19:08 Ynjalyksyz geçen gije / hekaýa | |
YNJYLYKSYZ GEÇEN GIJE
Hekaýalar
Obamyzyň gaýrasyndaky gumbaýrak meýdan ýaýylyp ýatyr. Şol çägesöw toprakly, oytak ýere Nurmuhammet aga mundan 10-15 ýyl ozal meslekdeşleriniň agzyny bir ýere jemläp, şol ýerde ekerançylygyň düýbini tutdy. Obanyň ýaşulylary Nurmuhammediň ýaşlygynda köýneginiň iç ýüzünde - kebzesinde ýumruk ýaly kesek goýup, tä şol kesek ajy dere eräp gutarýança işleýän azapkeş daýhan bolandygny aýdyp, onuň öwgüsini ýetirýärler. Onuň ir zamanlarda obanyň gaýrasynda ýandaga garpyz sapyp, hasyl alandygyny hem unutmandyrlar. Bu barada soralanda, ol sadalyk bilen “Elbetde, tebigý garpyz ýaly datly bolmasa-da, suwsuzlygyňy oňat gandyrýar” diýip gürrüň berýär. Şonuň üçin bolsa gerek, käte oba adamlary oňa Babadaýhan hem diýip ýüzlenýärler. Onuň ilki tohum atan ýerine indi ilat her ýyl kädi, gawun, garpyz ekýär. Ýyl ygally gelende paltaw meýdandan bol hasyl önýär. Düme gawundyr garpyzyň-da tagamy-da diýseň datly bolýar. Geçen ýylyň baharynda oba adamlary haşar edip, her ýyl gök-bakjadan obanyň yrsgyny ýetirip duran bu bereketli meýdany birnäçe günüň dowamynda tanalmaz ýaly özgertdiler. Ady welaýata belli guýy ussasy Weýis aganyň başlyklygynda ekinçiligiň golaýynda, sazagyň, ýandagyň we urkaçy seliniň bitginli ýerinde guýy gazdylar. Ussadyň çaklaýşy ýaly, on gulaç çemesi çuňlukdan eşrepi dek buldurap, süýji suw çykdy. “Bu guýynyň suwuny içen adam ony asla unutmaz” diýip, ony azap çekip gazan adamlar guwanç bilen aýdýarlar. Ekinçiligi mal-garadan goramak üçin onuň degre-daşyna sim aýladylar. Meýdany tekizläp, ot-çöpden arassalap, töweregine saýalyk bag ekdiler. Halkymyzyň gadymdan gelýän “Gözden-dilden gorasyn!” dessuruna eýerip, dikilen taýaklara halal mallaryň çakyr kellelerini, duzdan boşan kagyz gutylary ildirip goýdular. Mal-garany, her dürli guş-gumryny ürküzmek üçin ekinzarlygyň görnükli ýerinde adama meňzedip, haýbatly garantga dikdiler. Simleriň arasyna asylan dürli reňkli dilkawlanan matalardan gyrkyndylary şemal çalaja öwsende hem galgap, ses edýärdiler. Garaz, ekine zyýanly guşlardan, gemrijilerden, mal-garalardan we ýyrtyjy haýwanlardan ygtybarly gorag edildi. Üstesine-de Nurmuhammet aga şol ýerde sakçylyk etmäge döwtalap boldy. Belendräk ýerde onuň üçin tamkepbe gurup, birkemsiz taýýar edip gaýtdylar. Nowruzyň siňňitli ýagmyry bilen düme ekilen arpa, bugdaý yrýasyz gögeripdi. Togsan dolup topraga mazaly ýyly girende bakjaçylar Babagammardan medet isläp, ýaşuly daýhanlara nekirt etdirdiler. Ekinler ýaňy pazyllaryny ýaýradyp ugranda Nurmuhammet aga keýwanysy Näzigül daýzany obada agtyklarynyň ýanynda goýup, çal eşegini münüp, bu ýere göçip gaýtdy. Bir topar towugy hem ýany bilen alyp getirdi. Elin ýümyrtgalar sakçy üçin iň gowy ertirlik bolýar. Ýedi onlugy arka atyp, sekizinji onluga gadam basan bolsa-da ýaşuly daýhan heniz dogumly görünýär. Gawunlaryň daşy torlap, ýaňy bişip ugranda obanyň ýetginjekleri gezekli-gezegine ekinzarlyga gidip, birki gün gojanyň ýanynda bolýardylar, bişen gawundyr-garpyzy bir ýere ýygnaýardylar. Şol gün nobat maňa gelipdi. Gawunçylyga ir gelen bolsam-da, eýýäm howa gyzyp ugrapdy. Bu ýylyň jöwzasy geçen ýylky ýaly derejede bolmasa-da, barýançam epgek ýel ýüzümi guradypdy. Men ol ýere golaýlanymda gür biten pazyllaryň arasynda dümtünip ýören Nurmuhammet aga dikel-di-de, eli bilen gözlerini kölegeledip, men tarapa seretdi. Soň meni tanap, “Gel bäri!” diýen manyda elini bulady. Ekinçilige aralaşan dessime ak, gök, sary, ala zamçalaryň, tizbişer gawunlaryň ýakymly ysy kükäp burnuma urdy. Düňderilen gazan ýaly pazyldan saýlanyp ýatan garpyzlar gözüňi dokundyrýar. Saglyk-amanlykdan soňra Nurmuhammet aga maňa bir güldüýpden emele gelen bitişik gawuny görkezdi-de: -- Muňa piriň nazary düşen gawun diýerler, ogul. Nesip bolsa, mazaly bişende, muny dilimläp, öýlere sadaka paýlarys. Allataganyň bize beren bol yrsgaly üçin aýat-töwür okadarys. Bu halkymyzyň gadymdan gelýän milli däbidir - diýdi. Goýun ýüňinden edilen keça ýylan, içýan, möý ýaly zäherli we beýleki ownuk mör-möjekler gelmeýärler. Biz hem kölegelärçe bolan bir bagyň teýinde düşek ýazyp, ýanym bilen getiren azyk-owkatlarym bilen ýürekse edindik. Çaý başynda Nurmuhammet aganyň maňa hödür eden tagamynyň lezzeti üýtgeşikdi. -- Muny gelnejeň gawunyň kakyny çigidi bilen mäjum edip taýýarlaýar - diýip, keýwanysynyň tarypyny ýetiren ýaşuly sag eli bilen peşeneli, kümüşsöw sakgalyny taýly gezek göwnühoş sypalap göýberdi. Dogrudan hem Näzigül daýzanyň ižan diýlip atlandyrylýan bu nygmaty datly ekeni. Jenneti tagam ep-esli wagtlap agzymdan gitmedi. Birnäçe adama degişli gawunçylygyň ol çetinden beyleki bir çetine barmak üçin ep-esli ýol geçmeli bolýar. Mes toprakly meýdandaky gök pazyllaryň içinde süjüliginden “tark” edip ýarylýan waharmanlaryň sesi ýygy-ýygydan eşidilýär. Şol gün biz bişen gawunlary howa ýagşy gyzýança birnäçe üýşmek ýerlere daşadyk. Gök biýaralaryň arasynda täsin yzlary görenimi aňan Nurmuhammet aga: -- Olar çaganyň yzlaryna meňzeýän bolsa-da, oklukirpinä degişlidir. Ýitip barýan bu jandar gündizlerine bukulyp, gijelerine awa çykýar. Ýabany ösümlikleriň ýapraklaryny, pürlerini, köklerini iýýär. Ownuk mör-möjekleri, gemrijileri iýmekden hem gaýtmaýar. Indi iki hepdäniň içidir, üç çagasyny yzyna tirkäp ekinçilige gelýär. Esasan pujan, zaýalanyp barýan gawunlary iýýär. Bir gezek ony gaty gorkuzyp kowaladym. Ýöne peläket ýene-de barybir gelýär - diýdi. Daşy tüssedir oduň derdinden ýaňa kesmek baglap giden mis tüňçesini oda goýmazyndan ozal, Nurmuhammet aga maňa gawun äberdi. Onuň gylawyny aýryp iýdim. Ýogsam ol süjüliginden ýaňa päki kimin erniňi kesip barýardy. Gawuny iýip “Şirin nabat, menzil abat, Mezid-abad, Pygamber hudaýa-salawat, iýene sogap-ekene gaýrat, Babadaýhana degsin” diýip gadymdan gelýän däbimize eýerip bagyş etdim. Onýança iňrik garalmagyna garaşyp ýatan çybyn-çirkeýler, her dürli ownuk-iri mör-möjekler orüp başlady. Nurmuhammet aga köneje peşehanasyny gurdy. Emma gan sorujylaryň birde ýarymy ol eleme-deşik peşehananyň içine girip, bizi rahat oturmaga goýmadylar. Şonda olary kowmak üçin gorjawly ojaga gemre taşlap tüsseletmeli boldy. Gijäniň ýarydy. Tomus paslynyň kirşensiz gijesinde asmanyň ýüzünde ýyldyzlar ýyldyraşýardylar. Guýynyň ýanyndaky suw ýygnanyp, batga bolan çalpawda gurbagalar saz-söhbete gyzyşypdylar. Çyrlawygyň sesi eşidildi. Nirededir bir ýerde hüwi gygyrdy, şagal uwlap onuň gaýtargysyny berdi. Dolan aýyň şuglasyny gök biýaralaryň içinde düňderilişip ýatan gawun-garpyzlar mesaňa bolup görünýärdi. Nurmuhammet aga bilen mesawy gürrüňe gyzyşypdyk. Biziň gyzykly söhbetimiziň arasyny pazyllaryň şygyrdysy kesdi. - Ýör, megerem, garaşýan myhmanymyz geldi öýdýän! - diýen, sakçy telärden towsup düşdi. Men hem ondan galmadym. Sakçynyň elindäki tüpeňi taýak hökmünde kabul eden eşek öň bir sapar ekine girip taýak iýensoň hynçgyryp başlady. Basym elçyranyň ýagtysyna tutuşlygyna uzyn tikenler bilen örtülen jandar göründi. Moýmuldap barýan golboýy uzynlygyndaky tagaşyksyz jandar eşegarka çiliň arasynda sägindi. Ýöne daş ýaly butnaman duran adamlary saýgarman, ýoluny arkaýyn dowam etdi. Basym iki tarapyna ýapgyt edilen çiliň içinde onuň busup ýatan çagalary göründi. Biz lal-jim bolup durşumyza oklukirpiniň hereketlerini yzarlaýardyk. Ol çagalaryny daşyna üýşürip, oýtagrak ýerde ýarylyp ýatan gawuny işdämenlik bilen iýýärdider. Ýöne niredendir bir ýerlerden “has-has” edip gelen Akbilek ahli zady bulam- bujarlyga öwürdi otyryberdi. Ol birden hem aýak çekd-de, ilki gulaklaryny üşerdip, nämedir bir zada ysyrganýan ýaly, oklukirpä tiňkesini dikdi. Soňra ýaş köpek eýesiniň buýrugunada garaşman, aýgytly öňe dyzady. Garyş boýy çemesi uzynlygyndaky ala tikenleri syh- syh bolup duran oklykirpiniň mekgesine münende, ol janawap ürküp gaçdy. Emma tizden enelik duýgysy oýanan ýaly, özüni dürsedi, çagalaryny penalap başlady. Ala köpekden gaçyp gutylmajagna magat göz ýetirensoň ilki haýbat atsa-da soň kürtdirip oturuberdi. Şol barmana paýhassyz hereket edip, oklukirpä agyz uran Akbilek pajygaly hala düşdi. Häzir onuň tumşuguna çümen garyş çemesi ala tikenler dolan aýyň şuglasyna syh-syh bolup görünýärdi. Janawar tikenleriň yzasyna çydaman, iki ýana çarp urdy. Soň biziň ýanymyza gelip, aýagymyza gysmyljyrap naýynjar çyňsady. Eger-de Nurmuhammet aga tikenleri sogurmadyk bolsa, ala köpek kän ejir çekmeli boljakdy. Şondan soň biziň ýeňse tarapymyza geçen Akbilek şol ýerden gyryljyk sesi bilen oklykirpä hemle uran boldy. Şol iki arada oklukirpi çagalary bilen bir ýerlere sumat boldy. Ekinçigiliň gaýrasyndaky hyşalyk jeňňelde şagallaryň uwlaşýan sesleri eşidilýärdi. Megerem olar açlygyndan şeýle ses çykarýan bolsalar gerek. Nurmuhammet aga köneje tüpeňiniň nilini asmana tutup, mäşäni gysyp göýberdi. Öň hem oklukirpiden awunan it bu gürpüldä “ ziňk” edip, guýrugyny gysyp, bizden daşlaşmak bilen boldy. Türkmen sährasynyň jana şypaly howasy köp derde em bolýar. Häzir hem dürli ösümlikleriň müşk ýaly yslary bir-birlerine gatlyşyp-garyşyp beýhuş edip barýardy. Daňdan horazlar ýene-de bir asuda güniň başlandygyny buşladylar. Çal serçeler hem jürküldeşip, mallara iým berilýän legende bazar gurdylar. Oba adamlary mal-garalaryny orä çykaryp başlanlarynda men öýe gaýtdym. Bütin gije ýatmadyk bolsam-da häzir gözüme uky gelenokdy. Bolsa-da agşamky başdan geçirenlerim terk edilen uka degýän täsin wakalardy. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |