ýaly manylary berýär. Biruni ýaş wagtlaryndan matematika, astronomiýa, medisina, taryh bilen gyzyklanypdyr. Öz döwürdeşi Awisenna bilen hat ýazyşypdyrlar. Birunynyň ilkinji ylmy işi “Gadymy asyrlardan saklanyp galan yzlar” (“al-Asar al-bakiýa ani-l-kurun al-haliýa”) diýlip atlandyrylypdyr. Bu iş gadymy halklaryň hronologik ýyl ýazgylaryna bagyşlanypdyr. Munda gadymy döwürlerde ýöredilen aý-gün kalendarlaryna, dürli gadymy baýramçylyklaryna, bular bilen baglanyşykly däp-dessurlaryna degişli gaty köp maglumatlar habar berlipdir. Şu maglumatlar esasynda alymlaryň köp nesli gadymy Eýran topragynda ýaşan halkyýetleriň çylşyrymly kalendarlaryndan baş çykarypdyrlar. XI asyryň 20-nji ýyllarynda Biruni Mahmyt Gaznalynyň çakylygy bilen Horezmden Gazna barmaly bolýar. Çünki Mahmyt Birunynyň öňünden bilmek başarnygyny eşidip, bu meselede onuň peýdasynyň boljakdygyna düşünipdir. Rowaýata görä, Biruny Mahmyt Gaznalynyň ýanyna barypdyr. Ol “Müň daragt” atly bagynyň içinde ýerleşýän jaýynda eken. Soltan dört gapyly jaýyndan çykanda onuň haýsy gapysyndan çykjagyny bilmegini talap edipdir. Biruni bir bölejik kagyza soltanyň haýsy gapydan çykjagyny ýazyp, ony düşekçäniň aşagyna gysdyrypdyr. Soltan öz gulamlaryny çagyryp, diwary oýmaklaryny buýrupdyr we ol şol ýerdenem çykyp gidipdir. Çykan badyna-da Birunynyň ýazyp goýan ýazgysyny görkezmegi talap edipdir, ýazgyda bolsa “Soltan gapylaryň hiç birinden çykmaz-da, gündogar tarapdaky diwary oýup, şondanam çykyp gider” diýen jümle ýazylan eken. Soltanyň gahary ýetjek derejesine ýetýär, çünki ol emelsizje bir alymyň üstünden gülmek isleýärdi. Emma ol alym onuň tamasyny tala daňyp goýupdyr. Şonuň üçinem soltan belent üçegiň üstünden Birunyny ýere oklamagy tabşyrýar. Ýere zyňylan alym howada düşdüşleriň baglan toruna gabat gelip, tor bilenem ýere aman-esen düşüpdir. Birunyny soltanyň huzuryna alyp barýarlar. Şonda soltan Birunä garap:”Sen bu gezegem şeýle boljagynyň öňünden gördüňmi?” diýip, kinaýa bilen sorapdyr. Biruny bolsa elindäki kagyzy soltana uzadýar. Kagyzda bolsa, ine, şeýle ýazgy barmyşyn: “Şu gün meni köşgüň belent üçeginden ýere zyňarlar. Men bolsa sag-aman ýere düşerin”. Muňa dälisi tutan soltan alymy gara zyndana oklamagy buýrupdyr we ony alty aýlap şo ýerde saklapdyrlar. Biruny wezir Ahmet ibn Hasan Meýmendiniň tagalla etmegi bilen zyndandan boşadylýar. Bezir amatyny tapyp, Biruny ýaly alymy bendilikden saklamaly däldigini soltana düşündirýär. Soltan bolsa “Ol öz öňden görüjiliginde ýalňyşan bolsa, özi üçin gowy bolardy. Aý, bolýa-da! Zyndandan boşadyň-da, oňa saýlama at, gyzyldan gamçy, ýüpekden halat, müň dinar, gyrnak bilen bir gul beriň” diýip aýdypmyşyn. Elbetde, bu rowaýat hyýaly bir anekdotdyr. Ýöne bu hyýaly rowaýatda Birunynyň öz zamanasynyň juda sowatly adam bolandygyndan habar berýär. Ýe.E.Bertels “Horasanda edebiýatlaryň ösüşi” atly işinde Orta Aziýa we Eýran halklarynyň şol döwürdäki edebiýatlarynyň we ylmynyň ösüşine çuňňurlyk bilen baha beripdir.Awisenna, Faraby al-Buhari ýaly alymlaryň işleri, olaryň ömür ýoluna degişli gymmatly maglymatlary ylmy dolanyşyga girizipdir. Farabynyň doly adynyň Abu Hasr Muhammet ibn Muhammet ibn Uzlag ibn Tarhan al-Farabydygyny, kakasynyň yslamy kabul edendigini, atasynyň hem musulman bolandygyny belläp geçýär. Alym bu çaklamasyny arap geograflarynyň öz işlerinde getiren maglumatlaryna esaslanyp, şeýle netije çykarýar. Çünki ol alymlaryň birnäçesi 839-840-njy ýyllarda Farabynyň doglan ýerleri bolan Wasij şäherinde entäk yslam dininiň ýola goýulmandygyny belläp geçipdirler. Harby türk maşgalasynda dünýä inen Farabynyň biograflary onuň bütin ömrüne türk egin-eşiklerini geýendigini belläpdirler. Rowaýata öwrülen alymyň terjimehalynda onuň emiriň ýanyna gelmegi hakda gürrüň berýän özboluşly anekdot şekilli bir rowaýat hem ýörgünli. Bir gezek Faraby emiriň huzuryna baranda, hökümdar oňa oturmaga ýer görkezipdir. Şonda alym “Öz derejäme görämi ýa-da Siziň görkezişiňiz ýaly oturmalymy?” diýip soraýar. Emir “öz pikir edişiňiz ýaly oturaýyň” diýýär. Şonda Faraby duran ähli emeldarlary, hatda hökümdary hem gysyp, tagta geçipdir. Sauf ag-Daula bolsa öz gulamalarybilen hiç kime düşnükli däl dilde gürleşen bolup, olara şeýle diýipdir: “Bu şyh ähli kada-kanunlary bozdy. Men häzir onuň akylyny barlap göreýin, eger ol meniň talabymy ödäp bilmese, onda men ony jezalandyrmaga yşarat ederin. Siz onuň mazalyja hakyny beriň” diýýär. Hökümdar ähli ugurlar boýunça alyma sorag baryny ýagdyrypdyr. Alym hem onuň soraglaryna aňry ýany bilen jogap beripdir. Şondan soň hiç kim Faraba sorag bermäge milt edip bilmändirler. Hökümdaryň alyma bolan hormat – sylagy artypdyr. Ol onuň üçin köşkde ähli gowy şertleri döredipdir. Ýöne Faraby ol şertler üçin aýnap oturmandyr. Faraby hökümdaryň günde berýän dört dirhemi bilen kanagat edipdir. Onuň esasy iýmiti bolsa öküziň gany bilen şerap garylan reýhany bolupdyr. Ömrüniň ahyrynda ol Damaskide ýaşapdyr. Ylmy işleri bilen meşgul bolupdyr. 950-nji ýylda-da ol şu şäherde ýogalypdyr. Bertelsiň işlerinde Gündogaryň beýik akyldary Awisenna hakynda-da gymmatly maglumatlar mynasyp orun ýeleýär. Awisennanyň doly ady Abu Aly Hüseýin ibn Abdylla ibn Hasan ibn Aly ibn Sinadyr. Aýtmaklaryna görä, onuň kakasy Balh şäherinden bolup, ol diwanlaryň birinde işläpdir. Samani Nuh ibn Mansuryň döwründe Buhara göçüp gelip, döwlet işinde, ýagny Harmaýsan diýen ýerde maliýe ugrundan işläpdir. Ol şo ýerde-de Afşan gyşlagyndan bolan Sitara atly gyza öýlenipdir. 370 (480/81)-nji ýylda-da olaryň ogly doglupdyr. Awisenna hakynda indi köp asyrlardan bäri dürli rowaýatlar, dürli tymsallar türki halklarynyň içinde ýörgünli bolupdyr. Onuň ylmy traktatlary diňe bir gündogar ýurtlarynda däl-de, Ýewropada-da öwrenilipdir. Bertelsiň bu gündogar alymynyň ömür ýoluny öwrenmekdäki hyzmaty bellenip geçilmelidir. Ol ibn Sinanyň gadymy grek filosofiýasyny öwrenmäge köp wagt sarp edendigini belläp, oňa munuň ýeňil düşmändigini ýazypdyr. Dogrudanam Ibn Sina Aristoteliň “Metafizikasynyň” arap diline terjimesini kyrk gezek okap, hiç zat düşünip bilmändir. Bu pişesinden göwni geçip, golýazmany okamagy bes eden döwürleri, onuň eline Farabynyň bu kitaba ýazan düşündirişli golýazmasy eline düşýär. Muny oňa Buhara bazarynda köne golýazma kitaplaryň söwdasyny edýän bir adam salgy beripdir. Farabynyň kitaby onuň filosofiýa ylmyna erkin göz ýetirmegine ýol açypdyr. Onuň Buharadaky durmuşy alyma erkin işlemäge mümkinçilik bermändir. Sebäbi Nuh II-niň döwründen samanylaryň häkimlik edýän topragynda özara oňşzlyk başlanypdyr. Samany begleri birnäçe gezek Buharadan gaçyp gutulypdyrlar. 999-njy ýylda olaryň häkimligi gutarýar we ýurdyň paýtagtyny garahan Nasyr basyp alypdyr. Garahanlylaryň basyp almazlaryndan birnäçe wagt öň Ibn Sina özüni Buharadan Horezme atmagy ýetişipdir.. Horezm şasy Aly ibn Mamunyň huzurynda peýda bolupdyr. Şanyň baş weziri Abyl Huseýin Sahly alymy gowy garşylan, onuň döredijilikli işlemegine şert döredip beripdir. Ýöne gazaply Mahmyt Gaznawynyň nebsewür eli Horezme-de baryp ýetipdir. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ol Mamunyň öz zehinli raýatlaryny soltanyň tabynlygyna ibermek hakyndaky permany gelip ýetipdir. Bularyň arasynda ibn Sinanyň hem bolmalydygy öz-özünden düşnükli. Eger-de ibn Sina Mahmydyň tabynlygyna barsa, onda onuň ýagdaýynyň has ýaramazlaşjakdygy aýdyň. Çünki Ibn Sinanyň kakasy ysmaýyllydy. Özem gadymy grek filosofiýasyndan oňat baş çykarýan alymdy. Munuň soňunyň Ibn Syna üçin heläkçilikli bolup gutarjakdygy köre hasady. “Şonuň üçin Horezm şa Mamun Ibn Sinany gizlin ýol bilen sypdyrypdyr diýen bir gürrüň bar. Ibn Syna öz alym ýoldaşy Abu Sahlem Masihi bilen gijäniň içi gizlinlik bilen ýola düşüpdirler. Abiwerdiň, Nusaýyň üsti bilen Nişapura ýönelipdirler. Ýolda agyr horluklara çydaman Masihi wepat bolupdyr. Ibn Sina l Gürgende az wagt bolup, Reýe barýar. Şo wagt entek ýaşlygyna garamazdan, Buig Mejit ad-Daula pähimdar ejesiniň goldawy bilen Reýi dolandyrýan eken. Bu ýerde-de Mahmydyň uzyn eli Reýe-de baryp ýetýär. Ibn Sina bu ýerdenem gaçmaly bolupdyr. Şonuň üçin Ibn Sina Mejit ad- Daulyň hökümdarlyk eden şäherinden onuň Hemedanda häkimlik edip ýören dogany Şams ad-daul aşgazandan ejir çekýän eken.Ibn sina onuň bu keseline em edýär., ony dertden halas edýär. Munuň üçin hökümdar Ibn Sinany özüne wezir belleýär. Ýöne Ibn Sinanyň garşydaşlary onuň wezirlikden gyrahladylmagyny talap edip, aýaga galypdyrlar. Ibn Sina ätiýaçlygy elden bermändir. Gizlenmäge mejbur bolupdyr. Wezirligini terk edipdir. Şams ad-Daulyň öňki derdi gozgapdyr. Ibn Sinany öňki wezirligini dowam etmegi soraýar. Ýöne 1021-nji ýylda emir ýogalýar-da, tagta ogly Sama ag-Daul geçýär. Bu ýerde gowulyk ýokdygyna göz ýetiren Ibn Sina Yspyhanyň häkimi Ala ad-Daul Husam ad-Din Abu Japar Muhammet ibn Duşmanziýar ibn Kakuýa bilen hat aragatnaşygyny ýola goýupdyr. Muny eşiden Sama ad-Daul ibn Sinany zyndana atmaga buýruk beripdir. Alym dört aýlap diýen ýaly alagaraňky zyndanda horluk baryny görüp, ony ahyry boşadypdyrlar. Şondan soň ol özüni bütinleý ylma bagyşlap, ýeke ýaşamaga başlaýar. Barybir ony yspyhanly gürrüň öz erkine goýmandan soň, günleriň birinde öz dogany we iki sany gulamy hem ýanlaryna alyp, gizlinlikde Yspyhan şäherine tarap ýola düşüpdirler. Ol ýerde alymy uly hormat bilen kabul edipdirler. Onuň ýaşaýşy birneme gowulaşýar, ýöne weli bir gezek hökümdaryň gazabyndan Reýiň bir ýerinde gizlenmäge mejbur bolupdyr. Bertelsiň ýazmagyna görä, 1036 (ý-da 1037)-njy ýylyň tomsunyň başlarynda Ala ad-Daul Hemedana ýola düşüpdir. Ibn Sinany hem gaty näsag bolsa-da öz ýany bilen äkidipdir. Ol eýdip-beýdip Hemedana ýetipdir, ýöne keseli beterleşýär we 427-nji ýylyň remezan aýynyň birinde, milady hasaby boýunça 1036-njy ýylyň 28-nji iýunynda ý-da başga bir maglumata görä 428-nji ýylda (1037-nji ýylyň 28-nji iýunynda) dünýäsini täzeläpdir. Ýogalan wagty heniz altmyş hem ýaşamadyk Ibn Sinanyň öz döwründe dünýäde deňi-taýy ýokdy. Bertelsiň öz işinde Ibn Sinanyň ömür ýoluna giňişleýin köpräk üns bermeginiň sebäbi bardy. Munuň bir sebäbi orta asyrlar döwründe alymlaryň nähili agyr şertlerde ylmy işlerini alyp barandyklaryny, şeýle hem şo döwürdäki hökümdarlaryň käbir ylmy derňewçileriň olary “gaty sowatly mesenatlar” hökmünde öňe çykarmakçy bolýan pikirleriniň yrgadygyny paş etmek üçin gerek bolupdy. Göýäki alymlaryň şahyrlaryň kämilleşmeginde olaryň uly hyzmatlaryny çişirip görkezmegiň derwaýys we ýerlikli zerurlygyň ýokdugyny aňlatmak üçin gerek bolupdy. Şeýle gazaply döwürlerde-de ussatlaryň işleriniň kämillik derejesinde bolandygyna Bertels haýran galmak bilen nygtaýar. Ibn Sinanyň esasy ylmy işleri arap dilinde ýazylan. Ýöne ol işlerden çen tutsaň, alymyň öz dilinde ýazmaga uly meýliniň bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Onuň Ala ad-Daula bagyşlan “Pähim-paýhas diwany” (“Danişnama-ýn Alaýi”) onuň öz ene dilinde, ýagny dari dilinde ýazylypdyr. Bu diwan pars- täjik edebiýatyny, dari dilini öwrenmekde örän uly ähmiýeti bolupdyr. Çünki ol ene dilinde ylmy terminleri döretmekde ilkinji synanyşykdy. Awisenna goşgular çemenini hem döredipdir. Onuň öz ýazanlygyna hiç hili gümürtik pikirleri döretmeýän eserleriniň birnäçesi saklanyp galypdyr. Muny şahyr arapça ýazypdyr. Aýratynam onuň uly meşhurlyk gazanan “Aýniýa” atly kasydasy bu žanrdan ýazylan goşgularyň saýlantgylarynyň biridir. Hatda bu kasydanyň setirleri şu günki gün onuň Hemedandaky mawzoleýini bezäp otyr. Mälim bolşy ýaly, Awisenna dari dilinde ýazylan giden bir dörtlemeleriň ily tapgyry degişli. Ýe.E.Bertels sopyçylyga we sopyçylyk poeziýasyna dahylly ylmy işlerini XX asyryň 20-nji ýyllarynda ýazypdyr. Onuň sopyçylyk edebiýaty bilen gyzyklanmagy şo döwrüň ylmynyň ýagdaýy bilen düşündirmek bolar. Öz döwrüniň daşary ýurt gündogary öwreniji alymlary muny gahrymançylyk eposy, köşk poeziýasy, mistiki poeziýa, öňi bilen sopuçylyk poeziýasy bilen baglapdyrlar. Sanaýynyň, Nyzamynyň, Jelaletdin Rumynyň, Hapyzyň we beýlekileriň atlaryny we olaryň döredijiligini sopyçylyk edebiýaty bilen berk baglanyşykly öwrenipdirler. Bu edebiýatyň meseleleri diňe XX asyryň ilkinji onýyllyklarynda düýpli öwrenilip başlapdyr. Ýe.E.Bertels sopuçylyk we sopuçylyk poeziýasyny öwrenip başlanda onuň öňünde entek anyklanylmagy birnäçe meseleler ýüze çykypdyr. Munuň üçin sopuçylygyň gözbaşlaryna, sopuçylyk ideýalarynyň näwagt döräp başlandygyna sopyçylyk terminlerine düşündiriş berilmelidigine, sopyçylyk poeziýasynyň esasy ösüş ýollaryna, öňden gelýän sopyçylyk mekdepleriniň biri-biri bilen arabaglanyşygyna we gaýry meselelere göz ýetirmeseň, bu ugurdan düýpli we çuňňur gürrüň edip bolmajakdygyna düşünipdi. Bertels sopuçylygy öwrenmek bilen, onuň günbatarly alymlaryň öwredişi ýaly, has giň manydadygyna göz ýetirýär. Günbatarly alymlar sopuçylyk edebiýaty diýilse, sopy şahyrlaryň terkidünýälige ýüz urup, öz içki dünýäleri bilen gümradyklaryny tekrarlaýardylar. Emma Bertels munuň beýle däldigini, ol bu edebiýatdan ynsansöýüjilikli häsiýetleri, janly adam duýgularyny we durmuşa bolan höwesi ýaly taraplary gözläpdir we şolaram tapyp öz işlerinde öňe sürüpdir. Muny onuň 1923-nji ýylda Nyzamy hakynda ýazan işinde-de görmek bolýar. Orta asyrlardan gelýän däp boýunça “Şyhlar, keramatly gojalar” diýlip atlandyrýan şahyrlar, şol sanda Nyzamy-da köne antologiýalarda, ýewropa ylmynda-da “durmuşdan üzňe ýaşan” diýlip atlandyrylypdyr. Emma Bertels, ýaňy aýdyşyňyz ýaly, munuň beýle däldigini ynandyryjy deliller bilen subut edipdir. Ol ýa-da beýleki bir şahyryň döredijiliginde sopyçylyk sözleriniň bolmagy entek onuň sopyçylyk teoretigidigini aňlatmaýardy. Muny ol 1924-nji ýylda “Nowaýy we Attar” atly işinde Nowaýynyň döredijiliginiň mysalynda açyk aýdyp bildi. Ol bu işinde Nowaýynyň döredijiliginiň ynsansöýüjilikli taraňlaryny, şahyryň sopyçylyga nähili derejede degişlidigini öz aýdyňlygy bilen kesgitläpdir. Alym şu makalasynda türki halklaryň edebiýatlary bilen pars edebiýatynyň arasyndaky gatnaşyk dogrusyndaky meseläni hem dogry kesgitleýär. Türki halklaryň edebiýatynyň kämil däldigini, onuň pars edebiýatyna aýakbagy bolýandygyny tekrarlaýanlara berk gaýtawul bermegi başarypdy. Alymyň 20-nji ýyllarda gelen bu pikirini soňra 30-50-nji ýyllarda ýazan işlerinde ösdürilipdi. Ýaşan döwri bilen döredijiligi berk bagly Nyzamynyň häzirki derejesinde tanalmagynda Bertelsiň uly döredijilik gözlegleri we yhlasy ýatyr. Elbetde, Bertels sopuçylyk we sopuçylyk edebiýaty bilen bagly ýazan ylmy işlerine ömrüniň soňky döwürlerinde üýtgetmeler hem girizipdir. 50-nji ýyllarda “Pars-täjik edebiýatynyň taryhy” atly işiniň Sanaýa bagyşlanan babynda, bu uly ussadyň döredijiligine täzeden nazar aýlapdy we Sanaýynyň döredijiliginiň gaty giňdigini, köptaraplydygyny sopuçylyk garaýyş çäginden has uzaga gidýändigini nygtapdyr. Wagtyň geçmegi bilen gündogary öwreniji alymlaryň şindiki ösdürimleriniň sopyçylyga degişli täze-täze işleri peýda boldy. Sopy awtorlaryň onlarça tankydy tekstleri okyjylara hödürlenildi. Bertelsiň bu babatdaky bibliografik mysallaryň we tekstleriniň käbiri öz ähmiýetini ýitirendigini hem aýtmalydyrys. Ýeri gelende aýtsak, Bertelsiň özi aýatdaka ýazyp, soň çap etmäge ýetişmedik ýa-da başga bir sebäplere görä çap edilmedik sopyçylyk we sopyçylyk edebiýatyna dahylly makalalary özi ýogalandan soň çap edilen işlerini hem agzap geçsek ýerlikli bolardy: “Sopuçylygyň gelip çykyşy we sopuçylyk edebiýatynyň döräp başlamagy”, “Ibraýym ibn Adhamyň Kutadgu-Bilik hakyndaky aýdanyndan”,”Fydaýl ibn Iýag”, “Baba Kuhy. Diwanyna sözbaşy”. Awtoryň başlap, ony soňuna çenli gutarmadyk “Mirat-u uşşak sopuçylyk termininiň sözlügi”, “Şyh Hajymeddin Kubra hakyndaky roman” atly işleri alymyň 1965-nji ýylda “Saýlanan eserleriniň” III tomlugynda ýerleşdirilipdir. “Abdyrahman Jamy hyratly şahyrlar bilen käbir gatnaşyk saklamandyr” – diýip, Bertels belleýär. Ýöne weli ol Alyşir Nowaýy bilen ataly- ogul gatnaşygyny edipdir diýsek hem öte geçdigimiz bolmaz. “Bu dostlugyň haçan başlanandygyny biz bilemzok.Ýöne bu 1469-njy ýylda Nowaýynyň Hyra da gelmegi bilen başlanandyr” diýip, Bertels ýazypdyr. Çünki Nowaýynyň öň Hyratda ýaşap, Jamy bilen tanyşlygy ýola goýmazlygyna ynanmak kyn. 1476-77-nji ýyllarda Nowaýy Jamyny özüne şyh saýlapdyr, onuň maslahaty bilen nagyşbendiçilik ýoluny kabul edipdir. Şol döwrüň talabyna görä, bu ýoly kabul eden adamyň erk-işlegi halypasynyň elinde bolmaly eken. Ýöne Jamy bilen Nowaýyly bu ýagdaý şeýle bolandyr öýdemzok. 1492-nji ýylyň noýabrynda 78 ýaşly Abdyrahman Jamynyň sowuklap ýogalmagy Alyşir Nowaýy üçin agyr urgy bolupdyr. Şo gije Nowaýy uklap bilmän, biynjalyk bolýar. Şonuň üçinem atyna atlanyp, Jamynyň ýanyna ugraýar. Bu olaryň iň soňky duşuşygy bolupdyr. 8-nji noýabryň ir ertiri Jamy özüni bilmän ýatýar, şo günüň agşamam dünýäsini täzeläpdir. Jamynyň ölümine bütin Hyrat gynanýar. Onuň belli günlerine Nowaýynyň özi ýolbaşçylyk edipdir. Gelip-gidýänleriň gynanjyny özi kabul edýär. Sebäbi Jamynyň ogly şo wagt bary-ýogy on bäş ýaşynda eken. Jamy ýere duwlananda soltanyň özi, onuň ähli emeldarlary bilen gatnaşypdyr. Bu ajy waka barada Nowaýy belli elegiýasyny ýazypdyr. Bu goşgulary uly metjidiň münberinden hyratly din hadymy Hüseýin Kaşifiniň özi okapdyr. Nowaýy we onuň egindeşleri bir ýyllap Jamynyň ölümine ýas baglapdyrlar. Onuň ýylaşyny bolsa bütin Hyradyň ilatynyň gatnaşmagynda Nowaýynyň özi geçiripdir. Nowaýy Abdyrahman Jamy bilen dostlugynyň hatyrasyna “Hamsat al-mutahaýýirin” atly eserini döredipdir. Möçber taýdan uly bolmadyk bu eser sözbaşydan, üç hekaýatdan hem jemlemeden ybarat. Sözbaşyda Jamynyň terjimehaly beýan edilipdir. Soň ussat bilen duşuşyklar, onuň bilen söhbetdeşlikler hakynda gürrüň berilýär. Köşkdäki hyşy-wyşylardan, gep-gybatlardan halys iren Nowaýy bir gün Jamynyň ýanynda zeýrenipdir: “Işden gitmesem boljak däl”. Jamy Nowaýynyň ýüzüne garap: “Hä-ä, şuň ýaly gürrüňler ozalam gulagyma degdi. Munuň sebäbi näme?” diýip sorapdyr. Bu hakda Nowaýynyň özi şeýle ýazýar: “Şo hili adamlaryň gürrüňi ýüregime düşdi. Hiç kim bilen gürleşesim gelenok. Sebäbi şol” diýdim weli. ussat “Sen bize adam hasaplap ýörenleriňi görkezsene!” diýdi. Bu gürrüňden soň men köşeşdim”. Nowaýy ökde hyratly hatdat möwlana Abdassamada Jamynyň diwanlarynyň birini göçürmegini haýyş edipdir. Diwan göçürilenden soň, ol muny Jamynyň özüne iberip, gözden geçirmegini haýyş edipdir. Jamy diwany başdan-aýak okap çykypdyr. Ýöne hatdatyň göçürende hatynyň owadanlygyna garamazdan, gaty köp ýalňyşlyklaryny tapypdyr. Jamy onuň goýberen ýalňyşlyklary hakynda goşgy ýazypdyr. Jamynyň öz eli bilen ýazan kalligrafiýasy bellidir. Onuň bir diwany Tähranda saklanylýar.Şol diwanyň on sekiz sahypasy Jamynyň öz eli bilen ýazylypdyr . Özbegistan Ylymlar akademiýasynyň golýazmalary öwrenýän institutynyň kitaphanasynda hem ussadyň öz eli bilen ýazylan hatlar saklanylýar. Jamynyň poçerki özboluşly, ýöne ol XV asyryň bolmaly kalligrafiýasynyň talaplaryna laýyk däl. Bu golýazmany Nowaýy türkmen soltany Ýakuba sowgat beren ekeni. Nowaýy Jamynyň ýagty ýadygärligine bagyşlan eserinde ýene bir wakany ýadyna salýar. Bir gezek Nowaýynyň bagynda dynç alyp otyrkalar, gülleriň arasynda tawus guşlar gezip ýören ekenler. Jamynyň nazary tawus guşlardan aýrylmandyr. Ol şonda bu guşlaryň köpelişiniň üýtgeşikdigini, ýagny aşyk tawusyň öz magşugyna seredip, gözünden ýaş akdyrýandygyny, şol ýaşlaryň hem magşuk tawusyň gözünden akyp, şeýdip olaryň köpelýändigini Nowaýa düşündiripdir. Nowaýy hem “Ussat, bu beýle däl bolaýmasyn” diýse, Jamynyň gahary gelip, “ Şeýle” diýipdir.Ol muny Emir Hosrowdan okandygyny, Hosrowyň bolsa tawuslaryň watany Hindistanda ýaşandygyny, bilmese, muny onuň ýazmajakdygyny janygyp düşündirip otyrka, tawuslaryň öz bitirmeli işlerini bitirip oturandyklaryna nazary eglenýär. Şondan soň tawus hakdaky rowaýatyň owadan hyýalydygyna düşünip, Jamy ýylgyryp oňaýypdyr. Kitapda Jamy bilen Nowaýynyň goşgy bilen hat ýazyşlarynyň köp sanly mysallary getirilipdir. Hatda Astrabada barýarka, ýolugra Jama iberen goşgusyndan mysal hem getirýär. Şeýle hem Nowaýy öz ussadynyň ýazan eserleriniň ählisiniň atlaryny kitabynda agzap geçipdir. Ol ýa-da beýleki bir eserini Jamynyň Nowaýynyň haýyşy boýunça ýazandygyny hem görkezipdir. Şeýle hem Jamynyň maslahat bermegi bilen özüniň okap, şolardan tälim alan kitaplarynyň on dördüsini agzap geçipdir. Nowaýy Jamynyň hatyrasyna ýazan kitaby bilenem oňman, taryhçy alym Abdylbasy Nyzama ussadyň doly terjimehalyny beýan edýän kitap ýazmagy haýyş edipdir. Şeýle hem, Jamy ýogalandan tiz wagtdan soň Nowaýy ussadynyň ýagty ýadygärligine tagzym edip, Jamynyň “Nafahat al-uns min hadarat al-kuds”(“Ýürekde ornan keramatly adamyň dostluk öwüsgini”) atly kitabyny terjime etmegiň ugruna çykypdyr. Kitapda sopuçylyk ýolunyň görnükli wekilleriniň 616-synyň, şol sanda aýal şahyrlaryň 34-siniň terjimehaly ýerleşdirilipdir. Nowaýy bu kitabyň terjimesini 1495-1496-njy ýyllarda tamamlapdyr we onuň adyny özüçe “Nasaim al-mahabba min şamain al-futubba” diýip atlandyrýar. Ol ussadyň tekstiniň käbir ýerini gysgaldýar. Bu ýerde ýöne bir özüni terjimeçi hökmünde çäklendirmändir. Ferideddin Attaryň “Keramatlylar hakyndaky ýazgylar” atly belli kitabyndan şyhlaryň birnäçesiniň terjimehallaryny alýar. Hindi sopylaryň birnäçesiniň, şol sanda orta aziýaly şyhlar Hoja Ahmet Ýasawydan başlap (1166-njy ýylda ýogalan), tä öz döwrüne çenli, ýagny Jamy we onuň şägirtleriniň terjimehaly bilen doldurypdyr. Şu ýerde Nowaýynyň ömrüniň soňky döwri hakda birki agyz. Ol özüniň şu soňky ýazan “Aşyk ýürek” atly kitabynyň başynda ýazan jümlelerine üns bermek gerek. Ol öz durmuşynyň gülala-güllük bolmandygyny, horlyk-zarlyklary köp başdan geçirmeli bolandygyny, käte-käte durmuşyň ony götergiläp arşa çykarandygyny, mahal-mahalam “adamsyz köçelerde bigäne adamlaryň öz kellesine daş zyňandyklaryny, öz şäherimde öz adamlarymyň meni gysyp-gowrandygyny, käte daglaryň özüne göwünlik berendigini, kämahalam watany taşlap gitmäge hyýaldanandygyny, kätelerem emeldarlaryň meniň sözümi goldap, maňa baha berendiklerini” ýazýar. Maşatda bolan döwründe, dogrudanam ol köşk tebibi Abdylhaýadan Soltan Hüseýne hat ýazyp iberip, özüni Mekkä haja goýbermegi haýyş eden eken. Hyratdan gidensoň, onuň yzyna dolanmajagyndan hiç kimiň habary ýokdy. Soltan o wagt Merwde öz iki ogly bilen söweş edýän döwri eken. Ol bu hata bada-bat jogap beripdir. Haja gitmegini oňlap, “ ýöne gitjek ugurlaryňda türkmenleriň eýelik edýän ýerlerinde tertip-düzgüniň ýokdugyny, howpludygyny” duýduryp, hajy soňa goýmagy maslahat beripdir. Nowaýy maşatly seýit adamlary bilen maslahat edende, olar hem soltanyň pikirine eýeripdirler we gowsy Nowaýynyň soltan bilen ogullarynyň dawalaryny çözüp, ýaraşdyrmaklaryny aýdypdyrlar. 1499-njy ýylyň ir baharynda Nowaýy Merwe tarap ýola düşüpdir. Ýöne orta ýolda ylalaşyk gazanylandygy hakdaky habary eşidipdir. Nowaýy bilen soltan Hüseýin Saragtyň eteginde duşuşýarlar, şonda soltan Nowaýa köp-köp hoş wadalar beripdir. Hyrada gaýdyp gelensoň, Nowaýy Gazurga diýen ýerde seýitdir kazylary, şyhlardyr alymlary ýygnap, uly meýlis gurapdyr. Şonda ol özüniň derwüşlik ýoluna düşüp, adamlardan üzňe ýaşamak meýliniň bardygyny duýdurypdyr. Soltanyň Nowaýy hakdaky ähli wadalaryna garamazdan, ol özüni howpsyz duýmandyr. Elmydam Horasana göçmegi pikir edip gezipdir. Onuň howsalasynyň ýöne ýerden däldigi, 1499-njy ýylda soltanyň buýrugy bilen Nowaýynyň doganoglany Haýdar öldürilipdir. Şahyryň saglygy barha ýaramazlaşýar. Ol köp wagtyny ýeke özi öýünde geçiripdir. Şo pursatlar onuň göz öňüne çagalyk ýyllary geçip gidipdir. Ferideddin Attaryň “Mantik at-taýr” (“Guşlaryň söhbeti”) poýemasy bilen gyzyklanyşyny süýjülik bilen ýatlapdyr. Ýarym asyr mundan owalky arzuwyny amala aşyrmagy ýüregine düwüpdir. Şeýle poema döräpdir. Nowaýy poemany “Lisan at-taýp” (“Guşlaryň dili” diýip atlandyrypdyr. Nowaýy türkiçe ýazan gazallarynda “Nowaýy”, parsça eserlerinde bolsa “Fany” lakamyny goýýan eken. Poema türkiçe bolansoň ol Nowaýy adyny goýaýmaly ýaly welin, öňden gelýän kadasyny bu gezek üýtgedipdir -- Fany lakamyny goýupdyr. Munuň sebäbini ol poemada görkezýär. Özüniň ömür ýolunyň paýawlap barýandygyny duýan şahyr “panydan gidýän” diýen manyda bu lakamy soňky gezek ulanmagy göwnejaý bilen bolmaly. Nowaýynyň ussada sarpasy örän uly bolupdyr. Muny Bertels öz işlerinde çintgäp-çintgäp geçipdir. Ýöne weli özi ýogalandan soň ussadynyň mazarynyň nähili günleri geçirjekdiginden Nowaýynyň habary ýokdy. 1510-njy ýylda sefewi Ismaýyl Hyrady basyp alýar. Fanatik şaýy toparlary diri wagty özlerine garşy giden Jamydan öç alyp bilmänsoňlar, onuň mazaryndan ar almak isleýärler. Olar Jamynyň mazaryny açyp, onuň jesedini zyňyp taşlamaly edipdirler. Ýöne ussadyň ogly Zyýaddin Ýusup kakasy hakda olaryň pikirlerini aňyp, jesedi başga bir bilniksiz ýere göçüren eken. Duşmanlar öz bet niýetlerini amala aşyrmak üçin gelenlerinde haňlap ýatan boş mazary görüpdirler . Elbetde, bu gadymdan gelýän gürrüňiň niçik hakykata gabat gelýändigini anyklamak kyn. Ýöne XX asyryň birinji onýyllygyna çenli, ýagny Habybylla hanyň häkimlik eden döwrüne çenli beýik şahyryň mazarynyň göz-gülbap bolup ýatandygyna şaýatlyk eden güwänamalar bar. Habybylla hanyň döwründe mazar tertibe salnypdyr. Biz şu setirleri ýazyp otyrkak, bir pikir bizi erkimize goýmady. Nowaýy ýaly, Jamy ýaly, başga-da onlarça beýikleri okap, olardan tälim alan Döwletmämmet Azady, onuň ogly Magtymguly Pyragy nämüçindir terjimehal babatda biagyrlyk etdilerkä? Jamy-da, Nowaýy-da öz terjimehallaryny özleri ýazyp gidipdirler. Nowaýynyň bu hakda nähili alada edendigini Bertelsiň gyzyldan gymmatly işinden bilmek bolýar. Belki-de, biziň ussatlarymyz hem ýazyp gidendirler. Ýöne olaryň yzlaryny ýöreden biagyr adamlaryň günäsi bilen ol gymmatly maglumatlar saklanan däldir. Bu elbetde, şeýle bolandyr. Özi diri wagty ýazylan terjimehaldan Jamynyň maşgala ýagdaýy bilen hem hiç bir kynçylyksyz tanyşýarsyň. Öz döwrüniň sowatly adamy bolan Sadaddin şyh bilen iş salşyp, ýakyn tanşan Jamy onuň gyzyna öýlenipdir. Şyhyň iki gyzy bar eken. Ýöne olaryň maşgala bagty bolmaýar. Olaryň dünýä inen ilkinji ogly bir gün ýaşap - ýaşaman ýogalypdyr. Atasy altmyş bir ýaşyndaka doglan, ikinji ogullary Safiaddin Muhammet 1475-76-njy ýylda doglup, bir ýyldan soň ýogalypdyr. Üçünji ogullary Zyýaddin Ýusup 1477-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda dogulýar. Dördünji ogullary Zahyraddin Isa 1486-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda doglypdyr. Dördünji ogul doglanda atasy 72 ýaşynda eken. Zahyraddiniň hem ömri gysga bolýar, ol bary-ýogy kyrk günlükkä ýogalypdyr . Soltan Hüseýin tagta çykandan soňra Abdyrahman Jamynyň öz döwründe tutýan orny has-da rowaçlanýar. “Hyratly bir awtoryň Jamyny köşk şahyry görkezjek bolşy, ynandyryjy däldir” diýip, Bertels belleýär. Jamynyň , elbetde, şo döwrüň Timur neslinden bolan hökümdarlar bilen gatnaşykda bolanlygy hakdyr. Ol bu babatda Timur neslinden bolan hökümdarlar bilen hemişe garpyşykda bolan Azerbaýjan ýurdunda häkimlik eden türkmen hökümdarlary bilenem gatnaşykda eken. Hakiki tahallusy bilen goşgy ýazan gara goýunly patyşa Muzaffaraddin Jahan şa Jama sowgat hökmünde diwan iberenligini taryh bilýär. Jamynyň hem bu sowgat üçin hoşallyk bildirip ýazan goşgusy saklanyp galypdyr. Şeýle hem Jamynyň Jahan şadan gelen bagana içmegi alanlygyna ýazan dil hatysy, şu mynasybetli oňa bagyşlan kasydasy hem şu günki güne çenli saklanyp galypdyr. Haçanda 1467-nji ýylda Jahan şa dünýäden ötenden soňam, Jamy ony agdaran ak goýunlylar bilenem arasyny üzmändir. Ol Töwriz şäherinde Uzyn Hasan bilenem duşuşypdyr. Uzyn Hasanyň ogly Ýakup beg (1491-nji ýylda ýogalypdyr) bilen has hem dostlukly gatnaşyk saklapdyr. Jamy “Salaman we Absal” poemasyny Ýakup bege bagyşlapdyr. Poemada onuň dogany Ýusup begiň hem ady tutulypdyr. Ýakup beg hakda ussat özüniň “Silsilat az-zahab” (“Altyn zyhjyr”) atly ikinji şygyrlar depderinde-de ýatlaýar. Jamy diňe bir soltanyň özi bilen däl, eýsem onuň köşk emeldarlary bilenem hat alşypdyr. Kazy Isa Sawajynyň hatyna jogap edip, Gurhanyň “al-yhlas” atly süresiniň düşündirişini ýazyp iberipdir. Şeýle hem Jamy Kaialladdin Hüseýin bilen Kaza özüniň oňat bezegen kulliýatyny – diwanyny sowgat iberipdir. Jamynyň Şirwan şasy Farruh Ýasar bilenem hat alşandygy hakda maglumat bar. Onuň diwanynda Osman soltany Mehet II Fatih basybalyja bagyşlan kytgasy hem bar (1451-1481). Şahyryň Baýazit II-ä (1481-1512) ýazan iki haty hem saklanyp galypdyr. Elbetde, Jamynyň öz döwründe täsirli adamlaryň biri bolandygyny Bertels Jama bagyşlan işinde giňişleýin we düşnükli dilde habar berýär. Onuň maslahatlarynyň köp halatlarda ýol alandygynyň köp mysallaryny işinde ulanypdyr. Bertels Jamynyň oglanlyk döwri hakda ygtybarly maglumatlardan peýdalanyşy nusga alarlykdyr. Şeýle öwrenilende, adamyň tutuş durmuşy, onuň ömri, gylyk -häsiýetleri... göz öňüňe gelýär. Bertels Jamynyň okuw bilen has irki wagtlardan gyzyklanandygyny aýdýar. Onuň ilki Huş bazarynda ýerleşýän Dilkaş medresesinde belli arapşynas möwlan Jüneýit Usulydan Sadaddin Maksut ibn Omar at-Taftazanynyň (1322-1389) “Muhtasar al-many” atly poetika boýunça düşündirişli kitabyny doly okap öwrenipdir. Eger-de ol çagalykda eýýäm şol kitaby okan bolsa, onuň eýýäm şo wagtlar arap dilini suwara bilendigini bilmek bolýar. Hyratda alan bilimleri bilen çäklenmedik Jamy Samarkanda ýönelýär. Ol bu ýerde Ulugbegiň golaý işgärleriniň biri Kazyzadeýi Rumynyň sapaklaryny diňleýär. Jamynyň şol döwürdäki ýoldaşlarynyň biriniň ýatlamasyna görä, ol Hoja Fazlallah Laýsynyň sapaklarynda onuň inçe we çuňňur pikirlerini ilkinji bolup düşünýän ekeni. Hyrada gelensoň, Aly Guşçy diýen möwlana Jamyny geometriýa we algebra boýunça synagdan geçiripdir. Möwlana soragyny doly aýtmaga ýetişmänke, Jamy onuň jogabyny nagt edýän ekeni. Bu zatlary onuň özüniň ýazmagy gyzyklydyr. “Biz ýetginjeklik döwrümiz özümizi kemsitmedik. Samarkandyň, Hyradyň alym adamlary ýaly Kazyzadeýi Rumyny, Hoja Alyny ýola ugradanlarynda olara goşulmadyk”diýýär. Orta Aziýada XIX asyra çenli şeýle bir däp bar ekeni, ýagny haçanda uly din hadymy medresä sapak bermäge ugranda, onuň sopulary her gezek uly mähelle bolup onuň münüp oturan atynyň ýa gatyrynyň daşyny gallap, ugradypdyrlar. Bu babatda Jamy “Men hiç haçanam beýlekiler ýaly, mollamyň öýünde hyzmatkär bolmadym, ýaranjaňlyk etmedim. Eger bu babatda ýakymsyz gürrüň çykaýanda-da muňa gulak gabartmadyk” diýýär. Jamynyň ylmyň ähli ugurlary boýunça taýýarlykly bolandygy düşnükli. Bu ugurlaryň käbirini sanap geçsegem artykmaçlyk etmese gerek: arap dili, onuň grammatikasy, sintaksisi, filosofiýa, kanunlary öwrediş, din esaslary, hadys, Gurhany okamak, oňa düşündiriş bermek.... Jamynyň özüniň ýazmagyna görä, jedelli meselelerde ol hatda öz mollalaryndan hem ökde çykýan ekeni. Şeýle sowatly adamyň öňünde giň ýollar açylaýjak ýaly. Ol hyratly emeldaryň diwanynda işlemäge höwes bildirse-de, soňabaka bu höwesden ol ýüz dönderýär. Sebäbi bir emeldaryň huzyryna barmak üçin ol gaty köp garaşmaly bolýar. Ol muny özüne kemsitme bilýär. Döwlet işinden el çekýär. Ine,şu ýerde-de Jamynyň durmuşynda täsin bir öwrülişik bolup geçýär. Ol sopuçylygyň nagyşbendiçilik akymyna goşulýar. Onuň piri Sadaddin Kaşgary. Sadaddin Kaşgary Jamynyň gaýyn atasydyr. Ol 1456-nji ýylyň 13-nji maýynda Hyratda ýogalypdyr. Şyh Muhýiddin ibn al-Arabynyň (1165-1240) filosofiki kitaplary Jamyda uly täsir galdyrypdyr, bu kitaplar onuň ömür hemralary bolupdyr. Jamynyň insi möwlana Şamseddin Muhammet öz döwrüniň sowatly adamydyr we meşhur lukmanydyr. Sazy gowy görüpdir. Öz döwrüniň iň ökde sazandarlary hem gelip, ondan maslahat soraýan ekenler. XV asyryň ikinji ýarymynda sünni, şaýy oňşuksyzlygy möwç alypdyr. Şeýle hem Jamynyň dürli hökümdarlar bilen hat alyşmaklary hem oňlanylýan zat däldi. Çünki şo döwrüň hökümdarlary öz howandarlyk edýän şahyrlarynyň bu hereketini gadagan edýärdiler. Aýratynam Jamynyň timuriler hökümdarlarynyň golastynda bolup, onuň türkmenler we osmanly emeldarlar bilen gatnaşyk saklamagy howply ýagdaýdy. Çünki timuriler ýaňkylar bilen ata-baba söweşip gelýärdiler. Eger-de Jamy bular bilen erkin gatnaşykda bolan bolsa, onda onuň iki tarap üçinem adatdan daşary gaty uly at-abraýyndan habar berýär. Soltan Hüseýin şahyryň maslahatyna eýerip, kän gezek özýniň ol ýa beýleki mesele bilen bagly gelen kararyndan el çekipdir. Haçanda soltan birinji gezek öz weziri Mejeddin Muhammede gazabyny öwrende, Jamy onuň gaharyny köşeşdiripdir. Ýa bolmasa, soltan Hüseýin juma namazynda on iki şaýy ymamlarynyň atlaryny hutba goşjak bolanda-da, bu howply ädimden ony Jamynyň akylly-başly maslahaty sowupdyr. Ýaňy Jamynyň sap sünni bolandygyny ýaňzydypdyk. Ol şaýylaryň Omar, Osmana dil ýetirjek boluşlaryna tüýs ýüreginden gynanypdyr. Bu hakda ol “Altyn zynjyr” kitabynyň birinji depderinde ýazypdyr. Bertels şaýylardan tapawutlylykda olara garanyňda sünnüleriň sabyr-kanagatly bolandyklaryny ýazýar . Muny ol Jamynyň mysalynda-da açyp görkezýär. Jamy şaýy ymamlary Aly, Hüseýin, Hasan hakda öz eserlerinde ýagşylykda ýatlaýar. Onuň Aly hakynda ýazan uly kasydasy we gazaly hem bar. Ibn al-Arabynyň taglymatyna uýan adam – Jamy üçin şeýle oňşuksyzlygyň döremegine, onda-da yslamda ýüze çykmagyna gaty gynandyryjy bolandygy belli hakykat: “Sünni –şaýy oňşuksyzlygy meni otdan alyp, oda salýar. “Sen haýsy mezhepden?” diýip soraýarlar. Hudaýa müň şükür, men ne sünni iti, ne-de şaýy eşegi. Eý, saky, ber maňa şeraply bulgur” diýýär. Jamynyň edebi mirasy ummasyzdyr. Bertels öz işinde onuň eserleriniň sanynyň dürli döwürlerde dürli awtorlar tarapyndan dürli hili görkezillendiginibelleýär. Daşkent kitaphanasynda saklanylýan Jamynyň kulliýatynda onuň eserleriniň atlary bar. Bu kulliýat ussat ýogalanyndan birnäçe onýyllyklar geçenden soň göçürilipdir. Bertels bu barada gymmatly maglumat berip, ol eserleri şeýle atlandyrýar: 1«Шавахид ан-нубувва» («Доказательства пророчества»). 1. «Нафахат ал-унс» («Дуновения дружбы»), 2. «Накш-и фусус» («Начертание гемм»). 3. «Аши ’атал-лама'ат» («Лучи блистаний»). 4. «Шарх-и касида-йиХамрийа-и Фаридиййа» («Комментарий на „Винную касыду- Ибн ал-Фарида»), 5. «Шарх-и касида-йита’иййа» («Комментарий на касыду с риф¬мой на букву „та»). 6. «Рисала-йи шара ит-и зикр» («Послание об условиях зикра»). 7. «Рисала-йиманасики хадж» («Послание об обрядах хаджа»). 8. «Бахаристан» («Весенний сад»). 9. «Рисала-йиаруз» («Послание о метрике»). 10. «Рисала-йимусики» («Послание о музыке»). 11. «Лава’их» («Скрижали»). 12. «Диван-иаввал» («Первый диван»). 13. «Диван-и сани» («Второй диван»). 14. «Диван-исалис» («Третий диван»). 15. «Дафтар-и аввал-и Силсилатаэ-захаб» («Первая тетрадь „Золо¬той цепи**»). 16. «Дафтар-и дуввум-и Силсилат аз-захаб» («Вторая тетрадь „Зо¬лотой цепи“»). 17. «Саламан у Абсал» («Саламан и Абсал»). 18. «Дафтар-и саввум-и Силсилат аз-захаб» («Третья тетрадь „Золо¬той цепи**»). 19. «Тухфат ал-ахрар» («Дар благородных»). 20. «Сибхат ал-абрар» («Четки праведных»). 21. «Йусуф у Зулайха» («Йусуф и Зулайха). 22. «Дайли у Маджнун» («Дайли и Маджнун»). 23. «Хирад-наме-йиИскандарий» («Книга мудрости Искандаровой»). 24. «Рисала-йиму'амма-йикабир» («Большое послание о му'амма»). 25. му'амма-йимутавассит» («Среднее послание 26. «Рисала-йиму'амма-йисагир» («Малое послание о му'амма»).послание му'амма-йиманзум» («Стихотворное «Рисала-йи о му'амма»). 27. «Мунша’ат» («Письма»). 28. «Суханан-и хаджа Парса» («Изречения ходжи Парса»). 29. «Шарх-и байт-иМаснави» («Комментарий на [первый] бейт Месневи»). 30. «Арба'ин хадис» («Сорок хадисов»). 31. «Рисала-йи фи-вуджуд» («Послание о [термине] „вуджуд"»). 32. «Шар х-и байт-иХосров» («Комментарий на бейт Хосрова»). 33. «Шарх-и хадис» («Комментарий на хадис»). 34. «Тахкик ал-мазахиб» («Уточнение философских систем»). 35. «Шар х-и руба'иййат» («Комментарии на четверостишия»). «Тухфа-йи Сами» к этому добавляет: 36. Незаконченный комментарий на Коран. 37. «Комментарий на хадис Абу ЗарраГиффари».(«Нет божества. 38. «Послание о формуле „Да илаха илла-л-лах4 кроме аллаха»). 39. «Жизнеописание ходжи АбдаллахаАнсари». 40. «Послание о вопросах и ответах индийских шейхов». 41. «Послание о рифме». 42. «Стихотворное послание». 43. «Ал-Фава’ид аз-Зийа’ийа фи шарх ал-Кафийа» («Комментарий на послание Кафия»). 44. «Шарх-и ба'зи аз Мифтах ал-гайб» («Комментарий на отрывки "Ключа тайн»). 45. «Накд ан-нусус» («Критика нусус»). 46. «Послание об учениях Накшбанди». 47. «Жизнеописание Маулави», т. е. Джалаладдина Руми. Абд ал-Гафур Лари добавляет: 48. «Комментарий на изречение Абу Разина Укайли». 49. «Послание о термине "вахид“» (единый). 50. «Персидская грамматика в стихах и прозе». | |
|
√ Şiraly Nurmyradow - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |