00:08 Ykbal yzarlaýan setirler | |
YKBAL YZARLAÝAN SETIRLER
Edebi makalalar
Segsen bäşiň aprel şemalynyň üýtgedip gurmak syýasatynyň getiren miweleriniň biri hem – aç-açanlyk, aýanlyk. Ýöne muňa her kim bir hili düşündi, her kim bir hili çemeleşdi. Kimse ony il-günüň, işiň bähbidi üçin ulandy, kimde öz bähbidi üçin. Bu özgerişe biziň köpümiziň entek taýýar däldigimizi durmuş görkezdi. Dogrusyny dogry aýtmaly, biziň ýazyjylarymyzdyr publisistlerimiziň, žurnalistlerimiziň köpüsi aýanlygyň beren mümkinçiliginden oňat peýdalanyp bilmedi. Olar ozallar durmuşyň diňe oňyn taraplaryny görüp, öwgüli eserler ýazyp gelýän bolsalar, indi durmuşyň diňe kölegeli taraplaryny gözleýärdiler, merkezi gazet-žurnallara öýkünip, goh-galmagala kowalaşýardylar. Emma Allaýar Çüriýew beýtmändi. Ol aýanlygyň şöhlesiniň ýagtysyna dogry ýol saýlap almagy başardy. Munuň sebäbini onuň ýazyjy, žurnalist hökmünde üýtgedip gurmak döwründe ruhy taýýarlykly gelendiginden gözlemek mümkin. Onuň Leniniň, Beýik Oktýabryň ideýalaryny durmuşa geçirmek ugrunda göreşen ata-babalarymyzyň, agalarymyzyň – özümizden öňki nesliň durmuşyndan söhbet açýan taryhy çeper, publisistik oçerkleri üýtgedip gurmak döwründen has öňräk metbugatda peýda bolup ugrady. Soňra döwrüň gowulyga özgermek bilen, bu gözlegler has-da giňeldi, çuňlaşdy, baýlaşdy. Şeýlelikde, bagtly durmuş ugrunda göreşen, gan döken, gerek bolsa, başyny goýan merdana ogul-gyzlaryň ençemesiniň röwşen obrazlary döredi. Şeýdip «Ýüregiň emri bilen» diýen saldamly kitap dünýä indi. Kitap näme hakda? Bu sowala kitabyň başynda ýerleşdirilen «Otuz ýediň gara gijelerinden» diýen goşgudan alnan şu setirler hem azda-kände jogap berýär: Ýersiz ýere kemsidilme, urma bar, Gaýdyp indi ne öýüňi görme bar, – Orta asyrlardan galan türme bar, Otuz ýediň gara gijelerinde. Bir burça gysylyp Gaýgysyz otyr, Ýenjilen Nedirbaý Aýtakow ýatyr, Takdyryň niçik bor! Belli däl ertir, Otuz ýediň gara gijelerinde. Bu kitap – Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Halmyrat Sähetmyradow, Çary Wellekow ýaly «halk duşmany» diýlen nähak töhmete sezewar bolan türkmeniň merdana ogullarynyň başyna inen gara gijeler hakda. Olaryň il-günüň azatlygy, abadanlygy, aňly-düşünjeli, hatly-sowatly bolmagy ugrunda göreş alyp baran ýagty gündizleri hakda. Olar bilen egin-egne berip işlän partiýa, döwlet ýolbaşçylary, halk komissarlary Ýakow Popok, Gurban Sähedow, Mihail Fonin, Döwlet Mämmedow, Garry Kulyýew, Bäşim Gulbeşerow, Bäşim Pereňliýew, Öwezgeldi we Hajy Atabaýew hakda. Diňe olar hem däl. Kitaby eline alan okyjy Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrow Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligini gözi bilen gören adamlaryň ýatlamalary bilen hem, meşhur sowet alymy Aleksandr Ýewgenýewiç Fersmanyň çölüň baýlyklaryny adamlara elýeterli etmek maksadynda düýeli, atly Garagumy söküşi bilen hem basmaçylara garşy söweşlere ýolbaşçylyk eden gyzyl komandir, soňra general-maýor derejesine ýeten S. P. Timoşkowyň rewolýusioner, demirýol işçisi L. G. Sokolowyň, stahanowçy dokmaçy Nabat Gurbanowanyň hem alyp baran işleri bilen tanşyp bilerler. Gep bu ýerde kitabyň näme hakda gürrüň berýänliginde däl-de, nähili gürrüň berilýänliginde. Şeýle nukdaý nazardan seredeniňde-de, kitabyň gowy täsir galdyrýandygyny aýtmak gerek. Oçerkleriň obýekti edilip, Watanyň, halkyň öňünde uly iş bitiren adamlaryň saýlanyp alynmagy, olaryň ömür we zähmet ýolunyň ymykly öwrenilmegi, arhiw materiallary esasynda ýüze çykarylan anyk faktlaryň çeperçilik serişdeleri bilen utgaşdyrylmagy, diliniň akgynlylygy oňat netije beripdir. Kitapdaky ýene-de bir bellemeli oňat zat, ol hem bolsa onuň içinden halklaryň doganlyk-dostluk gatnaşyklarynyň eriş-argaç bolup gelýänligidir. Ençeme oçerkleriň baş gahrymanlary rus we beýleki doganlyk halklaryň wekilleri. Kitapda beýleki halklaryň wekilleri hereket etmeýän, gatnaşmaýan ýa-da şol gatnaşyk hakda söz açylmaýan oçerk, asyl, ýok diýen ýaly. Bu – biziň durmuşa geçiren beýik işlerimiziň ählisiniň hem Sowet Soýuzynda ýaşaýan dürli halklar bolup, el-ele berip zähmet çekip, göreşip gazanandygymyzy, ýene-de bir gezek tassyklaýar. Şu tassyklama häzirki günlerde, soýuzymyzda halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň biraz çylşyrymlaşýan döwründe nähili zerur we belent ýaňlanýar! Kitapda şeýle maglumatlar bar. 1929-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda SSSR Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Türkmenistan komissiýasynyň mejlisi bolýar. Mejlisiň işine akademikler Samoýlowiç, Fersman, professorlar Bartold, Pawlowskiý, Filippçenko, Raýewskip bilen bilelikde TSSR Halk komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew hem gatnaşýar. Şonda material medeni akademiýasyndan Ýakubowskiý çykyş edip, şeýle diýýär: – Biziň işgärlerimiz tarapyndan indi iki ýyldan bäri Köneürgençde iş alnyp barylýar. Işiň gidişi gaty uly hem çylşyrymly. Merwde-de dikeldiş işlerini dowam etdirmeklik göz öňünde tutulýar. Galyberse-de, Maşady-Misserianda-da gazuw işleriniň alnyp barylmagy gaty zerur. Bu iş Köneürgenji öwrenmek bilen baglanyşykydyr. Soňra G.Atabaýew çykyş edip, bu işlere goýberilýän serişde hakda gürrüň edýär. Dogrusy, ol faktlar meni haýran galdyrdy. Entek baý-kulaklardan, basmaçylardan doly arassalanmadyk, özüni gowy tutup ýetişmedik ýaş Sowet döwletiniň, respublikanyň ýolbaşçylarynyň taryhy-medeni mirasy hakda beýle derejede alada edendirler öýdüp pikir hem etmändim. «Halkyň söwer ogly» atly oçerkde «Ýazyjylar hakda alada» diýen sözbaşyly bölüm bar. Onda TK(b)P MK-nyň ikinji sekretary Çary Wellekowyň Türkmenistan Ýazyjylar Soýuzyny döretmekdäki tagallalary hakda gürrüň berilýär. Ç. Wellekow sowet ýazyjylarynyň Bütintürkmenistan birinji gurultaýynda çykyş edip, ýazyjylarymyzyň durmuşy öwrenmek meselesine üns bermelidiklerini, diňe kabinetde oturanyň bilen gowy eseriň döremeýändigini, kyssa, dramaturgiýa ýaly dürli žanrlara ýüzlenmekleriniň zerurdygyny, muny durmuşyň talap edýändigini, ýaş ýazyjylaryň köpüsiniň bilim derejesiniň öwerlik däldigini, Magtymguly, Zelili, Seýdi ýaly söz ussatlaryndan öwrenere zadyň kändigini, tankydy ösdürmegiň gerekdigini degerli mysallar bilen nygtaýar. Bularyň hemmesi mundan altmyş ýyl töweregi öň aýdylan sözler. Emma edil häzirki gün üçin aýdylan ýaly! Men şu ýazgylarymda özüniň şirin aýdymlary, ýakymly goşgulary bilen diňleýjilerdir okyjylaryň arasynda giňden tanalýan şahyrymyz, belli žurnalist Allaýar Çüriýewiň köp zähmet we zehin siňdiren «Ýüregiň emri bilen» kitabynyň ähli çeperçilik we terbiýeçilik gymmatyny seljermegi maksat edinmedim. Diňe onuň hödürlenen sylagyna – Türkmenistanyň Lenin komsomoly baýragyna gürrüňsiz mynasypdygyny aýdasym geldi. Tirkeş SADYKOW, şahyr. «Türkmenistan» gazeti, 27.04.1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |