00:44 Ýigriminji asyr | |
ÝIGRIMINJI ASYR
Goşgular
Adam bu gün ýetdi ýigit ýaşyna, Güýji artdy, Artdy añy-akyly. Bagly bu gün onuñ tutan işine, Dünýäniñ ykbaly, Döwrüñ akymy. Ol suwda ýüzüp ýör, Gökde uçup ýör, Barlap ýör, Dörüp ýör ýeriñ teýini. Gadymýetiñ syrlaryny açyp ýör, Adam bu gün öwrenip ýör öýüni. Tilsim bilen Aýdan toprak getirdip, Owradyp ýör Arktikañ buzuny. Nähoşlana täze ýürek oturdyp, Gelejege taýýarlap ýör özüni. Ýöne, ol bolsa-da şunça akylly, Bilse-de özüni, Bilse-de aslyn, Aýdaýaýyn, bolmasa-da ýakymly, Birje mesele Asgyn ol, Asgyn! Ynha, söbügini sydyrdyp güýzüñ, Hazlap, ýetip gelýär ýagy ýaly gyş. Garry ene otyr gujaklap dyzyn, Jaýyñ petiginden syzyl dur ýagyş. Haýyş ede-ede, Arz ede-ede, Ol edara gatnap tozdurdy köwüş. Her gezek diýdiler: - Alaç ýok, çyda, Fondumyz gutardy, Ene jan, oñuş! Ene oñşuklydy, Oñuşdy ýördi, Emma görünmedi wadalañ yzy. Işgärler çalyşdy, Kimiñ nä derdi, Garaşa-garaşa düşürdi güýzi! On aý bäri arşda adam gezip ýör, Bu gudrata bu gün seredýär älem. Ýöne welin, döwrüñ özge derdi bar - Ýagyş geçýär enäñ öýünden hälem! Ýigriminji asyr, Gudratly asyr, Garaşmaly niçe hepde, niçe gün?! Güýç, serişde tapyp bolmazmy asyl, Bejermäge garry enäñ üçegin?! ...Segsen ýaşly kempir nalaç dymyp dur, Ýok, ol häzir arzuwlanok ýüz ýaşy. Petikden syrygyp damja damyp dur, Ýok, damja däl, Ol - asyryñ gözýaşy. Tirkeş SADYKOW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |