13:13 Biziñ başlygymyz | |
BIZIÑ BAŞLYGYMYZ
Goşgular
Biziñ başlygmyzyñ öz kellesi ýok, Egninde göterýär kellesin başgañ. Bir mesele çyksa, ol haýyr-heläk, Bölüm müdirlerni çagyryp başlar. Sala salar profkoma, partkoma, Orunbasarlarny ýanyna çeker. Sabyr edip diñlär aýdylsa näme, Oýlanar, Ýüz gezek ölçerip-döker. Ol beýle takady nireden alýar, Nireden alýar ol beýle dözümi?! Ol her bir teklibi terezä salýar, Heniz aýdaýmanka soñky sözüni. Biziñ başlygmyzyñ ugry ýok, ugry, Ol işleýär özgäñ kellesi bilen. Bu diýilýän sözler, elbetde, dogry, Bu diýilýän sözler, elbetde, ýalan... * * * Men bolşumdan gowy görünjek bolýan, Men bolşumdan goýy görünjek bolýan Bolşumdan akylly görünjek bolýan, Bolşumdan asylly görünjek bolýan. Bolşumdan gaýratly görünjek bolýan, Bolşumdan syratly görünjek bolýan. Ýaş görünjek bolýan bolşuma görä, Daş görünjek bolýan bolşumdan örän. Be, walla, bu zatlañ bary birhili... Bir zaman kürtdürip, diñleýän ili. Diýýärler: - Bolşuñ dek boluber, şahyr, Barybir kimligñe biz belet ahyr! Ýok, men gowy boljak bolýan bolşumdan, Şu isleg hem ruh berýär dünýäme... Adam, şu ymtylyş bolmasa sende, Onda bu ömüriñ manysy näme. Tirkeş SADYKOW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |