GUÝ, ÇABGA!
Guý, çabga!
Görk goş-da Aşgabadyma,
Damja-damja merjen bol-da seçelen!
Merjen bol ýa tylla bol-da, öwşün at,
Has enaýy ýalpyldasyn köçeler!
Guý, çabga!
Hol gelýän sallanan gözel
Has janlyrak, has batlyrak ýöresin!
Guýuber, çabgadan gorkýanlar bolsa,
Plaşlarny kellesine büresin!
Guý çabga!
Bulut bolup ýaýdanyp ÿörme,
Bulut bolanyñdan melhem bolup ýere siñ!
Baýyrlarda seniñ daman ýeriñden
Müñläp-müñläp gül-läleler döresin!
Guý çabga!
Guý, ýaşyl baglañ üstüne
Ÿaşyl ýapraklarda çyg buldurasyn.
...Gözel gyzam ezilmejek bolsun-da,
Aşyk ýigde has hem gysmyljyrasyn!
Tirkeş SADYKOW.
Goşgular