15:01 Ýewgeniý Bertels / dowamy | |
Bertelsiň ýazmagyna görä, Nowaýy ömrüniň ahyrynda, ýagny 1499-njy ýylyň ahyrynda, onuň pikiriçe, orta aziýaly şahyrlara wesýet bolup galmaly bir kitaby ýazmaga girişipdir. Bu kitaby ol “Muhakamat al-lugataýn” (“Iki diliň ýük agramy”) diýip atlandyrypdyr. Ol kitabynda pars we türki dilleri deňeşdirip, parslaryňarasynda alym adamlaryň köpdügini, türkileriň entäk gaty bir sowatly däldiklerini boýun alýar. Ýöne türkileriň ulusyndan kiçisine çenli, nökerden başlap beglerine çenlisartdilini bilýändiklerini (sart dili diýip Nowaýy pars dilini göz öňünde tutýar – A.Ç.), hatda birtoparlaryň bu dilde örän çeper we owadan gürläp bilýändiklerini belläp geçipdir. Türki şahyrlarynyň pars dilinde gowy goşgulary, täsirli tymsallary bilen tanalýandyklaryny, ýöne parslaryň öz-özüni oňarmaýanyndan başlap, emeldarlaryna çenli, ýa bolmasa, ýönekeý adamlardan alym adamlaryna çenli biriniň hem türkiçe gepläp bilmeýändiklerini ýazypdyr. Nowaýy “ muny geň görüp oturasy iş ýok, çünki türki dilde ol ýa-da bir düşünjäni aňlatmak üçin gaty inçelik bilen bildirýän sözler bar” – diýýär. Ol muny subut etmek üçin işinde ýüzläp işlik sözlerini getirýär we şolaryň biriniň hem pars dilinde ýokdugyny anyk görkezýär. Türki dilinde omonim sözleriň uçursyz köpdügini aýdyp, munuň şygyrýet dilinde söz oýnatmaga uly mümkinçilik berýändigini ýazýar. Iki diliň fonetik aýratynlyklary hakynda söz açyp, türki dilde çekimli sesleriň köpdügini hem belleýär. Pars diliniň guşdur mal-garalary, ýa bolmasa, aw gurallaryny aňladýan sözleriň garypdygyny, pars dilinde söz emele getiriji goşulmalaryň köpüsiniň türki dilden alnandygyny hem anyk mysallara ýüzlenip, subut edipdir.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Türki diliniň leksiki we morfologiki artykmaçlyklaryny subut edip, Nowaýy türkileri öz ene dilinde ýazmaklaryna çagyrypdyr. Nowaýy özüniň hem ýaş döwürlerinde döwrüň talabyna eýerip, goşgularyny pars dilinde ýazmaga endik edendigini aýdýar. Kämil ýaşa ýetenden soň, özünde ene dilinde ýazmak pikiriniň dörändigini, şeýlelikde öz ene diliniň hemişe gül öwsüp duran enaýy bag-bossanydygyna göz ýetirendigini hem ýazypdyr. Gündogary öwreniji rus alymy Bertels Nowaýynyň pars we türki dilleri hakdaky işini öwenmek bilen, ol Nowaýynyň bu babatda dogry ýoldan ýörändigi hakdaky pikirlerini aýdyňlyk bilen düşündirýär. Bertels Nowaýynyň bu işini ýazmakda maksadynyň pars diliniň ähmiýetini pese düşürmek däldigi hakdaky pikirleri subut etmek üçin Nowaýynyň öz sözlerine ýüzlenýär. Nowaýy işinde käbir adamlaryň muny meniň pars diline çüňňur aralaşyp bilmändigini tutaryk edinerler, ýöne munuň ynandyryjy delil däldigini hem ýaňzydypdyr. Nowaýynyň wezir döwründe köçeden atly gidip barýarka jaýyň üçeginde duran Gül atly bir owadan gyza aşyk bolşy hakdaky rowaýat hem gyzyklydyr. Ýöne türkmen ertekileriniň arasynda Nowaýy bilen baglanyşykly köp rowaýatlaryň bardygyny Bertels belläp geçipdir. Bu rowaýatlar Myraly we Soltansöýün ady bilen baglanyşdyrypdyrlar. Bertels Nowaýy hakdaky işinde 1941-nji ýylda Aşgabatda neşir edilen “Myraly we Soltansöýün” atly kitapdaky rowaýatlara salgylanýar. Kitaby folklorçy Penji Agalyýew çapa taýýarlapdyr. Şaja Batyrow hem redaktirläpdir. Bertels bu kitapdan, ine, şeýle bir rowaýaty mysal alypdyr. Rowaýatda Myraly gün-güzeranyny zordan dolandyryp ýören adam hökmünde görkezilýär. Sebäbi ol gazananynyň barjasyny garyp-gasarlara paýlaýan ekeni. “Soltan söýün diýen bir patyşa bar eken” – diýip, başlanýan rowaýatda Soltansöýüniň Myralynyň maslahaty bilen hiç iş etmeýändigi aýdylýar. Wagtal-wagtal Soltansöýün Myralyny öýüne myhmançylyga çagyrsa-da, Myraly ony öz öýüne çagyrmaýan eken. Myralynyň köne possuny ýama-ýama eken. Bir gezek Soltansöýün bilen Myraly gezelenje çykypdyrlar. Olaryň ýoly Myralynyň öýüniň üstünden düşse-de, ol patyşany öýüne çagyrmandyr. Şonda Soltansöýün: – Myraly, sen meni hiç öýüňe çagyraňok-la? Sebäbi näme?– diýip soraýar. Şondan soň Myraly ony öýüne çagyrypdyr. Öýe girýärler. Öýüň içi boş. Muňa Soltansöýün geň galýar. Myralynyň aýaly bolsa başyny aşak salyp, tikin edip otyr. Ol: – Hudaýa şükür, günümiz gowy. Janymyz sag- diýip, syr bildirmejek bolýar. Soltan: – Men seniň äriňe aýda bäş ýüz teňňe berýän. Bu puly nämä sowýaňyz? – diýip soranda, aýaly: – Biz-ä bu ýerde ýekeje teňňe-de göremzok – diýýär. Soltansöýün Myrala ýüzlenip: – Menden alan puluňy nirä sowýaň? – diýýär. Myraly: – Eý, patyşahy älem, gel, ikimiz egin-eşigimizi çalşyp bir ýere gideli – diýýär. Olar ýola düşýärler. Myraly öňde, Soltansöýün yzda. Şäheriň çetinde toplum bolup oturan köp adamlaryň ýanyna barýarlar. Olar Myralynyň duşundan geçip, Soltansöýüniň daşyny gallap alýarlar: – Näme üçin sen gijä galdyň? Açlygymzdan ölýäs. Soltansöýün Myrala garap: – Dat ýeteweri. Bular meni aljaklar. Indi men seniň pullary nirä sowanyňy bildim- diýip, gygyrypdyr. Soltansöýüni Myralydyr öýden garyp-gasarlara “Oňa azar bermäň. Meniň ýanyma geliň!” diýip gygyrypdyr. Şonda Soltansöýün Myralynyň özünden näçe esse ýokarydygyna göz ýetiripdir. Myraly ölmezinden öň Soltansöýüne: “Ölemsoň, meniň donumy geýip, garyp-gasarlaryň arasyna barawer!” diýip, wesýet edipdir. Rowaýata görä, Soltansöýün Myralynyň bu wesýetini berjaý edipdir.Şonda garyp bendeler: --Myraly ölmän eken.Hanha, ol atyna münüp gelýär- diýip, ylgap gelýärler, görseler Myraly däl .Olar: “Wa-aý, bagtymyz ýatdy.Myraly ölüpdir – diýip, gynanypdyrlar. Bu rowaýatdan görnüşine görä, Nowaýy ölenden soňam onuň adynyň , onuň il-güne eden ýagşylyklarynyň halkyň ýadynda ömürlik galandygyny subut edýär. Bertels «История персидско – таджикской литературы” (“Pars-täjik edebiýatynyň taryhy”) atly kitabynyň garahanlylaryň eýelik eden ýerleriniň edebiýatyna bagyşlan babynda şeýle bir gyzykly mysal getiripdir: ol orta asyrlar taryhçysy we edebiýatçy alymy Nyzamy Aruzä salgylanypdyr. Garahanlar döwründe, onuň patyşasy Hydyr hanyň hökümdarlyk eden ýyllary ýurt gülläp ösüpdir. Hydyr han gaty parasatly adam bolan. Ol şahyrlara uly hormat goýan we olary köşgünde saklan. Şahyrlar emiri diýen ady alan Amak, Reşit Samarkandy, Neçjar Sagarjy, Aly Banidi, Pisary Derguş, Pisary Isfaraini, Aly Sipihri ýaly uly şahyrlar köşkde işläpdirler. Patyşa Amaga sylag-serpaýyny bolluk bilen eçilýän eken. Reşit Samarkandynyň muňa gözi gidýän. Ol hem şeýle bol sylag-serpaýyň arzuwynda gezipdir. Ol köplenç patyşanyň gowy görýän aýaly Zeýnep äşäniň tarypyny edip, kasydalary ýazýan eken. Munuň üçin Zeýnep hem patyşanyň ýanynda Reşidiň öwgüsini ýetirip durupdyr. Garaz, soňabaka şahyryň işleri şowuna bolup başlapdyr. Oňa-da ussat şahyr diýen at berlipdir. Günleriň bir gününde Hydyr han Amakdan Reşidiň goşgularynyň nähilidigi barada sorapdyr.Amagam Reşidiň ýaşlygyna garamazdan, onuň erjeldigini, goşgularyny gowy ýazýandygyny, manylydygyny, çeperdigini aýdyp, “ýöne göşgulara azajyk duz ýetenok-da” diýipdir. Bu gürrüňden birnäçe wagt geçipdir. Bir gün Reşit hanyň huzuryna gelip, tagzym edip, ýerine geçjek bolanda, patyşa onuň çetine degjek bolup, Amak bilen bolan gürrüňi oňa aýdýar. “Men Amakdan: “ Reşidiň goşgularyny nähili görýäň?” diýip soradym. Olam “Goşgulary gowy, ýöne olaryň az-owlak duzy ýetenok” diýdi. “Senem indi oňa birki bent goşgy ýazmaly” diýipdir. Reşit şo halat patyşa tagzym kylyp, ýerine geçip oturýar-da, ýüzugra şu setirleri aýdypdyr: “Goşgulary duzsuz” diýip aýdypsyň, Aýdanlaryň, belki, dogrudyr - dogry. Bilseň, meniň goşgularym baldandyr. Bala näme duzuň geregi barmy? Ýöne weli sen zaňňaryň goşgusy, Noýbadan, şalgamdan doly engamy, Bulaň duza mätäç mydam endamy. Şahyryň goşgusy patyşanyň göwnünden turupdyr. Onuň halat-serpaýyny ýetiripdir. 1948-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň Moskwada “Saýlanan eserleri” neşir edilýär. Bu rusça neşir Ýe.E.Bertelsiň “Magtymguly” atly makalasy bilen açylýar. Alym makalada Magtymgulynyň atasy Döwletmämmet Azady we onuň “Wagzy-Azat” eseri hakynda rus okyjylaryna habar beripdir. Azadynyň bu eseriniň didaktiki mazmundadygy, şahyryň pars we özbek klassyk edebiýatyndan, aýratynam Alyşir Nowaýynyň döredijiligine bellentligini nygtapdyr. Şeýle hem ol Azadynyň gerkezleri Gürgeniň hany Alyhanyň zalymlygyna garşy baş götermeklerini hem çagyryş edendigini ýazýar. Ýöne bu hekaýatlaryň näderejede hakykata gabat gelýändigini güwä geçmek kyn, sebäbi bularyň aglabasynyň ertekä çalymdaş ýerleri az däl. Ýöne barybir Azadynyň erkinlik we adalatlyk ugrunda göreşendigi halkyň aňynda ýaşapdyr. Gündogary öwreniji alym Döwletmämmet Azadynyň uly maşgalasynyň bolandygyny, ol üçünji oglunyň adyna kakasy Magtymguly Ýonaçynyň adyny dakandygyny, onuň eýýäm çaga wagtlary zehininiň açylyp, bilimli-sowatly bolandygyny ýazypdyr. Magtymgulynyň halkyň arasynda at-abraýynyň belent bolandygyny ýazyp. gündogary öwreniji alymlaryna onuň goşgularynyň öňden mälimligine garamazdan, şahyry az öwrenendiklerini belleýär. Munda wenger syýahatçysy G.Bamberiniň 1879-njy ýylda Magtymgulynyň otuz sany goşgusynyň terjimesi bilen bir makala çap etdirendigini, ýöne onuň dili oňat bilmezligi we golýazmalaryň ýaramazlygy sebäpli, goşgularyň hem, makalanyň hem gödek säwliklerden halas däldigini, şonuň üçinem bu şahyryň ýokary ussatlyk derejesiniň pese gaçyrandygyny belläpdir. Gynansak-da, Bertelsiň bu makalasynda Magtymgulynyň goşgularyny gyzylyň gyryndysy ýaly edip halk içinden toplan A.N.Samoýlowiçiň hyzmaty hiç ýerde agzalmandyr. Ussat alymyň Magtymguly barada diňe Magtymguly barada-da däl, türkmen klassyk edebiýaty barada bimöçber iş bitiren alymyň adynyň agzalmazlygy geň görünse-de, muňa düşünmek bolar. Çünki A.N.Samoýlowiç otuz ýediň pidasy bolupdy, birdemde “halk duşmanyna” öwrülipdi. Diňe ellinji ýyllaryň ahyrlarynda onuň ady täzeden tutulyp başlanypdy. Munuň üçin Ýe.E.Bertelsi birjik-de günälemek niýetimiz ýok. Şeýle hem makalada Magtymgulynyň bir goşgusynda gyzylbaşlaryň obalaryny talap, olaryň şahyryň diwanyny Amyderýa oklahdyklary hakdaky gürrüňi hakykata gabat gelmeýär. Magtymgulynyň gürrüňini edýän derýasynyň Amyderýa däl-de, Etrek derýasydygy öz-özünden düşnüklidir. 1948-nji ýylda goýberilen bu säwlik, şahyryň goşgularynyň 1960-njy ýyldaky neşirinde hem şeýle ýalňyşlyk gidipdir. Eýsem-de bolsa, bu ýygyndyny düzeniň hem, onuň redaktorlarynyň biriniň hem Baýmuhammet Garryýew bolandygyny aýtmak gerek. Ýe.E.Bertels makalasynda şahyryň “Reýgan eýledi” goşgusynyň G.Şengeli tarapyndan terjimesinden bir bent mysal getirýär: Нас враг застал врасплох иные в плен попали, Тетрады милые враги добычей стали... Джейхун бушующий стал Кызылбашы другом, И рукописъ мою потоки вод несут! Goşgusynyň asyl nusgasy: Şum pelek bi rehim, maňa bildirdi, Aglamakdan gül ýüzlerim soldurdy, Golýazma kitabym sile aldyrdy, Duşmanyny jeýhun derýa eýledi (“Reýgan eýledi”). Görşümiz ýaly, şahyryň goşgusynda gürrüň Amyderýa hakynda däl-de, Amyderýanyň il içinde tutulýan başga bir ady Jeýhun, ýagny däli, ugursyz, gazaply ýaly manylary berýän Jeýhunyň gürrüňi gidýär. “Duşmanyma jeýhun güýjüni berdiň” diýýär. Gürrüň Etrek derýasy hakynda barýar. Çünki bu derýanyň boýy şahyryň ýaşan mesgenidir. Kyrkynjy ýyllarda Magtymguly Pyragynyň ýubileýi bilen baglanyşykly onuň goşgularynyň rus diline terjime edilip, Bütinsoýuz rus dilli okyjylaryna ýaýradylmagy, Ýe.E. Bertels ýaly dünýä belli alymyň Magtymguly hakyndaky makalalary şahyr hakda öz ýurdunda jedelli gürrüňleriň sabamagyna goltgy beripdi. Şu ýerde 1926-njy ýylda Aşgabatda Magtymgulynyň goşgularynyň daşynda bolup geçen bir wakany ýatlasak ýerlikli bolardy. Ýe.E.Bertelsiň ýaňy ady agzalan makalasynyň türkmen diline edilen terjimesiniň nusgasyny alyma bagyşlan işimiziň soňunda gysgaldybrak ýerleşdirmegi makul bildik. “1926-njy ýylda B.Kerbabaýew Magtymgulynyň 281 goşgusyny ýygnap, aýratyn kitap edip çykardy. Bu kitabyň ylmy taýdan ähmiýetini belläp, Ýe.E.Bertels şeýle ýazdy: “1926-njy ýylda Aşgabatda, meşhur türkmen ýazyjysy B.Kerbabaýew tarapyndan çykarylan neşirdir. Ol neşir arap harpy esasynda çap edilipdir, emma arap elipbiýini reformalanandan soň çekimli harplaryň-da ulanylmagy bilen çap edilipdir, şeýlelik bilen bu neşir Magtymgulynyň goşgularynyň tekstini häzirki türkmen okyjysynyň gepleýşi ýaly edip okamaga mümkinçilik berýär.” B.Kerbabaýewiň edebi-döredijilik pähimi bilen dörän Magtymgulynyň bu neşiri türkmen jemgyýetçiliginiň onuň köne we täze nesline dürlüçe täsir etdi. Magtymgulynyň bu kitabyny goluna almak bilen, aýdaly, Herrikgaladan Jelaleddin işan B.Kerbabaýewe hat ýazdy we oňa kyýamat azaplary bilen wehimler berdi: “Mälim bolsun Berdi Kerbabaga kim, sen, Magtymgulynyn basyp çykarmakda köp hatalar kylypsyň, ikinjiden, Muhammet Mustapany aýry ýazypsyň, üçünjiden kitabyň başynda “bisimilla” goýmansyň, dördünjiden , arap harplarynyň ýazylyşyny bozupsyň. Kylan işiňden bu dünýäde uýalmasaňam, o dünýäden gorksaň gowy bolardy, ahyrýetde jogap sorarlar”. Jelaleddin işanyň bu hatynyň asyl nusgasy B.Kerbabaýewiň şahsy arhiwinden tapylmasa-da, B.Kerbabaýew ol haty Magtymguly hakdaky makalanyň özbekçe tekstinde getiripdir (seret: “Uzbek adabiýoty wa madaniýeti” 1949, №5, 87-88 sah.). Magtymgulynyň beýleki bir okyjysy, Magtymgulynyň 1926-njy ýyldaky neşiri hakda filologiýa ylymlarynyň doktory, TSSR YA-nyň habarçy agzasyZ.B.Muhammdowa “Magtymgulynyň täsiri” atly makalasynda şeýle ýazdy: “Ýedi-sekiz ýaşymdakam ondan-mundan arap (jezit) hatyny öwrenip, öýde bar bolan kitaplara ýapyşyp başladym. Şol barmana Magtymgulynyň 1926-njy ýylda taýýarlanan neşiriniň üstündenbardym. Ilki özümi ýitirip, näme okajagymy bilmedim. Soň görsem, garry atamyň aýdýan “Seýil edeliň bu jahana...” diýen goşgusy bar eken. ...Mekdebe men Magtymgulyny ýüregime pugta ornaşdyryp ruhy taýdan baý, öz 8 ýaşyna agdyk bolan ösdürümli bolup girdim . Işimiziň şu ýerinde birki agyz akademik B.B.Bartoldyň “Mir Ali Şir” atly işi hakynda aýdyp geçeliň. 1926-njy ýyldan soň Nowaýy hakynda köp sanly işler, şol sanda Ýe.E.Bertelsiň şahyryň döredijiligine bagyşlanyp ýazylan iň gowy monografiýasy-da Bartoldyň Nowaýynyň biografiýasy babatda hiç hili üýtgeşik zat goşup bilmedi. Soňky döwrüň awtorlarynyň barysy bu babatda Bartoldyň işine ýüzlendiler. Ýene bir zady bellemeli: 30-40-njy ýyllarda Nowaýy hakda ýazylan işlerde Nowaýy syýasy işgär hökmünde has ideallaşdyryldy. Awtorlar bu babatda täze tapylan faktlara däl-de, Bartoldyň şahyryň Alyşir Nowaýynyň köşk tarapyndan “gyrahladylan we täsiriniň pese gaçan” döwrüniň gürrüňine esaslandylar. Bu işlerde beýik şahyr feodal eden-etdilige garşy işeňňir göreşiji we zähmetkeşleriň bähbitlerini goraýjy hökmünde ý-da onuň köşk emeldarlary tarapyndan kemsidilen adam. Onuň Astrabadyň dikmesi edilip iberilmegini bolsa Soltan Hüseýne garşy syýasy oppozisiýa döredenligi bilen düşündirdiler. Nowaýy babatda şeýle pikirleriň döremeginiň düýbünden nädogrudygyny ilki bolup Ýe.E.Bertels gürrüň gozgady, alymyň bu pikirine A.A.Semýonow garşylykly çykyş edipdir. Ýöne Ýe.E.Bertels Bartoldyň Nowaýynyň “gyrahladylanlygy” hakda tassyklamasynyň ýeterlik mysallar bilen esaslandyrylmandygyny öz “Nowaýy” atly işinde (85 sah.) aýratyn belläp geçipdir.Ýöne Bartoldyň Nowaýy hakda toplan maglumatlarynda ussadyň halk köpçüliginiň bähbitleri ugrunda soltana garşy göreşiji hökmünde görkezendiginiň mysallary ýokdur. M.Belen we E.G.Braun ýaly alymlardan tapawutlylykda Bartold Nowaýynyň “asuda durmuşda ýaşandygyny” däl-de, onuň öz döwrüniň syýasy durmuşynyň jümmüşinde ýaşandygyny, güýçli emeldar bolandygyny, syýasy göreşlerde taplanandygyny, emeldarlar bilen bolan köşk agzalygyny başdan geçirendigini tekrarlapdyr. Belli taryhçy, gündogar öwreniji alym B.F.Minorskiniň aýdyşy ýaly, “Bartoldyň “Mir - Ali-Şiri” Nuhuň gämisi kimin ýüzüp ýör”. Professor Ýe.E.Bertelsiň öz alyp baran işiniň daşyndan hem ylmy işlere ýazan göwrümli synlary bir ýa iki däldir. Ol aspirantlaryň, görnükli alymlaryň işlerini okap, olara öz belliklerini aýdypdyr. Onuň bu babatda eden işleriniň birki sanysyna göz gezdirip geçeliň. Onuň birinjisi professor A.Saadynyň filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin ýazan ylmy işi. Prof. A.Saady Özbegistan SSR-niň uniwersitetleriniň ikisinde pedagogik iş baran adam. Özem tatar edebiýaty meseleleri bilen ilki gyzyklanan, bu ugurdan işlän alymlaryň ilkinjisidir. Ol 100-den gowrak ylmy işleriň awtory. Gepiň gysgasy, ol Özbegistanda şo döwürlerde öz ugrundan ýeke-täk alym eken. Ine, Bertels şol alymyň Nowaýy hakdaky doktorlyk işini okap, şeýle bellikleri edipdir: alym kitabynda Nowaýy babatynda ulanylýan “özbek edebiýatynyň we edebi diliniň düýbüni tutujy” epitetiniň many-mazmunyny kesgitlemegini, Nowaýynyň döredijiliginiň progressiw taraplarynyny, şeýle hem birinji nobatda onuň günamizminiň aýratynlyklaryny ýüze çykarmagy, Nowaýydan öňküler bilen ussadyň arasyndaky estetiki garaýyşlary deňeşdirmegi, Nowaýynyň döredijilik ýoluny açyp görkezmegi, onuň lirikasynyň, aýratynam gazallarynyň seljermesini, “Hamsa “ diwanyndaky esasy obrazlaryň häsiýetlendirilmesini, Nowaýynyň soňky özbek edebiýatyna, şeýle hem tatar edebiýatyna ýetiren täsirlerini açyp görkezmegi maslahat beripdir. Bertels awtor tarapyndan akademik B.B.Bartoldyň belli “Mir-Ali-Şir we syýasy durmuş” atly işini tankytlap, Nowaýy bilen soltan Hüseýiniň arasyndaky gapma-garşylyklaryň progressiw we konserwatiw pikirli toparlaryň göreşidigini tassyklamasynyň dogrudygyny, ýöne munuň düýp mazmunynyň doly açyp görkezilmändigini belleýär. Nowaýynyň wezir Mejdeddin bilen düşünişmezliginiň sebäpleri hem aýdyňlaşdyrylmandyr. Bu ýerde Nowaýynyň oýlanmalaryna däl-de, bu babatda onuň real hereketlerinden ugur alynmalydy. Kitaby okap, Nowaýy bilen Mejdeddiniň arasyndaky gapma-garşylyklaryň näme sebäpdenligi açylyp görkezilmeýär. Mejdeddini gowy adam däl hökmünde beýan etmek kyn däl, ýöne nähim -paýhasly Jamynyň Mejdeddine bolan garaýşynyň gowy bolandygy, hatda ýüregi awap, soltandan oňa delalat islemegine nähili düşünmeli? Bertels awtoryň öz işinde gürrüňi edilýän adamlaryň ählisini “ynsanperwer”diýip atlandyrmagyna özüniň düşünmeýändigini aýdýar. Göýä bu söz wezipäni ýa-da käri aňladýan ýaly görünýär. Bertels näme üçindir, synynyň şu ýerinde XV asyrda ynsanperwer sözüni orta aziýaly wekillere ulanmagyň pagtabent ýalydygyny hem belläp geçipdir. Nowaýy kimdir bir adam hakda hoş söz aýtdygy, derrew awtor tarapyndan oňa ynsanperwer sözi eçilipdir. Synyň dowamynda awtoryň Nowaýyny mutazilit akymyna goşuljak bolunmagy, ýa bolmasa, Ibn al-Araby ýaly meşhur alymyň adyna gara çekiljek bolmagy ýaly zatlaryň heniz pikir eleginden geçirilmän edilendigi hakda-da aýdylýar. 1705-nji ýylda çap edilen Stambul neşiriniň hem nätakykdygy, çünki o döwürde Türkiýede kitap çap edilişiniň ýola goýulmandygy ýaly mysallar hem Bertelsiň gözünden synmandyr. Nowaýynyň özbek edebiýatynyň we edebi diliniň düýbüni tutandygy hakdaky pikirler dogry. Ýöne geçmişiň görnükli adamlarynyň aýtmajak zatlaryny aýtdyrmagyň hiç hili hajaty ýok. Nowaýy kitapda özbek dili hakda, hatda köne özbek dili hakda gürrüň edýär. Ýöne Nowaýynyň bu terminlerden düýbünden habary ýokdy. Habary bolup biljek zadam däldi. Çünki ol öz dilini türki dil hasap edýärdi. Bu hakda aýtmazlyk mümkin däldi. Köne özbek dili bilen häzirki zaman özbekedebi dili hakda, aýratynlyklary hakda kitapda açyk we düşnükli edip aýdylmagy gerekdi. Bertels Saadynyň işi dogrusynda başga-da degerli bellikleriň ýene-de birnäçesi hakda anyk ýazypdyr. 1948-nji ýylda Daşkentde Nowaýynyň doglan gününiň 500 ýyllygy mynasybetli Özbegistan Ylymlar akademiýasynyň neşirýaty tarapyndan “Beýik özbek şahyry” ady bilen kitap neşir edilýär. Bu täze kitap beýik ussada bagyşlanan neşirleriň dördünjisidi. Birinji neşir öň işimizde ýatlap geçişimiz ýaly, 1928-nji ýylda SSSR Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Mir-Ali-Şir” atly kitap neşir edilipdi. Muňa B.B.Bartoldyň “Mir – Ali - Şir we syýasy durmuş” atly makalasy we beýleki awtorlaryň makalalary ýerleşdirilipdi. Soň 1940-njy ýylda SSSR Ylymlar akademiýasynyň Özbegistan filialy tarapyndan “Özbek edebiýatynyň öňbaşçysy” ady bilen kitap çap edilýär. Nowaýy hakdaky makalalaryny özünde jemleýän kitap soň 1946-njy ýylda-da neşir edilipdir. Gürrüňini etjek kitabymyz bolsa, ýaňy belläp geçişimiz ýaly, 1948-nji ýylda neşir edilipdir. Kitap özbek alymy Ýa.G.Gulýamowyň “Nowaýy döwrüniň öwreniliş taryhyna” atly makalsy bilen azylýar. Bu makala esasan akademik B.B.Bartoldyň 1928-nji ýylda ýazan makalasyna we 1946-njy ýylda A.Ýu.Ýakubowskiniň ýazan makalasyna esaslanýar. Bertels kitapdaky bu makala barada ilki öwgüli sözlerini aýdyp, soňundan hem makalanyň bärden gaýdýan ýerleri hakda anyk bellikleri aýdýar. Mysal üçin, awtor makalasynda mongol hanlarynyň öz güýçlerini berkitmek üçin reaksiýon derwüşçilere daýanandyklary hakda ýazandygyny belläp, Orta Aziýada derwüşçiligiň gülläp ösen döwrüniň XII-XV asyrlar bolandygyny, soňky derwüşleriň muny dowam etdirendiklerini aýdýar. Nagyşbendiçi derwişleriň ylma we medeniýete garşy göreşendikleriniň mysallarynyň seýrekdigini, aýry-aýry derwüş wekilleriniň şeýle mysallarynyň tapyljakdygyny inkär etmändir. Ýöne muny bütinleý şol akymyň garşysyna gönükdirmegiň hakykata gabat gelmeýändigini Bertels aýdýar. Aslynda şo döwrüň öňdebaryjy medeniýetiniň wekilleri bolan Jamynyň, Nowaýynyň hem nagyşbendiçilik akymyna goşulandygyny, bularyň bolsa reaksiýon bolmandygyny hem Bertels ýatlap geçýär. Kitapda ýerleşdirilen P.N.Nabyýewiň “ XV asyr Mawerannahrynyňsyýasy-ykdysady durmuşynyň oçerklerinden” atly makalasynyň hem gürrüňi edilipdir. Makalanyň agramly bölegi nagyşbendiçilik akymynyň görnükli wekili Hoja Ahtara degişli. Awtor öz işinde Hoja Ahrary gara reňke boýamak işläpdir. Pikirleriň gapma-garşylygy netijesinde awtor öz diýjek zadyny oňly düşündirip bilmändigi ussat alymyň gözünden sypmaýar.Ol Nowaýynyň Soltan Hüseýniň ogluna ýazan haty hakda giňräk gürrüň edipdir. Awtor welaýathökümdarlygyna garamazdan, Nowaýynyň oňa döwleti nädip dolandyrmagyň ugurlaryny görkezip bilendigini nygtaýar. Ýöne weli Nowaýynyň entek döwlet başynda oturmadyk adama şeýle maslahat bermejekdigi öz-özünden düşnükli. Makalanyň awtory her gezek Nowaýynyň şeýle maslahatlary beren wagty, oňa “Bu Nowaýynyň bitiren taýsyz hyzmatydyr” diýip , zol-zol gaýtalamagyny Bertels ýerlikli hasaplamandyr. Makalanyň başga bir ýerinde bolsa awtor Hoja Ahraryň “tamganyň”, ýagny salgydyň ulanylmazlygy hakdaky pikirine salgylanyp, munuň üçin ony garalajak bolmagy düşnüksizdir. Çünki ol Nowaýynyň soltanyň ogluna berýän maslahatynda oňa “tamgany” ulanma diýýän ýerinde munuň üçin Nowaýynyň belent hyzmatyna “berekella” diýmegi, Hoja Ahrar tamga ulanma diýse, bolanokmyşyn. Kitapda Ýa.G. Gulýamowyň makalasynda Soltan Hüseýin hem, Nowaýy-da ilaty salgyt güzabyndan dyndyrmak maksady bilen käwagtlar özleri halkyň deregine salgydyň öwezini doldurypdyr diýip ýazýar. P.N.Nabyýew bolsa bir gezek Hoja Ahrar Daşkent ilatyny salgytdan azat etjek bolup, 300 muň dinar harçlapdyr. Awtor muny Hoja Ahraryň ilata gowy görünjek bolup eden işidigini, ýöne munuň bolmandygyny ýazýar. Ussat alym kitaba synynyň şu ýerinde, Nowaýy we beýleki emeldarlaryň şeýle eden işleri göze görünýär-de, näme üçin Hoja Ahraryňky adamlara gowy görünjek ýaly bir zat bolmaly? diýen ýerlikli sorag berýär. Jamynyň hem, Nowaýynyň hem Hoja Ahrara uly hormat bilen garandyklaryny, döwleti dolandyrmak meselelerinde özleriniň pikirleriniň çapraz däl-de, birmeňzeşdigini aýdyp geçipdirler. Bertelsiň Hoja Ahrar hakda öz pikiri bar: olam şo döwrüň adaty feodal emeldarlaryndan Hoja Ahraryň birjik-de pes däldigi. Ýygyndydaky B.Ýu.Zahydowyň “Nowaýynyň sosial-syýasy garaýyşlarynyň käbiri” atly makalasynda hem düýpli kemçilikleriň üstüni açýar. Çünki awtor XII asyryň pars mistik şahyry Kelaleddin Rumy bilen Nowaýynyň adam hakyndaky garaýyşlaryna garap, olaryň bu babatda düýbünden gapma-garşylykly pikir öwürýändiklerini ýazypdyr. Bertels bu awtoryň bu baradaky pikirleriniň yrga we ugursyzdygyny anyk görkezipdir. Zahydowyň pikiriçe, Rumy adama nälet okamak bilen, ony “taňrynyň abstrakt kölegesi” hasaplasa, Nowaýy “perişdeleriň hem adamyň öňünde tagzym etdirýär”. Ýöne hakykatda beýle däldir. Nowaýynyň ýaňky getirilen jümlesi Gurhandan belli parafrazadyr, Rumy hakda aýdylanda bolsa, ol adamyny ýekirmek däl-de, hatda ony “perişdelerdenem ýokary” goýar. Makalanyň awtory Nowaýynyň synpy göreş hakdaky düşünjesiniň ýoklugyna tekrarlapdyr. Özem muny ýüzugra däl-de, öwran-öwran nygtapdyr. Başga-da onuň Nowaýynyň bilmeýän zatlaryny sanap oturmagynda hiç hili delil ýok. Şeýle hem onuň Nowaýynyň aýtjak sözlerini onuň agzyna salmagy, mysal üçin , “mugthor din hadymlary”, “deýuslar” ýaly sözleriň XVasyrda ulanylyşy göwne jaý bolubam durmaýar. Bertels Zahydowyň işiniň bütinleý az ynandyryjylygyny ýüz görmän aýdypdyr. Ol orta asyrlar döwrüne mahsus zatlara ähmiýet bermezden, şol döwrüň adamlarynyň oý-pikirlerine täzeçe lybas geýdiripdir. Makala ýalňyşlyklardan, tehniki säwliklerden halas däl. Bu babatda, kitap hakynda umumymaýdylanda, ol göwnejaý redaktirlenmändir. Bertels kitapda ýerleşdirilen M.Aýbek bilen A.Deýriň “Alyşir Nowaýynyň ideýalar dünýäsi”, M.E.Massonyň XV asyr Hyradynyň taryhy topografiýasy” ýaly işleri hakda-da pikir ýöredipdir. Ýygyndyda gabat gelýän şeýle ýetmezçilikleriň bardygyna garamazdan, Bertels beýik özbek şahyrynyň ömrüni we döredijiligini öwrenmekde ähmiýetli kitapdygyny belläpdir. Bertels beýik özbek şahyry Nowaýynyň yzynda galdyran edebi mirasyna aýawly garady we onuň eserlerini, düýpli öwrendi. Ol eserleriň atlaryny ylmy taýdan tertibe saldy. Onuň şygyr we kyssa eserleriniň hronologiýasyny düzdi. Şeýle hem ol beýik şahyryň ömrüniň taryhy senelerini ylmy dolanyşyga girizdi: Nowaýynyň poetiki eserleri: 1. “Çar diwan”: a) “Gara' ib as - sigara” b) “Nabadir aş - şabab” ç) “Faba' id al - kibap” 2. “Haza' in al - ma' any.” 3. “Diwan-i Fany”. 4. “Hamsa”: a) “Haýrat al-abrar” b) “Laýli u Madjnun” ç) “Farhad u Şirin” g) “Saba-ýi Saýýara” d) “Sadd-u Iskandari”. 5. “Lisan at-Taýr”. 6. “Tand-Name”. 7. “Çihil hadis”. Kyssa eserleri 8.”Tarih-i muluk-i adjam”. 9. “Tarih-i anbiýa”. 10.”Hamsat al-mutahaýýirin” 11. “Manakib-i Saýýid Hasan-i Ardaşkr”. 12. “Manakib-i Pahlawan Muhammad”. 13. “Madžalis an-nafa' is”. 14. “Mahbub al-kulub”. 15. “Pisala-ýi mu' amma”. 16. “Nasatim al - Mahabba”. 17. “Muhakmat al- lugataýn” 18. “Munşa' at” 19. “Nazm al-djabahir”. 20. “Mizan al-abzan” 21. “Bakbiýa” 22. “Rusala-ýi tip-andazi”. Ömür ýyl ýazgylaryndan: 1441. 10-njy fewral. Alyşir Nowaýynyň doglan güni. 1447. Maşgala bolup Horasana gaçyp gitmekleri. 1457. Maşada göçülmegi. 1464. Hyrada gaýdyp gelinmegi. 1466-67. Badahşanly emirleriň wepat bolmagy. Samarkant sürgünligi. 1469, aprel. Hyrada, Soltan Hüseýiniň ýanyna gelmegi. 1470. Ýadgar mürze bilen bolan söweş. 1472,fewral. Nowaýa emir adynyň berilmegi. 1473. Afzaladdiniň wezir bellenmegi. 1476. Nowaýýynyň nakşbendiçilik akymyna goşulmagy. 1479. Nowaýynyň Hyrat şäheriniň häkimligine bellenmegi. 1487, ýanwar-fewral. Astrabada sürgün edilmegi. 1488. Nowaýynyň Hyrada dolanyp gelmegi. 1490. Mejdeddiniň gyrahladylmagy. 1494, awgust. Mejdeddiniň ýogalmagy. 1497. Badyazzamanyň topalaňy we Muhammet Möminiň jezalandyrylmagy. 1498. Nowaýynyň Merwe we Abiwerde aýlanmagy. - , 23-nji maý. Afzaladdiniň wezir bellenmegi. - , awgust. Nyzamalmülküň jezalandyrylmagy. -, dekabr . Maşatda bolmagy we haja gidip gelmäge rugsat bermegi hakda haýyş etmegi. 1499. Gazyrgahda seýitler bilen bolan maslahat. Haýdaryň jezalandyrylmagy. 1500. Soltan Hüseýiniň Astrabada ýörişi. - , 28-nji dekabr. Soltanyň Hyrada tarap dolanmagy. -, 31-nji dekabr. Nowaýynyň soltan bilen iň soňky duşuşygy we onuň birdenkä kesele ýolukmagy. 1501, 3-nji ýanwar. Nowýynyň aradan çykmagy. Ýe.E.Bertels orta asyr Gündogarynyň klassyk şahyrlarynyň ençemesi barada agramly makalalar ýazdy. Onuň beýik azerbaýjan şahyry Nyzamy Genjewi baradaky uly monografiýasy we onlarça irili-ownukly makalalary ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekdi. Geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň başlarynda sopuçylyk edebiýaty bilen gyzyklanyp, ençeme makalalaryny ýazan Ýe.E.Bertelsiň Nyzamy hakda gyzyklanmazlygy hiç bir jähtden dogry bolup bilmejekdi. Çünki şol döwürlerde Nyzamy sopy şahyr hökmünde öwrenilipdir. Şol döwürlerde ýaş alym Ýe.E.Bertels Nyzamynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýar. Şonda onuň günbatarly alymlaryň pikir edişi ýaly, Nyzamynyň büs-bütinleý sopy şahyr däldigine göz ýetirýär we ilkinji bolup bu hakdaky pikirini ylmy dolanyşyga girizipdir. Nyzamynyň sopy şahyrlaryň hataryna girizen günbatarly alymlaryň bu pikirleriniň galpdygynyň üstüni açmaga synanypdyr, bu oňa başardypdyram. Ol Nyzamynyň sopuçylyk reňkine çaýylan eserleriniň many - mazmunynda dünýewi udeýalary görüpdir, eserlerdäki kalbyňda galan agramly obrazlaryň ähmiýeti dogrusynda söz açyp, ol bu şahyryň döreden obrazlarynyň tarypyny edipdir. Onuň Nyzamy hakdaky ilkinji makalasy 1922-nji ýylda “ Wostok” žurnalynda çap edilipdir. Ol terjimeçi A.E.Gruzinskiniň Nyzamynyň “Ýedi gözel we hindi şa gyzynyň gürrüňi” atly kitaby mynasybetli ýazylypdyr. Bu makala Nyzamynyň döredijiligine tagzym edýän alymyň, şahyryň ölmez-ýitmez poeziýasyna çirk getirýän nogsanlyklaryna garşy barlyşyksyz hereketidi. Bu işinde Bertels terjimeçiniň şahyryň eserleriniň asyl nusgasyny nähili derejede ýoýşunyň mysallaryny anyk görkezipdir. Şol žurnalyň indiki sanynda bolsa Bertelsiň Nyzamynyň gürrüňi edilýän poemasynyň bäşinji nowellasy çap edilipdir. Nyzamydan edilen terjimeden we redaktorlyk işinden Bertels uly ylmy tejribe toplapdyr. Ol 1940-njy ýylyň ahyrlarynda Nyzamy hakynda uly göwrümli monografiýany tamamlapdyr. Bu ylmy iş 35 awtorlyk çap listden ybarat bolupdyr. Ýurtda urşyň başlanmagy bilen kitap özbaşyna neşir edilmän galýar. Ýöne ol soň alymyň saýlanan eserleriniň tomlugynda ýerleşdirilipdir. Bertels Nyzamy hakyndaky işlerinde Nyzamynyň kim bolandygyny, onuň döredijiliginiň okyjylar üçin näme aýratynlygynyň bardygyny, näme üçin ussadyň eserleriniň giň okyjylar köpçüligi tarapyndan halanyp okalýandygynyň sebäplerini ýönekeý dil bilen düşündirmek işläpdir. 1940-njy ýylda bu monografiýa azerbaýjan we rus dillerinde uly bolmadyk möçberde çap edilipdir. Ol hem günbatarly alymlar ýaly, Nyzamyny pars edebiýatynyň taryhyna salýardy, ony Kum şäherinde doglan edip görkezýärdi we ş.m. Bu aýratynam onuň ýazan “Pars edebiýatynyň taryhynyň oçerki” hemem “Yslam ensiklopediýasyna” ýazan makalalarynda görkezipdi. Ýöne ol şonda-da Nyzamynyň öz gahrymanlarynyň psihiologik ahwallaryny açyp görkezmäge ymtylandygyny ýatdan çykarmaýar. Ol Nyzamynyň “Hosrow we Şirin” eserindäki gahrymançylygyň ikinji derejä çekilip, gahrymanlaryň häsiýet aýratynlyklaryna, olaryň içki dünýäsiniň açylyp görkezilişine uly üns berlendigini hem belleýär. Ýöne ol başga bir möhüm pursatlarda günbatar ýewropaly oriýentalistleriniň ol ýa-da beýleki bir garaýyşlaryna tankydy nazaryny aýlapdyr. Bu hakda akademik A.E.Krymskiý hem seslenipdir. Ol Bertelsiň makalasynda getiren “Ylmyň soňky sözi” diýen jümläni ulanmak bilen şeýle ýazypdyr: “Ylmyň soňky sözi öňe tarap däl-de, yza, 1871-nji ýyla, altmyş bäş ýyla yza gaýdypdyr (ýagny ol muny ýazmak bilen B.Baheri göz öňünde tutupdyr)” . 1938-1939-njy ýyllarda Nyzamyny öwrenmek barada giňişleýin işler geçirilip başlanýar. Çünki bu beýik şahyryň ýubileýine taýýarlanmak işi ýaýbaňlanýar. Munuň üçin azerbaýjan we rus alymlary bu barada düýpli ylmy-barlag işlerini geçirmegiň aladasyny edýärýär. Muňa Ýe.E.Bertels ýolbaşçy bolýar. Ýe.E.Bertels elmydama-da orta asyr gündogar şahyrynyň islendigini öwrenjek bolsaň, ilki bilen onuň eserleriniň baryny bir ýere jemläp, onuň ylmy-tankydy tekstini taýýarlamagy maslahat beripdir. Şonuň üçinem Nyzamy bilen iş salyşýan topar şahyryň bäşpoemasynyňtankydy tekstini taýýarlamagyň ugruna çykypdyrlar. Bu iş Bertelsiň ýolbaşçylygynda gysga döwrüň içinde tamamlanypdyr we hut onuň özi tarapyndanam redaktirlenipdir. Kyssa bilen edilen terjimesi çap edilipdir. Bertelsiň terjimesini okan akademik A.E.Krymskiň onuň örän anyk we çeperçilik bilen edilendigini özüniň “Nyzamy we onuň öwrenilişi” diýen kitabynda (Baku, 1947, sah.174) ýerlikli belläpdir. Şeýlelikde, ýigriminji ýyllar Ýe.E.Bertelsiň ussat şahyr hakdaky pikirleri oriýentalistikada öňden gelýän galyp pikirlerden düýpgöter başgaça üýtgäp başlapdyr. Onuň tagallasy bilen Nyzamynyň gahrymanlary başga bir röwüşde okyjynyň göz öňünde janlanyp başlaýar. Şahyryň eserlerinde “adamyň hudaýa ýakynlaşmak baradaky allegoriki suratlandyrylyşyndan” onuň gahrymanlarynyň içki dünýäsiniň açylyp görkezilişi, onuň seljerilişi ylmy taýdan öňe sürülýär. Ýöne, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, öz wagtynda Bertels hem günbatarly gündogary öwreniji alymlaryň Nyzamynyň ömri we döredijiligi hakdaky käbir gümürtik pikirleriniň täsirine düşendigini hem aýtmaly. Bertelsiň Nyzamy hakdaky işi gündogar öwreniji alymlaryň öwgüsine mynasyp bolupdyr. Akademik A.E.Krymskiý Bertelsiň monografiýasynyň şahyryň ýubileýine bagyşlanan işleriň ählisiniň bezegi bolandygyny belläpdir. Bertels şol döwürlerde merkezi we respublikan metbugatda Nyzamy hakda yzygider çykyş edipdir. Şeýle makalalaryň birinde, ýagny “Nyzamynyň döredijiligini öwrenmegiň käbir meseleleri” atly işinde ilkinji bolup aýdan bir pikiri bar. Ol şol makalada Nyzamynyň poemalarynyn biri-biri bilen berk baglydygyny, olaryň içinden adalatly şa ideýasynyň gyzyl sapak bolup geçýändigini, özem her täze poemasyny ýazanda bu ideýanyň mese-mälim bolup ýokary galýandygyny belledi. Şeýlelikde, ol Nyzamynyň öz öňünde goýan meselesini çözmek üçin, nähili edip jöwher eserleri döredendigi aýdyň bolup galýar. Bu günbatarly gündogary öwreniji alymlaryň pikirleriniň düýbünden tersinedi. Sebäbi ol alymlar “Nyzamy öz eserlerinde belli bir şahyrana maksat goýmandygyny, ony tematikalaryň gyzyklandyrmandygy” dogrusynda agyz doldurup ýazýardylar. Munuň düýbünden tersdigini Bertels öz işlerinde beýik şahyryň öz sözlerine daýanmak bilen subut edipdir. Nyzamy tema gözleginde näçe güzaply pursatlary başdan geçirendigini özi ýazyp gidipdir. Bertelsiň Nyzamynyň döredijiligini öwrenişi öz anyklygy we taryhylygy bilen tapawutlanýar. Ol ilki bilen XII asyr azerbaýjan edebi durmuşyna giňişleýin häsiýetlendirme beripdir. Munda Ýe.E.Bertels Nyzamynyň döredijiligi bilen ondan öňki şahyrlaryň we öz döwürdeşleriniň arasynda berk baglanyşygy görüpdir. Ol ilkinji bolup poeziýa babatda azerbaýjan mekdebiniň bolandygyny, bu mekdebiň pars dilinde ýazylan ähli orta asyrlar edebiýatyndan bir gez ýokary bolandygyny nygtapdyr. Şunuň ýaly mysallary ýüze çykarandan soň, ol Nyzamynyň döredijiligi bilen zakawkazýäniň durmuş kartinalarynyňarasyndaky gatnaşyklary bilen bagly Nyzamynyň Azerbaýjana dahyllylygy hakda köpleri geň galdyran meseläni aýdyňlaşdyrmagy başardy. Nyzamynyň biografiýasyny dikeltmekde Bertels diňe Nyzamynyň öz ýazan zatlaryndan ugur alypdyr. Beýik Watançylyk urşy tamamlanan badyna Nyzamynyň ýubileý baýramçylyklaryna taýýarlyk işleri bada-bat ýola goýulýar. Eýýäm 1947-nji ýylda onuň ýubileýi uly dabaralar bilen geçirilipdir. Bu döwürde Ýe.E.Bertels Nyzamy hakda ýene-de birnäçe giňişleýin makala ýazypdyr. Onuň “Nyzamynyň tekstiniň üstünde işlemek barada” atly ähmiýetli makalasyny ýatlamak ýeterlikdir. Bertelsiň bu makalasy onuň saýlanan işleriniň tomunda ýerleşdirilýär, ýöne alymyň mundan başga Nyzamy hakda öň ýazan otuz üç makalasynyň käbir öňe sürülýän pikirleriniň könelişendigi sebäpli ýerleşdirilmänligini hem aýtmak gerek. Ýe.E. Bertels Nyzamy hakda örän köp işleriň ýazylandygyny, ýöne bu işleriň köpüsinde pikirleriň üzňeliginiň bardygyny, bir-birine çapraz gelýän ideýalaryň hem az däldigini belläpdir . Bertelsiň 1962-nji ýylda Moskwada neşir edilen “Saýlanan işlerinde” ýerleşdirilen makalalar “Nyzamy we Fizuly” ady bilen berlipdir. Onuň “Nyzamy” atly monografiýasy: “Nyzamynyň döredijiliginiň öwreniliş taryhy”, “XII asyrda Azerbaýjanyň edebi durmuşy”, 1-nji goşmaça. “Şahyra Mihsiti bilen bagly mesele”, 2-nji goşmaça. “Hakanynyň haty”, “Nyzamynyň durmuşy”, “Syrlar hazynasy”, (muňa goşmaça hökmünde “Hosrow we Şirin”), “Leýli we Mejnun” (muňa goşmaça hökmünde “Ýedi gözel”), “Isgenderrnama”, “Nyzamy we Ferdowsi”, “Nyzamy çeper döredijilik hakynda”, “Nyzamynyň syýasy garaýyşlary” atly dokuz bölüme bölünipdir. Şeýle hem Bertelsiň bu tomunda Nyzama bagyşlanan beýleki makalalaryny hem ýerleşdiripdir: “Nyzamynyň döredijiligini öwrenmegiň käbir wezipeleri”, “Nyzamynyň tekstiniň üstünde işlemek”, “Nyzamynyň poetikasy” (muňa goşmaça ýene-de “Nyzamynyň poetikasy”), “Nyzamynyň birinji aýalynyň ady hakynda”, “Nyzamynyň tematikasynyň “Iňlis orta asyrlar poeziýasyndaky öwüşginleri”, şeýle hem Fizula bagyşlanan “Fizulynyň kulliýatynyň täze golýazmasy”, “Fizulynyň arap dilindäki goşgulary” ýaly makalalary hem ýerleşdirilipdir. Nyzamynyň kyrkynjy ýyllardaky ýubileýine taýýarlyk döwründe beýik şahyryň eserleriniň tankydy tekstini düzmek meselesi örboýuna galypdy. Munuň üçin Bertels SSSR Ylymlar akademiýasynyň Azerbaýjan filialynyň alymlaryna kömege ýetişipdi. Şeýlekin tankydy tekstsiz Nyzamynyň eserlerini neşir edip, okyjylara ýaýratmagyň bähbidiniň niçik boljakdygy öz-özünden düşnüklidi. Bertelsiň maslahaty we ýolbaşçylygy bilen bu iş oňat ýola goýuldy. Bertelsiň pikiriçe, mälim bolşuna görä gündogary öwreniji alymlaryň Nyzamynyň eserleri babatda bu ugurda göwnejaý talabalyk golýazmalaryň ýeterlik däldigi görnüp durdy. Beýik şahyryň “Ýedi gözel” atly eseriniň ýeke-täk Pariž neşiri diýäýmeseň, ylmyň talabyna laýyklykda düzülen tankydy tekstiň ýoklugy, işiň bimöçber uludygy we örän hysyrdyly we ýokary hünär ussatlygyny talap edýärdi. Hatda ussadyň eýranly şahyr we alym Bahyt Dastgirdi tarapyndan iň täzeki neşiri hem, onuň şowly taraplaryna garamazdan, entäk çig-çarsy ýerleri göze dürtülip durdy. Bu täze neşirinde köp sanly köne golýazmalardan, hatda XIV asyrdaky golýazmalardan peýdalansa-da, ýöne neşirdäki käbir golýazmalaryň dürli hili okalmagy we wakalary dürli hili görkezmegi awtoryň bu babatda haýsy ylmy ýörelgelerden ugur alandygy düşnüksizlik döredipdir. Şu sebäplere görä, Nyzamynyň ylmy tekstini ylmy jähtden düzmek işine gaty jogapkärçilik bilen garalýardy. Nyzamynyň golýazmalarynyň arasynda has irki, XIV asyra degişlisi hem bardy. Bu golýazmalar beýik şahyryň ýogalanyndan bir ýarym asyr geçenden soň göçürilen golýazmalardy. Wagtyň biçak köp geçenligi üçin golýazmalaryň kämil däldigi aýdyňdy. Çünki bu köp sanly golýazmalarda, ýaňky aýdyşymyz ýaly, dürli-dürli ýazgylar edilipdir. Olaryň haýsy biriniň asyl nusgasydygy, haýsy birine arka daýanmalydygyny anyklamak has çökderdi. Bu iş Bertelsiň parasatly maslahatlarynyň we gös-göni ýolbaşçylygy bilen gysga döwrüň içine amala aşyrylmagy, dogrusyny aýtsaň, ylmy edermenlikdi. Ýe.E. Bertels Fizuliniň goşgulary bilen gündogary öwreniji alymlaryň az gyzyklanmandygyny belläp geçipdir. Ý.Hammer Purgştallyň öz “Türki poeziýasynyň taryhy” atly işinde has giňişleýin gürrüň edendigini ýazypdyr. Ýöne o döwürlerde entek Fizulynyň döredijiligi kämil öwrenilmändi. Diňe 1924-nji ýylda professor M.Köprülizada köne türki biograf we taryhçy alymlaryň maglumatlaryndan peýdalanmak bilen, Fizulynyň eserleriniň doly adyny we geljekde olary öwrenmegiň ýollaryny görkezýän işini ýazdy. Bu sanawda Fizulynyň eserleriniň köp sanly golýazmalarynyň barlygyna garamazdan, onuň saýlanan eserleriniň Türkiýede-de we ondan başga ýerlerde-de ýokdugy anyk bolupdyr.Köprülizadanyň sanawynda bar bolan 15 sany eseriň 10-synyň kitaphanalarda gabat gelinse-de, onuň bäşisi hiç ýerden tapylmandyr. Şol bäşiň biriniň Fizulynyň arapça diwanydygy, ýöne onuň häzire çenli ýokdugy, has takygy, ýitip gidendegini hem awtor belläp geçipdir. Ýöne awtoryň bu aýdany tassyklanmandyr. Şondan birnäçe wagt geçenden soň, şol golýazmanyň Aziýa muzeýine tapylyp getirilen Fizulynyň kulliýatynyň içinde bardygy belli bolýar. Şol kulliýatda Fizulynyň tapylmaýan eserleriniň bolmagy bu ugurdan iş alyp barýan alymlar üçin belli bahasy ýok tapyndy bolupdy. Ýe.E.Bertels bu kulliýat barada ilkinji bolup “Fizulynyň arapça goşgulary” ady bilen makala ýazdy. Ol bu kulliýatyň 1588-1589-njy ýyllar töwereginde Bagdatda gözürilendigini anyklady. Bu sene şahyr aradan çylanyndan otuz dört ýyldan soň göçürilipdir. Bertelsiň ala-böle arap goşgulary hakynda pikir ýöretmeginiň sebäbini, onuň öň gündogary öwreniji alymlara nämälimligi üçindigi hemem Fizulynyň goşgularyny birnäçe dilde ýazyp bilenligi bilen delillendiripdir. Halypa alym Alynky Gündogarda öz eserlerini birnäçe dilde ýazyp bilýän şahyrlaryň döredijiligine gyzyklanmanyň az däldigini belläpdir. Musulman dünýäsiniň uly şahyrlary öz dillerinden başga-da başga bir dilde ýazypdyrlar. Türkiler türk dilinden başga pars, arap dillerinde, parslar bolsa arapça hem ýazypdyrlar. Ýöne welin tersine, pars dilinde bilýän araplar, türki dilinde ýazýan pars şahyrlary Alynykly Gündogarda seýrek gabat gelýär. Başda arap dili Eýrana yslam dininiň dili hökmünde aralaşdy. Bu dil arkaly teologiýa, lingiwistika, taryh ýaly ylymlar aýratyn üns berlip başlandy. Mahlasy, wagtyň geçmegi bilen arap dili giň giden musulman dünýäsinde ylmy adamlary birleşdirýän dil hökmünde özüni görkezdi. Diňe XVII asyrdan Eýranyň ylmy edebiýat dünýäsinde üýtgeşmeler bolup geçýär, ýagny şu şähtden diliň ähmiýeti pese gaçyp başlady. Çünki şo döwürlerde Molla Muhammet Bakir al Mejlisi ýaly belli ulamalaryň pars dilinde ýazylan sholastik işleri peýda bolanlygyny Ýe.E.Bertels belläp geçýär. Eýýäm IX-X asyrlarda Eýranda we Orta Aziýada özbaşdak döwletleriň döremegi bilen pars dilli edebiýat hem gülläp ösýär. IX asyrdan başlabam pars poeziýasy köşk durmuşynyň bezegi bolýar we muny hökümdaryň hemmesi diýen ýaly köşk durmuşyna siňdirýärler. Hökümdarlyk edýän türkiler Eýranyň döwlet gurluşy bilen baglylykda, bu halkyň öňden gelýän däplerine, aýratynam çeper edebiýatyna tabyn bolupdyrlar. Pars dili indi umumy dile öwrülmek bilen, onuň gatnaşygy has giňelip örňäp gidýär, ol indi musulman dünýäsiniň edebiýatynyň, has takygy, şahyrana pars poeziýasynyň ýörgünli diline öwrülýär. Şu ýagdaýda arap diliniň ylmy dile, pars diliniň poeziýa diline, türki diliň hem durmuş hajatlaryny ulanyş diline öwrülmegi düşnükli bolsa gerek. Bertels makalasynda Brusaly Tahyr begiň Lebin Ependä salgylanyp, Fizulynyň golýazmasynda sekiz müň beýtden ybarat arapça ýazylan goşgularynyň bardygyny ýazýar. Şeýle hem ol prof. M.Köprülizadanyň bu ýalan maglumatyň nädip dörändigini görkezendigini, netijede bu diwanyň düzümi hakda hiç hili maglumat alynmandygyny aýdýar. Bertels Aziýa muzeýine düşen Fizulynyň kulliýatyndaky arap golýazmasynda şahyryň doly on bir sany kasydasynyň hemem haýsydyr bir kasydadan onuň jemleýji böleginiň bardygyny görkezýär. Ol kulliýatdaky golýazmalaryň ýagdaýynyň erbet däldigini, ýöne ony göçüren hatdatyň o diýen sowatly bolmandygyny we ýöne onuň bu işe örän jogapkärli garandygyny hem belläpdir. Gürrüňi edilýän kasydalar Muhammede we Ala bagyşlanypdyr. Ýöne kasydalaryň ýedisi Muhammede, üçüsi bolsa Ala bagyşlansa-da, şonuň otuz beýdiniň pygambere, galan segsen üç beýdiň hem Aly bagyşlanmagy, Fizulynyň şaýy mezhebine degişliligi hakda pikiriň döreýändigini Bertels aradan aýyrmanyr. Alym şahyr Fizulynyň arapça golýazmasyny seljermekde ussatlyk görkezýär. Kasydalaryň gurluşy, rifma, redif we gaýry çeperçilik serişdeleri babatda ol özüniň uly başarnygyny görkezipdir. Diwanyň metrikasy hakynda söz açyp, şahyryň munda tafil, kamil hemem bafir ýaly görnüşini ulanandygyny, onuň muzari we mujtass ýaly çylşyrymly görnüşlerini ulanmazlygynyň sebäplerini hem düşündirýär. Bertelsiň ylmy derňewinde arap kasydalarynda kä onda, kä munda göze görnüp gidýän obrazlarda hurufitlere mahsus hereketlileriň hem bardygy ýüze çykaryldy. Bu häsiýetli obrazlar arap diwanynda bütewi bir obraz hökmünde çykyş etmese-de, göze görünýändiginiň üstüni ilkinji bolup Bertels açyp bildi. Bu häsiýetleriň onda-munda görünmegi Fizulynyň bu sekta dahyllydygyny subut etmek kyn. Ýöne bu sektanyň XVII asyryň ortalaryna çenli dowam edendigini hem aýtmak gerek. Ýöne onuň XV asyryň ikinji ýarymyndan ortodoksal dindarlar bu sekta gatnaşýanlara berk darapdyrlar we olar yzarlanypdyrlar. Şonuň üçinem hurufitler gizlin ýagdaýda hereket etmäge mejbur bolupdyrlar. Fizulyny bulara goşmagyň çetindigini ýene bir zatdan bilmek bolýar. Çünki şahyra degişli maglumatlaryň hiç birinde-de, galyberse-de, onuň pars we türki dillerinde ýazan eserlerinde-de bu yzlary, hurufitleriň täsirini görmek bolmaýar. Fizulynyň eserlerinde bu terminleriň peýda bolmagy tötänden däldir. Ol bu sektanyň agzasy bolmadyk bolsa-da, onuň şeýle häsiýetdäki eserler bilen tanyş bolmagy ähtimaldyr. Eger-de şeýle bolmadyk bolsa, onda bu terminleriň ýüze çykmagyny düşündirmek hem gaty kyn. Fizulynyň türk şahyrlary bilen gatnaşygyny göz öňünde tutmak bilen, ondan öňki azerbaýjan poeziýasynyň läheňi Nesiminiň täsirini hem unutmak bomaz. Bertels işiniň şu ýerinde, Nesiminiň Fizula eden gös-göni täsiri hakdaky maglumatlaryň özlerinde ýokdugyny, çünki henize çenli olaryň döredijiliginiň gaty az öwrenilenligi bilen delillendiripdir. Ýöne bu täsiriň ähtimallygynyň bardygy welin, mese-mälim. Arap diwanyndaky hurufitlere degişli terminleriň öwrenilmeginiň bu ugurda alnyp baryljak ylmy derňewiň esasy ugry bolup biljekdigini Bertels belläpdir. Eger-de Fizuly hurufit agzasy bolmadyk bolsa, onda onuň arap diwanyna hurufit obrazlary nädip aralaşypdyr? Eger-de şahyr babatda Nesimiden täsirlenen bolanlygynda, onda onuň türki dildäki eserlerinde görnäýmeli ýaly! Muny başga bir ýagdaý bilenem düşündirmek bolardy. “Fizuly bütin ömrüne ýetde-gütdelikde ýaşapdyr” diýip , Bertels belleýär. Onuň Nyşançy paşa (“Şykaýatnama”) ýüzlenip, ýazan haýyşnama çoşgusy bilen bagly Fizulynyň biograflarynyň kepil geçmegi hem muňa şaýatlyk edýär.Gün-güzeran ugrunda ol häli-şindi bir topardan başga bir toparyň göwnüni tapjak bolup ýören wagtlary hem az bolmandyr: öz gahar-gazabyny gizläp, Bagdady basyp alan türkleri ( 1534-nji ýyl) taryplap goşgy ýazsa, bir görseňem sewefi şaýy ymamlaryny arşa götermegi ýaňky aýdanlamyza mysaldyr. Bertels Fizulynyň arap diwanyna girizilen kasydalarynyň Bagdat şäherinde ýazylanlygynyň ähtimalygyny hem aradan aýyrmaýar. Ýazgymyzyň şu ýerinde Nowaýynyň “Hamsasy” hakdaky gürrüňe dolanalyň. Nowaýy Nyzamynyň “Hamsasy” hakda aýdyp, ussadyň munuň üstünde ömrüniň otuz ýyla golaýyny sarp edendigini ýazýar. Nyzamy birinji poemasy “Mahzan al-asrary” 1175-1179-nji ýyllar aralygynda tamamlasa, onuň soňky poemasy 1203-1211-nji ýyllara gabat gelýär. Hasabyny çykarsaň, bu sene ýigrimi sekiz ýyldan otuz alty ýyl aralygy bolýar. Ýöne bu ýyllaryň hemmesiniň diňe “Hamsany” ýazmak bilen geçendigini aňlatmaýar. Nyzamynyň öz belleýşi ýaly, mysal üçin, “Leýli we Mejnun” poemasyny 1188-nji ýylyň sentýabr-maý aýlarynyň aralygynda, ýagny dört aýyň içinde ýazandygyny, eger-de şo döwürde oňa azar bermedik bolsalar, onda ony on dört gijäniň içinde ýazyp tamamlap biljekdiginihem ýazypdyr. Amir Hosrow hakda aýdanynda bolsa, onuň “Hamsasynyň” öň ýazylyşy ýaly, ýedi ýylda däl-de, iki ýylda, ýagny 1298-1230-njiy ýyllarda ýazylandygyny Nowaýy belleýär. Nowaýynyň öz “Hamsasyny” has gysga wagtda – ýarym ýylyň içinde ýazandygyny, ol şeýle beýan edipdir. ...то, если все собрать, не будет и шести месяцев, что ты заставил появиться лик этой красавица. ( terjimesi Ýe.E. Bertelsiňki) Elbetde, Nowaýynyň döwlet derejesinde alyp baran işleri ummasyzdy. Bu işleriň daşyndan onuň döredijilik işlerini amal edişi akylyňy haýran edijidi. Muňa garamazdan, onuň “Hamsany” gysga wagtda ýazyp gutarmagy gaty haýran galdyryjydy. Iş tamamlanandan soň, Nowaýy “Hamsanyň” golýazmasyny halypasy Abdyrahman Jama görkezipdir. Öz mugallymynyň poemalary dykgat bilen okandygyny ýazan Nowaýy şondan soň özi bilen bolan täsin wakany şeýle beýan edipdir: golýazmany okap bolandan soň, Jamy elini öz egindeşiniň egninde goýupdyr. Şondan soň Nowaýy özünden gidipdir we özüni erem bagynda görüpmişin. Bagda pähim-paýhasly ýaşulular gezim edip ýörmüşinler. Şolaryň içinden biri gelip, Nowaýa bu pähimdar adamlaryň dünýäde meşhur eserleri döredendiklerini, olaryň Nowaýy bilen tanyşmaga gelendiklerini habar berýär. Nowaýy bu şahyrlaryň ýanyna barýar. Ortarada Nyzamy, onuň sag tarapynda Hosrowy, çepinde Jamy. Sagdy, Ferdöwsi, Enweri, Senaýy, Hakany, Unsury dagy olary gurşap durlar. Nyzamy Nowaýa ýüzlenip, onuň eserlerini öwýär. Nyzamy Nowaýynyň döredijilik üstünlikleriniň sebäbini onuň özünden öňki ussatlardan tälim alyp, olaryň ýoluna wepaly bolandygyny, şeýle hem, Soltan Hüseýin ýaly hökümdaryň oňa uly goldaw berendigi bilen baglapdyr. Nyzamy şondan soň golýazmany Jama uzadýar. Jamy doga-dileg okaýar, şo pille Nowaýy özüne gelip, gözlerini açýar. Görse, öňki oturan ýerinde eken. Şonda Jamy oňa: “Şumat seniň gören ahwalatyňy senden başga öň gören adam ýok” diýýär. Şu sözler bilenem poema we tutuş “Hamsa” tamamlanypdyr. Bertels işiniň şu ýerinde “Bu ajaýyp patetiki sahnany ulanmak bilen, Nowaýy nämäni göz öňünde tutduka?’ diýen sowal öz-özünden gelip çykýar. Şeýle ahwalatyň ähtimallygyny bir ýanda goýup, Abdyrahman Jamynyň üýtgeşik bir gözbaglaýjylyk başarnygynyň bolandygyny aradan aýyrmak bolmaz. Eger ol islese, özüniň has gowy görýän adamy üçin şeýle ahwalaty amala aşyryp biljek başarnygy bolupdyr” diýip, alym belläp geçipdir. Elbetde, hakykatdan-da, şeýle ahwalatyň bolanlygyny ýa bolmanlygygyny tekrarlap oturmagyň hajaty ýok. Ýöne onuň edebi usul bolandygy welin hak. Çünki şo döwrüň adamlarynyň bu ahwalata gös-göni düşünendikleri hakda jedel etmese-de bolar. Eger-de munuň hakykat däl-de, şahyryň muny toslap tapandygynyň üsti açylan ýagdaýynda şahyryň ikiýüzlülikde, ýalançylykda aýyplanjakdygy, ýazgaryljakdygy mesaňa-mälim. Bu usuly ulanmak bilen şahyr özboluşly bir edermenligi -- syrly ylhamy orta atýar we özünden öňki öten halypalaryň goýup giden ýollaryna wepadarlygyny mälim edýär. Gündogar edebiýatynda şeýle edebi usulyň bolandygy barada aýdyp, onuň başga bir mysalyny türkmen klassyk edebiýatyndan agtarýar. Muny ol Nowaýydan birnäçe asyr soň ýaşap çeçen Magtymguly Pyragydan gözläp tapýar. Ol hem Pyragynyň meşhur “Turgul!” diýdiler” atly goşgusydyr: Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda, Bir dört atly gelip, “Turgul!” diýdiler... Şahyr bu goşgusynda erenleriň düýşde käseden bir keramatly suw içirip, şahyryň ylhamyna ylham goşup gidendikleri teswirlenýär. Bu babatda Bertels gyrgyz manasçylaryny ýatlaýar. Olar “Manasa” başlamazlaryndan öňürti özleriniň düýşüne Manasyň girip, öz bitiren edermenlikleri hakynda, her hili howply ýagdaýlarda-da baş alyp çykyşy we başgalar hakda il-güne habar bermegi tabşyrandygyny nygtapdyrlar. Olar dessany Manasyň öz emri bilen aýdýandyklaryny mälim edipdirler. Eger bular muny berjaý etmeseler, özleriniň agyr derde uçrajakdyklaryny aýdýan ekenler. Şeýtmek bilen olar Manasa keramatlylyk öwüşginlerini çaýypdyrlar. Özüniň “Şarafnama” eserinde Nyzamy öz öwüt -- ündewleriniň özüniňki däl-de, onuň Hydyr atanyň öwüt-ündewleridigini mälim edýär. Şahyrlaryň şunuň ýaly “oraşan düýşlere” ýykgyn etmek däbiniň Gündogar edebityna mahsuslygyny Bertels belläp geçipdir. Ýöne bu döredijilik däbi pars edebiýatyna mahsus bolupdyr diýseň, bäriden gaýtdygymyz bolar. Muny pars edebiýatynyň kerwenbaşysy Ferdöwsiniň döredijiligi bilenem delillendirmek bolar. Ol köplenç ýagdaýda öz eserlerine gadymy kitaplardaky daýhançylyk däp-dessurlaryna ýüzlenipdir. Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsiň dünýäde görnükli Gündogary öwreniji alymlaryň arasynda öz mynasyp orny bar. Onuň yzynda galdyryp giden ylmy işleriniň hetdi-hasaby ýokdur. Şeýle beýik alymyň hem durmuşynda ýüze çykan nogsanlyklara nazar aýlap, pikire çümeniňi duýman galýarsyň. Ýigriminji-otuzynjy ýyllarda Berdi Kerbabaýewiň, Hydyr Derýaýewiň, Oraz Täçnazarowyň, Garaja Burunowyň we başga-da onlarça görnükli türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň, alymlarynyň başyna inen külpetleriniň türkmen edebiýatynyň janköýeri Bertelsiň hem başyna inendigini görýärsiň. Bertels 1922-nji ýylda birinji gezek, 1925-nj ýylda-da ikinji gezek türme tussaglygyna höküm edilpdir. Ol iki gezegem “fransuz içalysy” hökmünde tussag edilýär. Üçünji gezek Bertels 1941-nji ýylda “nemes içalysy” diýlip tussag edilýär we üç gezegem günäsizligini subut edýär. Bertelsiň garşysyna üç gezegem öz işdeş ýoldaşlary töhmetçilikli görkezme beripdirler. Şo döwürlerde birek-biregi satmaklygyň kada öwrülendigini biz taryhdan bilýäris. Gynansak-da, millionlarça günäsiz adamlar töhmetiň pidasy bolupdylar. Ýöne ýene bir hakykatyň hatyrasyna aýdylmaly zat bar. Olam şo döwürde “enkewediçiler” tarapyndan Bertelsiň öz işdeş ýoldaşyna ters görkezme bermäge mejbur edilmegidir. Bu şeýle bolupdyr: 1941-nji ýylyň 1-nji noýabrynda kawkaz dillerini öwreniji alym Anatoliý Nesterowiç Genko “ýurduň ýolbaşçylarynyň adyna, “enkewediçileriň” eden-etdiligini ýazgaryp, adamlaryň arasynda ters pikir döredýänligi üçin” diýen aýyplama bilen tussag astyna alnypdyr. Genkonyň garşysyna görkezme berenleriň birem Bertels. Ozalam üç gezek türmede ýatan Bertelsiň düşen ahwalatyna düşünse-de bolar. Çünki her hili abaý-syýasatlar, gorkuzmalar bilen onuň mejbur edilenligi görnüp dur. Ýöne weli, başga bir zat böwrüňi diňledýär. Genko görkezme berenleriň birnäçesi onuň görnükli alymdygyny, adamkärçiligi hakynda gowy sözleri aýdypdyrlar. Genko şol ýylyň 26-njy dekabrynda ýürek ýetmezçiligi zerarly ýogalypdyr. Günäkär däldigini aýdypdyr. Bertelsiň aýaly Wera Wasilýewna (1892-1969), ogullary Dmitriý (1917-2005) bilen Andreý (1928-1995), ikisi-de gündogary öwreniji alymlardy. Ýe.E. Bertels 1957-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda, 66 ýaşynda, Moskwada aradan çykypdyr. Ol Nowodewiçýe gonamçylygynda jaýlanypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |