09:37 Men saňa düşünýän | |
MEN SAÑA DÜŞÜNÝÄN
Goşgular
![]() Ne häzir, görýäň sen öten-geçeni, Ne häzir, sen yssy-sowugy duýýaň. Hyýal ganatynda göterýär seni, Uçaýsam, Uçaýsam, Uçaýsam diýýäň! Kalp içre bir gizlin şatlygy buşlap, Öz-özüň ýylgyrýaň, Öz-özüň gülýäň. Elwan dodaklarňy çalaja dişläp, Gepläýjek, Gepläýjek, Gepläýjek bolýaň! Köçäniň ugrunda gabat gelenler Syrly nazar bilen geçýär duşuňdan. Syn edip ýigitler, gyzlar, gelinler, Kemlik tapjak bolýar akyl-huşuňdan! Maňa örän tanyş ahwal-bolşuň seň, Bu meniň başymdan geçipdi ozal. Şonuň üçin saňa galmaýaryn geň, Men saňa düşünýän, düşünýän, gözel! Tirkeş Sadykow. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |