11:20 Gar ýagýar | |
❄ GAR ÝAGÝAR ❄
Goşgular
1. Gar ýagýar, gar ýagýar, tozgalap ýagýar… Tapyşýar, Öpüşýär asman — u - zemin. Olaň arasynda bir teşnelik bar, Uzak aýra düşen aşyklar kimin. Gar zemin gonýar täzeläp ruhy, Ereýär köňülde gam - gussa, gubar. Bu garda jem kalbyň şatlygy-ahy, Bu adaty gar däl, Üýtgeşik bu gar! Özümi Ýer saýdym, Seni hem — Asman, Ara neneň uzak, pikir edip gör! Bu gar ýüreklerde göymady arman, Bu garda birleşdi Asman bilen Ýer. Gar ýagýar… Tebigat bolan dek humar, Kä petdeläp, Käte maýdalap ýagýar. Bu garyň ýagyşy üýtgeşik, bu gar Ýigrim üç ýaşymy gaýtalap ýagýar! 2. Zemin ýapynypdyr ak ýorganyny, Agaçlar egnine atypdyr ak don. Gar ýagýar… Anda — Sen. Aýlanyp ýörün, Alnymda — ak agşam, Ak düne, Ak ýol. Daş-töwerek duýgy bilen püre-pür, Bu görnüşden doýmak barmyka heý - de?! Ýöne men bir zada haýran: şu mahal Sen nädip oturyp bilýäkäň öýde?! Sen neneňsi sygyp bilýärkäň öýe,! (Bu duýgular söýmedige ýalandyr!) Indi bir gel! Öňem Sensiz bu garlar Näçe gezek saçlaryma ýagandyr! …Bu görnüşi synlamaga göz gerek, Bar gözellik töwerekde boldy jem. Gar ýagyp dur… Diňe ony leblerde Eretmäge Sen ýeteňok Bir sen kem! 3. Gar ýagýar… Ýagyp dur penje-penje gar, Biz ikimiz işden çykyp gelýäris. Ýok dünýäde ikimizden bagtyýar, Ertekiden, Düýşden çykyp gelýäris! Göwünler dur diýýär gökdäki guşa, Şatlyk gelse, birden geljek ekeni. Gar ýagyp dur…emma meňzänok gyşa, Gyşyň ýaz günlerem boljak ekeni! Bu ýagdaýa duşan däldirler köpler, Ýürek telwas edýär, Urunýar häzir. Ýalaňaç şahalar, Guran ot-çöpler Gözüme gül bolup görünýär häzir. …Sen meniň ýanyma ýylgyryp gelýäň, Şol sebäp — Şatlygym duranok çende. Gyş gününi ýaza öwürip bilýän, Gör, nähili gudrat bar eken sende! Tirkeş SADYKOW. | |
|
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |