15:15 Ýewgeniý Bertels / soñy | |
***
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Görnükli Gündogary öwreniji alym Ýe.E.Bertelsň türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda öz mynasyp orny bar. Türkmen alymlary ussadyň ylmy işlerini özleri üçin ýol görkeziji hňkmünde garaýarlar. Bu alymlaryň birnäçesi halypanyň döredijilik mekdebini geçdiler. Şolaryň biri hem edebiýatçy alym professor Nagym Aşyrowdy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň öňüsyrasynda türkmen ýaş alymlary Ahmet Ahundow-Gürgenlä, Nagym Aşyrowa, Hojaberdi Hanowa, H.Maşakowa we başga-da birnäçe oglana Leningradda, Bertelsiň elinde okamak miýesser edipdir. Aspirant Nagym Aşyrow öz mugallymynyň türkmen edebiýaty, onuň folklory hakynda beren leksiýalaryny gözüniň göreji kimin saklan ekeni. Wagtyň geçmegine garamazdan, meşhur alymyň türkmeniň halk döredijiligi hakynda aýdan pikirlerini gyzylyň gyryndysy ýaly edip saklan merhum edebiýatçy alymymyz professor Nagym Aşyrowy ýagşylykda ýatlap,onuň ýetmiş ýyl mundan öň ýazan konspektindäki ýazgylary gysgaldybrak, ylmy dolanyşyga girizmegi makul bildik. Bertels, ine, türkmen folklory barada şeýle pikir ýöredipdir: ...Türkmenleriň baý we original folklory bar. Bu folkloryň eserlerini men ýygy-ýygydan okaýaryn we her gezek okanymda güýçli estetik lezzet alýaryn. Türkmen folkloryny okanyňda gahrymançylyga köp üns berlenini derrew duýýarsyň. Munuň özi halkyň geçmiş durmuşy bilen baglanyşykly gelýär. Türkmenler giň sährada erkin ýaşamagy gowy görüpdirler. Goňşy feodal döwletleriň birentegi bolsa bularyň erkinligine kast edipdirler, türkmen tirelerini çapawullapdyrlar, ekerançylyk meýdanlaryny, bag-bakjalaryny at aýagynyň aşagynda torç edipdirler. Güýçli döwletleriň köp sanly goşunlaryna gaýtawul bermäge türkmenler san tarapyndan azlyk edipdir. Ine, şu ýagdaýda edermenlik, gahrymançylyk düýpli rol oýnapdyr. Şonuň üçinem gahrymançylyga aýratyn üns berlipdir. Ine, şu ýagdaý – halkyň gahrymançylykly hereketi onuň folklor eserlerinde we çeper edebiýatynda düýpli yz galdyrypdyr. Türkmen folklorynyň ajaýyp ýadygärligi “Görogly” bolsa başdan-aýak erkinlik we gahrymançylyk baradadyr. Men çeper edebiýatda diýdim, sebäbi halk döredijiliginiň watançylyk äheňi onuň çeper edebiýatyna geçendir. Edebiýaty döreden we ösdüren uly şahyrlaryň döredijiliginiň esasy çeşmesi halk folklorydyr. Olar folkloryň gowy däplerini öz döredijilik işlerinde giň peýdalanypdyrlar we ösdüripdirler. Magtymguly şahyryň köp eserlerinde edermen ýigitler hyjuwly wasp edilip, muhannesler rehimsiz ýazgarylypdyr. Türkmen halkynyň beýleki bir görnükli şahyry Seýdiniň poeziýasynyň bolsa agramly bölegi batyr ýigitler barasyndadyr. Şahyryň özi batyrlyk babatynda köplere görelde görkezen adam bolupdyr. Ol özüniň ömrüniň köpüsini şol söweşjeň ýigitleriň arasynda geçiripdir. Goltugy kitaply, eli ýaragly bu şahyr poeziýa bilen gaýratlylygy utgaşdyryp, halka hyzmat etmegiň gowy göreldesini görkezipdir. Ata Watany talaňçy leşgerlerden goramak üçin gahrymançylykly hereketiň hemişe aýgytlaýjy roly bolýar. Ýöne bu nähili ähmiýetli bolsa-da, meseläniň diňe bir tarapydyr. Söweşde üstün çykmagyň beýleki bir tarapy, beýleki bir şerti bolsa, edermen ýigide gerekli at-ýaragyň bolmagydyr. Siz “Görogly” eposyny köp okansyňyz, bu eposy menem telim gezek okadym. Ine, şu kitapda gelýän parasatly ýaşuly Jygalybegiň öz agtygy, Çandybil halkynyň geljekki gahrymany Göroglyny erkin ruhda terbiýelejek bolup, başdan geçirenlerini, oňa mynasyp ýoldaş – Gyraty ýetişdirjek bolup çeken hupbatlaryny bir ýadyňyza salyň. Bu uly jepa – tutanýerli iş. Gyratyň gadyryny, uly söweşlerde özüne hakyky ýoldaş bolandygyny Göroglynyň özi hemmeden beter bilýär. Onuň söweşde atyna zeper ýeten wagty aýdýan şu sözlerine bir serediň: “Gyrat sowaşdygyça agsaýar, Görogly onuň üstünden düşüp görse, toýnagyny daş gyrypdyr, Göroglynyň ýüregi awady, öz ýaralaryny ýadyndan çykardy. Atynyň boýnundan gujaklap, maňlaýyndan öpdi”. Gepiň gerdişine görä, türkmen atlary barada birki agyz söz aýtmaga rugsat ediň. Siziň ata-babalaryňyzyň öz nesilleriniň we bütin adamzadyň öňünde bitiren uly hyzmatlarynyň biri meşhur ahalteke atlaryny terbiýeläp ýetişdirmekleridir. Ahalteke atlary özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy we çeýeligi bilen tapawutlanýar. Siziň şahyrlaryňyzyň eserlerini okanyňda, arap atlarynyň jomartlyk bilen taryplanýan setirlerine duşgelýärsiň. Bu eserleriň köpüsi soňky asyrlara degişli bolsa gerek. Sebäbi bularda birhili, türkmen atlarynyň asly arap atlaryndan gelip çykýan ýaly bolup görünýär. Hakykatda bolsa bu tersinedir – ahalteke tohumlary has irki döwrüň atlarydyr, arap atlary entek döredilmänkä, türkmen taýpalarynyň söweş maly bolupdyr we harby ýagdaýlarda watan goraýjy ýigitler üçin bahasyna ýetip bolmajak ýoldaş hökmünde hyzmat edipdir. Ýigidiň bolmasa ýaragy, aty, Şony belli biliň – ýokdur gaýraty. “Ahal” sözi anyk bir territorial (Köpetdag sebitleri) manyda ulanylýar, emma ozallar bu sözüň “gala” manysynyň bolmagy hem ahtimal. Şeýle bolsa “ahalteke” atlarynyň ilkibaşdan ýurt goraýjy ýigitleriň ygtybarly ýoldaşy bolandygy gümansyzdyr. Olar söweş wagtynda örän çeýe, dözümli we gorkmazak bolupdyrlar. Gruziýada häzirem “ahaly-kala” diýen bir raýon bar we ol kese çyzyk bilen ýazylýar (“ahaly-kala”), şundan aňlanyşyna görä-de “ahal” sözi – “gala” sözi belli manydaş gelýär. Türkmen folklorynyň žanrlary barada aýdylsa, her žanryň öz aýratynlygy, öz gymmaty bar, biri beýle, biri eýle diýip, çürt-kesik etmek gelşikli bolmazmyka diýýärin. Ine, şu nakyllara bir serediň: Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn. Il aglak bolsa, doňuz depä çykar. El-eli ýuwar, iki el birigip ýüzi ýuwar. Duşmanyň peşeçe bolsa, pilçe gör: Işlemeseň – dişlemersiň. Ýatan öküze iým ýok we başgalar. Gördüňizmi, nähili paýhasly düzülipdir, özi gysga, emma manysy örän giň. Halk özüniň aňyny we ukybyny yhlas edip, nakyllaryna siňdiripdir. Bulary okanyňda geçmişde sowatsyz halkyň şeýle çuň manyly sözleri tapyşyna oturyp-oturyp geň galýarsyň. Ýaşulular şu nakyllaryň üsti bilen öz perzentlerini watançylyk, agzybirlik, işeňňirlik ruhunda terbiýeläpdirler. Halk arasynda köp ýaýran žanrlaryň biri, elbetde, aýdymlardyr. Size mälim bolşy ýaly, geçmişde türkmenleriň durmuşynda teatr bolmandyr, tans etmek däbi hem bolmandyr. Bularyň öwezine jemagatyň üýşen ýerinde olara ruhy iýmit beren zat aýdym bolupdyr. Aýdym aýtmak ýaşlykdan başlanypdyr: türkmeniň ýaşyndanam-garrysyndanam, daýhanyndanam, çopanyndanam aýdym aýdyp bermegi haýyş etseň, birki heň gaçyryp berer. Dogry, il içinde ýörite aýdym aýdýan professional aýdymçylar-bagşylar hem bolupdyr. Olary bir obadan ikinji oba äkidipdirler. Bu däp henizem dowam edýär. Aýdym folklor eserleri esasynda hem, edebi eserler esasynda hem düzülipdir. Size mälim bolşy ýaly, olaryň hemmesi “halk aýdymlary” ady bilen dowam edýär. Aýdymlaryň mazmuny dürli-dürlüdir: taryhy, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, yşky-söýgi we beýleki temalardan. Yşky-liriki aýdymlaryň hem sany örän köpdür. Öňräk Leningradda, Gündogary öwreniş institutynda siziň belli şahyrlaryňyzyň biri Garaja Burunow okapdy. Bir gezek aýdym-saz hakynda gürrüň bolanda, ol: “Saýatly-Hemra”, “Leýli-Mejnun”, “Zöhre-Tahyr”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Gül-Bilbil” we halk eposy “Görogly” köplenç yşky-fantastiki ýa-da gahrymançylyk äheňde düzülipdir, olaryň goşgularynyň bolsa köpüsi aýdyma öwrülip galypdyr” diýipdi. Bu dogry pikirdir. Mundan başga-da Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň, Mollanepesiň , Mätäjiniň we beýleki şahyrlaryň köp sanly şygyrlary aýdym edilip aýdylýar. Munuň özi türkmen halkynyň durmuşynda aýdym-sazyň uly orun tutýandygynyň şaýadydyr. Geçmişde ýigitleriň öz söýgülisi bilen duşuşmagy, maşgala durmuşyny gurmagy iň kyn meselelerden bolupdyr. Sosial deňsizlik, garyplyk we köne däp-dessurlar söýgülileri gaty heläk edipdir. Aglaba wagtlarda bolsa pajygaly netijeler bilen gutarypdyr. Ýigitler ekerançylyk meýdanlarynda bolanlarynda hem, dagda-düzde mal-garalaryň yzynda gezenlerinde hem aýdym aýdypdyrlar, özleriniň iň näzik, iň ýakymly sözlerini, arzuw-umytlaryny şol aýdymlar arkaly söýgülilerine ýetiripdirler. Uzak ýerlerde olaryň atlaryny tutup, öz iç syrlaryny beýan edipdirler. Olar söýginiň gizlin güýjüne ynanypdyrlar. Indi türkmen folklorynyň we edebiýatynyň esasy žanrlaryndan hasaplanýan dessanlar barasynda gürrüň edip geçeliň. Ýöne dessanlar hakyndaky gürrüňe geçmezden öňürti, halk ertekileri dogrusynda birki agyz söz aýdalyň. Ertekiler türkmeniň kyssa eserleriniň esasydyr. Şu jähetden olar dessanlaryň kyssaçylyk häsiýetini ösdürmäge hem gös-göni täsir edendir. Size mälim bolşy ýaly, ululy-kiçili halk ertekileriniň sany örän köpdür we olar adatça kyssa bilen beýan edilýändir. Dessanlaryň hem sýužeti, köplenç, kyssa bilen beýan edilýär. Käbir dessanlaryň bolsa sýužeti hut ertekilerden alnandyr. Şeýle bolsa, ertekiler bilen dessanlaryň arabaglanyşygy jedelsizdir. Türkmen ertekilerini okanyňda ýa-da diňläniňde ilki bilen onuň güýçli fantaziýa eýedigini duýýarsyň. Bu ýagdaý, ylaýta-da jadyly ertekilerde açyk duýulýar. Mysal üçin, “Akpamyk” ertekisini getirmek bolar. Bu ýerde ynsanyň oýlap tapyjylygynyň üýtgeşik nusgalary berlipdir. Ertekide ynsan başdanaýak gara güýçler bilen çaknyşýar we iň soňunda hem adalatlylyk üstün çykýar. Özüniň mazmuny boýunça durmuşy ertekiler örän gyzyklydyr. Bu ertekilerde halk köpçüligi özüniň dogumlylygy we ugurtapyjylygy bilen ýokary synp wekillerinden üstün çykýar. Bu ýagdaý, optimizm we öz güýjüne ynanmak türkmen ertekileriniň ähmiýetli bir aýratynlygydyr. Muňa mysal edip, “Baý we üç talaban” diýen ertekini getirmek bolar. Şeýle gysgaça yza çekilmeden soň, dessanlar baradaky gürrüňimize geçeliň. Siz olary halk dessanlary (anonim) we edebi-dessanlar (awtorly) diýip atlandyrýarsyňyz. Bularyň nähili tapawudy bar? Kompozisiýanyň gurluşy we sýužetiniň ýaýbaňlanyşy jähetden bu dessanlaryň biri-birinden ullakan üýtgeşigi ýok bolsa gerek. Meselem, “Şasenem-Garyp” (anonim) bilen “Zöhre-Tahyr” (awtorly) kompozision gurluşy taýdan biri-birine, belli bir derejede, meňzeşdir, emma bularyň dilinde, şygyr formasynda üýtgeşiklik bardyr. “Şasenem-Garybyň” dili we goşgy düzüliş formasy halk döredijiliginiň eserlerine ýakyndyr, emma, “Zöhre-Tahyrda” halk folklorynyň poeziýasy bilen birlikde, beýleki türki halklaryň edebiýatynyň we arap-pars edebiýatynyň dürli formalaryny hem görmek bolýar. Muny okanyňda, gündogar halklarynyň dilini we edebiýatyny oňat bilýän, örän sowatly adamyň ýazandygyny derrew duýýarsyň. Dessanlaryň halk arasynda giňden ýaýramagynyň sebäbi nämekä? Birinji nobatda, olaryň gyzykly beýan edilýän sýužetli eserler bolmagydyr. Dessanlaryň gahrymanlary bolsa, adatdan daşary üýtgeşik ýagdaýlarda, romantizm-fantastik ýagdaýlarda hereket edýärler. Olar garaşylmadyk kyn we muşakgatly situasiýalardan özleriniň dogumlylygy we ugurtapyjylygy bilen baş alyp çykýarlar. Ýollarynda duş gelýän lek-lek goşunlary we gaýry möwhümatlary derbi-dagyn edip, öz ýurtlaryna sag-aman dolanyp gelýärler. “Öz ýurtlaryna gelýärler” diýen sözi gaýtalap bolar, olar (gahrymanlar) nähili uzäk ýerlerde bolsalar-da, nähili agyr şertlerde hereket etseler-de, nähili bol sapaly durmuşda ýaşasalar-da, iň soňunda söýgülilerini alyp, öz ýurtlaryna dolanyp gelýärler. Dessanlaryň aglaba köpüsiniň şeýle gutarmagy, elbetde, tötänden däldir, munuň watançylyk ähmiýeti bardyr. Gahrymanlaryň şu hili hereketleri ýaşlary biguman özüne çekýär. Dessanlary işden soň, gijelerine oturyp diňlär ekenler. Halk arasyndaky bagşylar ýaly, bu eserleri hem ýörite okaýan professional dessançylar bolupdyr. Olar dessanlary özüne has ýakyn bolan stilde, ýakymly owaz bilen okapdyrlar. Ine, indi türkmen folklorynyň ajaýyp ýadygärligi, halkyň adalatlylyk we erkinlik ugrunda asyrlarboýy alyp baran göreşlerini yzygiderli görkezýän gahrymançylykly epos “Görogla” gelip ýetdik. “Görogly” baradaky rowaýat örän çylşyrymly hem-de örän ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem “Görogly” eposy barada ýörite gürrüň etmeli bolarys. Häzirlikçe bolsa, käbir zatlary aýtmak bilen çäklenýäris. “Görogly” halk döredijiliginiň iň uly we iň meşhur eseridir. Bu ajaýyp eposy döretmekde halk özüniň güýjüni we ukybyny birjik-de gaýgyrmandyr. Eposda durmuşyň iň düýpli we iň wajyp meselesi – ýurduň özbaşdaklygyny, halkyň erkinligini goramak meselesi orta atylýar. Bu meseläni çözmeklik halkyň jümmüşinden çykan batyr kyrk ýigidiň we olaryň serkerdesi adamzadyň erkinlik idealyny özüne siňdiren gorkmazak Göroglynyň paýyna düşýär. • Magtymguly Türkmen halky ençeme şahyrlary döretdi, emma şolaryň arasynda söz ussady, deňi-taýy bolmadyk beýik Magtymguly birinji orunda durýar. Magtymgulynyň Hywadyr Buharadan başga-da köp ýerleri gezendigini, Azerbaýjanda, Eýranda, Owganystanda bolandygyny onuň goşgularyndan görmek bolýar. Magtymgulynyň şol ýurtlary gezmegi, - şol wagtyň dessuryna görä, bu onuň medresäni gutarandan soňky ýyllary bilen gabat gelýär, - öz okap alan bilimini giňeltmek üçindi. Onuň ömrüniň soňky ýyllary barada hiç hili takyk maglumat saklanmandyr. Emma onuň duşmanyň eline ençeme sapar ýesir düşendigi, paýhaslylyk bilen özüni hem-de doganyny ýesirlikden gutarandygy barada halk arasynda rowaýat bar. Şahyryň maşgala durmuşynyň şowsuz bolandygy-da bize mälim. Ol ýaş wagtynda Meňli atly görmegeý gyzy çyn ýürekden söýüpdir. Emma şol gyz üçin tölemeli galyňy töläp bilmänsoň, gyzyň dogan-garyndaşlary Meňlini başga birine satyp goýberýärler. Magtymgulynyň edebi mirasy galapyngadymy halk formasynda ýazylan goşgulardyr. Olaryň birnäçesi dörtleme formasyndaky goşgulara bölünüp, ikinji bentden başlap, ilkinji üç setiri öz aralarynda rifmalaşýarlar, dörtlemäniň hemmesinde iň soňky setir rifma bilen birleşip, goşgyny bir-biri bilen bütewi edip baglanyşdyrýar. Onuň goşgularynyň mazmuny dürli-dürli bolup, Ýakyn Gündogar poýeziýasynyň adaty kanunyndan daşary çykýar. Ilkinji ýerde gahrymanlyk temasy, soňra hem didaktiki-ahlaky tema durýar. Bulardan başga-da gadymy rowaýatlary, legendalary beýan edýän sýužetli goşgulary tebigata, söýgi lirikasyna degişli goşgulary bar. Tire-urug arasyndaky duşmançylygy ýok etmek türkmen tirelerini birleşdirmeklige bolan ýadawsyz çagyryş şahyryň döredijiliginde esasy orna eýedir. Türkmenler baglasak bir ýere bili, Gurudarys Gulzumy, derýaýy- Hili, Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili, Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz. Emma ussatlyga, özbaşdaklyga çykmak üçin diňe bir birleşmegiň özi ýeterlik däl, ony berjaý etmek üçin gadymdan gelýän däp bolan belent ahlaklylygy, uruşda batyrlygy, duşmana we dönüklere rehimsiz bolmagy, beren sözüňde tapylmaga, belent däp bolan myhmansöýerligi, kömege mätäç bolanlara islendik pursatda ýardam etmeklige taýýar bolmaklyk däbini halkyň gyşarnyksyz saklamagy gerekdir. Magtymguly öz diňleýşilerine mert ýigidiň obrazyny arman-ýadaman suratlandyrýar. Şol mert ýigitleriň obrazynyň üsti bilen nalajedeýin gorkaklary, husytlary, gazanç üçin her hili nejisliklere ýüz urmaga ukyply bolan ýigrenji söwdagärleri paş edýär. Ol halkyň parasatly sözlerini, nakyllary we atalar sözlerini giňden ulanypdyr, halkyň arasynda agyzdan-agza geçýän şol aýdyň formalar häzir hem türkmen halkynyň arasynda ýaşaýar. Şahyr öz goşgularynda türkmen jigidiniň gaýduwsyz ruhuny örän aýdyň suratlandyrýar, azgynlyga, ýaramaz urp-adatlarar garşy çykýar. Sebäbi, onuň pikiriçe, şol zatlaryň gaýduwsyz halkyň ruhuny gowşatmagy, öz azatlygy ugrunda göreşýänleri başarnyksyzlyga we lelliklige sezewar etmegi mümkin. Şahyryň öz halkyny söýmeklik joşguny, betbagtçylyga sezewar bolnan elhenç pursatlarda ony goramak arzuwy bilen ýugrulan goşgularyny türkmen halkynyň wyždanynyň owazy diýip atlandyrmak bolar. Şonuň bilen birlikde Magtymgulynyň goşgularynda dünýäniň panylygy, adamzat ömrüniň gysga hem edebi däldigi baradaky tema ýygy-ýygydan duşmak bolýar. Meselem: Bir degişhanadyr dünýäniň ýüzi, Nesihatym eşit, diňle bu sözi, Ajal ýetip adam ýumulsa gözi, Göýä bu dünýäge geldi, gelmedi... Magtymguly bu ýerde Gündogar poeziýasynyň beýik pessimisti Omar Haýýamyň goşgularyna has bolan pikirler bilen çykyş edýär. Magtymgulynyň ol goşgulary, edil Omar Haýamyň goşgularyndaky ýaly, gaýgyly, ýiti çuň pikirlere ýugrulan goşgulardyr. Ýöne welin olaryň arasynda örän ullakan tapawut bar. Omar Haýýam - ras adam ömri örän gysgamy, ras onuň soňy ölümmi, diýmek, şol gysga ömürden peýdalan, şatlykly durmuş agtar, ahyryn ölmelidigiňi irginsiz gulagyňa guýýan sesi unutmak üçin wagtyňy aýşy-aşratda geçir diýen netijä gelýär. Türkmen halkynyň XVIII asyrdaky ýagdaýynda şeýle filosofiýa halky çykgynsyz bagtsyzlyga, ölüm-ýitime sezewar ederdi. Emma Magtymguly başgaça netijä gelýär. Ömür şeýle gysga bolsa dünýäniň bir minutlyk gülüm-gülümine ynanmak gerek däl, tekepbirligiň täsirine düşmek gerek däl. Şonuň bilen birlikde betbagtlyga sezewar bolan mahalyň ruhdan hem düşmeli däl, çünki betbagtçylygam edil bagt ýaly örän az wagtlykdyr. Haýyr işi ertire goýma, sebäbi ertire çykyljagy-çykylmajagy näbelli, galyberse-de, haýyr iş adamyň adyny asyrlarboýy gorap saklaýar. Şeýlelik bilen, göwnüçökgünlik meýilleri gapma-garşylyga eýe bolýar, ölüm hakdaky pikir öz işjeňligini, hyjuwly hereketini artdyrýar. Magtymgulynyň sözleri türkmen halkynyň arasynda hemişe ýaňlanyp gelenem bolsa, onuň goşgulary Gündogary öwrenýän alymlara örän mälimem bolsa, onuň döredijiligini öwrenmek barada ýaňy-ýakynlara çenli hem örän az iş edilipdi. Öz Watanyny çyn ýürekden söýen, aýratynam azatlygy hormatlan Magtymguly Watana göz gyzdyran duşmanlaryň garşysyna iň soňky demine çenli söweşmeli, her hili ämert güýçleriň öňünde boýun egmezligi öz döwürdeşlerine öwretdi. XVIII-XIX asyrlarda ýaşan Mollanepes, Seýdi, Zelili we başgalar öz halypasynyň däp-dessurlaryny dowam etdirip, onuň wesýetlerini hormat bilen gorap sakladylar. (Ýe.E.Bertelsiň “Magtymguly” diýen makalasyndan alyndy). “Edebiýat we sungat” gazeti, 1960-njy ýylyň 25-nji noýabr. * * * Ýe.E.Bertels ýogalanyndan biraz soň, has takygy, Moskwada neşit edilýän “Sowetskoýe wostokowedeniýe” žurnalynyň birinji sanynda merhum alymyň dürli ýyllarda neşir edilen ylmy işleriniň sanawy çap edilipdir. Bu sanawyň özeni heniz onuň özi bar wagty taýýarlap giden sanawy esas bolupdyr. Bu sanawda görkezilen ylmy işler öň 200 –e golaý eken. Sanawa heniz çap edilmedik işler hem goşulypdyr. Soň sanawy çapa taýýarlan G.Ýu.Alyýew bu sanawdan çap etdirmäge ýetişmedik işleri aýryp, öz kartotekasyndaky işleriň hasabyna sanawyň üstüni ýetiripdir. Şeýlelikde professoryň neşirlerde çap edilen ylmy işleriniň sanyny 295-e ýetiripdir. Alymyň çap edilen ilkinji ylmy işiniň 1918-nji ýylda “Snopy” žurnalynyň 1-nji sanynda çap edilendigini hem şu sanawdan bilmek bolýar. Ol iş “Budda hekaýatlaryndan. Gara ýylan” diýlip atlandyrylan eken. Çaklaňja bu işi ýaş alym sanskrit dilinden terjime edipdir. Оnuň iň sоňky çаp еtdiren işi hеm Ibn Hаzmyň kitabуna ýаzan sözbаşy mаkalasy boluрdyr. Вu kitар Mоskwada, Gündоgar еdebiýаtlary nеşirýatуnda 1957-nji ýyldа nеşir еdiliрdir. Ýeri gelende aýtsak, Ýe.E.Bertelsiň türkmen alymlarynyň işlerine ýazan synlary hem sanawda ýerleşdirilipdir. Ine, olar: 217. Рец. Проф. А.П.Поцелуевский. Основы синтаксиса туркменского литературного языка. Ашхабад. 1943. Труды МИВ, 1947, с. 116-119. 218. Рец. Доц. П.Азимов. Советсско-интернациональные аффиксы в туркменском языке. Ашхабад, 1944, Труды МИВ, сб. 4. М., 1947 ,116-119. 219. Res. Dos. P. Azymow. Türkmen dilinde ýasama sözlerdäki fonetiki üýtgeşmeler. Aşhabad. 1944, Trudy MIW, sb. 4 ,M.,1947,s.116-119. 220.Res. P. Azymow. Türkmen dilinde hallaryň ýasalyşy. Aşhabad, 1944, Trudy MIW, sb. 4.M., 1947, s. 116-119. 221. Рец. Проф. А.П.Поцелуевский. Реликты инкорпорировирания в туркменском языке. Ашхабад, 1945б Труды МИВ, сб.4ю Мюб 1947б с. 116-119. Biziň aşakda hödürleýän Bertelsiň ylmy işleriniň sanawy bolsa görnükli gündogarşynas alymyň 1960- njy ýyldan 1970 – nji ýyllar aralygynda Moskwada neşir edilen Saýlanan işleriniň alty tomlugyna girizilen işlerdir. • Ýe. E. Bertelsiň ylmy işleri Литература старого Ирана Начало ново-персидской литературы Суфийская поэзия Конец классического периода Художественная проза Сефевиды и эпоха упадка Поэзия XIX века Придворные поэты Каджаров Проза старого направления в XIX векe..... Дар ал-Фунун и литература, возникшаявсреде егопреподавателей Книгопечатание и пресса Литература революционной эпохи . Современное состояние персидской литературы ... Новый персидский роман Новейшая поэзия и ее главныетечени ХакимУнсури из Балха Борьба придворных поэтов султана Махмуда против Фирдоуси Пятое муназираАсадиТусского , . . . . Авиценна и персидская литература, Литература на персидском языке в Средней Азии Праздник Джашн-и саде в персидско-таджикской поэзии Насир-и Хусрау и его взгляд на поезию Персидская "лубочнаялитература Бидил и его учение об эволюции. . . . Некоторые замечания о Бидиле.... Персидский исторический роман XX в. . Вопросы методики подготовки критических изданий классических памятников литературы народовБлижпего и Среднего Востока. Персидская поэзия в Бухаре X в. Стиль эпических поэм *Унсури К вопросу об "индийском стиле в персидской поэзии Придворная касыда в Иране и ее связи с развитием изобразительного искусства ТарзиАфшар и его творчество НАВОИ ТимуРИДЫ Герат Самарканд Возвышение Султан-Хусайна Литературная жизнь эпохи Тимуридов Тюркская поэзия эпохи Тимуридов История изучения Навои ... Детство : Юность Начало карьеры. Лирические стихи В зените славы Абд ар-Рахман Джами и его дружба с Навои Создание «Пятерицы» Катастрофа Последние годы Последнее слово. Кончина Навои и фольклор Заключение Список произведений Навои Хронологическая канва ДЖАМИ I II III. РОМАН ОБ АЛЕКСАНДРЕ И ЕГО ГЛАВНЫЕ ПЕРСИИ (Версии??) НА ВОСТОКЕ Предисловие Часть /. Поэмы об Александре до Навои Часть II. «Садд-и Искандари» Навои СТАТЬИ И РЕЦЕНЗИИ Л айли и Маджнун . Навои и литература Востока Старейшие переводы Навои на западноевропейские языки К вопросу о мировоззрении Навои Древнейшая рукопись «Пяти поэм» Алишера Навои . Отзыв на диссертацию проф. А.Г.Саади «Творчество Навои как высший этап в развитии узбекской классической литературы» «Великий узбекский поэт». Сборник статей под редакцией М.Т.Айбека. Происхождение суфизма и зарождениесуфийскййлитературы. Основные моменты в развитии суфийскойпоэзии Основные линии развития суфийскойдидактической поэмыв Иране . Райские девы (гурии) в исламе Персонификация месяцев в исламе Заметки по поэтической терминологии персидских суфиевСловарь суфийских терминов Мир’ат-иушшак(текст) Изречение Ибрахима ибн Адхама в поэме Кутадгу-билик Фудайл ибн Ийа Ахмад ибн Харб Рукопись Тафсира Судами в Государственной публичной библиотеке Нур ал -улум Две газели Баба Кухи Ширази Космические мифы в газели Баба Куда Баба Кухи. Предисловие к изданию Дивана Послание Абдаллаха Ансари везир Айн ал-Кузат Хамадани Одна из мелких поэм Сана’и в рукописи Азиатского музея. Четверостишия шейха Наджм ад-Дина Кубоа Роман о шейхе Наджм ад-Дине Кубра (конспект) Четверостишия шейха Маджд ад-Дина Багдади «Книга о соловье» (Булбул-наме) Фарид ад-Дина Аттара Об одном комментарии на газель 'Атгара Комментарий на газель Аттара Суфийская космогония у Фарид ад-Дина Аттара Ценная рукопись поэм Фарид ад-Дина Аттара в Ленинградской Государствен¬ной публичной библиотеке Навои и Аттар Хаййат-наме Фарид ад-Дина Аттара Легенда о шейхе и царской дочери Тараш-наме, дидактическая поэма дервишей Джалали Толкование Абд ар-Рахмана Джами на приписываемые ему четверостишия. Чагатайскийтарджи'банд неизвестного автора Поэзия Муллы Мухсин-и Файз-и Кашани ИСТОРИЯ ПЕРСИДСКО-ТАДЖИКСКОЙ ЛИТЕРАТУРЫ От автора Глава первая. Литературные памятники древнейшего периода Глава вторая. Литература восточноиранских народностей в V в. до н.э. — IX в.н. Глава третья. Арабское завоевание и его последствия для литературной жизни народов Средней Азии и Ирана Глава четвертая. Расцвет литературы в X в. Глава пятая. Фирдоуси Глава шестая. Судьбы героического эпоса после Фирдоуси Глава седьмая. Литература первой половины XI в. Глава восьмая. Литература второй половины XI в.. Глава девятая. Литература во владениях Караханидов Глава десятая. Литература лет сельджукского господства НИЗАМИ, СТАТЬИ Некоторые задачи изучения творчества Низами Работа над текстом Низами Поэтика Низами Приложение.Поэтика Низами Как звали первую жену Низами? Отголоски тематики Низами в английской средневековой поэзии ФУЗУЛИ СТАТЬИ Новая рукопись куллийата Фузули Арабские стихи Фузули Soñy. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||